Daşoguzly telekeçiler obasenagat önümçiligini işjeň özleşdirýärler

Daşoguzly telekeçiler obasenagat önümçiligini işjeň özleşdirýärler

Telekeçilik gurluşlary ýurduň azyk bazarlaryny ýokary hilli önümler bilen üpjün etmeklige saldamly goşant goşýarlar. Mysal üçin, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndan TSTB-niň agzasy Zakir Rejebowyň baştutanlyk edýän «Gujagy gülli sähra» daýhan hojalygy ýigrimi gektar ýerde kartoşka, on gektar meýdanda bolsa, sogan ösdürip ýetişdirýär. Hojalgyň hünärmenleri her gektardan azyndan 140 sentner kartoşka we 250 sentner sogan ýygnamagy göz öňünde tutýarlar.
Hojalygyň jemi meýdany 81 ga ýeri tutýar. Hususy telekeçilik düzüminiň hereket edýän iki ýylynda atyzlaryň 70 ga ýeri üstünlikli özleşdirildi. Mundan başga-da, hojalygyň ygtyýaryndaky ýene 40 ga ýerde galla we pagta ýetişdirilýär.
Ykdysadyýetinde oba hojalyk önümlerini öndürmeklik esasy orun eýeleýän Daşoguz welaýatynda oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberi üstünlikli artdyrylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmegi ýola goýmak döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işe we ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmeklige telekeçilik gurluşlary işjeň gatnaşýarlar. Sebitde dürli oba hojalyk önümlerini öndürmäge we gaýtadan işlemäge ýörüteleşdirilen hususy düzümleriň onlarçasy bar.