Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahata milli Liderimiz, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Tomusky dynç alyş möwsümine we Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de Diýarymyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyna ünsi çekip, paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň şäher ilatynyň abadançylyk derejesiniň we paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilmelidigini belledi. Öňde durýan wezipeleri çözmekde häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna we täzeçil tehnologiýalara daýanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi bilen baglanyşykly wezipeleri öz içine almalydyr. Şeýle hem Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir.
Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow welaýatyň daýhanlarynyň gowaça ekişini üstünlikli tamamlandyklaryny habar berdi. Häkim şeýle hem sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça we güýzlük bugdaýa edilýän ideg, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şu günler gowaçanyň göwnejaý ösüşini üpjün etmek boýunça zerur agrotehniki çäreler guramaçylykly alnyp barylýar.
Mundan başga-da, häkim welaýatda tomusky dynç alyş möwsümine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri, olaryň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçalara edilýän ideg işleri bilen bir hatarda, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi. Galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur taýýarlyk çäreleri geçirilmelidir. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli desgalaryň ýokary hilli we öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Welaýatda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, welaýatda gowaça ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy barada hasabat berdi.
Häkim welaýatda gant şugundyrynyň ekişini bellenilen möhletinde geçirmek, galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häzirki wagtda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär.
Şunuň bilen birlikde, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Mekdep okuwçylarynyň dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri, göwün söýen hünärleri bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdirildi. Ol welaýatyň zähmetkeşleriniň gowaça ekişini tamamlandyklaryny aýdyp, häzirki döwürde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda gowaça hem-de güýzlük bugdaýa agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde galla oragyna taýýarlyk görmek, welaýatda şaly ekişini bellenen möhletde geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň, durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreleriň bellenilen möhletinde amala aşyrylmagynyň geljekki bol hasylyň girewidigine ünsi çekdi. Gowaça ideg edilende ähli kadalar we işleriň depginleri berjaý edilmelidir.
Orak möwsümi guramaçylykly geçirilmelidir, şaly ekişi hem bellenilen möhletlerde ýokary hilli guralmalydyr. Bu meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi ýatda galyjy, gyzykly hem-de çagalar üçin peýdaly bolmalydyr. Çagalar onuň dowamynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmalydyrlar, ýaryşlar guralmalydyr. Olaryň ukyp-başarnyklarynyň açylmagy üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmegi zerurdyr.
Soňra milli Liderimiz Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi sanly wideoaragatnaşyga çagyrdy. Ol welaýatyň pagtaçy kärendeçileriniň gowaça ekişini tamamlandyklary barada habar berdi. Häkim sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, şaly ekişine taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Häkim döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatyň ilatynyň durmuş düzümini has-da kämilleşdirmek, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak, tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini, olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdyp, milli Liderimiz welaýatda galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur taýýarlyk işleriniň geçirilmelidigini, gowaçalara edilýän ideg işleriniň agrotehniki kada laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini aýdyp, şaly ekiljek ýerleri, oňa degişli zerur serişdeleri, ýokary hilli tohumlary taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyga degişli aýratyn tabşyryklary berdi.
Şol bir wagtyň özünde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde çagalaryň möwsümi şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Çagalar üçin dürli ugurlar boýunça hünär öwredýän gurnaklaryň işi ýola goýulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra göni wideoaragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler barada aýdyp, gowaça ekişiniň üstünlikli geçirilendigi, şu günler bolsa gowaçalara, güýzlük bugdaýa edilýän ideg, şeýle hem beýleki ekinler üçin niýetlenen meýdanlarda amala aşyrylýan taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.
Şu günler welaýatda gant şugundyrynyň ekişini bellenilen möhletlerde geçirmek, ekiş üçin niýetlenen ýerleri we zerur bolan tohumlary taýýarlamak boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk çäreleri barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda alnyp barylýan meýdan işleriniň, aýratyn-da, gowaça we güýzlük bugdaýa edilýän idegiň agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Ekin meýdanlarynda ulanylýan oba hojalyk tehnikalary bökdençsiz işledilmelidir. Öňde boljak gant şugundyrynyň ekişine hem-de baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görülmegine uly ähmiýet berilmelidir.
Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi çagalar üçin şatlykly we gyzykly pursatlara beslenmelidir. Munuň üçin degişli maksatnama taýýarlanylmalydyr, onuň çäklerinde dürli gezelençleriň, gyzykly oýunlaryň we bäsleşikleriň geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir, bu işler tejribeli mugallymlara tabşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileriniň gowaça ekişini doly tamamlandyklary barada hoş habary ýetirdi.
Şeýle hem wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň depginleri, olaryň ýokary hilini üpjün etmek we bellenilen möhletlerde geçirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, möwsümleýin işleri bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişelik üns merkezinde saklanmalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.