• Türkmenistanyň Statistika
    Baradaky DÖWLET KOMITETI
     
     
  •  
     
  •  
     
  •  
     

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleleri telefon arkaly gepleşigi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.


Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.


Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew häzirki döwürde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dostlugyň, doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mizemez däplerine esaslanyp, täze mazmuna eýe bolandygyny belläp, hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine üns berdiler. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bar bolan uly mümkinçilikler şol hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ygtybarly esas döredýär.


Anyk netijelere gönükdirilen hem-de möhüm resminamalarda öz beýanyny tapan ylalaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şolaryň hatarynda Strategik hyzmatdaşlyk hakynda ikitaraplaýyn şertnama hem bar. Hökümet we edara ugurlary boýunça özara gatnaşyklarda uly tejribe toplandy. Soňky ýyllarda iki döwletiň serhetýaka etraplarynyň arasyndaky gatnaşyklar hem täze ösüşe eýe boldy.


Söhbetdeşler energetika toplumyny, ulag ulgamyny, hususan-da, üstaşyr-ulag düzümini, senagaty, oba hojalygyny we beýleki birnäçe pudaklary, şeýle hem işewür gatnaşyklary, maýa goýum işjeňligini özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.


Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hem-de medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparyna, öňde goýlan wezipeleri çözmekde onuň işiniň işjeňleşdirilmegine ähmiýetli orun berilýär.


Taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alşyp, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyga, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmegiň bähbidine tagallalary birleşdirmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar.


Şunda bellenilişi ýaly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen, biziň döwletlerimiz ruhy we taryhy gymmatlyklaryň umumylygyna, parahatçylyk söýüjiligiň, döredijiligiň we ynsanperwerligiň ýörelgelerine ygrarlydyr. Munuň özi dünýä giňişliginde ýakyn gatnaşyklar üçin mäkäm esas bolup durýar.


Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri telefon arkaly gepleşigiň dowamynda 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Maslahat beriji duşuşygyna taýýarlyk görlüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, suw diplomatiýasy meselelerine aýratyn üns berildi. Sebitiň suw gorlaryny aýawly saklamagyň we netijeli peýdalanmak bu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridigi nygtaldy.


Şundan ugur almak bilen, halkara hukugyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň esasynda suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.


Iki ýurduň Baştutanlary Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça hem pikir alyşdylar. Şunda BMG-niň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyny taýýarlamakda hem-de BMG-niň Aralýaka sebiti üçin adam howpsuzlygy boýunça köp hyzmatdaşly trast gaznasyny döretmek hakynda başlangyjy amala aşyrmakda gyzyklanma bildirýän taraplaryň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.


Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň başyny başlan, BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň aprelinde kabul eden «Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasynyň ähmiýeti bellenildi.


Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew netijeli türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljekde hem ähli ugurlar boýunça berkejekdigine we giňeljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki goňşy ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.


Telefon arkaly gepleşik özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Gözleg