Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen geçirilen nobatdaky onlaýn-duşuşygyň çäklerinde “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk

meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öň ýanynda Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de BMG-niň agentlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda bu taslama gol çekilendigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary syýasy ugruna laýyklykda, soňky ýyllarda halkara guramalary bilen ýola goýlan ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyk milli statistika ulgamyny ösdürmekde hem uly orun eýeleýär.

Halkara ölçeglerine laýyklykda, statistika usulyýetini has-da kämilleşdirmek Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işiniň esasy wezipesi bolup durýar. Bu bolsa seljermeleri deňeşdirmek üçin möhüm şertdir.

2021-2023-nji ýyllaryň dowamynda täze taslamanyň çäklerinde ýurdumyzyň maglumat-tehniki kuwwatyny has-da berkitmek boýunça bilelikdäki işleri geçirmek bellenildi, milli statistika –2008 usulyýetine geçmek, şeýle hem Durnukly ösüşiň maksatlaryny ölçemek üçin statistika hasabatlylygyny düzmek boýunça bilimleri artdyrmak babatda işler dowam etdiriler.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin dünýäniň gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüşiň maksatlarynyň ähmiýetini nazara almak bilen, olary gazanmak döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyňhalkyň durmuş derejesini gowulandyrmaga hem-de Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmaga gönükdirilen syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Şeýle hem üç ýyllyk taslamanyň çäklerinde statistika işewürlik – belgisi boýunça programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler, onuň döredilmegi maglumatlary toplamak, işlemek we seljermek işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagyna yzygiderli çemeleşmäge mümkinçilik berer.