Türkmenistan hakynda

Türkmenistan hakynda

 


Türkmenistan – Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň biri bolup,meýdany boýunça olaryň arasynda ikinji orny eýeleýär  (491,21 müň km
2), sebitiň günorta-günbatar böleginde çöllük zolakda Türkmen–Horasan dag ulgamynyň Köpetdag gerşiniňdemirgazygynda, günbatarda Hazar deňziniň we gündogarda Amyderýanyň aralygyndaýerleşýär. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy,demirgazyk-gündogarda we gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen,günorta-gündogarda Owganystan bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilenserhetleşýär, günbatarda bolsa Hazar deňzi tebigy serhet bolup durýar.Türkmenistan üçin seýrek kontinental we örän gurak howa şertleri häsiýetlidir. 






Türkmenistanyň hemişelik ilatynyň düzüminde aýal-gyzlaryň paýy2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna 50,2 göterime deň, ol hem şäher, hem obailatynyň arasynda birmeňzeşdir. Baý mineral-çig mal binýady, hususan,uglewodorod baýlyklary (nebit, gaz) Türkmenistanyň senagatyny ösdürmegiň esasy bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýangyç-energetika toplumy bilenbir hatarda nebiti we gazy gaýtadan işleýän, himiýa, nebithimiýa,maşyngurluşyk, metal işläp bejerýän, ýeňil senagat (aýratyn-da dokma senagaty),azyk senagaty ýaly gaýtadan işleýän pudaklar çalt ösüşe eýe boldy. Oba hojalygy böleginde pagtaçylyk we däneçilik esasy pudaklarbolup durýar. Türkmenistanyň garaşsyzlygy ýyllarynda ýurduň azyk we ykdysadygaraşsyzlygy üpjün edildi. Milli daşary ykdysady syýasat emele geldi,daşary ykdysady aragatnaşyklaryň institusional esaslary döredildi. 2016-njyýylda dünýäniň 119 sany ýurdy Türkmenistan bilen söwda hyzmatdaşlygynda boldy.  Ýurduň daşary söwda haryt dolanyşygynda has uly paýy Aziýa weÝewropa ýurtlary eýeledi. Türkmenistan gazanylan ykdysady we sosialösüşde saklanmaýar. Ýurtda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy durmuşa geçirilýär hem-de ýaşaýyşderejesini ep-esli ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň adam ösüşiniň indeksiniňýokary görkezijisi bilen, dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň hatarynagirmegi onuň esasy maksady bolup durýar. Türkmenistantarapyndan 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnuklyösüş maksatlarynyň 150-ä golaý wezipesi we 200-e golaý görkezijisi kabuledildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtynyňhem-de welaýatlarynyň ykdysady we durmuş ulgamynyň ösdürilmegi TürkmenistanyňPrezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen we bellenen syýasaty hem-de wezipeleri nazara almak bilen amala aşyrylýar.Ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýasy, bazar elementleriniňwe döwlet düzgünleşdirişiniň utgaşdyrylmagy bu syýasatyň möhüm ugurlary bolupdurýar. Ýangyç-energetika we agrosenagat toplumlarynyň, dünýä bazarlaryndabäsdeşlige ukyply önümleri goýberýän ýokary tehnologiýaly pudaklaryň, ulag wemaglumat-aragatnaşyk infrastrukturasynyň ileri tutulyp ösdürilmegi bilen birhatarda, durmuş ýaýrawyna, ýagny bilime, ylyma, şonuň ýaly-da saglygy goraýşa,medeniýete we beýlekilere esli maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýurdy geljekdeösdürmegiň esasy ugurlary “Türkmenistanyň durmuş-ykysady ösüşiniň 2011–2030-njyýyllar üçin milli maksatnamasynda”,“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyňdurmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçinrejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda“ beýan edilendir.

AŞGABAT ŞÄHERI

Aşgabat şäheri – garaşsyz we bitarap Türkmenistanyň paýtagty,ýurduň iň iri edara ediş-syýasy, senagat, ulag, söwda, ylmy we medenimerkezi.  Paýtagtyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjypudaklarynyň biri senagat bolup durýar. Onuň pudaklary ýeňil we azyk senagatynadegişli harytlaryň, şonuň ýaly-da maşyngurluşyk, metaly işläp bejeriji, agaçişläp bejeriji, farmasewtika  senagatlarynyň we gurluşyk materiallarysenagatynyň önümleriniň öndürilmegine ýöriteleşdirilýär. 2017-nji ýyldapaýtagtda ýurduň senagat önümçiliginiň umumy möçberinden 13,1%-iöndürildi.  2017-nji ýylda Aşgabatda düýpli maýagoýumlarynyň umumy möçberiniň 32,9%-i jemlendi. Paýtagtda döwlet eýeçiliginedegişli bölegiň işe girizilen obýektleriniň önümçilik däl maksatly obýektleriňişe girizilişi agdyklyk etdi (40,4%).  2017-nji ýylyňdowamynda Aşgabat şäherinde mekdepleriň we mekdebe çenli ýaşdaky çagalaredaralarynyň, ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişigowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň, sport obýektleriniň gurulmagy şonuň ýaly-dainženerçilik ulgamlarynyň, elektrik geçirijileriniň durkunyň täzelenmegi weolaryň ulanyşa berilmegi dowam etdirildi. Paýtagtyň binagärlik ulgamyndaabadanlaşdyryşa we daş-töweregi bagy-bossanlyga öwürmäge uly üns berildi.  Aşgabat şäheriniň ulag ulgamyna awtomobil, demir ýol we howaulaglary girýär. Paýtagtda halkara howa menzili hereket edýär. 2017-nji ýyldaýolagçy dolanyşygynyň möçberi boýunça paýtagt ýurt boýunça birinji orunda(28,8%), ýük dolanyşygynyň möçberi boýunça bolsa altynjy orunda durýar (4,6%).Aşgabat şäheri Türkmenistanyň iň iri aragatnaşyk çatrygy bolup durýar.Bu ýerdetele- we radioaragatnaşyklaryň, sanly hemra aragatnaşygynyň ösen ulgamydöredildi. Aragatnaşyk kärhanalary ykdysadyýetiň pudaklaryna-da, ilata-dahyzmatlaryň dürli görnüşlerini ýerine ýetirýärler.  Paýtagt iri söwda merkezidir. Ýurduň bölek satuw söwdadolanyşygynyň umumy möçberinde Aşgabat şäheriniň tutýan paýy 2017-nji ýylda54,7%-e deň boldy.  2017-nji ýylda durmuş gurşaw mundan beýläk hemösüşe eýe boldy.  2017/2018-nji okuw ýylynda 21 sany ýokary okuwmekdebinde 36,4 müň talyp okady. Orta mekdepleriň 152 sanysynda 146,5 müňokuwçy okady. Aşgabatda iri ylmy-barlag we taslama institutlary bar. 2017-njyýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamy boýunça maşgalalukmanlarynyň sany 517 adam, orta saglygy goraýyş işgärleriň sany  4,6 müňadam boldy. Hassahana orunlarynyň sany 5,8 müň birlige deň boldy. 2017-njiýylda ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçilik 1 adama hasaplananda21,9 inedördül metre deň boldy.  Türkmenistanyňpaýtagty medeniýet we sport merkezidir, bu ýerde  häzirki zamantalaplaryna laýyk gelýän 6 teatr, 7 muzeý, Türkmenistanyň Döwlet medeniýetmerkeziniň Milli kitaphana, iri sport desgalary bar. Şäherde “Berzeňňi” tebigy suw bilen saglygy bejeriş we dikeldişedarasy hereket edýär.

  

AHAL WELAÝATY

Ahal welaýatynyň ykdysadyýeti oba hojalyk-senagat häsiýetineeýedir. Onuň ähmiýeti diňe önümçiligiň sebitara ýerleşdirilişindäki we zähmetbölünişigindäki orny bilen däl-de, eýsem döwletiň paýtagtynyň onuň çägindeýerleşýändigi bilen hem kesgitlenýär. Eýeleýän meýdany boýunça (19,7%) welaýatýurtda Balkan welaýatyndan soň ikinjidir.  Sebitde ekerançylykösendir we hususan-da, esli derejede şäher etegine mahsus ýöriteleşme bilentapawutlanýar.  Bugdaý öndürmek, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, üzümçilik,et-süýt berýän maldarçylyk we ýüpekçilik oba hojalygynyň ýöriteleşdirilen esasyugurlary bolup durýar. Gök önümleri (ýurt boýunça umumy ýygnalanhasylyň 24,6%-i), azyklyk bakja öndürmekde (25,1%) welaýat ikinji orunyeýeleýär, üzüm (67,4%) öndürmekde welaýatyň oba hojalygy birinji orundadurýar.  Düýeleriň (34,3%) sany boýunça sebit – ýurtdaöňdebaryjy we  guşlaryň (18,7%) baş sany boýunça sebit ýurtda üçünjiorunda durýar. 2017-nji ýylda dowarlaryň sany olaryň ýurt boýunça umumy başsanyndan 25,1%-e  (ikinji orun), gara mallaryň baş sany bolsa 11,5%-e deňboldy. Ahal welaýaty ahalteke bedewleriniň gadymymekanydyr. 2017-nji ýylda ýurduň senagat önümçiliginiň10,6%-i şu sebitiň paýyna düşdi (bäşinji orun). Welaýatyň senagaty üçin gazpudagynyň ýokary ösüş depgini häsiýetlidir. 2017-nji ýylyň jemleri boýunça gazgazyp çykarmakda sebit  Türkmenistanda üçünji orny eýeledi (16,5%). Gazpudagyndan başga-da, himiýa (mineral dökünleri öndürmek), dokma, azyk wegurluşyk materiallary senagatlary ýöriteleşdirilen pudaklardyr. Mineraldökünleri (20,1%)  ikinji orun we aýakgap (47,6%) öndürmekde yurt boýunçawelaýata öňdebaryjy orun  degişlidir. Gurluşyk materiallary senagatynyňkärhanalary ýurtda sement (38,3%) we magdan däl gurluşyk materiallaryny(45,4%)öndürmekde öňdäki hatarda bolup durýar.    2017-nji ýylda welaýatyň önümçilik kuwwatlyklaryny,infrastrukturasyny  we durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýagoýumlarynyň paýy olaryň tutuş ýurt boýunça umumy möçberiniň 10,7%-e deň boldy(bäşinji orun). Esasy serişdä maýa goýumlarynyň düzüminde önümçilik maksatlygoýumlaryň paýy 64,4% boldy.  Welaýatyň ulagulgamyna awtomobil, demir ýol we geçiriji turba ulaglary girýär. 2017-nji ýyldaýurduň umumy ýük dolanyşygynyň 18,3%-i we ýolagçy dolanyşygynyň 11,5%-i onuňpaýyna düşdi (sebitleriň arasynda, degişlilikde, üçünji we altynjy orunlar). Bölek satuw söwda haryt dolanyşygynyň möçberi boýunça 2017-njiýylda welaýat ýurduň sebitleriniň arasynda bäşinji orny eýeledi (8,0%).  2017/2018-nji okuw ýylynda Ahal welaýatynda 232 sany ortamekdepde 154,2 müň okuwçy okady. 2017-nji ýylda Saglygy goraýyş we dermansenagaty ministrliginiň ulgamy boýunça maşgala lukmanlarynyň sany 278 adam,orta saglygy goraýyş işgärleriň sany 2,3 müň adam boldy. Hassahana orunlarynyňsany 2,1 müň birlige deň boldy. 2017-nji ýylda ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanybilen üpjünçilik 1 adama hasaplananda 19,6 inedördül metre deň (ýurt boýunçabäşinji orun).  Sebitde ençeme saglygy dikeldiş resurslarybar, şol ýerlerde döwrebap şypahana edaralary we dynç alyş zolaklarydöredilendir (“Arçman”, “Gökdere”, “Ýyly suw”).  Welaýatyň çäklerinde ekerançylyk medeniýetiniň dürlieýýamlarynyň, parfiýalylaryň we beýik seljuklaryň hökümdarlyk eden wagtlarynyňtaryhy ýadygärlikleri bar, ol ýerlere syýahatçylyk gatnaw ugurlary açyldy(Nusaý, Sarahs, Altyndepe).

   

   

BALKAN WELAÝATY

Balkan welaýaty senagat taýdan ösen sebitleriň biridir. Ol öztutýan meýdany boýunça ýurtda birinji orny eýeleýär (28,4%).  Sebitiň ykdysadyýeti ýangyç we mineral-çig mal serişdeleriniňesli gorlaryna, seýrek duş gelýän howa şertlerine, oba hojalygy üçinözleşdirmäge ýaramly köp möçberdäki ýer baýlyklaryna eýedir. Onuň deňizmenziliniň üstünden deňiz ulagy arkaly eksport we import ýük gatnawlary amalaaşyrylýar.  Welaýatda 2017-nji ýylda ýurduň  senagatönüminiň 25,8%-i öndürildi (ikinji orun).  Sebitiň senagatynyňesasyny ýangyç-energetika toplumynyň pudaklary, ýagny öz çig malyny gazypalmaga we gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen  nebit we gaz çykaryş weolary gaýtadan işleýiş senagatlary düzýär. 2017-nji ýylda welaýata nebit gazypalmak boýunça esasy orun (93,5%) we tebigy gazy gazyp almak boýunça dördünji orun(15,0%) degişli boldy.  Sebitde himiýa we gurluşyk materiallarysenagatlary ösendir.Sebitiň himiýa senagaty ýurtda tehniki uglerody we ýody,natriý sulfatyny, bişofiti we polipropileni ýeke-täk öndürijidir.  2017-nji ýylda sebit elektrik energiýasyny (20,5%) - ikinji ornyeýeledi. Bu ýerde sementiň tutuş ýurt boýunça 31,2%-i  öndürilýär.  Welaýat balyk tutmak we duz gazyp almak boýunça öňdebaryjy bolupdurýar.  Sebitde oba hojalyk ýerleriniň uly meýdanlarybar bolup, olaryň aglaba bölegini öri meýdanlary eýeleýär.  Gurak subtropikler zolagynda (Magtymguly, Etrek etraplary)subtropik ekinler ösdürip ýetişdirilýär.  Serdar, Bereket etraplarynda,esasan, bugdaý we azyklyk bakja ekilýär.  Welaýat agdyklaýynmaldarçylyk bilen meşgullanýan sebit bolup durýar. Bu ýerde düýeleriň umumy başsanynyň 33,2%-i saklanýar (ýurt boýunça ikinji orun). Balkan welaýatydowarlaryň baş sany boýunça dördünji orny eýeleýär (16,0%). 2017-nji ýyldawelaýatyň hojalyklarynda saklanýan gara mallaryň sany olaryň umumy baş sanynyň3,4%-ine we guşlaryň sany olaryň umumy baş sanynyň 7,4%-ine deň boldy. Etöndürilişiniň umumy möçberiniň 8,5%-i, ýumurtganyň 6,8%-i we ýüňüň 14,9%-i şusebitiň paýyna düşýär.  Welaýatyň esasy ekerançylyk önümi bugdaýdyr(2017-nji ýylda ýurt boýunça ýygnalanynyň 4,9%-i). Miweleriň we ir-iýmişleriňöndürilişiniň umumy möçberiniň 7,2%-i, ýeralmanyň 3,6%-i, gök önümleriň 6,5%-i şu sebitiň paýyna düşýär.  Welaýat uly maýa goýumsygymly sebit bolup durýar. Onuň ykdysadyýetini ösdürmäge 2017-nji ýylda maýagoýumlarynyň umumy möçberiniň 22,3%-i (sebitleriň arasynda ikinji orun)gönükdirilip, olar nebit we gaz ýataklaryny abadanlaşdyrmak, hem-de senagatyňbeýleki pudaklaryny ösdürmek üçin peýdalanyldy.  Sebit diňe bir bar bolan çig mal baýlyklarynyň we önümçilikkuwwatlyklarynyň nukdaýnazaryndan däl, eýsem syýahatçylygy we kurortologiýanyösdürmek babatynda-da maýa goýum taýdan özüne çekijidir. Häzirki wagtdaTürkmenistan üçin syýahatçylyk işi milli ykdysadyýeti ösdürmegiň strategikugurlarynyň birine öwrüldi.Garaşsyzlyk ýyllary içinde Hazar deňziniň kenarýakalary milli şypahana-syýahatçylyk zolagyna öwrüldi.Türkmenistanyň HormatlyPrezidentiniň başlangyjy bilen “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagydöredildi.  Sebitiň ulag ulgamy esli derejede üstaşyrgeçiriş wezipesini ýerine ýetitýär we onda ulaglaryň ähli görnüşleri bar.2017-nji ýylda welaýatyň paýyna ýurduň ýük dolanyşygynyň 16,1%-i (dördünjiorun) we ýolagçy dolanyşygynyň 13,2%-i (bäşinji orun) düşdi. Welaýatyň çägindenÜzen (Gazagystan) – Gyzylgaýa – Bereket – Etrek (Türkmenistan) – Gürgen (Eýran)transmilli demir ýoly geçýär.  Sarp ediş bazarymundan beýlägem ösüşe eýe boldy. Ýurduň bölek satuw haryt dolanyşygynyň umumymöçberinde welaýatyň paýy 7,0%-e deň boldy.  Balkan welaýatynda2017/2018-nji okuw ýylynda 164 sany orta mekdepde 96,1 müň okuwçy okady.  2017-nji ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiňulgamy boýunça maşgala lukmanlarynyň sany 255 adam, orta saglygy goraýyşişgärleriň sany 2,3 müň adam boldy. Hassahana orunlarynyň sany 2,5 müň birligedeň boldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçilik 2017-nji ýylda 1adama hasaplananda 22,1 inedördül metre deň.  Welaýatda uly saglygy dikeldiş resurslary we seýrek duş gelýäntebigy gözel ýerler bar (Mollagara, Garşy, Magtymguly etrabynda – Garrygala,Nohur).

DAŞOGUZ WELAÝATY

2017-nji ýylyň jemleri boýunça sebitde ýurduň ähli senagatönüminiň 6,1%-i öndürildi. Welaýatyň ykdysadyýetini ösdürmäge 2017-njiýylda düýpli maýa goýumlarynyň ýurt boýunça umumy möçberiniň 6,4%-igönükdirildi, olaryň 48,4%-i önümçilik däl obýektleriniň gurluşygyndapeýdalanyldy.  Sebitde gaýtadan işleýän senagat ösendir.Ýeňilwe azyk senagatlary öňdebaryjy orny eýeleýär.  Sebitde jorap önümlerini öndürmekligiň 15,0%-i (dördünji orun),pagta süýüminiň umumy önümçiliginiň 21,5%-i (üçünji orun), etiň 6,4%-i jemlenendir.Ösümlik ýagynyň (20,8%) we mesgäniň (42,3%) öndürilişi boýunça welaýat ýurduňsebitleriniň arasynda, degişlilikde,  üçünji we birinji orunlaryeýeleýär.  Welaýatyň maşyngurluşyk kärhanalary obahojalyk maşynlarynyň we önümçilik enjamlarynyň abatlaýyş işlerineýöriteleşdirilendir. 2017-nji ýylda sebitiň gurluşyk materiallary senagatytarapyndan gurluşyk kerpijiniň umumy möçberiniň 14,9%-i, magdan däl gurluşykmateriallarynyň 2,7%-i, gurluşyk üçin beton gurnawlarynyň ýygnalan bölekleriniň9,9%-i öndürildi.  Daşoguz welaýatyna däp boýunça oba hojalykönümçiligi bilen meşgullanmak mahsusdyr.  2017-nji ýylda sebitdepagtanyň ýurt boýunça umumy möçberinden 20,9%-i öndürildi. Sebit ýurtda şalyny(49,5%), miweleri we ir-iýmişleri (41,9%), ýeralmany (35,2%) bakja önümlerini(31,2%) esasy öndürijileriň biri  bolup durýar. Ýag alynýan ekinlerdenkünji ösdürilip ýetişdirilýär.  Maldarçylyk obahojalygynyň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolup durýar. Gara mallaryň baş sanyboýunça (45,2%), guşlaryň baş sany (24,6%), süýt öndürmek boýunça (41,6%) weýumurtga öndürmek boýunça (22,7%) welaýat birinji orny eýeleýär. Daşoguz welaýaty ýurduň ulag üpjünçiligi ulgamyndaTürkmenistanyň daşarky bazara çykmagyna mümkinçilik berýän möhüm wezipeleriýerine ýetirýär.Welaýatda içerki awtomobil ýollarynyň we turba geçirijileriňösen ulgamy bar.  2017-nji ýylyň jemleri boýunça oňa ýurtda ýükdolanyşygynyň möçberi boýunça dördinji orun degişli (19,9%). Sebitiň paýynaýolagçy dolanyşygynyň umumy möçberiniň 15,2%-i düşýär.  Sebitiň paýyna ýurduň haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň9,3%-i düşýär.  Daşoguz welaýatynda 2017/2018-nji okuw ýylynda529 sany orta mekdepde  262,3 müň okuwçy okady. 2016-njy ýylda Saglygygoraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamy boýunça  maşgala lukmanlarynyňsany 378 adam, orta saglygy goraýyş işgärleriň sany 3,9 müň adam boldy.Hassahana orunlarynyň sany 3,9 müň birlige deň boldy. 2017-nji ýylda sebitdeýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçilik 1 adama hasaplananda 27,8inedördül metre deň boldy (birinji orun).  Welaýatda Daşoguz obahojalyk instituty hereket edýär, onda  2017/2018–nji okuw ýylynda 1,1 müňtalyp okady.  Daşoguz welaýatynyň gadymy topragynda ýerleşenajaýyp ýadygärlikler türkmen halkynyň şöhratly taryhy geçmişine we gadymy medeniýetineşaýatlyk edýär.Köneürgenjiň ýadygärlikleri syýahatçylaryň köpüsiniň ünsüniözüne çekýär we ÝUNESKO-nyň goragy astynda saklanýar.

LEBAP WELAÝATY

Lebap welaýaty tutýan meýdany boýunça (19,1%) üçünji ornyeýeleýär.  Welaýatyň ykdysadyýetiniň esasy ösüş ugrunymineral çig malynyň esli möçberdäki gorlary, baý ýer we suw resurslarykesgitleýär. 2017-nji ýylda sebitde ýurduň senagat önümleriniň 25,3%-i (birinjiorun) öndürildi.  Sebitiň ykdysadyýetini ösdürmäge 2017-njiýylda düýpli maýa goýumlarynyň  umumy möçberiniň 12,8%-i gönükdirildi(dördünji orun). Esasy serişdelere maýa goýumlarynyň  düzüminde önümçilikmaksatly obýektleriň paýy 80,5%-e barabar boldy.  Ýangyç resurslarynyň we mineral çig malyň gorlary Lebapwelaýatynyň senagatynyň güýçli ösmegini şertlendirdi. Sebitde tebigy gazy wenebiti gazyp alyjy we gaýtadan  işleýji, himiýa, ýeňil we azyksenagatlary, şonuň ýaly-da gurluşyk materiallary senagaty ýöriteleşdirilenpudaklar bolup durýarlar. 2017-nji ýylyň jemleri boýunça sebit gaz gazypçykarmak boýunça Türkmenistanda birinji orunda durýar. Ýurt boýunça ähli gazylypalynýan gazyň 39,4%-i, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň 8,6%-i şu welaýatyňpaýyna düşýär.  Ýeňil we azyk senagatlary-da welaýatyňykdysadyýetiniň esasy pudaklary bolup durýarlar. Bu ýerde mata dälmateriallaryň hemmesi, pagta süýüminiň 27,4%-i (ikinji orun), jorap önümleriniň19,3%-i (üçünji orun), nah matalaryň 5,2%-i, örme önümleriniň 10,9%-i öndürilýär.  2017-nji ýylyň jemleri boýunça sebitiň azyksenagaty kärhanalary et (23,6%), mesge ýagyny (21,3%), süýt önümlerini (15,4%),süýji-köke önümlerini (2,7%) we ösümlik ýagyny (28,1%) öndürdi. Welaýatyňhimiýa senagaty ýerli çig mallardan mineral dökünleriň öndürilmeginegönükdirilendir, onuň goýberilişi boýunça sebit üçünji orny eýeleýär(6,8%).  Gurluşyk materiallary senagaty esli ýerli çigmal binýadyna eýedir we önümçilgi mundan beýläk hem artdyrmak üçin onuň amatlygeljegi bar. Pudagyň kärhanalary ýurtda gurluşyk kerpijini öndürmekde birinjiorny (40,7%), gurluşyk üçin beton gurnawlarynyň ýygnalan bölekleriniň umumyönümçiliginde bolsa ikinji orny eýeleýär (23,5%). Welaýatda sementiň ýurtboýunça 30,5%-i öndürilýär.  Lebap welaýatynda däpboýunça ekerançylyk ýokary derejede ösendir.  Sebitde pagtaçylyk, däneçilik (bugdaý, şaly), gök ekerançylykösümlikçiligi ösdürmegiň esasy ugurlary bolup durýar. 2017-nji ýylyň jemleriboýunça welaýat ýurtda şaly öndürmekde öňdebaryjy orny eýeleýär (50,1%), pagta(27,3%), ýeralma (23,9%), gök önümleri (21,8%), miweleri we ir-iýmişleri(21,0%) öndürmekde ol üçünji, bugdaý (19,3%) öndürmekde ol dördünji we bakja önümlerini(19,3%) öndürmekde bolsa üçünji orny eýeleýär.  Oba hojalygynyň jemi önüminiň düzüminde maldarçylygyň uly ornybar. Gara mallaryň baş sany boýunça sebit ýurtda birinji orny (20,3%), guşlaryňbaş sany boýunça (17,4%) bolsa dördünji orny eýeleýär. Süýt öndürmekde (23,5%)we et öndürmekde(22,3%) welaýat sebitleriň arasynda ikinji orny, ýüň (14,5%)öndürmekde bolsa bäşinji orny eýeleýär.  Sebitiň ulag-ykdysadyaragatnaşyklarynyň aýratynlygy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen has ysnyşyklybaglanyşygyň bolmagydyr. Ol awtomobil ýollarynyň we demir ýollaryň uzynlygyboýunça öňde barýar. Demir ýol we awtomobil ýollaryndan başga-da, sebitde howa,derýa we geçiriji turba ulaglary ösendir. 2017-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduňýük dolanyşygynyň düzüminde sebitiň paýyna 14,4% (bäşinji orun) we ýolagçydolanyşygynda 15,7% (ikinji orun) düşýär. Welaýatyň çäklerindeTürkmenistan–Hytaý gaz geçirijisi gözbaş alýar.  Sarp ediş bazary güýçli ösmegini dowam etdirýär. 2017-nji ýyldaýurduň haryt dolanyşygynyň umumy möçberinde sebitiň paýy 10,8% boldy(satuwlaryň möçberi boýunça ýurtda üçünji orun).  Lebap welaýatynda 2017/2018-nji okuw ýylynda 382 sany ortamekdepde 267,5 müň okuwçy okady. Welaýatda Seýdi adyndaky Türkmen döwletmugallymçylyk instituty hereket edýär, onda 2017/2018-nji okuw ýylynda 1,9 müňtalyp okady. 2017-nji ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiňulgamy boýunça maşgala lukmanlarynyň sany 670 adam, orta saglygy goraýyşişgärleriň sany 4,6 müň adam boldy. Hassahana orunlarynyň sany 5,6 müň birligedeň boldy. 2017-nji ýylda ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçilik 1adama hasaplananda 24,7 inedördül metre deň (ikinji orun).  Welaýat syýahatçylyk nukdaýnazaryndan özüne çekijidir. Onuňçäklerinde tebigatyň seýrek duş gelýän künjekleri bar (Repetek, Köýtendag), olýerlere syýahatçylyk ugurlary açyldy. Bu ýerde üç sany zakaznikli 3 goraghanabar. Garlyk goraghanasynyň çäginde gadym wagtlardan bäri mälim bolan (b.e. öň Iasyr) gowaklar bar, ol ýerde stalaktitleri we stalagmitleri bilen gaýtalanmajakkeşpli zallar biziň günlerimize çenli saklanyp gelipdir. Hojapil zakazniginiňçäginde tebigatyň seýrek duş gelýän ýadygärligi bolan Dinozawrlar meýdanyýerleşýär, bu ýerde 150 mln. ýyl ozal ýaşap geçen ot iýýän hem-de wagşydinozawrlaryň yzlary bar. Welaýatyň çäginde “Farap” şypahanasy işleýär.

MARY WELAÝATY

Sebitiň ykdysadyýetiniň esasyny senagat we oba hojalygydüzýär.  2017-nji ýylda welaýatyň ykdysadyýetiniösdürmeklige düýpli maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň 14,9%-i gönükdirildi(üçünji orun). Welaýatda işe girizilen esasy serişdeleriň düzüminde önümçilikmaksatly obýektleriň paýyna 81,2%-i düşýär.  Senagat önümçiliginiňsebitleýin düzüminde Mary welaýaty 2017-nji ýylda üçünji orny eýeledi(19,1%).  Gaz gazyp çykaryjy senagat, elektrikenergetikasy, himiýa, ýeňil we azyk senagatlary welaýatyň senagatynyňöňdebaryjy pudaklary bolup durýarlar.  Sebit ýurtda elektrikenergiýasyny (32,4%) we mineral dökünleri (73,1%) öndürmekde esasy öndürijibolup durýar. Gaz gazyp alnyşynyň tutuş möçberi boýunça sebitiň paýyna 29,1%düşýär (ikinji orun).  Welaýatyň gurluşyk materiallary senagatykärhanalarynyň paýyna gurluşyk kerpijiniň öndürilişiniň umumy möçberiniň33,5%-i (ýurtda ikinji orun), gurluşyk üçin beton gurnawlarynyň ýygnalanbölekleriniň 11,9%-i (üçünji orun) düşýär.  Ýeňil senagatkärhanalary pagta süýüminiň, nah matalaryň, örme önümleriň, halynyň weaýakgabyň önümçiligine ýöriteleşdirilendir. 2017-nji ýylda welaýat pagtasüýümini öndürmekligiň möçberi boýunça ýurtda birinji orny (31,8%), nahmatalaryň öndürilişi boýunça (26,2%) we jorap önümleri boýunça bolsa (22,3%)ikinji orny eýeledi.  2017-nji ýylyň jemleri boýunça sebitiň azyksenagaty kärhanalary ýurtda ösümlik ýagyny (32,5%), süýt önümlerini (35,1%), et(24,3%) öndürmek boýunça birinji orny, mesge ýagynyň (27,4%) öndürmek boýunçaüçünji we süýji-köke önümlerini (36,1%) öndürmek boýunça ikinji ornyeýeledi.  Mary welaýaty ýurduň ekerançylyk bilenmeşgullanýan iň iri sebitleriniň biri bolup, bu ýerde pagtaçylyk, däneçilik,gök önüm we bakjaçylyk, miweleri we ir-iýmişleri ýetişdirmeklik ekerançylygyňesasy pudaklary bolup durýar. Welaýat pagta ýygnamak boýunça ýurtda birinjiorny (29,6%), gök önümler boýunça dördünji orny (21,1%), bugdaý (24,5%), üzüm(9,5%) öndürmek boýunça bolsa ikinji orny eýeleýär.  Welaýatda maldarçylygam ösendir. Sebit dowarlaryň baş sanyboýunça birinji orny eýeleýär (ýurt boýunça olaryň umumy baş sanyndan 26,4%).Bu ýerde ýurt boýunça guşlaryň baş sanyndan 23,4%-i (ikinji orun), garamallaryň 19,5%-i (üçünji orun) jemlenendir. Welaýatyň hojalyklary et (25,0%)boýunça birinji orny eýeleýär, ýüň (29,6%) we ýumurtga (21,9%), süýt (22,7%)öndürmekde bolsa  üçünji orny eýeleýär.  Mary welaýatynyň ulag toplumy Türkmenistanyň ulag ulgamynyňmöhüm düzüm bölegi bolup durýar. Welaýatyň çäginden daşarky bazarlara çykmakbilen ýurduň sebitleriniň arasyndaky ykdysady aragatnaşyklary amala aşyrmagamümkinçilik berýän esasy ulag ýollary geçýär.2017-nji ýylyň jemleri boýunça ýükdolanyşygynyň 26,7%-i (birinji orun) we ýolagçy dolanyşygynyň  15,6%-i(ikini orun) onuň paýyna düşýär.  Sebitiň sarp edişbazary depginli ösýär. 2017-nji ýylda bölek satuw söwdasynyň umumy möçberindewelaýatyň paýy 11,9%-e deň boldy (satuwlaryň möçberi boýunça ýurtda ikinjiorun).  Mary welaýatynda 2017/2018-nji okuwýylynda  401 sany orta mekdepde 277,3 müň okuwçy okady. WelaýatdaTürkmenistanyň Döwlet energetika instituty hereket edýär, onda 2017/2018-njiokuw ýylynda 1,5 müň talyp okady. 2017-nji ýylda Saglygy goraýyş we dermansenagaty ministrliginiň ulgamy boýunça maşgala lukmanlarynyň sany 488 adam,orta saglygy goraýyş işgärleriň sany 5,3 müň adam boldy. Hassahana orunlarynyňsany 5,2 müň birlige deň boldy. 2017-nji ýylda 1 adama hasaplanda ýaşaýyşjaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçilik boýunça sebit ýurtda bäşinji ornyeýeledi (20,4 inedördül metr).  Welaýatyň saglygydikeldiş resurslaryna böwrek we ýürek keselleriniň bejerilişine ýöriteleşenBaýramaly şypahanasy degişli.