• Türkmenistanyň Statistika
    Baradaky DÖWLET KOMITETI
     
     
  •  
     
  •  
     
  •  
     

Türkmenistan Bahreýn bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeldýär

Iki günüň dowamynda — 16 — 17-nji martda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan bilelikde guralan türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Ilkinji gezek geçirilen maslahat halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berip, iki ýurduň gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.


Işewürleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin uly wekiliýet Türkmenistana geldi. Şolaryň hatarynda dostlukly ýurduň döwlet düzümleriniň, maliýe hem-de bilim edaralarynyň, söwda, gaz, nebit, himiýa pudaklarynda, dokma senagatynda, telekommunikasiýa, syýahatçylyk we beýleki ulgamlarda işleýän öňdebaryjy bahreýn kompaniýalarynyň wekilleri bar.


Türkmen tarapyndan duşuşyga ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Söwda-senagat edarasynyň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.


Bahreýn Patyşalygynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiň ýokary depginlerini görkezýän hem-de diňe ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde belent halkara abraýdan peýdalanýan Türkmenistan bilen gatnaşyk etmäge dostlukly ýurduň ýokary gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Häzirki maslahat giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge iki ýurduň özara ymtylmalarynyň subutnamasydyr.


Forumyň barşynda Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edarasynyň, Ykdysady ösüş boýunça müdirliginiň, Merkezi bankynyň, «Banagas» milli gaz kompaniýasynyň wekilleri çykyş etdiler. Olaryň çykyşlarynyň üstüni Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden, Söwda-senagat edarasyndan, Döwlet daşary ykdysady iş bankyndan, «Türkmengaz» döwlet konserninden hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden türkmen kärdeşleri ýetirdiler.


Maslahata gatnaşyjylar çäräniň baş wezipesiniň bahreýnli myhmanlary Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen tanyşdyrmakdan, milli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň wekilleri bilen netijeli uzak möhletli aragatnaşyklary ýola goýmakdan we pugtalandyrmakdan ybaratdygyny bellediler.Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, täze gatnaşyklary ýola goýmak, maýa goýum, söwda, bank, nebitgaz we beýleki ulgamlarda mundan beýläk gatnaşyk etmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň esasy meseleleri boldy.


Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär, nebitgaz serişdeleriniň gazylyp alnyşyny artdyrmaga we tebigy baýlyklary gaýtadan işlemek üçin düzümleri döretmäge niýetlenen ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge köp mukdarda serişdeler gönükdirilýär.Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýmagyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli düzümler ösdürilýär, maýadarlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara talaplar nazara alnyp, maýa goýum işleriniň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.


Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty we üstünlikleri barada, möhüm döwlet ösüşlerini göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle-de dünýä bazarynyň ösüşiniň möhüm meselelerine hem-de Merkezi Aziýa sebitinde özüne çekiji ýurt hökmünde döwletimiziň eýeleýän ornuna garaldy.


Işewürler maslahatynyň işiniň birinji gününiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda «Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyga», «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda gaz we gazhimiýa pudagynda özara hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda «Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyga», «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Gözleg