Durnukly ösüş maksatlary dünýa derejesinde

www.stat.gov.tm

Durnukly ösüş maksatlary dünýä derejesinde

Durnukly ösüş maksatlary 2030-njy ýyla çenli adamzat we ýer şary üçin has oňaýly şertleri döretmegi maksat edinýän resminamadyr. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň ählisiniň bir agyzdan goldamagy bilen, 2015-nji ýylda kabul edilen bu maksatnama dünýäniň ähli sebitlerinde abadançylygy gorap saklamaga  we umumyadamzat bähbitli öşüsleri gazanmaga gönükdirilendir. Bu maksatnamada dünýä ýüzünde ykdysady ösüşi gazanmak, saglygy goraýşy ýokarlandyrmak we sosial deňligi gazanmak, şol sanda daşky gurşawy gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça işleriň geçirilmelidigi nygtalýar.


BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça dünýä derejesinde işler alnyp barylýar. Maksatnama laýyklykda, dünýä ykdysadyýetinde 2019-njy ýylda durnukly ösüşiň has-da ýokarlanmagyna garaşylýar we bu babatynda degişli işler amala aşyrylýar.


BMG-niň Ykdysady we Sosial meseleleri boýunça Departamentiniň Durnukly ösüş maksatlary bölümi sebitlerde durnukly ösüşi gazanmakda, şol sanda, suw, energetika, howa, ummanlar, şäherleşme, ulag-aragatnaşygy, ylym we tehnologiýa hem-de özara hyzmatdaşlyk bilen baglanşykly meseleleri çözmekde dünýä döwletlerine düýpli goldaw berýär.


Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda, biziň Türkmenistan döwletimizde hem BMG-iň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça milli derejede işler alnyp barylýar. Türkmenistan BMG-iň Durnukly Ösüşiň 2030-nji ýyla çenli döwür üçin Gün terbini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşdy we bu babatynda möhüm teklipleriň birnäçesini orta goýdy. 2015-nji ýylyň Bütindünýä Sammitinde biziň ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny özüniň sosial we ykdysady ösüş boýunça maksatnamalaryna utgaşdyrmakda ilkinjileriň biri boldy.   


Ýurdumyzda BMG-iň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaklykda hususan-da, ösüşiň sosial ugruna uly üns berilýär. Bu ugur bolsa halkyň sosial ýagdaýyny we ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemmetaraplaýyn wagyz etmek, türkmen zenanlarynyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini kepillendirmek arkaly gender deňligini gazanmak, hem-de ýokary hilli bilim ulgamyny döretmek ýaly durmuş ähmiýetli möhüm meseleleri çözmekden ybaratdyr.


Durnukly ösüş maksatlaryna diňe bir milli derejede däl, eýsem dünýä derejesinde  uýgunlaşan ilkinji ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan bu Maksatnamanyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar hem-de bu işi ulgamlaýyn esasda alyp barýar.


Türkmenistan Durnukly ösüş maksatnamasyna girýän möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Mälim bolşy ýaly, 2013 —2015-nji ýyllarda EKOSOS-nyň düzümine saýlanan ýurdumyz 2015-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça Bütindünýä sammitine taýýarlyk görmäge işjeň gatnaşdy.


BMG-niň möhüm Konwensiýalaryna we “Durnukly ösüş maksatlary” ýaly adamzat ähmiýetli beýleki resminamalaryna goşulan türkmen döwleti öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydyr. Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän we dünýäde parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de abadançylyk bähbitli anyk teklipleri BMG tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.


Öňe sürlen başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýa boýunça howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar babatda sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak hakyndaky teklipler öz ornuny tapýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde milli, sebit we ählumumy ugurlaryň sazlaşygynyň möhümdigini belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady we tebigaty goramak ulgamlarynda amala aşyrýan syýasaty BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda kabul eden Gün tertibi bilen baglanyşyklydyr.


Şäher gurluşygynda, oba hojalygynda, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça taýýarlanan meýilnamalary amala aşyrmakda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylmagy baş çelgi bolup durýar. Umuman, munuň özi Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň esasyny düzýär. Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu möçberi hem-de ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk taslama suw serişdelerini saklamak we daşky gurşawy goramak, diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleriniň umumy çözgüdine gönükdirilendir.


Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz ählumumy energetika howpsuzlygynyň döwrebap binýadynyň döredilmegine işjeň gatnaşýar we düzümleýin pudaklaryň doly döwrebaplaşdyrylmagyna, energiýa serişdelerini ugratmagyň köpugurly ulgamynyň, şolaryň halkara bazarlaryna üstaşyr howpsuzlygynyň ygtybarly guralynyň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny sebit we dünýä derejesinde durmuşa geçirmekde ägirt uly ädimdir.


Bu giň möçberli taslamalar Türkmenistanyň ählumumy ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegine, Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine anyk goşandydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde, Diýarymyz sebitiň möhüm ulag geçelgesine, iri halkara logistika merkezine öwrülýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler bolsa, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyna doly laýyk gelýär.


Şeýlelikde, BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça dünýä derejesinde işler alnyp barylýar we şeýle işleri durmuşa geçirmekde Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hem tutýan orny uludyr. Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezmek bilen, Türkmenistan parahatçylygyň, durnuklylygyň, sebit hem-de ählumumy derejede durmuş we ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegini ugur edinýär.





Ulanylan internet sahypalary:


http://tdh.gov.tm/news/tm/articles  

Gözleg