Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün Türkmenistan — Owganystan — ABŞ formatynda üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly birinji duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji gatnaşdylar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän üçtaraplaýyn dialogyň başlangyç nokady bolan bu duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Owganystana ýardam bermek hem-de bu ýurtda köpýyllyk ýaragly çaknyşyklaryň bes edilmegine we parahatçylygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen owganara gepleşikleriň ilerledilmegine aýratyn üns berildi.

Goňşy ýurtda durnuklylygyň gazanylmagy babatda diňe syýasy we diplomatik gurallaryň ileri tutulmagy ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň berk nukdaýnazary aýratyn bellenildi. Bu ugurda ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistan owganara gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň geçirilmegi üçin özüniň syýasy giňişligini üpjün etmäge taýýardyr.

Duşuşykda howpsuzlyk meseleleri boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazary-da beýan edildi. Biziň ýurdumyz BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Beýleki meseleleriň hatarynda zenanlaryň deňhukuklylygyna we olaryň ykdysady hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam edýän durmuş häsiýetli derwaýys meselelere garaldy. Taraplar Söwda we maýa goýum boýunça ABŞ-nyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky degişli Ylalaşyga (TIFA) laýyklykda, gümrük we beýleki amallaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy arkaly Owganystanyň, Türkmenistanyň, ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa sebitiniň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem seretdiler.

Ulag-üstaşyr we ýangyç-energetika geçelgelerini ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi. Şeýle-de sebitde söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin Owganystanyň, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bilelikde işläp biljek beýleki ulag geçelgeleriniň kesgitlenilmegi bilen birlikde, «Lapis Lazuli» geçelgesiniň netijeli ulanylmagy boýunça hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan TOPH we TOP energetika köprüleri bilen ugurdaşlykda, düzümleýin taslamalary bilelikde durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada hem pikir alşyldy.

Pandemiýa we ony ýeňip geçmek bilen baglanyşykly jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyndaky çylşyrymly ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.

Taraplar Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi babatda ylalaşdylar. Gepleşikleriň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama gol çekildi.

* * *
Şu gün şeýle hem wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň wekiliýetine BSG-ä agza bolmak departamentiniň direktory hanym Maýka Oşikawa ýolbaşçylyk etdi.

Wideomaslahatyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygy boýunça “Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň” ähli bentlerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ony kabul etmek bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Taraplar Aziýanyň ösüş bankynyň tehniki goldawynyň çäklerinde taýýarlanylan, Türkmenistanyň daşary söwda şertleri boýunça Ähtnamany taýýarlamak boýunça hereketleriň Meýilnamasynyň taslamasy bilen bagly pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy şeýle hem ýakyn wagtda Türkmenistanyň BSG-ä synçy derejesini almagyna bagyşlanan «tegelek stoly» guramagy teklip etdi.

* * *
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda OYR-nyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Bu resminama, öz nobatynda Türkmenistanyň we OYR-nyň arasyndaky döwletara we hökümetara ylalaşyklaryň uly toplumyny has-da giňeltmäge gönükdirilendir.

Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine esaslanmak bilen, Türkmenistanyň Hökümeti Owganystanyň Hökümeti we esasy hyzmatdaşlar bilen owgan meseleleriniň parahatçylykly ýollar arkaly kadalaşdyrylmagy hem-de tutuş sebitde asudalygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagy boýunça maksada gönükdirilen ähmiýetli işleri durmuşa geçirýär.

Soňky döwürde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny işjeň berkidýärler. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Kabul şäherinde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine itergi berjek birnäçe möhüm resminamalara gol çekilendigini bellemek gerek.