"Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmek möhümdir, bu ugurda statistika edaralarynyň işine öňdebaryjy usullary we dünýä boýunça toplanan tejribäni ornaşdyrmak zerur"

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Habarlar

Gökdepe etrabynda döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy, ol «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çäginde guruldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara welaýatyň häkimi S.Berdimuhamedow, etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, hormatly ýaşulular, köp sanly oba adamlary gatnaşdylar.
Dabarada edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny batly depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi, ýurdumyzda haryt öndürijilere döwlet tarapyndan goldawyň berilmegi netijesinde bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. giňişleýin

14.12.2019

Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlete 48 müň tonna golaý şaly tabşyryp, bellenilen wezipä üstünlikli hötde geldiler.
Şu ýyl Amyderýa jülgesinde güýzlik galla ýygnalandan soň boşan 10 müň gektardan biraz artyk ýerde şaly ekildi. Döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldaw we satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlanmagy welaýatyň ekarançylarynyň üstünligine şert döretdi. giňişleýin

13.12.2019

TürkmenStatyň Internet-saýtynyň “Statistik klassifikatorlar” mowzugynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2019-njy ýylyň 04-nji oktýabrynda 290-iş belgili buýruk bilen tassyklanyp üýtgetme girizilen TDS 617–2012 ... giňişleýin

09.10.2019

28-nji awgustda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny we 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň agzalary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. giňişleýin

28.08.2019

24-nji awgustda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş aýdymçylaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. giňişleýin

24.08.2019

23-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde geçirilýän işler hem-de olaryň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamak boýunça görülýän çäreler hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň garamagyndaky desgalary hususylaşdyrmak boýunça teklipleri seljermegiň netijeleri barada habar berildi. giňişleýin

23.08.2019