Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasy ýörelgesini äşgär açyp görkezýän «Döwlet adam üçindir!» şygar doly derejede berkidilendir. Adamy goramak we goldamak, oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň möhüm wezipeleridir.

Bu örän möhüm konstitusion kada öz wagtynda Konstitusiýanyň Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary baradaky bölümine üýtgetmeleri girizmegiň binýady bolup hyzmat etdi. Esasy Kanunymyzyň bu bölümine ýurdumyzyň gatnaşýan adam hukuklary babatynda halkara konwensiýalaryň kadalaryny hasaba almak bilen täze maddalar girizildi.

Hususan-da, adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň döwlet goraglylygyny kepillendirmegini, döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we wezipeli adamlar tarapyndan adamyň we raýatyň hukuklarynyň berjaý edilmegini we olara hormat goýulmagyny üpjün etmek maksady bilen, Ombudsmeniň — Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesi döredildi. Ombudsmeniň hukuklaryny, borçlaryny, onuň işiniň esasy ugurlaryny we kepilliklerini, şeýle hem ygtyýarlyklaryny kesgitleýän degişli kanun kabul edildi.

Maslahatyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany N.German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Alihil dagy çykyş edip, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilişine ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilen parahatçylykly ýaşaşmagyň, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasyny düzmek bilen, Garaşsyz, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende götermäge hem-de onuň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda döwletimiziň özygtyýarlylygynyň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen ykrar edilen we tassyklanylan hemişelik Bitaraplyk derejesiniň anyk beýan edilmegine aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» taglymatyna laýyk gelýän halkara başlangyçlarynyň taryhy-syýasy ähmiýeti nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça 2021-nji ýyly BMG-niň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmegi şol başlangyçlaryň möhüm ähmiýete eýediginiň we gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr.

Şeýle hem türkmen Bitaraplygynyň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlary seljerildi, ýurdumyzyň BMG-niň esasy düzümleri bilen alyp barýan köpugurly işleri, Türkmenistanyň energetika, ulag we suw diplomatiýasy barada aýdyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy häzirki wagtda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň esasy nyşany bolmak bilen, bütin dünýäde tanalýar. Ol BMG-niň edara binasynyň baýdak sütüninde buýsançly pasyrdaýar we özygtyýarly Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasy ýörelgelerini beýan edýär.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahat bu şanly senäniň — ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň ägirt uly ähmiýetini, Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk we agzybirlik, demokratiýa hem-de kanunyň rüstemligi ýaly döwletiň esas goýujy ýörelgelerini aýdyň görkezdi.