• Türkmenistanyň Statistika
    Baradaky DÖWLET KOMITETI
     
     
  •  
     
  •  
     
  •  
     

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi

Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iki günlük sergisi we maslahaty geçirildi. Öz hatarlarynda hususy işewürligiň wekilleriniň 22 müňden gowragyny birleşdirýän bu iri jemgyýetçilik guramasynyň gazananlarynyň giň gerimli sergisi ýurdumyzyň telekeçileriniň eýe bolan ägirt uly kuwwatyny we mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezdi.


Forumyň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.


Sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu birleşmäniň agzalaryna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi.


Söwda-senagat edarasynyň binasynyň öňünde myhmanlary TSTB-niň, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň we beýlekileriň baş binalarynyň maketleri bilen bezelen «telekeçiler ýoly» garşy alýar.Sergi bilen tanyşlyk uly ekrandaky wideoşekiller bilen başlanyp, şolarda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldamagy hem-de üns bermegi netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň üstünlikleri görkezilýär.


Şu ýyl sergide senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen hususy kompaniýalaryň 188-si öz diwarlyklaryny görkezýärler.


«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň diwarlygy sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Ol hyzmatlaryň täze görnüşi — QR-kodlar arkaly kömegi bilen tölegler bilen tanyşdyrýar. Aziýa ýurtlarynda giň meşhurlyga eýe bolan amallaryň bu görnüşi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam eder. Oňa geçilmegini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna ýurdumyzyň üstünlikli goşulyşmagy üçin zerur esasy wezipeleriň hataryna goşýar.


«Türkmen tranzit» hojalyk jemgyýetiniň diwarlyklary hem myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Olar ýurdumyzyň kärhanalary we dükanlary tarapyndan plastik kartlarynyň kömegi bilen bank amallaryny geçirmek mümkinçiligine eýe bolan POS — terminallaryň döwrebap görnüşlerini oturtmak boýunça mümkinçilikler bilen tanyşdyrdylar.


Milli Liderimiziň döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny sanlaşdyrmak hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňde goýan wezipesi ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň kompaniýalary öz işine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrýarlar, bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam edýär. Ýurdumyzyň telekeçileri öz işine döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýarlar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde kerpiç, demir-beton gurluşlary, gidroörtüji serişdeleri, çagyl, izogam, penopolistirol, keramzit, dürli emulsiýalary, elektrokabel we şlanglary, aýmança daşlaryny, ýag hem-de howa süzgüçlerini, akkumulýatorlary we beýlekileri öndürýän döwrebap zawodlar üstünlikli işleýär.


Sergide ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini görkezen kärhanalaryň hatarynda «Maksatly geňeş», «Çaly», «Ak bulut», «Daşly gala» we beýleki hususy şereketler bar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy kärhanalary halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini özleşdirdiler. Şolaryň hatarynda ýerli çig maldan öndürilýän hem-de daşary ýurtlardan getirilýän görnüşiniň ornuny tutýan aýna mozaikasyny görkezmek bolar, olary türkmen şäherleriniň binalaryny bezemekde ulanýarlar.


Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň import harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça türkmen önüm öndürijileriniň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň telekeçileri gön önümlerini çykarmagy ýola goýdular. Olar üçin çig mal ýerli maldarçylyk toplumlaryndan gelip gowuşýar. Netijede, önümleriň täze görnüşini, şol sanda döwrebap ýokary hilli aýakgaplary öndürmek mümkinçiligi peýda boldy, olar eýýäm içerki bazarda daşary ýurt görnüşleri bilen üstünlikli bäsleşýär, geljekde bolsa eksporta ugradylar. Türkmen telekeçileriniň öndürýän — «Röwşen», «Sada dostluk» şereketleriniň erkek adamlar üçin aýakgaplary hem-de «Inçe hyzmat» şereketiniň zenanlar üçin aýakgaplary munuň aýdyň mysalydyr.


Sergi bu ýere gelenleri söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek babatda hem telekeçileriň üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Häzir olar ýöriteleşdirilen dükanlary açýarlar, françaýzing ýörelgesi boýunça söwda işlerini guraýarlar. TSTB-niň agzalarynyň paýtagtymyzda guran «Berkarar», «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy», «Aşgabadyň ýalkymy» iri söwda merkezlerindäki marketler munuň aýdyň subutnamasydyr.


Umuman, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazananlarynyň sergisi hormatly Prezidentimiziň uly goldaw bermegi netijesinde, ýurdumyzyň hususy pudagynyň sazlaşykly ösüşiň ýoluna ynamly düşendigine hem-de önümçiligiň we marketingiň döwrebap tehnologiýalaryny özleşdirmek bilen halkara derejesine çykyp, täze iş orunlaryny döretmek bilen raýatlarymyzy iş bilen üpjün edýändigini, bazary täze önümler bilen doldurýandygyny aýdyň görkezdi.

Gözleg