• Türkmenistanyň Statistika
    Baradaky DÖWLET KOMITETI
     
     
  •  
     
  •  
     
  •  
     

Köpugurly özgertmeleri amala aşyrmagyň nobatdaky tapgyry başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklady. Bu strategik resminamanyň kabul edilmegi bilen milli Liderimiziň köpugurly özgertmelerini amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de täzeden guramagyň nobatdaky tapgyry başlandy.


Maksatnamanyň taýýarlanylmagy hökümetiň mejlislerinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň wise-premýerler bilen geçiren maslahatlarynda yzygiderli ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanly ulgama geçirmegiň wezipeleri, ösüşiň ugurlary hem-de depginli ösüşiň ulgamlaryny kesgitlemek nazara alnyp, onuň esasy ugurlarynyň üstünde giňişleýin işlenildi. Bular türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň we ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň gülläp ösmegini üpjün etmäge hem-de ony kuwwatly döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilendir.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwrebaplaşdyrmak, halkara derejesinde özara goşulyşmak we dünýä söwdasynyň ýagdaýlary babatda bazar ykdysadyýetiniň edaralarynyň kämilleşdirilmegine ünsi jemleýär.


Ösüşiň innowasion nusgalaryny döretmek boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellän ugurlary, beren görkezmeleri hem-de tabşyryklary ýakyn ýedi ýyl üçin anyk çäreleriň toplumlaýyn hem-de sazlaşykly maksatnamasyny düzmekde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri üçin ugur görkeziji bolup hyzmat etdi.


Bellenen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 2019-njy ýylda 6,3 göterime, 2025-nji ýylda bolsa 8,2 göterime ýetirilmegi göz öňünde tutuldy. Şol döwre çenli jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň tutýan paýy 33,8 göterime, oba hojalyk pudagynyňky 8,9 göterime, gurluşyk pudagynyňky 11,5 göterime we hyzmatlar ulgamynyňky 45,8 göterime deň bolar.


Sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, önümçiligiň depginli ösüşi täze ýokary sepgitlere çykmaga mümkinçilik berer, ähli pudaklaryň kämilleşdirilmegi, dünýäniň iň oňat tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikirleri we innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, şolaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy arkaly üpjün ediler.


Ýurdumyzyň senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň güýçlendirilmegi, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyň artdyrylmagy, milli nyşanly önümleriň görnüşleriniň giňeldilmegi ýerli çig mal serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagyň hasabyna, şolary gaýtadan düýpli işlemek hem-de ýokary goşulan bahany döretmek arkaly üpjün ediler. Şunda diňe bir daşyndan getirilýän harytlardan hil babatynda pes bolmadyk ýokary hilli önümleriň öndürilmegi ileri tutulmalydyr.


Ýediýyllyk maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary, şeýle hem çäk mümkinçilikleri, geosyýasy ýagdaýlary bilen şertlendirilen heniz ulanylmadyk mümkinçilikleriniň hem-de artykmaçlyklarynyň herekete girizilmegi, bazar gatnaşyklary şertlerinde hereketlendiriji güýç hökmünde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýär. Bu ugurda ýurdumyzyň sebitlerini hem-de serhetdeş döwletleri birleşdirýän ýörite ykdysady zolaklaryň hem-de ykdysady geçelgeleriň, daşary ýurt bazarlaryna çykmaga mümkinçiligi bolan ösen ulag-logistika düzümli senagat ulgamlarynyň we senagat toplumlarynyň ösdürilmegine ýardam eder.


2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň maýa goýumlaryna esasy serişdeler 229,3 milliard manat möçberinde meýilleşdirildi. Şonuň 91,3 göterimi ýa-da 209,2 milliard manady önümçilik ulgamyna gönükdiriler, bu bolsa täze kärhanalaryň hem-de iş orunlarynyň döredilmegini höweslendirer.


Geljekde bölek haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýokary depginde ösdürilmegine garaşylýar, bu, bilermenleriň hasaplamalaryna görä, 2025-nji ýylda 81 milliard manada barabar bolar, şunda 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 29,1 göterime (62,7 milliard manada) deň bolar. Bölek haryt dolanyşygynda döwlete dahylsyz bölegiň paýy 91 göterime ýetiriler.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan syýasaty netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, içerki azyk bolçulygyny üpjün edýän hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri üstünlikli artdyrmaga, Türkmenistanyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmaga mümkinçilik berýän ýokary hilli önümleriň köp görnüşleri öndürilýär.


Täze Prezident maksatnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylda ýurdumyzda ilatyň köp sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň mukdary pul görnüşinde 16,1 milliard manada barabar bolar hem-de 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 22,2 göterim (13,2 milliard manat) artdyrylar.


Şeýle hem maksatnamanyň durmuşa geçirilýän döwründe daşary söwdanyň umumy möçberi 135,2 milliard amerikan dollaryna, şol sanda onuň eksport ugry 84,1 milliard amerikan dollaryna, importy 51,1 milliard amerikan dollaryna deň bolar. Bu resminamany işläp taýýarlan bilermenleriň geçen ýyllaryň statistiki maglumatlarynyň ösüşine, çaklama görkezijilerine hem-de söwda gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyna salgylanyp aýtmaklaryna görä, daşary söwda dolanyşygynyň arasyndaky meýilleşdirilen görkezijiniň tapawudy, her ýyl üpjün ediler.


Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýyla çenli Maksatnamasynda täze desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermegiň möhletlerine gaýtadan seredilip, olaryň kesgitli sanawy düzüldi, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýlelikde, 2019 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzyň sebitlerinde 13 hassahana, 20 saglyk öýi, 163 mekdebe çenli çagalar edaralary, 201 umumy bilim berýän orta mekdep, 16 medeniýet öýi, 11 suw arassalaýjy desga, 13 lagym arassalaýyş desga, şeýle hem umumy meýdany 1896,4 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary gurlar.


Şeýle hem 17 hassahanany, 22 saglyk öýüni, 2 çagalar bagyny hem-de bir medeniýet öýüni döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýokarda görkezilen maksatlar üçin esasy maýa goýumyna 9976,7 million manat maliýe serişdesi, (şol sanda Ahal welaýaty boýunça 1944,3 million manat, Balkan welaýaty boýunça 1244,1 million manat, Daşoguz welaýaty boýunça 2907,3 million manat, Lebap welaýaty boýunça 1851,3 million manat we Mary welaýaty boýunça 2029,7 million manat) möçberinde maliýe serişdelerini goýbermek göz öňünde tutuldy.


Ykdysadyýetiň pudaklary boýunça durmuş maksatly we önümçilik desgalarynyň ýedi ýylyň dowamynda gurulmagy hem-de esasy önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän binalaryň sanawy düzüldi. Bu pudakda döwlete dahylsyz bölege degişli, şol sanda oba hojalyk we senagat maksatly 134 desga göz öňünde tutulandyr.


Pudaklaýyn maksatnamalary amala aşyrmak üçin binýat bolup durýan täze Prezident maksatnamasynyň toplumlaýyn häsiýeti, şeýle hem özleriniň ýöriteleşdirilen ugurlary boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin hereketleriň kesgitli meýilnamasyny öz içine alýandygyndan ybaratdyr.


Şunuň bilen birlikde, 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden beýan edilen hem-de halkara jemgyýetçiligiň giňden goldawyna eýe bolan düýpli maksatlaryň we başlangyçlaryň esasynda milli Liderimiziň suw, energetika we ulag diplomatiýasy babatdaky teklipleriniň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ýollaryny şöhlelendirýär.


Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan çäreleri tapgyrlaýyn amala aşyrmagyň meýilnamasyna aýratyn orun berilýär. Munuň özi ähli derejelerde döwlet edaralarynyň dolandyryş mümkinçiligini hem-de ulgamyň netijeliligini, pudaklarda tehnologik täzelikleri öňe ilerletmek arkaly dolandyrmagy, häkimiýetiň düzümleriniň, raýat jemgyýetleriniň arasynda aragatnaşyklary pugtalandyrmagy güýçlendirmäge gönükdirilendir.


Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, ýurdumyzyň ösüşinde öňümizdäki ýedi ýyly innowasiýa taýdan öňe tarap uly ädim ätmegiň döwri diýilse, ulaldylyp aýdyldygy bolmazdy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, biz ösüşiň hem-de rowaçlygyň täze tapgyryna gadam goýýarys. Şunda döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy, maýa goýum we ylmy-tehnologiýa hyzmatdaşlygy ýaly serişdeler we gurallar aýratyn orun tutýar.


Soňky döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmäge güýçli depgin beren iri ylmy taslamalar amala aşyryldy, ýöne ylmyň we tehnikanyň artykmaçlyklary diňe bir ykdysadyýetde özüniň oňyn netijesini bermän, eýsem, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam bermek bilen, jemgyýetiň ähli gatlaklaryna baryp ýetýär.


Ykdysady strategiýanyň durmuş taýdan ugur almagy ösüşiň täze nusgasyny öňe süren milli Liderimiziň üns merkezinde bolmagynda galýar. Munuň özi durnukly ykdysady ösüşiň esasynda halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyndan, bäsdeşlige ukyply innowasion önümçilikleri we ýokary öndürijilikli iş orunlaryny döretmekden, işewür işjeňligi giňeltmekden hem-de ýurdumyzyň aň-paýhas, ynsan mümkinçiliklerini ösdürmekden ybaratdyr.


Ine, täze tapgyrda ýurdumyzyň öňe tarap okgunly hereketini şertlendirýän esasy alamatlar şulardyr. Munuň özi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň Prezident maksatnamasynyň esasynda goýlan möhüm ugurlardyr.

Gözleg