Durnukly ösüş maksatlary boýunça halkara duşuşyklar

www.stat.gov.tm

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň dekabr hem-de 2019-njy ýylyň ýanwar aýlarynda Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça geçirilen Halkara duşuşyklary

2018-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda TürkmenStatyň degişli wekilleriniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň halkara hünärmeni Aleksandr Bordeniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Şeýle hem, şu ýylyň 18-nji dekabrynda Aleksandr Bordeniň gatnaşmagynda, Ekologiýa we daşky gurşawy boýunça Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirmegiň meselelerini ara almak maksady babatynda  Okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň degişli müdirlikleriniň işgärleri hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň degişli wekilleri gatnaşdylar.


2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda TürkmenStatyň wekilleriniň gatnaşmagynda, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça tegelek stoly gurnaldy. Tegelek stolunyň dowamynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça Meýletin Milli Syny taýýarlamak we Milli hasabaty taýýarlamak boýunça maslahat berilýän ädimler baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


2019-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda TürkmenStatyň edara binasynda TürkmenStatyň başlygynyň orunbasarynyň hem-de degişli müdirlikleriň wekilleriniň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň guralmagynda Halkara bilermenleri Igor Haritonow, Nataliýa Ignatowa hem-de Anastasiýa Maksimowa bilen  Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça Meýletin Milli Syny taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatynda iş duşuşygy geçirildi.


2019-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda “Ýyldyz” myhmanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň guramagynda, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça Meýletin Milli Syny taýýarlamak bilen bagly meseleleri babatynda Okuw maslahaty geçirilip, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň degişli wekilleri gatnaşdylar.


2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda TürkmenStatyň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň halkara hünärmenleri Roberto Biançininiň hem-de  Lantona Sadonyň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde, Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça milli maglumatlar goruny döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatynda duşuşygy geçirildi. Bu çärä TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdylar.


2019-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň halkara hünärmenleri Roberto Biançininiň hem-de  Lantona Sadonyň gatnaşmagynda, Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça milli maglumatlar goruny döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak  babatynda tegelek stoly geçirildi. Bu çärä TürkmenStatyň degişli wekilleri gatnaşdy.


2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda TürkmenStatyň edara binasynda  BMG-niň halkara hünärmenleri Roberto Biançininiň hem-de  Lantona Sadonyň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde, Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça milli maglumatlar goruny döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatynda TürkmenStatyň başlygynyň orunbasary bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga degişli müdirlikleriň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem, şol güni BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň halkara hünärmenleriniň gatnaşmaklygynda, saparyň netijeleri babatynda maslahatlaşma duşuşygy geçirildi we bu çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak-edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gözleg