• Türkmenistanyň Statistika
    Baradaky DÖWLET KOMITETI
     
     
  •  
     
  •  
     
  •  
     

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň miweleri

Söwda toplumy Türkmenistanyň içeri we daşary ykdysady syýasatynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda bu ulgam halk hojalyk toplumynyň iň okgunly ösýän ugurlarynyň biridir, toplumda milli ykdysadyýetimizde bolup geçýän özgertmeler, bazar gatnaşyklaryna geçilýän şertlerde onuň meýilleri has aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň bazarlarynda haryt dolanyşygynyň barha artýan möçberleri ilatyň abadançylygynyň hem-de durmuşynyň hiliniň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr. Daşary söwda dolanyşygynda importyň we eksportyň düzümleýin paýy bolsa döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň barha berkeýän işewürlik gatnaşyklaryny aýdyň görkezýär, şonuň netijesinde, Türkmenistanda öndürilen önümleriň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimi gün-günden giňelýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu işlerde telekeçilige, şol sanda hödürlenýän harytlaryň sanawyny giňeltmek hem-de uly islege eýe bolan, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmek babatynda işewürlige aýratyn orun degişlidir.


Kiçi we orta telekeçilik Türkmenistanyň söwda ulgamynyň ösdürilmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň düzümini giňeltmek, iş orunlaryny döretmek hem-de ýerli serişdeleriň hasabyna azyk bolçulygyny döretmek babatynda hem binýat bolup hyzmat etdi.


Bölek-satuw dolanyşygy ýurdumyzyň içerki bazarynyň ösüşiniň anyk görkezijisidir, onuň möçberi 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2018-nji ýylda 19,6 göterim artdy. Şunda döwletiň paýyna onuň 7,8 göterimi, döwlete dahylsyz bölegiň paýyna bolsa 92,2 göterim düşdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebit we ählumumy meýilleriň hemişe üýtgeýän isleglerini hasaba almak bilen, Türkmenistanyň çeýe eksport syýasatyny emele getirmek üçin daşary ýurt bazarlarynyň ýagdaýyna yzygiderli seljerme berilmeginiň zerurdygyny hemişe nygtaýar. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň eksporty 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 50 göterime golaý artdy. Şunda Türkmenistanda öndürilen sementiň daşary ýurtlara iberilýän möçberiniň bahasynyň ösüş depgini 20,2 göterime deň boldy, haly we haly önümleriniňki 5,5 esse, gök önümleri we miweleri gaýtadan işlemekden alynýan önümleriňki 3,5 esse, ýüň 36,1 göterim, dokma önümleri 22,9 göterim, mineral dökünler 18,1 göterim artdy.


2018-nji ýylyň aprel aýynda ýurdumyz ýumurtga eksport edip başlady. Garalýan döwürde daşarky bazarlara umumy bahasy ABŞ-nyň 3,8 million dollaryna deň bolan 79,4 million sany ýumurtga iberildi. Gök önümleri eksporta ibermekde ösüş meýilleri saklanyldy. Mysal üçin, ABŞ-nyň 9,7 million dollaryna deň bolan gök önümleriň 9,6 müň tonnasy daşarky bazarlara ugradyldy. Eksporta iberilen harytlaryň toparynda pomidor esasy orny eýeledi (89,4 göterim).


Mundan başga-da, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň eksport edýän harytlarynyň hatarynda täze önüm peýda boldy. Daşary ýurtlara iberilýän armatura önümleriniň umumy bahasy ABŞ-nyň 1,4 million dollaryndan gowrak, aýna we aýna önümleriniň möçberleri ABŞ-nyň 3,4 million dollaryndan gowrak boldy. Bu görkezijiler ýurdumyzda eksport ugurly önümçiligi artdyrmak boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilýändiginiň subutnamasydyr.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutanýerli energetika diplomatiýasynyň, ähli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi netijesinde Türkmenistanyň daşary söwdasynyň gerimi hem giňelýär. 2018-nji ýylda türkmen döwleti dünýäniň 107 ýurdy bilen daşary söwda amallaryny geçirdi, Hytaý, Italiýa, Türkiýe, BAE, Owganystan esasy söwda hyzmatdaşlary boldular.


Aşgabatda 26 — 28-nji iýun aralygynda geçirilen ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde guralan «Söwda we hyzmatlar — 2018» sergi-ýarmarka ýurdumyzyň söwda pudagynyň mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Bu sergä Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalarynyň we düzümleriniň 50-den gowragy gatnaşdy, olaryň hatarynda «Türkmeneksport» kärhanasy, serhetýaka söwdasyna ýöriteleşdirilen «Howdan — Bajygyran» firmasy, bazarlaryň Aşgabat şäher birleşigi bar. Bu ýerde şeýle hem önümçilik-söwda edaralary hem-de ýurdumyzyň alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi diwarlyklaryny görkezdiler.


«Mizan» täjirçilik merkezi, «Kümüş — Aý», «Ruhubelent», «Altyn Ýyldyz» kärhanalary, «Parahat» medeni-dynç alyş merkezi jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda hyzmatlar ulgamyny mahabatlandyrdylar. Sergide hyzmatlaryň beýleki ugurlary: kompýuter tehnologiýalary merkeziniň kompýuter hyzmatlary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhanalary syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürlediler.


Sergä şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky söwda öýleri gatnaşdylar. Soňky ýyllarda Hytaýda, Türkiýede, Russiýada, Belarusda, Gyrgyzystanda, Gruziýada we beýleki ýurtlarda döwletimiziň söwda wekilhanalary açyldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, oba hojalygyny ösdürmek, gaýtadan işleýän senagatyň giňeldilmegi hem-de türkmen ykdysadyýeti üçin täze bolan senagat ugurlarynyň döredilmegi boýunça öňde goýan wezipeleri çözmek babatda amala aşyrylýan giň gerimli işler netijesinde ýurdumyzda öndürilýän hem-de uly islege eýe bolan, bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawy barha giňeýär. «Söwda we hyzmatlar — 2018» atly sergi milli söwda toplumynyň ösüşiniň beýany boldy, ony synlap, söwda toplumynyň ösüş meýilleri, içerki bazaryň, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eksport mümkinçilikleri barada düşünje alyp bolýar.


Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde we ýurdumyzyň içerki bazaryny haryt bolçulygy bilen üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär, bu birleşme senagat we oba hojalyk önümçiliginiň möçberlerini artdyrmakda, haryt dolanyşygynda ýylyň-ýylyna ýokary ösüş depginlerini üpjün edýär. Hususy bölegiň wekilleri ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdelerini özleşdirmek boýunça önümçilikleri döretmekde ýeterlik tejribe toplap, gurluşyk senagatynda we gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşýärler.


Türkmen telekeçileri uly islege eýe bolan harytlary öndürmekde, ulag, söwda we hyzmatlar, logistika ulgamlarynda öňdäki orunlary eýeleýärler. Telekeçiler obasenagat toplumy, dokma we himiýa pudaklary ýaly milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlaryna barha işjeň gatnaşýarlar.


2018-nji ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň güýji bilen gurlan edara we söwda maksatly desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy ýurdumyzyň hususy böleginiň mümkinçiliklerini äşgär etdi.


Gerimi bilen haýran galdyrýan täze işewürlik toplumy paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde peýda boldy, bu ýerde telekeçiler işewürlik merkezleriniň üç gatly binalarynyň häzirki zaman düzümleri bolan ýüze golaýyny gurdular. Edara binalaryndan başga-da bu künjekde söwda merkezleri ýerleşdirildi, olarda hususy türkmen kärhanalarynyň önümleri hödürlenilýär, olar dürli gurluşyk serişdeleri we senagat harytlary, durmuş himiýasy önümleridir, türkmen telekeçileri olaryň önümçiligini ýakynda özleşdirdiler, mundan başga-da bu ýerde elektrotehnika, mebel we beýleki önümler ýerlenilýär.


Döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertler telekeçileriň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga ýardam edýär. 2018-nji ýylyň 16-njy martynda milli Liderimiziň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen geçiren duşuşygy hem hut şu möhüm meselä bagyşlandy. Hormatly Prezidentimiz duşuşykda ýurdumyzyň işewürliginiň wekilleriniň öňünde çykyş etmek bilen, bu guramanyň geçen 10 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işlerine düýpli seljerme berdi hem-de milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi, bu maksatlara ýetmekde ykdysadyýetiň hususy bölegine möhüm orun degişlidir.


Bu duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz Karary bilen kiçi we orta telekeçiligi 2018 — 2024-nji ýyllarda goldamagyň Döwlet maksatnamasyny hem-de şu döwre niýetlenen degişli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.


Bu maksatnama sebit we dünýä derejesinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň artdyrylmagyna, azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna, hususy bölegiň önümçilik, innowasiýa we maýa goýum işjeňliginiň höweslendirilmegine gönükdirilendir.


Şonda milli Liderimiz Karara gol çekip, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky gaznany döretmek boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň birnäçe degişli tekliplerini oňlady.


Strategik milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde hususy düzümleriň goşandyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu we beýleki möhüm çözgütler döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen bolan duşuşykda kabul edildi.


Şonda hormatly Prezidentimiz ýakyn geljek üçin öňde duran wezipeleri kesgitläp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetinde öňdäki orny eýelemelidigini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertiniň mynasyp derejesini üpjün etmegiň wajyp guraly bolmalydygyny, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli ýakynlaşmagyna ýardam bermelidigini aýtdy.


Telekeçilere innowasion häsiýetli energetiki ykdysadyýetini ösdürmekde aýratyn orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de işewürleri ýerli çig maly peýdalanmak bilen ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmäge çagyrdy.


Biziň telekeçilerimiz daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup biljek önümleri öndürmek boýunça kärhanalary döretmelidirler, gazanylan serişdeleri bolsa öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan önümçilige goýmalydyrlar, bazar gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyndan habarly bolmalydyrlar, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny özleşdirmelidirler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri möçberli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda kiçi we orta işewürligiň ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekip, milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumy, gurluşyk, azyk we dokma senagatlary, ulag, syýahatçylyk, söwda we hyzmat ulgamlary ýaly möhüm ugurlaryna telekeçileriň ünsüni jemledi.


Ýurdumyzyň işewürligi öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasion işläp taýýarlamalary ornaşdyryp, iri şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydyrlar. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmäge, şol sanda türkmen kompaniýalarynyň maýa goýum işjeňligini höweslendirýän we telekeçilik üçin has oňaýly ýagdaýlary guraýan ozal hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmaga mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn kömek hem-de aýratyn üns berjekdigini, täze hukuknamalaryň işläp taýýarlanyljakdygyny we kabul ediljekdigini aýtdy.


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz telekeçileriň ýokary ussatlygyny göz öňünde tutup, olara Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ulag ýoluny hem-de Gowurdakda kaliý dökünleri öndürjek kärhanany gurmagyň taslamalaryny durmuşa geçirmegi tabşyrmak barada çözgüdini yglan etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agzalan taslamalary durmuşa geçirmek üçin döwlet karz serişdelerini bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzda güýçli, bäsdeşlige ukyply we durmuş taýdan jogapkärli işewürligi kemala getirmäge, ony ösdürmek üçin has oňaýly ýagdaýlary döretmäge uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.


Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi banky «Rysgal» Paýdarlar täjirçilik bankynyň üsti bilen, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ulag ýolunyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin TSTB-e ýyllyk 1 göterim bilen we ýeňillikli bäş ýyl döwür bilen 20 ýyl möhlete ABŞ-nyň iki milliard dört ýüz million dollaryna çenli möçberde karz serişdesini bölüp berdi.


Lebap welaýatynda Düýbigatan kaliý duzlarynyň käninde kaliý dökünlerini öndürjek dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin bolsa, ýyllyk üç göterim we dört ýyllyk ýeňillikli döwür bilen 11 ýyl möhlete ABŞ-nyň alty ýüz million dollaryna çenli möçberde karz serişdesi bölünip berildi.


Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz TSTB-niň agzalary tarapyndan Aşgabatda täze desgalaryň bina edilmegi boýunça resminamalara gol çekdi, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinde käbir gurluşyk we senagat harytlary getirilende tölenilmeli gümrük paçlarynyň sanawyny tassyklady.


Bu duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan ýene bir taryhy sözi bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyna bermek barada boldy.


Aslynda, munuň özi Hazaryň türkmen kenarynda ýaş dynç alyş ulgamyny ösdürmekde örän işjeň tapgyryň başlanýandygyny aňladýar. Häzir, haçanda, döwletimiziň örän uly howandarlygynda bolan milli dynç alyş zolagy döreýşiniň başlangyç döwrüni üstünlikli geçiren mahaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan ägirt uly taslama ösüşiň täze derejesine çykdy hem-de işleriň şeýle giň gerimli we ähmiýetli bölegini TSTB-e ynanmak bilen, hormatly Prezidentimiz bu ädimiň ýakyn we uzak möhletli geljekde ýokary netijeli boljakdygyna ynam bildirýär.


Milli Liderimiziň pikirine görä, işewürligiň hut çeýeligi we ykjamlygy, onuň bazaryň ýagdaýlaryny inçelik bilen duýmagy, tiz öwrenip bilýändigi, ýyndamlygy we başlangyçlar bilen çykyş edip bilmegi, dürli şertlere tiz uýgunlaşyp bilmegi, ykdysadyýetiň häzirki üýtgäp durýan ýagdaýynda öňe tarap okgunly hereket etmek hem-de gülläp ösüşiň täze öwüşginini döretmek üçin zerurdyr. Munuň üçin döwletimiz tarapyndan hemme zerur çäreler görüldi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle örän uly we bahasyna ýetip bolmajak derejesinde berýän goldawlary bilen ähli batyrgaý meýilnamalara we başlangyçlara giň ýol açylýar.


Milli Liderimiziň ugur görkeziji başlangyçlary, gymmatly teklipleri ýurdumyzyň hususy ulgamyny sazlaşykly ösüş ýoluna çykardy. Barha artýan işjeňlik bilen bir hatarda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryndaky häzirki ýurdumyzyň işewürlik ýurdumyzyň jemgyýetçilik –syýasy durmuşyna hem örän işjeň gatnaşyp başlady, türkmen telekeçileriniň syýasy partiýasy döredildi.


Döwlet tarapyndan döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, türkmen telekeçileri häzirki wagtda halkara derejelerine çykyp, önümçiligiň we marketingiň häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirýärler. TSTB-niň gatnaşmagynda çyzykly şertli belgiler milli guramasy döredildi. Türkmenistanda öndürilen önümleriň çyzykly şertli belgileri dünýä bazarlarynda işjeň hereket edýär. Türkmen işewürliginiň maddy-enjamlaýyn binýady hem pugtalanýar, hususy önümçilik ulgamyň düzümleri daşary ýurtly öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.


Bularyň ählisi, mysal üçin, Türkmenabat şäherinde Halkara howa menziliniň gurluşygy ýaly iri we örän jogapkärli taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu howa menzili 2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açyldy.


Sagatda 500 ýolagça niýetlenen täze howa menzili Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň ýokary hünär derejesi, anyk guramaçylyk ukyplary eýýäm köpden bäri ýurdumyzyň çäklerinden daşynda-da bellidir. Aşgabatda, Türkmenabatda, Awazada hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde soňky ýyllarda senagat, ulag we durmuş ähmiýetli köp sanly iri desgalar olaryň elleri we ussatlygy bilen guruldy.


Ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzilini gurmakda hem ussatlygyň ýokary derejesini görkezdiler. Howa menziliniň toplumynyň ähli 46 desgasy «Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan ýokary hilli, taslama-tehnologiýa ölçegleriniň ählisiniň takyk berjaý edilmegi bilen bina edildi.


Täze howa menziliniň desgalary 600-den gowrak gektar meýdany bolan giň çäklere ýaýylyp gidýär. Binanyň gurluşygynda milli binagärligiň we binagärçilik bezegleriniň döredijilik taýdan oýlanyşykly çemeleşilen usullary giňden ulanyldy. Howa menziliniň girelgesiniň öňünde Lebap gölüniň görnüşinde owadan suw çüwdürimi bina edildi, meýdany 37 müň inedördül metr bolan ýolagçy terminalynyň binasy bolsa guşuçar belentlikden Oguz hanyň ýyldyzy hökmünde görünýär, şonuň netijesinde Türkmenabadyň howa menzili Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.


Ýurdumyzyň telekeçileri şeýle hem paýtagtymyzda we sebitlerde durmuş meselelerini çözmekde hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny alyp barmakda, täze şäherçeleri döretmekde, döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri kemala getirmekde işjeň hereket edýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk talaby bolup durýar.


Geçen ýylyň maý aýynda Ak bugdaý etrabynda — Änew şäherinde 160 maşgala niýetlenen täze ýaşaýyş toplumynyň öý eýelerine açarlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Öýler Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça «Ahalgurluşyk» önümçilik birleşigi tarapyndan hem-de ýerli «Beýik-bina» we «Çynar gurluşyk» hususy kärhanalarynyň güýji bilen guruldy.


Öýleriň umumy meýdany 5 müň 110 inedördül metrden ybaratdyr. Olaryň her birinde iki, üç we dört otaglar ýerleşdirilip, olarda adamlaryň oňaýly durmuşda ýaşamagy üçin hemme şertler döredildi. Täze ýaşaýyş toplumlaryny ösdürmegiň meýilnamasy degişli ýaşaýyş-durmuş düzümlerini, ýaşaýjylaryň wagtlaryny işjeň we peýdaly geçirmekleri üçin hemme şertleri göz öňünde tutýar.


Telekeçiler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge hem uly goşant goşýarlar. Ine, 2018-nji ýylyň 16-njy maýynda welaýatlarda obasenagat toplumynyň iri kärhanalarynyň birbada birnäçesi ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda «Azapkeş» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen döwrebap maldarçylyk toplumy bar. Iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhana ýylda 3 müň tonna süýt we 100 tonna et öndürmäge niýetlenendir. Çykarylýan önümleriň ählisi ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary hil derejesine laýyk gelýär.


Mary welaýatynyň Mary etrabynda «Sähra gurluşyk» ýerli hususy kärhana tarapyndan gurlan guşçulyk toplumy ýylda 5 million ýumurtga hem-de 500 tonna towuk etini öndürmäge niýetlenendir. Onuň önümçiligini üpjün etmek üçin telekeçilere uzak möhletleýin peýdalanmaga 100 gektar ýer bölünip berildi. Munuň özi hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş ýurdumyz boýunça telekeçiligiň ösdürilmegini goldamak boýunça başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarynyň biridir.


Ýyllyk önümçilik kuwwaty 100 tonna süýt we 100 tonna et öndürmekden ybarat bolan häzirki zaman maldarçylyk toplumy TSTB-niň agzalary bolan telekeçiler tarapyndan Murgap etrabynda bina edildi. Zerur bolan iým binýadyny döretmek üçin 250 gektar ekerançylyk meýdany topluma berkidildi. Telekeçiler sygyrlaryň süýde we ete niýetlenen tohumlarynyň baş sanyny iki essä ýetirmegi, şeýle hem önümi gaýtadan işlemek boýunça bölümleri açmagy maksat edinýärler.


Şol wagtda-da Lebap welaýatynyň Çekir obasynda gaplanan miwe we gök önümleri çykarmak boýunça ýyllyk kuwwaty şertli gaplaryň 1 million sanlysyny öndürjek zawod ulanmaga berildi. Ol ýeňillikli bank karz serişdeleriniň hasabyna «Ýakyn dost» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edildi. Täze gurluşykda häzirki zamanyň gaýtadan işleýji önümçiligiň ähli ugurlary — bölümleri, meýdany 100 inedördül metrden gowrak bolan sowadyjylary, ammarlary, barlaghanalary oňaýly ýerleşdirildi.


Desgalaryň bu sanawyny ýene-de dowam edip bolar. Ýurdumyzda kiçi we orta işewürligiň wekilleri Diýarymyzyň sarp ediş bazaryny ýokary hilli önümçilik harytlary bilen doldurmak, olary eksporta ugratmak, ýyladyşhanalaryň, oba hojalyk ulgamyny çig malyny gaýtadan işlemek boýunça dürli bölümleriň gurluşyklarynyň depginlerini tizleşdirmek baradaky wezipeleriň üstünlikli çözülmegine mynasyp goşant goşmaklaryny yzygiderli artdyrýarlar.


Türkmen hususy gurluşyk kompaniýalary eýýäm daşary bazarlara-da çykdylar. 2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Funtowo obasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýçleri bilen gurlan mekdep açyldy.


Ýurdumyzyň işewürleriniň paýtagtymyzyň şähergurluşyk özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmagynyň hem örüsi giňeýär. Telekeçilerimiziň şeýle iri gurluşyk meýdançalarynyň biri paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň tapgyrydyr. Ol özünde dürli gatly, köp öýli hem-de hususy kottejleri bolan onlarça ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny jemleýär. Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düzümine kiçi elektrik bekedi, mekdep, çagalar bagy, bazar we söwda merkezi, seýilgäh, sport we oýun meýdançalary, elýeterlikde ýerleşen dükanlar, ulag goýmak üçin ýerler, şeýle hem ençeme beýleki ýaşaýyş-durmuş desgalary girer. Bularyň ählisini hem ýurdumyzyň hususy kärhanalary gurýarlar.


2018-nji ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş jaý toplumynda «Aga gurluşyk» hojalyk kärhanasy tarapyndan gurlan «Hezreti Omar» metjidiniň açylyş dabarasy boldy. Ol bina edilende, iň täze tehnologiýalar ulanyldy, özboluşly binagärlik çözgütleri, şol sanda daşky keşbi, bezegi hem-de diwarlarynda ýerleşdirilen ýazgylar boýunça işlenip taýýarlanyldy. Metjidiň çäkleriniň umumy meýdany sadaka bermäge niýetlenen bina bilen birlikde, 13 müň inedördül metrden gowrakdyr. Namaza durmak üçin ýer bir wagtyň özünde 3 müň adamyň gatnaşmagyna niýetlenendir.


2018-nji ýylyň oktýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynda täze obalaryň gurluşygyna badalga berildi, şol obalary 2021-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga bermek maksat edinilýär, paýtagtymyzyň Gurtly ýaşaýyş toplumynda döwrebap binalar toplumynyň binýadyny tutmak dabarasy geçirildi. Taslama laýyklykda, telekeçiler bu ýerde 3 müň 64 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny, 320 okuwçy orunlyk umumybilim berýän mekdebi, 160 orunlyk çagalar bagyny we söwda-dynç alyş merkezini gurar.


Geçen ýylyň noýabr aýynda «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 200 orunlyk ýokanç keseller hassahanasyny gurmak hem-de ony häzirki zamanyň ýöriteleşdirilen enjamlary bilen enjamlaşdyrmak işine girişdi.


Ýurdumyzyň bazarynda öz paýynyň artmagy bilen bir hatarda, telekeçilik täze marketing çemeleşmeleri özleşdirýär, sergi-ýarmarka we maslahatlary geçirmek işlerine işjeň gatnaşýar, daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürýär.


2018-nji ýylda hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlaryň meýilleşdirilen mejlislerini hasaba almanyňda, Türkmenistanyň, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli däl ulgamynyň söwda-ykdysady we maýa goýum kuwwaty daşary ýurtlarda geçirilen dürli derejedäki çärelerde giňden görkezildi.


Ine, 6-njy sentýabrda Wenada Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça oňa ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň uly wekiliýeti, döwlet düzümleriniň ýokary wezipeli hem-de Awstriýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň, birnäçe Ýewropa döwletleriniň iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Umuman, türkmen we daşary ýurt kompaniýalaryň 130-a golaýy gönüden-göni habar alşyp, bähbitleriň gabat gelýän ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.


Wekiliýetimiziň agzalarynyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýewropaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyk etmäge, şol sanda işewür düzümleriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga möhüm ähmiýet berip, türkmen telekeçiligini ösdürmäge hemme şertleri döredýär.


Duşuşyga gatnaşyjylar eksport-import amallaryny hem-de özara iberilýän harytlaryň we hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmagyň, şeýle hem iki döwletiň hojalyk edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurdumyzda senagat we hyzmat ediş kärhanalaryny döretmek, türkmen önümlerini Awstriýanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň bazarlarynda öňe ilerletmek üçin Awstriýanyň kompaniýalarynyň tejribesini we tehnologiýalaryny çekmek barada hem gürrüň edildi.


Bularyň ählisi uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmäge, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ykdysady özgertmelerini, hususan-da, Türkmenistanda önümçilik toplumlaryny gurmak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamalary amala aşyrmak babatda maksatnamalary durmuşa geçirmäge, azyk we beýleki önümleri çykarmak üçin iň täze enjamlary getirmäge, gatnaşmaga yzygiderli gyzyklanma bildirilýändiginden habar berýär.


Bu maslahatda «Hazar balyk», «Guş toplumy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Hoş Zaman» we «Bereketli» hojalyk jemgyýetleri, «Beýik Ýüpek ýoly» hususy kärhanasy, «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti ýaly iri kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de syýahatçylyk firmalaryny, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýjileri, gurluşyk serişdelerini öndürijileri we ş.m. goşmak bilen köp sanly beýlekiler türkmen işewürligine wekilçilik etdiler. Biziň wekiliýetimize şeýle hem Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler milli guramasynyň, «Rysgal» paýdarlar-täjirçilik bankynyň, «Awtoban» we «Türkmen kaliý» ýapyk paýdarlar jemgyýetleriniň, Türkmenistanyň ulag-logistika assosiasiýasynyň hem-de Owganystanyň Mazari-Şarif şäherindäki Türkmen Söwda öýüniň wekilleri girdiler.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary — ulag we logistika, gurluşyk we infrastruktura, senagat we oba hojalyk tehnologiýalary, azyk senagaty we beýlekiler hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Ýurdumyzyň telekeçilerine ynanylan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda dag-magdan işi we awtobanlary gurmak ulgamynda Ýewropa tejribesiniň öwrenilmegine uly üns berildi.


Himiýa senagatynda, ýeňil senagatda, maşyn gurluşykda we beýleki ulgamlarda Türkmenistanda eýýäm durmuşa geçirilýän köp sanly taslamalar hem tebigy we mineral-çig mal serişdelerini toplumlaýyn özleşdirmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamalary ýerine ýetirmekde döwletimiz esasy wezipäni Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň üstüne ýükledi.


Ýewropa ekologiýa taýdan arassa türkmen miwe, bakja önümlerini, ilkinji nobatda, gawunlary ibermek baradaky mesele aýratyn gyzyklanma döretdi. Döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda tejribe alyşmak maksady bilen, türkmen wekiliýetiniň Awstriýanyň, şol sanda maldarçylyk hem-de et-süýt önümleriniň önümçiligi, gök we miwe önümleri gaýtadan işlemek ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy kärhanalaryna tanyşlyk saparlary amala aşyryldy. Bu ugurlarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekeçilerini Diýarymyzda ýokary hilli hem-de daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyply azyk harytlarynyň önümçiligini ösdürmek üçin dünýäniň iň gowy işläp taýýarlamalaryna ugrukdyrýar.


Hususy bölekde önümçiligiň artdyrylmagy bilen bir hatarda ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiliginiň maýa goýum işjeňligi hem ýokarlanýar. Diňe oba hojalyk pudagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň müňden gowragy, senagat ulgamynda 600-e golaýy hereket edýär. Şol sanda olar gurluşyk serişdelerini, dokma we haly önümlerini, himiýa serişdelerini, metaldan taýýarlanylýan önümleri, mebelleri, aýna önümlerini, şeýle hem polietilen we plastika önümlerini öndürýärler, olar daşary we içeri bazarlarda uly islege eýedir.


2018-nji ýylda telekeçiler tarapyndan gurlan desgalaryň hatarynda Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde sentýabr aýynda açylan aş önümleri kärhanasy we ýyladyşhana toplumy, oktýabrda Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda ulanmaga berlen kuwwaty ýylda 20 müň kub metre barabar bolan agaç ýonuşgasynyň dykyzlandyrylan gatlagyny öndürmek boýunça zawod, noýabr aýynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda ulanylyşa girizilen bir wagtda iki müň tonna miwe-gök önümleri saklamaga niýetlenen döwrebap sowadyjy ammar bar.


Dekabrda Türkmenabatda 3 müň tonna miwe-gök önümlerine niýetlenen sowadyjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ammar toplumy, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa iri maldarçylyk toplumlarynyň birbada ikisi açyldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda durmuşa geçirýän özgertmeleriniň netijesi hökmünde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda işewürligi işjeňleşdirmegiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.


Şeýle hem TSTB-niň agzalary bolan «Gündogar akymy» we «Kämilligiň gözbaşy» hojalyk jemgyýetleri günebakar ýagyny çykarmak boýunça zawodlary gurýarlar. Bilelikde alanyňda, bu kärhanalarda her ýylda içerki bazarda isleg bildirilýän önümiň 24 müň tonnasy öndüriler. Senagat desgalaryny indiki ýyl ulanmaga bermek maksat edinilýär.


Milli Liderimiz 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş etmek bilen obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurmak hem-de telekeçileri oba hojalyk önümçiligine, obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynyň ösdürilmegine, eksport ugurly ýokary hilli azyk önümleriniň önümçiligine giňden çekmek barada başlangyjy öňe sürdi.


Hususan-da, daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine hem-de ugurdaş ylmy-barlag institutlaryna ýer tekizleýji tehnikany we melioratiw işleri üçin buldozerleri satyn almaga ýyllyk 1 göterim bilen, 10 ýyllyk möhlete ýeňillikli karz serişdelerini bermek baradaky teklip aýdyldy.


Işewürlik we söwda hyzmatdaşlygyny, şol sanda telekeçilik ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmek meseleleri 1-nji oktýabrda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Türkmenistan — ABŞ işewürler maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň işine şol mahal ABŞ-da iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


Milli Liderimiz maslahatda çykyş etmek bilen işewürlik alyşmalaryny ýygjamlaşdyrmagy, işewürler toparlarynyň we kompaniýalaryň ýurdumyzyň çäklerinde geçirilýän sergilere, ýarmarkalara gatnaşmaklaryny, telekeçileriň dürli taslamalara gatnaşmaga mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen ýörite iş saparlarynyň guralmagyny hyzmatdaşlygyň möhüm wezipeleriniň hatarynda görkezdi.


Işewürler maslahatynyň işiniň dowamynda ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň, şol sanda «John Deere» kompaniýasynyň taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu kompaniýa oba hojalyk tehnikalarynyň täze nusgalaryny görkezdi, olar biziň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerini hasaba almak bilen inženerler tarapyndan ýörite işlenip taýýarlanandyr.


Şeýle hem 2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda Awazada «Heavy Caspian: Turkmenistan» halkara maslahat guraldy, onda ulag-logistika hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ösüşiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralan bu maslahata köp döwletlerden işewürlik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar, bu maslahat dünýäniň işewürler toparlarynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini görkezdi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilelikdäki täze taslamalar kesgitlenildi, göni gatnaşyklar ýola goýuldy, Türkmenistanyň ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary anyklaşdyryldy.


Milli Liderimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty hem-de ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri Türkmenistanyň kuwwatyna bagyşlanan tanyşdyrmalaryň we sergileriň örän köp sanlysynyň geçirilmegine getirdi. Şol çäreler ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralýar. Şunuň ýaly işjeň tanyşdyrma çäreleri diňe bir tanyşdyrmak wezipesini ýerine ýetirmän, eýsem, göni işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, hyzmatdaşlyk ylalaşyklarynyň baglaşylmagyna hyzmat edýär.


Soňky ýyllarda daşary ýurtlardaky milli sergilerimiz hem-de ýurdumyzdaky halkara sergiler Türkmenistanyň önümçilik-ykdysady we maýa goýum mümkinçiligini görkezmegiň, daşary bazarlara ýurdumyzyň haryt iberijileriniň bähbitlerini öňe ilerletmegiň we gollamagyň möhüm gurallarynyň birine öwrüldi. Şunuň ýaly gatnaşyklarda ýurdumyz halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary hem-de nou-haulary çekmegi maksat edinýär.


Döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamyny ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 1-nji noýabrda ýurdumyzyň azyk senagatynyň düzümine giren desgalar hem munuň subutnamasyna öwrüldi.


Ýokarda agzalanlaryň ählisi 2018-nji ýylyň wakalarynyň hatarynda uly depgine eýe bolan söwda we telekeçiligi ösdürmegiň birnäçe ugurlarynyň, elbetde, diňe käbir beýanydyr.


Hyzmatlar we söwda ulgamynyň ösdürilmegine iri maýa goýumlary goýup, kiçi we orta işewürliginiň ösmegini goldap, Türkmenistan ykdysadyýetiň täze döwrüň talaplaryna kybap gelýän nusgasyny döredýär. Bu bolsa maýa goýmak üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini, türkmenistanlylaryň durmuşynyň täze hilini, Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe önümçiligiň artýan möçberini hem-de ýokary hilli türkmen harytlaryna ýokarlanýan islegini nazarda tutup, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, bäsdeşlige ukyplylygy, diýmek, biziň önümlerimize bolan islegi artdyrmagyň hasabyna eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Gözleg