Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ählihalk baýramy bolan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden dabaralandyrdy. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda guralan dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanun we ýaşyl Baýdagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkynyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär.
Bu beýik maksatlar Türkmenistanyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirýän we ählumumy goldawa, halkara bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe bolan oňyn içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar.
Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän kaşaň Konstitusiýa binasynyň ýanynda säher bilen Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri hem-de paýtagtymyzyň köp sanly ilaty ýygnandylar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Konstitusiýa binasynyň ýanyndaky baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança geldi. Hemmeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik işleriň başyny başlaýjy we täze ýeňişlere ruhlandyryjy milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz iki tarapyna Watan goragçylary hatara düzülen haly düşelen ýodajyk bilen bellenen ýere geçdi. Watanymyzyň ygtybarly daýanjy hasaplanylýan ýaş nesilleriň gollarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdança geçýär.
Şu pursatda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Milli Liderimiz özygtyýarly Watanymyzyň döwlet esaslarynyň, onuň demokratik ýörelgeleriniň we häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýän köpasyrlyk halk häkimiýetliligi dessurlarynyň bitewüligini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna gül çemenini goýdy.
Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, baýramçylyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Baş baýdak sütüni ýerleşýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine geçdiler.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdançanyň merkezinde ýerleşen baýdak sütüniniň ýanynda saklandy. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz belent başly baýdak sütüniniň etegine dabaraly ýagdaýda gül çemenini goýýar.
Mejlisiň Başlygy we deputatlar, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ähli dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, gül desselerini goýdular.
Halkymyz ähli döwürlerde baýdaga mukaddeslik hökmünde garapdyr. Milletiň taryhynda çuňňur köki bolan ýaşyl Baýdagymyz özygtyýarlylygy, halkymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna bolan hukugyny, syýasy özygtyýarlylygy we özbaşdak durmuş-ykdysady ýörelgäni alamatlandyrýar.
Döwlet nyşanlary milli ýörelgeler we umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur mana eýedir hem-de halkymyzyň nurana geljege bolan garaýyşlaryny äşgär edýär. Döwlet baýdagymyzda türkmen halylarynyň gölleri, doganlygy, bitewüligi we durmuşyň täzelenişini aýan edýän bäş ýyldyz we ýarym aýyň şekili ýerleşdirildi.
Şu gün tutuş ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Ol halkymyzyň bozulmaz agzybirligini, bitewüligini, onuň şöhratly pederlerimiziň paýhasly wesýetlerine, bagtly häzirki we geljekki durmuşyň ýörelgelerine bolan ygrarlylygyny, Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşleriň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bolan ynamly ädimini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.