• Türkmenistanyň Statistika
    Baradaky DÖWLET KOMITETI
     
     
  •  
     
  •  
     
  •  
     


20.07.2017




“Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň korrupsiýa garşy göreş we öňüni alyş çäreleri boýunça meýilnamasyna” laýyklykda TürkmenStatyň içerki gözegçilik bölüm birlikleriniň alyp barýan iş ugurlaryny seljermek we kämilleşdirmek boýunça teklipler taýýarlandy hem-de şolaryň esasynda degişli resminamalar kabul edildi.




Şonuň ýaly-da parahorluga we korrupsiýa garşy göreş boýunça işgärleriň arasynda wagyz-nesihat işleri dowam etdirildi.



01.05.2017




Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Internet-saýtynyň  “Usulyýet” mowzugynyň  “Sanawlar we klassifikatorlar” kiçi mowzugy astynda 2008-nji ýylyň Milli hasaplar ulgamynyň (MHU-2008) hödürlemesi esasynda taýýarlanan we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2017-nji ýylyň 24-nji martynda 47-iş belgili buýruk bilen tassyklanan TDS 1.12-2017 Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň sektorlarynyň döwlet klassifikatorynyň täze nusgasy ýerleşdirildi. Bu klassifikatoryň täze nusgasy 2017-nji ýylyň 1-nji maýyndan güýje girizilýär.



06.04.2017




Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 5-nji aprelinde geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A. Öräýewanyň  eden çykyşynyň gysgaça mazmuny




2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurduň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan gowy ykdysady görkezijiler gazanyldy. Hasabat döwründe ähli pudaklarda önüm öndürmegiň möçberleriniň ýokary ösüşi bellenildi.




Umuman, senagat önümleriniň önümçilik möçberleri 13,8 mlrd. manada deň boldy. Olaryň 53,1%-i ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişlidir. Oba hojalygynda, beýleki agrotehniki çäreleriň geçirilmegi bilen bir hatarda, ýurduň welaýatlarynda gowaça ekişine başlandy. 2017-nji ýylyň ýanwar–mart aýlarynda öndürilen gök önümler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,9% artdy. Şol bir wagtyň özünde mallaryň baş sany durnukly artýar.