• Türkmenistanyň Statistika
    Baradaky DÖWLET KOMITETI
     
     
  •  
     
  •  
     
  •  
     

Türkmen türgenleriniň Dünýä çarwadarlarynyň festiwalyndaky medallary

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň pälwanlary Dünýä çarwadarlarynyň halkara etnofestiwalyna gatnaşyp, üç medal — türkmen milli göreşi boýunça altyn, alyş guşakly gyrgyz göreşi boýunça kümüş hem-de ssirim milli koreý göreşinde bürünç medallary gazandylar.


Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän ýaryşlara Bütindünýä etnooýunlar konfederasiýasynyň metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, dünýäniň 77 ýurdundan türgenleriň 725-den gowragy gatnaşýar.


Etnofestiwala gatnaşyjylar sportuň 15 görnüşi hem-de sportuň görkezme görnüşleriniň 16-sy boýunça — milli, şol sanda türkmen göreşinde, aň-paýhas oýunlarynda, ýaýdan ok atmak we at üstündäki ýaryşlar boýunça bäsleşýärler.


Dünýä çarwadarlarynyň etnografiýa ugurly halkara festiwallary ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däplerini gaýtadan dikeldip, milli mirasymyzy hem-de medeni köpdürlüligi wagyz etmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, dünýäniň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Gözleg