Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasynaABŞ-dan, Singapurdan, BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçilerTürkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini,dizel ýangyjyny, polipropileni, ýangyç mazudy,şeýle hem Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan bolan täjirler tehniki kükürdi, (“Türkmengaz” DK), ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni (Gyýanlynyň polimer zawody), karbamidi we tehniki uglerody,plastik gaby (“Türkmenhimiýa” DK)satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna awtoulag, reňksiz list aýna, nah ýüplük,buýan köki we onuň guradylan görnüşi ýerlenildi.Satyn alan ýurtlara Russiýa, ABŞ, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan degişlidir.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 132 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 4 million 173 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi hem matanysatyn aldylar.