Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň etegindäki kölüň kenarynda dynç alyş zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde döredilýän dynç alyş zolagynyň mümkinçilikleri, onuň binagärlik keşbi, gözellik we amatlylyk derejesi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi. Milli Liderimiz köpçülikleýin çäreleriň dynç alşyň möhüm ugry hasaplanylýandygyny belläp, bu ýerde degişli medeni maksatnamanyň taýýarlanylmagyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Umuman, bularyň ählisi ululara we çagalara şatlykly pursatlary paýlamalydyr, munuň özi ýokary derejeli dynç alşyň esasy ugry bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu ýerde dynç alşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan taslamalaryň birnäçesi görkezildi. Şolaryň hatarynda sport meýdançalary, dükanlar we hyzmatlar ulgamyna degişli binalar we durmuş üpjünçiligi desgalary bar.

Gurluşyk işleri geçirilende, dynç alşyň şunuň ýaly düzümlerini döretmek boýunça dünýä iş tejribesinde kabul edilen umumy standartlar berjaý edilmelidir. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň, şol sanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, amatly dynç alşy ugrunda edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiz teklip edilýän taslamalar bilen tanşyp, binalaryň ýokary hilini üpjün etmegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz kölüň kenarynda döredilýän dynç alyş toplumynyň ähli ilatymyz üçin elýeterli bolmagy, mahabat edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy babatda anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, bu künjegiň ekologiýa meselesine möhüm orun degişli bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminde ulularyň we çagalaryň gyzykly hem-de peýdaly dynç alşyny üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen birlikde, bu ýerde sportuň suw görnüşlerini söýýänler üçin ähli şertler döredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw ulagynyň täze nusgalaryny satyn almagyň mümkinçiliklerine garamagyň zerurdygyny belläp, ynsan saglygyny berkitmekde suw bilen bejerişiň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, dürli sport ýaryşlaryny guramak üçin ýörite meýdançalary taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy. Şu maksat bilen, zerur bolan ýagdaýynda kölüň kenaryna Garagumuň altyn öwüşginli çägelerini düşemek mümkindir diýip, hormatly Prezidentimiz degişli çözgüdi kabul etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz kölüň kenarynda döredilýän dynç alyş toplumynyň desgalarynyň ýerleşýän ýerlerini görkezýän çyzgyny taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, ulularyň we çagalaryň suwa düşýän wagtyny kesgitlemegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeler berildi.

Bu ýerde dynç alşyň häzirki zaman düzümlerini döretmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn çemeleşip, şunda ylmyň we tehnikanyň ýokary gazananlaryna möhüm ähmiýet berilmelidir hem-de Türkmenistanyň häzirki wagtdaky durmuş-ykdysady ösüşleri göz öňünde tutulmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.