Täze döwrebap ýyladyşhana toplumy açyldy

Şu gün, giňden bellenilýän umumymilli baýramçylygyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gozgan geňeşliginiň çäginde häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän derejede gurlan täze ýyladyşhananyň açylyşy boldy.

Täze desganyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, milli parlamentiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň durmuşynyň her bir güni agzybir halkymyzyň zähmet üstünliklerine hem-de möhüm wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda oba hojalyk toplumyny depginli ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen obasenagat toplumynyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň bu ulgamda hereket edýän haryt öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Şu günki dabara ýatda galyjy ajaýyp baýramçylyga öwrüldi. Aýdym-saz toparlarynyň joşgunly çykyşlary baýramçylygyň öwüşginini artdyrdy.

Umumy meýdany 5 gektara barabar bolan täze ýyladyşhana toplumy «Röwşen-Rahym» daýhan hojalygynyň buýurmasy bilen «Gozgan gala» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edildi. Onuň esasy önümi ýokary hasyllylygy hem-de uzak möhlete durumly bolan dürli görnüşli pomidordyr. Bu ýerde her möwsümde ýokary hilli önümiň 1000 tonnasyny almak maksat edinilýär.

Toplum dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edildi. Ýeri gelende aýtsak, bu tomsuň iň yssy günlerinde hem howanyň gyzgynlygyny 20 — 25 derejede saklap bilýän sowadyjy ulgam gurnalan ýurdumyzda ilkinji ýyladyşhanadyr. Görnüşi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürýän önümçilikleri kemala getirmek hem-de ekerançylyk önümleriniň eksportyny artdyrmak babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähmiýet berýän Türkmenistanyň depginli ösýän ýyladyşhana hojalygynda täze ugur peýda boldy.

Bu ýerde awtomatik usulda sazlanylýan amatly howa ýagdaýy üpjün edilýär. Ýyladyşhananyň çäklerinde meýdany 720 inedördül metr bolan şitilhana bar. Geljekde bu hojalyk beýleki gök önümleri hem ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär.

50 töweregi adamdan ybarat bolan ýyladyşhananyň işgärleri üçin netijeli zähmet çekmäge hemme zerur şertler döredildi. Şeýle hem bu ýerde naharhana we lukmançylyk bölümi bar.

Çäräniň çäklerinde pomidoryň hem-de ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilýän beýleki oba hojalyk önümleriniň, azyk harytlarynyň sergisi guraldy. Dabara gatnaşyjylara täze kärhana we onuň önümleri, şeýle hem eksporta ibermäge niýetlenen önümler barada gürrüň berýän wideorolik görkezildi.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygara beslenen ýylymyzda obasenagat toplumynyň täze desgalarynyň gurulmagy hem-de ulanmaga berilmegi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, sebitlerde ýaýbaňlanan özgertmeleriň netijelidigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şol özgertmeler daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürýän önümçilikleri ýola goýmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.