Birinji Hazar ykdysady forumy halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

Birinji Hazar ykdysady forumy halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda boljak birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan halkara media forum geçirildi.
Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri žurnalistlere Türkmenistanyň milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda ýeten derejesi we öňde boljak forumyň ugurlary barada gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň DIM-niň wekilleriniň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň taryhy kerwen ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, onuň geosyýasy ýagdaýy Ýewropanyň hem-de Aziýanyň döwletleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Media forum birinji Hazar ykdysady forumy, onuň mümkinçilikleri we geljekki ugurlary barada gürrüň berýän wideorolik bilen açyldy. Bellenilişi ýaly, bu çäre gerimi boýunça sebitiň çäklerinden çykyp, Hazarýaka döwletleriniň arasynda bolşy ýaly, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde ähmiýetlidir. Öňde boljak forumyň gün tertibine Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýanyň çäklerinde döwletleriň özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy giriziler.
Şeýle hem žurnalistlere Türkmenistanyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşmaga gönükdirilen energetika syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri barada gürrüň berildi.
Eksport ugurly önümleriň mukdarynyň artmagy Türkmenistanyň we tutuş Hazar sebitiniň öňünde ulag-logistika düzümini ösdürmek we pugtalandyrmak wezipesini goýýar. Ýewraziýa giňişliginde sebitara we yklymara gatnaşyklary ulag gatnawlaryny artdyrmak arkaly işjeňleşdirmek meseleleri aýratyn möhümdir. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty yklymdaky gatnaşyklary ösdürmegiň wajyp tapgyryny üpjün etdi. Ol Gara deňiz, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň ýurtlaryna çykmak üçin aňrybaş amatly şertleri döredýär hem-de ýük daşamakda wagty ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem forumyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine meýilleşdirilen esasy çäreler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklaryň, döwlet, işewür toparlaryň we kompaniýalaryň wekilleriniň arasynda gepleşikleriň geçiriljekdigi barada habar berildi. Mundan başga-da, forumyň çäklerinde halkara maslahat, Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi we “Türkmen sährasy 2019” dünýäniň awtomobil gurluşy ulgamynyň ýeten derejesi barada sergi guralar.
Media forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hazar sebitiniň dünýä energetika giňişliginde netijeli we deňeçer gatnaşyklary döretmek boýunça tagallalary utgaşdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi bolsa tutuş sebitiň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine iri taslamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin möhüm binýady emele getirer.