TÜRKMENISTANYŇ ÝYLLYK STATISTIK NEŞIRI

TÜRKMENISTANYŇ ÝYLLYK STATISTIK NEŞIRI

Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan taýýarlanylýar. Ýyllyk statistik neşirde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi barada maglumatlar jemlenip, ýurduň ilatyny, onuň iş bilen meşgullygyny, ýaşaýyş derejesini, şonuň ýaly-da milli hasaplary, maliýäni, maýa goýum işini, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ýagdaýyny häsiýetlendirýän maglumatlar berilýär.

Neşir her ýylyň ikinji ýarymynda çapa taýýarlanýar we ol döwürleýinligi boýunça belli bir seneden başlap üç dilde (türkmen, rus, iňlis) goýberilýär. Neşir 15 bölümden, aýratynlykda 12-nji bölümi iki sany kiçi bölümden hem-de 13-nji bölümi bäş sany kiçi bölümden ybaratdyr.

Bölümler:

1. Türkmenistanyň esasy häsiýetnamasy

2. Türkmenistanyň esasy durmuş-ykdysady görkezijileri

3. Ilat

4. Milli hasaplar ulgamy

5. Senagat

6. Oba hojalygy

7. Maýa goýum işi

8. Ulag we aragatnaşyk

9. Bölek satuw söwdasy

10. Daşary söwda

11. Maliýe we karz

12. Institusional özgerişler

      12.1. Kärhanalaryň we guramalaryň umumy häsiýetnamasy

      12.2. Telekeçilik, hususylaşdyrmak we döwlet emläginiň kärendesi

13. Ilatyň ýaşaýyş derejesi we durmuş ýaýrawy

      13.2. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygy

      13.3. Bilim, ylym we medeniýet

      13.4. Saglygy goraýyş

      13.5. Ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy

      13.6. Syýahat

14. Zähmet

15. Tebigy baýlyklar we daşky gurşaw

 Bölümiň atlandyrylyşyna görä, her bölüm öz içinde degişliligi boýunça giňişleýin maglumaty jemleýär. Şeýle hem, neşirde Türkmenistanyň esasy ykdysady-geografiki häsiýetnamasy, Türkmenistanyň milli baýramlary we belli seneleri barada maglumat ýerleşdirilýär. Her bölümiň başynda, şol bölüm boýunça gysgaça usulyýet düşündirişleri berilýär.

Käbir görkezijiler öň çap edilenler bilen deňeşdirme esasynda görkezilýär we aýry-aýry görkezijilere usuly düşündirişler hem berilýär.

Neşirde oba hojalyk, senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, söwda ýaly ugurlara has uly üns berilýär. Türkmenistanyň daşary söwdasy babatyndaky maglumatlar aýratynlykda ýygyndynyň “Daşary söwda” bölüminde görkezilýär. Mundan başga-da, neşiriň käbir bölümleri sebitler boýunça maglumatlary öz içine alýar. Şonuň ýaly-da, neşirde getirilen sanly maglumatlary has aýdyň beýan etmek maksady bilen, sebitler, pudaklar, ýyllar, käbir senagat we oba hojalyk önümleri boýunça maglumatlar grafiki şekilde görkezilýär.

Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri TürkmenStat tarapyndan 2010-njy ýylda taýýarlanan we tassyklanan “Çap edilýän işleri neşire taýýarlamak boýunça” atly usuly gollanmanyň esasynda taýýarlanýar. Bu gollanma TürkmenStatyň ulgamynda çap edilýän neşirleriň we ýygyndylaryň ählisine degişli bolup durýar.

Statistik neşiriň ýokary hili we döwrebaplygy, umuman alnyp barylýan statistik işiň hiline, hususan-da, maglumatlaryň dolulygyna we olaryň takyklygyna, öz wagtynda taýýarlanyşyna, şeýle-de durmuş-ykdysady görkezijileriň ulgamlaýyn bolmagyna bagly bolup durýar.