Täzelikler

www.stat.gov.tm

Türkmenistanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Şu gün türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahaty geçirildi. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen maslahata CAREC Maksatnamasyna girýän ýurtlaryň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, CAREC institutynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzümine hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary girdiler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “CAREC 2030: Söwdany giňeltmek we diwersifikasiýa ýardam bermek” atly foruma gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň CAREC Maksatnamasynyň esas goýujy ýörelgelerini we onuň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalary bütinligine goldaýandygyny belledi. Şu ýyl biziň ýurdumyz çäklerinde energetika, söwda, gümrük meseleleri, ulag, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeleri ösdürmek, adam ösüşi ýaly ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlyk amala aşyrylýan bu abraýly maksatnama başlyklyk edýär. 

Milli Liderimiziň forumyň açylyşynda okalan Gutlagynda hem maslahatyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň dünýäde häzirki ösüş meýilleri bilen bagly örän uly amaly ähmiýetiniň bardygy nygtalýar. Häzirki döwrüň ählumumy wehimleri ähli ýurtlara we sebitlere göni täsir edýär, durmuş-ykdysady ösüşe düýpli täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan ählumumy tagallalary goldamak bilen, uzak möhletli geljekde hyzmatdaşlygyň nusgalaryny işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýär. CAREC-niň şu günki maslahaty hem şuňa gönükdirilendir. 

2018-nji ýyl CAREC-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasyny durmuşa geçirmekde badalga ýyly bolup durýar. Bu strategiýa sebitde ykdysady durnuklylygy goldamaga, agza ýurtlaryň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyna gönükdirilendir. Şunlukda, biziň ýurdumyz hyzmatdaşlyga çemeleşmelerini Merkezi Aziýa sebitine häzirki döwürde gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm we aýrylmaz bölegi hökmünde garamak nukdaýnazaryndan kemala getirýär. 

CAREC-niň şu maslahatynyň ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygar astynda geçýän ýylda guralandygy bellärliklidir. Munuň özi halkara forumyň işine aýratyn öwüşgin çaýdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitaby gadym döwürlerde Gündogaryň we Günbataryň ýurtlaryny baglanyşdyran taryhy ýoluň ugrunda ýaşan halklaryň özara gatnaşyklaryna bagyşlanýar. Bu kitapda ägirt uly Ýewraziýa giňişliginde ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklaryň kemala gelmegine täsir eden meşhur söwda ýolunyň ähmiýeti açylyp görkezilýär. 

Şunuň bilen baglylykda, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi CAREC Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatynyň adynda öz beýanyny tapýar. Söwda islendik döwletiň ykdysadyýetinde hem-de sebitleýin hyzmatdaşlykda möhüm orny eýelemek bilen, goşulyşmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi bolsa döwletleriň ykdysadyýetleriniň ösdürilmegine, Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna ýardam edýär. Merkezi Aziýa giňişliginde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin bu ulgamda ägirt uly mümkinçilikler bar. Amatly maýa goýum ýagdaýyny üpjün etmegiň hem-de işewürlik üçin täze mümkinçilikleri döretmegiň möhüm şertleri hökmünde dolandyryş ulgamyndaky bökdençlikleriň aradan aýrylmagy, kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň ýakynlaşdyrylmagy hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam eder. 

Mundan başga-da, Türkmenistan CAREC Maksatnamasynyň çäklerinde ulag taslamalaryny meýilnamalaşdyrmaga we durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. CAREC-niň geçelgeleriniň birnäçesi biziň döwletimiziň üstünden geçýär. Şolar ýurdumyza günbatara — Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä we Ýewropa, gündogara — HHR-e, demirgazyga — Gazagystana we Russiýa Federasiýasyna, şeýle hem günorta — Arap deňzindäki Karaçi we Gwador portlaryna çykalgalary üpjün edýär. Sebitiň üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagy hem-de köp şahaly ulag düzüminiň döredilmegi biziň döwletlerimize ulag-üstaşyr we aragatnaşyk ulgamlary arkaly halkara gatnaşyklara üstünlikli goşulyşmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Milli Liderimiz ulag-aragatnaşyk ulgamynda sebit ähmiýetli iri taslamalaryň ençemesiniň başyny başlady. 

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy CAREC-ne agza döwletler üçin uly ähmiýete eýedir. Ol biziň ýurtlarymyzyň eksport mümkinçiliklerini ep-esli artdyrmak bilen, sebitiň döwletleriniň energetika howpsuzlygyny hem-de ykdysady durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam eder we tutuş sebitde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň kuwwatly esasy bolar. Bulara TOPH-nyň ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň taslamalaryny goşmak bolar. 

Aziýanyň Ösüş banky CAREC-ne agza döwletlerde ählumumy ykdysady we ekologiýa durnuklylygyny gazanmak arkaly garyplygy azaltmak maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de gatnaşyklary ilerletmäge uly goşant goşýar. Ösýän ýurtlaryň durmuş-ykdysady syýasatyny utgaşdyrmak boýunça uly işleri geçirmek bilen hem-de olara tehniki taýdan goldaw berip, Aziýanyň Ösüş banky BMG tarapyndan kesgitlenilen ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň strategik maksatlaryny yzygiderli amala aşyrýar. 

Aziýanyň Ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakao maslahatda çykyş edip, CAREC ýurtlarynyň sebit söwdasyny we eksportuny giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdy. Ol şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň ösüş ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň 2000-nji ýylda başlanandygyny hem-de şol gatnaşyklaryň ýurduň ykdysadyýetini pugtalandyrmak we sebit hyzmatdaşlygyna goşulyşmagyny sazlaşdyrmak babatdaky tagallalaryny goldamaga gönükdirilendigini belledi. Geçen ýyl Aziýanyň Ösüş banky Türkmenistan boýunça 2017 — 2021-nji ýyllar üçin ilkinji strategiýany kabul etdi. Hyzmatdaşlygyň bu strategiýasy energiýa serişdeleriniň söwdasyny, ulag aragatnaşygyny hem-de kiçi we orta kärhanalaryň maliýeleşdirilmegini goldamaga gönükdirilendir. 

Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistana 125 million amerikan dollary möçberindäki maliýe kömegi hem örän netijeli diýlip hasaplanyldy. Bu taslama 2011 — 2017-nji ýyllarda “Demirgazyk — Günorta” demir ýol geçelgesini döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyryldy. Bu geçelge ýurdumyzyň Gazagystan hem-de Russiýa Federasiýasy bilen ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryny gowulandyrdy. 

Ýakynda bolsa 500 million amerikan dollary möçberindäki karz tassyklanyldy. Ol sebitde energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny pugtalandyrmak hem-de elektrik energiýasynyň söwdasyna ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň elektrik geçiriji düzümini pugtalandyrmaga gönükdirilendir. 

Aziýanyň Ösüş banky Türkmenistanyň gümrük edaralaryna CAREC-niň beýleki ýurtlarynyň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam bermek bilen, azyk howpsuzlygyny hem-de oba hojalyk önümleriniň söwdasyny üpjün etmek maksady bilen, arassaçylyk we fitosanitariýa çärelerini goldamak üçin hem tehniki kömegini berdi. 

Forumyň münberinden çykyş etmek bilen, Aziýanyň Ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakao düýn milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşyk barada gürrüň berdi. Duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, “Gündogar — Günbatar” ugry boýunça demir ýollar, energetika, şol sanda Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan (TÖTOP) halkara taslamasynyň çäklerinde türkmen elektrik energiýasyny ibermek, Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garaldy. 

Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy CAREC sebitinde ykdysadyýetiň we söwdanyň umumy ýagdaýyny anyk maglumatlar arkaly häsiýetlendirip, bu ýagdaýyň gowulanýandygy hem-de Aziýanyň Ösüş bankynyň çaklamalaryna görä, bu oňyn ösüşiň dowam etjekdigini belledi. Jenap Nakao CAREC ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň daşarky wehimlere garşy berk durandygyny hem-de durmuşa ukyplylygyny görkezendigini nygtady. Ol goňşy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin oňaýly ýagdaýyň döredilmeginiň sebitde söwdany ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny aýtdy. Öz nobatynda, Aziýanyň Ösüş banky, sebitde goşulyşmak işini goldamak bilen, özüniň täze uzak möhletleýin, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin strategiýasynda bu tagallalary goldady. 

Şu ýyl hem Aziýanyň Ösüş banky CAREC ýurtlarynda ulag, energetika, bilim, suw üpjünçiligi we arassaçylyk, şähergurluşygy, söwda, tebigy betbagtçylyklaryň howpuny dolandyrmak we beýleki ulgamlarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin serişdeleri bermegi meýilleşdirýär. 

Biz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny goldamagymyzy dowam etdirýäris diýip, Takehiko Nakao aýtdy. Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy geçen ýyl geçirilen ministrler maslahatynda kabul edilen CAREC — 2030 strategiýasyny durmuşa geçirmekde öňegidişlikleriň gazanylandygyny belledi. Bu strategiýada amaly ugurlaryň bäşisini goldamak ileri tutulýar. Olaryň hatarynda ykdysady we maliýe durnuklylygy bilen bagly ugur bar. Şu ugurda makroykdysady syýasat boýunça CAREC-niň ýokary derejeli birinji forumy 2018-nji ýylyň maý aýynda Astanada guraldy. Söwda, syýahatçylyk we ykdysady geçelgeler ulgamynda CAREC-niň söwda babatda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin täze utgaşdyrylan maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu maksatnama häzir tassyklamak üçin hödürlenilýär. 

Jenap Nakaonyň belleýşi ýaly, şol maksatnama has açyk söwda syýasatyny durmuşa geçirmek, bökdençlikleri aradan aýyrmak hem-de degişli çäreleri ýeňilleşdirmek arkaly ýurtlara söwdany giňeltmäge ýardam eder. Ol şeýle hem ykdysady ösüşi, şol sanda söwda hyzmatlarynyň hem-de elektron täjirçiligini pugtalandyrmaga gönükdirilendir. 

Syýahatçylyk ulgamynda hem işler başlandy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebit we halkara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda bu ulgama hem aýratyn ähmiýet berýär. CAREC-niň bu babatdaky kömegi statistika ulgamyny standartlaşdyrmak we pugtalandyrmak, syýahatçylygy maglumat taýdan ilerletmek hem-de pudagyň işgärlerini okatmak üçin web-portaly işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. 

Düzümleýin we ykdysady özara baglanyşyk ulgamynda CAREC energetika hem-de ulag babatdaky işini, şol sanda täze energetika tehnologiýalaryny, hususan-da, Gün energetikasy babatdaky tehnologiýany kabul etmek hem-de awiasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky işini çuňlaşdyrýar. 

Oba hojalygy we suw serişdeleri ulgamynda Aziýanyň Ösüş banky gatnaşyjy ýurtlara olaryň arassaçylyk we fitosanitariýa ulgamlaryny, oba hojalyk söwdasyna ýardam bermek üçin lomaý bazarlaryny döwrebaplaşdyrmaga goldaw berýär. Adam ösüşi ulgamynda CAREC ýokary bilim we tälimleri ösdürmek babatda sebit hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri boýunça barlaglary taýýarlaýar. Bu mesele hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin işgärleri taýýarlamak ulgamynyň öňünde goýan wezipelerine kybap gelýär. 

CAREC-ni goldamak üçin möhüm ulgamlar sebitleýin zähmet bazary boýunça maglumat ulgamyny döretmek, standartlary sazlaşdyrmak we bilim derejelerini özara ykrar etmek çärelerini, professor-mugallymlar düzüminiň hem-de talyplaryň arasynda özara alyşmalar maksatnamasyny hem öz içine alýar. 

Çykyşyň ahyrynda Takehiko Nakao iki ýyl mundan ozal Aşgabatdaky meşhur Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmekden galan täsirleri barada gürrüň berdi. Ol şol ýerde ajaýyp el halylarynyň toplumlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldy. Halylar biri-birinden tapawutlanýar. Şolaryň owadan we täsin bezegi ýurduň köpöwüşginliligini görkezýär we şol bir wagtyň özünde türkmen döwletiniň bitewüligini alamatlandyrýar. Türkmen halylary okgunly ösüşi hem-de sazlaşygy şöhlelendirýär. Bu bitewülik duýgusy hem-de ösüş babatdaky sazlaşyk CAREC giňişliginde hyzmatdaşlygy we goşulyşmagy pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýady döredýär diýip, Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy aýtdy. 

Soňra, ministrler maslahatynyň iş mejlisiniň öňüsyrasynda şu duşuşyga gabatlanylyp taýýarlanylan ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ylalaşyklar iki taslama – Türkmenistanyň milli elektrik ulgamyny pugtalandyrmak hem-de Täjigistany Merkezi Aziýa energetika ulgamyna birikdirmek taslamalary bilen baglanyşyklydyr. Ylalaşyklaryň ikisi hem Aziýanyň Ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler. 

Maslahatyň işi tegelek stol görnüşinde CAREC-niň kabul etmäge hödürlenen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ulgamynda täze utgaşdyrylan maksatnamasy hem-de onuň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin üç ýyllyk strategik meýilnamasy boýunça pikir alyşmalar bilen dowam etdirildi. 

Pikir alyşmalaryň barşynda, bäş amaly ulgamlarda CAREC 2030 strategiýasyny durmuşa geçirmek barada wajyp maglumatlar diňlenildi. Aziýanyň Ösüş bankynyň departamentleriniň we CAREC-niň sekretariatynyň ýolbaşçylaryndan başga-da, maslahatda CAREC ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş etdiler. 

Bellenilişi ýaly, söwda ulgamy sebitde ykdysady durnuklylyga kuwwatly täsir etmäge, onuň ösüşini höweslendirmäge ukyplydyr. Hut söwda ulgamy ilaty harytlar we hyzmatlar bilen üpjün edýär, sazlaşykly önümçilik gatnaşyklaryny kemala getirýär hem-de aýry-aýry pudaklaryň, şeýle hem döwletleriň we tutuş sebitiň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyna ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar we ýurdumyzyň daşary syýasatynda söwda gatnaşyklarynda aýratyn ähmiýet berýär. 

CAREC-niň söwda ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin utgaşdyrylan maksatnamasy hem-de bu maksatnama boýunça 2020-nji ýyla çenli hereketleriň meýilnamasy biragyzdan goldanylandan soň, sebitde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek babatdaky bu strategik resminamalar kabul edildi. 

Günüň ikinji ýarymynda “Ösüş we makroykdysady durnuklylyk üçin eksporty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek” meselesi boýunça iş maslahaty geçirildi. Onuň jemleri boýunça CAREC-niň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjy ministrleriň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. 

Maslahatyň ahyrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy forumyň jemini jemledi we maslahatyň barşynda gazanylan, hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan netijeleriň örän wajypdygyny belledi. 

Ilkinji nobatda, bu duşuşyk taraplaryň netijeli gatnaşyklar ugruna ygrarlydyklaryna, hoşniýetli goňşuçylyk ruhunyň berkligine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi açyklyk, deňlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde sebitde goşulyşmakda möhüm orny eýeleýän hem-de üstünlikli ykdysady ösüşiň netijeli guraly bolup durýan CAREC Maksatnamasynyň tapawutly aýratynlygydyr. 

Söwda boýunça täze sebit maksatnamasynyň ähmiýeti örän uludyr: Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki çägi bilen sepleşýän ýurtlaryň bazary öz möçberi hem-de kuwwaty boýunça deňsiz-taýsyzdyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň kitaplarynyň ikisini bu ýola bagyşlady. Häzirki döwürde biz döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça bu meşhur ýoluň gaýtadan dikeldilýändigini görýäris. Bu ýol Merkezi Aziýanyň iň täze taryhyna täze eýýamy getirýär. Merkezi Aziýa dünýäniň okgunly ösýän hem-de ilatynyň sanynyň köplügi bilen tapawutlanýan sebitleriniň biridir. Bu sebit esasy sarp edijiler islegleriniň, iri söwda akymlarynyň täze zolagyny kemala getirýär. 

Üstaşyr we söwda ugurlarynyň ösdürilmegi bilen birlikde, sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde nobatdaky ädimler goşmaça bahanyň täze ulgamlaryny döretmek, maliýe bazarlarynyň goşulyşmagy we amatly işewür hem-de maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi ýaly ugurlar bilen bagly bolup biler. 

Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň wekilleri CAREC Maksatnamasynyň meýdançasyny düzümleri we söwdany ösdürmegiň özara bähbitli taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin, CAREC-niň giňişligini bolsa giň möçberli işleri ilerletmäge hem-de milli ykdysadyýetleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmäge ukyply şert hökmünde ulanmak üçin meýilleri tassykladylar. 

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, forumyň netijeli işlemegi babatda iň gowy şertleriň döredilendigi, sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ägirt uly şahsy goşandy hem-de bu ulgamdaky oňyn başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Şu gün ýurdumyzyň myhmanlary — CAREC-niň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjylar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördüler. Olar şol ýerde Türkmenistanyň atçylyk sungatynyň däpleri we häzirki döwürde ösüşi bilen tanyşdylar, ajaýyp bedewlere, şan-şöhraty dünýä dolan tohumyň iň gowy wekillerine syn etdiler. Aziýanyň Ösüş bankynyň baştutanynyň belleýşi ýaly, türkmen halylarynda halkyň, ýurduň köpöwüşginliligini we bitewüligini görmek bolýar, ajaýyp ahalteke bedewlerinde bolsa okgunly ösýän Türkmenistanyň keşbi öz beýanyny tapýar.

Türkmenistan we AÖB – uly mümkinçilikli maýa goýum taslamalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehiko Nakaony kabul etdi. 

Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, AÖB-niň biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan öz ösüşinde gazanan üstünliklerini görkezip, dünýä giňişliginde ygtybarly we jogapkär hyzmatdaşyň abraýyna eýe boldy. 

Hormatly Prezidentimiz abraýly halkara guramalar, şol sanda iri maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, Aziýanyň Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin we netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady, bu düzüm bilen bilelikde üstünlikli işlemegiň oňyn tejribesi toplanyldy. 

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar, häzirki ýagdaýlary we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, ony has-da işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan 2000-nji ýyldan bäri AÖB-niň agzasy bolup durýar. Geçen döwrüň içinde ýola goýlan netijeli maýa goýum gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika pudagy hem-de energiýa serişdelerini ugratmagyň eksport ugurlaryny ösdürmek, üstaşyr ulag düzümini döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam etmek ýaly ugurlar bar. 

Bellenilişi ýaly, tagallalary netijeli birleşdirmek üçin uly mümkinçilikler milli we dünýä ähmiýetli giň gerimli düzüm taslamalarynyň amala aşyrylmagy bilen şertlendirilendir. Şolaryň hatarynda türkmen Lideriniň başyny başlan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň ägirt uly taslamasy bar. Bu halkara energiýa köprüsi Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini asuda ýagdaýda dikeltmek, köp sanly täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm meseleleri çözmek bilen baglylykda örän uly ähmiýete eýedir, bu, öz nobatynda, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder. 

Şunuň bilen birlikde, TOPH gaz geçirijisi öz niýetlenen maksadyndan başga-da, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, onuň okgunly ösmegine hyzmat etmäge gönükdirilendir. Aziýanyň Ösüş banky TOPH taslamasynda esasy hyzmatdaşlaryň biri bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. 

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy gurmagyň taslamasy boýunça gol çekilen ylalaşygyň ähmiýeti bellenildi. Bu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy hem çekiler. Ol üç ýurduň arasynda maglumat-kommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek bilen bir hatarda, Aziýa sebitiniň bu böleginde goşulyşmak işlerini güýçlendirmäge ýardam eder. Şeýle hem Akina — Mazari-Şarif demir ýoluny çekmek boýunça işler dowam edýär. 

Bu taslamalaryň hemmesi Türkmenistanyň we Aziýanyň Ösüş bankynyň hyzmatdaşlygy üçin oňat mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz AÖB-ne suwy süýjetmek üçin desgalary gurmagyň taslamasyna maýa goýmak mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. 

Myhman bu teklibi kanagatlanma duýgusy bilen kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň Merkezi Aziýada ynanyşmak ýagdaýyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy we okgunly goşulyşmak işlerini berkitmegiň täsirli şerti bolup çykyş edýändigini belledi. 

Aziýanyň Ösüş banky bu öňdengörüjilikli strategiýany doly goldamak we oňa ýokary baha bermek bilen, türkmen Lideriniň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň, şol sanda Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek we onuň sebitdäki dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy baradaky başlangyjynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny beýan edýär. 

Ulag ulgamynda maýa goýum hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, şunda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny gurmagyň giň gerimli taslamasynyň amala aşyrylmagy AÖB bilen hyzmatdaşlygyň anyk mysaly hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň barşynda halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini, hususan-da, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe we Ýewropa ugry boýunça geçelgäni döretmegiň mümkinçiligine seredildi. 

Şeýle hem Hazarda hyzmatdaşlygyň kuwwatynyň artandygy bellenildi, bu ugurda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilenden soň, geljekki bilelikdäki taslamalar üçin, şol sanda turba geçirijileri gurmak, gojaman Hazaryň serişdelerini işläp taýýarlamak boýunça taslamalar üçin mümkinçilikler açylýar. 

Türkmenistanyň we AÖB-niň arasyndaky gatnaşyklar Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygy Maksatnamasynyň (MASYH) çäklerinde hem amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek MASYH-nyň ministrler derejesindäki 17-nji maslahatynyň gün tertibi gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman döwlet Baştutanymyza maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, türkmen paýtagtynda maslahata gatnaşyjylaryň mähirli kabul edilendigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli sebit hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge, oňa has anyk we sazlaşykly häsiýeti bermäge gönükdirilen maslahatyň işine üstünlik arzuw etdi. 

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we AÖB-niň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine, onuň netijeleriniň hem-de däbe öwrülen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça täze teklipleriň bolsa halkara işewürlik gatnaşyklaryny höweslendirmäge, tutuş Aziýa sebitiniň abadançylygyna we gülläp ösmegine kybap gelýän geljegi uly ýokary tehnologiýaly taslamalaryň amala aşyrylmagy üçin täze maýalary çekmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Ýurdymyzda hasyl toýy

Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi, bu baýramçylyk däp bolşy ýaly, oba hojalyk ýylynyň, daýhanlaryň zähmetiniň netijelerini jemläp, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däpleri, jebisligi, zähmetsöýerligi, asyllylygy öz beýanyny tapdy. 



“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän ýyly oba zähmetkeşleri ýurdumyzyň bereketli saçagyny artdyran ýokary üstünliklere beslediler. Türkmen pagtaçylary öz üstlerine alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnadan gowragyny ýygnadylar. Gök we bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ýygnamak bilen tapawutlandylar. 



Bularyň hemmesi obasenagat toplumynda özgertmeleriň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan obany özgertmek boýunça maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň, oba hojalyk önümçiligini giňeltmegiň, gowaçanyň hem-de dänelik ekinleriň etraplaşdyrylan sortlaryny peýdalanmagyň, döwrebap oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna üpjün edilýär. 



Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ene topragymyzyň sahylygyny alamatlandyrýan sergiler we ýarmarkalar ýaýbaňlandyryldy. Däp bolşy ýaly, paýtagtymyz baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrülip, bu ýere ähli welaýatlardan öňdebaryjy hojalyklaryň wekilleri, ekerançylygyň ussatlary geldiler. 



Düýn Aşgabatda «Beýik Ýüpek ýoly: oba hojalyk önümleri we dünýä bazary» atly ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Ony Oba we suw hojalyk ministrligi hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti guradylar. 



Foruma ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, Agrar partiýanyň, hojalyk jemgyýetleriniň wekilleri we obasenagat ulgamynyň telekeçileri, oba hojalyk alymlary hem-de bilermenler, maşyngurluşyk kärhanalarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýa Federasiýasyndan, Şweýsariýadan, Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Niderlandlardan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Belarusdan, Moldowadan, Özbegistandan we Täjigistandan myhmanlar bar. Olar tehnikalary we enjamlary, ösümlikleri goraýan serişdeleri öndürmek we tohumçylyk, oba hojalyk önümlerini öndürmek babatda “John Deere International Gmbh”, “C.A. Cotton LLP”, “Syngenta”, “Zeppelin International AG”, “CLAAS”, “ITOCHU Corporation” ýaly halkara korporasiýalaryň, şeýle hem söwda firmalarynyň we maýa goýum kompaniýalarynyň hünärmenleridir. 



Maslahatyň dowamynda Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk instituty bilen teleköpri arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Göni wideoaragatnaşyk arkaly bu ýokary okuw mekdebiň alymlary, mugallymlary we talyplary foruma gatnaşdylar. Dabaraly çäre tamamlanandan soň, maslahat öz işini “Ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler we oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy esaslary”, “Ýurdumyzyň ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak”, “Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we dünýä bazary” ýaly ugurlar boýunça dowam etdi. 



Maslahatyň esasy meseleleriniň hatarynda dünýäniň we sebitiň pagtaçylyk we dokma senagatyny ösdürmek, halkara hil ölçegleri we nyrhlary emele getirmegiň gurallary ýaly meseleler boldy. Dünýä bazarynda türkmen pagtasyndan we ýüpeginden önümleri ilerletmek, Türkmenistanyň pagtaçylygyny we pagtany gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmegiň wezipeleri ýaly meselelere seredildi. 



Ekologiýa meselesi baradaky çykyşlar uly gyzyklanma döretdi. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak meselelerine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns berýändigi bellenildi. Tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, innowasion “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy diýlip bellenildi. 



Forumda “John Deere International Gmbh” (ABŞ), “Umax Trade Gmbh (CLAAS)” (Germaniýa), “Şelkowo Agrohim” (Russiýa), “Itochu Corporation” (Ýaponiýa) ýaly daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň möhümdigine bolan ynam, oba hojalyk önümleriniň dünýä bazarynda möhüm orun eýeleýän dünýäniň obasenagat döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň mümkinçilikleri barada aýdyldy. 



Şu gün “Mekan” köşgüniň mejlisler zalynda baýramçylygyň gahrymanlaryny — ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmäge mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki oba hojalyk hünärmenlerini sylaglamak dabarasy boldy. 



Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, paýtagtymyzyň hem-de welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary boldy. 



Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, gaýratly daýhanlarymyzyň çekýän tutanýerli zähmeti netijesinde bereketli türkmen topragyndan oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy has-da pugtalandyrylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça ýokary ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanasynda olaryň tutanýerli, halal zähmetinden bol hasyl eçilýän bereketli türkmen topragynyň, edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy halkymyzyň iň buýsançly baýramlarynyň biridir. 



Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri üçin ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryny döretdik. Pudakda geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga, oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmäge, şonuň bilen birlikde, türkmen topragyndan öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga, içerki we daşarky bazarlara niýetlenen dürli görnüşli önümleri öndürmäge hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 



Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan paýtagtymyza gelen oba hojalygynyň öňdebaryjy hünärmenlerini sylaglamak dabarasy boldy. 



Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň on aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde zähmetde tapawutlanyp, uly üstünlikleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakynda Permana gol çekdi. 



Ýygnananlar döwlet Baştutanymyza hemmetaraplaýyn aladasy hem-de obasenagat toplumynda geçirýän özgertmeleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şol özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň bu strategik pudagyny kämilleşdirmek, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň mynasyp durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. 



Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize Bereketli diýen ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi, onuň nesli taryhda yz galdyran meşhur bedewlerden gözbaş alýar. 



Edermen daýhanlaryň tutanýerli we joşgunly zähmetiniň hem-de türkmen topragynyň bereketliliginiň şanyna Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň gazananlarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ugurdaş edaralaryň wekilleriniň taýýarlan sergilerinde pagtaçylyk hem-de pagtany gaýtadan işleýän, däneçilik pudaklarynyň, maldarçylyk, azyk we dokma senagatynyň önümleri, tohumlaryň saýlama sortlary, döwrebap tehnikalar görkezildi. 



Emeli pagta meýdany sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekdi. Türkmenistan ýurdumyzyň ekerançylygynyň wajyp ekinini ösdürmegiň taryhy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak bilen bu gün dünýäde ýokary hilli pagtany öndürýän esasy döwletleriň biri bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä bazarynyň bu ulgamynda ýurdumyzyň ornuny berkitmek we ilerletmek üçin ähli tagallalary edýär. 



Ýurdumyzyň welaýatlary hem öz baýramçylyk sergilerini ýaýbaňlandyryp, “ak altynyň” täze hasyly bilen doldurylan horjunlary, şeýle hem bugdaýyň altynsow sünbüllerini, tamdyrda bişen mele-myssyk nanlary, süýji pişmeleri, beýleki milli tagamlary hödürlediler. 



Sergide köpdürli bakja, gök we miwe önümleri, ir-iýmişler gözüňi dokundyryp, olar häzir ýurdumyzyň söwda merkezlerinde we bazarlarynda satylýar. 



Bu ýerde bugdaýyň iň gowy sortlarynyň nusgalary bilen tanyşmak bolýar, olaryň her biri — türkmen seçgiçileriniň köpýyllyk zähmetiniň, önümçilik synaglarynyň miwesi bolup, olaryň netijeleri ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa şertlerinde iş ýüzünde tassyklanyldy. 



“Hasar”, “Degirmen”, “Tomus” ýaly owadan gaplara gaplanan çörek, aş we süýji önümlerini öz içine alan, bezelen diwarlyklar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ugur görkezmegi bilen däbe öwrülen hem-de döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak bilen ýokary hilli önümleri öndürmek babatda hususy telekeçiligiň gazanan üstünliklerini görkezdi. Halk bagşylarynyň, göreş we beýleki milli oýunlara gatnaşýan pälwanlaryň çykyşlary milli medeniýetiň, däp-dessurlaryň ruhuna beslenen baýramçylyk öwüşginini artdyrdy. 



Baýramçylyk lybasyna beslenen ak öýlerde myhmanlary halkymyza mahsus bolan mähir we hoşniýetlilik, milli tagamlar bilen garşyladylar, olary türkmen gelin-gyzlary taýýarladylar. Bugaryp duran palawyň, pişmäniň hoşboý ysy daş-töwerege bark urýar. Ähli baýramçylyk hereketleri ajaýyp milli toýuň duýgusyny döretdi. 



Ýurdumyzyň suratkeşleri, zergärleri edermen daýhanlarymyzyň şöhratly zähmetine, ata Watanymyza bagyşlan iň gowy işlerini görkezdiler. Bu ýere gelenler döredijilik ýoluna indi gadam basan suratkeşleriň işlerini uly gyzyklanma bilen synladylar. Olar öz işlerinde ene topragymyzyň sahylygyny, mähriban ülkämiziň gözelligini şöhlelendirmäge çalyşmak bilen öz zehinlerini açyp görkezdiler. 



Türkmenistan gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy bolup, bu gün bereketli topragymyza yhlasly garamagyň däpleri täze mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen obasenagat toplumynda geçirilýän giň gerimli özgertmeler öz ajaýyp miwelerini berýär. Daýhanlara deňi-taýy bolmadyk ýeňillikler berilýär, pudagy tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işleri okgunly dowam edýär, täze tehnologiýalar we ylmy işler işjeň ornaşdyrylýar, olar ata-babalarymyzyň ýerleri netijeli peýdalanmak baradaky köpasyrlyk tejribesi bilen bilelikde, oba hojalygyny batly depginler bilen ösdürmegiň mäkäm binýadyna öwrülýär. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn döwlet goldawynyň berilmegi, türkmen obasyny has-da ösdürmek üçin kuwwatly ykdysady binýadyň üpjün edilmegi pudakda öndürilýän önümleriň möçberiniň ýokarlanmagynyň girewi bolup durýar. 



Obasenagat toplumynyň hajatlary üçin döwrebap traktorlar, kombaýnlar, beýleki ýörite tehnikalar we enjamlar satyn alynýar. Şu gün oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen “John Deere International Gmbh” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. 



Bu kompaniýa ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup, özara bähbitli şertlerde pudagyň maşyn-traktor toplumyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşýar. Dünýä belli amerikan kompaniýasy eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazarynda işläp, hasyly ýygnamak boýunça netijeli çözgütleri — dünýäniň kombaýn gurluşygynyň döwrebap nusgalaryny hödürleýär. “John Deere” maşynlary biziň ekin meýdanlarymyzda özlerini gowy tarapdan görkezip, daýhanlar olaryň ygtybarlylygyna we netijeliligine mynasyp baha berdiler. 



Hyzmatdaşlyk ýyllarynda ýurdumyza bu kysymly oba hojalyk tehnikalarynyň müňlerçesi getirildi. Kompaniýanyň inžener-işläp düzüjileri onuň nusgalaryny kämilleşdirmegi dowam edip, olaryň häsiýetnamalaryny ýylsaýyn gowulandyrýarlar, türkmen daýhanlarynyň ýerli toprak-howa şertleri babatda isleglerine jogap berýärler. Bu bolsa mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlardan satyn alynýan oba hojalyk tehnikalaryna bildirýän esasy talaplarynyň biri bolup durýar. 



Oba hojalyk ekinleriniň suw üpjünçiligini we meliorasiýasyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak, täze tarp ýerleri özleşdirmek, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, tohumçylygy we maldarçylygy ösdürmek babatda anyk çäreler görülýär. Şeýlelikde, şu ýyl diňe Ahal welaýatynda 15 kilometrlik Hywaabat — Kaka suw akabasy, Tejen etrabynda döwrebap maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi, Kaka we Babadaýhan etraplarynda dokma toplumlarynyň ikisiniň gurluşygyna badalga berildi. Oba hojalyk pudagynyň şunuň ýaly desgalarynyň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurulýandygyny bellemek gerek. 



Obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň esasy wezipeleriniň hatarynda oba hojalygynyň düzümleýin gaýtadan guralmagyny üpjün etmek, onuň pudaklarynyň düşewüntliligini artdyrmak, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, dürli hojalyk subýektleri üçin bäsdeşlik gurşawyny döretmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny ösdürmek, innowasiýalary, täze ylmy-tehniki işleri, menejmentiň we marketingiň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, obalarda durmuş meselelerini çözmek işleri durýar. 



Şu ähli çäreleriň utgaşdyrylmagy netijesinde bu gün, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gymmatly oba hojalyk ekinleriniň, ilkinji nobatda, bugdaýyň we gowaçanyň bereketli hasyllaryny ösdürip ýetişdirýärler. Netijede, oba zähmetkeşleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini ýerine ýetirmek bilen ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň esaslaryny berkidýärler hem-de oba hojalygynyň ýokary hilli önümleriniň eksportyny artdyrmak üçin ähli şertleri döredýärler. 



Hasyl toýy mynasybetli uly baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda dabaraly duşuşyklar hem-de öňdebaryjy oba hojalyk zähmetkeşlerini sylaglamak dabaralary geçirildi, şeýle hem konsertler, sport ýaryşlary we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň ösüşi bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Türkmenistanyň baş usulyýet merkezi bolan Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.


Milli Liderimiz Döwlet medeniýet merkeziniň öňündäki meýdança gelip, onuň kitap sergiler merkeziniň ýerleşýän binasyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradow we B.Abdyýewa garşylady.


Mälim bolşy ýaly, halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýän kitap gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki zaman jemgyýetinde hem medeni we aň-paýhas ösüşiniň esasy guraly hasaplanylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli Liderimiziň medeniýeti ösdürmek meselelerine üns bermegi netijesinde häzirki zaman elektron enjamlary bilen üpjün edilen kitaphanalar hereket edýär. Munuň özi adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsiniň has-da artmagynda, ylma bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmekde ähmiýetlidir.


Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy milli Liderimizi birnäçe bölümden ybarat täze sergi bilen tanyşdyrdy. Onda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ýyllarda neşir edilen we ýurdumyzda bolşy ýaly, dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi bilen daşary ýurt okyjylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan kitaplary esasy orun eýeleýär.


Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 19-njy oktýabrynda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň esasy kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň bir binasyny Döwlet medeniýet merkeziniň kitaphanasynyň ygtyýaryna geçirmek barada tabşyryk berildi. Häzir bu binada Döwlet kitaphanasynyň birnäçe bölümleri, şeýle hem Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň “Galkynyş” kitap merkezine berilýän kitaplary saklamak hem-de kitap sergileri üçin niýetlenen desga ýerleşýär.


Kitaphananyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza medeni-aň bilim işlerini häzirki zamanyň derejesinde ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy we milli Liderimizi döwrebaplaşdyrylan binany görmäge hem-de sergi bölümleriniň işi bilen tanyşmaga çagyrdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň dürli ýyllarda döreden eserleri ýerleşdirilipdir.


Milli Liderimiz türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny belläp, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeländiklerini belledi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik kitaphanalarynyň 230-sy hereket edýär, olaryň kitap gaznasynda dürli neşir önümleriniň 11 milliona golaý bar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarymyzyň “Kitap okan manydan dok bolar” diýen sözüni mysal getirip, halkymyzyň bu baradaky pikir-garaýyşlarynyň düýplüdigini aýratyn nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz köpugurly medeni aň-bilim merkezleri bolan häzirki zaman kitaphanalarynda döredijilik duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary geçirmek üçin şertler bolmalydygyna ünsi çekdi.


Biz kitaplaryň üsti bilen, kitaphanalarda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üsti bilen halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan uly üstünliklerimizi dünýä ýaýmalydyrys, geljekki nesillerimize ýetirmelidiris diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz kitabyň çagalykdan edep-terbiýe bermekde ähmiýetiniň bardygyny belläp, hut şu nukdaýnazardan kitaphanalaryň jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi bolmalydygyny aýtdy.


Şol bölümleriň ýene-de biri “Kitap bilimleriň çeşmesidir” diýlip atlandyrylýar. Onda dürli ugra, şol sanda ylmy işlere we okuw gollanmalaryna degişli köpsanly neşirler görkezilýär.


“Saglygym — baş baýlygym” diýlip atlandyrylýan bölümde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy işleriniň ählisi we ilatyň saglygyny goramak, şypahana-dynç alyş işini, lukmançylyk ylmyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan kitaplar ýerleşdirilipdir.


Milli Liderimiz kitabyň jemgyýetiň durmuşyndaky eýeleýän orna ýokary baha berip, raýatlarymyzy bagtyýarlyk ruhunda terbiýelemekde, sadalyk, päklik, mähribanlyk, hoşniýetlilik, watançylyk duýgularyny oýarmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleriniň çäksizdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkymyzda şeýle asylly häsiýetleri terbiýeleýän pähim-paýhasly sözler jemlenen kitaplary wagtly-wagtynda çap edip durmagyň zerurdygyny aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde çaphanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrüň ýokary talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrylandygyny belläp, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynda okuw kitaplary bilen birlikde, çeper edebiýatlary yzygiderli neşir etmegiň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.


“Galkynyş” kitap merkeziniň döredilmegi, kitaphanalaryň täze syýasy, ylmy, çeper we okuw kitaplary, dürli neşir önümleri bilen yzygiderli üpjün edilmegi, kitap neşir etmek işiniň kämilleşdirilmegi, bu babatda ýurdumyzda her ýylda sergi-ýarmarkanyň we ylmy maslahatyň geçirilmegi uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz belledi.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap derejede dikeldýän, milli mirasymyza hemmetaraplaýyn aýawly garaýan, onuň sarpasyny belent tutýan döwrümizde ata-babalarymyzyň kitabyň üsti bilen nesilleri terbiýelemek ýörelgelerine aýratyn hormat bilen garamalydygymyza ünsi çekip, bu ugurda ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan medeni — aň-bilim işlerini talabalaýyk derejede ýola goýmagyň möhümdigini aýdyp, wise-premýer P.Agamyradowa degişli tabşyryklary berdi.


... Döwlet kitaphanasynyň sergi zalynyň “Medeni miras” bölüminde bolsa ugurdaş edebiýatlar bilen bir hatarda, bäş eýýamyň ruhunyň türkmen taryhynyň dürli döwürlerini açyp görkezýän bezegli serişdeler bar. Ol gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli bolan pursatlary öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz bu bölüm bilen tanyşlygyň barşynda ata-babalarymyzyň geçmişde ýaş nesli gadymy golýazmalarda beýan edilen ýokary taglymlar hem-de ruhy gymmatlyklar esasynda terbiýeläpdirler. Bu ýerde dünýä medeni mirasynyň hazynasyny baýlaşdyran kitaplar, şol sanda “Görogly” şadessany we beýleki dessanlarymyz, Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň neşir edilen kitaplary goýlupdyr, bu eserler köp asyrlaryň dowamynda halkymyzy ruhlandyrypdyr, ýaş nesli watançylyk ruhunda edermen we päk ýürekli adamlar hökmünde terbiýeläpdir. Döwlet Baştutanymyz meşhur ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” atly hekaýasy arkaly halkymyzyň kitaba näderejede çäksiz hormat-sarpa goýandygyny belledi. Kitap sergiler merkezi bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edebi sergileri guramakda birnäçe pursatlary gaýtadan işlemek, olara has aýdyňlyk we aýanlyk bermek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Bu ýer ýaşlar, talyplar üçin söýgüli künjege öwrülmelidir. Olar bu ýerde özleri, okuwlary we dünýägaraýyşlaryny giňeltmek üçin zerur mümkinçiliklere eýe bolmalydyrlar.


Şol bir wagtyň özünde binada dürli derejedäki duşuşyklary, şol sanda alymlar, ýazyjylar bilen duşuşyklary geçirmek, döredijilik agşamlaryny, bäsleşikleriň guramak üçin möhüm şertler döredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de häzirki türkmen jemgyýetinde, ýaş nesilleriň ruhy taýdan terbiýelenmeginde we döwrebap dünýägaraýyşlaryň kemala gelmeginde kitabyň möhüm orny eýeleýändigini nygtady.


Soňra milli Liderimiz Döwlet kitaphananyň baş binasyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde “Türkmenşynaslyk” we sorag-jogap bölüminde döredilen elektron hasap alyş ulgamynyň işi bilen tanyşdy.


Bu ýerde hormatly Prezidentimize okyjylary hasaba almak, okyjy dolanyşygyny işläp taýýarlamak, zerur maglumatlary elektron ulgamda gözlemek we welaýat, etrap, şäher kitaphanalarynyň bir bitewi ulgama birikdirilen elektron kitaplaryny okamak üçin niýetlenen döwrebap enjamlar görkezildi.


Hyzmat etmegiň kompýuterleşdirilen ulgamy hem-de hasaba alyş, neşirleri saklamak we olara gözegçilik etmek üçin niýetlenen enjamlar okyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga, zerur kitaplary tiz wagtda tapmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ol degişli kitaplar bilen tanşylmagyny, gymmatly we seýrek duş gelýän neşirleriň degişli derejede saklanylmagyny üpjün edýär. Milli Liderimiz kitaphanalaryň hemmesini birleşdirýän, isleg bildirýän kitabyňy çalt tapmak usulynda işleýän ulgamyň işi bilen tanyşdy. Munuň üçin kitabyň ady, awtory, dili görkezilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okyjynyň wagtyny tygşytlamaga ýardam edýän bu usuly giňden özleşdirmek barada degişli tabşyryklary berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda senagatlaşdyrmak, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak boýunça strategiýa durmuşa geçirilýär. Bize dürli dillerde çap edilýän birnäçe ylmy-tehniki neşirler zerur bolup durýar. Olar okyjylar köpçüligi, aýratyn-da, ylmy işgärler, hünärmenler we talyplar üçin elýeterli bolmalydyr. Kitaphanalarda häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk elektron we internet hyzmatlary ýola goýulmalydyr diýip, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna degişli tabşyryklary berdi.


Hormatly Prezidentimiz kitaphana işini kämilleşdirmek, döwlet durmuşynyň beýleki ugurlary bilen utgaşdyrmak hem-de döwrebap guramak barada döwletimiziň geljekde-de hemme çäreleri görjekdigini aýtdy. Milli Liderimiz kitaphana işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, welaýat kitaphanalaryna usulyýet kömekleri bermek barada tabşyryklary berip, halkymyzyň kitaba hormat goýmak däbiniň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýandygyny ýene bir aýratyn nygtady.


Ýurdumyzda ylym, bilim, medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikler kitaphana işine oňyn täsirini ýetirýär we olaryň işiniň yzygiderli ösdürilmegini şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Özünde ägirt uly ruhy baýlygy hem-de gymmatlyklary jemleýän kitaphanalar medeniýet we bilim merkezleri bolmak bilen, jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orun eýeleýär.


Soňra milli Liderimiz Döwlet medeniýet merkezine degişli üç binanyň kitaphana berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Munuň özi baş milli kitaphana merkezi bolar we bu ýerde ylmy, usulyýet hem-de medeni-aň-bilim işlerini alyp barmak, degişli derejede duşuşyklary geçirmek üçin oňyn şertleri üpjün eder. Mukamlar köşgüniň binasy bolsa, häzirki döwürde gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanynda ýerleşdirilse maksada laýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.


Ol baş konsert meýdançasynyň derejesine laýyk gelip, giň tomaşaçy we saz zalyna, ses ýazgylar studiýasyna hem-de aýdym-saz boýunça taýýarlyk geçirmäge niýetlenen zala eýe bolar. Bu ýerde saz we tans toparlarynyň taýýarlyk işlerini, dürli derejedäki çäreleri geçirmek üçin köpugurly meýdançalar döredilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şolaryň hemmesi iň täze tehnikalar hem-de kämil enjamlar, teatr, konsert maksatnamalary üçin niýetlenen serişdeler, ses we yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilmelidir.


Köşgüň binagärlik keşbinde türkmen halkynyň saz medeniýetiniň özboluşlylygy görünmelidir. Şol bir wagtyň özünde binanyň gurluşygynda häzirki zaman tejribeleri ulanylmalydyr. Iň esasy bolsa bu ýerde zehinleri ýüze çykarmak, döredijilik işlerini ruhlandyrmak, ýerine ýetirijileriň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek, täze saz eserlerini döretmek üçin döwrebap mümkinçilikler döredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.


Milli Liderimiz häzirki döwürde ähli ulgamda gazanylýan ösüşleriň, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň we sanly ykdysadyýete geçmegiň möhüm binýadynyň ylym bilen pugta baglanyşyklydygyny belläp, bu ugurda mundan beýläk-de yzygiderli hem-de netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyl geçirilen Halk Maslahatynda birinji mejlisinde kabul edilen çözgütler esasan ýurdumyzyň obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga we pudagy ylmy esasda ösdürmäge gönükdirilendir.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ýyl ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileriniň agrotehniki kadalary berk berjaý etmegi netijesinde pagtanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini hem-de häzirki wagtda olary ýygnamak işleriniň üstünlikli dowam edýändigini aýtdy. Şunlukda, Ahal welaýatynyň kärendeçileriniň arzyly sepgidi eýeländigi baradaky hoş habar oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň aýdyň netijesidir.Ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk pudagyny ösdürmek işleriniň ylmy esasda ýola goýulmagy, dünýäniň oňyn tejribeleriniň özleşdirilmegi özüniň oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň gazanan üstünlikleri munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz belledi.Häzirki döwürde medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýär we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, halklaryň arasynda özara düşünişmek ýagdaýynyň kemala gelmegini hem-de Türkmenistanyň dünýäniň medeni giňişligine utgaşmagyny şertlendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi we bu ulgamyň hem-de şol sanda kitaphana işini ösdürmegiň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi.Bu ýere ýygnananlara şu günki duşuşykda aýan edilen möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden ugrady.

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty: täze rekordlar we ýeňişler

Türkmen paýtagtynda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda üç agram derejesinde ýeňijiler kesgitlenildi.


Eminler toparynyň çözgüdi esasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa onuň hakykatdan-da mynasyp bolan iki kümüş medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy hem-de itekläp götermekde 104 kilogram we jemi 179 kilogram netijesi üçin ýaşlaryň arasynda goýan iki rekordy hasaba alyndy. Halkara Agyr atletika federasiýasynyň jogapkär wekilleri tarapyndan ýüze çykan ýagdaýyň içgin öwrenilmegi netijesinde haçan-da biziň türgenimiz rekord agramy üstünlikli göteren mahalynda eminleriň tehniki ýalňyş goýberendikleri ykrar edildi. Soňra bolan sylaglamak dabarasynda Ýulduza mynasyp bolan kümüş medallary gowşuryldy.


Zenanlaryň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistana Kristina Şermetowa wekilçilik etdi. Biziň türgenimiz iň ýokary netijeleri görkezmäge jan çekdi. Ýöne agram derejelerinde bolup geçen üýtgemeler sebäpli ol has uly agramy galdyrmaga synanyşmaly boldy, bu ýaryşlara dünýäniň iň güýçli türgenleriniň ýygnanandygyny hem bellemek gerek. K.Şermetowa itekläp götermekde öňdelige has golaýlaşdy, emma oňa üçünji synanyşykda 120 kilogram agramy götermek başartmady.


Bäsdeşleriň güýjüni dünýä rekordlarynyň bollugy hem görkezýär. Hususan-da, birden götermekde Sukanýa Srisurat (Tailand) we Ýajun Li (Hytaý) bäş gezek nobatma-nobat dünýä rekordlaryny goýdular. Netijede altyn medal we indi 105 kilogramdan ybarat bolan dünýä rekordy Tailanddan gelen türgen zenana degişli boldy. Onuň yzy bilen bäsdeşligi Hytaýdan gelen iki türgen zenan tamamlady, Ýajun Li ikinji, Wankiong Jang bolsa üçünji orna düşdi.


Tailandly zenana itekläp götermekde hem taý tapylmady. Ýene-de üç synanyşygyň her biri täze dünýä rekordyna öwrüldi. Ol 127 kilogram boldy. Görnüşleriň jemi boýunça hem dünýä rekordy öňküligine saklanmady. Aşgabatda geçirilýän dünýä birinjiliginde öňki görkeziji 11 kilogram artdyryldy hem-de häzir ol 232 kilograma deňdir. Bu gezek 124 kilogram netije görkezen Wankiong Jang ikinji orny eýeledi, jemi görkeziji boýunça bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Itekläp götermekde Rumyniýadan gelen Kristina Ýowu bürünç medala mynasyp boldy.Ýajun Li bolsa bu ugurda dördünji orny, emma iki ugruň jemi boýunça ikinji orny eýeledi.


Zenanlaryň arasynda 49 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşikler çekeleşikli boldy. Baýrakly orunlary almak üçin bäsdeşleriň goýan dünýä rekordlaryny täzelemek gerekdi. Birden götermek boýunça ýigrimi ýaşly hytaýly türgen gyz Huihua Jiang eýýäm birinji synanyşykda 87 kilogram agram göterip, ýetginjekleriň dünýä rekordyny goýdy. Soňky iki synanyşykda ol ulularyň rekordyny goýmalydy. Şunda türgen görkezijisini ilki 90 kilograma, soňra bolsa 92 kilograma çenli ýetirdi. Beýleki türgen gyzlara ondan ozmak üçin rekord netijäni täzelemek gerekdi. Bu olara başartdy. Tailanddan Sopita Tanasan 93 kilogramy göterip, itekläp götermekde goşmaça görkezijiler boýunça birinji orny eýeledi. Zihui Hou (Hytaý) şeýle görkeziji bilen ikinji orny eýeledi.


Itekläp götermekde hem şeýle ýagdaý gaýtalandy. Hytaýly türgenler bilen bäsleşige tailandly Gautra Pramongkhol goşulyşdy. Ol eýýäm ilkinji synanyşykda 115 kilogramy göterip, bu ugur boýunça dünýä rekordyny goýdy, soňky synanyşygynda bolsa öňküsinden bäş kilogram artyk göterip, öz rekordyny täzeledi. Bu bolsa oňa iki görnüşiň jemi boýunça dünýä rekordyny 209 kilograma çenli ýetirip, ony täzelemäge mümkinçilik berdi hem-de şondan birnäçe minut ozal hytaýly Zihui Hounyň goýan rekordyny 1 kilogram artdyrdy. Z.Hou bu ugur boýunça we jemi görkeziji boýunça hem ikinji orny eýeledi. Huihua Jiang itekläp götermekde alan bürünç medalynyň üstüne ýene-de iki bürünç medaly goşdy. Bu türgeniň görkezen üç netijesi hem indi ýetginjekleriň dünýä rekordydyr.


Aşgabat dünýä çempionatynyň ähli derejelerde goýlan rekordlarynyň köplüginiň sport synçylaryny haýran galdyrýandygyny aýtmalydyrys, munuň özi bilermenleriň belleýişleri ýaly, dünýä ýaryşynyň ýokary derejede guralandygyna hem-de Merkezi Aziýada iň iri Olimpiýa şäherçesinde türgenleriň öz ukyp-başarnyklaryny açmak üçin iň ýokary şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär.


61 kilograma çenli agram derejede birden götermekde Belarus Respublikasyndan Henadz Lapseu 132 kilogram agramy göterip, ýaşlaryň dünýä rekordyny goýdy, şonuň yzýany özbek türgeni Adkamjon Ergaşew bu rekordy 1 kilogram ýokary galdyrdy. Soňky synanyşykda Özbegistandan gelen agyr atletikaçy rekord derejesini 136 kilograma çenli artdyrdy. Emma dünýäniň bu ýaşlar rekordy oňa diňe dördünji orny almaga mümkinçilik berdi, medallary bolsa has tejribeli türgenler eýelediler. Indoneziýaly türgen Eko Ýuli Irawan 143 kilogramy göterip, bu görnüşde iň gowy netije görkezdi, ol dünýä rekordyndan diňe bir kilogram az boldy. Hytaýyň agyr atletikaçylary Fabin Li we Fulin Kuin ikinji we üçünji orunlary eýelediler.


Itekläp götermekde Indoneziýadan gelen türgen altyn medala eýe boldy, iki görnüşiň jemi boýunça öňdeligi eýeledi. Ol itekläp götermekde 174 kilogram hem-de jemi 317 kilogram agramlygy göterip, dünýä rekordlaryny täzeledi.


Itekläp götermekde ikinji orna hem-de jemi agramda üçünji orna 169 kilogram görkeziji bilen Fulin Kuin mynasyp boldy. Fransisko Antonio Walensiýa (Kolumbiýa) hem şeýle agramy göterdi, emma goşmaça görkeziji boýunça asgyn gelip, bürünç medaly eýeledi. Fabin Li itekläp götermekde dördünji orny, jemi görkeziji boýunça bolsa ikinji orny eýeledi.


***


Aşgabat, 4-nji noýabr (TDH). Şu gün öňdäki gün ýaly medallaryň üç toplumynyň eýeleri kesgitlenildi.


Ilki bolup meýdança 67 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän erkekler çykdy. Çempion ady ugrunda Hytaýdan gelen iki türgeniň arasynda esasy bäsleşikler boldy. Olaryň ikisi hem ilkinji iki synanyşykda şowly çykyş etdiler, ýöne Minhao Huang 152 kilogram netije bilen öňe saýlandy, rekord goýmak üçin sargyt edilen üçünji synanyşyk onuň üçin şowly bolmady.


Lýujin Çen ildeşinden iki kilogram yzda barýardy, ýöne ol hem üçünji synanyşygy ýerine ýetirip bilmedi we netijede ikinji orun bilen oňmaly boldy. Julio Ruben Maýor (Wenesuela) 147 kilogram netije bilen bürünç medaly eýeledi.


Itekläp götermekde Lýujin Çen iň gowy netije görkezdi. Ilkinji synanyşykda ol 178 kilogram agramlygy göterdi. Emma özbek türgeni Doston Ýakubow ikinji synanyşykda 180 kilogram agramy göterip ondan öňe geçdi. Hytaýly türgen onuň çagyryşyna 182 kilogram agram bilen jogap berdi. Netijede D.Ýakubow kümüş medala mynasyp boldy. Bu görnüşde Lýujin Çen eýýäm çempion adyny almak bilen, dünýä rekordyny goýmak üçin 185 kilogram agramlygy sargyt etdi, emma ol oňa başartmady. Oskar Albeýro Figuerýe (Kolumbiýa) itekläp götermekde bürünç medaly eýeledi.


Şeýle-de bolsa Lýujin Çen iki görnüşiň jemi boýunça 322 kilogram netije bilen dünýä rekordyny goýmagy başardy, onuň ildeşi Minhao Huang kümüş medaly, Julio Ruben Maýor bolsa bürünç medaly eýelediler.


Zenanlaryň arasynda 59 kilograma çenli agram derejesinde gyzykly ýagdaý emele geldi. Güýçli A toparyndaky bäsleşige B toparynyň ýeňijisi Ti Duen Hoang (Wýetnam) goşuldy, ol birden götermekde 103 kilogram agramy galdyrdy. A toparynyň türgenleriniň wezipesi bu görkezijiden ýokary geçmekdi. Bu diňe Hsing-Çun Kuo (Hytaý Taýbeýi) başartdy, şol bir wagtda ol birden götermekde dünýä rekordyny hem goýdy. Ol 105 kilogram agramlygy göterdi. Latwiýadan 20 ýaşly agyr atletikaçy Rebeka Koh 103 kilogramy göterip, goşmaça görkezijiler boýunça wýetnamly türgenden ejiz geldi, ol ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny goýdy.


Itekläp götermekde Hsing-Çun Kuo ikinji synanyşykda rekord goýmak üçin 132 kilogram agramlygy götermäge synanyşygy şowly bolmady. Hytaý Taýbeýinden gelen türgen üçünji synanyşykda rekordy goýan hem bolsa, altyn medalyň ykbalyny bäsdeşlerine galdyrdy, mundan HHR-den gelen Guiming Çen ýerlikli peýdalanyp, 133 kilogram netije bilen ýaňyja goýlan dünýä rekordyny hem täzeledi. Üçünji orny Ýaponiýadan 131 kilogram netije bilen Mikiko Andon eýeledi. Itekläp götermekde latwiýaly türgen baýrakly orna düşmegi başarmasa-da, 124 kilogram netije bilen ýaşlar dünýä rekordyny goýdy, jemi görkeziji boýunça 227 kilogram netije bilen ýene ýaşlar rekordyny goýup, üçünji orny eýeledi. Hsing-Çun Kuo jemi 237 kilogram görkeziji bilen dünýä rekordyny goýdy hem-de dünýäniň çempiony diýen ada mynasyp boldy, Guiming Çen ikinji orny eýeledi.


73 kilogram agram derejesinde erkekler medallar ugrunda bäsleşdiler. Bu agram derejede 18 ýaşly türkmenistanly türgen Maksat Meredow çykyş etdi. “B” toparda ol iň ýaş türgen boldy. Ýaşlygyna garamazdan Maksat tejribeli türgenlerden kem galmazlyga çalyşdy. Ilkinji iki synanyşygy şowly tamamlasa-da, munuň özi tejribeli türgenler bilen bäsleşmek üçin ýeterlik däldi. Şol bada hytaýly türgen Zong Şi öňe saýlandy. Birden götermekde ol iň ýakyn bäsdeşinden 8 kilogram öňe saýlanyp, şol bir wagtda iki gezek dünýä rekordyny täzeledi. Indi dünýä rekordy birden götermekde 164 kilograma deňdir. Wadzim Liharad (Belarus Respublikasy) kümüş medaly eýeledi. Hytaýly agyr atletikaçy Lýudong Feng üç synanyşygynyň ikisi şowsuz bolsa-da üçünji orny eýelemegi başardy.


Agyr atletikaçylaryň A toparynda itekläp götermekde B toparynda çykyş edýän Won Jon Sig bu görnüşde 194 kilogram netije bilen dünýä rekordyny goýdy. Muňa Zong Şi jogap bermegi başardy, ol dünýä rekordyny iki kilogram artdyrdy. Bu netije oňa özüniň dünýä rekordyny ýokarlandyrmaga hem-de görnüşleriň jemi boýunça 16 kilogram artdyryp, 360 kilogram netije bilen altyn medallaryň üçüsini hem eýelemäge mümkinçilik berdi. Won Jon Sig iki kümüş medala (itekläp götermekde we jemi boýunça) mynasyp boldy. Gazagystandan Nejad Rahymow itekläp götermekde bürünç medala, jemi görkeziji boýunça Wadzim Liharad hem kümüş medala eýe boldy.


Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionaty badalga alanyndan soň ilkinji günlerinde ajaýyp ýeňişlere, esasy zat bolsa rekordlara baý bolan ýaryşlar hökmünde agyr atletikanyň taryhyna girdi.


Ýaryşlaryň dört gününiň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary üç medal — iki kümüş we bir bürünç medal gazandy.



Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Prezident maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna, şeýle hem halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň käbir ileri tutulýan meselelerine garaldy. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, milli parlamentiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa söz berdi. Mejlisiň Başlygy milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

Täze kanunlaryň taslamalarynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda hem-de döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütleri bilen baglylykda, deputatlaryň öňünde goýan wezipelerini nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylýandygy nygtaldy. Kabul edilýän kanunlary halkara kadalara we ülňülere kybap getirmek ýaly meselelere aýratyn üns berilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi. 

Kabul edilýän kanunlaryň ählisi döwlet ösüşiniň oňyn özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, demokratik esaslaryny berkitmäge gönükdirilmelidir. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz deputatlaryň Halk Maslahatynyň çözgütleriniň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça ýerlerde yzygiderli iş alyp barmalydyklaryny, öz okruglarynda durmuş-ykdysady meseleleri çözmek boýunça ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen bilelikde netijeli işlemelidiklerini nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hazar deňzi bilen baglanyşykly wezipeleri toplumlaýyn çözmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň şu ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen V sammitiniň barşynda kabul edilen resminamalaryň wajypdygy nygtaldy. Kenarýaka ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça hukuk binýadyny döredýän bu resminamalaryň hatarynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa aýratyn ähmiýet berilýär. 

Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda VI Hazar sammitini, 2019-njy ýylda bolsa I Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyçlary öz beýanyny tapdy. Bu başlangyçlar sebitiň döwlet Baştutanlarynyň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. 

Milli Liderimiziň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen hökümet derejesinde degişli guramaçylyk komitetini döretmek hakyndaky teklipler işlenip taýýarlanyldy. Onuň esasy wezipesi Türkmenistanda ýokarda agzalyp geçilen halkara çäreleri geçirmäge taýýarlyk görmekden hem-de ähli meseleleri öz wagtynda çözmekden, şol sanda sammitiň gün tertibini, gol çekilmegi göz öňünde tutulýan resminamalaryň taslamalaryny hem-de I Hazar ykdysady forumynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. 

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň binýadynda Hazar deňziniň institutyny döretmek baradaky teklibi hödürledi. Bu edara hakyndaky Düzgünnamanyň, edaranyň gurluşynyň hem-de wezipe sanawynyň taslamalary taýýarlanyldy. Institutyň işiniň çäklerinde Hazarda dürli ugurlarda amala aşyrylýan işleriň hem-de ylmy barlaglaryň seljermesini geçirmek, degişli halkara we milli resminamalary taýýarlamak, okuw maslahatlaryny guramak we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar. 

Milli Liderimiz Hazar sebiti bilen baglanyşykly meseleleriň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şol strategiýa bolsa oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyz köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek, Hazaryň ägirt uly ykdysady, ulag we energetika kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli ädimleri ädip, gojaman Hazaryň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi derejesini has-da pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýär. 

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Hazarda özara gatnaşyklar boýunça möhüm resminamalar işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Şol resminamalar däp bolan bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösmegine hem-de anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam etmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Hazar sebitiniň ähmiýetiniň onuň çäginden has daşary çykýandygyny, geosyýasy we geoykdysady ösüşde esasy merkezleriň birine öwrülýändigini, bu ýerde dünýä derejesindäki multimodal ulag-üstaşyr ulgamynyň kemala gelýändigini belledi. 

Munuň özi ýakyn we uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Hazarýaka ýurtlarynyň tagallalarynyň mundan beýläk-de birleşdirmegini hem-de abraýly halkara guramalar we gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň Hazarda hyzmatdaşlyk etmek baradaky döredijilikli başlangyçlaryny ilerletmäge we durmuşa geçirmäge, öňümizdäki halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge degişli anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de rejelemek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. 

Şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde arheologik barlaglar geçirildi hem-de olaryň netijeleri seljerildi. Bu iş Ylymlar akademiýasynyň hem-de Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlary we hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli taryhy-medeni mirasymyzy, şol sanda ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän, halkymyzyň buýsanjy bolup durýan we umumadamzat ähmiýetine eýe bolan binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak, öwrenmek we bütin dünýäde giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işleri mundan beýläk-de geçirmegiň möhümdigini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň gadymy taryhynyň we medeniýetiniň şaýatlary bolan gymmatly ýadygärlikleri dikeltmek boýunça işlere dünýä tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de täzelikleri çekmek babatda anyk görkezmeler berildi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow 13 — 14-nji noýabrda geçiriljek «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergä hem-de ylmy maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Forumda degişli ulgamlarda gazanylan üstünlikler, milli hem-de dünýä tejribeleri bilen tanyşdyrylar. 

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň hem-de bagtyýarlygyň ýurduna öwrülen ata Watanymyzda bilim we sport ulgamlaryny ösdürmäge uly üns berilýär, bu ugurlarda giň gerimli işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda halkara ölçeglerine kybap gelýän bilim edaralary we sport toplumlary gurulýar. Okuw işine ylmyň soňky gazananlary, täze tehnologiýalary, kompýuter hem-de barlaghana enjamlary ornaşdyrylýar, döwrebap okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlanýar hem-de neşir edilýär. 

Türkmen türgenleri sebit we dünýä derejesinde geçirilýän abraýly ýaryşlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler. Aşgabat şäheri iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi diýip, milli Liderimiz belledi. 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, şeýle hem şu günler dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty şonuň aýdyň mysallary bolup durýar. 

Ýurdumyzda guralýan halkara çäreler oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda uly ähmiýete eýedir. Geçirilýän forumlar oňyn tejribe alyşmak, bu ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli çäre bolup hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere serginiň we maslahatyň degişli derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň ähmiýetli ornuny belledi hem-de nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, olary gaýtadan işlemegiň hem-de daşary ýurtlara ugratmagyň, ýurdumyzyň içinde we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli nebit hem-de gazhimiýa önümlerini öndürmegiň we olaryň görnüşlerini artdyrmagyň möhümdigini aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere anyk görkezmeleri berip, ýangyç-energetika toplumynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyny we tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyny, pudaga goşmaça maýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegini we dünýä tejribesiniň özleşdirilmegini ileri tutulýan ugurlar hökmünde aýratyn belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berip, ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişiniň tamamlanandygy barada hoş habary aýtdy. 2019-njy ýylyň hasyly üçin 760 müň gektarda güýzlük bugdaý ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirildi. Şu günler däne ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen meýdanlarda gyradeň gögeriş almak üçin zerur agrotehniki çäreler geçirilýär we ilkinji ösüş suwy tutulýar. 

Welaýatlarda pagta ýygymy dowam edýär. Möwsümiň depginini güýçlendirmek, ýygnalan çig mal hasylyny kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşamak hem-de olaryň pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilmegi üçin degişli çäreler görülýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň girdejililigini has-da artdyrmaga, düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, dürli önümleriň öndürilişiniň mukdaryny köpeltmäge gönükdirilen oba hojalyk özgertmeleriniň şu günüň möhüm wezipesidigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsüminiň öz wagtynda tamamlanmagy baradaky meselelere pudagyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Daýhanlaryň ýadawsyz zähmeti bilen ýetişdirilen ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň möhüm önümi bolan pagta hasylynyň doly möçberde ýygnalyp alynmagy zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, senagat toplumynyň edara-kärhanalaryny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, ýerli çig maly netijeli peýdalanmak boýunça strategiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap önümçilikler gurulýar we ulanmaga berilýär. Degişli maksatnamalara laýyklykda, geljekde beýleki senagat desgalaryny gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bularyň hemmesi ýokary derejeli hünärli işgärleri taýýarlamak meselesiniň möhümdigini şertlendirýär. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Türkmenabat şäherinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagynda, tehniki orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda Türkmenistanyň Himiýa-tehnologiýa institutyny açmak barada teklip hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze ýokary okuw mekdebini döretmek bilen bagly meseleleri düýpli işlemegiň möhümdigini aýtdy. Bu gazylyp alynýan peýdaly magdanlara baý bolan sebitiň senagat pudagynyň sazlaşykly ösmegini nazara alanyňda, maksadalaýyk bolup durýar. Häzir senagatlaşdyrmak ýoluna düşen ýurdumyzda nebit hem-de gazhimiýa ýaly pudaklaryň önümçilik düzümini giňeltmek, Diýarymyzyň eýe bolan serişde we ykdysady kuwwatyny doly peýdalanmak, gaýtadan işleýän pudagy ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. 

Täze institutda gerek bolan hünärler boýunça ýokary derejeli işgärleri, giň gözýetimli hem-de innowasion tehnologiýalardan, nou-haulardan baş çykarýan öz işiniň hakyky ussatlaryny taýýarlamak üçin zerur ähli zatlar göz öňünde tutulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere we beýleki degişli ýolbaşçylara ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ulgamy has-da kämilleşdirmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. 

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Aşgabady ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, bar bolan inženerçilik-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek we şäheri bagy-bossanlyga büremek boýunça işler yzygiderli dowam edýär. 

Öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda, şäher düzümini dolandyrmagyň we ony döwrebaplaşdyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ilkinji nobatdaky çäreler kesgitlenildi. Ýol-ulag hereketiniň howpsuzlygyny, gurluşyk we energetika düzümleriniň, jemagat hojalyklarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmäge ýardam berýän awtomobil ýollarynyň we köprüleriniň gurluşygyna uly üns berilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň geljekde hem, ýurdumyzyň beýleki şäherleri hem-de ilatly ýerleri üçin bolşy ýaly, paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak we düzümini giňeltmek üçin uly möçberde serişdeleri gönükdirjekdigini, türkmenistanlylara amatly durmuş şertlerini döretmek üçin zerur çäreleri görjekdigini belledi. 

Milli Liderimiz Aşgabady has-da ösdürmek meselesine ünsi çekip, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Paýtagtymyzyň öz belent derejesine laýyklykda ähli ugurlarda nusgalyk bolup, ata Watanymyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri amala aşyrmakda görelde bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagyny we ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Şeýle hem köptaraply daşary ykdysady aragatnaşygy has-da ösdürmek, haryt dolanyşygyny we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyza Söwda-senagat edarasy hem-de ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde taýýarlanan 2019-njy ýylda geçirilmegi teklip edilýän sergileriň, ýarmarkalaryň we maslahatlaryň sanawynyň taslamasy hödürlenildi. Geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň hatarynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli ugurly gözden geçirişler hem-de işewür maslahatlary, Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bar. Şeýle hem “Türkmen sährasy — 2019” atly awtosergini guramak bellenilýär. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň hem-de telekeçilik ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hakyky gurallarynyň biriniň gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan ybaratdygyny belledi. Şu işde bu ulgamda işleri anyk utgaşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmekde Türkmenistanyň eksport kuwwatyny üstünlikli peýdalanmaga mümkinçilik berýän işewür maslahatlarynyň geçirilmegine ähmiýetli orun berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de wise-premýere degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde bu meseläni has giňişleýin öwrenmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň wekiliýetiniň 30-njy oktýabrda Azerbaýjan Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk boldy, şonuň barşynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyny döretmek hakynda teklip beýan edildi. 

Duşuşygyň dowamynda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lazurit) halkara ulag geçelgesiniň möhüm ähmiýeti bellenildi. 

Şeýle hem ikitaraplaýyn iş duşuşyklary geçirilip, şolaryň çäklerinde iki ýurduň ulag ulgamlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine we geljegine baha berildi hem-de üstaşyr ýükleri daşamak we logistika ulgamyny döretmek boýunça bilelikdäki hereketler barada teklipler aýdyldy. Nyrhlary kesgitlemek hem-de resminamalary düzmek, gümrük düzgün-kadalaryny amatlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmünde onuň derejesini şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ýurdumyz bu ugurda eýe bolan ägirt uly kuwwatyny netijeli amala aşyrmaga çalşyp, ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, bar bolan ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Türkmenistan işjeň hyzmatdaş hem-de Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) maksatnamasyna gatnaşyjy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Çünki Merkezi Aziýadan ugur alýan günbatar ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň maksatlaryny amala aşyrmak babatda uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Lazurit halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmegiň ähmiýetini aýratyn belledi. Bu ýol ýurdumyzyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäklerinden geçip, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere ulag ulgamynda özara gatnaşyklar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, degişli meseleleri düýpli işlemek we öz wagtynda çözmek boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyny döretmek maksady bilen degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk hem-de işlerinde uly üstünlikleri, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda halkymyza gülläp ösüş arzuw etdi.



Türkmenistanyň pälwanlary dünýä çempionatynda 14 medal gazandylar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   28.10.2018  / 


     Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda nusgawy hem-de erkin görnüşlerde guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň ýygyndy topary üçin üstünlige beslendi. Ýaryşlara 38 ýurtdan 200-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmen türgenleri 14 medala — dört altyn, alty kümüş we dört bürünç medala mynasyp boldular. 

100 kilogramdan ýokary agram derejesinde ildeşlerimiz Arslan Ybraýymgulyýew we 75 kilograma çenli agram derejesinde Pälwan Gurbangeldiýew erkekleriň arasynda çempion boldular. Türgenleriň ikisi hem Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplarydyr. 

Ýygyndy toparymyzyň ýene iki agzasy zenanlaryň arasynda altyn medallara eýe boldular. Şunda Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Zuhra Madraimowa (58 kg.) hem-de Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Laçyn Badaglyýewa (52 kg.) tapawutlandylar. 

Seýdi Batyrow (100 kilograma çenli), Gylyç Jumaýew (90 kilograma çenli), Isgender Aşyrow (62 kilograma çenli) ikinji orunlary eýelediler. Türkmen türgenleri Begenç Ýagmyrow we Medet Hallygurbanow 68 kilograma çenli agram derejede kümüş medallary eýelediler. Zenanlaryň arasynda Dinara Hallyýewa (66 kilograma çenli) kümüş medal gazandy. 

Türgenlerimiziň 4-si — Sylapberdi Nuryýew (82 kilograma çenli), Ylýas Rahmanow (57 kilograma çenli), Begenç Kakalyýew we Nasiba Surkiýewa (76 kilograma çenli) bürünç medala mynasyp boldular.



Aşgabatda iri sport ýaryşynyň komitetleriniň mejlisleri geçirilýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   28.10.2018  /   


 Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda 1-nji noýabrda badalga beriljek Agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň lukmançylyk, tehniki, tälimçiler we ýerine ýetiriji komitetleriniň ilkinji mejlisleri geçirildi. 

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) wekilleri hem-de ýaryşyň guramaçylary ähli gulluklaryň we desgalaryň ýaryşy ýokary derejede geçirmäge taýýarlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýaryşlar 2018-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli dowam eder. Komitetleriň mejlisleriniň wezipeleriniň biri dürli agram derejesindäki türgenleriň çykyşlarynyň yzygiderliligini kesgitlemekden ybaratdyr. Soňra mandat toparynyň ýygnagynda çempionaty geçirmegiň tertibi tassyklanyldy. 

31-nji oktýabrda “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň kongresi geçiriler, şonda Türkmenistanyň wekilleri hem çykyş ederler. 



26-njy oktýabrda geçirilen hökümetiň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berlişi ýaly, dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň, Afrikanyň we Okeaniýanyň ýurtlaryndan ýüztutmalaryň 100-den gowragy gelip gowuşdy. 

Medallar ugrundaky bäsleşige türgenleriň 800-e golaýy gatnaşar. Ýurtlaryň wekiliýetleriniň düzüminde tälimçileriň 300-si, eminleriň 45-si, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 70-si, saglygy goraýyş işgärleriniň topary, lukmanlar bolar. Aşgabatda geçirilýän 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynda Halkara Agyr atletika Federasiýasyndan 100-den gowrak hünärmen işleýär. 

Şeýlelikde, çempionata daşary ýurtlularyň hem-de guramaçylyk, tehniki we beýleki işgärleriň bir ýarym müňüsi gatnaşar. 

Dünýä ýaryşynyň üpjünçiligine gatnaşýan türkmen hünärmenlerinden başga-da, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden meýletinçileriň 500-e golaýy taýýarlanyldy. Meýletin kömekçiler myhmanlaryň ýanynda ýolbeletler hem-de terjimeçiler bolup, ýaryşlara we çempionatyň çäklerinde geçiriljek beýleki çärelere hyzmat ederler. 

2018-nji ýylyň dünýä çempionatyny geçirmegiň ýokary derejesini üpjün etmekde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilende, şol sanda lukmançylyk taýdan hyzmat etmekde Türkmenistanyň toplan tejribesiniň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. 

Bu babatda “Tiz kömek” toparlarynyň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygy guraldy, referens-barlaghanalar we lukmançylyk merkezleri işe doly taýýar edildi. Çempionatyň sport lukmanlarynyň 32-si, saglygy goraýyş işgärleriniň 400-den gowragy gatnaşyp, lukmançylyk hyzmatyny ederler. Döwrebap enjamlary bolan degişli lukmançylyk edaralary zerur serişdeler bilen hem ýeterlik möçberde üpjün edildi. 

Ýaryşlara gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň ulag üpjünçiligi hem oýlanyşykly çözüldi, olar üçin dürli sygymlykdaky amatly awtobuslaryň 30-dan gowragy, “Eleiko” şweýsar kompaniýasynyň sport enjamlarynyň 67 toplumy dünýä çempionatynyň desgalaryna öz wagtynda eltildi. 

Çempionatyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelejek türgenleri üçin medallar “ELM” singapur kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy. 

Ýaryşlarda türgenler jemi 201 medal ugrunda bäsleşip, medallaryň 67-si altyn, 67-si kümüş we 67-si bürünçdir. 

Guramaçylyk işlerine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem işjeň gatnaşýarlar. Hususy türkmen kompaniýalary türgenleri hem-de ýaryşa gatnaşyjylary ýokary hilli we dürli iýmitler bilen üpjün ederler. 

Paýtagtymyzyň myhmanlary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Olimpiýa şäherçesiniň golaýyndaky iri söwda merkezleriniň dördüsi gije-gündiz işlär. 

27-nji oktýabrdan başlap, Aşgabada wekiliýetler yzygiderli gelip ugradylar. Garaşylyşy ýaly, meýilnama boýunça 31-nji oktýabrda uly sport baýramçylygyna gatnaşyjylar we myhmanlar doly düzümde ýerlerinde bolarlar. 

Ýokary wezipeli myhmanlar, eminler we žurnalistler üçin “Sport” myhmanhanasynda amatly otaglar göz öňünde tutuldy, ýaryşlara gatnaşyjylar bolsa, Olimpiýa şäherçesinde türgenler üçin myhmanhanada ýerleşdiriler. 

Halkara ýaryşyň açylyş dabarasyna hem-de bu uly wakanyň hormatyna guraljak sahnalaşdyrylan çykyşlara jemleýji taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde agzalan hökümetiň mejlisinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň gatnaşyjylarynyň myhmanlary we tomaşaçylary üçin iň gowy şertleri döretmegiň zerurdygy hakynda beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilendigini ynamly aýtmak bolar. 

Türkmenistanyň paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesi iri sport çäresini – 2018-nji ýylyň agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul etmäge doly taýýar.



Paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   27.10.2018  /   


      Şu gün paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Bu çäre türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgesine, ýurdumyzda işjeň ösdürilýän, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk edýän bedenterbiýe-sport hereketine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 

Ýakynda, 24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça guran iş saparynyň çäklerinde Çandybil we Bekrewe şaýollarynyň kesişýän ýerinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ýadygärligiň taslamasy bilen tanyşdy. Şonda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda welosipedli ýörişi geçirmek hakynda teklibi makullap, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

Ine, şu gün säher bilen hökümet agzalarynyň, Türkmenistandaky daşary ýurtly ilçileriň, Mejlisiň deputatlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, daşary ýurtly işewürleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginden köpçülikleýin welosipedli ýöriş amala aşyryldy. 

Köpçülikleýin welosipedli ýöriş paýtagtymyzyň Köpetdag şaýoly bilen Çandybil şaýolunyň kesişýän ýerinden badalga aldy. Bu ýerde çärä gatnaşyjylary aýdym-saz sungatynyň ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary, tebigatyň gözellikleri, dag eteginiň ýakymly howasy ruhlandyrdy. 

Ýakymly altyn güýz günleri paýtagtymyzyň gözel künjegi aýratyn ajaýyp görünýär. Soňky ýyllarda bu ýerde döredilen tokaý zolaklary dag eteklerinde ynsan üçin ýakymly howa gurşawyny emele getirdi. Munuň özi ýurdumyzyň ekologiýa derejesiniň ýokary görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň oňyn netijesidir. 

Halkymyzyň saglygy, adamlaryň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň ähli özgertmeleriniň, Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň we ajaýyp taslamalaryň esasynda döwletimiziň baş baýlygy bolan adam durýar. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi bolsa oňa öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam edýär. Şunda milli Liderimiziň şahsy görelde görkezmegi munuň şeýledigini tassyklaýar. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport ählumumy parahatçylygy, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasy işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, şonuň üçin ýurdumyz iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. 

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sportunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Olimpiýa şäherçesiniň düzüminde, halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap welotregiň gurulmagy, geçen ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna welosiped sportunyň girizilmegi, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň hem-de awtoulagsyz günleriň yzygiderli geçirilmegi sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň artmagyna getirdi. 

Bularyň hemmesi ýurdumyzyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakynda Kararnamanyň kabul edilmegini şertlendirdi. 

Bu halkara sene mynasybetli bina ediljek ýadygärligiň taslamasynda halkymyzyň baý taryhy hem-de häzirki döwürde gazananlary öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmen topragy gaýtadan dikeldilýän meşhur Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda, welosiped ýadygärliginiň aýlanýan Ýer togalagy görnüşinde gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, onuň türkmen halkynyň adamzat taryhynda galdyran öçmejek yzyny alamatlandyrmalydygyny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Ozal habar berlişi ýaly, taslama laýyklykda, ýadygärlikde Türkmenistanyň şu günki üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri halkara geçelgeleriň strategik ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini alamatlandyrýan zeýtun baldajyklarynyň şekilleri bar. Ýer togalagynyň bir tarapynda nepis we ýüwrük ahalteke bedewleriniň bäşisiniň şekili hem-de welosipedçileriň heýkelleri ýerleşdirilýär. Umuman, bu ýadygärlik saglygyň we uly üstünlikleriň ýurdy — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşini özünde jemlemelidir. 

Bu çeper kompozisiýa halkymyzyň belent ruhy ylhamyny, onuň umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de halkara sport hereketine ygrarlydygyny, ösüşiň we abadançylygyň ýolundaky okgunly hereketini beýan etmelidir. 

Bu gün sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hasaplanýan welosport dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Indi ähli ýurtlary we halklary birleşdirýän täze baýramçylyk — Bütindünýä welosiped güni peýda boldy, diýmek, ulagyň bu görnüşi has-da giňden ýaýrar. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýäniň “ýaşyl” ösüşine, sagaldyş hereketine hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge nobatdaky goşandy bolar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedenterbiýäniň, sportuň milli, olimpiýa we beýleki görnüşleriniň, welosiped sportunyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy ilatyň saglygynyň berkidilmeginiň, dürli keselleriň öňüni almagyň möhüm şertidir. Bu bolsa ýurdumyzyň abadançylygyna gönükdirilen asylly işleriniň barha rowaç alýandygynyň nobatdaky güwäsidir. 

Şonuň üçin şu günki köpçülikleýin welosipedli ýöriş biziň tutanýerli işlerimiz we yhlasymyz bilen döredilýän döwrümiziň hem-de ýurdumyzyň nurana geljegine nobatdaky goşant bolar. Ak mermerli paýtagtymyzy hem Türkmenistanyň täze taryhynyň ajaýyp binagärlik keşbidir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde paýtagtymyz soňky ýyllarda dünýäniň gözel şäherleriniň birine öwrüldi hem-de Aziýanyň merjeni diýlip atlandyryldy. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň misilsiz tassyknamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guramak baradaky başlangyjy şol çärelere uly höwes bilen gatnaşýan ildeşlerimiz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Ýaşlar hem döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesinden ruhlanyp, sport bilen işjeň meşgullanýar, munuň özi ata Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak üçin maksada okgunlylyk we ruhubelentlik ýaly häsiýetleri terbiýelemäge ýardam edýär. 

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe we sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler halkara bileleşigiň ählumumy ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolýar. Bu bolsa döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrýar. 

...Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar 12 müň metr aralygy geçip, Olimpiýa şäherçesiniň ýanyndaky pellehana — Atatürk köçesi bilen Olimpiýa köçesiniň kesişýän ýerine geldiler, olar sport bilen meşgullanmagyň berýän şähdaçyklyk hem-de ylham joşguny ýaly duýgulara eýe boldular. 

Şeýlelikde, köpçülikleýin welosipedli ýöriş halkymyzyň has belent maksatlara alyp barýan ýolda öz Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň töwereginde jebisliginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   26.10.2018  /   


  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, mejlisde Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna, şeýle hem halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içerki syýasatynyň meselelerine garaldy. 

Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy pagta hasylyny taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetiren Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ekerançylarynyň zähmet üstünligi bilen gutlady. Olar “ak altynyň” 9 müň 250 tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyrdylar. Bellenilişi ýaly, pagtaçylaryň zähmet ýeňşi ekerançylaryň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine, daýhanlaryň netijeli zähmeti üçin zerur şertleriň döredilmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiziň özleri hakyndaky alada iş bilen jogap berýändikleriniň aýdyň mysalydyr. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş habar üçin minnetdarlyk bildirip, “ak altynyň” bol hasylyny ösdürip ýetişdiren türkmen pagtaçylarynyň ajaýyp üstünligi bilen ähli ildeşlerimizi gutlap, olara berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. 

Milli Liderimiz döwletimiziň geljekde hem ekerançylary, ýokary öndürijilikli işlemek, bol hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin hem-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döretjekdigini nygtady. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, halkymyzyň abadan durmuşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin geçirilýän çäreleriň ählisi biziň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiz ekerançylaryň ýadawsyz zähmeti bilen ýetişdirilen hasylyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etjekdiklerine berk ynam bildirdi. 

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň alyp barýan işi, täze kanunçylyk taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we beýleki ulgamlaryny ösdürmegi höweslendirmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütleriniň kanunçylyk taýdan üpjünçiligi ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir. Deputatlar ýerlerde wagyz we maglumat-düşündiriş işlerini geçirýärler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Halk Maslahatynyň çözgütlerini, beýleki strategik wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. 

Milli Liderimiz parlamentarileriň sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerini amala aşyrmakda öz ygtyýarlyklaryny netijeli peýdalanmaklarynyň hem-de ýaş nesli terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça çärelere işjeň gatnaşmaklarynyň zerurdygyny aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işleri ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň jemleri hakynda hasabat berdi. 

Habar berlişi ýaly, Tokio saparyň barşynda bu ýurduň Hökümetiniň, Parlamentiniň, şeýle hem birnäçe döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi, şolaryň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony möhüm ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýola goýlan açyk, deňhukukly we dostlukly syýasy gepleşigiň we yzygiderli dowam etdirilýän ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ygtybarly esasy bolup durýandygy bellenildi. 

Türkmenistan we Ýaponiýa halkara hem-de sebit derejesinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Hususan-da, “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýapon tarapy türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Öz nobatynda, biziň ýurdumyz hem Ýaponiýanyň netijeli tekliplerini goldaýar. 

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleriň barşynda Türkmen-ýapon komitetiniň ornuna möhüm ähmiýet berildi. Şu güne çenli onuň mejlisleriniň 12-si geçirildi. 2018 — 2020-nji ýyllarda garalmagy meýilleşdirilen geljegi uly taslamalaryň sanawy hem kesgitlenildi. 

Maýa goýum işine degişli meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy bu ulgamda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki maksatnamany taýýarlamak hakynda teklip bilen çykyş etdi. Medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda hem-de sport we iri halkara ýaryşlaryny guramak ugrunda özara gatnaşyklary ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň barşynda resminamalaryň 8-sine gol çekildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýaponiýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistan bilen Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglylykda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi. Döwletleriň ikisiniň hem doly gerimli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlylygyna, ýokary, hökümetara we pudagara derejedäki yzygiderli duşuşyklar hem-de soňky ýyllarda has pugtalanan, däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň düýpli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilmegi hem şaýatlyk edýär. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara giň ugurlar boýunça türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklara degişli anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz çaý içişlik ýaly milli däp-dessurlara bagyşlanan sergileri we duşuşyklary, söhbetdeşlikleri we beýleki döredijilik çärelerini geçirmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn ylym-bilim gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, innowasiýalary we nou-haulary iş ýüzünde ornaşdyrmak babatynda ýapon hyzmatdaşlarymyzyň toplan iň gowy tejribesini öwrenmek boýunça görkezmeleri berdi. 2016-njy ýylda Aşgabatda Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de okuw maksatnamasyna ýapon dili girizilen ýöriteleşdirilen orta mekdebiň açylmagy bu ugurda hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. 

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine üns bermegi tabşyrdy hem-de türkmen türgenleriniň 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýokary taýýarlyk derejesini üpjün etmek barada hem görkezmeleri berdi. 

Mundan başga-da, milli Liderimiz türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de maýa goýum işlerini giňeltmek boýunça degişli tabşyryklary berdi, şunda nebiti we gazy gaýtadan işleýän hem-de senagat pudaklary, maliýe-bank düzümleri, kiçi we orta telekeçilik ugry, Ýaponiýada öndürilýän döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlary satyn almak boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlar bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlyk meseleleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, demir ýol ulaglaryny döwrebaplaşdyrmak we demir ýoluny elektrifikasiýalaşdyrmak, ýokary tizlikli demir ýol ulgamyny döretmek babatynda Ýaponiýanyň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmeginiň hem-de Türkmenistanda ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp hem-de türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine iş saparynyň, umuman, üstünlikli geçendigini belläp, umumy bähbitlere kybap gelýän türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini ýene bir gezek nygtady. 

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy 2-nji noýabrda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçiriljek GDA agza ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine türkmen tarapynyň gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Mejlisiň gün tertibine Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giň meseleleri, şol sanda ykdysady we durmuş, energetika we beýleki ulgamlara degişli meseleler giriziler. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda giň mümkinçilikleri özünde jemleýän däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmek wezipesini öz üstüne alýandygyny belläp, Astanada geçiriljek ýokary derejeli mejlise gatnaşmaga taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Bu mejlisde türkmen tarapyna wekilçilik etjek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa Arkalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk baradaky nukdaýnazaryny beýan etmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyň dowamynda Aşgabatda geçirilen türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň jemleri barada habar berdi. 

Duşuşyga gatnaşmak üçin ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekiliýeti ýurdumyza geldi, duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy. 

Tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, häzirki zamanyň ählumumy howplaryna we wehimlerine garşy durmak işinde hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň, şol sanda milli Liderimiz tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda öňe sürlen teklipleriň ähmiýeti bellenildi. 

Şeýle hem ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geljegi uly türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmaga hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalara gatnaşmaga barha artýan gyzyklanmalary beýan edildi. Muňa iri amerikan kompaniýalarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-a amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Nýu-Ýorkda geçirilen işewürler maslahatynda beýan edilen teklipler hem şaýatlyk edýär. 

Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly, deňhukukly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegi ugur edinýändigini nygtap, şunuň ýaly duşuşyklaryň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatynda ileri tutulýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli gural bolup hyzmat edýändigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz dürli ugurlarda netijeli türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özüniň netijeliligini görkezen hem-de yzygiderli esasda geçirilýän daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow milli puluň —manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, 1-nji noýabrda geçiriljek “Beýik Ýüpek ýolunyň türkmen milli puluna ýetiren täsiri” atly maslahatda milli pulumyzyň ähmiýeti, ýurdumyzda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler, türkmen Lideriniň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady ulgamy özgertmekde pul-karz syýasatynyň orny barada çykyşlar ediler. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda kesgitlenilen ileri tutulýan wezipeler nazara alnyp, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada habar aýdyldy. Bu resminamada “Sanly Türkmenistan” döwlet maksatnamasynyň taslamasynyň bellenilen tertipde ylalaşylan esasy ugurlary öz beýanyny tapdy. 

Üç tapgyrda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan bu konsepsiýada ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň maksady, wezipeleri kesgitlenildi, şeýle hem jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň goşandyny artdyrmak milli ykdysadyýetiň sanly ulgamyny kämilleşdirmek boýunça birnäçe çäreler geçirildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, mundan 25 ýyl ozal milli pul birligini dolanyşyga girizilmek baradaky çözgüt ýurdumyzyň taryhynda möhüm waka bolup, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we netijeli bank ulgamynyň kemala getirilmegine kuwwatly itergi berdi. Maslahatda milli pulumyzyň garaşsyz ykdysady we pul-karz syýasatyny geçirmekde ähmiýeti, hakyky ykdysady özygtyýarlylygy gazanmakdaky orny ýaly meseleler boýunça çykyşlarda giňden beýan edilmelidir hem-de ylmy nukdaýnazarda esaslandyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Milli Liderimiz öňde boljak maslahatyň iş meýilnamasyny makullap, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

Türkmenistanda ýakyn geljek üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýanyň kabul edilmegi hem-de üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň durnukly innowasiýa ýoly bilen ösüşine, ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyna, telekeçilik işleriniň täze görnüşleriniň kemala gelmegine, maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegine ýardam eder diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Mundan başga-da, bu işler döwleti dolandyrmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ýokary hilli hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirer diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere taslamanyň üstünde işlemegi tabşyrdy. 

Mejlisiň dowamynda döwlet  Baştutanymyz  M.Orazdurdyýewi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi. Şeýle hem ol Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipesine bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem öz üstüne ýüklenen wezipeleri oňarmandygy sebäpli  M.Baýramdurdyýewi maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu wezipä  S.Welbegow bellenildi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary  M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň aýry-aýry pudaklarynda işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan umumy ykrar edilen energetika döwleti hökmünde häzirki wagtda öz energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýandygyny nygtady. Nebitgaz serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýäniň iri bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, häzirki zaman gazy gaýtadan işleýän toplumlar ulanylmaga berilýär. Ýangyç-energetika toplumy tarapyndan öndürilýän önümleriň mukdary artdyrylýar. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamda öňdebaryjy tejribä eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi, pudaga daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegi babatynda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

Şeýle hyzmatdaşlyk ileri tutulýan pudaklaýyn taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, önümçilige iň täze tehnologiýalaryň ýokary depginde ornaşdyrylmagyna, nebit we gaz känlerini özleşdirmegiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, uglewodorod çig malynyň düýpli gaýtadan işlenilmegine ýardam berer diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem obasenagat toplumynda özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde pagta ýygymy möwsümi dowam edýär. Pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşamak hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli çäreler görülýär. 

Hasabatyň çäklerinde Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berildi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyz boýunça jemi 117 müň 774,9 gektar möçberde oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasy döredildi. 2019-njy ýylda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin bu gaznadan hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere uzak möhletleýin peýdalanmak üçin ýer bölekleri bellenen tertipde berildi. 

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde yzygiderli durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn çäreler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili ulgama öwürmäge gönükdirilendir. Şu maksatlary durmuşa geçirmek üçin hojalygy alyp barmagyň täze netijeli usullaryny peýdalanmak, oba hojalyk toplumynda hususy ulgamyň paýyny yzygiderli artdyrmak, öňdebaryjy kärendeçileri goldamak zerurdyr. Tutuşlygyna alnanda, bularyň hemmesi döwletimiziň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. 

Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almagy üpjün etmegiň öňde durýan möhüm wezipedigine ünsi çekip, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, dokma pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de innowasion esasda önümleriň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň önümçilik binasynda ýylda 23 müň sany örme önümlerini öndürmek ýola goýuldy. Önümçiligiň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy enjamlary hem-de tikin enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy ulular we çagalar üçin dürli görnüşlerini, sport lybaslaryny öndürmäge mümkinçilik berdi. 


Wise-premýer slaýdlaryň kömegi arkaly döwlet Baştutanymyzy bu önümleriň nusgalary bilen tanyşdyrdy hem-de milli Liderimiziň garamagyna içerki bazarda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylýan möçberini hem-de görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda dokma önümleriniň önümçiligini giňeltmek baradaky teklibi hödürledi. Ýokary öndürijilikli enjamlaryň ornaşdyrylmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň mukdaryny artdyrmaga, pudagyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga kömek eder. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Munuň özi ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynyň sazlaşykly ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Iň täze tehnologiýalaryň esasynda ekologiýa taýdan arassa serişdelerden dünýä ölçeglerine kybap gelýän dokma önümleri öndürilýär we daşary ýurtlara iberilýär. 

Milli Liderimiz ýerli çig malyň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli meseleleriň, şol sanda pudaga tehnologiki enjamlary ornaşdyrmagyň, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň mümkinçilikleriniň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilýän işler, hususan-da, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini yzygiderli artdyrmak, jemagat hojalygy gulluklarynyň işlerini kämilleşdirmek, awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, toplumyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz ilaty elektrik energiýasy we gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesine ünsi çekip, bu işleri hemişe gözegçilikde saklamak barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk kärhanalarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna döwletimiziň uly üns we maddy taýdan goldaw berýändigini belläp, öňde goýlan ähli wezipeleriň häzirki zaman tehnikasyny hem-de iň täze tehnologiýalary peýdalanmak, innowasiýa häsiýetli önümçilik düzümlerini döretmek arkaly çözülmeginiň zerurdygyny aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, haryt dolanyşygyny giňeltmek, ýurdumyzyň eksport ugurly hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijileri goldamak, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň telekeçileriniň mümkinçiliklerini has giňden peýdalanmak boýunça görkezmeleri berdi. 

Bu ugurda kiçi we orta telekeçiligi bäsdeşlige ukyply azyk we senagat harytlaryny öndürmek, türkmen önümlerini daşarky bazarlarda ilerletmek, döwlet — hususy bölegiň hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ulgamynda höweslendirmekde esasy çelgiler bolmalydyr. Daşary ýurtlaryň hojalyk düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklary ýola goýmakda kärhanalara goldaw bermek, eksport amallaryny guramaga iş ýüzünde kömek bermek uly ähmiýete eýe bolýar diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Lapis — Lazuli (Lazurit) ugry boýunça ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer multimodal üstaşyr geçelgeleri döretmäge ýardam bermek maksady bilen, awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny birleşdirýän ulag ulgamyny kemala getirmek üçin halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça-da yzygiderli işleriň dowam etdirilýändigini aýtdy. Şolar sebit we halkara derejesinde ykdysady ösüşe ýardam berer. 

Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgeleriniň ähmiýeti nygtaldy. Şolar bu ugur boýunça daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagy hem-de esasy ugurlar boýunça degişli düzümleri mundan beýläk-de giňeltmegi ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. 

Milli Liderimiz Lazurit ugry boýunça ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek barada aýdyp, demir ýollaryň hem-de awtomobil ýollarynyň Turgundy şäherini Aşgabat, soňra bolsa Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty bilen birleşdirýändigini belledi. Soňra bu geçelge Hazaryň üsti bilen Bakuwa, soňra bolsa Tbilisiniň üsti bilen Türkiýä, ondan aňryk Ýewropa çenli dowam eder. Milli Liderimiz türkmen deňizýakasy arkaly TRASEKA halkara ulag geçelgesiniň geçýändigini, ýakyn geljekde bolsa Merkezi Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan “deňiz derwezesiniň” sebitiň iri logistika merkezine öwrüljekdigini aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu mesele boýunça Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary bilen iberilýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewe bu taslamany durmuşa geçirmegiň anyk ýollary barada özara pikir alyşmak barada tabşyryk berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa milli senenamamyzyň şanly seneler, baýramçylyklar hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli noýabr aýynda meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de ilatyň arasynda düşündirmek, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän ýylyň maksatnamalaýyn çärelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde döredijilik duşuşyklaryny, maslahatlaryny, sergilerini, aýdym-sazly dabaralary guramak göz öňünde tutulýar. Hasyl toýy mynasybetli medeni çäreler taýýarlanylýar. 

Noýabr aýynyň birinji ongünlüginde Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Halkara çäreleriň hatarynda Russiýanyň kino günleri, ýapon filmleriniň festiwaly, koreý medeniýeti bilen tanyşlyk çäreleri bar. Italýan saz toparynyň çykyşy hem-de Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde birnäçe çäreler göz öňünde tutulýar. 

Söwda-senagat edarasynyň binasynda her ýyl geçirilýän “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat guralar. Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň 20 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat we sergi geçiriler. 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe hem-de bu guramanyň baýraklarynyň gowşurylmagyna bagyşlanyp dabaraly çäreler geçiriler. Noýabr aýynda Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemleniler.

Mundan başga-da, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli hem-de birnäçe sport ýaryşlaryna bagyşlanan medeni çäreler taýýarlanylýar. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp hem-de Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten sepgitlerini wagyz etmekde, ýaş nesli terbiýelemekde we jemgyýetde ruhy gymmatlyklaryň saklanylmagynda öňde boljak medeni çäreleriň ähmiýetini belläp, wise-premýere şolary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, ýurdumyzda şolaryň üstünlikli guralmagy üçin ähli şertleri döretmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Aşgabatda şu ýylyň 28-nji oktýabry — 10-njy noýabry aralygynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Dünýä derejeli agyr atletikaçylaryň bu bäsleşigine Afrikadan, Ýewropadan, Aziýadan, Amerikadan we Okeaniýadan 100-e golaý döwletiň wekilleri gatnaşar. Çempionata daşary ýurtlardan jemi 800 türgeniň, 300 tälimçiniň, 45 eminiň we lukmanlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 70-siniň hem-de Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň 100-den gowrak işgäriniň — jemi 1500 adamyň gelmegine garaşylýar. Dünýä birinjiliginde 201 medal: 67 altyn, 67 kümüş we 67 bürünç medallary ugrunda bäsleşikler guralar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde 500-e golaý meýletinçi taýýarlanyldy. 

28 — 31-nji oktýabr aralygynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň wekilleriniň, eminler toparynyň, lukmanlaryň hem-de ýaryşlaryň ýerine ýetiriji komitetiniň birnäçe mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. 31-nji oktýabrda “Sport” myhmanhanasynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň kongresi geçiriler. 

Wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýä çempionatynyň — 2018-nji ýylyň 1-nji noýabryna bellenilen açylyş dabarasynyň baýramçylyk maksatnamasyny hödürledi. 

Hasabatyň çäklerinde çempionatyň ähli çäreleriniň — lukmançylyk, ulag üpjünçiligi, türgenleri we myhmanlary naharlamak işleriniň guralyşy barada aýdyldy. Ýaryşlaryň geçirilýän döwründe Olimpiýa şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän iri söwda merkezleriniň dördüsiniň gije-gündizleýin tertipde işlemegi guralar. 

Wise-premýer agyr atletika boýunça dünýä birinjiligini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek boýunça görülýän çäreler barada aýtmak bilen, türkmen, iňlis we rus dillerinde çempionatyň resmi web-saýtynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Mundan başga-da, ýaryşlaryň geçirilýändigi baradaky habarlar “EURONEWS” teleýaýlymy hem-de 145 ýurduň telewideniýesiniň ýaýlymlary boýunça ýaýradylar. 

Çempionata gatnaşyjylaryň we guramaçylaryň jemi 5 müňüsi bellige alnar. Meýletinçiler, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary üçin lybaslar ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan taýýarlanyldy. 

“Berkarar” söwda dynç alyş merkezinde, “Aşgabat” seýilgähinde we paýtagtymyzyň beýleki künjeklerinde çempionatyň açylyş dabarasyna we ýaryşlara petekleriň satuwy dowam edýär. 

Dünýä derejeli ýaryşlaryň açylyş dabarasy mahalynda baýramçylyk çärelerini guramak boýunça Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Medeniýet ministrligi tarapyndan degişli işler geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmekligiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Ýaryşlara gatnaşyjylar, myhmanlar we tomaşaçylar üçin iň gowy şertleriň üpjün edilmegi zerurdyr, bu iri sport çäresini dessin beýan etmek üçin ähli çäreleri göz öňünde tutmaly. Watanymyzyň halkara sport giňişliginde abraýynyň has-da belende göterilmegi köp babatda bu çäräniň ýokary derejede geçirilmegine bagly bolar. 

Soňra Hökümet mejlisine çagyrylan sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini belledi. Türkmenistan giň gerimli sport baýramçylyklarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär, munuň özi milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň, döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Muňa geçen ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli guralandygy aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, ministr iri halkara sport guramalary tarapyndan geçirilýän dürli assambleýalarda, maslahatlarda we mejlislerde “Aşgabat — 2017” oýunlarynyň nusgalyk mysal hökmünde getirilýändigini belledi. 

Ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi hem üstünliklere beslendi. Bularyň ählisi türkmen türgenlerini täze ýeňişlere ruhlandyrýar, olarda olimpiýa ruhuny pugtalandyrýar. Biziň türgenlerimiz dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän iri ýaryşlarda çykyş etmek bilen, ata Watanymyzyň Baýdagyny belende göterýärler. Dünýäniň iň güýçli türgenlerini özünde jemleýän öňde boljak Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda hem ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň agzalary diňe ýeňiş gazanmagy maksat edinýärler. 

Ministr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dünýä çempionatynyň başlanmagy bilen gutlap, ähli türkmen türgenleriniň we ýaşlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Agyr atletika boýunça milli federasiýasynyň adyndan döwlet Baştutanymyza ýaryşlaryň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin çakylygy, ýadygärlik nyşanlary we agyr atletikanyň demir taýagyny gowşurdy. 

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri nobatdaky uly sport baýramy bilen gutlady hem-de türkmen agyr atletikaçylaryna dünýä çempionatynyň medallary ugrundaky bäsleşiklerde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýleki möhüm meseleleriň hem birnäçesine garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde uly üstünlikler, berkarar Watanymyzyň ähli halkyna bolsa “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän şu ýylda abadançylyk arzuw etdi.

Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň hökümet we işewür toparlarynyň duşuşyklary geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   23.10.2018  /   Wakalaryň jümmüşinde


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 19-njy oktýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Amala aşyrylýan syýasat netijesinde, türkmen döwleti gysga wagtyň içinde sazlaşykly ösýän ýurtlaryň sanawynda mäkäm orun alyp, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşuldy.


Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum maksatnamalarynyň ýakyn geljek üçin önümçilik pudaklaryny ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn ösmegini gazanmaga tarap ugry olaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, öz ykdysady kuwwaty boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Ýaponiýanyň tejribesi biz üçin örän peýdaly bolup durýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli, sazlaşykly we däbe öwrülen dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, Ýaponiýanyň Türkmenistanyň ygtybarly işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli alyp barýan işlerini belledi.


Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Balkan welaýatynda senagat toplumlaryny — Garabogazda karbamid dökünlerini, Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän toplumlaryň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň düzüm taslamalarynyň amala aşyrylmagyny görkezmek bolar.


Şunda döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan geljekde hem ylmy işleri talap edýän önümçilikleriň döredilmegine hem-de öňdebaryjy ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, innowasion işleri we nou-haulary işjeň ulanmaga aýratyn üns berer. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagy we diwersifikasiýalaşdyrmagy ugur edinmek bilen, ýapon hyzmatdaşlaryň maýa goýum işjeňligini giňden goldaýar diýip, milli Liderimiz belledi.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýanyň paýtagtynda geçiren gepleşikleriniň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


22-nji oktýabrda türkmen wekiliýetiniň agzalaryny Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe kabul etdi. Öz ýurdunyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklamak bilen ýapon hökümetiniň baştutany däbe öwrülen dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.


Jenap Sindzo Abe 2015-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabada bolan resmi saparyny, özüne hem-de maşgalasyna bildirilen myhmansöýerligi we kabul edişligi aýratyn mähir bilen ýatlaýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp görmek onda aýratyn täsir galdyrypdyr. Bu ýerde türkmen halkynyň buýsanjy we milli baýlygy hasaplanýan ahalteke bedewlerine uly söýgi we alada bilen garalýandygyna göz ýetirmek bolýar. Çaý içmegiň milli däpleri hem uly gyzyklanma döredipdir.


Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň dürli ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça uly gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Hususan-da, gazhimiýa senagatynda, elektroenergetika, ulag ulgamlarynda, Türkmenistanda demir ýollary döwrebaplaşdyrmak boýunça we beýleki pudaklarda ýapon kompaniýalary bilen täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine seredildi. Şol ugurlarda özara bähbitleriň gabat gelmegi has-da netijeli bolup durýar.


Premýer-ministr Sindzo Abe 2023 — 2024-nji ýyllarda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy hökmünde Ýaponiýany goldandygy, şeýle hem «EXPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri hökmünde Osaka ýapon şäherini goldandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.


Bulardan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary Ýaponiýanyň, degişli ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, bar bolan ylalaşyklary amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işleriň esasy ugurlaryna seretdiler.


Şeýlelikde, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary Ýaponiýanyň ýer, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk ministri jenap Keiçi Işii bilen gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda gämi gurluşygy, awtomobil we demir ýol ulaglary ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi.


Özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri Ýaponiýanyň daşary işler ministri jenap Taro Kono bilen duşuşygyň gün tertibine girizildi. Bellenilişi ýaly, ählumumy meseleler boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini görkezmek bilen, biziň ýurtlarymyz abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, şol sanda BMG-niň ugry boýunça ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde işjeň gatnaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynda ileri tutulýan häzirki döwrüň möhüm meselelerini, ilkinji nobatda, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak bilen bagly möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýärler.


Ýaponiýanyň içeri işler we kommunikasiýalar ministri jenap Masatoşi Işida bilen duşuşygyň barşynda aragatnaşyk we telekommunikasiýalar babatda bilelikde işlemegiň mümkinçiliklerine seredildi. Hususan-da, ýapon tarapy Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda suwasty optika-süýümli kabeliň gurluşygyna ýardam etmäge taýýardygyny we muňa aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady.


Şunuň bilen birlikde, kosmos ulgamynda NEC (Nippon Electric Company) ýapon kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk, has takygy, Türkmenistanyň milli emeli hemrasyny ýerden dolandyrmagyň tehnologiýalaryny peýdalanmak, şeýle hem Ýaponiýanyň Içeri işler we kommunikasiýalar ministrliginiň ýanyndaky maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary (NICT) milli instituty bilen hyzmatdaşlyk barada teklipler beýan edildi.


Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, maliýe ministri jenap Taro Aso bilen duşuşygyň barşynda ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk meselesi öz dowamyna eýe boldy. Şunda hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek, onuň köpugurly mümkinçiliklerini amatly amala aşyrmak, maýa goýum işjeňligini, işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary höweslendirmek üçin örän oňaýly şertleriň bardygy bellenildi.


Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Karz Ylalaşyklarynyň birnäçesini baglaşan Halkara hyzmatdaşlyk üçin ýapon bankynyň (JBIC) ähmiýetli orny bellenildi. Şeýle hem taraplar iki ýurduň maýalar babatda hökümetara ylalaşygynyň taslamasyny hem-de maýa goýum hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamak boýunça işleri tiz wagtda tamamlamak barada pikirlerini aýtdylar.


Ýaponiýanyň wise-premýeri 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan resmi saparynyň ähmiýetini döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka hökmünde aýratyn belledi. Şol gatnaşyklar netijesinde taraplaryň özara erk-islegine häzir täze kuwwatly itergi berildi.


Uzak möhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan giň gerimli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň iri korporasiýalarynyň we kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Dostlukly ýurduň işewürleri Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny nobatdaky gezek tassyklap, ýurdumyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdylar. Işewürler maslahatynyň jemleri boýunça täze bilelikdäki taslamalary, şol sanda ammiak we karbamid öndürýän, tebigy gazy gaýtadan işleýän we benzin öndürýän zawodlary, fosfor dökünlerini öndürýän kärhanalary gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmak, şeýle hem Halkara hyzmatdaşlyk üçin ýapon banky (JBIC) bilen hyzmatdaşlyk, “Komatsu” kompaniýasynyň ýer gazyjy tehnikalaryny hem-de “Toýota” awtoulaglaryny Türkmenistana getirmek bilen bagly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.


23-nji oktýabrda Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti duşuşyklaryň ýene-de birnäçesini geçirdiler, şol sanda Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) prezidenti jenap Şiniçi Kitaoka bilen duşuşyk boldy. Taraplar Türkmenistanyň hökümetiniň hem-de JICA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlykda 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda oňyn tejribäniň toplanandygyny bellediler. Dürli ugurly türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň ýokary netijeliligi bellenildi. Şeýle hem agentligiň ugry boýunça seýsmologiýa ulgamynda iki ýurduň alymlarynyň bilelikde işlemegi ýola goýuldy. Geljekki hyzmatdaşlyk babatda bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.


JICA-nyň ýolbaşçysy durmuş ugurly taslamalar boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy Türkmenistanyň demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslama gatnaşmak mümkinçiligine seretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Durmuş ähmiýetli hem-de ýurdumyzyň ilatyna ýokary hilli ulag hyzmatlaryny hödürlemek bu ugruň maksady bolup, bu mesele hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


Şeýle hem şol gün türkmen Wekiliýetiniň agzalary wekiller palatasynyň başlygy jenap Tadomori Oşima bilen duşuşdylar. Ýapon parlamentiniň baştutany iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, hususan-da, işjeň ösýän parlamentara gatnaşyklaryň ýokary derejesini, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, şunda ýapon kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen üstünlikli amala aşyran bilelikdäki taslamalaryny mysal getirdi, şolaryň bahasy milliardlarça amerikan dollaryna barabardyr.


Şunuň bilen baglylykda, jenap Tadomori Oşima Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň, şol sanda ýakyn wagtda amala aşyryljak giň gerimli ykdysady taslamalar boýunça gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegini doly goldady.


Türkmenistanyň Mejlisiniň türkmen-ýapon dostluk toparynyň başlygy, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtady hem-de olaryň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.


Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda dostluk parlament toparlarynyň Başlyklary S.Berdimuhamedow (türkmen tarapyndan) we T.Endo (ýapon tarapyndan) Hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekdiler.


Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň «Tokio — 2020» Olimpiýa we paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň prezidenti jenap Ýoşiro Mori bilen duşuşygy boldy. Ol Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistanyň oňyn ornuny belläp, Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň muňa uly üns berendigini aýtdy.


Mälim bolşy ýaly, ýokary sport görkezijilerini hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, türkmen wekiliýetiniň agzalary sport ulgamynda, hususan-da, yklym we dünýä möçberindäki halkara ýaryşlary guramak babatda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen bilelikdäki komitetiň agzalary bilen duşuşykda hem özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerine seredildi. Komitetiň ýapon tarapyndan başlygy jenap Ýoiçi Kobaýaşi gaz ulgamynda, himiýa senagatynda hem-de giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylýan beýleki strategik ähmiýetli ugurlarda ýapon kärdeşleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.


Duşuşyga gatnaşan ýapon işewürleri iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen birnäçe anyk teklipleri beýan etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe olary öz döwletleriniň hökümetleri üçin ugur edinýärler.


Türkmen wekiliýetiniň Tokioda geçiren gepleşikleriniň tapgyry Halkara hyzmatdaşlyk üçin ýapon bankynyň (JBIC) baştutany jenap Tadaşi Maýeda bilen duşuşygy hem öz içine aldy. Taraplar hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, Ýaponiýanyň bu iri maliýe edarasynyň Türkmenistanda alyp barýan işlerini giňeltmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda JBIC-niň ýurdumyzyň hökümeti we bank edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň täze görnüşlerine seredildi.



Duşuşyklaryň ýene-de biri Ýaponiýanyň eksporty we maýalary ätiýaçlandyryş agentliginde (NEXI) boldy. Ol ýapon we türkmen taraplarynyň amala aşyrýan bilelikdäki ykdysady taslamalaryny ätiýaçlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýetiniň agzalary hem-de jenap Masafumi Nakada hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini, şol sanda NEXI-niň dürli maliýe edaralaryny Türkmenistanda taslamalary maliýeleşdirmäge çekmek boýunça işini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýakyn wagtda degişli geňeşmeleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.


Şeýle hem Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri jenap Hirosige Seko bilen duşuşyk boldy. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň duşuşyklarynda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmakda toplanan oňyn tejribe ara alnyp maslahatlaşyldy, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, maýa goýum we tehnologik düzümi nazara almak bilen oňa täze görnüşi çaýmak meselelerine seredildi.


Taraplar ileri tutulýan bilelikdäki taslamalaryň sanawyny kesgitlediler, şolara 2018 — 2020-nji ýyllarda seretmek meýilleşdirilýär. Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


Ýaponiýa bilen köpugurly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti bilen gatnaşyklaryny ösdürmek babatda ähmiýetli ugur bolup durýar. Ýokary, hökümetara we pudagara derejelerde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar iki dostlukly ýurduň netijeli, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygynyň subutnamasydyr. Şol duşuşyklaryň her biri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça ynanyşmak, işjeň ýagdaýda pikir alyşmalara öwrülýär.


2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi saparynyň barşynda gol çekilen “Täze hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilelikdäki Beýannama” şu ýerde özboluşly “ýol kartasy” bolup hyzmat edýär. Bu toplumlaýyn resminamada syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary kesgitlenildi.


“Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleri bilen «Sojitz», «Chiyoda», «Nippon», «ITOCHU», «JGC», «Kawasaki», «TOYO», «Mitsui», «Tsukishima», «Mitsubishi», «Sumitomo» ýapon kompaniýalarynyň arasynda, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we Halkara hyzmatdaşlyk üçin ýapon bankynyň arasynda ylalaşyklaryň we şertnamalaryň birnäçesine gol çekildi. Amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan taslamalaryň umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryndan hem geçýär.


2015-nji ýylyň martynda Sendaý şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen bolan duşuşygynyň barşynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirildi, bu ýerde BMG-niň tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahaty geçirildi.


Halkara meseleleriň Tokionyň we Aşgabadyň syýasy-diplomatik gün tertibiniň agramly bölegini düzýändigini bellemek gerek. Bu BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga degişlidir. Türkmenistan we Ýaponiýa ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Merkezi Aziýada ýadro ýaraglaryndan azat zolagy döretmek, energetika we ulaglar, ekologiýa ulgamlarynda sebit taslamalaryny ilerletmek arkaly Owganystany ykdysady taýdan dikeltmäge ýardam etmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak boýunça tagallalary birleşdirmek meseleleri babatda ýakyn garaýyşlara eýerýär.


Ýaponiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny işjeň goldady. Şolar boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary — “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty”, «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», “Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamalar kabul edildi.



Häzirki dünýä ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikde işlemegiň, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýollaryny gözläp tapmagyň baý tejribesi “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde toplanyldy, Türkmenistan onda 2015 — 2016-njy ýyllarda başlyklyk etdi.


2015-nji ýylda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýurdumyza resmi saparynyň barşynda gazanylan täze möhüm ylalaşyklar iki ýurduň ýakynlaşmak meýlini berkitdi. Şol saparyň çäklerinde Aşgabatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we belent mertebeli ýapon myhmanynyň, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Ýaponiýanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň hem-de iri işewürliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi.


Umuman, ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça hem-de maslahatyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary, şol sanda umumy bahasy 18 milliard dollardan geçýän döwrebap gazy gaýtadan işleýän we himiýa toplumlaryny, Lebap welaýatynda gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.


“Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “Itochu Corporation”, “JGC Corporation”, “Mitsubishi Corporation”, “Chiyoda Corporation”, “Sojitz Corporation” (Ýaponiýa), “Çalyk” we “Rönesans” (Türkiýe) kompaniýalar konsorsiumynyň arasyndaky “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň çäklerinde desgalary gurmagyň taslamasy hakynda Çarçuwaly ylalaşyk şol uly toplumda aýratyn orun eýeleýär.


Mälim bolşy ýaly, dünýäde iri bu gaz käni Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisi üçin çig mal binýadyna öwrüler. Aziýanyň ösüş banky ýeňillikli karzlary bermegiň hasabyna bu taslama uly goldaw berýär, Ýaponiýa onuň esasy paýdarlarynyň hataryna girýär.


Häzir Türkmenistanda ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşlary bolup durýan iri ýapon kompaniýalary üstünlikli işleýärler. Dünýä belli ýapon nyşanlary, ýapon önüm öndürijileriniň önümleri türkmen bazarynda uly orun eýeleýär. “Komatsu” we “Itochu Corporation” ýapon kompaniýalary bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ähli iri gurluşyklarynda ulanylýan ýokary öndürijilikli awtoulag, ýol-gurluşyk we ýer gazyjy tehnikalary getirmek babatda, şeýle hem ýangyç-energetika, ulag ulgamlarynda, suw we oba hojalygynda hyzmatdaşlygy mysal hökmünde görkezmek bolar.


Himiýa senagaty hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugry bolup durýar. Onuň ösdürilmegine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn üns berýär. 2014-nji ýylyň oktýabrynda Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Onuň taslamasyny düzmek, enjamlaryny getirmek hem-de tehniki maslahat işlerini “Kawasaki Plant Systems Ltd” hem-de “Sojitz Corporation” ýapon kompaniýalary amala aşyrdylar. Toplumyň kuwwaty bir ýylda ammiagyň 400 müň tonnasyna hem-de karbamidiň 640 müň tonnasyna deňdir.


“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýyl hem şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň günbatarynda “Garabogazkarbamid” zawody ulanmaga berildi, bu ýerde her ýylda tebigy gazyň 1 milliard kub metre golaýy gaýtadan işlener hem-de karbamid dökünleriniň 1 million 155 müň tonnasy öndüriler. Bu iri maýa goýum taslamasy “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) hem-de “Gap Inşaat” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan amala aşyryldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamanyň bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 570 million dollaryndan gowrakdyr. Taslamany maliýeleşdirmäge Halkara hyzmatdaşlyk üçin ýapon banky we onuň hyzmatdaşlary gatnaşdylar.


Ýakynda, bir hepde mundan öň bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde polimer zawodynyň açylyş dabarasy boldy. Sebitde iri gazhimiýa toplumy «Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “LG International Corporation” hem-de “Hyundai Engineering Co., Ltd” koreý kompaniýalary, “Çalyk Holding” türk kompaniýasy tarapyndan bina edildi. Bu kompaniýalar iri düzüm taslamalaryny amala aşyrmakda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolup durýar. Zawodyň gurluşygyna “TOYO Engineering Corporation” ýapon kompaniýasy hem gatnaşdy, Gyýanlydaky polimer zawody onuň üçin Türkmenistanda ilkinji iri möçberli gurluşyk boldy.



Täze senagat desgasynyň önümçilik kuwwatlyklary tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Kärhanada oturdylan ýokary tehnologiýaly enjamlar her ýylda ýokary hilli polietileniň 386 müň tonnasyny hem-de polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berer.


Umumy bahasy ABŞ-nyň 3 milliard 400 million dollaryndan gowrak bolan bu taslama 2014-nji ýylda eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilen Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň gowy taslamalarynyň onusynyň biri hökmünde “TXF” guramasynyň (Beýik Britaniýa) ýörite sylagyna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Halkara hyzmatdaşlyk üçin ýapon banky (JBIC), Koreýanyň eksport-import banky hem-de Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Şweýsariýanyň şu taslamany maliýeleşdirmek boýunça oňa gatnaşýan maliýe edaralarynyň bileleşigi bilen gol çeken karz ylalaşyklarynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 2,5 milliard dollaryndan hem geçýär.


Häzirki wagtda Ahal welaýatynda “Kawasaki” ýapon kompaniýasynyň hem-de “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň gatnaşmagynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Onuň gurluşygy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gözegçiliginde alnyp barylýar. Täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhana her ýylda tebigy gazyň 1 milliard 782 million kub metrini gaýtadan işlär hem-de «Euro — 5» ölçegi boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A — 92 belgili benziniň 600 müň tonnasyny çykarar. Taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna deňdir. Ol ýapon tarapynyň maýalarynyň hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Halkara hyzmatdaşlyk üçin ýapon bankynyň hem-de beýleki maliýe edaralarynyň arasynda 2018-nji ýylyň iýul aýynda ýene-de bir karz ylalaşygyna — umumy bahasy 13 milliard ýapon ýeninden hem-de ABŞ-nyň 152 million dollaryndan gowrak bolan ylalaşyga gol çekildi. Bu serişdeler Lebap welaýatynda gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmak üçin goýberildi. “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň hem-de “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasynyň arasynda degişli şertnama baglaşyldy. Elektrik stansiýany “Mitsubishi Hitachi Power Systems, Ltd” kompaniýasynyň öndüren enjamlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.


JBIC-niň resmi wekilleriniň belleýşi ýaly, bu taslamalaryň amala aşyrylmagy ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda önüm öndürýän, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri çykarýan täze döwrebap önümçilikleri gurmagyň hasabyna Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň has-da sazlaşykly ösmegine hyzmat eder. Şonuň bilen birlikde, JBIC şol karzlar arkaly Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda ýapon kompaniýalary üçin täze işewürlik mümkinçiliklerini döretmäge çalyşýar, şeýtmek bilen, ýapon senagatynyň halkara bäsleşige ukyplylygyny berkitmäge ýardam edýär.


Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga tarap ugur almak bilen, Ýaponiýanyň ylym-bilim ulgamynda hem-de ýokary tehnologiýalar pudagynda toplan öňdebaryjy tejribesine uly gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek. Bu möhüm ugurda gatnaşyklary ösdürmäge üns bermek bilen, taraplaryň ikisi hem güýçlerini we bähbitlerini özara birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny bellediler.


Täze tehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlary ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işler bu sanawda aýratyn orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda döredilen döwrebap Tehnopark — ylmy-barlag edaralarynyň birnäçesini öz içine alýan iri toplum munuň üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.


Işgärleri taýýarlamak, şol sanda türkmen ýokary okuw mekdeplerinde ýapon hünärmenleriniň bilim bermeginiň, dürli ugurlar boýunça işgärler üçin hünäri kämilleşdirmegiň we tejribe alyşmagyň hasabyna işgärleri taýýarlamak babatda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 2013-nji ýylda Sukuba şäheriniň uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylymlary alyşmak we hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga, 2015-nji ýylda bolsa, Türkmenistanyň halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda akademiki alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekildi. Iki ýyl mundan öň paýtagtymyzda açylan Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem Sukuba uniwersiteti bilen özara gatnaşyklaryny işjeň berkidýär.


Ýaponiýa bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde ýapon diliniň öwrenilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu dil boýunça sapaklar diňe diller boýunça ýokary okuw mekdeplerinde däl-de, eýsem, tehniki-ykdysady we beýleki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem aýry-aýry umumy bilim berýän mekdeplerde hem ýola goýuldy. Eýýäm birnäçe ýyl bäri türkmen ýaşlary talyplar üçin dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça “MIRAI” ýapon maksatnamasyna gatnaşýarlar, ol tutuş dünýäden talyplary birleşdirýär hem-de olara ylmy-barlaglaryň dürli amaly görnüşlerinde gymmatly tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.


Şunuň bilen birlikde, medeniýet we sungat ulgamynda gatnaşyklar görnetin işjeňleşýär, yzygiderli geçirilýän çäreler, sergiler, Ýaponiýanyň günleri, kinolaryň görkezilmegi, döredijilik duşuşyklary we wekiliýetleri alyşmak ýaly yzygiderli geçirilýän çäreler munuň subutnamasy bolup durýar. Bular döredijilik işgärleriniň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edýär hem-de iki doganlyk ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna örän oňaýly täsirini ýetirýär.


Özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň ýene-de biri syýahatçylyk bolup, onuň ösdürilmegine şertleriň ençemesi, şol sanda tutuş dünýäden syýahatçylaryň uly gyzyklanmasy, şeýle hem Türkmenistanyň çägindäki täsin tebigy we taryhy-medeni ýadygärlikleriň bolmagy oňaýly täsirini ýetirýär.


Şeýlelikde, ýapon işewür we syýasy toparlarynyň netijeli gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak boýunça anyk teklipler bilen berkidilýän hoşniýetli erk-isleg we özara gyzyklanma Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek hem-de köpugurly hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat edýär, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şonda tagallalary birleşdirmegiň ägirt uly mümkinçiliklerini görýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy


Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   17.10.2018  /   Wakalaryň jümmüşinde



Şu gün ir bilen Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyýanly şäherçesinde sebitde iri polimer zawodynyň — polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

          Bu waka “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy, pudagyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, ýokary tehnologiýaly nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen hem-de dünýä bazarynda ýokary islege eýe bolan önümleri öndürýän önümçilikleriň döredilmegi onuň möhüm ugry bolup durýar. Bu ulgamda bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginleriniň çaltlandyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Bularyň ählisi Watanymyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna hem-de gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna hyzmat eder. 

        Dabaranyň geçirilýän ýerinde uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde müňlerçe adamlar ýurdumyzyň iň täze taryhyna ýene bir aýdyň sahypa bolup ýazyljak ajaýyp wakanyň şaýady bolmak üçin bu ýere ýygnandylar. Hemme ýerde baýdaklar pasyrdaýar we gutlag sözleri ýazylan şygarlar goýlupdyr, meýdança dürli öwüşginli şarlar bilen bezelipdir. Täze senagat desgasyna alyp barýan ýoluň ugrunda ak öýler dikilip, döredijilik toparlary çykyş edýärler, halk amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezilýär, özboluşly däp-dessurlar ýerine ýetirilýär. 

         Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy desganyň ýanyna gelýär. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. 

          Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi garşylaýarlar. 

Hormatly Prezidentimiz dabaralaryň geçiriljek ýerine barýar. 

          Gazhimiýa toplumynyň öňündäki meýdançada sergi guralyp, ol türkmen halkynyň baý taryhy we medeniýeti barada gürrüň berýär. Gymmatlyklaryň arasynda amaly-haşam sungatynyň nusgalary bolup, olaryň hatarynda ajaýyp bezeg şaý-sepleri, milli lybaslar, agaçdan ýasalan sowgatlyklar, gap-gaçlar, keramikadan önümler, saz gurallary, oba hojalyk gurallary we elbetde, dünýä belli türkmen halylary bar. Sergide halk senetleriniň ussatlary öz sungatyny görkezdiler. Şeýle hem bu ýerde balyk tutulýan esbaplar we balyk tutmak bilen meşgullanan deňizýaka sebitiniň ýaşaýjylarynyň durmuşynda ulanylýan beýleki zatlary görmek bolýar. 

         Sergi şu ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygaryny beýan etmek bilen, iki döwri — ady rowaýata öwrülen, halklaryň söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň nyşanyna öwrülen ýoluň dörän we hereket eden döwrüni hem-de bu taryhy ýoluň häzirki zaman görnüşde gaýtadan dikeldilýän biziň döwrümizi baglanyşdyrdy. 

        Türkmenistan ençeme asyrlar mundan öň bolşy ýaly, bu gadymy ýoluň ýüregi bolup durýar. Bu gün biziň ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ägirt uly ykdysady kuwwatynyň bolmagy hem-de daşary döwletler bilen özara gatnaşyklar boýunça möhüm teklipleri öňe sürýän hem-de olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli ädimleri ädýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary syýasaty alyp barmagy netijesinde sebitiň möhüm ulag hem-de iri senagat merkezine öwrülýär. 

        Balkan welaýatynyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-saz, tans çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Täze desganyň baş girelgesiniň öňünde ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen döwlet Baştutanymyz polimer zawodynyň açylýandygyny alamatlandyrýan toý bagyny kesýär. 

        Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň geçiriljek ýerine — binanyň ýanyna barýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda daşary ýurtly işewürler — “LG International Corporation” hem-de “Hyundai Engineering Co., Ltd” koreý kompaniýalarynyň, “Çalyk Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçylary bar, olar iri düzüm taslamalaryny amala aşyrmakda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolup durýar. Şeýle hem olaryň arasynda “TOYO Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy bolup, bu kompaniýa üçin Gyýanlydaky polimer zawody Türkmenistanda amala aşyran ilkinji uly möçberli gurluşygy boldy. 

        Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, bu iri möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda täze möhüm ädim bolup, onuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan “mawy ýangyjyň” gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelemegi bilen baglylykda, gazy gaýtadan işleýän pudagyň işiniň depginini artdyrmak has-da möhüm bolup durýar. 

        Türkmenistan daşary syýasy we daşary ykdysady işiniň strategik ugurlarynyň biri hökmünde Ýaponiýa hem-de Koreýa Respublikasy bilen, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, olar bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýär. Bar bolan hökümetara ylalaşyklaryň çäklerinde uzak möhletleýin esasda guralýan bu hyzmatdaşlyk ýylsaýyn täze itergä hem-de anyk mazmuna eýe bolýar. 

        Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ýygnanan binasyna barýar, olaryň hatarynda hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Ýygnananlar ör turup, milli Liderimizi garşylaýarlar. 

        Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, hemmeleri «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýylyň şanly wakasy — Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän täze gazhimiýa toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady. 

        Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, golaýda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy giňden bellenip geçildi. Mukaddes baýramyň öňüsyrasy bolsa, Halk Maslahatynyň birinji mejlisi ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi, onuň barşynda ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeler kesgitlenildi. 

        Garaşsyz ösüşiň ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan esasy maýa goýumlarynyň möçberi 350 esseden hem köp ösdi. Şonuň 68 göterimi, ýagny 124 milliard amerikan dollaryna golaýy önümçilik pudagyna gönükdirildi. Bu bolsa 2600-den hem köp iri desgany gurup, işe girizmäge mümkinçilik berdi. 

        Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyz uglewodorod serişdelerine örän baý döwlet. Onuň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Soňky döwürde bu gymmatly serişdeleri çykarmak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere durnukly hem-de ygtybarly ibermek boýunça köp işler amala aşyryldy we aşyrylýar. Bu ugurda diňe ýaňy-ýakynda ulanmaga berlen iri kärhanalaryň biri bolan «Garabogazkarbamid» zawodyny görkezmek bolar. 

       Şu ýyl Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäklerinden geçjek bölegine badalga berildi. Täze halkara gaz geçirijisi doly işe girizilenden soň, ady agzalan ýurtlara ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny ibermäge mümkinçilik dörär. 

       Munuň bolsa mähriban halkymyzyň bagtyýar, eşretli we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmakda uly ähmiýeti bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

       Şonuň bilen birlikde, ýurdumyz ýerasty baýlyklarymyzy, şol sanda tebigy gazymyzy diňe dünýä bazarlaryna ibermek bilen çäklenmän, eýsem, olary gaýtadan işlemäge hem uly üns berýär. Tebigy baýlyklarymyzdan zerur we bäsleşige ukyply bolan, ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 

       Gyýanly şäherçesinde gurlup, ulanmaga berilýän polietilen we polipropilen öndürýän şu gazhimiýa toplumy hem bu aýdylanlara ýene-de bir aýdyň mysaldyr, onuň düýbi 2014-nji ýylyň 22-nji aprelinde tutuldy. 

        Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryndan hem köp bolan bu iri maýa goýum taslamasy «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan koreý we ýapon kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Täze toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer. 

         Iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhanada her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna hem polipropilen öndüriler. Şu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden alnan zerur bolan etan, propan ýaly maddalardan başga galan arassa 4,5 milliard kub metri ýangyç hökmünde gaz geçiriji ulgamlara akdyrylar. 

        Bir müňden hem gowrak adam işlejek täze kärhana üçin hünärmenler daşary ýurtlarda we özümizde taýýarlandy. Olaryň netijeli zähmet çekmegi, talabalaýyk dynç almagy üçin hem zawodda ähli zerur şertler döredildi. Bu ýerde naharhana, sport bilen meşgullanmak üçin ýörite zal we meýdançalar bar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kuwwatly döwrebap kärhanany gurmaga gatnaşan ähli hünärmenlere we gurluşykçylara, şeýle hem ýapon we koreý kompaniýalarynyň wekillerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

      Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan bu täze polimer zawody Garaşsyz hem-de Bitarap ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlete, taýýar önümleri öndürýän ýurda öwrülýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Berkarar Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny mähriban halkymyzyň bähbidine ulanmak babatda alyp barýan giň gerimli işlerimiziň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz belledi. 

        Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda desgalaryň gurluşygynda ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegine, döwrebap innowasiýalaryň, ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna örän möhüm ähmiýet berilýär. Şu gün işe girizilýän täze kärhananyň gurluşygynda hem bu meseleler doly göz öňünde tutuldy. 

        Kuwwatly toplumyň işe girizilmegi bilen, ata Watanymyzyň diňe nebit we gaz serişdeleriniň bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gymmat bahaly polimer önümleriniň bazarynda hem mynasyp orny eýelemäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz bu iri senagat desgasynyň şu günki ösüşlerimize mynasyp goşant goşjakdygyna hem-de geljek nesillerimize hem uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. 

       Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary şu günki şatlykly waka, Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, täze işe girizilen toplumyň işgärlerine bolsa, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

      Hormatly Prezidentimiziň çykyşy dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Dabarany daşary ýurtly myhmanlar dowam etdiler. Ilki bilen Ýulius Kun adyndaky institutyň (Germaniýa) wekili, agronomçylyk we bagbançylyk ylymlarynyň doktory hanym Margit Olle söz berilýär. 

        Myhman iri önümçilik toplumynyň açylmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, hormatly Prezidentimizi hem-de şu günki çärä gatnaşyjylary şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady, şeýle hem polimer zawodynyň işgärlerine işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. Bu taslama ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Ýewraziýa sebiti boýunça gaz pudagynyň düzümini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryny netijeli özleşdirmegiň aýdyň mysaly bolup durýar. 

        Häzir dünýäde Beýik Ýüpek ýoluna bolan gyzyklanma artýar diýip, myhman sözüni dowam etdi. Taryhy geçmişde bu ýol Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde uly orun eýelän bolsa, häzir döwrebap derejede gaýtadan dikeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy durnukly ösüş üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýe bolýar. 

        Margit Olle Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň Ýulius Kun adyndaky institut tarapyndan ýokary tehnologiýaly innowasion kärhana diýlip ykrar edilendigini belläp, sebit möçberindäki bu ähmiýetli taslamany amala aşyrmaga gatnaşanlaryň hemmesini işiň üstünlikli geçirilmegi bilen ýene bir gezek gutlap, polimer zawodynyň ýolbaşçysyna güwänamany we degişli nyşany gowşurdy. 

        Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň (“Environmental health trust” (ABŞ) uly geňeşçisi jenap Robert Dýubua Morris, öz nobatynda, türkmen Liderine ýurdumyza gelip görmek baradaky çakylyk hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, wekilçilik edýän guramasynyň işiniň daşky gurşawy goramaga, jemgyýeti mümkin bolan ekologiýa howplaryndan goramaga gönükdirilendigini belledi. Bu ýagdaýy iri senagat taslamalary amala aşyrylanda ykdysady işiň oýlanyşykly meýilleşdirilmeginiň, arassa, ekologiýa taýdan howpsuz, täze tehnologiýalary giňden peýdalanmagyň hasabyna gazanmak mümkindir. Başgaça aýdanyňda, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen bir wagtda, tebigaty goramak bilen bagly çäreler arkaly adamlaryň saglygyny gorap bolýar. 

        Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň gurluşygy hut şeýle taslama bolup, ony Hazar deňziniň ajaýyp tebigatyny goramak hem-de sebitiň ýaşaýjylary üçin amatly ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan nusga alarlyk diýip atlandyrmak bolar. Daşky gurşawy goramak babatda kabul edilýän çözgütler Ýer ýüzüniň ýagdaýynyň geljegini kesgitleýär, biz ony çagalarymyza we agtyklarymyza geljekde miras goýmalydyrys diýip, myhman belledi. 

         Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasaty ençeme halklary we medeniýetleri birleşdirip, bizde geljege bolan uly ynamy döredýär diýip, R.Dýubua Morris belledi. 

          Myhman ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen polimer zawodynyň ýolbaşçysyna desganyň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamany we degişli nyşany gowşurdy. 

         Soňra Paul Şerrer ylmy-barlag institutynyň Energetika departamentiniň (Şweýsariýa) ýolbaşçysy, professor, doktor jenap Urs Weýdmanna söz berildi. Myhman ozaly bilen, amala aşyrylan taslamanyň taryhy ähmiýetini belläp, munuň Türkmenistanyň tebigy gazyny eksport etmek bilen çäklenmeýändigini aýdyň tassyklaýandygyny belledi. Türkmenistan ýokary tehnologiýalary peýdalanmak bilen, täze ýokary hilli önümleri öndürýär hem-de şolary daşarky bazarlara ugradýar. 

        Türkmenistan 2015-nji ýylda gol çekilen hem-de tassyklanan howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny tassyklan döwletleriň hataryna girýär. Bu resminamada 2050-nji ýyla çenli howa zyňylýan zyýanly maddalaryň möçberini azaltmak barada aýdylýar. Jenap Waýdmann halkara jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň şu maksada gönükdirilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda daşky gurşawy goramak boýunça ýurdumyzda geçirilýän işlere ýokary baha berdi. 

       Şweýsariýanyň iri ylmy-barlag merkeziniň wekili Türkmenistanyň Baştutanyny innowasion energetika taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen gutlap, polimer zawodynyň ýolbaşçysyna “Durnuklylyk we netijelilik” diýen güwänamany we degişli nyşany gowşurdy. 

       Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýokary hilli önümçiligi üpjün etmekde üstünlik gazanmagy, innowasion tehnologiýalary ulanmagy mynasybetli güwänamalaryň we sylaglaryň gowşurylmagy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, olary ýurdumyzyň ýokary halkara üstünlikleriniň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi. 

        Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli senagat maksatnamasy daşky gurşawy goramak bilen berk baglydyr. Zyýanly gazlaryň ýaýramagyny azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny giňden goldamak bilen, Türkmenistan senagatda, şol sanda nebitgaz, elektrik energetikasy we himiýa pudaklarynda döwrebap, ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalary ulanmaga uly üns berýär. 

       Biz mundan beýläk-de ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda häzirki zaman innowasion we ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary ornaşdyrmagy maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ugurda amala aşyrylýan işleriň ykrar edilmegi we goldanmagy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

         Soňra ýygnananlara ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly mümkinçilikleri, üstünlikleri we ýeten sepgitleri bilen gysgaça tanyşdyrýan wideofilm görkezildi, ol panoramaly ekranda, 360 gradus görnüşde, ýörite täsirleri we lazer tehnikalaryny peýdalanmak bilen görkezildi. 

        Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hem-de onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilendir. Bu ulgamda ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýär. 

        Häzirki wagtda tebigy gazyň subut edilen gorlarynyň möçberleriniň 50 trillion kub metre ýetýändigi bilen Türkmenistan dünýäde dördünji orny eýeleýär we eýýäm häzirki wagtda ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Ýurdumyz geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi hem-de uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlaryna eýe bolmagy netijesinde Ýewropa we Aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazyň eksport möçberlerini düýpli artdyrmaga ukyplydyr. 



        Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi munuň aýdyň subutnamasydyr, onda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny birleşdiren Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjy öz beýanyny tapdy. Döwletara ylalaşyklara laýyklykda, geljekde HHR-e iberilýän türkmen gazynyň möçberi 65 milliard kub metre çenli artar. 

        Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi ýene bir strategik ähmiýetli başlangyçdyr. Häzirki wagtda bu gaz geçirijisiniň 214 kilometre deň bolan türkmen böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. 

        2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň, Hindistanyň we Pakistanyň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, gaz gysyjy iki bekediň düýbi tutuldy, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk we elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygyna girişildi. 

       Türkmen gazyny Günorta — Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzak möhletleýin ibermek maksady bilen amala aşyrylýan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. 

        2015-nji ýylda ýurdumyzyň ähli gaz geçirijilerini bir bitewi ulgama birikdiren “Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisi ulanmaga berildi. Onuň netijesinde, hususan-da, “Döwletabat”, “Malaý”, «Ýaşlar”, “Galkynyş” ýaly iri tebigy gaz känleriniň ýerleşýän ýeri bolan Mary welaýatyndan Ahal we Balkan welaýatlaryna, täze onlarça senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurulýan ýerine “mawy ýangyjy” ibermek mümkinçiligi peýda boldy. 

         Mundan başga-da, “Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisini türkmen energiýa serişdelerini Hazar sebitiniň üsti bilen halkara bazarlara ugratmak üçin peýdalanmak mümkin bolar. 

         “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ýakyn geljek ýedi ýylyň dowamynda nebitgaz toplumyna 159,9 milliard manat maýa goýum serişdelerini gönükdirmek göz öňünde tutulýar. 

          Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy, ol ähli ugurlary — geologiýa-gözleg, buraw, gazyp almak, ibermek, saklamak hem-de gazy gaýtadan işlemek işlerini öz içine alýar. 

        Häzirki wagtda “Galkynyş” iri gaz känini senagat taýdan özleşdirmek işleri alnyp barylýar, bu işler “Türkmengaz” döwlet konserni we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylýar. Hazar deňziniň türkmen böleginde we kenarýaka zolagynda, Amyderýanyň sag kenarynda, Merkezi Garagumda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde geljegi uly nebitgaz ýataklary ýokary depginlerde özleşdirilýär. 

        Nebiti we gazy çykarmagyň möçberlerini artdyrmak, pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek bilen birlikde energetika toplumynyň kärhanalarynyň tehniki we tehnologiýa taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malynyň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilen iri senagat desgalarynyň, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektrik energetikasy ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygyna uly üns berilýär. 

        Ahal welaýatynda, Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawod bina edilýär. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen kärhanada her ýylda tebigy gazyň 1 milliard 782 million kub metri gaýtadan işlenilip, iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän «Euro-5» standarty boýunça A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasy öndüriler. 

        Senagatda, gurluşykda, ulagda, oba hojalygynda ulanylýan önümleriň ýüzlerçe görnüşini çykarmak üçin esasy düzüm bolan polimerleri öndürmek, şeýle hem durmuşda zerur bolan harytlaryň köp görnüşi boýunça iri önümçilikleriň döredilmegi Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi has uly ugurlarynyň biridir. 

        Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit gaýtadan işlenilende alynýan suwuklandyrylan gazdan polipropilen öndürmek boýunça enjamlaryň gurulmagy bilen bu işleriň başy başlandy. Häzirki wagtda ugradylan polipropilen Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen daşary ýurtly sarp edijilere ýerlenilýän önümleriň sanawynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. 



        Eksport harytlarynyň aglaba bölegi deňiz ulaglary bilen Türkmenistandan daşary ýurtlara ugradylýar. Munuň üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda polipropileni saklamak hem-de ýüklemek üçin ýöriteleşdirilen terminal guruldy. 

        Şunuň bilen baglylykda, Hazar sebitinde gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça täze kuwwatly merkeziň döredilmegi ýurdumyzyň gaz senagatynyň onlarça ýyllyk geljegi nazarlaýan strategik ugry bolup durýar. 

        Häzirki wagtda bilermenler Hazar deňziniň türkmen bölegindäki gorlara 12,1 milliard tonna nebit we kondensat, şeýle hem 6,1 trillion kub metr gaz möçberinde baha berýärler. Bu ýerde “Magtymguly”, “Diýarbekir”, “Garagol deňiz” ýaly ýataklar tejribe senagat taýdan ulanmaga berilmegine taýýarlanyldy. 2011-nji ýylda Hazaryň kenarynda gazy gaýtadan işleýän zawodyň hem-de ýerüsti gaz terminalynyň ulanmaga berlendigini ýatladýarys. Kuwwatly çig mal binýadynyň, ulag we beýleki düzümleriň bolmagy Gyýanly şäherçesiniň iri gazhimiýa toplumyny gurmagyň ýeri hökmünde saýlanyp alynmagyny şertlendirdi. 

       Tolgundyryjy pursat gelýär — umumy el çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düwmäni basmak arkaly polimer zawodyny işe girizýär. 

       Monitorlarda täze kärhana we polietilen hem-de polipropilen önümçiligi barada gürrüň berýän wideofilm görkezilýär, bu film hem ýörite wideotehnikalar arkaly surata düşürildi. 

       Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryna deň bolan bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — “LG International Corp”, “Hyundai Engineering” (Koreýa Respublikasy), şeýle hem “TOYO Engineering Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Üçtaraplaýyn şertnama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylda Ýaponiýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi. 

        Zawod Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Belgiýadan, Germaniýadan, Daniýadan we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan satyn alnan döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Onuň düzüminde 4 sany esasy tehnologik desgalar: gazy bölüji, etany gaýtadan işleýän, polietilen we polipropilen öndürýän bölümler bar. Ähli tehnologik işler awtomatlaşdyrylyp, merkezleşdirilen görnüşde dolandyrylýar. 

         Kömekçi ulgamlar — deňiz suwuny toplaýan we duzsuzlaşdyrýan, gaýtadan işleýän, lagym suwuny arassalaýan hem-de senagat suwlaryny gaýtadan ulanýan, bug, howa we azot öndürýän ulgamlar, ýangyna garşy howpsuzlyk we beýleki ulgamlar gurnalanda öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri ulanyldy. Toplum elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Himiýa serişdelerini hem-de taýýar polimer önümlerini saklamak üçin ammarlar guruldy. 

           Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynda polimerleriň önümçiligi döwrebap tehnologiýalaryň esasynda amala aşyrylýar. Ilkinji çig maly mümkin bolan garyndylardan düýpli arassalamak olaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar. Hususan-da, gazy bölüji desgada COREFLUXtm tehnologiýasy ulanylýar. Ol tebigy gazdan metanyň, etanyň netijeli alynmagyny üpjün edýär. Şeýle hem bütin dünýäde ulanylýan çig maly “turşy gazlardan” we simap garyndylaryndan arassalaýan tehnologiýa ulanylýar. 

           Etan desgasy bir ýylda uglewodorod çig malynyň 685 müň tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenendir. 

           Ýeri gelende aýtsak, zawodda Türkmenistan üçin täze önümiň — ýokary dykyzlykdaky polietileniň önümçiligi özleşdirildi. Ol pes basyşda etileniň polimerleşdirilmegi netijesinde alynýar. Şunda InnovenetmS, tehnologiýasy ulanylýar. Ol dünýäde giňden ýaýran nebit we gazhimiýa senagatynyň üçlügine girýär. Lisenziýa “INEOS Technologies” (Beýik Britaniýa) — iri halkara korporasiýasy tarapyndan berildi, onuň düzümine “BP”, “ICI” we “BASF” ýaly ägirtlerden satyn alnan himiýa kärhanalary girýär. Umuman, bu Merkezi Aziýada “INEOS Technologies” korporasiýasyndan satyn alnan ilkinji InnovenetmS lisenziýasy bolup durýar. 

           Türkmenistanyň Prezidentiniň ýöredýän “Açyk gapylar” we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleri, senagat ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar, amatly maýa goýum ýagdaýy, daşary ýurtly işewür toparlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de köp ugurlarda, ozaly bilen, ylmy işleri talap edýän we ýokary tehnologiýaly pudaklara dünýä tejribesini giňden çekmek üçin amatly şertleri döredýär. Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyny gurmagyň taslamasy 2014-nji ýylda eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilen Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň gowy taslamalarynyň onusyndan biri hökmünde “TXF” (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite sylagyna eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

           Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Koreýanyň eksport-import banky hem-de Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Şweýsariýanyň şu taslamany maliýeleşdirmek boýunça maliýe edaralarynyň bileleşigi bilen gol çeken karz ylalaşyklarynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 2,5 milliard dollaryndan hem geçýär. Bularyň hemmesi dünýäniň iri işewürligi tarapyndan Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlyga işjeň gyzyklanmany we taýýarlygy aýdyň görkezýär, munuň özi uly abraýly, ygtybarly, durnukly we jogapkärli hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde biziň ýurdumyza bildirilýän ynamyň uludygyna şaýatlyk edýär. 

         Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zawodyň taýýar önümleri gaplaýan bölümine baryp gördi, şol önümleriň hatarynda, ýokary temperaturada polimere dürli goşundylaryň girizilmegi netijesinde alynýan polietileniň ýedi görnüşi hem-de polipropileniň bäş görnüşi bar. 

         Kompaundirleme diýlip atlandyrylýan bu iş polimer önümleriniň esasy aýratynlyklarynyň toplumyny modifisirlemäge mümkinçilik berýär. Bu wajyp işi ýerine ýetirmek üçin ýörite enjamlar, şol sanda ekstruder abzaly göz öňünde tutulandyr. 

         Taýýar önümleriň düwürleri ammara ugradylýar, soňra dürli agramlykdaky haltalara gaplanylýar. 

         Kislotalara, aşgarlara, ýaglara garanyňda, berk mäkämligi we gatylygy, himiýa durnuklylygyna, dielektrik häsiýetlerine eýe bolmak bilen, polietilen tehniki, şeýle hem durmuşda ulanylýan serişdeleri — örtüjileri, paketleri, kommunikasiýa turbalaryny, elektrik kabelleri örtüjileri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýar. Ondan durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, çelekler, oýnawaçlar, gap-gaçlar, aşhana we hammam önümleri, tikinçilik we mebel önümleri, awtomobil we durmuş tehnikalary üçin şaý-sepleri, şeýle hem oýun oýnalýan meýdançalar, guýular, estakadalar görnüşindäki uly möçberli gurluşlar üçin göwrümleri taýýarlaýarlar. 

         Külkelenen polipropilene dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär, bu isleg soňky on ýylyň dowamynda yzygiderli ýokarlanýar, bu bolsa birnäçe sebäpler bilen baglydyr. Bu polimer örän ýeňil gaýtadan işlenilýär, özboluşly häsiýetlere — ýeňillik, mäkämlik, ýokary temperaturalara durnuklylyk ýaly häsiýetlere eýe bolup, innowasion tehnologiýalar netijesinde ony ulanmagyň täze ugurlary peýda bolýar. Häzir polipropilenden önümleriň dürli görnüşleri — gaplaýyş örtüginden we plastik gaplaryndan başlap, durmuşda ulanylýan tehnikalaryň we awtoulaglaryň ýokary tehnologik şaýlaryna çenli öndürilýär. 

        Şu ýylyň tomsunda TNGIZT-de kuwwaty ýylda 21 müň tonna önüme deň bolan biaksial-ugurly polipropilen örtügini öndürýän zawodyň ulanmaga berlendigini bellemek gerek. 

         Şeýlelikde, tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn işläp taýýarlamagy ugur edinmek bilen, Türkmenistan dünýäniň energetika bazarynda energiýa serişdelerini iberýän döwlet hökmünde öz ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportynyň harytlyk düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna oňa gatnaşmagynyň häsiýetini hil taýdan üýtgeder. 

         Mälim bolşy ýaly, bir aý mundan ozal, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar sebitinde “Garabogazkarbamid” zawody açyldy, bu desga hem batly gadamlar bilen ösýän gazhimiýa senagatynyň ösmeginde möhüm tapgyr boldy. “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) hem-de “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalary bilen bilelikde gurlan döwrebap kärhananyň ýyllyk kuwwaty oba hojalygynda giňden ulanylýan azot dökünleriniň 1 million 155 müň tonnasyna deňdir. 

           Ine-de, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyň binasynda oturdylan monitoryň ekranynda “Garabogazkarbamid” zawodyndan eksporta ugradylýan önümiň ilkinji tapgyrynyň ýüklenýän pursatlary görkezilýär. Milli Liderimiz kuwwatly ýük awtoulaglarynyň kerwenine ak pata berdi. Bu ýerden ugran ýük ulaglar kerweni Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna tarap ýola düşdi. Bu ýerden karbamid deňiz gämileri bilen daşary ýurtly sarp edijilere ýetiriler. 

         Döwlet Baştutanymyz bu önümçilik bilen tanyşlykdan soňra, Hormatly myhmanlaryň kitabynda şu günki waka barada ýadygärlik ýazgy galdyrdy. 

         Zawodyň hünärmenleri gazhimiýa pudagynyň döwrebap önümçilik desgalaryny gurdurandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler, bu ýerde ata Watanymyzyň bähbidine päk ýürekden zähmet çekjek işgärleriň tutanýerli işlemegi üçin amatly şertler döredildi. 

        Nebitgaz senagatynyň işgärleriniň adyndan milli Liderimize ýadygärlik sowgady gowşurylýar. 

         Döwlet Baştutanymyz zawodyň işgärlerine işlerinde üstünlik arzuw edip, olara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. 

        Şeýle hem bu ýerde, gazhimiýa toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. 

        Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, şu günki şanly waka bilen gutlady. Myhman milli Liderimize berk jan saglygyny hem-de alyp barýan köpugurly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, halkara bileleşigiň okgunly ösüş depginlerini görkezýän Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýäniň işewür toparlary biziň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge hem-de bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. 

         Hormatly Prezidentimiz iri bilelikdäki taslamalarda anyk beýanyny tapýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijeli, däbe öwrülen dostlukly häsiýetini bellemek bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýtdy hem-de türk holdinginiň türkmen bazarynda ýerine ýetiren işine kanagatlanma bildirdi. 

         Duşuşygyň çäklerinde dürli ugurlarda geljekki gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Işewür gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda Türkmenistanyň elektroenergetika düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara ugradylýan möçberini artdyrmak boýunça bellenilen meýilnamalary nazara almak bilen, giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawody taslama kuwwatlylygyna çykarmak hem-de beýleki käbir bilelikdäki taslamalary, şol sanda Aşgabatda Halkara bejeriş-kosmetologiýa merkeziniň gurluşygyny ilerletmek boýunça işleriň barşy hakynda habar berdi. 

         Duşuşygyň ahyrynda Ahmet Çalyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özara söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini hem-de möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň özüne bildirilýän ynama ýokary baha berýändigini hem-de geljekde-de öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy. 

        Soňra şu ýerden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bag ekmek boýunça ýowaryň geçirilýän ýerine ugrady we ýol ugrunda ägirt uly täze senagat kärhanasynyň önümçilik desgalaryny synlady. 

        Milli Liderimizi dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de köp sanly ýaşlar mähirli mübärekleýärler. Olar bag ekiljek meýdanda işe girişmäge taýýar bolup durlar, bu ýere ekiljek bag nahallary öňünden getirildi. 

    Hemme ýerde ýaňlanýan sazyň owazy ruhubelentlik hem-de şatlyk ýagdaýyny döredýär. 

       Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyz ilkinji agaç nahalyny oturdyp, güýzki bag ekmek möwsümini açýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjyna ýygnananlaryň ählisi agzybirlik bilen goşuldylar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik korpusyň wekilleri we daşary ýurtly myhmanlar türkmen topragynyň gözelligini has-da artdyrjak çärä gatnaşdylar. 

       Tebigata aýawly garamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyz eziz Watanymyzyň ösüşiniň hem-de täzelenişiniň nyşany bolan gür baglaryň hem-de tokaýlaryň mekanyna öwrülýär. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen indi köp ýyllaryň dowamynda giň möçberli bag ekmek maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. 

         Awtomobil we demir ýollarynyň ugrunda, okgunly ösýän senagat düzüminiň, keşbi özgerýän şäherleriň we täze obalaryň töwereginde ýaşyl baglar peýda bolýar. Köpetdagyň eteginde, ak mermerli Aşgabadyň golaýynda agaç nahallarynyň millionlarça düýbi oturdyldy. 

      «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täsin baglary döretmäge aýratyn üns berilýär. Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşýän dünýä derejesindäki şypahana zolagy halkymyzyň hakyky buýsanjy, gadymdan gelýän milli hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we myhmansöýerlik däpleriniň aýdyň beýany bolup durýar. Ajaýyp myhmanhanalar, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, kottej şäherjikleri, seýilgäh-dynç alyş toplumlary we hyzmatlaryň ýokary derejesi Awazany köp sanly türkmenistanlylar hem-de daşary ýurtly myhmanlar üçin ajaýyp mekana, maşgala bolup dynç almak üçin has oňaýly ýere öwürýär. 

          Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we goldawy bilen durmuşa geçirilýän, möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk, durmuş-ykdysady taýdan ägirt uly ähmiýete eýe bolan bu maýa goýum taslamasy sebiti toplumlaýyn ösdürmegiň innowasion nusgasyna öwrüldi. “Awaza” taslamasy syýahatçylygyň okgunly ösdürilmeginiň başyny başlap, Türkmenistanyň has-da rowaçlanmagyny şertlendirýän birnäçe ugurlary özüne birleşdirdi. Munuň özi baý tebigy serişdeleri, syýahatçylyk mümkinçiliklerini hem-de ýurdumyzyň amatly ulag-üstaşyr ýagdaýyny toplumlaýyn ulanmak, şunuň esasynda milli ykdysadyýeti has-da ösdürmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşyklydyr. 

           Ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegine we abraýly halkara bilermenleriň gelen netijesine görä, Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa babatda has amatly hasaplanylýar. Munuň özi bu ulgamda maksadalaýyk işleriň yzygiderli geçirilmegi bilen düşündirilýär. Ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar şähergurluşygy, nebitgaz ulgamynda, himiýa senagatynda, elektrik energetikasynda, oba hojalygynda we tutuşlygyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, iri halkara hem-de sebit taslamalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 

           Muňa aýdyň mysal hökmünde ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny görkezmek bolar. Bu toplumy döwrebaplaşdyrmak hem-de tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işleri öňdebaryjy tehnologiýalary we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Bular bolsa daşky gurşawa ýetirilýän tehnogen zyýanyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. 

         “Ýaşyl port” (Green port) halkara standartyna laýyk gelýän, şu ýylyň maý aýynda ulanmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak üçin terminallaryň her birinde bioarassalaýjy enjamlar ornaşdyryldy. Deňiz portunyň gurluşygy mahalynda çykarylan topragyň deňiz aýlagynyň akwatoriýasyndaky 170 gektar meýdana barabar bolan emeli adany döretmek üçin ulanylandygy bellärliklidir. Bu ada gyzylinjik, guw, gaz, ördek, gotan ýaly guşlaryň we beýlekileriň mesgen tutan hem-de gyşlaýan ýerine öwrüldi. 

         “Garabogazkarbamid” zawodynda mineral dökünlerini öndürmekde innowasion tehnologiýalar ulanylýar. Bu kärhananyň hem ekologiýa howpsuzlygy abraýly halkara guramalaryň güwänamalary bilen tassyklanyldy. 

        Oktýabr aýynyň başynda giň möçberli çäre — Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň günleri badalga aldy. Bu çäre bir aýyň dowamynda geçiriler. Gymmat bolmadyk, ygtybarly we döwrebap energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek, ykdysady ösüşe hem-de iş orunlary bilen doly üpjün etmäge, azyk howpsuzlygyna hem-de oba hojalygyny ösdürmäge, senagatlaşdyrmaga we innowasiýalara ýardam bermek, şeýle hem suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek, çölleşmäge garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak — “Gün tertibi — 2030”-yň bu ugurlarynyň her biri boýunça ýurdumyzyň oňyn tejribesi bar. 

          Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda, BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň Ýaponiýada geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitlerinde we beýleki iri forumlarda öňe süren oňyn başlangyçlary hem häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. 

          Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygy üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň täsirli we köptaraply gurallaryny döretmek baradaky teklipler bar. Hazaryň täsin toplumy, sözüň doly manysynda, tutuş adamzadyň baýlygy bolup durýar. 

          Şu gün tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu ýerde geçirilen bag ekmek çäresi Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli we yzygiderli işiň aýdyň mysallarynyň birine öwrüldi. Munuň özi tebigaty aýawly saklamagyň hem-de dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine umumy asylly işe aýdyň goşant bolup durýar. 

         Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken ýörite Karary Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmekde täze tapgyr boldy. Şol resminama laýyklykda, 2018-nji ýylyň bag ekmek möwsüminiň barşynda agaç nahallarynyň 3 million düýbi oturdylar. Olaryň 1,5 million düýbi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň arasyndaky meýdanda we şol möçberdäki saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň nahallary welaýatlaryň dolandyryş merkezleriniň we şäherleriniň töwereginde ekiler. Bu Karary durmuşa geçirmek ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi. Şu ýylyň ýaz paslynda ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda agaç nahallarynyň 445 müňden gowragy oturdyldy. 

         Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip, paýtagtymyza ugrady.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi



Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi


Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   19.10.2018  /   Wakalaryň jümmüşinde



Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.


Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleriniň netijeleri hem-de milli parlamentiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi, şeýle hem Parlamentara Bileleşiginiň (PB) 139-njy Assambleýasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň deputatlarynyň wekiliýetiniň Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada habar berdi.


Bellenilişi ýaly, täze kanunlaryň taslamalary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň saýlanlarynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň şu ýylyň 20-nji oktýabrynda geçiriljek nobatdaky maslahatynyň gün tertibine aýry-aýry ugurlarda we umuman, hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleri ilerletmäge gönükdirilen käbir kanun taslamalary girizildi.


Wekiliýetiň agzalary PB-niň Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Zenan Parlamentarileriň 28-nji forumyna gatnaşyp, gender meselelerini çözmekde ýurdumyzyň gazananlary, bu ugurda kanunçylyk binýadyny berkitmek, türkmen jemgyýetinde asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan eneleri çuňňur hormatlamak däplerini goldamak boýunça geçirilýän işler barada çykyş etdiler.


Habar berlişi ýaly, Mejlisiň Başlygy Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň umumy maslahatynyň çäklerinde “Innowasiýalar we tehnologiki ösüş döwründe parahatçylygy berkitmekde we ösüşde parlamentiň orny” diýen mowzuk boýunça çykyş etdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan syýasaty netijesinde, Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşe hem-de innowasiýalary giňden ornaşdyrmaga ýardam edýän mäkäm kanunçylyk binýady döredildi, şeýle hem ähli ugurlarda durnukly ösüş, maliýe we durmuş durnuklylygy üpjün edilýär, daşarky howplara hem-de dünýä ykdysadyýetiniň üýtgemegine öz wagtynda täsir edilýär.


Maslahata gatnaşyjylara durmuş ugurly içeri we daşary syýasaty amala aşyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda geçirilýän köpugurly işler öz beýanyny tapdy, türkmen Lideriniň ählumumy ähmiýetli döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.


Bellenilişi ýaly, Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasyna gatnaşyjylar 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Abadançylyk ýyly diýip yglan etmek hakynda döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň belent münberinden beýan eden teklibini ruhubelentlik bilen kabul etdiler hem-de biragyzdan goldadylar.



Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Parlamentara Bileleşiginiň Assambleýasynyň ýanyndaky Şweýsariýa wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Parlamentara Bileleşiginiň parlamentarileriň hukuklary boýunça komitetiniň başlygy, senator Andrea Karoni, Parlamentara Bileleşiginiň prezidenti hanym Gabriella Kuewat Barron hem-de Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary Martin Çungong bilen duşuşyklary boldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklaryny berkitmek meselelerine ünsi çekip, onuň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.


Kanunçykaryjylyk işi babatda tejribe alyşmaga, halkara bileleşigini demokratik hukuk döwletiň ösüş ýolunda Türkmenistanyň taryhy tejribesi hem-de häzirki gazananlary bilen halkara bileleşigini tanyşdyrmak boýunça çäreleri guramak babatda tejribe alyşmaga aýratyn ähmiýet bermek möhümdir.


Milli Liderimiz gender deňligi babatda üstünlikleri dünýä bileleşigine ýetirmegi, türkmen jemgyýetinde taryhy taýdan kemala gelen mukaddeslik hökmünde enäni hormatlamak bilen bagly milli däplerimizi giňden ýaýmagy işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Biziň borjumyz şol däpleri mynasyp dowam etmek, zenanlaryň hukuklaryny amala aşyrmak, köpugurly ukyplaryny we zehinlerini ýüze çykarmak üçin ähli şertleri döretmek bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň 16-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi, saparyň dowamynda Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirildi. Özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny iberip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady. Şunda özbek tarapynyň milli Liderimiziň şu ýylyň aprel aýynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işlerine aýratyn üns berildi.


Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Daşkentde bolmagynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Şonda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny has-da giňeltmek meselelerine seredildi. Şunuň bilen birlikde, 2019-njy ýylda Özbegistanda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görmek we onuň gün tertibi boýunça pikir alyşmalar boldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwletler bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, deňhukuklylyk esasynda guralýan Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.


Söwda-ykdysady gatnaşyklar babatda aýdylanda bolsa, bar bolan uly mümkinçilikler özara haryt dolanyşygynyň möçberini düýpli artdyrmak hem-de ony diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle hem ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Köpasyrlyk taryhy-medeni we ruhy umumylyk iki ýurduň halklaryny birleşdirip, bu gatnaşyklaryň binýadyny kemala getirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Özbegistanyň doly möçberli hyzmatdaşlygy ugur edinýändiklerine ýokary derejedäki özara saparlaryň we duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýändiginiň hem-de şolaryň netijeliliginiň, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň-da şaýatlyk edýändigini aýdyp, bu ugurda netijeli işleri dowam etdirmek boýunça birnäçe degişli tabşyryklary berdi.



Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň 18-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, Baku şäherinde Prezident Ylham Alyýew bilen duşuşyk geçirildi, dostlukly döwletiň Baştutanyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen gutlag haty gowşuryldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutany çuňňur hoşallygyny beýan edip, türkmen Lideriniň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, energetika hem-de ulag ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy.


Duşuşykda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini netijeli herekete getirmek maksady bilen, bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak barada birnäçe anyk teklipler aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň arasynda ýörite duşuşygy geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.


Däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň möhümdigine aýratyn üns berildi, muňa yzygiderli geçirilýän özara Medeniýet günleri, döredijilik duşuşyklary we beýleki çäreler ýardam edýär. Hususan-da, Azerbaýjanyň Milli haly muzeýinde türkmen halysynyň sergisini guramak baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy.


Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedow bilen duşuşyk geçirildi.


Şol gün hem Bakuda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirildi. Onuň gün tertibine türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy girizildi. Hazarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk babatynda Türkmenbaşy we Baku şäherleriniň Halkara deňiz portlarynyň arasynda ýük gatnawlarynyň mukdarynyň artdyrylmagynyň zerurdygy bellenildi.


Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019 — 2020-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, biziň ýurtlarymyzy gadymdan bäri dostlukly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini, munuň bolsa taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen şertlendirilýändigini, türkmen-azerbaýjan halklaryny birleşdirýändigini belledi. Häzirki döwürde döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy. Muňa geçen ýylyň awgust aýynda gol çekilen möhüm ähmiýetli ikitaraplaýyn resminama — Strategiki hyzmatdaşlyk hakynda Jarnama gol çekilmegi hem şaýatlyk edýär. Türkmenistan bilen Azerbaýjan iri sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýär hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň ýakyndygyny görkezýär.


Biziň ýurtlarymyz ägirt uly tebigy — serişde kuwwatyna, şol sanda energetika serişdelerine eýedir, munuň özi dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklar, hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Iki doganlyk goňşy döwletiň çäk taýdan ýerleşişi hem multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde hem-de şolary halkara logistika düzümlerine goşmakda tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Şeýlelikde, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat döredildi diýip, milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem, hususan-da, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy we 2013-nji ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran resmi saparlarynyň çäklerinde, şeýle hem Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň 2015-nji ýylda ýurdumyza resmi sapary mahalynda ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar ähli ugurlar boýunça netijeli döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Şonda ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna hem gol çekildi. Netijede, uzakmöhletleýin geljek üçin köpugurly hyzmatdaşlygyň ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tokio şäherine iş saparynyň degişli maksatnamasy hödürlenildi, saparyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisiniň hem-de bilelikdäki işewürlik maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.


Soňra Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowa söz berildi, ol ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp barýan işleri hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we netijeli özleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem iri maliýe gaznalar we daşary ýurtlaryň esasy banklary bilen hyzmatdaşlyk barada aýdyldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň ähli döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Amala aşyrylýan syýasatyň netijesinde, türkmen döwleti gysga wagtda Ýer ýüzüniň depginli ösýän ýurtlarynyň sanawynda pugta orun tutup, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşdy.


Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum maksatnamalarynyň möhüm tapawutly aýratynlygy şolaryň ýakyn geljek üçin önümçilik pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga we ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn ösüşini gazanmaga gönükdirilendiginden ybaratdyr. Şoňa görä-de, milli Liderimiz häzirki wagtda ykdysady kuwwaty boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän Ýaponiýanyň tejribesiniň biz üçin örän peýdaly bolup biljekdigini nygtady.


Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça banky bilen gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny belläp, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Bu bankyň gatnaşmagynda ýurdumyzda nebitgaz we himiýa senagatynda, beýleki pudaklarda iri maýa goýum taslamalary amala aşyryldy.


Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn, okgunly hem-de däp bolan dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Ýaponiýanyň ýurdumyzyň ygtybarly we möhüm işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda üstünlikli işleýändiklerini aýtdy.


Balkan welaýatynda — Garabogaz şäherinde karbamid dökünleriniň, Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen önümçilikleri, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň taslamalary ýaly senagat toplumlarynyň gurluşygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijeleridir. Şunda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geljekde hem ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegine we öňdebaryjy ýokary netijeli hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň döredilmegini, innowasiýa işläp taýýarlamalaryň we nou-haularyň işjeň herekete getirilmegini ugur edinýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, senagatlaşdyrmagy hem-de ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagy ugur edinen ýurdumyz olaryň maýa goýum işjeňligini goldaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maksatnamany umuman makullap, Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisini hem-de bilelikdäki işewürlik maslahaty ýokary derejede guramagy tabşyrdy, bu çäreler umumy bähbitlere laýyk gelýän özara peýdaly döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berer.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow 2018-nji ýylyň 28-nji oktýabry–10-njy noýabry aralygynda ýurdumyzda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.


Bu dünýä birinjiligine gatnaşmak üçin Ýer ýüzüniň 100 ýurdundan (Afrikanyň 9 döwletinden, Ýewropanyň 38 ýurdundan, Aziýanyň 29 ýurdundan, Amerikanyň 15 ýurdundan we Okeaniýanyň 9 ýurdundan) ýüz tutmalar gelip gowuşdy. Şeýlelikde, daşary ýurtlardan türgenleriň 800-e golaýynyň, umuman alanyňda, dürli ýurtlardan wekilleriň 1500-siniň, şol sanda emin toparlarynyň, žurnalistleriň we beýlekileriň gelmegine garaşylýar. Ýaryşlara hyzmat etmek üçin Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden meýletinçileriň 500-e golaýy taýýarlanyldy.


Çempionatyň web-saýtyny taýýarlamak, ýaryşa gatnaşyjylar üçin akkreditasiýalary resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary meýletinçiler, guramaçylar üçin hem-de Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin egin-eşikleri taýýarlaýar. “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde, “Aşgabat” seýilgähinde, şeýle hem beýleki ýerlerde çempionatyň açylyş dabarasyna petekleriň satuwy başlandy. Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Medeniýet ministrligi tarapyndan degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä çempionatyny birkemsiz geçirmek, oňa gatnaşyjylar we myhmanlar üçin amatly şertleri döretmek, dessin beýan etmek üçin ähli çäreleri görmek barada degişli görkezmeleri berdi.


Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky meselelere ünsi çekdi, bu ulgam hem beýleki durmuş düzümleri ýaly, döwrebaplaşmak ýagdaýyny başdan geçirýär. Hünär bilimi hemişe döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň şertleriniň biri boldy. Häzir ol zähmet bazarynyň isleglerine has laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz döwletiň, iş berijileriň we okuw mekdepleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň hem-de şolary Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasyny amala aşyrmaga gönükdirmegiň möhümdigini belledi.


Ähli derejelerde okuw sapaklaryny sanly ulgama geçirmek häzirki şertlerde möhüm orun eýeleýär. Bu ugur milli bilim ulgamyny özgertmegi dowam etmekde esasy ugurlaryň biri bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmegi, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesini giňden ornaşdyrmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.


Döwlet Baştutanymyz Buýruga gol çekdi, resminama laýyklykda, ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň wekilleri Rumyniýada hünärmenleri taýýarlamak boýunça Ýewropada netijeli işler bilen tanyşmak üçin bu ýurda iberilýär. Rumyniýany Türkmenistan bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Bilim ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň hem-de ýakyn geljek üçin möhüm düzüm bolup, şonuň üçin bu ugurda gatnaşyklary giňeltmek zerurdyr. Her ýyl türkmen talyplarynyň onlarçasy döwrebap bilim almak üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ugradylýar, olar türkmen ykdysadyýetiniň pudaklarynda geljekki hünärleri üçin zerur bolan bilimleri ele alýar.


Geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda geçirilen ýöriteleşdirilen serginiň barşynda ýokary okuw mekdepleriniň has işjeň gatnaşyklara uly isleg bildirýändigini görkezdi. Talyplary we mugallymlary yzygiderli alyşmak, bilim işgärlerimiz üçin okuw tejribeligini guramak mümkinçilikleri barada hem oýlanmak gerek. Ynsanperwer gatnaşyklarynyň berkidilmegi beýleki ugurlarda hem döwletara gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge hyzmat eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.



Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine esaslanyp, “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýandygyny, dürli ugurlarda, şol sanda ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary döwletleriň ugurdaş bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna we giňeldilmegine hem-de mugallymlaryň we talyplaryň tejribe toplamagyna ägirt uly ähmiýet berilýär.


Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe we şu günki mejlise çagyrylan Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowa ýüzlenip, Halk Maslahatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmek boýunça birnäçe wajyp çözgütleriň kabul edilendigini belledi. Bu ýokary okuw mekdebiň alymlarynyň we mugallymlarynyň netijeli tekliplerini taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmak gerek diýip, milli Liderimiz belledi.


Ýokary okuw mekdepleriň ylmy işgärleri dürli ugurlarda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ähmiýeti barada habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


Hormatly Prezidentimiz soňky wagtlarda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi babatda görülýän çäreler barada aýdyp, bu ugurda öňde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýerlerde haýsy ugra degişli hassahananyň gurulmagy, şeýle hem arassaçylyk we keselleriň öňüni almak boýunça degişli gulluklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin çäreleri görmek barada wise-premýer P.Agamyradowa we Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory A.Orazalyýewa birnäçe tabşyryklary berdi.


Milli Liderimiz dünýäniň dürli ýurtlarynda bolup geçýän ykdysady üýtgeşmeleri nazara almagyň gerekdigini belläp, wise-premýer G.Myradowa hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory S.Ataýewa bazar gatnaşyklarynyň esasy görnüşlerini öwrenmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly we köpugurly esasda ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Çakyýewe hem-de Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň rektory N.Kulyýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegi, awtomobil we demir ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly degişli teklipleri taýýarlamak boýunça tabşyryklary berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugruň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna giň ýol açar.


Häzirki wagtda ýurdumyzyň şäherlerini gurmagyň, abadanlaşdyrmagyň we keşbini özgertmegiň depginlerini ýokarlandyrmak meseleleri ileri tutulýan wezipeler bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de wise-premýer D.Amangeldiýewiň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanowyň ünsüni şähergurluşyk-binagärlik ulgamynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan teklipleriň taýýarlanylmagyna çekdi.


Diňe bir gurluşyk toplumynda däl, eýsem, ähli ugurlarda innowasion tehnologiýalary we täzeçil usullary ornaşdyrmak möhüm talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek, ýurdumyzyň alymlarynyň, hünärmenleriniň we talyplarynyň daşary ýurtlarda bolup, tejribe toplamagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmek gerek. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ylmy esasda kompýuter tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak bilen çözmegiň ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň üstünliginiň esasy şerti bolup durýandygyny belledi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 16 — 18-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.



Duşuşygyň barşynda iki ýurduň döwlet düzümleriniň, esasy pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky söwda-ykdysady hem-de maýa goýum gatnaşyklary baradaky meseleler, şol sanda azyk, derman serişdeleri, nebitgaz, himiýa, dokma, dag-magdan senagaty, raýat awiasiýasy ulgamynda, oba hojalygynda, bilim we ylym, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi. Mundan başga-da, saud kärdeşler bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, şolaryň dowamynda ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin pikir alşyldy.


Şunda Saud Arabystany Patyşalygynda özara ynam we hormat goýmak esasynda guralýan gatnaşyklaryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Ýangyç-energetika toplumynda hem-de beýleki birnäçe pudaklarda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirildi.


Toparyň mejlisiniň barşynda Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýum ministri Majid bin Abdulla Al-Kasabynyň habar berşi ýaly, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy üçin goşmaça maýa goýum serişdelerini bölüp bermek barada çözgüt kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Saud Arabystanynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dükanlaryny açmak üçin zerur ýardam bermäge taýýarlyk beýan edildi.


Soňra wise-premýer geljek ýyldan başlap, içerki sarp edijileriň gaz bilen üpjün edilişini düzgünleşdirmek bilen baglanyşykly ýurdumyzyň kanunçylygyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, şeýle hem kärhanalarda we ýaşaýyş jaýlarynda gazyň sarp edilişini hasaba alýan enjamlary oturtmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, degişli edaralar tarapyndan gazdan peýdalanmagyň düzgünleri kämilleşdirilip, olar Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatyny netijeli peýdalanmaga hem-de ýangyç-energetika toplumynda milli we umumy bähbitlere kybap gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady.


Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky mejlisine degip geçip, bu gün däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň köp ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz özara bähbitli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek hem-de gerimini giňeltmek üçin örän uly mümkinçiligiň bardygyny belläp, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde anyk durmuşa geçirmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.


         Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň yzygiderli depginini kanagatlanma bilen nygtady. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Günorta — Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gazyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etjek TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.


Saud ösüş gaznasy tarapyndan bölünip berlen maýa goýum serişdeleri daşary ýurt maýadarlarynyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Olar bu taslamanyň möhümdigine we kuwwatyna ýokary baha berýärler. Şunda ýurdumyzyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty, milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygy, bar bolan oňyn maýa goýum ýagdaýy oňat şertler bolup hyzmat edýär.



Türkmenistan hem-de Saud Arabystany tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan dünýä döwletleriniň hataryna girýär. Bu bolsa ýangyç-energetika hem-de beýleki pudaklarda döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


Wise-premýere ähli ulgamlarda energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň hasaba alnyşynyň döwrebap ulgamlaryny ornaşdyrmak, hususan-da, ilaty hasaplaşyk kitapçalary bilen üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklar berildi. Bu ugurda görülýän anyk çäreler tebigy serişdeleriň aýawly peýdalanylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.


Soňra “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleriň ýagdaýy barada habar berdi.


Häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşýan ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baş wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylaryna gaz senagatyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň düzümlerini innowasiýalar esasynda döwrebaplaşdyrmak, pudagy giň gerimde tehniki we tehnologiýa taýdan täzelemek, iri maýa goýum taslamalaryny, şol sanda halkara TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrmagyň bellenilen möhletde ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamak babatynda anyk görkezmeleri berdi.


Şeýle hem innowasiýalar, tehnologiýalar esasynda içerki bazarda hem, dünýä bazarlarynda hem uly islege eýe bolan dürli görnüşli ýokary hilli önümleri öndürýän häzirki zaman kärhanalaryň gurulmagy energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeler barada hasabat berdi.


Häzirki wagtda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekerançylar ýokary hilli tohum bilen üpjün edilýär, oba hojalyk tehnikasynyň hem-de gurallarynyň bökdençsiz işi ýola goýuldy. Gögeriş alnan bugdaý meýdanlarynda ösüş suwy berilýär hem-de zyýankeşleriň öňüni almak boýunça degişli işler geçirilýär.


Ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamagyň depginini ýokarlandyrmak, çig maly kabul ediş harmanhanalaryna bökdençsiz ibermek hem-de hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek üçin netijeli çäreler görülýär.


Oba hojalyk işgärlerine ýerlerde degişli maslahat kömegini bermek üçin ýörite toparlar döredildi, şolaryň düzümine alymlar we tejribeli hünärmenler girizildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň düşewüntliliginiň has-da ýokarlandyrylmagyna hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna, gaýtadan işleýän düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň kabul edilmeginiň bäsdeşlige ukyply oba hojalyk pudagyny kemala getirmegiň zerur şerti bolup durýandygyny nygtady.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýalaryň we ylmyň gazananlarynyň iş ýüzünde giňden ornaşdyrylmagynyň, ekin meýdanlarynyň hasyllylygynyň gowulandyrylmagynyň, suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagynyň möhümdigini belledi. Tutuşlygyna bularyň ählisi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýöretmekde öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine ýardam eder. Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýere pagta ýygymynyň hem-de ekiş möwsüminiň bellenilen möhletlerde we agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.



Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, senagat ulgamynyň pudaklaýyn önümçilik düzümini berkitmek we giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiniň kemala getirilmegi ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň, ony dünýäniň ösen döwletlerine kybap gelýän ölçegleriň ýagdaýlaryna çykarmagyň ýeke-täk ýoludyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunda senagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklaryna strategiki orun berilýär. Ol hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi baý ýerli serişdeleriň esasynda innowasion önümçilikleri döretmek, dünýä bazarlaryna çykmak mümkinçiligi üçin düýpli maýa serişdeleriniň goýulmagy netijesinde eýe boldy.


Döwlet Baştutanymyz bu ulgama iň öňdebaryjy enjamlar we iň täze tehnologiýalar görnüşinde daşarky maýa goýumlary çekmegiň wajypdygyny nygtap, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek ugrunda bolşy ýaly, eksporta gönükdirilen ugurda hem ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýete eýe bolan milli senagat taslamalaryny depginli durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşyk serişdeleri hem-de himiýa pudagy ulgamlaryny has-da ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini kesgitledi. Bu ugurlar ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisine çagyrylan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewiň ünsüni ýolbaşçylyk edýän düzüminiň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini kämilleşdirmek, öndürilýän mineral dökünleriň hem-de beýleki himiýa önümleriniň hilini we möçberini ýokarlandyrmak baradaky meselelere çekip, pudakda täze desgalaryň gurluşyklarynyň barşyny we möhletini, bildirilýän ekologiýa howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Energetika ministrliginiň döwlet elektrik stansiýalarynda meýilnamalaýyn abatlaýyş işlerini geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynda elektrik togunyň we agyz suwunyň sarp edilýän möçberlerini hasaplaýjylary oturtmagyň barşy barada aýdyldy. Habar berlişi ýaly, ilata hasaplaşyk kitapçalaryny bermek hem-de zerur bolan resminamalary resmileşdirmek işleri dowam edýär.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Energetika ministrliginiň garamagyndaky düzümleriň öňünde durýan ähli wezipeleriň, şol sanda döwlet elektrik stansiýalarynda dikeldiş-abatlaýyş işleriniň öz wagtynda talabalaýyk derejede ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, hojalygy ýöretmegiň we dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.


Döwlet Baştutanymyz hasaplaşyk kitapçalarynyň berilýän wagtynda ilata sarp edilýän elektrik energiýasynyň we suwuň hasabynyň ýöredilişine gözegçilik etmegiň möhümdigini giňişleýin düşündirmegi tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Aşgabatda HHR-da öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisini hem-de şonuň çäklerinde tegelek stol görnüşinde ikitaraplaýyn gepleşikleri guramaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


Bu sergä HHR-niň kompýuter tehnologiýalary, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda, energetika, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleriniň, elektrik enjamlarynyň önümçiligi, ýeňil we azyk senagaty, maşyngurluşyk pudaklarynda hem-de obasenagat toplumynda işleýän kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergä gatnaşjak kompaniýalar öz önümleriniň — häzirki zaman tehnikalarynyň we önümçilik tehnologiýalarynyň tanyşdyrylyşyny geçirerler.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara işewür çärelerini geçirmek boýunça görkezmeleri berip, şolaryň söwda-ykdysady aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine, Türkmenistanyň maýa goýum hem-de eksport kuwwatyny dünýä jemgyýetçiligine görkezmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, önümçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga degişli taslamalary herekete girizmäge gönükdirilendigini belledi. Şu babatda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda HHR-iň milli önümleriniň sergisine hem-de tegelek stol görnüşindäki gepleşiklere gatnaşmagyny guramak, bu çärelere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny giňden çekmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


Biz daşarky bazarlarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürip, eksport möçberleriniň artmagyna hem-de halkara söwdasy ulgamynda onuň oňyn abraýynyň döremegine ýardam berýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu ulgamda eýeleýän ornuňy öňe ilerletmegiň dünýädäki ýagdaýlara düşünmegi, önüm öndürijileriň ýokary derejede ykjam hereket etmegini hem-de önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny talap edýändigini belledi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew pudaklaryň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, döwrebap ulaglar bilen maddy-enjamlaýyn binýadyň yzygiderli üstüniň ýetirilişi barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň barha artýan möçberini üpjün etmäge mümkinçilik berýän önümçilik kuwwatlyklarynyň uly gorlaryna eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmagy talap edip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň başlygy B.Miminow bu düzümiň alyp barýan işleri hem-de 2018-nji ýylyň 30 — 31-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriniň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça Utgaşdyryjy komitetiň 23-nji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.


Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, howanyň üýtgeýşi barada takyk maglumatlary bermek üçin “Türkmengidrometeorologiýa” merkeziniň döwrebap edara binasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlar we elektron abzallary bilen enjamlaşdyrylandygyny belledi.


Ýokary öndürijilikli kompýuter toplumy ýurdumyzyň çäklerinde meteorologiýa gözegçilikleriniň kömegi bilen bolşy ýaly, halkara maglumat merkezlerinden we emeli hemralardan alynýan hasaplamalaryň esasynda gysga möhletli hem-de orta möhletli howa çaklamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär. Bu işler daşky gurşawy goramak boýunça döwletimiziň alyp barýan giň gerimli işleri, ekologiýa ulgamynda döredijilikli başlangyçlar babatda aýratyn möhümdir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de anyk çäreleri görmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa medeni-aň bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, hususan-da Döwlet muzeýiniň düzüminde hereket eden bölümleriň biriniň binasyny Döwlet kitaphanasyna degişli edilmegi bilen bagly alnyp barlan işler barada hasabat berip, «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.


Ýurdumyzyň baş kitaphanasynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň binalarynyň biriniň onuň garamagyna berilýändigini habar berdi. Bu ýerde Döwlet kitaphanasynyň birnäçe bölümlerini ýerleşdirmek, kitap sergilerini geçirmek hem-de kitaplary saklamak üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň “Galkynyş” kitap merkezine bermek göz öňünde tutulýar.



Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň edaralarynyň, hususan-da, kitaphanalaryň işiniň kämilleşdirilmegine ünsi çekip, ýurdumyzyň ähli etraplarynyň, alysdaky obalarynyň medeni-aň bilim işleriniň ähmiýetini belledi. Döwlet kitaphanasynyň meýdanyny giňeltmek bilen bagly meselä degip geçmek bilen, milli Liderimiz onuň işiniň ugurlaryny has-da ösdürmegiň, şol maksatlarda döwrebap maglumat tehnologiýalaryny peýdalanmagyň möhümdigini belledi.


Kitaphana işini dünýä derejesine çykarmak, bu ugurda bar bolan dünýä tejribesini öwrenmek hem-de ýokary üstünlikleri ýurdumyzda ornaşdyrmak babatda ýörite görkezmeleri berip, milli Liderimiz wise-premýere kitaphanalaryň we beýleki medeni-aň bilim edaralarynyň işini seljermegi tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ähmiýetini belläp, bäsleşige gatnaşýan işleri seçip almaga berk çemeleşmelidigine ünsi çekdi. Şol işler möhümligi we çeperçilik gymmatlygy bilen tapawutlanyp, ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny beýan etmelidir, ýaşlary watançylyk we ahlak taýdan terbiýelemäge ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz täze zehinleri ýüze çykarmak boýunça işleri has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, degişli Karara gol çekdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sanly ykdysadyýete geçmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Munuň özi maýalary çekmäge, döwleti dolandyrmagyň kämil usullaryny ornaşdyrmaga hem-de onuň netijeliligini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz maliýe ulgamynyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.


Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-täjik toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Karara hem-de türkmen wekiliýetini Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky Buýruga gol çekip, maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa söz berdi.


Ministriň habar berşi ýaly, häzirki wagtda Hökümetara türkmen-täjik toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär. Duşuşygyň gün tertibine maýa goýumlary, energetika, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, bilim hem-de ylym, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat, sport hem-de syýahatçylyk ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň we Täjigistanyň meseleleriň köpüsi boýunça özara gatnaşyklary saklaýandygyny hem-de söwda-ykdysady ulgamda, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, şeýle hem ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Milli Liderimiz bilelikdäki bu hökümetara toparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, ministre bu düzümiň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek barada tabşyryk berdi.


Soňra wise-premýer G.Myradow 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Degişli edaralar bilen ylalaşylan bu resminamalarda ähli pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça milli Liderimiziň başyny başlan işlerini maliýeleşdirmek üçin ýörite serişdeler göz öňünde tutuldy. Şol serişdeleriň agramly bölegini ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirmek meýilleşdirilýär. Geljek ýyl üçin býujetde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly ileri tutulýan meselelere ünsi çekip, ýurdumyzda dolandyryş edaralaryny saklamak üçin baş maliýe meýilnamasynda býujet çykdajylaryny azaltmagyň möhümdigini, tygşytlanan serişdeleri bolsa, köp mekdepleri, çagalar baglaryny ýa-da beýleki desgalary gurmaga gönükdirmelidigini belledi.


Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde geçirilýän uly özgertmeler barada aýdyp, döwletimizi senagat taýdan ösdürmek, elektron senagatyny döretmek, sanly ykdysadyýete geçmek işleriniň häzirki döwürde bu ugurlardan köp sanly hünärmenleri talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda örän zerur ugurlar, ýagny maliýe, oba hojalyk, senagat we elektron senagaty boýunça okuw meýilnamasynyň täze maksatnamalaryny işläp taýýarlamak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.


Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň Döwlet býujetinde bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlary üçin köp serişdeleri göz öňünde tutmagyň möhümdigini aýtdy.


Baş maliýe meýilnamasy taýýarlananda öňki ýyllarda bolşy ýaly, durmuş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermek gerek. Ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek, aýratyn-da, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin, Döwlet býujetinde goýberilýän serişdeleri artdyrmak gerek.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa ýüzlenip, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmagy, kiçi önümçilikleri höweslendirmek, ýola goýmak we ösdürmek boýunça çäreleri-de meýilleşdirmegi göz öňünde tutmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ilat üçin karz maliýe serişdeleriniň möçberini hem artdyrmagyň, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyryp, karz serişdeleriniň elýeterli bolmagyny gazanmagyň, bank goýumlaryny höweslendirip, onuň ygtybarly kepillendirilmegini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.


Hormatly Prezidentimiz Maýa goýum maksatnamasyna gaýtadan seredilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, senagat kärhanalarynyň gurluşygyny her ýyl artdyrmagyň gerekdigini aýtdy.


Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň taslamasynyň üstünde heniz köp işlemeli diýip, noýabr aýynyň ahyrynda geçiriljek Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oňa ýene-de bir gezek serediljekdigini aýtdy.


Mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.


IŇ SOŇKY HABARLAR


19.10.2018 •


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi


18.10.2018 •


Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň söwda we maýa goýumlar ministrini kabul etdi


17.10.2018 •


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy


17.10.2018 •


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ahmet Çalyk geljegi uly taslamalary ara alnyp maslahatlaşdylar


16.10.2018 •


Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna ugrady


16.10.2018 •


Türkmenistanyň Prezidenti “LG International Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde


Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde “Ählumumy bähbitler ugrunda suwdan peýdalanmak: ýapyk deňizler babatda Durnukly ösüş maksatlaryna esaslanyp, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi” diýen iş maslahaty geçirildi. Ol şeýle hem Araly halas etmegiň meselelerine bagyşlandy. 



          BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýardam bermeginde guralan foruma Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, BMGÖM-niň, BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanalaryň, Russiýa Federasiýasynyň we Özbegistanyň, Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýokary wezipeli işgärleri we beýlekiler gatnaşdylar. 



          Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň belent münberinden çykyş edip, ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak wezipelerini hem-de şu wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşykly ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge we howanyň üýtgemegine dahylly meseleleri çözmäge gönükdirilen tekliplerini aýtmagy bilen şu duşuşygyň möhümdigi ýüze çykýar. 



         Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan suw — dünýäniň ähli halklarynyň umumy baýlygy, arassa agyz suwuna deň derejeli we adalatly elýeterlilik şertleri bolsa adamyň düýpli hukugy bolup durýar diýen ýörelgelere berk eýerýär. Suw serişdelerine elýeterlilik, ony netijeli dolandyrmak meselelerine döwletleriň ösüşi, ykdysadyýeti, durmuş ulgamy, adamlaryň abadançylyk we durmuşynyň hil derejesi gönüden-göni baglydyr. Şol sebäpli hem deňhukuklylyk, hormat goýmak, jogapkärçilik Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklarda esas goýujy, kesgitleýji ölçegler bolmalydyr. 



          Türkmenistan şu garaýyşlar bilen yzygiderli çykyş edip, biziň sebitimizde suw-energetika meseleleriniň aşakda beýan edilen şertlerde çözülmelidigini hemişe nygtaýar: birinjiden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, her bir ýurduň bähbitlerini hasaba almak bilen; üçünjiden, halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidir. 



         Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ýurtlarynyň halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda, şeýle hem Aral deňzini halas etmegiň meselesini görkezip, Milletler Bileleşigine agza döwletleri Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini guramanyň alyp barýan işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek barada Türkmenistanyň başlangyjyny goldamaga çagyrdy. 



          Häzirki iş maslahatynda ýurdumyzyň wekiliniň çykyşy bu baradaky meselä bagyşlandy. Bellenilişi ýaly, Aral meselesi ählumumy ekologiýa heläkçilikleriniň iň täze taryhynda irileriniň biridir. Ilaty 60 milliondan gowrak adam bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýüzbe-ýüz bolan Aral heläkçiligi ekologiýa we durmuş-ykdysady täsirleri boýunça sebitiň durnukly ösüşine, bu ýerde ýaşaýan adamlaryň genofonduna hem-de abadan geljegine gönüden-göni howp salýar. Emele gelen ýagdaý Ýer ýüzünde bolup geçýän howanyň ählumumy üýtgemeleri bilen çylşyrymlaşýar. 



          Emele gelen ýagdaýa düşünip, 1993-nji ýylyň ýanwarynda Merkezi Aziýa döwletleri Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny döretmek barada çözgüt kabul etdiler. Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan şol gaznany esaslandyryjylar boldy.                 Şonuň bilen birlikde, Aral ýakasynyň ekologiýa howpunyň çäkleriniň giňelmeginiň dowam edýän şertlerinde bu mesele bilen baglanyşykly çözgütleriň dünýä bileleşigi tarapyndan goşmaça ýardam berilmegini talap edýändigi aýdyňdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, şu meselede Birleşen Milletler Guramasynyň toplumlaýyn halkara çemeleşmesi, işjeň we ulgamlaýyn gatnaşmagy zerurdyr. 



        2008-nji ýylyň dekabr aýynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna synçy derejesini bermek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy kabul edildi. Bu bolsa halkara guramalar, ýardam bermek isleýän ýurtlar, ekologiýa gaznalary bilen hyzmatdaşlyklaryň işjeňleşdirilmegine oňyn täsir etdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi BMG-niň AHHG-ny hyzmatdaş hökmünde ykrar edýändigini, onuň maksatlaryna ýetmekde gazna ýardam bermegi maksat edinýändigini görkezýär. 



        Ekologiýa we howanyň üýtgemegi baradaky meseleler ýokary derejedäki dürli abraýly maslahatlaryň gün tertibine yzygiderli girizilýär. BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygy hem-de howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek meseleleri 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ählumumy durnukly ösüşiň esasy kadalarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 



        “Rio+20” maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aral deňzini halas etmegiň örän çylşyrymly meselesine ünsi çekip, Aral üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda teklibini beýan etdi. Şol maksatnamada ýagdaýy durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalar beýanyny tapmalydyr. Bellenilişi ýaly, bu ulgamda işlenip düzülen çäreleri Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işiniň aýratyn ugry hökmünde amala aşyrmak maksadalaýyk bolar. 



         Türkmen Lideriniň netijeli başlangyçlaryna dünýä bileleşigi tarapyndan giňden düşünilýär we goldawa eýe bolýar. Şu ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda biragyzdan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” diýen Kararnama munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu resminamada Aral deňziniň gurşawynda suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary bilelikde amala aşyrmak üçin ýöriteleşdirilen edaralara, maksatnamalara hem-de gaznalara, halkara maliýe edaralaryna AHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek teklip edilýär. 



         Araly halas etmek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda onuň gurşawynda ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak meseleleri geçen ýyl BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Türkmenistana, Özbegistana we beýleki Merkezi Aziýa döwletlerine bolan iş saparlarynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. 



          2017 — 2019-njy ýyllarda AHHG-a başlyklyk edýän Türkmenistan gaznanyň alyp barýan işiniň netijeliligini kämilleşdirmäge we ýokarlandyrmaga, geljekde Aral deňziniň gurşawyna degişli ýurtlaryň oňyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilip işlenilip taýýarlanylan Ýörite maksatnamanyň esasynda bu jogapkärli wezipäniň ýerine ýetirilmegine örän çynlakaý çemeleşýändigini görkezýär. 



           Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryna laýyklykda, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan Aral deňziniň gurşawy üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň konsepsiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Onuň baş wezipesi sebitde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak üçin AHHG bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybaratdyr. 



           Bu maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak we dolandyrmak boýunça hem-de Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak ulgamynda, howanyň üýtgemegi babatda uzak möhletleýin strategiýany we anyk çäreleri işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek; halkara guramalary we maliýe edaralary bilen bilelikde, Aral deňziniň gurşawynda suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmaga gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak; bu mesele barada jemgyýetçiligi habarly etmek we beýlekiler ýaly ugurlar bar. 



           Iş maslahatynyň barşynda nygtalyşy ýaly, AHHG-nyň tejribesiniň dünýäniň beýleki sebitlerinde hem şunuň ýaly meseleleri çözmek üçin peýdaly bolup biljekdigi gürrüňsizdir. 



           Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasy Aral deňziniň meselesini çözmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge netijeli çäre hem-de içerki suw giňişlikleriniň meseleleri babatda ýurtlaryň ählumumy başlangyjynyň esasy bolup biler. 



          Bu meseläni mundan beýläk-de işlemek maksady bilen, Aşgabat şäherinde bilermenleriň geňeşmelerini geçirmek teklip edildi. 



          Ýokarda aýdylanlar bilen baglylykda, Türkmenistanyň suw serişdelerini gorap saklamak we aýawly peýdalanmak hem-de durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa ýaly özara baglanyşykly ulgamlarda sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlyga uly goşant goşýandygyny bellemek gerek. 



           Ýurdumyzda hemme ýerde suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, ilaty ýokary hilli arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär, howanyň täsirini ýumşatmak üçin tokaýlary dikeltmek we ýerden peýdalanylyşyny gowulandyrmak boýunça uýgunlaşdyryş çäreleri durmuşa geçirilýär. Bagy-bossanlyga büremegiň umumymilli maksatnamasynyň çäklerinde, şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň töwereklerinde suwy oýlanyşykly ulanmaga mümkinçilik berýän suwarmagyň öňdebaryjy usullaryny peýdalanmak arkaly giň gerimli tokaýlyklar döredildi. 



           Şähergurluşyk ulgamynda, oba hojalygynda, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde hem ekologiýa taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmakdan ugur alynýar we umuman, munuň özi Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 



          Garagumda döredilýän “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyny munuň ajaýyp mysaly hökmünde getirip bolar. Gerimi we ähmiýeti boýunça deňsiz-taýsyz bolan bu taslama suw serişdelerini gorap saklamak we daşky gurşawy goramak meselelerini çözmäge, diňe Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 



          Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan BMG tarapyndan kabul edilen “Gün tertibi — 2030” maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça umumy tagallalara işjeň gatnaşyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen örän ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar hem-de parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň, sebit we dünýä möçberinde durmuş we ykdysady ösüşleriň bähbidine netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam bermäge çalyşýar.