Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlet tabşyrygyny amal etdiler

Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlete 48 müň tonna golaý şaly tabşyryp, bellenilen wezipä üstünlikli hötde geldiler.

Şu ýyl Amyderýa jülgesinde güýzlik galla ýygnalandan soň boşan 10 müň gektardan biraz artyk ýerde şaly ekildi. Döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldaw we satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlanmagy welaýatyň ekarançylarynyň üstünligine şert döretdi.

Zähmet ýeňşine döwlete 10 müň tonna golaý şaly tabşyryp, şertnama borçlaryny artygy bilen berjaý eden Çärjew etrabynyň şalyçylary saldamly goşant goşdylar. Şalynyň her gektarynyň hasyllylygy ortaça 55 sentnere barabar boldy. Kerki etrabynyň ekarançylary-da ýokary netije gazandylar.

Dünýä belli kompaniýalaryň döwrebap şaly ýygnaýjy komabaýnlarynyň netijeli ulanylmagy ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamaga mümkinçilik berdi.