Aşgabadyň nah mata kombinatynda sintepon öndürýän enjam işe giriziler

Aşgabadyň nah mata kombinatynda sintepon öndürýän  enjam işe giriziler

Dokma senagatynyň iň köne kärhanasy bolan Aşgabadyň nah mata kombinatynda sintepon öndürýän seh açylar. Ýurtda dokma senagaty kärhanalarynyň gurluşygy we durkuny täzelemek ulgamynda netijeli özara hereketde uly tejribesi bolan köne hyzmatdaş - Norsel International Inşaat Diş Tiсaret Sanayi türk kompaniýasy şeýle matany öndürýän tehnologik enjamy gurnar we ulanmaga berer.
Mälim bolşy ýaly, sintepon ýokarky gat eşiklerde ýyladyjy, ýorganlarda we durmuşda ulanylýan beýleki dokma önümlerinde goşundy hökmünde ulanylýar. Sintepon poliefir süýümlerden alynýar, şeýle hem onuň düzümine ýüň we pagta sapaklary goşulýar. Bu sintetiki matany öndürmek üçin has netijeli – termiki usuldan peýdalanylar. Bu önüm ýeňildir we has gowy ulanylyş sypatlaryna eýedir.