Komitetiň Düzümi

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň düzüm birligi

TürkmenStatyň Merkezi edara boýunça düzümi

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinde çykaran 12980-nji karary bilen tassyklanan düzüm birlikleri:

  1. Ýolbaşçylar
  2. Jemleýji ykdysady seljeriş we maglumatlar müdirligi
  3. Milli hasaplar müdirligi
  4. Statistikanyň usulyýeti we guralyşy müdirligi
  5. Senagatyň statistikasy we seljerişi müdirligi
  6. Oba hojalygynyň statistikasy we seljerişi müdirligi
  7. Maýa goýumlarynyň statistikasy we seljerişi müdirligi
  8. Söwdanyň, ulagyň we aragatnaşygyň statistikasy müdirligi
  9. Maliýe statistikasy we seljerişi müdirligi
  10. Statistiki sanawlar we toparlamalar müdirligi
  11. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň statistikasy müdirligi
  12. Ilaty hasaba alyş müdirligi
  13. Zähmetiň we iş hakynyň statistikasy müdirligi
  14. Durmuş statistikasy müdirligi
  15. Öý hojalyklarynyň statistikasy we seljerişi müdirligi
  16. Nyrhlaryň statistikasy we seljerişi müdirligi
  17. Çap işleri we resminamalary taýýarlaýyş müdirligi
  18. Kompýuter tehnologiýalary müdirligi
  19. Maliýe işleri we buhgalter hasaba alyş müdirligi
  20. Halkara gatnaşyklar we ýörite işler bölümi
  21. Işgärleri taýýarlaýyş we gaýtadan taýýarlaýyş bölümi
  22. Hojalyk müdirligi

Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetiniň sebitleýin müdirlikleri:


Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Usulyýet Geňeşi

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň döredilmegi bilen baglylykda, şeýle hem Türkmenistanyň «Döwlet statistikasy hakyndaky» Kanuny we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti barada Düzgünnama esasynda usulyýet, usul, seljeriş, maglumat işleri we statistika işi babatynda, ykdysady seljeriş boýunça işlerini utgaşdyrmak boýunça guramaçylyk meseleleri çözmek we usulyýet meseleleri boýunça kararlary aýanlyk ýagdaýynda esaslandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Usulyýet geňeşi döredildi, Usulyýet geňeşi barada Düzgünnama we onuň düzümi tassyklanyldy.

Geňeşiň mejlislerinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň seljeriş, usulyýet, usul we neşir işleriniň her ýyllyk, gysga we uzak möhletlik maksatnamalarynyň taslamalary we olaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem taýýarlanan seljeriş we usulyýet işleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Mundan başga-da, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak — aspirantura, doktorantura okuwa ibermek, dissertasiýa işlerine seretmek, alymlyk atlaryny (professor, dosent) dakmaga hödürlemek — meselelerine we beýleki meselelere seredilýär.