Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

 

Täzelikler

 

01.05.2017

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Internet-saýtynyň  “Usulyýet” mowzugynyň  “Sanawlar we klassifikatorlar” kiçi mowzugy astynda 2008-nji ýylyň Milli hasaplar ulgamynyň (MHU-2008) hödürlemesi esasynda taýýarlanan we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2017-nji ýylyň 24-nji martynda 47-iş belgili buýruk bilen tassyklanan TDS 1.12-2017 Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň sektorlarynyň döwlet klassifikatorynyň täze nusgasy ýerleşdirildi. Bu klassifikatoryň täze nusgasy 2017-nji ýylyň 1-nji maýyndan güýje girizilýär.

 


06.04.2017

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 5-nji aprelinde geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A. Öräýewanyň  eden çykyşynyň gysgaça mazmuny

2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurduň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan gowy ykdysady görkezijiler gazanyldy. Hasabat döwründe ähli pudaklarda önüm öndürmegiň möçberleriniň ýokary ösüşi bellenildi. 

Umuman, senagat önümleriniň önümçilik möçberleri 13,8 mlrd. manada deň boldy. Olaryň 53,1%-i ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişlidir. Oba hojalygynda, beýleki agrotehniki çäreleriň geçirilmegi bilen bir hatarda, ýurduň welaýatlarynda gowaça ekişine başlandy. 2017-nji ýylyň ýanwar–mart aýlarynda öndürilen gök önümler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,9% artdy. Şol bir wagtyň özünde mallaryň baş sany durnukly artýar.

Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygy, geçiriji turba ulagyny hasaba almazdan, 2017-nji ýylyň  ýanwar–mart aýlarynda 1%, şol sanda awtomobil ulagy boýunça 9,3% artdy. Geçen üç aýyň dowamynda ýolagçy dolanyşygy boýunça-da 2,3% artyş gazanyldy,  şol sanda awtomobil ulagynda ol 1,4%, demirýol ulagynda 3,4%, howa ulagynda 10,4% boldy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata edilýän hyzmatlardan alynýan girdejileriň möçberi köpeldi. 

Ýurtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň ýokarlanmagyna gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, ýanwar–fewral aýlarynda daşary ýurtlardan getirilen harytlaryň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,3% azaldy. 

 


14.03.2017

BMG-niň STATISTIKA KOMISSIÝASYNYŇ 48-nji MEJLISI

2017-nji ýylyň 7–10-njy marty aralygyndaBirleşen Milletler Guramasynyň Statistika komissiýasynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen 48-nji maslahaty bolup geçdi, oňa Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy hem gatnaşdy. Maslahatyň birinji mejlisi BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisler zalynda geçirildi.

Maslahatda Durnukly ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi boýunça maglumatlar we görkezijiler, resmi statistikany özgertmegiň maksatnamasy, statistikanyň sebitleýin derejede ösdürilmegi, global statistika ulgamynda hiliň üpjün edilmegi, resmi statistikanyň esas goýujy ýörelgeleri, durmuş statistikasy, ekologik-ykdysady hasaba alyş, halkara deňeşdirmeleri maksatnamasy, kärhanalaryň statistik sanawy, syýahatçylygyň statistikasy, milli hasaplaryň kämilleşdirilmegi hem-de statistikanyň ösüşi baradaky beýleki meselelere seredildi we degişli çözgütler kabul edildi.

  Şonuň ýaly-da ilatyň statistikasy, öý hojalyklarynyň gözegçilikleri, saglygy goraýyş, bilim, maliýe, oba hojalyk statistikasy, nyrhlaryň we halkara söwdanyň statistikasy, statistik maksatnamalaryň utgaşdyrylmagy, statistik mümkinçilikleriň ösdürilmegi, maglumatlary ýaýratmagyň bitewi açyk standartlary hakyndaky we beýleki habarlar maglumat üçin diňlenildi. 

Maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda olaryň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýeti bolan birnäçesi boýunça Türkmenistan tarapyndan çykyş edildi. Şonda, hususan-da, Durnukly ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi boýunça görkezijiler, resmi statistikany özgertmegiň maksatnamasy, milli hasaplaryň kämilleşdirilişi barada aýdyldy.

BMG-niň Statistika komissiýasynyň 48-nji maslahatynda seredilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň netijeleri hem-de bu meseleler boýunça kabul edilen çözgütler milli statistika ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmekde ýardam eder.

 


 10.02.2017 

Türkmenstatyň Internet-saýtynda  “2017-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna ýuridik şahslaryň, ýerli birlikleriň, daşary ýurt kärhanalarynyň şahamçalarynyň hem-de wekilleriniň statistik sanawy” we “2015-nji ýylyň netijeleri boýunça işleýän hususy telekeçileriň statistik sanawy” diýen materiallar ýerleşdirildi.

 


13.01.2017

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A. Öräýewanyň  eden çykyşynyň gysgaça mazmuny

     Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýlan anyk wezipeleri ýerine ýetirmegiň barşynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde 2016-njy ýylda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşler gazanyldy.

2016-njy ýylda 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende ähli pudaklarda diýen ýaly öndürilen önümleriň möçberiniň ýokary ösüşi üpjün edildi. Öndürilen elektrik energiýasy 5%, nebit bitumy 5,8%, örme matalar 3,2%, tikinçilik we örme önümler 5,2%, derman serişdeleri 6,1%, gaýtadan işlenilen we konserwirlenen balyk we balyk önümleri 15,9%, süýji-köke önümleri 13%, miwe-gök önüm konserwleri 18,5%, un 7,3%, çörek önümleri 1,9%, ýarma  19,7% artdy. Öndürilen semendiň möçberi 3 550 müň t deň boldy.

Umuman, senagat pudagynda jemi öndürilen önümiň möçberi 59,4 mlrd. manatlyk bolup, onuň 53%-i ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegi tarapyndan öndürildi.

Ýurduň obahojalygynda hem oňyn ösüş netijeleri gazanylýar. 2016-njy ýylda  ýygnalan bugdaý hasyly 1 604,5 müň t deň boldy. Gowaça hasylyny tabşyrmak boýunça meýilnamalaýyn borçnamalar 1 100 müň tonna golaý möçberde ýerine ýetirildi. Şeýle hem hasabat döwründe öndürilen şaly 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2 essä golaý köpeldi, kartoşka 31,1%, bakja önümleri 13,6%, gök önümler 7% artdy. 2016-njy ýylda öndürilen diri agramdaky et 0,8%, süýt 0,4% we ýumurtga 2,2% artdy. Mallaryň baş sany-da durnukly köpeldi.

Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygy köpeldi, şol sanda awtomobil ulagy boýunça 5,7% artdy. 2016-njy ýylda  ýolagçy dolanyşygynyň umumy artyş depgini hem 1,9% ýokarlandy. Aragatnaşyk pudagynyň durnukly ösmegi üpjün edildi. 2016-njy ýylda döwlet aragatnaşyk ulgamynda esasy işden alnan girdejiler 4,4% artdy.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberiniň jemi içerki önüme gatnaşygy 2015-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda 38,8% bolanlygyndan, 2016-njy ýylyň  degişli döwründe 36,8%-e çenli azaldy. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlara bolan garaşlylygynyň barha peselýändigine şaýatlyk edýär. Esasy serişdelere maýa goýumlarynyň jemi içerki önüme gatnaşygynyň 47,4% derejesinde emele gelmegi indiki ösüşler üçin binýat döredýär. 

 


31.10.2016

       TürkmenStatyň Internet-saýtynyň “Usulyýet” mowzugynyň “Döwlet statistik hasabatynyň formalary” kici mowzugy astynda TürkmenStat tarapyndan 2016-njy ýylyň 15-nji sentýabryndaky 58 belgili buýruk bilen tassyklanan Hojalyk subýektleriniň statistik hasaba alyş kartoçkasynyň soňky nusgasy ýerleşdirildi. Bu Hojalyk subýektleriniň statistik hasaba alyş kartoçkasynyň täze nusgasy 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giriziler.

 


12.10.2016

      TürkmenStatyň Internet-saýtynyň  “Statistik klassifikatorlar” mowzugy astynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2016-njy ýylyň 29-njy sentýabryndaky 1/195 belgili buýruk bilen tassyklanyp 1 belgili Üýtgetme girizilen TDS 583-2012 Türkmenistanyň Hojalyk subýektleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň soňky nusgasy ýerleşdirildi. Bu klassifikatoryň täze nusgasy 2016-njy ýylyň 1-nji noýabryndan güýje giriziler.


 12.10.2016

      TürkmenStatyň Internet-saýtynyň  “Statistik klassifikatorlar” mowzugy  astynda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan 2016-njy ýylyň 29-njy sentýabryndaky 1/194 belgili buýruk bilen tassyklanyp 1 belgili Üýtgetme girizilen TDS 1.17–2010 Kärhanalaryň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň soňky nusgasy ýerleşdirildi. Bu klassifikatoryň täze nusgasy 2016-njy ýylyň 1-nji noýabryndan güýje giriziler.


 29.09.2016

        Şu ýylyň 26–29-njy sentýabrynda Aşgabatda BMG-niň Statistika bölümi, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwelet komiteti we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan guralan halkara söwdanyň statistikasy boýunça üç günlik maslahat geçirildi.

         Göni daşary ýurt maýa goýumlaryny hem goşmak bilen, halkara söwdanyň dürli işewür toparlary dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň bitewi ulgamyna birikdirmek arkaly ykdysady ösüşiň möhüm faktory bolup durýandygy umumy ykrar edilendir. Şonuň bilen baglylykda harytlaryň we hyzmatlaryň halkara söwdasy baradaky statistik maglumatlardan peýdalanyjylar dürli-dürlidir, ýagny olara hökümet edaralary-da, işewür toparlar-da, şonuň ýaly-da özleriniň ykdysady statistika boýunça, meselem, töleg balansy ýa-da milli hasaplar ulgamy boýunça makroykdysady görkezijiler ýaly özboluşly görkezijilerini işläp düzmek üçin bu maglumatlar zerur bolup durýan dürli guramalar degişlidir. Harytlaryň we hyzmatlaryň daşary söwdasy boýunça statistik habarlary dürli peýdalanyjylar dürli maksatlar üçin, meselem, söwda syýasatynyň meseleleriniň işlenip düzülmegi, söwda gepleşikleriniň geçirilmegi, umumy ykdysady syýasatyň işlenip düzülmegi, haryt iberijileriň gözleginde bazaryň seljerilmegi, infrastrukturanyň ösdürilmegi hem-de beýleki maksatlar üçin ulanýarýar. Şonuň bilen baglylukda dürli peýdalanyjylar dürli maglumatlara mätäç bolýarlar, olaryň islegleriniň ýokary hilli statistik habarlar bilen üpjün etmek arkaly kanagatlandyrylmagy milli statistikanyňam, global statistika ulgamynyňam möhüm wezipesi bolup durýar.  

         BMG-niň Statistika komissiýasynyň çözgüdi bilen 2010-njy ýylda BMG-niň Statistika bölüminiň başlangyjy boýunça harytlaryň halkara söwdasynyň statistikasy we hyzmatlaryň halkara söwdasynyň statistikasy boýynça maslahatlar kabul edildi. Bu maslahatlaryň düşündirilmegi, uýgunlaşdyrylmagy we milli statistika ulgamlaryna ornaşdyrylmagy tutuş statistika ulgamyny kämilleşdirmegiň möhüm ugry bolup durýar.

         Şu geçirilen sebitleýin maslahatyň esasy maksady harytlaryň we hyzmatlaryň halkara söwdasynyň statistikasynyň hiliniň ýokarlanmagyna ýardam etmekden ybarat. Bu maksada ýetmek üçin mejlisde harytlaryň we hyzmatlaryň halkara söwdasynyň statistikasyny kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň dowamynda, hususan-da, berilýän halkara maslahatlarynyň esasy jähtlerine we olaryň milli derejelerdäki isleglere gabat gelşine, statistik maglumatlary emele getirmegiň usullaryna, harytlaryň halkara söwdasynyň statistikasynyň töleg balansy bilen arabaglanyşygyna, daşary söwdanyň indekslerine we beýleki birnäçe meselelere seredildi.

        Bu çäre BMG-niň global statistika babatda ykrar edilen abraýly edarasy bolan Statistika bölüminiň guramagynda geçirildi. BMG-niň Statistika bölüminde dünýäniň hünärmen statistikaçylary işleýär. Onuň düzümine ykdysady statristika, ilat we durmuş statistikasy, energetikanyň we daşky gutşawyň statistikasy,  söwda sttistikasy we statistik habarlaryň ýaýradylmagy boýunça  esasy bölüm birlikleriniň bäş sanysy girýär. Şeýlelik bilen, BMG-niň Statistika bölümi öz işinde statistikanyň esasy ugurklarynyň hemmesini gurşap alýar.

        BMG-niň Statistika bölüminiň esasy wezipelerine statistik mglumatlaryň ýygnalmagy, işlenip taýýarlanmagy, statistik usullaryň, toparlamalaryň we kesgitlemeleriň bir ülňä getirilmegi, tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi hem-de statistika babatdaky halkara başlangyçlaryň we çäreleriň utgaşdyrylmagy degişlidir.

        Öz wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen ol halkara statistika maksatnamalarynyň utgaşdyrylmagyna, halkara usulyýet standartlarynyň we klassifikasiýalaryň ösdürilmegine we ýaýradylmagyna, agza bolup durýan ýurtlara maslahatlar bermek we okadyş maksatnamalaryny işläp düzmek arkaly statistika işiniň kämilleşdirilmegine ýardam bermäge gönükdirilen işleriň toplunyny amala aşyrýar. 

       Maslahata BMG-niň Statistika bölüminiň, Eýranyň, Hytaýyň, Ushgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň statistika gulluklarynyň wekilleri,  Gazagystan Respublikasynyň Milli ykdysadyýet ministrliginiň, Hindistanyň Söwda ministrliginiň, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň (Türkmenstat) hünärmenleri gatnaşdylar.

      Bu çäre Türkmenstatyň statistika babtdaky halkara hyzmatdaşlyga işeňňir gatnaşýandygyna şaýatlyk edýär. 


 09.09.2016 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 10-njy iýunynda çykaran 14825 belgili “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 55-nji mejlisini geçirmek hakynda” Kararyna laýyklykda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 55-nji mejlisini hem-de onuň çäginde oba hojalyk statistikasy we oba statistikasy boýunça maslahaty geçirmek üçin Aşgabat şäherine GDA döwletlerinden we halkara guramalaryndan wekiller geldi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 55-nji mejlisiniň çäklerinde 6–7-nji sentýabrda oba hojalygynda düzümleýin barlaglary geçirmegiň usulyýetiniň we guralyşynyň meseleleri babatda tejribe alyşmak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Oba hojalyk we azyk guramasy bilen bilelikde guralan maslahat  geçirilýär.  Maslahat 6-njy sentýabrda öz işine başlady.

Maslahatda onuň GDA sebitinde oba hojalyk statistikasyny we oba statistikasyny kämilleşdirmegiň global strategiýasyna, GDA-nyň Statistika komiteti we GDA ýurtlarynyň statistika gulluklary bilen Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň arasynda oba hojalyk statistikasy boýunça özara maglumat alyşmagy giňeltmegiň geljegine, oba hojalyk statistikasyny we oba statistikasyny kämilleşdirmegiň global strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde seçimleýin barlaglary geçirmegiň ýörelgelerine bagyşlanan mejlisleri geçirildi.

Maslahatyň 7-nji sentýabrda geçirilen mejlislerinde oba hojalygynda düzümleýin we seçimleýin barlaglaryň geçirilmegini guramakda milli statistika gulluklarynyň tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda GDA gatnaşyjy döwletleriň statistika gulluklarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem, wekilleri oba hojalyk statistikasy babatdaky oňyn tejribelerini paýlaşdylar. 

8-nji sentýabrda Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 55-nji mejlisi bolup geçdi.

Mejlisde GDA-nyň düzüminiň, hususan-da, statistika we onuň usulyýeti babatdaky sebitleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nazara almak bilen  kämilleşdirilmegi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy sebitinde ilat ýazuwlarynyň 2020-nji ýyldaky tapgyryna taýýarlygyň barşy, GDA sebitinde halkara deňeşdirmesi boýunça işleriň maksatnamasy hakynda, GDA ýurtlarynda 2015-nji ýyl üçin jemi içerki önümiň görkezijilerini hasaplamagyň tejribesine syn hakynda, durnukly ösüşiň maksatlaryna teklip edilýän baha beriş görkezijileriniň sanawynyň emele getirilmegi hakynda, GDA-nyň Döwletara statistika komitetiniň 2017-nji ýyl üçin iş maksatnamasynyň taslamasy hakynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşine 2017-nji ýylda başlyklyk etmek hakynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 56-njy mejlisi hakynda we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Bu çäreler Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen ýurduň statistika babatdaky halkara hyzmatdaşlyga işeňňir gatnaşýandygyny görkezýär.

 


20.07.2016

Türkmenstatyň Internet-saýtynyň  “Usulyýet” mowzugynyň “Sanawlar we klassifikatorlar” kiçi mowzugy astynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2016-njy ýylyň 8-nji iýulyndaky 1/138 belgili buýruk bilen tassyklanyp 3-ni belgili Üýtgetme girizilen TDS 617-2012 Ykdysady işleriniň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň soňky nusgasy ýerleşdirildi. Bu klassifikatoryň täze nusgasy 2016-njy ýylyň 1-nji awgustyndan güýje giriziler.

 


29.02.2016

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Xerox firmasynyň çaphana enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň (Xerox Color 550, Xerox WC 7556, Xerox Phaser 7500) getirilmegine bäsleşik yglan etmegi meýilleşdirýär.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu telefonlar arkaly habarlaşyp bilerler: 94-16-70, 94-15-48.


24.02.2016

Türkmenstatyň mejlisler zalynda 2016-njy ýylyň 3-nji martynda sagat 15:00-da “Statistik hasabatlary elektron usulda ýygnamagyň ulgamy” diýen tema boýunça okuw geçirilýär. Gatnaşmaga isleg bildirýänleri şu salga çagyrýarys: Аşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly 72-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgimiz 94-15-48. 


09.02.2016

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Internet-saýtynyň “Türkmenistan sanlarda” mowzugy astynda “2016-njy ýylyň 1-nji fewraly ýagdaýyna Türkmenistanyň sebitler boýunça administratiw-çäkleýin bölünişi” boýunça habarlar täzelendi we “Usulyýet” mowzugynyň “Sanawlar we klassifikatorlar” kiçi mowzugy astynda hojalyk subýektleriniň statistiki sanawy we işleýän hususy telekeçiler boýunça habarlar ýerleşdirildi. 


18.01.2016

Statistika baradaky döwler komitetine täze edara binasynyň berilmegi bilen baglylykda, bu binada iň häzirki zaman enjamlarynyň ornaşdyrylmagy göz oňünde tutulýar. Şol sebäpli biziň salgymyza iň täze kompýuter we çaphana enjamlary bilen abzallaşdyrmak, şonuň yaly-da programma üpjünçiligi boýunça ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan teklipler berlip bilner.

 

744000, Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 72 Tel: (99312) 94-22-47; 94-15-48 
Fax: (99312) 94-22-47, 94-26-08

   

 


21.11.2015

STATISTIKA BOÝUNÇA PUDAGARA GEŇEŞIŇ NOBATDAKY MEJLISI

Türkmenstatda 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenstatyň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Geňeşiň agzalary we Türkmenstatyň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralayň jogapkär işlgärleri gatnaşdy.

Mejlisde gün tertibine laýyklykdastatistika boýunça pudagara geňeşiň ozal kabul eden çözgütleriniň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy hakynda; pudak edaralaryň statistikasyny ýöredýän ministrlikleriň we pudak edaralaryň statistika işleriniň 2016-njy ýyl üçin meýilnamalarynyň taslamalary hakynda; oba hojalygy boýunça döwlet statistik hasabat formalarynyň bir bölegini pudaklaýyn statistikasyna geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler hakynda; Durnukly ösüşiň maksatlary: statistika ulgamynyň öňünde durýan meseleler, şeýle hem, statistik maglumatlaryň elektron usulda ýygnalmagyny gurnamak barada meselelere seredildi.

Ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda degişli kararlar kabul edildi. Umuman, pudak edaralaryň statistikasyny ýöredýän ministrlikleriň we pudak edaralaryň statistika işleriniň 2016-njy ýyl üçin meýilnamalarynyň taslamalary makullandy. Оba hojalyk işleriniň alnyp barylyşy we oba hojalyk önümleriniň taýýarlanyşy baradaky gündelik statistik hasabatlaryň ýygnalyşynyň gurnalyşy kämilleşdirilendigi, şeýle hem, oba hojalyk statistikasy boýunça käbir döwlet statistik hasabat formalarynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasyna geçirilmegi döwlet we pudaklaýyn statistikasyny işläp taýýarlaýan edaralaryň wezipeleriniň arasyny açmaga mümkinçilik berendigi barada aýdyldy.

Mejlisde aşakdakylar bellenildi, 2015-nji ýylyň 25-27-nji sentýabrynda BMG Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynda ВMG guramasynyň agza-döwletleri tarapyndan durnukly ösüş gurşawynda täze 17 global maksatlar we 169 sany wezipeler kabul edildi. Global maksatlar we wezipeler ýurtlar tarapyndan milli şertlerine uýgunlaşdyrylmaly, şeýle hem olary uýgunlaşdyrmak boýunça hereketler işlenip taýýarlanylmaly. Durnukly ösüşiň maksatlary bilen bagly statistika ulgamynyň öňünde durýan esasy meseleleriň biri hem görkezijileri tükellemek bolup durýar. Tükellemek işi görkezijileriň barlygy we täze derwaýys görkezijileriň iş tejribesine ornaşdyrylmagy üçin zerur bolan işleri kesgitlemek nukdaý nazardan ýerine ýetirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça DÖM EAT tarapyndan taýýarlanýan görkezijileriň deslapky toplumy barada maglumatlary yzygiderli öwrenmekligi Türkmenstata maslahat berildi.

Pudagara geňeş tarapyndan respondentleriň döwlet statistika edaralaryna berilmäge degişli maglumatlaryň elektron nusgasynyň taýýarlanylmagynyň maksada laýykdygy baradaky mesele makullandy.


21.10.2015

        Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň statistika edaralarynyň yolbaşçylarynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisinde 2016-njy ýylda Türkmenistanyň bu Geňeşe başlyklyk etmegi baradaky çözgüt kabul edildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2015-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda bolup geçen mejlisinde bu çözgüdi ýurdumyzyň uly jogapkärçilik we şol bir wagtyň özünde GDA hem-de goňşy döwletler tarapyndan Türkmenistana uly ynamyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň şu Geňeşe başlyklyk etmegi bilen bagly öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, bu düzümiň geljekki duşuşyklaryny ýokary derejede guramak maksady bilen, degişli çäreleri görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.


20.10.2015

 

BÜTINDÜNÝÄ STATISTIKA GÜNÜNE BAGYŞLANAN DABARALY ÇÄRE

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-njy ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden 69/282 belgili rezolýusiýasyna laýyklykda 2015-nji ýylyň 20-nji oktýabry ikinji Bütindünýä statistika güni diýlip yglan edildi. Ozal birinji Bütindünýä statistika güni 2010-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda dünýäniň 130-dan gowrak döwletinde, şol sanda Türkmenistanda hem, bellenip geçilipdi. 

Şonuň bilen baglylykda hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyny dabaralandyrmak üçin 2015-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde “Maglumatlaryň hiliniň ýokarlanmagy – ýaşaýşyň hiliniň ýokarlanmagy” diýen şygar astynda “Statistikanyň gazananlary jemgyýetiň hyzmatynda” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Ylmy-amala maslahatyň işi  Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimahamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen gutlagyny okamak bilen başlandy.

Maslahatyň başynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasynyň, ýurduň ylmy-ykdysady jemgyýetçiliginiň wekilleri gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Ylmy-amaly maslahata TürkmenStatyň hem-de ýurduň beýleki ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işgärleri, ykdysadyýet ugrundan bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şonuň ýaly-da BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasynyň wekilleri gatnaşdy. Onda ýurduň döwlet statistikasynyň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri, onuň bitirýän işleri we jemgyýetçilik ýaşaýşyndaky orny, “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012–2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň” çäklerinde döwlet statistikasy babatda bellenen çäreleriň durmuşa geçirilişi, statistika dersiniň okadylyşy we statistikaçy hünärmenleriň taýýarlanyşy hakyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda, hususan-da, geçen 5 ýylda Türkmenistanyň statistika ulgamyny ösdürmek boýunça uly işleriň geçirilendigi, milli statistikanyň usulyýet binýadynyň pugtalandyrylandygy, statistika kanunçylygynyň, sosial-ykdysady görkezijiler ulgamymyň yzygiderli kämilleşdirilendigi, statistik seljeriş işleriniň geçirilendigi bellenildi. Sosial-ykdysydy görkezijileriň milli ulgamyna Müňýyllygyň Ösüş Maksatlarynyň gazananlaryna baha bermek üçin ulanylýan esasy görkezijiler ornaşdyryldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen 70-nji mejlisinde kabul edilen Durnukly ösüşiň 2015-njy ýyldan soňky döwür üçin maksatlarynyň görkezijilerini tükellemek işine başlandy.

Statistika babatda halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2011-nji ýyldan bäri TürkmenStat tarapyndan BMG-niň Statistika komissiýasynyň mejlislerine yzygiderli gatnaşylmagy ýola goýuldy. Statistika boýunça bu ýokary edaranyň kabul edýän çözgütleri, usulyýet maslahatlary milli statistikanyň iş tejribesine ornaşdyrylýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, ýaly edaralary, şonuň ýaly-da Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewrostat, GDA-nyň Statistika komiteti we beýlekiler bilen statistika babatdaky ýygjam halkara hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bütindünýä banky bilen “Harajatlar–Önüm goýberiş” tablisalarynyň hasaplamalary hem-de jemi içerki önümiň halkara deňeşdirmeleri boýunça, BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Milli statistika gulluklarynyň işine global baha beriş maksatnamasynyň çäklerinde TürkmenStatyň öz-özüne baha bermegi boýunça işler tamamlandy. Häzirki wagtda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde Çagalaryň we eneleriň köp görkezijiler boýunça klasterleýin gözegçiliginiň 5-nji tapgyry amala aşyrylýar. TürkmenStat bilen halkara guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýakyn geljek üçin meýilnamalarynyň ylalaşylmagy boýunça işler geçirilýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň statistika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 15-nji oktýabrynda bolup geçen 54-nji mejlisinde 2016-njy ýylda bu Geňeşe Türkmenistanyň başlyklyk etmegi hakynda çözgüt kabul edildi. Bu çäräniň özi ýurduň statistika ulgamyny GDA sebitindäki ýurtlaryň statistika gulluklary bilen sazlaşykly ösdürmekde täze mümkinçilikleri açar.

Ylmy-amaly maslahatda seredilen meseleler statistika edaralarynyň işgärleri tarapyndan öwreniler we olardan işde peýdalanmak üçin peýdaly netijeler çykarylar.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna “Statistikanyň gazananlary jemgyýetiň hyzmatynda” atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi kabul edildi.

 


24.08.2015


Türkmenstatyň  Usulyýet  geňeşiniň  nobatdaky  mejlisi  bolup  geçdi.  Gün  tertibine laýyklykda «Türkmenistanda  daýhan  hojalyklarynyň  ösüşiniň  ýagdaýy  we ykdysady meseleleri»,  «Türkmenistanyň  ýangyç-energetika resurslary»  statistik-seljeriş  işleri  seredildi. Statistik-seljeriş  işlerini kämilleşdirmek  boýunça  teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Seredilen meseleler boýunça degişli kararlar kabul edildi.

 


25.06.2015

Türkmenstatyň Usulyýet geňeşiniň nobatdaky mejlisi bolup geçdi. Gün tertibine laýyklykda Harytlaryň bölek satuw söwdasynyň seçimleýin statistik gözegçiligini geçirmegiň usulyny işläp düzmek, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryny nazara almak bilen saglygy goraýyş statistikasynyň esasy görkezijileriniň hasaplanyş usulyýetini kämilleşdirmek işlerine seredildi. “Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagyň 5-nji tapgyry  (KGKB-5) boýunça öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiligi üçin BMG/UNISEF-iň usuly maslahatlaryny uýgunlaşdyrmak” we ilkinji statistik görkezijileriň ulgamlaşdyrylan sanawyny düzmegiň çäklerinde 2015-nji ýylyň ikinji çärýeginde edilen işler barada hasabat diňlenildi.

 

Seredilen meseleler boýunça degişli kararlar kabul edildi.

 


01.06.2015

Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň statistika ulgamynyň işi döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär. Aprel–maý aýylarynda Oba hojalygynyň statistikasy we seljerişi müdirligi, Statistikanyň ulyýeti we guralyşy, Kompýuter tehnologiýalary müdirlikleri bilen bilelikde ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde “Ilatyň oba hojalyk işleriniň statistik hasaba alnyşy boýunça usulyýet talaplaryny berjaý etmegiň meseleleri” boýunça okuw maslahat–seminarlary geçerildi.

Okuw maslahat–seminarlarа Aşgabat şäheriniň we welaýat statistika müdirlikleriniň oba hojalygynyň statistikasy bölüminiň başlyklary, etrap, şäher statistika bölümleriniň başlyklary, şeýle hem häkimlikleriň işgärleri, geňeşlikleriň, şäherçeleriň ýaşaýyş jaý jemagat hojalyk kärhanalarynyň Öý hojalyk kitaplarynyň doldyrulyşyna jogapkär işgärlerden jemi Türkmenistan boýunça 856 adam: olardan Aşgabat şäherinde – 45 adam, Ahal welaýatynda – 128, Balkan welaýatynda – 102 adam, Daşoguz welaýatynda – 185 adam, Lebap welaýatynda – 187 adam we Mary welaýatynda 209 adam gatnaşdy.


28.05.2015

“Usulyýet” mowzugynyň “Maglumat haty” kiçi mowzugy astynda “Hojalyk subýektleriniň eýe bolan statistik kodlary barada Maglumat hatyny bermegiň Tertibini” ýerleşdirildi.

 

“Hojalyk subýektleriniň eýe bolan statistik kodlary barada Maglumat hatyny bermegiň Tertibi” Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2015-nji ýylyň 8-nji maýynda 26 belgili buýruk bilen tassyklandy we Adalat ministrligi tarapyndan 2015-nji ýylyň 22-nji maýynda 872 san bilen bellige alyndy.

Ýokarda görkezilenlere baglylykda, “Hojalyk subýektleriniň eýe bolan statistik kodlary barada Maglumat hatyny bermegiň Tertibi” 2015-nji ýylyň 1-nji iýunyndan işe ornaşdyrylýar we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 21-nji iýunynda tassyklanan “Hojalyk subýektlerine statistiki kodlaryň berilmegi baradaky Maglumat hatyny bermek boýunça Düzgünnama hakyndaky 50 belgili  buýruk ýatyrylýar.  Şonuň bilen birlikde, öňki berlen Maglumat hatynyň hereket etmeli möhletine çenli güýjüni saklaýandygyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris.


25.05.2015

Türkmenstatyň Usulyýet geňeşiniň nobatdaky mejlisi bolup geçdi. Gün tertibine laýyklykda mellek ýerleri bar bolan we oba hojalyk işi bilen meşgullanýan öý hojalyklarynyň seçimleýin statistik gözegçiligini geçirmegiň usulyny işläp düzmek, innowasiýalaryň statistik hasaba alnyşynyň ýöredilişine usuly çemeleşmeleri kämilleşdirmek usuly işleri seredildi. Tipologik alamatlary nazara almak bilen öý hojalyklarynyň seçimleýin statistik gözegçiligini geçirmegiň usulyny synag etmek we onuň netijeleri boýunça üstüni ýetirip işlemek, statistik maglumatlary internet arkaly ýygnamak boýunça gözükdirmäni işläp düzmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Seredilen meseleler boýunça degişli kararlar kabul edildi.


23.05.2015

Türkmenstatyň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu baradaky giňişleýin habar “Usulyýet” mowzugy astynda ýerleşdirilendir.


27.04.2015

Türkmenstatyň Usulyýet geňeşiniň nobatdaky mejlisi bolup geçdi. Gün tertibine laýyklykda “Ilkinji statistik görkezijileriň ulgamlaşdyrylan sanawyny düzmek” diýen işiň birinji tapgyrynyň ýerine ýetirilişi baradaky meselä seredildi hem-de  Milli statistika gulluklarynyň işine global baha berişiň çäklerinde Türkmenstatyň öz-özüne baha berişiniň netijelerini durmuşa geçirmek boýunça işlenip düzülen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Seredilen meseleler boýunça degişli kararlar kabul edildi.


18.04.2015

2015-nji ýylyň 14–17-nji aprelinde Wilnýus şäherinde (Litwa) “Seçip almagyň usuly” atly seminar bolup geçdi, oňa Türkmenstatyň wekili gatnaşdy. Seminar Ýewrostat tarapyndan guraldy. Onuň maksady gatnaşyjylary seçimleýin statistik gözegçilikleriň häzirkizaman usullaryndaky täze düzgünler bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.


17.04.2015  

2015-nji ýylyň 16–17 aprelinde Türkmenistanyň  Saglygy goraýyş  we derman senagaty ministrliginde  Bütindünýa saglygy goraýyş guramasynyň ekspertleriniň gatnaşmagynda täze “Saglyk” milli maksatnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň  maslahaty bolup geçdi, oňa Türkmenstatyň hünärmenleri hem  gatnaşdy.


16.04.2015

Lebap  welaýatynyň Türkmenabat şäherinde döwlet statistikasynyň işgärleri we respondentler bilen “Maliýe statistikasynyň görkezijiler ulgamyny kämilleşdirmek” atly usuly-guramaçylyk seminary geçirildi. Oňa  Garaşsyzlyk, Farap, Sakar, Serdarabat etraplaryndan we Türkmenabat şäherinden respondentleriň 120 sany wekili hem-de Lebap welaýatynyň  statistika müdirliginiň maliýe statistikasy babatdaky jogapkär işgärleri gatnaşdy.


24.03.2015

Türkmenstatyň statistik işleriniň meýilnamasyna laýyklykda, 2015-nji ýylyň 24-nji martynda “Ilatyň serişdeleriniň hasabyna hususy ýaşaýyş jaý gurluşygynyň seçimleýin gözegçiligi” atly okuw seminary bolup geçdi. Seminar hususy ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ýurduň ähli sebitlerinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan seçimleýin statistik barlagyna taýýarlygyň çäklerinde  geçirildi.

Bu barlag gözegçilik edilmeýän ykdysadyýete baha bermek boýunça statistik maglumatlary almagyň çeşmeleriniň biri bolup durýar. Ol hususy ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy boýunça görkezijileri gözegçilik edilmeýän ykdysadyýeti nazara almak bilen  hasaplamagyň amalyýetini we usulyýetini kämilleşduirmäge mümkinçilik berer.


14.03.2015

2015-nji ýylyň 9–14-nji fewraly aralygynda sebitleýin müdirliklerinde “Öý hojalyklarynyň seçimleýin statistik gözegçiligini geçirmegiň iň möhüm usulyýet düzgünleri” diýen temadan seminarlar geçirildi.


06.03.2015

2015-nji ýylyň 4–5-nji martynda Türkmenstatyň merkezi edarasynda sebitleýin statistika müdirlikleriniň degişli işgärleri üçin “Işçi güýjüniň çärýekleýin gözegçiligi boýunça programma üpjünçiliginiň täze bukjasynyň ulanyşa girizilmegi” diýen temadan okuw seminary geçirildi.


05.03.2015

Türkmenstatyň işgärleri 2015-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginde geçirilen “Durnukly ösüş babatdaky maksatlaryň hem-de wezipeleriň goýluşy, energetik netijeliligiň görkezijileriniň kesgitlenmegi,  klimatyň üýtgemeginiň netijelerini ýumşatmak we energetik netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça degişli maksatnamalaryň we amalyýetleriň kesgitlenmegi we işlenip düzülmegi” atly okuw seminaryna gatnaşdylar.


02.03.2015

2015-nji ýylyň fewral aýynda sebitleýin statistika müdirliklerinde halkara klassifikasiýasyna laýyk gelýän Senagat önümleriniň sanawyny (prodtm) statistika işine ornaşdyrmak boýunça okuw seminarlary geçirildi.


16.02.2015

Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012–2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynda döwlet statistikasynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipäni ýerine ýerirmekligiň çäklerinde sebitleýin statistika edaralarynyň işgärleriniň hünär bilimlerini artdyrmak, olary statistikanyň ösüşindäki täze meseleler we olaryň çözülişi hakynda habarly etmek maksady bilen, Türkmenstatyň sebitleýin statistika müdirlikleriniň işgärleri üçin statistikany ösdürmegiň derwaýys meseleleri boýunça toplumlaýyn okuwlar  başlandy.

Bu okuwlar 48 sagatlyk okuw maksatnamasy esasynda işgärleriň toparlary boýunça dört tapgyrda geçirilýär. Şoňa laýyklykda, hususan, şu meseleler öwrenilýär: Türkmenistanyň statistika ulgamyna global baha berişiň netijeleri we döwrebaplaşdyryş boýunça täze wezipeler; statistik seljerişiň derejeleri, usullary hem-de guralyşy; senagat önümleriniň täze klassifikasiýasy we onuň bilen baglylykda statistik hasaba alyşdaky üýtgeşmeler; oba hojalyk önümçiliginiň ykdysady netijeliligine häzirki maglumatlar binýady esasynda statistik taýdan baha bermegiň aýratynlyklary; önümçilik we sosial-medeni obýektleriň gurluşygy, işe girizilişi we potratçylyk işi hakyndaky statistik maglumatlary ýygnamagyň we işlemegiň amaly meseleleri; söwdanyň we ilata tölegli hyzmatlaryň statistikasynyň ösüşi; kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň seljerilişiniň statistik jähtleri; ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektorynyň seljermesinde pudaklaýyn statistika bölüm birlikleriniň işiniň özara baglanyşygy; işçi güýjüniň seçimleýin statistik gözegçiliginiň hilini mundan beýlägem ýokarlandyrmagyň meseleleri; öý hojalyklarynyň seçimleýin statistik gözegçiligini geçirmegiň iň möhüm usulyýet düzgünleri; daşky gurşawyň hem-de jemagat hojalygynyň statistikasyny ösdürmegiň meseleleri; Hojalyk subýektleriniň statistiki sanawynyň ýöredilişindäki we statistik klassifikatorlardaky täzelikler.

Häzirki wagtda, ýagny şu ýylyň 9–14-nji fewraly aralygynda, okuwyň sebitleýin statistika müdirlikleriniň merkezi edaralarynyň işgärleri üçin niýetlenen birinji tapgyry tamamlandy. Onuň nobatdaky 16-njy fewraldan 21-nji marta çenli aralykdaky tapgyrlarynda etrap (şäher) statistika bölümleriniň işgärleri üçin sapaklar geçiriler.


13.02.2015

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde, Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanyp, “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe statistika jemgyýetiň aýnasydyr” diýen tema boýunça ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň umumy we bölümleýin mejlislerinde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlary we talyplary, ykdysady ylymlar boýunça alymlyk derejesine dalaşgärler, Türkmenstatyň hem-de beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri çykyş etdiler. Çykyşlar esasan ýurduň statistika ulgamynyň işiniň ylmy, usulyýet we amaly meselelerine bagyşlandy.  

Şol gün bu çäräniň çäklerinde statistika boýunça talyplaryň bilim bäsleşigi hem geçirildi.  Oňa ýurduň dürli ýokary okuw mekdeplerinden gelen talyp ýaşlar gatnaşdylar we statistika babatdaky bilimleri boýunça ýaryşdylar. Ýeňijiler bäsleşigiň dürli derejeli diplomlary we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Bu çäreler ýurduň sosial-ykdysady ösüşi hakyndaky habarlaryň möhüm çeşmesi hökmündäki resmi statistika jemgyýet tarapyndan gyzyklanmanyň barha ýokarlanýandygyny görkezdi.


21.01.2015

“Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012–2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň” döwlet statistikasyna degişli bölümine laýyklykda halkara klassifikasiýasyna gabat getirilip taýýarlanan Senagat önümleriniň sanawy (prodtm) 2015-nji ýylyň başyndan statistika işine ornaşdyryldy.


20.01.2015

Türkmenstatyň merkezi edarasynda ýurduň ähli sebitleriniň statistika müdirlikleriniň degişli işgärleri bilen “Söwda kärhanalarynda we hyzmatlar ýaýrawynda harytlaryň we hyzmatlaryň bölek satuw bazar nyrhlaryna statistik gözegçiligi geçirmek boýunça usulyýet düzgünnamasyna” we “Sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlaryň nyrhlarynyň gözegçiligi we sarp ediş nyrhlarynyň indeksleriniň hasaplamasy boýunça usulyýet düzgünnamasyna“ girizilen üýtgetmeler boýunça, şonuň ýaly-da «Sarp ediş nyrhlarynyň indeksini hasaplamak üçin öý hojalyklarynyň sarp ediş çykdajylarynyň statistik çeküwiniň alynmagy» diýen tema boýunça seminar geçirildi.


19.01.2015

Oba hojalygyndaky meýdan işleri hakynda statistik maglumatlaryň ýygnalyşyny kämilleşdirmek maksady bilen, 1-sürüm “Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň gidişi barada hasabat” formasy boýunça gündelik döwlet statistik hasabaty girizildi.


19.01.2015

Türkmenstatyň Internet-saýtynyň “Türkmenistan sanlarda” mowzugy astynda 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna Türkmenistanyň sebitler boýunça administratiw-çäkleýin bölünişi boýunça habar we “Usulyýet” mowzugynyň “Sanawlar we klassifikatorlar” kiçi mowzugy astynda hojalyk subýektleriniň statistik sanawy boýunça habar täzelendi.


15.01.2015

Türkmenstatyň hünärmenleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmegiň 2016–2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny işläp düzmek boýunça maslahata  gatnaşdylar.


15.01.2015

Türkmenstatda Halkara pul gaznasynyň (HPG) maslahat bermek üçin Türkmenistana gelen wekilleri bilen duşuşyk bolup geçdi. Duşuşykda Türkmenistanyň 2014-nji ýylda ykdysady taýdan ösüşiniň meseleleri, şonuň ýaly-da milli hasaplaryň hilini ýokarlandyrmak babatdaky ilerlemeler ara alnyp maslahatlaşyldy.


09.01.2015

Türkmenstatyň Internet-saýtynyň  “Usulyýet” mowzugynyň “Sanawlar we klassifikatorlar” kiçi mowzugy astynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2015-nji ýylyň 8-nji ýanwaryndaky 1/02 belgili buýruk bilen tassyklanyp üýtgetme girizilen Işçileriň hünärleriniň we gullukçylaryň wezipeleriniň döwlet klassifikatorynyň (TDS 704-2010) soňky nusgasy ýerleşdirildi.

Bu klassifikatoryň täze nusgasy 2015-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan güýje girizilýär.


12.01.2015

Türkmenstatyň Internet-saýtynyň “ Hünär derejesini ýokarlandyrmak” mowzugynyň “Вoş iş orunlary” kiçi mowzugynda boş iş orny barada bildiriş ýerleşdirildi.


09.01.2015

Türkmenstatyň Internet-saýtynyň “Usulyýet” mowzugynyň “Sanawlar we klassifikatorlar” kiçi mowzugy astynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2015-nji ýylyň 8-nji ýanwaryndaky 1/02 belgili buýruk bilen tassyklanyp üýtgetme girizilen Işçileriň hünärleriniň we gullukçylaryň wezipeleriniň döwlet klassifikatorynyň (TDS 704-2010) soňky nusgasy ýerleşdirildi. Bu klassifikatoryň täze nusgasy 2015-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan güýje giriziler.


22.12.2014

Türkmenstatda Usulyýet geňeşiniň nobatdaky mejlisi bolup geçdi. Oňa Usulyýet geňeşiň agzalary, şonuň ýaly-da pudaklaýyn statistika müdirlikleriniň jogapkär işgärleri gatnaşdy.

Gün tertibine laýyklykda öý hojalyklarynyň seçimleýin statistiki gözegçiligini geçirmegiň usulynyň tipologik alamatlary nazara almak bilen kämilleşdirilmegi,  sebitlerde gözegçilik edilmeýän ykdysadyýetiň möçberine baha bermek boýunça usulywe  uulyýet işler, şonuň ýaly-da Türkmenistanda tölegli hyzmatlaryň ösüşi hakynda seljeriş işi ara alyp maslahatlaşyldy. Beýleki meseleleriň hem birnäçesine, hususan-da, respondentlere düşýän iş agramyny peseltmek maksady bilen, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektoryndaky hojalyk subýektleri boýunça döwlet statistik hasabat formalarynyň kämilleşdirilmegi baradaky meselä seredildi.

Seredilen meseleleriň ählisi boýunça degişli kararlar kabul edildi.


19.12.2014

Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012–2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynynyň döwlet statistika ulgamyna degişli bölegini ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenstatyň merkezi edarasynda 2014-nji ýylyň 18–19-njy dekabrynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň statistika müdirlikleriniň işgärleri bilen “"Harajatlar –Önüm goýberiş" binýatlaýyn tablisalary işläp taýýarlamakda maglumatlar bilen üpjün etmek maksady bilen seçimleýin statistik gözegçiligi guramagyň we geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak” diýen tema boýunça okuw maslahaty geçirildi.


16.12.2014

Türkmenstatyň hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde 1-kýs “Köpçülikleýin ýerleşdirme serişde barada hasabat” döwlet statistik hasabat formasyny doldurmak boýunça okuw seminary geçirildi. Seminara ministrligiň we onuň sebitleýin bölüm birlikleriniň (şypahana-kurort edaralarynyň, dynç alyş öýleriniň we ş.m.) hünärmenleri gatnaşdylar.


10.12.2014

Türkmenstatyň Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň statiatikasy müdirliginiň işgärleri Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy tarapyndan guralan seminara gatnaşdylar, onda Türkmenistanyň ygtyýarlandyryş babatdaky kanunçylygynda bolup geçen üýtgeşmeler, maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryny ulanmagyň, işgärler babatda iş önümçiligini guramagyň  meseleleri  beýan edildi.


10.12.2014

Türkmenstatyň Internet-saýtynda “Neşirler” mowzugy astynda Türkmenistan hem-de sebitler boýunça harytlaryň we hyzmatlaryň 2014-nji ýylyň noýabr aýy üçin ortaça bölek satuw nyrhlary baradaky statistik ýygyndy ýerleşdirildi.


08.12.2014

Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetinde Türkmenstatyň özüne baha bermek boýunça deslapky netijeleriniň tanyşdyryş çäresi geçirildi. Oňa Türkmenstatyň başlygy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili, onuň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ekspertleri, Türkmenstatyň pudaklaýyn statistika müdirlikleriniň başlyklary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Tanyşdyryş halkara maslahatçy Riçard Robertson tarapyndan amala aşyryldy. 01 öz çykyşynda öz-özüne baha bermek boýunça jemleýji hasabata girizilmegi zerur bolup durýan maslahatlary belledi. Maslahatlar, esasan, statistikany guramagyň hukuk esaslaryna, çap işlerine we maglumatlaryň ýaýradylyşyna, maglumatlaryň hiline dahylly boldy. Bu maslahatlaryň statistik ulgamy ösdürmegiň strategik meýilnamasy işlenip düzülende peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar.


03.12.2014

Soňky ýyllarda Türkmenistanda durmuşa geçirilen iň iri infrastruktura taslamalaryň biri  halkara Üzen (Gazagystan)–Gyzylgaýa–Bereket–Etrek–Gürgen (Eýran) demir ýolunyň gurluşygydyr. Bu ýoluň iň uzyn bölegi (700 km gowrak)  Türkmenistanyň çäginden geçýär.

“Demirgazyk–Günorta” demir ýolunyň demirgazyk böleginiň 444 km aralygy 2013-nji ýylyň aprel aýynda işe berlipdi.

2014-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýolunyň günorta bölegi açyldy, onuň uzynlygy 256 km barabardyr. 

Bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi tutuş Ýewraziýa yklymynda we sebitde özara peýdaly hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Türkmenistanyň Eýran we Gazagystan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. 

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen daşary söwda dolanyşygy 2013-nji ýylda 332,2 mln. amerikan dollaryna barabar boldy we 2012-nji ýyldakysy bilen deňeşdirilende 48,3% artdy. Türkmenistanyň daşary söwdasynyň möçberlerini, şol sanda goňşy ýurtlar bilen hem, esli köpeltmegiň hakyky mümkinçilikleri bar. Sebitde ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin amatly ulag-infrastruktura şertleriniň döredilmegine Gazagystan–Türkmenistan–Eýdan  demir ýolunyň ulanylmagy ýardam eder. 


29.11.2014

Türkmenstatyň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu baradaky giňişleýin habar “Usulyýet” mowzugy astynda ýerleşdirilendir.


26.11.2014

Iş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenstatyň hünärmenleri tarapyndan 2014-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde we ýurduň ähli welaýat merkezlerinde “Ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň statistik hasaba alnyşyny ýöretmegiň meseleleri“ atly seminar geçirildi. Seminara ministrliklerden, pudak edaralaryndan we olaryň ýerlerdäki bölüm birliklerinden, kärhanalardan, sebitleýin statistika müdirliklerinden hem-de etrap statistika bölümlerinden jemi 217 sany hünärmen gatnaşdy.

Seminaryň maksady hem-de wezipeleri ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy boýunça hereket edýän döwlet statistik hasabat formalary bilen tanyşdyrmakdan, bu formalar arkaly statistik hasaba alnyşynyň ýöredilmegi we öz wagtynda hasabat berilmegi bilen bagly kynçylyklary ýüze çykarmakdan ybarat boldy. 

Seminaryň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň ünsi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy boýunça hereket edýän döwlet statistik hasabat formalaryndaky üýtgetmelere çekildi. Hususan-da, № 1-myhmanhana “Myhmanhananyň işi barada hasabat” atly döwlet statistik hasabat formasynyň doly gaýtadan seredilendigi hem-de onuň 2015-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, № 1-kýs “Köpçülikleýin ýerleşdirme serişdäniň işi barada hasabat” ady bilen girizilýändigi bellenldi.


24.11.2014

2014-nji ýylyň 20–21-nji noýabrynda Wena şäherinde GDAýurtlarynyň senagat statistikasynyň sazlaşdyrylmagywe GDAýurtlarynyň milli gulluklary üçin statistik sanawy döretmek boýunça seminar geçirildi. Seminar BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) tarapyndan guraldy.

Häzirki wagtda UNIDO “Senagat statistikasynyň kämilleşmegi we GDAýurtlarynda senagatyň ösmegini seljermek üçin statistik görkezijileriň işlenip taýýarlanyşy” atly taslamanyň amala aşyrylmagynyň üstünde işleýär, onuň esasy maksady senagat statistikasynyň sazlaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Seminar halkara goşulyşmasynyň we dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň meselelerine gönükdirildi, munuň özi dünýäniň dürli ýurtlaryndaky bar bolan statistik maglumatlaryň deňeşdirijiligini kämilleşdirmegiň hökmanydygyny şertlendirýär. Hususan-da, her bir seminara gatnaşyjy senagatyň statistikasy boýunça maglumatlaryň ýygnalyşynyň we işlenişiniň usuly barada gürrüň berdi.  

Seminaryň dowamynda ykdysady işleriň görnüşleriniň pudaklaýyn statistikalary, hususan hem, senagatyň statistikasyny işläp taýýarlamak üçin zerur bolan klassifikatorynyň peýdalanylyşynyň meselelerine seredildi. GDAýurtlarynyň hemmesi işleriň görnüşleriniň Halkara standart pudaklaýyn klassifikasiýasy (HSPK) we ykdysady işleriň görnüşleriniň Ýewropa klassifikasiýasy (NACE) bilen sazlaşdyrylan milli klassifikatorlarynyň peýdalanylmagyna geçdiler.  

Geçirilen çekişmeleriň jemleri boýunça seminara gatnaşyjylara UNIDO-nyň eksperti tarapyndan  şu maslahatlar berildi:

kärhanalaryň çäkleýin babatda kärhanalaryň aýrybaşgalaşan düzüm birlikleriniň esasynda gözegçiligiň guralmagy, esasy kärhananyň onuň ýerli birlikleri bilen baglaşdyrylmagy, şonuň ýaly-da gözegçilik edilýän obýektleriň maliýe arabaglanyşygynyň görkezilmegi gerek. Munuň özi kärhanalaryň statistikasynda we pudaklaýyn statistikada düzümleýin gözegçilikleriň giňelmegi bilen baglylykda zerur bolup durýar;

ykdysadyýetdäki globallaşma hadysalaryna gözegçiligi ösdürmeli;

sebitleýin we ýerli derejedäki statistikany kämilleşdirmeli;

milli hasaplar ulgamynda statistik hasaplamalaryň hilini gyşarnyksyz ýokarlandyrmaly.


19.11. 2014

Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň Rev-2 nusgasyny (YIGDK Rev-2) statistik önümçilige ornaşdyrmak boýunça Türkmenstatyň işçi toparynyň mejlisi geçirildi, onda bu nusgany ornaşdyryş maksatnamasynyň barşy we şonuň bilen baglanyşykly beýleki meselelere seredildi.


10.11.2014

2014-nji ýylyň noýabr aýynda Nyrhlaryň statistikasy we seljeriş müdirligi 2014-nji ýylyň  üçünji çärýegi üçin Türkmenistan boýunça “Bölek satuw söwdasynda awtoulag serişdeleriniň ortaça bazar nyrhlary barada ýygyndy” we 2014-nji ýylyň oktýabr aýy üçin Türkmenistan we sebitler boýunça bölek satuw söwdasynda harytlaryň we hyzmatlaryň ortaça bazar nyrhlary barada ýygyndy taýarlanyldy.


03.11.2014

Türkmenstatyň wekilleri 2014-nji ýylyň 1–2-nji noýabrynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň pul-karz özgertmeleri, bäsdeşlige ukyplylyk we ykdysady ösüş” atly ylmy maslahata gatnaşdylar.

Milli walýuta bolup durýan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 21 ýyllygy mynasybetli guralan maslahata halkara guramalarynyň, şonuň ýaly-da meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Milli bank ulgamyny mundan beýläk ösdürmegiň, dünýä ykdysady ulgamlara goşulyşmagynyň, ykdysady ösüşiň global we sebitleýin  geljegi we onuň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine täsiri ýaly derwaýys meseleler maslahatyň esasy temalary boldy.


01.11.2014

 “Türkmenistanyň daşary söwdasy 1995–2013-nji ýyllarda” atly ýygyndy çap edildi. Bu ýygyndyda daşary söwda hakyndaky esasy statistik görkezijileriň 1995-nji ýyldan bäri ösüş hatary berilýär.


31.10.2014

“Resurs üpjünçiligini nazara almak bilen oba hojalygynyň ykdysady netijeliligi” atly seljeriş işi tamamlandy hem-de Türkmenstatyň Usulyýet geňeşiniň makullamagy bilen gyzyklanma bildirýän ministrliklere, pudak edaralaryna, ýokary okuw mekdeplerine we kitaphanalara iberildi.


31.10.2014

Ýewrostat, ESKATO, BMG-ňiň Ýewropa Ykdysady Komisiýasy, Ýewropa Erkin söwda assosiasiýasy tarapyndan Mongoliýanyň Milli statistika edarasynyň gatnaşmagynda 2014-nji ýylyň 1–3-nji oktýabry aralygynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde geçirilen Milli statistika ulgamlaryny ösdürmek üçin global bahalandyrma boýunça ýokary derejeli seminara TürkmenStatyň wekili gatnaşdy.

Ýokary derejeli seminar global bahalandyrmanyň resmi statistikanyň ösüşine hem-de netijede statistik önümçiligiň peýdalanyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldamaga edýän täsiri boýunça Aziýa ýurtlary bilen oňyn tejribeleri alyşmak maksady bilen geçirildi.

Bu seminar gyzyklanýan milli we halkara taraplar üçin Mongoliýanyň global bahalandyrmasynyň netijeleri boýunça tanyşdyryş çykyşlarynyň, şeýle hem Mongoliýanyň statistika ulgamynyň 90 ýyllyk baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde geçirildi. 


31.10.2014

2014-nji ýylyň 15-17-nji oktýabrynda Ženewada (Şweýsariýa) Ýewropanyň erkin söwda assosiýasiýasynyň goldaw bermegi bilen adam resurslaryny dolandyrmak we okatmak boýunça Dolandyryş topary tarapyndan gurnalan “Işgärleri dolandyrmak we okatmak boýunça seminar. Statistikany döwrebaplaşdyrmak: munuň üçin näme etmeli?” atly seminar geçirildi.

Seminara halkara guramalarynyň, Italiýanyň, Kanadanyň, Polşanyň, ABŞ, Wengriýanyň, Moldowa respublikasynyň, Awstraliýanyň, Norwegiýanyň, Şwesiýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Irlandiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Turkiýänyň we beýleki döwletleriň milli statistiki gulluklarynyň, Italiýanyň milli statistiki institutynyň, «Tor Vergata» uniwersitetiniň (Italiýa), Koreýanyň statistika gullugynyň ýanyndaky statistika boýunça işgärleri taýýarlaýyş institutynyň, «Headway» kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Seminar Ýewropa Statistikleriniň Konferensiýasynyň Býurosy tarapyndan statistiki gulluklarynda adam resurslaryny dolandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamagyň orny baradaky çäräniň 2014-nji ýylda geçirilmeginiň zerurdygy barada kabul edilen çözgüdiň çäklerinde gurnaldy.

“Statistikany döwrebaplaşdyrmak: munuň üçin näme etmeli?” seminaryň esasy temasy boldy. Seminaryň sessiýalarynda Adam resurslaryny dolandyrmak we okatmak boýunça Dolandyryş topary tarapyndan kesgitlenen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu meseleler milli statistik gulluklary üçin iň möhüm meseleler hasap edilýär. Olar BMG ÝeYK agza-ýurtlarynda adam resurslaryny dolandyrmak we olary täzeden taýýarlamak boýunça 2013-nji ýylyň dekabrynda geçirilen gözegçilikleriniň esasynda kesgitlenipdi.

Seminarda, hususanda, milli statistiki gulluklaryny döwrebaplaşdyrmak,    milli statistiki ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga işgärleri dolandyrmak we okatmak nähili derejede ýardam berip biler, özgertmeleri dolandyrmak, geljekde hünär kompetensiýasy, işgärleri dolandyrmagyň we okatmagyň netijelerini ölçemek, geljek üçin strategik ugurlary ýaly meseleler seredildi.


21.08.2014

“Usulyýet” mowzugynyň “Sanawlar we klassifikatorlar” kiçi mowzugy astynda 2014-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenstatyň Usulyýet geňeşiniň mejlisinde makullanan “Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň Rev2 nusgasy boýunça kärhanalaryň ykdysady işleriniň esasy we goşmaça görnüşlerini kesgitlemegiň usuly” (bellige alyş № 14/14-2) ýerleşdirildi. 


18.07.2014

“Usulyýet” mowzugynyň “Sanawlar we klassifikatorlar” kiçi mowzugy astynda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan tassyklanan Ykdysady işleriň gömüşleriniň döwlet klassifikatorynyň (YIGDK) NACE rev2 girizilen №2 Üýtgetme bilen täzelenen wersiýasy (2014-nji ýylyň 24-nji iýuny 1/130 belgili buýruk) ýerleşdirildi.


17.07.2014

“Usulyýet” mowzugynyň “Maglumat haty” kiçi mowzugy astynda Hojalyk subýektlerine statistiki kodlaryň berilmegi baradaky Maglumat hatyny bermek boýunça Düzgünnama ýerleşdirildi.

        - Hojalyk subýektlerine statistiki kodlaryň berilmegi baradaky Maglumat hatyny bermek boýunça Düzgünnamanyň 2014-nji ýylyň 1-nji awgustyndan güýje girýädigi bilen baglylykda;

        - Hojalyk subýektlerine statistiki kodlaryň berilmegi baradaky Maglumat haty hereket edip başlamazdan öň berlen Hojalyk subýektlerini kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişli etmek baradaky Güwänama (ýuridiki şahslar we hususy telekeçiler üçin) olaryň hereket edýän möhletiniň ahyryna çenli güýji bar diýip hasap edilýär;

        - Öň hereket eden Hojalyk subýektleriniň kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişliligi barada Güwänamalaryň berilmegi 2014-nji ýylyň 1-nji awgustyndan ýatyrylýar;

        - Öň hereket eden Hususy telekeçilere statistiki kodlaryň berilmegi baradaky Maglumat hatynyň berilmegi 2014-nji ýylyň 1-nji awgustyndan ýatyrylýar;

        - Hojalyk subýektleriň kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine degişliligine garamazdan, kärhanalaryň kysymlaryny (mikrokarhanalar, kiçi, orta, iri, has iri kärhanalar) görkezmek bilen, ýuridiki şahslar üçin we hususy telekeçilere işgärleriň sanaw boýunça ortaça sanyny görkezmek bilen Maglumat haty ähli hojalyk subýektlere beriler.


11.02.2014

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Internet-saýtynyň “Türkmenistan sanlarda” mowzugy astynda “2014-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna Türkmenistanyň sebitler boýunça administratiw-çäkleýin bölünişi” boýunça habarlar täzelendi we “Usulyýet” mowzugynyň “Sanawlar we klassifikatorlar” kiçi mowzugy astynda hojalyk subýektleriniň statistiki sanawy boýunça habarlar, şeýle hem Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň Rev2 wersiýasyny peýdalanmak boýunça usuly görkezmeler ýerleşdirildi.


06.12.2013

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Internet-saýtynyň  “Usulyýet” mowzugynyň “Sanawlar we klassifikatorlar” kiçi mowzugy astynda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan 2012-nji ýylyň 28-nji dekabryndaky 174 belgili buýrugy bilen tassyklanan TDS 617-2012 Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň (YIGDK) NACE rev2 soňky  wersiýasy  girizilen Üýtgetme №1 bilen (2013-nji ýylyň 29-njy noýabry 196 belgili buýruk) ýerleşdirildi. Ol  2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giriziler. 


11.10.2013

2013-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda BMG-niň güni mynasybetli, 2013-nji ýylyň Halkara statistika ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp,  “Statistika jemgyýetiň aýnasydyr” ady bilen çäre geçirildi. Bu çärä ýurduň ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň we BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaraly çäre mahalynda Türkmenstat, ilçihanalar we BMG-niň edaralary tarapyndan berlen plakatlar, neşirler, statistiki ýygyndylar, habar beriş materiallary görkezildi.

Dabarany açyp, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Jasinte Barrins bu çäräniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, onuň Halkara gatnaşyklar instituty we Türkmenstat bilen bilelikde ýurduň beýleki ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda geçirilýändigini belledi hem-de bu çäräni geçirmekde beren goldawy we oňyn hyzmatdaşlygy üçin  ol Türkmenistanyň Hökümetine-de minnetdarlyk bildirdi.

Şu gezek BMG-niň güni 2013-nji ýylyň Halkara statistika ýyly hökmünde bellenip geçilmegi bilen baglanyşdyryldy. Birleşen Milletler guramasy, statistikanyň jemgyýeti ösdürmäge goşandyny bellemek üçin,  dünýä statistikasynyň hatyrasyna şu ýyly Halkara statistika ýyly diýip yglan etdi. Ol gurama bütin dünýäniň hökümetlerini we guramalaryny statistikanyň ylmy jemgyýetçilik, telekeçilik, dolandyryş, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, jemgyýetiň syýasy durmuşy üçin möhümdigini görkezmek maksady bilen çäreleriň geçirilmegine çagyrdy. 

2013-nji ýylyň Halkara statistika ýyly diýip yglan edilmegi bilen, öňde üç sany maksat goýulýar:

Bütin dünýäniň iki müňden gowrak guramasy – statistika boýunça kärdeşler jemgyýetçilikleri, kollejler, uniwersitetler, başlangyç we orta mekdepler, dürli kärhanalar, döwlet edaralary we ylmy-barlag institutlary – şol başlangyja eýerdiler.

BMG we Türkmenistanyň Hökümeti, Müňýyllygyň Ösüş Maksatlaryna (MÖM) degişli maglumatlaryň hiliniň öwrenilmegine gönükdirilen anyk hereketleri hem goşmak bilen, statistika babatda dürli ugurlar boýunça gowy gatnaşyklary goldap geldiler.  

Türkmenstatyň ýanynda Statistika boýunça pudagara geňeşiniň döredilmeginiň özi-de gutlamaga mynasypdyr. Bu maslahat beriji guramanyň işlemegi Hökümetiň ýurtda statistiki hasabatlylygyň has gowulandyrylmagyna ymtylýandygyna şaýatlyk edýär. 

Sözüniň ahyrynda hanym Barrins şu çäräniň taýýarlanmagyna we guralmagyna gatnaşyjylara minnetdarlygyny beýan etdi.

Soňra Türkmenstatyň başlygy A.B. Mämmedow çykyş etdi hem-de çärä gatnaşyjylaryň hemmesini Birleşen Milletler Guramasynyň gününiň we Halkara statistika ýylynyň bellenýän şu dabarasy bilen gutlady. Bu çäre Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda geçirilýär, bu hem onuň baýramçylyk ruhuny has belende galdyrýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň agzasy hökmünde onuň guraýan dürli çärelerine işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde ençeme gezek dünýä we sebit derejelerindäki meseleleri çözmek boýunça täze başlangyçlary  öňe sürdi, ol başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan makullanyp geldi we makullanýar.

Türkmenistan BMG-niň 6 sany edarasynyň agzalygynda durýar. Hususan, olar bilen statistika babatynda hem ýakyndan hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Türkmenstatyň wekilleri BMG-niň Statistika komissiýasynyň her ýylda geçirilýän mejlislerine gatnaşýarlar hem-de onuň çözgütlerinden oňyn netije çykarylýar. Meselem, resmi statistikanyň bu gurama tarapyndan yglan edilen ýörelgeleri milli statistika kanunçylygynda beýanyny tapdy. 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzda “Resmi statistikanyň gazanan üstünliklerini belleýäris!” diýen şygar astynda Bütindünýä statistika güni giňden bellenip geçildi.

Şu geçirilýän çäre-de ýurdumyzda statistika hem-de bu babatdaky halkara hyzmatdaşlygyna berilýän ünsüň möhüm ähmiýetini alamatlandyrýar. Diýmek, ýurduň sosial-ykdysady ösüşine we jemgyýetde bolup geçýän oňyn ilerlemelere baha bermek üçin maglumat almakda milli statistikanyň orny ýokarlanýar. 

“Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işini kämilleşdirmekde hil taýdan täze tapgyr boldy.

Maksatnamada bellenen wezipeleriň durmuşa geçirlişiniň barşynda, esasan, statistikanyň usulyýetini halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça işleriň toplumy amala aşyryldy. Usulyýet we usuly işleriň 48 sanysy işlenip düzüldi we kämilleşdirildi. Şonda seçimleýin statistiki gözegçilikleriň usulyýet binýady pugtalandyryldy. Seçimleýin gözegçilikler boýunça 10 sany usulyýet we usuly iş işlenip düzüldi we ornaşdyryldy.  

Bu Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, hususan-da, milli hasaplar ulgamyna, innowasiýalaryň, sarp ediş nyrhlarynyň, daşary ykdysady işleriň statistikasyna dahylly çäreler amala aşyryldy. Döwlet maliýesiniň statistikasy boýunça Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen hyzmatdaşlykda döwlet býujetiniň girdejilerini we çykdajylaryny täze býujet klassifikasiýasy esasynda hasaba almagyň meseleleri işlenildi.     

Sosial-ykdysady klassifikasiýalar boýunça Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatory statistikanyň iş tejribesine ornaşdyryldy. Häzirki wagtda bu klassifikatoryň NACE.Rev.2 nusgasyny özleşdirmek işi alnyp barylýar. Şu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň barşynda statistiki klassifikatorlaryň 3 sanysy işlenip düzüldi, 5 sanysyna gaýtadan seredildi.  Statistiki hasaba alyşda ulanylýan klassifikatorlaryň umumy sany 20-ä ýetdi.

Maglumat tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegi babatda täze ulanyşa girizilýän hasabat formalarynyň programma üpjünçilikleri işlenip düzüldi, Türkmenstatyň bütin ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň maddy-tehniki binýady pugtalandyryldy. Statistiki habarlary ýaýratmagyň hilini gowulandyrmak boýunça işleriň toplumy ýerine ýetirildi.

2010–2012-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça bellenen çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda Türkmenstatyň merkezi edarasynda 11 sany seminar geçirildi. Türkmenstatyň işgärleri daşary ýurtlarda geçirilen seminarlaryň 14 sanysyna gatnaşdylar.    

Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna laýyklykda “Statistika hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň taslamasy işlenip düzüldi. Bu kanun Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edildi. Täze kanun statistika babatyndaky kanunçylygyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara alýar. Onda esasy statistiki kanunçylygy işläp düzmek boçunça Ýewrostatyň maslahatlary, resmi statistikanyň BMG-niň Statistika komissiýasy tarapyndan tassyklanan esasy ýörelgeleri, şonuň ýaly-da milli statistikanyň soňky ýyllarda toplan tejribesiniň netijeleri beýanyny tapdy. Täze kanuna laýyklykda döwlet statistika edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde halkara guramalary we beýleki döwletleriň statistika gulluklary bilen statistika babatdaky hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga haklydyr.   

Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe statistikanyň milli ulgamynyň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmek, onuň ösüşiniň strategik ugurlaryny kesgitlemek, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işini “Statistika hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda guramak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinde çykaran karary bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hakynda düzgünnama we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeş hakynda düzgünnama tassyklandy.

Türkmenstat hakyndaky täze düzgünnamada “Statistika hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň esasynda halkara standartlaryny we milli statistikanyň soňky ýyllarda toplanan tejribesini nazara almak bilen has kämilleşdirilen düzgünler beýan edildi.

Şonuň ýaly-da statistika işini utgaşdyrmak, statistik usulyýetiň we döwlet statistikasynyň guralyşynyň meselelerini düzgünleşdirmek, pudaklaýyn dolandyrylş edaralarynyň statistikasyny ýöretmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak üçin döwlet statistika edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy we beýleki guramalarynyň wekillerinden ybarat düzümde Türkmenstatyň ýanynda Statistika boýunça pudagara geňeş döredildi.

Statistikanyň hilini ýokarlandyrmak boýunça-da belli bir işler alnyp barylýar. Bu ugurda maglumatlar ýygnalan mahalynda olaryň iki ýerden alynmagynyň we gaýtalanyp alynmagynyň aradan aýrylmagy, respondentlere düşýän iş agramynyň azaldylmagy, maglumatlaryň administratiw çeşmelerinden peýdalanylmagy ýaly meselelere aýratyn üns berilýär. Statistikada hile gözegçiligi utgaşykly guramak maksady bilen, şu ýyl Türkmenstatyň Statistikanyň usulyýeti we guralyşy müdirliginiň düzüminde Maglumatlaryň hiline gözegçilik bölümi döredildi.

Döwlet statistikasyny ösdürmegiň nobatdaky wezipeleri Türkmenstatyň ýyllyk iş meýilnamalarynda beýan edilýär. Şonda hereketleriň anyk ugurlary “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012–2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň” döwlet statistikasy boýunça böleginde göz öňünde tutulan çärelerden ugur alnyp kesgitlenýär. 

A.B. Mämmedow, BMG-niň ähli wekillikli edaralaryna oňyn hyzmatdaşlygy we şu çäräni guramak boýunça geçiren uly işleri üçin, şonuň ýaly-da onuň ähli gatnaşyjylaryna Türkmenistanyň statistika ulgamynyň işine bildirilen gyzyklanma üçin öz çuňňur minnetdarlygyny beýan etmek bilen,  ýurduň talyplarynyň arasynda her ýyl statistikanyň meseleleri boýunça olimpiada geçirilmegini ýola goýmak hakyndaky teklibi öňe sürdi, munuň özi jemgyýetde statistikanyň giňden wagyz edilmegine we statistika babatdaky bilimleriň ýaşlaryň üsti bilen ýaýradylmagyna ýardam ederdi.

Çärä gatnaşyjylary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek gutlap, ol “Statistika jemgyýetiň aýnasydyr” atly dabaraly çäräni geçirmek boýunça işe üstünlik arzuw etdi.

Ondan soň plakatlary taýýarlamaga gatnaşan ministrlikleriň wekilleri olar bilen tanyşdyrdy. Plakatlaryň temalary bilimiň, saglygy goraýşyň, ilatyň sosial goraglylygynyň ösüşine, daşky gurşawyň goralyşyna, migrasiýanyň, adatdan daşary ýagdaýlarda töwekgelçilikleriň azaldylmagyna, Türkmenistanyň daşary syýasatyna we diplomatiýasyna bagyşlanandyr.

Şondan soňra talyplar bilen çekişme geçirildi. Talyplaryň 6 sanysyndan ybarat topar “Statistikanyň ähli görnüşleri hökümet we jemgyýet üçin peýdaly” diýen temadan çekişme alyp bardy. Çekişme klubynyň BMG-niň gününe bagyşlanan kubogy ýeňijilere dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 


16.05.2013

Aşgabatda 2013-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň birinji mejlisi geçirilip, onda bu düzümiň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere we beýleki birnäçe meselelere seredildi. Bu barada giňişleýin habar “Usulyýet” mowzugynda “Türkmenistanyň statistika ulgamynyň ösüşindäki möhüm waka” ady bilen ýerleşdirildi. 


29.01.2013

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli statistika ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, onuň ösüşiniň strategik ugurlaryny kesgitlemek   hem-de Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işini “Statistika hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinde çykaran karary bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnama we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeş hakyndaky Düzgünnama tassyklandy.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hakynda täze düzgünnamada “Statistika hakynda” Türkmenistanyň kanuny esasynda halkara standartlaryny hem-de milli statistikanyň soňky ýyllardaky ösüşinde toplanan tejribäniň netijelerini nazara almak bilen kämilleşdirilen düzgünler beýanyny tapýar. Onda, hususan, maglumatlary ýygnamakda statistika gözegçiliginiň uçdantutma we seçimleýin usullaryny hem-de administratiw çeşmeleri utgaşdyrmak, statistik usulyýet we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatda gazanylanlary nazara almak bilen işgärleri gaýtadan taýýarlamagy amala aşyrmak ýaly we başga ençeme täze düzgünler bar.

Şonuň ýaly-da statistika işini utgaşdyrmak, statistik usulyýetiň pudagara meselelerini düzgünleşdirmek we döwlet statistikasyny guramak, pudak edaralarynyň statistikasyny ýöretmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak üçin döwlet statistika edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy we beýleki edaralaryň wekillerinden ybarat düzümde Türkmenstatyň ýanynda Statistika boýunça pudagara geňeşi döredildi. Ol maslahatçy gurama bolup durýar. 

Pudagara geňeşiň esasy wezipeleri statistiki usulyýetiň pudagara meselelerini düzgünleşdirmek we döwlet statistikasyny guramak babatda maslahatlary bermek hem-de pudak edaralarynyň statistikasyny ýöretmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, statistik habarlaryň pudagara alyş-çalşy boýunça usulyýetleriň taýýarlanmagyna ýardam bermek, bitewi statistik klassifikasiýalaryň ulanylmagy, bitewi maglumatlar ulgamlarynyň döredilmegi hem-de maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň häzirkizaman tilsimatlarynyň ösdürilmegi boýunça pudagara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda maslahat bermek, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň statistikasyny ýöretmegiň meýilnamalaryna hem-de olaryň statistiki hasabatlylygynyň täze görnüşlerine garamak we olara düzedişleri girizmek boýunça maslahatlary bermek bolup durýar. 


01.01.2013

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Internet-saýtynyň “Türkmenistan sanlarda” mowzugy astynda “2013-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna Türkmenistanyň sebitler boýunça administratiw-çäkleýin bölünişi” diýen material, “Usulyýet” mowzugynyň “Sanawlar we klassifikatorlar” kiçi mowzugy astynda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan 2012-nji ýylyň 28-nji dekabryndaky 174 belgili buýrugy bilen tassyklanan TDS 617-2012 Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň (YIGDK) NACE rev2 wersiýasy we Önümleriň (harytlaryň we hyzmatlaryň) döwlet klassifikatorynyň   (ÖDK) СРА-2008 wersiýasy ýerleşdirildi. Olar 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilýär.