• Türkmenistanyň Statistika
    Baradaky DÖWLET KOMITETI
     
     
  •  
     
  •  
     
  •  
     

Türkmenistanda dünýä sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Golf klubynyň meýdançasynda bolup, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça geçirilen işler bilen tanyşdy.


Säher bilen döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň günorta-günbatarynda ýerleşýän sport toplumyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň başlygy, wise-premýerler, Aşgabat şäheriniň häkimi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy garşyladylar.


Häzirki wagtda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, ugurdaş düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna we giňeldilmegine gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär.


Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde paýtagtymyzyň çäklerinde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň netijeleri, sport ulgamyna degişli täze desgalary gurmak boýunça meýilleşdirilen çäreler, şeýle hem paýtagtymyzyň ýokary ekologiýa derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem milli Liderimize ýokarda agzalan ugurlarda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamalar barada habar berildi.


Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Aşgabady 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşyky işi üpjün edilmelidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň çäginde bar bolan sport meýdançalary, stadionlary netijeli peýdalanmak, şolarda adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin zerur mümkinçilikleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.


Baş şäherimizi abadanlaşdyrmak we onuň köçelerini hem-de seýilgäh zolaklaryny ekologiýa talaplaryny hasaba almak bilen, arassaçylygyň berjaý edilmegi babatynda degişli görkezmeler berildi.


Soňra döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň ýokary bilimli hem-de işjeň durmuş ýörelgesini saýlap almaklarynyň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmegiň ýaş nesliň sazlaşykly we sagdyn kemala gelmeginde möhüm orna eýedigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini nygtady.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmegiň halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berýän ýörelgeleriniň biridigini aýtdy. Bu ýörelgelerden ugur alnyp soňky ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Watanymyzyň ähli künjeklerinde köpsanly desgalar – iri sport we atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri hem-de şypahanalar guruldy. Olar halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde peýda bola Golf kluby onuň aýdyň mysallarynyň biridir.


Döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen gürrüňdeşlikde gadymy döwürlerde, türkmenleriň arasynda golfa meňzeş çilik oýny oýnalypdyr diýip aýtdy. Çilik adamda çakganlygy, ünslüligi, başarjaňlygy we sagdynlygy terbiýeleýär hem-de kuwwat berýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň taryhynda häzirki zamanda dünýäde giňden ýaýran sport oýunlarynyň döremegine esas bolan halk oýunlary aýratyn orun eýeleýär. Olar terbiýeçilik we çylşyrymlylyk taýdan gitdigiçe çuňlaşdyrylypdyr.


Golf oýny çilik oýnuna çalymdaşdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ol gadymdan çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda meşhurdyr. Bu oýun üçin tekiz meýdança we iki görnüşli taýak zerurdyr. Şolaryň biri uzynlygy 70 santimetr töweregindäki hekgal taýajygy, beýlekisi bolsa, iki ujy ýiteldilen uzynlygy takmynan 25 santimetr töweregi bolan çilik taýajygydyr. Çilik oýnuna gatnaşýanlaryň topara bölünip, özleri üçin ýolbaşçy-«han» saýlaýarlar, adatça ol has mergen we çalasyn bolupdyr. Oglanlar jübüt-jübüt bölünişip öz aralarynda dilleşip, özlerine lakam alýan ekenler. Mysal üçin, oýunçylaryň biri «gylyç», beýlekisi bolsa «galkan» bolýar. Jübütler oturanlaryň ýanyna gelip, «Hanym, kime gylyç, kime galkan» diýip ýüzlenýärler. «Hanlar» gezekli-gezegine oýunçylaryň lakamlaryny tutup, olary öz oýunlaryna kabul edýärler. Soňra toparlaryň «hanlary» kimiň «döwçi», kimiň «ýükçi» bolmalydygyny kesgitlemek üçin bije atýarlar.


Oýny guramak üçin ýerde diametri takmynan 10 metr giňlikde tegelek çyzylýar hem-de şonuň içinde nyşanalyk daş goýulýar ýa-da çukurjyk gazylýar. Bijesi çykan topar oýnalýan ýeriň merkezini eýeleýär we oýun başlanýar. Toparyň “hany” çiligi ýokarlygyna zyňýar. Ony şol toparyň oýunçylarynyň biri öz taýagy bilen batly urýar. Onuň taýagy boş geçse, çilik ikinji gezek ýokary zyňylýar. Onuň ikinji synanyşygy hem şowsuz bolsa, çiligi urmak nobaty topardaky beýleki oýunça geçirilýär. Ilkinji dürs urgy topara ýeňiş getirýär we oýunçylar ýerlerini çalyşýarlar.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, güýçli urgudan çiligiň 100 metr çemesi uzaklyga düşüp biler. «Ýükçi» toparynyň oýunçylarynyň biriniň çiligi şol ýerden nyşana ataryp urýandygyny, eger-de çilik bellenen çyzyga düşse, onda ony bijä çykan toparyň yzyna — oýunçylaryň ýok tarapyna gönükdirýär. Şeýle bolanda, onuň çiligi eline almaga haky ýokdur. Şonuň üçin ol çiligiň bir ujuna elindäki taýagy bilen urup, çalasyn ýerden galdyrýar-da uzaklara gönükdirýär. «Ýükçi» topar çiligi ýene-de nyşana ugrukdyrýar.


Nyşana degen çilik «döwüldi» hasap edilýär we bir utuk gazanylýar. Çiligi nyşana degirmek üçin edilen şowsuz synanyşyklara jerime utugy berilýär. Çilik şerte görä, 3 — 4 gezek yzly-yzyna nyşana degmese ýa-da zyňylan çiligi urup bilmese, «ýükçi» toparyň oýunçylaryna 3 ýa-da 4 jerime utugy berilýär, bu gyzykly we çylşyrymly kadasy bolan oýun islege görä dowam edýär. Ýeňiji topara baýrak berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çilik oýnunyň taryhy barada gürrüň berdi.


Häzirki döwürde bu oýun täzeçe döreýär. Dünýäde giňden ýaýran golfuň gadymy türkmen oýny bolan çilik bilen ugurdaşdygyny bellemeli. Bu oýnuň ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýeti bar. Bu oýun bedeni taplamak bilen birlikde, ýürek-damar, süýji kesel, göwnüçökgünlik ýaly keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Adamyň aň-bilim hem-de sport başarnygyny artdyrýar. Abraýly lukmançylyk boýunça hünärmenler golf oýnunyň ynsan ömrüni uzaltmakda örän möhümdigini tassyklaýarlar.


Soňra döwlet Baştutanymyz Golf meýdançasyna baryp, bu ýerde dünýäde meşhur hasaplanylýan sportuň bu görnüşi bilen meşgullandy. Şeýle hem Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary we beýlekiler hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, golf oýnuna meşgul boldular.


Mälim bolşy ýaly, golf meýdançasy paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda açyldy. Munuň özi ýurdumyzyň sport we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde täze desga bolup durýar. Milli Liderimiz ýurdumyzda sport toplumlarynyň we desgalarynyň gurluşygyna badalga bermek bilen, ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, ýaş nesilleriň sagdyn ruhda terbiýelenilmegine möhüm ähmiýet berýär, bu işleriň ähmiýeti sport ulgamynyň çäklerinden hem ykýandyr. Sebäbi bularyň ählisi adamyň kämilleşmegine, onuň wagtyny işjeň we peýdaly geçirmegine, şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam berýär.


Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri netijesinde türkmen topragynyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyz we onuň töwerekleri düýpli özgerdi. Aşgabadyň ajaýyp görnüşi hemmeleri haýran galdyrýar. Tutuşlygyna golf meýdançasynyň çäklerinde ekilen baglar, özboluşly howuzlar bir bitewi sazlaşygy döredýär. Golf meýdançasynyň gözelligi soňky ýyllarda dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyran ak mermerli Köpetdagyň gar düşen gerişleri we paýtagtymyzyň günorta künjegindäki ajaýyp ýaýlalar bilen sazlaşyp, gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş gözellik döredýär.


Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň gerimli bag ekmek maksatnamasynyň çäklerinde ähli ýerlerde gök zolaklar döredilýär, munuň özi adam saglygy üçin örän peýdaly bolan daşky gurşawy kemala getirýär. Öz nobatynda ekologiýa abadançylygy köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Aşgabatda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän iri halkara sport ýaryşlary Türkmenistanyň halkara derejeli sport merkezine öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.


Halkara derejesine laýyk gelýän Aşgabadyň golf meýdançasy iň gowy daşary ýurt tejribesi esasynda iň häzirki zaman tehnologiýalaryň we ýokary derejeli hünärmenleriň — dünýä golf-binagärleriniň bilimlerini hem-de ýerli çig mal serişdelerini peýdalanmak, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň we dizaýnerleriniň başarnyklary peýdalanylyp, onuň ýerleşýän ýeriniň tebigy aýratynlyklary hasaba alnyp işlenip taýýarlanylan täsin taslamadyr. Golf klubyň açylmagy bilen bu oýny wagyz etmek üçin ygtybarly binýat tutuldy.


Sport ulgamynda alnyp barylýan möhüm ähmiýetli işleriň çygrynda köpçülikleýin hereketiň täze ugurlary kemala gelýär. Munuň özi sagdyn durmuş hereketine köpsanly ýaşlaryň işjeň çekilmegini, hünär ussatlygynyň ýokary galmagyna bolan ýaş türgenleriň gyzyklanmalarynyň höweslendirilmegini we bu ugurda netijeli üstünlikleriň gazanylmagyny üpjün edýär.


Hormatly Prezidentimiz köp asyrlaryň dowamynda türkmenleriň belent ruhly nesilleriniň kemala gelmegine ýardam eden sportuň milli görnüşleriniň baý mirasyny wagyz etmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmek babatynda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Biziň günlerimizde hem ýörelgeleri dowam etdirmek bilen jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak möhümdir diýip milli Liderimiz aýtdy we degişli desgalary gurmak boýunça hem görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň, esasan-da, ýaşlaryň sanyny artdyrmak, şol sanda dürli derejeli ýaryşlary guramagyň, döwrebap stadionlaryň we beýleki sport toplumlarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň hasabyna artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, ýurdumyzda ýokary ekologiýa derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmelidigini ýene bir gezek belledi we hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Gözleg