Türkmenistan — Ýaponiýa: göni howa gatnawy

Türkmenistan — Ýaponiýa: göni howa gatnawy

Şu gün türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawyny üstünlikli amala aşyran «Boing 777-200LR» ýolagçy uçary gondy.
Şeýlelikde, türkmen howa ýollarynyň gatnawlarynyň üsti Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň paýtagty bilen baglanyşdyran ýene-de bir halkara ugur bilen ýetirildi.
Şu ugur boýunça ilkinji howa gatnawynyň ýolagçylarynyň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň işgärleriniň, syýahatçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň bolandygyny bellemelidiris. Hususan-da, şu uçuşda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bolmagy iki döwletiň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.
Aşgabat — Tokio göni howa gatnawy Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ugrunda Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has-da artdyrar.