Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň möçberli şähergurluşyk taslamasy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň möçberli şähergurluşyk taslamasy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimligine baryp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri möçberli toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de öňümizdäki halkara ähmiýetli wakalara, şol sanda ýurdumyzda iri senagat toplumynyň açylyşy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz iri we ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň diňe bir başyny başlaman, eýsem, olary durmuşa geçirmegiň — binagärlik pikiriň bezelişinden, geljekki desganyň inženerçilik-tehniki taýdan üpjünçiliginden başlap, ulanylmaga berilmegine çenli ähli tapgyrlaryny hemişe öz gözegçiliginde saklaýar.
Milli Liderimiz paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça her gezekki iş sapary mahalynda esasy gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işler bilen giňişleýin tanyşýar. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz hiç bir zady ünsden düşürmän, gurluşyk işleriniň ähli inçe taraplaryna berk üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň desgalaryň aýratynlygyna, ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna, daşky bezegine degişli oýlanyşykly teklipleri taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar üçin ugur görkeziji çelgä öwrülýär.
Paýtagtymyzy ösdürmekde, dünýä belentliklerine çykan ýurdumyzyň şähergurluşygynda milli Liderimiziň bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlaryny, ägirt uly goşandyny ykrar edip, 2013-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň çözgüdi bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly at berildi.
Aşgabat barha gözel keşbe eýe bolýar, dürli ähmiýetli iri merkezlere beslenýär, şäherlilere iň döwrebap halkara ölçeglere laýyklykda amatlylygy üpjün edýär. Soňky ýyllarda şäherde taryhy merkezler bilen birlikde, köp etraplaryň durky täzelenildi, täze ýaşaýyş toplumlary, ýüzlerçe desgalar guruldy, şolaryň hatarynda binagärligiň hem-de inženerçilik-tehniki pikirleriň täsin desgalary hem az däl.
Paýtagtymyzyň köp desgalary halkara derejeli abraýly binagärlik bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp boldy. Munuň özi dünýäniň iň owadan paýtagtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýelän Aşgabadyň ösdürilmeginde ägirt uly üstünlikleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Gurluşyk tehnologiýalarynda dünýäde döreýän hemme täzelikler öz çäklerini giňeldýän paýtagtymyzda ulanylýar. Ine-de, örän uly täze taslamany durmuşa geçirmegiň wagty geldi. Bu baradaky pikir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen Aşgabat ösüşiň täze tapgyryna, öz taryhynyň täze döwrüne gadam goýup, innowasiýalaryň, ýokary şäher medeniýetiniň, maýa goýum işjeňliginiň, syýahatçylygyň paýtagtyna öwrüler.
…Ir bilen döwlet Baştutanymyz häkimlige geldi, bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi we beýlekiler ýygnandylar.
Milli Liderimize bu ýerde geljekki gurluşyklaryň çyzgylary, binagärlik toplumlarynyň bölekleýin görnüşleri hem-de ýol-ulag düzümleriniň desgalary şekillendirilen uly göwrümli taslama görkezildi. Olar «şäher içinde şäher» ýörelgesi boýunça taslanylan täze ýaşaýyş toplumynyň nähili keşpde boljakdygy barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.
200 binadan gowrak bolan ägirt uly toplumy gurmaga bölünip berlen umumy meýdan 744 gektara barabardyr. Dürli belentlikdäki — 12 gatdan 35 gata çenli diňe ýaşaýyş jaýlarynyň 180 sanysyny gurmak maksat edinilýär. Şolardaky öýleriň sany 17 müň 836 bolar. Umuman, tutuş etrap 107 müňden gowrak ilata niýetlenendir. Ýakyn ýyllarda Aşgabadyň demirgazygynda dolandyryş binalarynyň, hyzmat ulgamynyň edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, medeniýet merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de beýleki durmuş maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýän täze şäher peýda bolar.
Ähli binalaryň we desgalaryň binagärlik taslamalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäher häkimligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de talyplary tarapyndan taýýarlanyldy.
Deslapdan «Aşgabat — siti» adyna eýe bolan täze şäheriň hödürlenen taslamasynda etrap häkimliginiň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň binalarynyň, 3 müň orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-siniň we körpeleriň 1200-sini kabul etmäge niýetlenen çagalar baglarynyň hem 4-siniň, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň binalarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Durmuş düzümli desgalaryň hatarynda köpugurly hassahana, saglyk öýleriniň ikisi, söwda-dynç alyş merkezleriniň ikisi, dükanlar we garbanyşhanalar, stadion hem-de sport toplumy, «Toý mekany» dabaralar merkezi, köpgatly awtoduralgalaryň dördüsi bar. Şeýle hem bu ýerde «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalary şäheriň ilatyna hyzmat eder.
Ýaşaýyş toplumy jaýlaryň sekiz görnüşini öz içine alýar: her birinde 150 öý boljak 15 gatly binalaryň ikisi, her biri 54 öýli 12 — 15 gatly binalaryň 42-si, her biri 40 öýli 20 gatly binalaryň 12-si, 88 öýli 21 — 23 gatly jaýlaryň 56-sy hem-de her birinde 88 öý boljak şeýle gatly binalaryň 36-sy, daşky keşbi bilen tapawutlanýan, her birinde 75 öý ýerleşjek 25 gatly jaýlaryň 16-sy, 140 öýli 35 gatly binalaryň 4-si hem-de her birinde 136 öý ýerleşjek 33 — 35 gatly binalaryň 12-si bolar. Daşky keşbi boýunça jaýlaryň ählisi umumy çözgüde eýedir we öň tarapynyň bezegi, sazlaşygy bilen biri-birinden tapawutlanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň artmagy, durmuş, ykdysady, ekologiýa we estetik ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, işlenip taýýarlanylan desgalaryň her biriniň ýerleşişi hem-de özara baglanyşygy bilen içgin tanyşdy. Şolarda milli binagärligiň däpleri we dünýä şähergurluşygynyň häzirki zaman ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.
Şeýle taslamalar dürli şäherlerde we ýurtlarda amala aşyryldy. Olar esasan hem täjirçilik, işewürlik häsiýetine eýe boldy. Şoňa görä-de, olarda dürli desgalar, köplenç, dürli buýrujylaryň we dürli kompaniýalaryň buýurmasy boýunça gurlupdy. Biziň ýagdaýymyzda bolsa taslamanyň üstünde ony işläp taýýarlaýjylaryň, arhitektorlaryň, dizaýnerleriň, inžener-konstruktorlaryň we beýleki köp sanly hünärmenleriň uly bir topary işledi. Munuň özi her bir desganyň döredijilik özboluşlylygynda desgalaryň ählisiniň çeperçilik bitewüligini üpjün etdi.
Şunda tutuş taslama anyk durmuş ugurly boldy. Döwlet Baştutanymyz ilkibaşdan şäher ulgamynda nusgalyk çägi döretmek baradaky pikiri öňe sürdi. Bu ýerde innowasiýalaryň ählisi adamlaryň abadançylygyna, olaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklaryna, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna hyzmat eder.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň ählisiniň sazlaşykly ýerleşmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, şäher gurşawynyň ýaşaýyş-durmuş ulgamyny guramagyň kämilliginiň paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesi bolmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz ilatyň işlemäge, okamaga, dynç almaga, sport hem-de döredijilik bilen meşgullanmaga, döwrebap söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmaga ähli mümkinçilikleriniň bolmalydygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş toplumynyň tutuş ak mermerli Aşgabadyň binagärligi bilen sazlaşmalydygyny aýdyp, geljekki desgalaryň ählisiniň bezeg, gurluşygyň hili hem-de energiýanyň sarp edilişi, galyndylary gaýtadan işlemek hem-de tebigy gurşawy aýawly saklamak nukdaýnazaryndan ekologiýa talaplary babatda häzirki zaman ülňülerine doly laýyk gelmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow inžener-tehniki kommunikasiýalary — energiýa hem-de suw üpjünçilik, aragatnaşyk geçirijilerini we beýleki desgalary gurmak meselesine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ilatyň köp sanlysy ýaşaýan häzirki zaman şäheri diňe bir çäk ýa-da binalar toplumy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, özüne önümçilik işini, durmuş-medeni aragatnaşyklary, ruhy ýagdaýy we ykdysady şertleri birleşdirýän ýaşaýyş-durmuş giňişliginiň çylşyrymly gurluşydyr.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýolbaşçylara daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini işjeň öwrenmegi, ösen ýurtlardaky şäher hojalygynyň netijeli işiniň ýörelgelerini seljermegi, tebigy serişdeleri tygşytlamaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalary we serişdeleri ulanmagy tabşyrdy.
Täze ýaşaýyş toplumynyň taslamasy adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Ol paýtagtymyzyň demirgazyk bölegini ýaşaýjylar hem-de maýadarlar üçin işe ýerleşmek we işewürlik mümkinçiliklerini öz içine alýan täze ykdysady merkeze öwürmäge, telekeçiligi hem-de innowasiýalary ösdürmek üçin has oňaýly ulgamy üpjün etmäge ýardam etmelidir, Aşgabadyň ilatynyň sanynyň barha artýandygyny nazara almak bilen, şäheriň çägini mundan beýläk-de giňeltmek üçin ygtybarly binýada öwrülmelidir.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyza giň möçberli şähergurluşygyna ägirt uly maýa goýumlaryny goýmaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Her ýyl täze binagärlik toplumlary, döwrebap ýollar bilen üsti ýetirilýän Aşgabat munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol ýollaryň ugrunda kaşaň binalar peýda bolýar. Ýurdumyzyň baş şäheri barha giňelýär. Täze ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanda ilkinji gezek 30 — 35 gatly binalar gurlar. Şunuň bilen baglylykda, şolaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmegiň tehnologiýasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Howa ýagdaýyna, şäheriň ekologiýasyna oňyn täsir etjek ýaşyl zolaklaryň döredilmegine, adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy we göwnejaý dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilmelidir. Şeýle hem şäheriň awtomobil ýollarynyň halkara ölçeglere kybap gelmegi, awtoulaglaryň sürüjileri we pyýada ýolagçylar üçin amatly bolmagy, şäher hem-de tebigy landşaft bilen sazlaşmagy ýaly meseleleri göz öňünde tutmak zerurdyr.
Bir söz bilen aýdylanda, ýolbaşçylaryň hemmesi «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgeden ugur almalydyr, adamlar hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Soňra duşuşyk häkimligiň kiçi maslahatlar zalynda dowam etdirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, senagat kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýangyç-energetika toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler we önümçilik düzümini giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatlar berildi. Ýakyn wagtda önümçilik düzüminiň üsti Ahal welaýatynyň çäginde dünýäde ilkinji bolup, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndürýän zawod bilen ýetiriler. Bu kärhananyň işe girizilmegi, ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna itergi berler.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň gazhimiýa pudagynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, Owadandepedäki täze önümçilik toplumynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramagy tabşyrdy. Bu dabara köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşar.
Milli Liderimiz gazy gaýtadan işlemek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň, ýokary tehnologiýalaryň we öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň esasynda täze önümçilikleri döretmegiň, dünýäniň iň gowy tejribesinden peýdalanmagyň we özümiziň işläp taýýarlamalarymyzy ilerletmegiň, biziň bu ugurdaky gazananlarymyzy wagyz etmegiň zerurdygyny belledi.
Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan oňyn bitaraplyk, açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy maksadydyr.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasyna boljak iş saparynyň Russiýa Federasiýasy hem-de onuň iri sebitleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.
Soňky ýyllarda türkmen-tatar hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hil taýdan täze derejä çykaryldy. Bellenilişi ýaly, gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti we okgunly ösmegi köp babatda ýokary derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar bilen şertlendirilendir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Munuň özi taryhy hem-de medeni taýdan umumylygy bolan halklaryň arasyndaky dostluk we birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.
«Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän Türkmenistan dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary giňeltmek üçin hemişe açykdyr. Şeýlelikde, döwletimiziň dünýä giňişliginde eýeleýän orny we abraýy barha pugtalanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk, sebitara hem-de döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň möhüm şertidir. Türkmenistanyň oňyn başlangyçlary tutuş dünýäde ýokary baha we goldawa mynasyp bolýar.
Milli Liderimiz öňde boljak halkara çärelere, şol sanda Tatarystan Respublikasyna guraljak iş saparyna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli düzümleriniň, şol sanda ak mermerli paýtagtymyzyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň ünsden düşürilmeli däldigini aýdyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň we şähergurluşyk maksatnamasynyň degişli derejede amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylaryň öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnanan ýolbaşçylara halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.