Halkara hyzmatdaşlyk

www.stat.gov.tm

Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika baradaky Komisiýasynyň 50-nji maslahaty geçirildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika baradaky Komisiýasy bu guramanyň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň ýörite düzümi bolup, onuň agzalygyna geografiki ýerleşişi esasynda saýlanan 24 sany döwlet girýär. Komisiýa ýylda bir gezek özüniň nobatdaky maslahatyny gurnaýar. Maslahatyň geçirilmeginiň esasy maksady milli statistikalaryň ösüşini ýokarlandyrmak, ýörite statistika gulluklarynyň işlerini utgaşdyrmak, BMG-niň Sekretariýatynyň merkezi statistika gulluklarynyň işini ýokarlandyrmak, statistiki maglumatlary toplamak, seljermek we olary ýaýratmak boýunça ýüze çykýan umumy meseleleri çözmekde BMG-niň degişli düzümlerine maslahat we goldaw bermek hem-de statistikany we onuň usullaryny ýokarlandyrmak boýunça işleri alyp barmakda BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşine ýardam bermekden ybaratdyr.


Şu ýylyň 5-8-nji marty aralygynda BMG-niň edara binasynda bu guramanyň Statistika baradaky Komisiýasynyň 50-nji maslahaty geçirildi. Maslahata BMG-niň Statistika boýunça Komisiýasyna agza ýurtlaryň 24-sinden wekiller gatnaşdy. Bulardan başga-da, maslahata dünýäniň beýleki ýurtlaryndan we guramalaryndan synçylar hem-de BMG-niň adyndan resmi wekiller hem gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde jemi 7 sany iş duşuşyklary geçirildi. 


Maslahatda BMG-niň Statistika baradaky Komisiýasy deslapky Gün tertibini kabul etdi we maslahatyň işi boýunça maksatnamany tassyklady.


Maslahatyň dowamynda Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijiler boýunça bilermenler toparynyň taýýarlan hasabaty, BMG-niň Baş Sekretarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazanylýan ösüşleriň syny baradaky hasabaty hem-de  durnukly ösüşiň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň statistikasy boýunça hasabatlar diňlenildi we olar bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleler we beriljek teklipler ara alyp maslahatlaşyldy.   


Bulardan başga-da, maslahatyň çäginde Durnukly ösüşiň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň maksatlary we wezipeleri boýunça global görkezijiler barada we bu Gün tertibiniň statistikasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça iş maslahatlary geçirildi.


Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika baradaky Komisiýasynyň 50-nji maslahatynyň Gün tertibi, resmi statistikanyň esasy ýörelgeleri, sebitleýin statistikanyň ösüşi, maliýanyň statistikasy, halkara söwdanyň we işewürligiň statistikasy, senagatyň we bahalaryň statistikasy hem-de halkara jenaýatçylygyň we halkara bosgunlaryň statistikasy barada hem ara alyp maslahatlaşyldy.


Maslahat şu ýylyň 8-nji martynda öz işini tamamlady.



Ulanylan internet sahypalary:


https://unstats.un.org

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2019-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen Halkara duşuşyklary

2019-njy ýylyň 1-nji aprelinde  Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda Gazagystan Respublikasynyň Milli ykdysadyýet ministrliginiň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary we  degişli müdirlikleriniň wekilleri gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň edara binasynda Halkara Pul Gaznasynyň Türkmenistan boýunça ýolbaşçysy Nataliýa Tamirisanyň gatnaşmagynda, Infastruktura maýa goýumlary boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä TürkmenStatdan degişli wekiller gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde  Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda Gazagystan Respublikasynyň Milli ykdysadyýet ministrliginiň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de milli hasaplaşyk ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tegelek stoly geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň , Merkezi bankynyň hem-de Döwlet Ätiýaçlandyryş guramasynyň we  TürkmenStatyň degişli müdirlikleriniň wekilleri gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 4-6-njy aprelinde BMG-niň Aşgabat şäherindäki edara binasynda, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň başlangyjynda, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukuklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň ýanyndaky iş toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty we tegelek stoly geçirildi. Bu çärä TürkmenStatdan degişli wekiller gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň edara binasynda Halkara Pul gaznasynyň wekilýetiniň guramagynda, Jemlenilen netijeler boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi we bu çärä TürkmenStatdan degişli wekilleri gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde BMG-niň Aşgabat şäherindäki edara binasynda TürkmenStatyň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekligini üpjün etmek boýunça Pudagara barlag Iş toparynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda BMG-niň halkara şertnamalaýyn edaralarynyň çäklerinde  Türkmenistan tarapyndan kabul edilen gender deňligi ulgamynda maslahatlaryň ýerine ýetirilmegi boýunça Ýol kartasynyň deslapky görnüşi we onuň taslamasynyň  işläp taýýarlanylmagy baradaky meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.


2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministliginiň edara binasynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministliginiň we Ýewropa howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň bilelikde guramagynda, Ýewropa howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Maslahat geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda, Ýewropa howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan, “Terrorçylygy maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylygyna garşy göreşmek” boýunça ýokary derejedäki sebitleýin maslahaty geçirildi. Bu çäräniň işine Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary hem-de edaranyň degişli wekilleri gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde TürkmenStatyň edara binasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň w.ý.ý. Natiýa Natswilişwiliniň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatynda TürkmenStatyň başlygy bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Şahin Nilofer bilen TürkmenStatyň başlygynyň hem-de degişli müdirikleriniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatynda iş duşuşygy geçirildi.


2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde BMG-niň Aşgabat şäherindäki edara binasynda, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça iş duşuşygy geçirildi. Bu çärä TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministliginiň edara binasynda, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda, BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýurdymyzda durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Meýletin Milli  Synyny taýýarlamak boýunça pudagara iş toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Bu çärä TürkmenStatyň başlygynyň orunbasary gatnaşdy.


Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2019-nji ýylyň mart aýynda geçirilen Halkara duşuşyklary

2019-njy ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda BMG-niň halkara bilermenleri Zulfiýa Suleýmanowanyň we Aneta Nikolowanyň gatnaşmaklarynda, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda, BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýurdumyzda durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Meýletin Milli Synyny taýýarlamak boýunça Pudagara iş topary bilen iş duşuşygy geçirildi we bu çärä TürkmenStatdan degişli wekiller gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 2-16-njy martynda  TürkmenStatyň edara binasynda TürkmenStatyň degişli müdirliginiň işgärleriniň gatnaşmagynda, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda,  Halkara hünarmeni Ihtiýor Holmatowyň gatnaşmagynda, 2019-njy ýylda geçiriljek Türkmenistandaky köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlaglar üçin kompýuter programmasyny ornaşdyrmak işini tamamlamaklyga we gözden geçirilişine goldaw bermek babatynda TürkmenStatyň wekilleri üçin okuw sapaklary geçirildi we bu çärä TürkmenStatdan degişli wekilleri gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 13-nji martynda  BMG-niň Aşgabat şäherindäki edara binasynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda, «Maýyplygyň bellige alynylyşyny» döretmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatynda tegelek stoly geçirildi we bu çärä TürkmenStatdan degişli wekiller gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 15-nji martynda  BMG-niň Aşgabat şäherindäki edara binasynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnamagynda, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2019-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen tegelek stoly geçirildi we bu çärä TürkmenStatdan degişli wekiller gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 18-nji martynda  Türkmenistanyň Merkezi bankynyň edara binasynda TürkmenStatyň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda, Ýewropa täzeleýiş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Şweýsariýa, Ukraina, Lihtenşteýn, Türkmenistan, Serbiýa, Çernogoriýa we Moldowa döwletleri üçin jogapkär direktory  Remij Wenzapynyň gatnaşmagynda, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatynda tegelek stoly geçirildi.


2019-njy ýylyň 26-njy martynda  Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynynyň edara binasynda Halkara Pul Gaznasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça müdirliginiň ykdysatçylary Fang Ýang, Boaz Nandwa we Rossen Rozenowyň gatnaşmaklarynda, «Sebitiň ösüşine syn» atly okuw maslahaty geçirildi we we bu çärä TürkmenStatdan degişli wekiller gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 27-nji martynda  Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda Halkara Pul Gaznasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça müdirliginiň ykdysatçylary Fang Ýang we Boaz Nandwanyň gatnaşmaklarynda, Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşygyň IV maddasyna laýyklykda ýurdumyzyň soňky makroykdasady–maliýe ulgamyndaky üýtgeşmeler, 2019-2020-nji ýyllardaky ykdysady ýagdaýy hem-de daşary ýurt puluny kadalaşdyrmak babatynda pikir alyşmakdan hem-de özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Bu çärä TürkmenStatdan degişli wekiller gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynynyň edara binasynda Halkara Pul gaznasynyň wekilýetiniň guramagynda makroykdysady esaslar boýunça edilen işleri seljermek babatynda iş duşuşygy geçirildi we bu çärä TürkmenStatdan degişli wekiller gatnaşdy.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2019-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen Halkara duşuşyklary

2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda TürkmenStatyň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň ýanyndaky aýallaryň maşgalada saglyk we hukuk ýagdaýlary boýunça barlaglary geçirmek baradaky Iş toparynyň duşuşygy geçirildi.


2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda, BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýurdumyzda durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Milli Meýletin Synyny taýýarlamak boýunça pudagara iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi we bu çärä TürkmenStatyň başlygynyň orunbasary gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabat şäherindäki edara binasynda TürkmenStatyň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnamagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň saglygy goraýyşa degişli Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça görkezijileri ara alyp maslahatlaşmak babatynda iş duşuşygy geçirildi.


2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnamagynda, “Türkmenistan  bilen  BMG-niň arasynda ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň» çäklerinde Milli utgaşdyryjy komitetine girýän ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary derejesindäki her ýylky üçünji mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň  başlygynyň orunbasary we TürkmenStatyň degişli wekili gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 18-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň w.ý.ý. hanym Natiýa Natswilişwiliniň gatnaşmagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan  hödürlenýän özara hukuk binýadyny emele getirýän ikitaraplaýyn resminamalaryň durmuşa geçirilişi babatynda, Taslama geňeşiniň çäginde iş duşuşygy geçirildi we bu çärä TürkmenStatdan degişli wekiller gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabat şäherindäki edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan, Birleşen Milletler Guramasynyň 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasynyň Hereketler Meýilnamasyna orta möhletleýin syny geçirildi. Bu çärä TürkmenStatdan degişli wekil gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 26-28-nji fewralynda Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda TürkmenStatyň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda, BMG-niň halkara bilermenleri Zulfiýa Suleýmanowanyň we Aneta Nikolowanyň gatnaşmaklarynda, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda, BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryny Türkmenistanyň Milli maksatlaryna ornaşdyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2019-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen Halkara duşuşyklary

2019-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Ýewropa täzeleýiş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda, agzalan guramanyň Türkmenistan boýunça 2019-2024 ýý. üçin strategiýasynyň taslamasy bilen tanyşdyrmak we pikir alyşmak boýunça maslahaty geçirildi we bu çärä Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň degişli wekili gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda TürkmenStatyň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň guramagynda, «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ösüş maksady bilen 2016–2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň» çäklerinde döredilen Ýokary hilli, hemmetaraplaýyn jemgyýetçilik hyzmatlary baradaky Iş toparynyň duşuşygy geçirildi.


2019-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň edara binasynda Halkara Zähmet guramasy tarapyndan Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen ikiýyllyk meýilnamany işläp taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatynda tegelek stoly geçirildi we bu çärä TürkmenStatdan degişli wekil gatnaşdy.


Şeýle hem, TürkmenStatyň edara binasynda TürkmenStatyň başlygynyň orunbasarynyň hem-de degişli müdirlikleriň wekilleriniň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň guralmagynda Halkara bilermenleri Igor Haritonow, Nataliýa Ignatowa hem-de Anastasiýa Maksimowa bilen  Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça Meýletin Milli Syny taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatynda iş duşuşygy geçirildi.


2019-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda “Ýyldyz” myhmanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň guramagynda, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça Meýletin Milli Syny taýýarlamak bilen bagly meseleleri babatynda Okuw maslahaty geçirilip, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň degişli wekilleri gatnaşdylar.


2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda TürkmenStatyň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň halkara hünärmenleri Roberto Biançininiň hem-de  Lantona Sadonyň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde, Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça milli maglumatlar goruny döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatynda duşuşygy geçirildi. Bu çärä TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdylar.


2019-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň halkara hünärmenleri Roberto Biançininiň hem-de  Lantona Sadonyň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde, Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça milli maglumatlar goruny döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak  babatynda tegelek stoly geçirildi we bu çärä TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň gurnamagynda «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ösüş maksady bilen 2016–2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň» çäklerinde döredilen Ekologiýa durnukly we energiýa netijeliligi meseleri baradaky Iş toparynyň duşuşygy geçirildi we bu çärä TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň gurnamagynda «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ösüş maksady bilen 2016–2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň» çäklerinde döredilen Ýokary hilli maglumatlar we ösüşiň monitoringi baradaky Iş toparynyň duşuşygy geçirildi we bu çärä çärä TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdy.


 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň gurnamagynda «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ösüş maksady bilen 2016–2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň» çäklerinde döredilen Ykdysady köpugurlylyk we söwda baradaky Iş toparynyň duşuşygy geçirildi we bu çärä TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdylar.


Şeýle hem, TürkmenStatyň edara binasynda  BMG-niň halkara hünärmenleri Roberto Biançininiň hem-de  Lantona Sadonyň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde, Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça milli maglumatlar goruny döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatynda TürkmenStatyň başlygynyň orunbasary bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga degişli müdirlikleriň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem, şol güni BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň halkara hünärmenleriniň gatnaşmaklygynda, saparyň netijeleri babatynda maslahatlaşma duşuşygy geçirildi we bu çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak-edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen Halkara duşuşyklary

2018-nji  ýylyň 4–5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda, TürkmenStatyň degişli müdirlikleriniň, Gazagystan Respublikasynyň Milli ykdysadyýet ministrliginiň Statistika boýunça komitetiniň wekilleri Güljihan Aýgozina bilen Abdihalyk Tolebiniň hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Okuw maslahaty geçirildi.  Okuw maslahatynda ilatyň tebigy we mehaniki hereketiniň statistikasy boýunça tablisalaryň düzülişi we usulyýet hem-de wezipeleriň kesgitlenilişi baradaky meselelerine seredildi.


2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Halkara bilermeni Lori Belliň we TürkmenStatyň degişli wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.


2018-nji ýylyň 10–11-nji dekabrynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda baglaşylan “Türkmenistanyň daşary söwda statistikasynyň kämilleşdirilmegine goldaw bermek” atly taslamasynyň çäklerinde, Ýewrostatyň goldaw bermeginde, Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin daşary söwdanyň statistikasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Maslahata GDA-nyň Döwletara Statistika komitetiniň, BMG-niň Statistika bölüminiň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Statistika bölüminiň, GOPA mbH toparyndan, Ýewropa erkin söwda assosiýasiýasynyň Statistika bölüminiň, Ýewropa Bileleşiginiň Statistika gullugynyň, Armeniýa Respublikasynyň Statistika komitetiniň, Azerbeýjan Respublikasynyň Statistika komitetiniň, Belarus Respublikasynyň Milli Statistika komitetiniň, Gruziýanyň Milli statistika býurosynyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň, Ukrainanyň döwlet statistika gullugynyň, Litwanyň Statistika müdirliginiň, Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň, Gazagystanyň Statistika komitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri we “EUROTRACE” programmasynyň täze ilkinji wersiýasyny TürkmenStatda ornaşdyrmaga gatnaşan halkara bilermenleri gatnaşdylar.


2018-nji ýylyň 10-14-nji dekabrynda TürkmenStatyň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň halkara bilermeni Ahmed Sinan Türkilmazyň we komitetiň deişli wekilleriniň gatnaşmagynda iş duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän Köp görkezijili klasterleýin barlagyň 6-njy tapgyry babatyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


2018-nji ýylyň 15-nji dekabrynda TürkmenStatyň edara binasynda komitetiň degişli wekilleriniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň halkara hünärmeni Aleksandr Bordeniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Şeýle hem, şu ýylyň 18-nji dekabrynda Aleksandr Bordeniň gatnaşmagynda, Ekologiýa we daşky gurşawy boýunça Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirmegiň meselelerini ara almak maksady babatynda  Okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň degişli müdirlikleriniň işgärleri hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň degişli wekilleri gatnaşdylar.


2018-nji ýylyň 17-20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynyň edara binasynda Bütindünýä bankynyň halkara hünärmenleri Liza Bostwik we Laura Popyň gatnaşmagynda “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň milli töwekgelçiliklere baha bermek” atly okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdylar.


2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda TürkmenStatyň wekilleriniň gatnaşmagynda, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça tegelek stoly gurnaldy. Tegelek stolunyň dowamynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça Meýletin Milli Syny taýýarlamak we Milli hasabaty taýýarlamak boýunça maslahat berilýän ädimler baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy,


2018-nji ýylyň 19-29-njy dekabrynda TürkmenStatyň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagyň geçirilmegi babatynda usulyýetiniň işläp taýýarlanylmagy boýunça halkara maslahatçysy Tatýana Karaulaçyň we komitetiň deişli wekilleriniň gatnaşmagynda iş duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän KGKB-ň 6-njy tapgyry babatyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, halkara maslahatçy agzalan barlag üçin soraglar ýygyndysynyň dolulygyna işläp taýýarlanylmagyna ýardam berdi. Mundan başga-da, Tatýana Karaulaçyň gatnaşmagynda  KGKB-ň 6-njy tapgyrynyň öý hojalyklarynyň listingynyň geçirilmegi boýunça monitoringy edildi. Duşuşyklar «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasyndaky 2018-2019-njy ýyllar üçin Iş meýilnamasynyň» KGKB-ň 6-njy tapgyry boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamasynyň çäklerinde geçirildi. 

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen Halkara duşuşyklary

2018 ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistan boýunça Sebitleýin direktory Juliýa Waleze bilen TürkmenStatyň ýolbaşçy düzüminiň arasynda iş duşuşygy geçirildi.  Duşuşykda BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistan bilen 2018-2019-njy ýyllar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.


2018 ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň we TürkmenStatyň ýolbaşçy düzüminiň arasynda  iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda TürkmenStat bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda baglaşylan “Milli hasaplar boýunça statistiki we institusional mümkinçiligi pugtalandyrmak” atly taslamasynyň durmuşa ornaşdyrylmagy babatynda we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.


2018 ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň halkara maslahatçysy A. Panamorenkonyň  we TürkmenStatyň ýolbaşçy düzüminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň maksady: TürkmenStat bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen özara gol çekilen “Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak” atly taslamasynyň ýurdumyzda amala aşyrylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.


 2018 ýylyň 13–14-nji noýabrynda TürkmenStatyň degişli wekilleri  Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet  ministrliginde, Halkara Pul gaznasynyň wekiliýeti bilen geçirilen  iş duşuşygyna gatnaşdylar.


2018 ýylyň 19–23-nji noýabrynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň halkara hünärmenleri Wladimir Korowkiniň hem-de Pawel Bilenkonyň iş saparlarynyň çäklerinde sanlaýyn Okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdy.


2018 ýylyň 20-nji noýabrynda BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan, döwlet derejesinde kabul edilen Ösüş görkezijileriniň milli derejede durmuşa ornaşdyrylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatynda Iş duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdy.


2018 ýylyň 21-nji noýabrynda BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda, Bütindünýä Ilat güni mynasybetli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin reproduktiw saglyk meselesi babatynda, Okuw maslahatynyň netijeleri boýunça taýýarlanylan iň gowy neşiriň awtorlaryny sylaglamak çäre geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň  başlygynyň orunbasary we TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdy.


2018 ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Stambuldaky wekilhanasynyň  halkara hünärmeni Wesna Suteska-Bişewanyň hem-de  BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň halkara hünärmeni Sara Ýohanson de Silwanyň iş saparynyň çäklerinde, zähmet, iş üpjünçiligi we zähmet gatnaşyklary boýunça iş duşuşygy geçirildi. Agzalan çärä, TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdy.


2018 ýylyň 28-nji noýabrynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň halkara hünärmenleri Wesna Suteska-Bişewanyň we Sara Ýohanson de Silwanyň gatnaşmagynda, zähmet, iş üpjünçiligi we zähmet gatnaşyklary boýunça tegelek stolunyň işine Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň degişli wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda geçirilen Halkara duşuşyklary:

2018 ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda, Halkara Pul gaznasynyň wekiliýeti Boaz Nandwanyň, Nataliýa Tamirisanyň, Fang Ýangyň we TürkmenStatyň ýolbaşçy düzüminiň arasynda  iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşygyň IV maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda amala aşyrylýan maliýe-ykdysady özgertmeler bilen tanyşmak, dünýä ykdysadyýetindäki makroykdysady üýtgeşmeler babatynda pikir alyşmak hem-de özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.


2018 ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Halkara bilermeni Anna Korotkowanyň we TürkmenStatyň ýolbaşçy düzüminiň arasynda  iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanda Saglygy goraýşyň maglumat-statistika ulgamyny dolandyrmak tejribesine baha bermek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.


2018 ýylyň 13-14-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabat şäherindäki edara binasynda, Türkmenistanda Saglygy goraýşyň maglumat-statistika ulgamyny dolandyrmak tejribesine baha bermek boýunça usulyýet maslahaty geçirildi. Bu maslahata TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdy.


2018 ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda, Bütindünýa bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy Ýan Peter Oltersiň we TürkmenStatyň ýolbaşçy düzüminiň arasynda  iş duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda Türkmenistan boýunça Ykdysady hasabatyň taýýarlanylmagy babatynda meseleleri  ara alyp maslahatlaşyldy.


2018 ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda, BMG-niň Senagat ösüş boýunça guramasy bilen bilelikde ýerine ýetirilýän «Monreal Teswirnamasynyň ýerine ýetirilmegi üçin Institusional Berkitmesi (4-nji tapgyr)» we «Türkmenistanda gidrohlorftoruglerody (GHFU) dolanyşykdan tapgyrlaýyn çykarmak meýilnamasyny ýerine ýetirmek (1-nji tapgyr)» atly taslamalar boýunça maslahat geçirildi.  Bu maslahata TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdy.


2018 ýylyň 9-10-njy oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabat şäherindäki edara binasynda, Türkmenistanda saglygy goraýşyň maglumat-statistika ulgamyny ösdürmegiň Milli pudagara maksatnamasynyň deslapky görnüşini işläp taýýarlamak boýunça usulyýet maslahaty geçirildi. Bu maslahata TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdy.


2018 ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda, Bütindünýä bankynyň wekiliýetiniň agzasy Saida Ismailakhunowanyň we TürkmenStatyň ýolbaşçy düzüminiň arasynda  iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda TürkmenStatyň Bütindünýä banky bilen özara gol çekilen “Maddy hal-ýagdaýa gözegçilik etmegiň milli ulgamynyň berkemegine ýardam bermek” atly taslamasynyň durmuşa ornaşdyrylmagy babatynda we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşyldy.

Gözleg