Täzelikler

TürkmenStatyň Internet-saýtynyň “Statistik klassifikatorlar” mowzugynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2019-njy ýylyň 03-nji iýunynda 149-iş belgili buýruk bilen tassyklanyp üýtgetme girizilen TDS 617–2012 Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň hem-de 2019-njy ýylyň 03-nji iýunynda 148-iş belgili buýruk bilen tassyklanyp üýtgetme girizilen TDS 695–2012 Önümleriň (harytlaryň we hyzmatlaryň) döwlet klassifikatorynyň soňky nusgasy ýerleşdirildi. Bu klassifikatorlaryň täze nusgalary 2019-njy ýylyň 03-nji iýunynda güýje girizildi.