"Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmek möhümdir bu ugurda statistika edaralarynyň işine öňdebaryjy usullary we dünýä boýunça toplanan tejribäni ornaşdyrmak zerur"

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Habarlar

TürkmenStatyň Internet-saýtynyň “Statistik klassifikatorlar” mowzugynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2019-njy ýylyň 03-nji iýunynda 149-iş belgili buýruk bilen tassyklanyp üýtgetme girizilen TDS 617–2012 Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň hem-de 2019-njy ýylyň 03-nji iýunynda 148-iş belgili buýruk bilen tassyklanyp üýtgetme girizilen TDS 695–2012 Önümleriň (harytlaryň we hyzmatlaryň) döwlet klassifikatorynyň soňky nusgasy ýerleşdirildi. Bu klassifikatorlaryň täze nusgalary 2019-njy ýylyň 03-nji iýunynda güýje girizildi. giňişleýin

17.06.2019

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, taslamalara seredildi, käbir möhüm resminamalar kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamyndaky işler barada hasabat berip, milli Liderimiziň ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň meselelerine degişli beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler hakynda aýtdy.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň .... giňişleýin

14.06.2019

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat geçirdi.
Şanly waka mynasybetli bu ýerde sergi ýaýbaňlandyrylyp, onuň düzümine milli Liderimiziň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy barada, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhyndaky täze eýýam hem-de onuň häzirki zamandaky gazananlary barada gürrüň berýän eserleri girizildi. Diwarlyklarda ýurdumyzyň alymlarynyň dürli pudaklardaky işläp taýýarlamalary barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän serişdeler hem görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ýokary okuw ... giňişleýin

12.06.2019

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:
1. Şu ýaşlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň 2019-njy ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan etmeli we baýraklar bilen sylaglamaly: giňişleýin

12.06.2019

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin: giňişleýin

12.06.2019

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri! Halkara ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar!
Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ajaýyp günlerinde giňden bellenýän Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Ylym döwletiň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, biz Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin köp işleri amala aşyrýarys. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, bu ugurlara düýpli maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde milli ... giňişleýin

12.06.2019

TÜRKMENISTANYŇ ÝYLLYK STATISTIK NEŞIRI

TÜRKMENISTANYŇ ÝYLLYK STATISTIK NEŞIRI