• Türkmenistanyň Statistika
    Baradaky DÖWLET KOMITETI
     
     
  •  
     
  •  
     
  •  
     

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy we diplomatik işjeňligi

Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy hem-de diplomatik işjeňligi Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasy bilen kesgitlenen strategik ugurlaryň ikisi boýunça amala aşyrylýar. Olar daşary döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda hem-de halkara guramalar bilen işjeň özara gatnaşyklarynda jemlenýär.


2018-nji ýylda Türkmenistan halkara abraýyny has-da artdyryp, parahatçylykly daşary syýasatyny, demokratik özgertmeleri, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer taýdan ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrýan döwlet hökmünde eýeleýän ornuny berkitdi.


Şunuň bilen baglylykda, 2019 — 2021-nji ýyllar döwür üçin Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bellärliklidir. Munuň özi döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça netijeli özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär.


Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga berilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça kuwwatlylygy 500 kWt bolan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri we Hindistan Respublikasynyň döwlet daşary işler ministri gatnaşdylar.


Özara hormat goýmaga we ynanyşmaga daýanýan daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmak babatda 8-nji martda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Owganystana ýardam bermek boýunça halkara tagallalary goldamak hakynda kabul edilen Kararnamasy örän uly ähmiýete eýedir. Resminamada türkmen Lideriniň transkontinental taslamalar, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (“Lazurit”) ulag geçelgesi boýunça öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigi aýratyn bellenilýär.


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Milletler Bileleşiginiň agza ýurtlaryny bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge çagyrdy. Şeýlelikde, türkmen döwletiniň sebit we sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça eýeleýän işjeň orny Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan örän uly goldawa eýe bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri möçberli uzak möhletleýin taslamalarynyň amala aşyrylmagyna dünýäde ýokary baha berilýändigini nobatdaky gezek subut etdi.


Mart aýynda döwlet Baştutanymyzyň Kuweýte we Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparlarynyň dowamynda ýokary derejede geçirilen duşuşyklar Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze tapgyry alamatlandyrdy.


Türkmenistanyň Prezidenti bilen Kuweýtiň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň gepleşiklerinde ýangyç-energetika pudagynda, nebithimiýa, nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda, gaýtadan işleýän senagatda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de maýa goýum gatnaşyklary esasy meseleler boldy. Ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmäge oňyn şertleriň bardygy bellenildi, bu bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ugry bolup biler.


Taraplar hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-kuweýt iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça hökümetara resminamalarynyň 10-syna gol çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň we Arap ykdysady ösüşiniň Kuweýt Gaznasynyň arasynda tehniki taýdan goldaw bermek hakynda bilelikdäki resminama kabul edildi.


Milli Liderimiziň Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi sapary hem ýokary netijelilige beslendi. Bu ýurt döwletimiziň öňden gelýän we iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Abu-Dabi şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Mirasdüşer Şazadasy, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen gepleşikleri geçirdi. Taraplar syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyk etmegiň, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň 7-sine gol çekildi.


Mart aýynyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana bolan resmi sapary hem-de onuň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleri iki ýurduň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyra öwrüldi. Şol gatnaşyklar asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän dostluk, doganlyk, özara hormat goýmak däplerine esaslanandyr. Ýokary derejedäki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi, hususan-da, söwda-ykdysady, energetika we uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek ulgamynda, telekommunikasiýa, oba hojalygy, gurluşyk pudaklarynda özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy.


Şeýle hem taraplar iri halkara taslamalary durmuşa geçirmek, mysal üçin, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoluny gurmak babatda hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Bu ýol diňe taslama gatnaşýan ýurtlar däl-de, eýsem, beýleki döwletler tarapyndan hem ulanylyp, ol Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny üpjün edýär. 


Hazar meselesi boýunça geçirilen gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýranyň netijeli özara gatnaşygy halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary babatda garaýyşlaryň ýakyndygyny şertlendirdi.  Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hasan Ruhani ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar. Bu bolsa Bilelikdäki Beýannamada hem-de gol çekilen resminamalaryň uly toplumynda beýanyny tapdy.


23 — 24-nji aprelde milli Liderimiziň Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýagdaýyny hem-de geljegini, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyň meselelerini, mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


Söwda-ykdysady gatnaşyklary ikitaraplaýyn gepleşikleriň esasy meselesi boldy. Döwlet Baştutanlary maýa goýumlarda, senagat kooperasiýasynda özara mümkinçilikleri bellediler hem-de däp bolan hyzmatdaşlyga täze itergi bermegi, iki ýurduň işewür düzümlerini we haryt öndürijilerini bilelikdäki taslamalara, şol sanda kiçi hem-de orta işewürligiň ugry boýunça işlere gönükdirmegi ylalaşdylar.


Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik pudagy hökmünde kesgitlendi. Milli Liderimiz biziň döwletimiziň Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz ugry boýunça Ýewropa hem-de Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykalgany üpjün edýän geçelgäni döretmek boýunça bilelikde işlemäge taýýardygyny belläp, özbek tarapyna ýurdumyzyň Hazar deňziniň kenaryndaky häzirki zaman port düzümini peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi. Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty yklym ähmiýetli ulag-logistiki merkeze öwrülmegine gönükdirilendir.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kontinental ulag akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa — Hytaý ugry boýunça demir ýol gatnawyny ýola goýmagyň iş ýüzündäki çärelerini Özbegistan bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan (TÖTOP) ugry boýunça türkmen elektrik energiýasyny ibermegiň taslamasyny amala aşyrmak babatda işler dowam edýär. 


Iki ýurduň Prezidentleri Merkezi Aziýa sebitinde täze, döwrüň talabyna we emele gelen ýagdaýlara laýyk gelýän köptaraplaýyn syýasy gepleşikler üçin şertleriň döredilmegine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin yzygiderli duşuşyklar görnüşinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli maslahat, geňeş edarasyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetdeş welaýatlarynyň arasynda soňky ýyllardaky işjeňleşýän gatnaşyklary has giňden goldamak babatda ylalaşyk gazanyldy.


Ýurdumyz umumy abadançylygyň bähbidine öz döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge çalşyp, häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözülmegine düýpli çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda anyk başlangyçlary öňe sürüp, işjeň orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG tarapyndan yglan edilen “Durnukly ösüş üçin suw, 2018 — 2028-nji ýyllar» atly hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanyp, 20-nji iýunda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasy boldy.


Türkmen Lideriniň pikirine görä, syýasy, ykdysady, durmuş ugurlaryny öz içine alýan suw meselesi halkara derejede bir pikire gelinmegini hem-de umumy dünýä garaýyşlar ulgamynda döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Suw serişdelerine deň we adalatly elýeterlilik ýörelgelerine berk ygrarlylyk, onuň adamyň esasy hukugy hökmünde ykrar edilmegi bilelikdäki işiň baş şerti bolmagynda galmalydyr.


Milli Liderimiz Duşenbä iş saparynyň barşynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti , Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.


6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Kazan şäherinde boldy hem-de Tatarystanyň Baştutany bilen bilelikde “Ideýa” tehnoparkyna, bu ýerde guralan serginiň çäklerinde Respublikanyň senagat mümkinçilikleri, esasy kompaniýalary we kärhanalary, şol sanda ýurdumyz bilen öňden bäri netijeli hyzmatdaşlyk edýän “Tatneft”, “KAMAZ” we beýleki kompaniýalarynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdy.


Taraplar däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şol gatnaşyklar bolsa taryhy arabaglanyşyga hem-de umumy ruhy-medeni gymmatlyklara esaslanýar. Şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Şunda bilim ulgamyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.


12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda milli Liderimiziň öňe süren täze başlangyçlary daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, sebitde birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýyny döretmek babatda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şol gün Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekmegi deňziň serişdelerini özleşdirmegiň halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döreden esasy wakalaryň biri boldy.


Dostlukly ýurtlaryň Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda, şol sanda ykdysady we durmuş, ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklar boýunça pikir alyşdylar, halkara giňişlikde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Soçide bolan duşuşygyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin sebit we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Olar ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Russiýanyň BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny bellediler.


Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletleriň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Awgustda ýurdumyzda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň döwlet sapary bilen bolmagynyň we Hazar deňziniň türkmen böleginiň kenarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň geçirilmeginiň jemleri hem munuň nobatdaky mysaly boldy.


Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň gepleşikleriniň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag, suw-energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, dostlukly ýurtlaryň ikisiniň hem halkara giňişlikde häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlary birdir ýa-da ýakyndyr. Şeýle hem Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylygyň ähli görnüşlerine garşy barlyşyksyz göreşe ygrarlydyklary bellenildi. Iki döwletiň Liderleri Owganystandaky ýagdaý barada aýtmak bilen, goňşy ýurtdaky ýagdaýy BMG-niň howandarlygynda parahatçylykly, diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Gepleşikleriň jemi boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.


24-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň geçirilmegi hem halkara ähmiýetli nobatdaky möhüm waka boldy. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň başlygy hökmünde kabul edýän ýurdumyza ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Awaza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow geldiler.


Milli Liderimiz forumda çykyş edip, Aral meselesiniň bu gün häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze çemeleşmeleriň zerurlygyny şertlendirýär diýip belledi. Türkmenistan şundan ugur almak bilen, 2017 — 2019-njy ýyllarda gaznada başlyklyk etmek wezipesini öz üstüne aldy. Biziň ýurdumyzyň başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy, şonda işleriň esasy ugurlary, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleriň esasy ugurlary bellenildi.


Araly goramak meselesine eýýäm köpden bäri içerki, sebit meselesi hökmünde garalyp bilinmez diýip, milli Liderimiz belledi hem-de Milletler Bileleşigini Türkmenistanyň BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda teklibini goldamaga çagyrdy.


Döwletimiz sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen hem-de halkara guramalaryň gatnaşmagynda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda Merkezi Aziýada suw we ekologiýa meselelerine seretmek hem-de şolary çözmek ugrunda çykyş edip gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunda Türkmenistan bu meselede diňe sebit derejesindäki ylalaşygy netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ýeke-täk kabul ederlikli görnüşi hasaplaýar. Şeýle hem bu pikiri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri öz çykyşlarynda goldadylar. Olar AHHG-nyň çäklerinde Aralýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň hem-de Gaznanyň işiniň netijeliligini artdyrmagyň möhümdigini bellediler.


Sammitiň işiniň netijeleri boýunça Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Şonda ekologiýa wezipelerini çözmekde tagallalary birleşdirmek boýunça halkara başlangyçlary öz beýanyny tapdy. Şol wezipeler türkmen Lideriniň Gazagystan, Täjigistan we Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleri bilen bolan ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyklar forumyň işine başlamagynyň öň ýanynda “Awaza” Kongresler merkezinde geçirildi.


BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk daşary syýasatyň esasy ugrudyr. Bu hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň baý tejribesine esaslanyp, häzirki döwürde täze anyk mazmuna eýe boldy. Sentýabryň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherinde (Amerikanyň Birleşen Ştatlary) saparda boldy.


Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy. Antoniu Guterreş häzirki döwrüň esasy meselelerini çözmek boýunça sebit we halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde Türkmenistanyň işjeň ornuny belläp, şol maslahatda milli Liderimiziň öňe süren netijeli başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi. Taraplar Bitarap türkmen döwletiniň Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga gatnaşmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda çykyş edip, sebitiň hem-de dünýäniň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli halkara gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary beýan etdi. Hususan-da, milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak, BMG-niň Aral deňzini halas etmek üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Hazarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýanyň suw-energetika meseleleri, Türkmenistanda Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmagyň ýollary ýaly meseleleri gozgady.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de noýabr aýynda ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewiň arasynda geçirilen gepleşikler döwlet Baştutanymyzyň gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli we özara bähbitli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarly bolan daşary syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.


Syýasy we söwda-ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanlary gepleşikleriň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Şeýle hem resminamalaryň ençemesine: möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kesgitleýän hökümetara ylalaşyklara we maksatnamalara gol çekildi. Resminamalaryň jemi 20-den gowragyna gol çekildi.


GDA-nyň agza ýurtlary bilen biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy hem milli daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýär, ol özara gatnaşyklarda toplanan baý tejribä daýanyp, häzirki döwürde täze depgine we mazmuna eýe boldy. 6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran iş sapary munuň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.


Türkmenistan 2019-njy ýylda bu düzümde ýene-de başlyklyk wezipesini öz üstüne almak bilen, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermegi göz öňünde tutýar. Şu maksat bilen, başlyklyk etmegiň konsepsiýasy we ony amala aşyrmagyň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hödürlenildi.


Türkmenistan 2019-njy ýylda bu düzümde ýene-de başlyklyk wezipesini öz üstüne almak bilen, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermegi göz öňünde tutýar. Şu maksat bilen, başlyklyk etmegiň konsepsiýasy we ony amala aşyrmagyň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hödürlenildi.


Şeýle hem geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň daşary döwletleriň we halkara düzümleriň resmi wekilleri, iri abraýly guramalaryň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, dürli daşary ýurt korporasiýalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary boldy.


Şu güne çenli Türkmenistan dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, halkara guramalaryň 47-siniň agzasy bolup durýar. Häzirki wagtda daşary döwletlerde ýurdumyzyň ilçihanalarynyň, konsullyklarynyň we hemişelik hereket edýän wekilhanalarynyň 38-si işleýär. Kabulhanalary daşary döwletlerde ýerleşen Türkmenistanyň ilçileri beýleki ýurtlaryň onlarçasynda ata Watanymyza resmi taýdan wekilçilik edýärler.


Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanda ilçihanalaryň, konsullyklaryň 35-si hem-de halkara guramalaryň 15-siniň wekilhanalary hemişelik esasda hereket edýär. Geçen ýyl döwletimiz halkara konwensiýalaryň 5-sine goşulyp, şunuň ýaly köptaraplaýyn resminamalaryň 150-sine gatnaşýar.


Şeýlelikde, geçen ýylyň diňe umumymilli däl-de, eýsem, halkara derejedäki möhüm syýasy wakalary ýurdumyzyň geosyýasy, ykdysady, serişde we adam mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmak maksadynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyna doly goşulandygyny görkezdi. 

Gözleg