"Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmek möhümdir, bu ugurda statistika edaralarynyň işine öňdebaryjy usullary we dünýä boýunça toplanan tejribäni ornaşdyrmak zerur"

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Habarlar

Sizi «Saglyk — 2019» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda uly üstünlikler gazanyldy. Siz halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň meýilnamasynyň çäklerinde raýatlarymyzyň saglygyny goramakda alnyp barylýan işler, täze tehnologiýalaryň, häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylyşy, ylmy lukmançylygyň gazananlary bilen ýakyndan tanşarsyňyz. Bu bolsa lukmançylyk ylmyny we bilimini kämilleşdirmekde özara tejribe alyşmaga ýardam berer. giňişleýin

20.07.2019

2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda BMG-nyň ştab-kwartirasynda Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşan Türkmenistanyň wekilýeti Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça birinji Meýletin milli syn bilen tanyşdyrdy diýlip, ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. giňişleýin

19.07.2019

10-njy iýulda Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.
Döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi öz işine başlady. Şäheriň kongres binasynda bolsa türkmen kinofilmleri görkezildi. giňişleýin

10.07.2019

Madridde 5 — 8-nji iýulda Ispaniýanyň «Gran-pri» halkara ýaryşy geçirildi. Oňa dünýäniň 47 ýurdundan güýçli türgenleriň iki ýüzden gowragy gatnaşdy.
Bu ýaryşda Türkmenistana dürli agram derejelerinde çykyş edýän türgenleriň üçüsi wekilçilik edip, olar tutanýerli göreşiň barşynda bir altyn we bir kümüş medallary gazandylar. giňişleýin

08.07.2019

5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna baha berildi, hökümetiň, aýry-aýry ministrlikleriň, sebitleriň dolandyryş edaralarynyň işiniň netijelerine, guramaçylyk meselelerine garaldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa söz berdi. giňişleýin

05.07.2019

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine garaldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi. giňişleýin

03.07.2019