Halkara taslamalar

www.stat.gov.tm

Halkara taslamalar

“Türkmenistanyň daşary söwdasynyň statistikasyny kämilleşdirmäge goldaw bermek” taslamasy


         2017-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda “Türkmenistanyň daşary söwdasynyň statistikasyny kämilleşdirmäge goldaw bermek” taslamasyna gol çekildi. Taslamanyň maksady Türkmenistanyň Daşary söwdasynyň döwlet statistikasyny kämilleşdirmäge ýardam etmek, şol sanda maglumatlary işlemegiň maglumat ulgamyny kämilleşdirmek, milli hünärmenleri maglumatlary işlemegiň maglumat ulgamyny dolandyrmak babatynda, şeýle hem harytlaryň we hyzmatlaryň halkara söwdasynyň statistikasy boýunça halkara maslahatlary we standartlary öwretmek, fiziki şahslar tarapyndan getirilýän we çykarylýan harytlara baha bermek boýunça usulyýeti işläp taýýarlamak we synag etmek babatynda ýardam bermek bolup durýar. Taslama üç bölegi öz içine alýar:


1-nji bölegi: Daşary söwdanyň statistikasy boýunça gowy hilli maglumatlary taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň mümkinçiligini pugtalandyrmak.


2-nji bölegiHalkara standartlaryna laýyklykda daşary söwdanyň statistikasynyň maglumatlaryny taýýarlamak babatynda institusional mümkinçiligi we hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak.


3-nji bölegiFiziki şahslar tarapyndan getirilýän we çykarylýan harytlara baha bermek boýunça usulyýeti işläp taýýarlamak we synag etmek.


Taslamanyň çäklerinde daşary söwda statistikasy üçin ulanylýan “Eurotrace” programmasynyň halkara bilermenleri Romeş Pol bilen Pýer Balboniniň birnäçe gezek Türkmenistana iş saparlary amala aşyryldy. Iş saparlarynyň netijesinde, häzirki wagtda TürkmenStatda Eurotrace” programma üpjünçiliginiň täze rus diline terjime edilen görnüşi degişli müdirligiň hünärmenleri tarapyndan giňden ulanylýar.


2018-nji ýylyň 10-11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin daşary söwdanyň statistikasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Maslahata GDA-nyň Döwletara Statistika komitetiniň, BMG-niň Statistika bölüminiň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Statistika bölüminiň, GOPA mbH toparyndan, Ýewropa erkin söwda assosiýasiýasynyň Statistika bölüminiň, Ýewropa Bileleşiginiň Statistika gullugynyň, Armeniýa Respublikasynyň Statistika komitetiniň, Azerbeýjan Respublikasynyň Statistika komitetiniň, Belarus Respublikasynyň Milli Statistika komitetiniň, Gruziýanyň Milli statistika býurosynyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň, Ukrainanyň döwlet statistika gullugynyň, Litwanyň Statistika müdirliginiň, Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň, Gazagystanyň Statistika komitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri we “EUROTRACE” programmasynyň täze ilkinji wersiýasyny TürkmenStatda ornaşdyrmaga gatnaşan halkara bilermenleri gatnaşdylar.


Maddy hal – ýagdaýa gözegçilik etmegiň milli ulgamynyň berkemegine ýardam bermek” taslamasy


2017-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Bütindünýä bankynyň arasynda “Maddy hal – ýagdaýa gözegçilik etmegiň milli ulgamynyň berkemegine ýardam bermek” taslamasyna gol çekildi.


Taslamanyň esasy maksady - statistiki hasabatlylygy döwrebaplaşdyrmak bilen maddy hal – ýagdaýa gözegçilik etmegiň milli uglamyny pugtalandyrmakdan, maddy hal-ýagdaýa baha bermegi, barlaglary geçirmegiň mümkinçiligini we bölekleýin barlag geçirmegiň usulyýetini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Taslama 5 bölegi öz içine alýar:


1-nji bölegi: Taslamany dolandyrmak;


2-nji bölegi: Maddy – hal ýagdaýa baha bermek boýunça okuwlar;


3-nji bölegi: Barlaglaryň geçirilişini kämilleşdirmek;


4-nji bölegi: Saýlap seçişiň usulyýeti;


5-nji bölegi: Kompýuter tilsimatlaryny ulanmaklyk bilen gürrüňdeşlik (interwyu) geçirmegiň usulyýetini ornaşdyrmak.


2018-nji ýylyň dowamynda taslamanyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň çäklerinde Bütindünýä banky toparynyň wekilleriniň hem-de bäsleşik esasynda saýlanylan taslamanyň halkara maslahatçylarynyň birnäçe gezek Türkmenistana iş saparlary amala aşyryldy we TürkmenStatyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlary geçirildi.



 “Durnukly milli ösüş üçin dezagregirlenilmedik maglumatlar” atly Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň arasyndaky 2018-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy                           


        2017-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda “Durnukly milli ösüş üçin dezagregirlenilmedik maglumatlar” atly Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň arasyndaky 2018-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi.


Onuň maksady - döwrebap usulyýetlerini we maglumat – kommunikasion tehnologiýalaryny ulanmaklyk esasynda, demografiki seljermeleriniň we maglumatlary işläp taýýarlamak ulgamynda institusional potensialyny kämilleşdirmekde 2018-nji ýylyň dowamynda TürkmenStata tehniki kömek bermek. Iş meýilnamasynyň çäklerinde gender deňligine, ilatyň reproduktiw saglygyna we ýaşlaryň meselelerine gönükdirilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň görkezijileriniň toplanmagyna we işläp taýýarlanylmagynyň usulyýeti boýunça maslahat beriş gepleşikleriniň, tegelek stollarynyň geçirilmegine ýardam berilýär.



2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional we tehniki mümkinçiligini ýokarlandyrmak” atly taslamasy


2018-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda “2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional we tehniki mümkinçiligini ýokarlandyrmak” taslama resminamasyna gol çekildi.


Taslamanyň maksady 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional we tehniki mümkinçiligini ýokarlandyrmak bolup durýar. Şol sanda, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň  edara binasyny döwrebap kompýuterler we multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak, şeýle hem statistiki maglumatlary bermeklikde innowasion usullary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.



Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasyndaky 2018-2019-njy ýyllar üçin Iş meýilnamasy


2018-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasyndaky 2018-2019-njy ýyllar üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi.


Iş meýilnamasynyň maksady - çagalar we zenanlar babatynda ýokary hilli maglumatlary almaklykda goldaw bermek, şeýle hem Durnukly Ösüş Maksatlarynyň görkezijilerine baha bermek boýunça usullary we enjamlary işläp taýýarlamakda hem-de kämilleşdirmekde TürkmenStatyň işine goldaw bermek.   



Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak atly taslamasy


2018-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda “Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak”  taslama resminamasyna gol çekildi.


Taslamanyň maksady - häzirki wagtda ulanylýan MHU1993-nji ýylyň görnüşinden MHU2008-nji ýylyň görnüşine konseptual usulda geçişini amala aşyrmak, şeýle-de gurşap alýan çäklerini, milli hasaplaryň jikme-jiklik derejesini we hilini hem-de olaryň üstüni dolýan ykdysady statistikanyň maglumatlaryny giňeltmek üçin milli statistiki we institusional mümkinçilikleri berkitmek bolup durýar. Taslama 5 bölekden ybarat bolup durýar:



1-nji bölegi: 2008 MHU girizmegiň milli maksatnamasynyň ylalaşylmagy we milli statistiki ulgamyny utgaşdyrmagyň institusional gurallarynyň kesgitlenmegi;


2-nji bölegi: statistiki klassifikasiýalaryň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanmagy;


3-nji bölegi: işewürlik-registriň (biznes registr) 2008 MHU talaplaryna uýgunlaşdyrylmagy;


4-nji bölegi: 2008 MHU talaplaryna laýyklykda Türkmenistanyň milli hasaplarynyň usulyýet (metologiki), maglumat we kadr mümkinçilikleriniň güýçlendirilmegi;


5-nji bölegi: Türkmenistanyň milli hasaplarynyň gurluşyny üpjün edýän ITK mümkinçiliginiň güýçlendirilmegi.