«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

24-nji awgustda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş aýdymçylaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmen aýdymçy ýaşlarynyň bu döredijilik bäsleşigini Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň häkimlikleri hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi gurady.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns hem-de ruhubelentlik bilen diňlediler.
Bäsleşige gatnaşanlaryň hatarynda dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary hem-de ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary, harby gullukçylar, telekeçiler, medeniýet we beýleki ulgamlaryň işgärleri bar.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, aýdymçylar abraýly emin agzalarynyň öňünde dürli aýdym-saz eserlerini ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň deslapky tapgyrlaryna gatnaşanlar nusgawy aýdymlary, meşhur dessanlardan aýdymlary, halk we häzirki zaman aýdymlaryny ýerine ýetirip, öz zehin başarnyklaryny görkezdiler.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň guramaçylarynyň belleýşi ýaly, bu döredijilik gözden geçirilişiniň derejesi ýyl-ýyldan artýar, oňa gatnaşýan zehinli dörediji ýaşlaryň sany köpelýär.
Şu gezekki bäsleşige gatnaşyjylaryň hatarynda diňleýjileriň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan ussat aýdymçylar hem az däl. Emin agzalary Diýarymyzyň dürli obalaryndan we şäherlerinden bäsleşige gatnaşýanlaryň ýerine ýetiriş mümkinçilikleriniň haýran galdyrýandygyny bellediler. Olaryň köpüsiniň belli aýdymçylar bolup ýetişjekdigi häzirden görünýär. Tomaşaçylar üçin bolsa bu döredijilik çäresi hakyky sungat baýramyna öwrüldi.
Paýtagtymyzyň sahnasynda guralan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji konsertinde iň gowy aýdymçylaryň 12-si çykyş etdi.
Ýaş zehinler söýgi, mähriban tebigatymyzyň gözelligi hem-de ajaýyp türkmen paýtagty hakyndaky aýdymlary-da joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Olaryň birnäçesi nusgawy şahyrlaryň sözlerine meşhur türkmen kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryny tomaşaçylara hödürlediler.
Bäsleşigiň geçen ýylky ýeňijileri hem bu çärä çagyryldy. Olar özlerine uly sungat dünýäsine ýol açan bu bäsleşigiň özboluşly senasy bolan “Ýaňlan, Diýarym!” aýdymyny bilelikde ýerine ýetirdiler.
Bäsleşige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda döwlet Baştutanymyza ýaş zehinleriň tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdylýar hem-de geljekde-de joşgunly döredijilik ylhamy bilen ata Watanymyzy, ösüşiň ähli ugurlarynda ýetilen belent sepgitleri wasp etjekdikleri ynandyrylýar.