Statistikanyň häzirki zaman ýagdaýy

www.stat.gov.tm

Türkmenistanyň statistika ulgamynyň mümkinçilikleriniň ösüşi we onuň häzirki zaman ýagdaýy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ýyllarynda milli statistika ulgamy düzüm özgertmelerini başdan geçirdi.


Döwlet statistikasynyň ylmy-usulyýet we seljeriş binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, 1997-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ylmy-barlag ykdysadyýet institutyny we TYA-nyň Ykdysadyýet institutyny birleşdirmek arkaly täze gurama – Milli döwlet statistikasy we çaklaýyş instituty (Türkmenstatçaklaýyş) döredildi.


Türkmen jemgyýetini ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet statistikasynyň öňünde durýan toplumlaýyn wezipeleri hasaba almak bilen, 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Milli döwlet statistikasy we çaklaýyş instituty Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutyna (“Türkmenmillihasabat” institutyna) öwrüldi.


Statistika ulgamynda hasaba alnyşyň we statistikanyň halkara standartlaryna geçilmegi, durmuş-ykdysady hadysalary statistiki taýdan barlag etmegiň formalarynyň we usullarynyň kämilleşdirilmegi ýaly üýtgeşmeleriň bolup geçýän döwründe “Türkmenmillihasabat” instituty döwlet statistikasy ýaýrawynda pudagara utgaşdyryşy we wezipeleýin düzgünleşdirişi amala aşyrýan ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy bolup durýardy.


2007-nji ýylyň oktýabrynda “Türkmenmillihasabat” institutynyň binýadynda, Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty bilen bir hatarda, has anyk wezipeleri bolan täze Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti döredildi. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň guramaçylyk düzümi merkezi edaradan hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Statistika müdirliklerinden ybarat. Welaýatlaryň Statistika müdirlikleriniň düzümine etrap (şäher) statistika bölümleri-de girýär.  Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynda pudaklaýyn statistika müdirlikleri hereket edip, olar esasan statistiki gözegçilikleri utgaşdyrmak, usulyýet we programma üpjünçiligi, maglumatlary jemlemek we seljermek hem-de neşir işleri bilen meşgullanýarlar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy” boýunça bellenen işler TürkmenStat tarapyndan durmuşa geçirilip tamamlandy.


Türkmenistanda döwlet statistikasy ulgamyny 2012–2016-njy ýyllarda ösdürmegiň maksady halkara standartlaryna we milli ykdysadyýeti dolandyrmagyň talaplaryna laýyk gelýän, ýokary hilli statistiki maglumatlary öz wagtynda we doly möçberde ýygnamakdan, ýurtda resmi statistikanyň guralyşyny döwrebap kämilleşdirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasy tassyklandy. Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda statistikany ösdürmegiň usulyýet esaslaryny pugtalandyrmak, hereket edýän formalary kämilleşdirnek, täze formalary we amalyýet resminamalaryny işläp taýýarlamak işleri alnyp baryldy.


Milli  hasaplar ulgamyny we makroykdysady görkezijileriň hasaplamalaryny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Türkmenistanda milli hasaplar MHU-1993 esasy konsepsiýalaryna, toparlaryna, kesgitlemelerine we beýleki usulyýet esaslaryna laýyklykda düzülýär. Milli hasaplarda NACE rev 1, COICOP ýaly esasy halkara klassifikasiýalar, Ykdysadyýetiň sektorlarynyň  klassifikatory we beýleki klassifikasiýalar ulanylýar. Häzirki wagtda TürkmenStat iş tejribesine NACE rev 2, MHU-2008 ornaşdyrylmagynyň üstünde işleýär.


“Harajatlar – önüm goýberiş” ulgamlaýyn tablisalaryny Türkmenista-nyň statistik iş tejribesine girizmek maksady bilen ““Harajatlar-önüm göýberiş” tablisalaryny düzmek boýunça usulyýet görkezmeleri” taýýarlandy. Bütindünýä Bankynyň maslahatçysynyň gatnaşmagy bilen ““Harajatlar–önüm goýberiş” binýatlaýyn tablisalarynyň işlenip düzülmegini maglumat taýdan üpjün etmek maksady bilen seçimleýin statistik gözegçiligi geçirmegiň usuly” taýýarlandy.


Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagynyň dowamynda statistik gözeçiligiň ulgamy kämilleşdirilýär. MHHS-iň Türkmenistanyň ykdysadyýetine ornaşdyrylmagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine geçilmegine ýardam edýär, şonda amatly maýa goýum şertleri, maliýe hasabatynyň aýdyňlygy, kärhanalaryň (guramalaryň) maliýe ýagdaýynyň açyklygy, anyklygy esasy gymmatlyklar bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda şu döwlet statistik hasabat formalarynyň täze nusgalary işlenip tassyklandy – №1-km “Kärhananyň (guramanyň) işleriniň esasy maliýe görkezijileri barada hasabat” (çäriýeklik), forma № 2-km “Kärhananyň (guramanyň) maliýe-hojalyk işleriniň netijesi barada hasabat” (aýlyk).Olary doldurmak boýunça usuly gollanmalar taýýarlandy. MHHS-iň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda statistik hasaba alyşdaky üýtgeşmeleriň meseleleri boýunça usuly-guramaçylyk seminarlary geçirildi. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, TürkmenStatyň sebitleýin edaralarynyň işgärleri seminara gatnaşdylar. MHHS-ny nazara almak bilen statistik we maliýe hasabatlarynyň esasynda maliýe koeffisiýentlerini hasaplamagyň usulyna gaýtadan seredildi.


Senagatyň statistikasy boýunça gysga möhletli görkezijileriň esasy usulyýet çemeleşmeleri we hasaplanyş tertibi kesgitlendi. Halkara klassifikasiýasyna laýyk gelýän Türkmenistanyň senagat önümleriniň täze sanawy PRODТM, oňa usulyet düşündirişler işlenip taýýarlandy. PRODТM taýýarlanylanda halkara klassifikatorynyň täze çaplary КДЕС\NACE (red.2, 2006ý.) КПЕС\CPA (red.2, 2008ý.), PRODCOM (2009ý.); Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary ykdysady işleriniň harytlyk sanawyna düşündirişler (GDH DYIHS-2012ý;) ulanyldy.


Jemi içerki önümi hasaplamagyň yzygiderligini kämilleşdirmek we bir nusga getirilen jemi içerki önümiň möçberiniň, aralyk sarp edişiň we jemi goşulan gymmatyň oba hojalygynda, tokaý hojalygynda we balyk tutmakda hasaplamalarynyň usulyýet ýörelgelerini statistikanyň tejribesine ornaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň ykdysady işleriniň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna (REV2) we Türkmenistanyň önümleriniň (harytlaryň we hyzmatlaryň) döwlet klassifikatoryna (CPA-2008) laýyklykda kämilleşdirilen oba hojalyk görkezijileriniň ulgamy bilen öý hojalyk kitabynyň öňki görnüşinden tapawutlanýan täze görnüşi statistika tejribesine ornaşdyryldy. Öý hojalyk kitaby elektron formatyna geçirildi. “Ilatyň hojalyklaryndaky mallaryň we guşlaryň baş sanynyň hem-de öndürilen oba hojalyk önümleriniň aýlyk hasaplamasynyň usuly” işlenip taýýarlandy.


Esasy maksady ýurduň durmuş, ykdysady we ekologiki ýaýrawlaryndaky esasy arabaglanyşyklary, meýilleri, esasy üýtgeşmeleriň ugurlaryny has doly ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän durmuş-ykdysady görkezijileriň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi. Durmuş-ykdysady görkezijileriň ulgamynyň üsti birnäçe täze görkezijiler bilen dolduryldy,  ulgamyň aýry-aýry görkezijileri we olar boýunça metamaglumatlar takyklandy. Durmuş-ykdysady görkezijiler ulgamyny kämilleşdirmek boýunça wezipeleriň biri milli statistikanyň iş tejribesine halkara standartlaryny girizmek arkaly statistiki monitoringiň netijeleriniň halkara derejesinde deňeşdirerlik bolmagyny üpjün etmek bolup durýar. Durmuş-ykdysady görkezijiler ulgamy taýýarlananda TürkmenStat tarapyndan taýýarlanan halkara standartyny nazara almak bilen zähmet bazarynyň esasy görkezijileri boýunça usuly maslahatlar, innowasion işe baha bermek boýunça görkezijileriň kämilleşdirilen ulgamy, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna baha bermek boýunça statistik görkezijileriň sanawy göz öňünde tutuldy. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti halkara maglumat borçlaryny ýerine ýetirmek üçin statistiki görkezijileri guramagyň usulyýetinde statistiki görkezijiler ulgamynyň  derwaýyslaşdyrylmagyna uly üns berýär.


Statistikanyň we hasaba almagyň halkara ülňülerini göz öňünde tutmak bilen, TürkmenStat tarapyndan durmuş statistikasy, ýaşaýyş derejesi, iş üpjünçilik, maýa goýumlar, hyzmatlar gurşawynyň, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektorynyň statistikasy ýaýrawynda we statistikanyň beýleki ýaýrawlary boýunça  usuly we usulyýet işleriniň birnäçesi işlenip taýýarlandy. Hususanda, daşky gurşawyň we tebigy baýlyklaryň statistikasy boýunça esasy görkezijileriň emele getirilişiniň tertibini kesgitleýän  “Daşky gurşawyň statistikasy boýunça usulyýet düzgünleri” işlenip taýýarlandy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň bilim ulgamy köp derejede ÝUNESKO-nyň Bilimiň halkara standart klassifikasiýasyna (BHSK-97) laýyk getirmek üçin kämilleşdirilmegini dowam etdirýär, şunuň bilen baglylykda “Durmuş statistikada milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, bilimiň halkara standart klassifikasiýasynyň uýgunlaşdyrylmagy” usuly iş taýýarlandy. Ýurduň JIÖ-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektorynyň möçberleriniň hakyky görkezilişini güýçlendirmek maksady bilen “Gözegçilik edip bolmaýan ykdysady işi nazara almak bilen döwlete dahylsyz sektoryň mikro, kiçi, orta we iri kärhanalarynyň işiniň (bilelikdäki we daşary ýurt kärhanalaryny goşmazdan) esasy ykdysady görkezijilerine baha bermegiň usulynyň kämilleşdirilmegi” usuly iş işlenip taýýarlanyldy.


Häzirki wagtda çärýekleýin esasda geçirilýän öý hojalyklarynyň býujetleriniň seçimleýin gözegçiliginiň we işçi güýjüniň gözegçiliginiň usulyýetini we guralyşyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Birwagtlaýyn seçimleýin statistik gözegçilikleri geçirmegiň tejribesi giňelýär. Ilatyň  serişdeleriniň hasabyna hususy ýaşaýyş jaý gurluşygynyň seçimleýin statistik gözegçiliginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar, bu gözegçilik hususy ýaşaýyş jaý gurluşygy boýunça görkezijileri gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti nazara alyp hasaplamagyň usulyýetini kämilleşdirmäge mümkinçilik berer; şeýle hem kärhanalaryň işçi güýjüne harajatlarynyň düzümine seçimleýin statistik gözegçiliginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar we onuň esasynda kärhanalar, guramalar tarapyndan amala aşyrylan harajatlaryň derejesi, düzümi we dinamikasy barada  maglumatyň alynmagyna garaşylýar.


Maglumatlary kodlaşdyrmagyň häzirki zaman usulyny ulanmak milli statistik maglumatlar binýadyny halkara jemgyýetçiliginiň maglumatlar binýady bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň statistiki hasaba alnyşynda 20 töwerek klassifikator ulanylýar. Statistik klassifikatorlara dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ilerleýji ösüşini hasaba almak bilen, şol sanda milli ykdysadyýetiň ösüşine dahylly üýtgetmeler we goşmaçalar hemişe girizilip durulýar.


Häzirki wagtda döwlet statistikasynyň kämilleşdirilmegi Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň täze ýedi ýyllyk döwür üçin maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýar. Şonda ýurtda döwlet statistikasy ulgamyny ösdürmegiň maksady halkara standartlaryna we milli ykdysadyýeti dolandyrmagyň talaplaryna laýyk gelýän, ýokary hilli statistik maglumatlary öz wagtynda we doly möçberde ýygnamak, işlemek we ýaýratmak, resmi statistikanyň guralyşyny döwrebap kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyklykda dowam etdirmekden ybarat bolup durýar.