• Türkmenistanyň Statistika
    Baradaky DÖWLET KOMITETI
     
     
  •  
     
  •  
     
  •  
     

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiniň gün tertibine geçip, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ol Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň türkmen böleginiň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň Ýaponiýa bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.


Bellenilişi ýaly, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon işçi toparynyň duşuşyklarynyň çäklerinde nebitgaz we himiýa pudaklarynda özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC), Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş guramasynyň (NEXI), Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Hususan-da, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň taslamasy we beýleki bilelikdäki taslamalar boýunça gepleşikler geçirildi.


Duşuşygyň dowamynda degişli ylalaşyklar gazanyldy. 2018-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda iki ýurduň hökümetleriniň arasynda gol çekilen Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Ýol kartasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler seljerildi.


Şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy we bu komitetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Olar ýurdumyzda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalarda oňa goldaw berjekdiklerini nygtadylar. Şeýle hem mümkin bolan täze ugurlarda zerur işleriň geçirilmeginiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda ady agzalan komitetiň 23 — 24-nji maýda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän 13-nji mejlisine çynlakaý taýýarlygyň wajypdygy nygtaldy.


Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, nebitgaz ulgamynda ýöriteleşen ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Hususan-da, «Kawasaki» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda gurlan tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawody ulanmaga bermek boýunça hemmetaraplaýyn taýýarlygyň meseleleri, şeýle hem kärhananyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy boýunça degişli teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.


«Sojitz» kompaniýasynyň wekilleri bilen bolan gepleşiklerde Türkmenabatdaky himiýa zawodynda fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça önümhananyň taslamasy boýunça gürrüň boldy. «Mitsubishi» kompaniýasy bilen bolan gepleşiklerde Türkmenistanda ammiak we karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy.


Şeýle hem «Itoçu», «Highchem», «Sumitomo», «Mitsubishi», «Sojitz» kompaniýalarynyň wekilleri bilen nebitgaz we himiýa pudaklarynyň önümlerini ýerleşdirmek hem-de eksport etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


Ýokarda geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça Duşuşygyň Teswirnamasy, «Sumitomo» kompaniýasy bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Sojitz Corporation» kompaniýasynyň arasynda fosfor dökünlerini öndürýän önümhanany gurmak boýunça 2018-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda gol çekilen Çarçuwaly ylalaşyga Goşmaça bar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler geçirilmegine uly ähmiýet berýän oba we suw hojalygynyň möhüm meseleleri boýunça Ýaponiýanyň daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary we Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň departamentiniň baş direktory bilen duşuşyklar geçirildi. Onda öňdebaryjy tehnologiýalary we ýapon hyzmatdaşlaryň sil suwlaryny ilatly ýerlerden sowmak we olaryň öňüni almak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak meselelerine garaldy.


Şeýle hem «Marubeni», «Sojitz», «Itoçu», «Komatsu» ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda suw arassalaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen birlikde, degişli bilelikdäki taslamany ýerine ýetirmek üçin ýapon tarapy bilen «Komatsu» kysymly ýer gazýan tehnikalary tapgyrlaýyn esasda getirmek boýunça ylalaşyk gazanmak babatdaky meselelere garaldy. Duşuşyklaryň jemleri boýunça ýokarda agzalan tehnikany satyn almak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


Maliýe-bank hyzmatdaşlygy boýunça Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň ýapon tarapyndan başlygy hem-de wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.


Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýa bolan saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen, suw hojalyk we awtoulag ulgamyndaky taslamalar boýunça gutarnykly resminamalara gol çekmek maksady bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Halkara hyzmatdaşlyk banky we Ýaponiýanyň Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş edarasy bilen maslahatlar geçirildi.


Saparyň dowamynda ulag babatda Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen duşuşyklar geçirildi. Iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň we Türkmenistana ýapon önümçiligindäki awtoulaglary getirmegiň meseleleri Ýaponiýanyň Ulag, infrastruktura, aragatnaşyk we syýahatçylyk ministrliginiň Raýat awiasiýa býurosynyň direktory, syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň prezidenti we «Sumitomo» kompaniýasynyň departamentiniň baş dolandyryjysy bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Şunlukda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Onda syýahatçylyk we ulag babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasy bilen geçirilen duşuşygyň Teswirnamasy, Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bilen geçirilen gepleşikleriň Teswirnamasy bar.


Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa bolan iş saparynyň dowamynda döwlet we hökümet resmi wekilleri bilen aýry-aýry duşuşyklar geçirildi. Hususan-da, Ýaponiýanyň Parlamentiniň spikeri, wekiller palatasynyň başlygy bilen duşuşyk boldy. Bellenilişi ýaly, ýapon tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatyny goldamak bilen, bu ýurduň işewür düzümleriniň we maliýe edaralarynyň geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.


Parlamentara dostluk toparlarynyň çäklerinde iki ýurduň parlamentleriniň wekilleriniň duşuşyklarynyň möhümdigi baradaky meseleler duşuşygyň özenini düzdi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajypdygy nygtaldy.


Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşygynda türkmen-ýapon gatnaşyklaryny syýasy-diplomatik ugurlar boýunça ösdürmegiň meselelerine garaldy. Şunlukda, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerindäki, şeýle hem «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gatnaşyklar görnüşindäki netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.


Şäher gurluşygy, suwdan rejeli we netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary Tokio şäheriniň gubernatory bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň häkimi bilen duşuşdy. Onda netijeli türkmen-ýapon gatnaşyklaryny, hususan-da, oba hojalygynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna çykylmagyny artdyrmak meselelerine seredildi. Türkmen tarapy Türkmenistanyň bir şäheri bilen Tendo şäheriniň arasynda doganlyk şäher hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyny teklip etdi.


Şeýle hem oba hojalyk ulgamynda Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiligine seretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Tendo şäheriniň häkimi bu teklipleri doly kabul edip, ony hünärmenler derejesinde işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.


Şeýle hem 26 — 28-nji martda ýapon paýtagtyndaky «Tokyo International Forum» Sergi merkezinde «Jitac Europeon Textile Fair Spring — 2019» halkara sergisi geçirildi. Onda ýurdumyzda öndürilen dokma we tikinçilik önümleri görkezildi. Olar bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekdi.


Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde jemi 22 duşuşyk we gepleşikler geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça 7 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.


Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary senagat, oba hojalyk ulgamlaryna degişli on sany önümçilik desgalary bilen tanyşdylar. Olaryň hatarynda «Nissan», «Toyoto» kysymly awtoulaglary we «Komatsu» tehnikalary öndürýän kärhanalar, suw arassalaýjy, galyndylary gaýtadan işleýji, maldarçylyk kärhanasy hem-de ýyladyşhana bar.


Häzirki wagtda Türkmenistanyň wekilleri sport, bilim we oba hojalyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça geňeşmeleri geçirmek maksady bilen, Ýaponiýanyň paýtagtynda saparda bolýarlar.


Milli Liderimiz Türkmenistanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Ýaponiýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde esasy ugur bolup durýandygyny nygtady.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda deňhukukly, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak arkaly ýola goýulýan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň netijeleri muny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.


Dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar köptaraplaýyn esasda we abraýly halkara, sebitara guramalaryň düzümleriniň, hususan-da, «Merkezi Aziýa +Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň çäklerinde berkidilýär. Parlamentara derejesinde ýola goýulýan gatnaşyklara yzygiderli häsiýet mahsusdyr. Taraplar bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goldaw berýär.


Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet, senagat ulgamlaryndaky özara peýdaly türkmen-ýapon gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de ösdürmek, netijeli işewür gatnaşyklary we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, geljegi uly täze bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň doly derejede amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.


Şeýlelikde, Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda birnäçe iri düzümleýin taslamalar amala aşyryldy. 2014-nji ýylda Maryda ammiak we karbamid önümçiligi boýunça zawodlar toplumy, geçen ýyl Balkan welaýatynda «Garabogazkarbamid» zawody hem-de Gyýanlyda polimer gazhimiýa toplumy ulanmaga berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


Himiýa senagaty we energetika pudagy boýunça täze bilelikdäki kärhanalary gurmakda tagallalary utgaşdyrmak boýunça ägirt uly mümkinçilikler bar. Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy netijeli hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr.


Hormatly Prezidentimiz senagatlaşdyrmak ulgamyny esasy ugur edinýän Türkmenistanyň täze ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar, täzeçil usullar esasynda işleýän önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine mundan beýläk-de meýillidigini belläp, ýapon hyzmatdaşlarynyň bu ugurdaky tejribelerini özleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.


Hyzmatdaşlygyň häzirki zaman möhüm ugurlaryny nazarda tutanyňda, ulag-logistika pudagy, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy geljegi uly ugurlaryň hatarynda durýar.


Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegidir. Ikitaraplaýyn ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. 2016-njy ýylda Aşgabatda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we ýöriteleşdirilen orta mekdebiň açylmagy, olaryň maksatnamasyna ýapon dilini öwrenmegiň girizilmegi, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.


Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň halklarynyň baý medeniýeti we sungaty, özboluşly milli däpleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän bilelikdäki döredijilik çäreleriniň ähmiýetlidigini belledi hem-de bu işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.


Syýahatçylyk hem özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi dünýäniň jahankeşdeleriniň ýurdumyza, onuň taryhy-medeni ýadygärliklerine we tebigy aýratynlyklaryna bolan gyzyklanmalarynyň artmagy bilen şertlendirilýär.


Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, ägirt uly mümkinçilikler we anyk mazmun bilen berkidilýän ikitaraplaýyn hoşniýetli erk hem-de gyzyklanmalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine kuwwatly kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň ýardam berýändigini belledi. Munuň özi ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýar.


Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz dürli pudaklarda netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ulgamlaýyn we uzak möhletleýin esasda ösdürmek ugrunda maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli dowam etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.


Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklar barada aýdyp, onuň iri düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky 2019 — 2020-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2019-njy ýyl üçin iş meýilnamasynyň ýurdumyzda oňyn özgertmeleri çuňlaşdyrmaga hem-de iň gowy dünýä tejribesini öwrenmäge ýardam etjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda institutyň ýolbaşçysy Ý.Nuryýewe anyk tabşyryklary berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet web-saýtynyň binýadynda «Iş üpjünçilik» sahypasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu teklip hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna we 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda taýýarlanyldy.


Onda guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem aýry-aýry fiziki şahslar-hususy telekeçiler özlerinde bar bolan boş iş orunlary, olar üçin zerur hünärmenler, işçiler barada maglumatlary ýerleşdirmek arkaly iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirmek mümkinçiligi dörär. Munuň özi iş gözleýän raýatlaryň we iş hödürleýänleriň arasynda zerur maglumatlary alyşmaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça maksatnamany ýerine ýetirmäge, elektron görnüşde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek ulgamyna geçilmegine kömek eder.


Şeýle hem «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (СAREС) maksatnamasynyň «Merkezi Aziýada ykdysady hyzmatdaşlyk ýurtlarynda demir ýol ulgamyny ösdürmek» sebitleýin tehniki kömek taslamasyna ýurdumyzyň goşulmagy barada hasabat berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maliýe toplumynyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere wise-premýeriň ünsüni çekdi. Şolaryň hatarynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalaryny, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine gönükdirilen milli hem-de döwlet maksatnamalaryny bellenilen möhletde ýerine ýetirmek meselelerine gözegçiligi ýola goýmak wezipesiniň bardygy bellenildi.


Ilatyň iş bilen üpjünçiligi, raýatlaryň zähmet öndürijidigini we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegi, olaryň durmuş taýdan goraglylygy ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu ugurda anyk işleriň geçirilmegini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz aýdylan teklibi makullap, ony durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.


Milli Liderimiz gürrüňi dowam edip, СAREС maksatnamasynyň ulag, energetika, söwda ýaly pudaklarda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goldaw berýän wajyp gural bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu düzüm bilen özara gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini aýtdy.


Şeýle hem bu taslama gatnaşmagyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, bu maksatnama gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebitiň ýurtlarynyň ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm täsiriniň boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.


Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisinde wise-premýer M.Meredow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, nebitgaz toplumynyň çig mal binýadyny we önümçilik kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.


Şeýle hem täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak, nebitgaz känlerini senagat taýdan özleşdirmegi çaltlandyrmak maksady bilen geologiýa-gözleg işlerini artdyrmak, hususan-da, bu işleri ýurdumyzyň günbatar künjeklerinde alyp barmak hem-de nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreler barada habar berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine önjeýli goşant goşmakda nebitgaz toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajyp wezipeleriň biridir.


Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmek, onuň düzümlerini täzeçil usulda döwrebaplaşdyrmak, iri maýa goýum taslamalaryny, şol sanda TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň bellenen möhletde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek, energetika ugrunda ýeterlik tejribesi we öňdebaryjy tehnologiýalary bolan iri halkara nebitgaz kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda degişli tabşyryklar berildi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ministrliklerinde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzyň jemagat hojalygy gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan işleriň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz ilatymyzy elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu meseläni hemişe berk gözegçilikde saklamagy talap etdi hem-de wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


Milli Liderimiz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak meselesine degip geçmek bilen, landşaft bezegçiligine häzirki zaman çemeleşmelerini peýdalanyp, bagy-bossanlyga öwürmek işleriniň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.


Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň gurluşyk kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini belläp, öňde duran wezipeleriň ählisiniň döwrebap tehnikalary hem-de iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly çözülmelidigini nygtady we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


Milli Liderimiz gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, dünýä ülňülere laýyk gelýän awtoulag ýollaryny, köprüleri we beýleki desgalary gurmak boýunça taslamalary amala aşyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda durmuşa geçirilýän işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle-de wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna Senagat işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permanyň taslamasyny hödürledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köptaraplaýyn ösýän senagatyň, ýerli çig mal serişdelerini netijeli peýdalanyp, ylma esaslanýan önümçiligiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň esasy şertdigini nygtady.


Şunuň bilen baglylykda, senagat we kommunikasiýa pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Senagat işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permana gol çekdi.


Soňra wise-premýer türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler hakynda hasabat bermek bilen, milli Liderimiziň garamagyna «Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.


Döwlet Baştutanymyz bar bolan köpugurly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada aýdyp, ygtybarly kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň türkmen-türk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin ygtybarly esas bolup, köp ugurlary öz içine alýandygyny belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we giňeldilmegine işewürlik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine ýardam berýän Hökümetara toparyň işine uly ornuň degişlidigini nygtap, hödürlenilen resminama gol çekdi.


Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalary elektron resminama dolanyşygynyň sanly ulgamy arkaly wise-premýere iberdi.


Hasabatyň çäklerinde wise-premýer «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtoulag sergisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdi. Bu sergide ýeňil, ýük, ýolagçy hem-de ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň dürli nusgalary görkeziler.


Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sergileriň hem-de işewürlik maslahatlarynyň geçirilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde Türkmenistanyň eksport kuwwatyny has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere halkara sergä awtomobil gurluşygynda ýöriteleşdirilen dürli kompaniýalaryň gatnaşmagyny üpjün etmegi hem-de ýokary derejede geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow sanly ykdysadyýet boýunça Okuw-tejribe merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyna laýyklykda, ýurdumyzyň birnäçe önümçilik pudaklaryna, şol sanda hususy ulgamyň kärhanalaryna täzeçil tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Elektron resminama dolanyşygy, elektron şahsyýetnama ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply elektron senagatyny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.


Sanly tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmakda hünärmenleri, telekeçileri we ähli raýatlary amala aşyrylýan özgertmeler bilen tanyşdyrmak bu ugruň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň milli Konsepsiýasyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde sanly ykdysadyýet boýunça Okuw-tejribe merkezini döretmek boýunça teklip taýýarlanyldy.


Täze bilim edarasy ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň serişdeleriniň hasabyna alnan döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylar. Merkezde häzirki zaman maksatnama üpjünçiligini işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, sanly ulgamda öňdebaryjy tejribeleriň özleşdirilmegini üpjün eder.


Täze Okuw-tejribe merkezinde «Elektron resminama dolanyşygy», «Bir penjire ulgamy arkaly ilata hyzmat ediş», «Maglumatlary seljeriş», «Pudaklaýyn elektron dolandyryş», «Sanly oba hojalygy» ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri okatmak göz öňünde tutulýar. Sanly ulgamyň birinji tapgyryny Ahal welaýatynyň çäginde peýdalanmak, soňra tutuş ýurdumyz boýunça ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.


Hormatly Prezidentimiz aýdylan teklibi makullap, Okuw-tejribe merkeziniň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sanlaşdyrylmagyna, täzeçil, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň döredilmegine, elektron senagatynyň we senagatlaşdyrmagyň görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyna, bazar gatnaşyklarynyň hem-de ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermelidigini belledi. Şu ugurlar bu merkeziň okuw maksatnamasynda öz beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow 7-nji aprelde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan bedenterbiýe-sport hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.


Milli Liderimiziň şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreler baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, dürli meýdançalarda — Saglyk ýolunda, seýilgäh we sport toplumlarynda, stadionlarda we beýlekilerde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport ýaryşlary geçiriler we görkezme çykyşlary guralar. Şeýle hem sportuň milli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünliklerini görkezmelidigini, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge ýardam etmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.


Milli Liderimiz bu ugurda döwrebap maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilendigini, onuň täze lukmançylyk merkezleriniň, sport desgalarynyň açylmagynyň hasabyna ýyl-ýyldan pugtalandyrylýandygyny hem-de giňeldilýändigini belläp, olaryň işiniň öňdebaryjy usulyýetleriň hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrmagy boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem wise-premýere saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda özgertmeleriň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de bu ulgamlarda iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmäge aýratyn üns bermegi talap etdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa baýramçylyk seneleri, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli aprel aýyna meýilleşdirilen medeni çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän 2019-njy ýyla bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem Bütindünýä saglyk güni we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli sergileri we bäsleşikleri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.


Şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli sport çärelerini we maslahatlary geçirmek meýilleşdirildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynda bu iri gurama bilen oňyn hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar hem guralar.


Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guraljak çäreleriň maksatnamasynda ýöriteleşdirilen sergiler we bäsleşikler, ylmy maslahatlar, çapyksuwarlaryň bäsleşikleri — uzak aralyga atly ýöriş, päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşlar, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary guramak göz öňünde tutulýar.


Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň paýtagtymyzda geçiriljek IX mejlisine, halkara sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahata dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşar.


Şeýle hem baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde ýylyň iň owadan ahalteke bedewi halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, ahalteke atlarynyň gözelligini çeper beýan etmek boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy we milli mirasymyzyň giňden wagyz edilmegine ýardam berýän beýleki çäreler guralar, bütin dünýäde şöhrat gazanan türkmen bedewleri bu mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýä derejesinde ýurdumyzyň abraýynyň belende göterilmegine ýardam berýän hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde okgunly ösüşine, gadymy we özboluşly medeniýetine ägirt uly gyzyklanma döredýän halkara maslahatlaryň geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetini belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň giň halkara hyzmatdaşlygy ugur edinýän syýasatynyň türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasynyň dünýäde düýpli öwrenilmegine hem-de giňden wagyz edilmegine ýardam edýändigini, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dürli ýurtlaryň halklary bilen dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyny belläp, göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, häzirki wagtda ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň dünýäde abraýynyň artdyrylmagyna hem-de pudagyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.


Biz naýbaşy ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, milli atçylyk sportunyň gadymy ýörelgeleriniň dowamatlylygyny saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewine bagyşlanan dabaralaryň ýokary derejede guralmagy babatynda wise-premýere görkezmeleri berdi.


Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri geljekde has-da ösdürmek maksady bilen, degişli çäreleriň geçirilmeginiň, bu işlere ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň çekilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen 2019 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere tabşyryklary berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalyk pudagyny özgertmek hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.


Golaýda badalga alan gowaça ekişiniň guramaçylykly geçirilmegi, kärhanalaryň hem-de daýhan hojalyklarynyň sazlaşykly işlemegi, oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmagy, oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegi üçin ähli çäreleriň görülýändigi bellenildi.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça oba hojalygyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. «John Deere» amerikan kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň edara binasynda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Änew şäherinde oba hojalyk önümçiligini sanly elektron dolandyryş merkezleriniň açylandygy habar berildi.


Häzirki wagtda bu kompaniýanyň tehnikalary Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda synag edilýär. Olar ekerançylyk meýdanlarynyň gowaça ekiljek ýerlerinde geriş çekmek işlerinde hem-de gowaça ekişinde ulanylýar. Geljekde bu etraplaryň hojalyklarynda gowaça ösdürip ýetişdirmegiň we ýetişdirilen hasyly ýygnamagyň ähli işlerinde ulanylýan tehnikalary sanly elektron usulynda dolandyrmak boýunça synag etmek meýilleşdirilýär.


Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň mehanizmleşdirilen işlerine sanly elektron ulgamynyň ornaşdyrylmagy topragy takyk usulda işläp bejermäge, tehnikalary awtomatik usulda dolandyrmaga we iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga, sarp edilýän ýangyjyň mukdaryny takyk kesgitlemäge hem-de işleriň maglumatlaryny merkezleşdirilen usulda toplamaga we seljermäge uly mümkinçilikleri döredýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek baradaky strategiýanyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Oýlanyşykly oba hojalyk ulgamynyň ulanylmagy ýurdumyzyň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini artdyrmaga, ýer, suw hem-de dökün serişdelerinden netijeli peýdalanylmagyna ýardam eder.


Bularyň ählisi öňde goýlan esasy wezipeleri, şol sanda oba hojalyk önümlerini artdyrmak, işewürligiň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly wezipeleri toplumlaýyn çözmäge kömek eder.


Döwlet Baştutanymyz tutuş ýurdumyz boýunça oba hojalyk önümçiligine sanly elektron dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmaga geljekde hem aýratyn üns bermegi tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz gowaça ekişini geçirmek meseleleri barada durup geçmek bilen, mehanizatorlaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegi, bu möhüm çärä gatnaşýan ähli toplumlaryň sazlaşykly öndürijilikli işi üçin zerur şertleriň döredilmeginiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, ýakyn wagtlarda iki iri täze gurluşyklara, hususan-da, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň hem-de Aşgabadyň täze iri şäheriniň gurluşygynyň başlanylmagy bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipelere Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň ünsüni çekdi.


Işçi güýçleri bilen üpjün edilmegi hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegi bu ugurda göz öňünde tutulýan işleriň möhüm şertleri bolup durýar diýip, milli Liderimiz täze şäherleriň ilatyny iş bilen üpjün etmek, zerur bolan kärhanalaryň we hünärmenleriň sanawyny düzmek meselelerini oýlanyşmagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere ýaşaýyş jaýlaryny hem-de önümçilik maksatly täze desgalary bir wagtda bina etmek maksady bilen, bu ugurda işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.


Milli Liderimiz ýurdumyzda bolup geçýän ýagdaýlary hemmetaraplaýyn seljermegiň esasynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüş meýillerini öz wagtynda çaklamak, bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmak zerurdyr diýip aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirilmek, ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny artdyrylmak, önümçiliklerde öňdebaryjy tehnologiýalary we hojalygy ýöretmegiň hem-de dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsüni çekdi.


Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenmek bilen, şu günki mejlisde ýurdumyzda geçirilýän işleriň jemlerine garalandygyny, şeýle hem ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň kabul edilendigini belledi.


Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, özygtyýarly Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Gözleg