Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet  

Statistika boýunça pudagara geňeşiň mejlisleri

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeş “Statistika hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda ýurtda statistika işini utgaşdyrmak, statistik usulyýetiň pudagara meselelerini düzgünleşdirmek we döwlet statistikasyny guramak, pudak edaralarynyň statistikasyny ýöretmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak üçin döwlet statistika edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy we beýleki edaralaryň wekillerinden ybarat düzümde maslahatçy gurama hökmünde 2013-nji ýylda döredildi. 

Pudagara geňeşiň esasy wezipeleri statistiki usulyýetiň pudagara meselelerini düzgünleşdirmek we döwlet statistikasyny guramak babatda maslahatlary bermek hem-de pudak edaralarynyň statistikasyny ýöretmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, statistik habarlaryň pudagara alyş-çalşy boýunça usulyýetleriň taýýarlanmagyna ýardam bermek, bitewi statistik klassifikasiýalaryň ulanylmagy, bitewi maglumatlar ulgamlarynyň döredilmegi hem-de maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň häzirkizaman tilsimatlarynyň ösdürilmegi boýunça pudagara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda maslahat bermek, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň statistikasyny ýöretmegiň meýilnamalaryna hem-de olaryň statistiki hasabatlylygynyň täze görnüşlerine garamak we olara düzedişleri girizmek boýunça maslahatlary bermek bolup durýar.

 

2013-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň  Statistika  baradaky  döwlet  komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň birinji mejlisi geçirildi. Onda bu geňeşiň wezipeleri we onuň işini guramagyň meselelerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasy boýunça statistik hasabat formalarynyň tükellemesi we olaryň döwlet statistik hasabat formalary bilen mazmun baglanyşygynyň seljermesi hakyndaky, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2014-nji ýyl üçin statistik işleriniň meýilnamalarynyň taslamalary hakyndaky, administratiw çeşmelerden alynýan ilkinji statistik maglumatlary elektron göterijilerde ýygnamagyň tejribesi we ony giňden ýola goýmagyň mümkinçilikleri hakyndaky, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň arasynda döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hakyndaky meselelere seredildi.

Ara alnyp maslahatlaşmalar netijesinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň işini onuň wezipelerine laýyklykda milli statistikanyň ösüşini statistiki maglumatlary berijiler hem-de statistiki habarlary peýdalanyjylar bilen statistika edaralarynyň arasyndaky arabaglanyşygy has netijeli ýola goýmaklyga gönükdirmek üçin ähli tagallalary etmek hakyndaky karara gelindi.

Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasy boýunça statistik hasabat formalarynyň tükellemesi we olaryň döwlet statistik hasabat formalary bilen mazmun baglanyşygynyň seljermesi hakynda aýdylanda, ozaly bilen bu hasabat formalaryndaky maglumatlaryň degişli ministrligiň we pudak edarasynyň öz gözegçilik edýän ýaýrawyndan, garamagyndaky düzüm birliklerinden hem-de öz hajatlary üçin ýygnalýandygy bellenip geçildi. Şol bir wagtyň özünde ol maglumatlaryň aglaba bölegi döwlet statistikasyna degişli formada resmileşdirilip berilýär. Netijede döwlet statistika edaralary tarapyndan bu ministrlikleriň pudak edaralarynyň garamagyndaky kärhanalardan, guramalardan we edaralardan şol maglumatlary gaýtalap ýygnamak zerurlygy aradan aýrylýar. Munuň özi ilkinji statistik maglumatlary berijilere düşýän iş agramynyň hem azalmagyna ýardam edýär. Statistik maglumatlaryň döwlet statistikasy we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasy tarapyndan ýygnalyş akymlaryny rejeli utgaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşe dahylly maglumatlary ýygnaýan ähli ministrliklerine we pudak edaralaryna öz pudaklaýyn statistik hasabat formalarynyň tükellemesini geçirip, olaryň döwlet statistik hasabat formalary bilen mazmun baglanyşygyny öwrenmekleri barada teklip berilmeginiň maksada laýykdygy, şonuň ýaly-da ministrliklere we pudak edaralaryna olar tarapyndan ýöredilýän pudaklaýyn statistika boýunça statistik işleriň 2014-nji ýyl üçin meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlap, pudagara geňeşiň garamagyna bermekleri hakynda hödürlenýän teklip makullandy.

Administratiw çeşmelerden alynýan ilkinji statistik maglumatlary elektron göterijilerde ýygnamagyň tejribesi we ony giňden ýola goýmagyň mümkinçilikleri hakyndaky mesele maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösmegi bilen barha derwaýys häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda statistik maglumatlaryň pudak edaralarynyň arasynda alyşylmagy boýunça ylalaşyklary baglaşmagyň belli bir tejribesi bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy  iýulynda çykaran 12429-njy karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012–2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasynyň” döwlet statistikasyna degişli bölüminde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maglumatlar binýatlaryndaky resminamalaryň elektron nusgalaryny işläp düzmek çäresi göz öňünde tutulýar. Munuň özi Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlary ýygnamakda statistika gözegçiliginiň uçdantutma we seçimleýin usullaryny hem-de administratiw çeşmeleri utgaşdyrmak wezipesini amala aşyrmagy üçin zerur şert döredýär.

Şonuň bilen baglylykda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyna baha bermek bilen bagly maglumatlary ýygnaýan esasy minisrlikler we pudak edaralary tarapyndan öz administratiw binýatlaryndaky maglumatlaryň döwlet statistikasyna berilmäge degişli böleginde elektron nusgasynyň taýýarlanmagynyň ýola goýulmagynyň maksada laýykdygy baradaky mesele-de Pudagara geňeş tarapyndan makullandy.  

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen statistikleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi hökmünde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň arasynda döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselesine seredilip, bu ugurda statistik habarlar bilen üpjünçilik babatynda-da, ylmy-usulyýet meseleleri boýunça-da, ylmy we amaly maslahatlara, seminarlara gatnaşmak boýunça-da aragatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň iki tarap üçin hem peýdaly boljakdygy bellendi.  

Statistika boýunça pudagara geňeşiň birinji mejlisiniň kabul eden maslahat beriş çözgütleriniň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň statistika ulgamyny sazlaşykly ösdürmäge netijeli ýardam berer.

 

2013-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenstatyň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň nobatdaky ikinji mejlisi geçirildi. Oňa bu geňeşiň agzalary we Türkmenstatyň degişli jogapkär işlgärleri gatnaşdy.

Mejlisde onuň gün tertibine laýyklykdapudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasy boýunça ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2014-nji ýyl üçin statistik işleriniň meýilnamalarynyň taslamalary hakyndaky, 2014-nji ýylyň başyndan pudagara derejede Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň täze nusgasyna geçmegiň meseleleri hakyndaky, Maglumatlary administratiw binýatdan almak barada pudagara ylalaşygyň taslamasy hakyndaky we milli statistikanyň guralyşyny kämilleşdirmek boýunça beýleki birnäçe meselelere seredildi.

Ara alyp maslahatlaşmalar esasynda pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasy boýunça ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2014-nji ýyl üçin statistik işleriniň meýilnamalaryny ylalaşmak, statatistika işine 2014-nji ýylyň başyndan Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň täze nusgasynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda statistik hasabat formalary doldurylanda ykdysady işleriň görnüşleriniň täze sanawy hem-de kodlary esasynda işlemekligiň ýola goýulmagy barada ministrliklere we pudak edaralaryna ýüz tutmak, Maglumatlary administratiw binýatdan almak barada pudagara ylalaşygyň nusgasyny makullamak hem-de Türkmenstat tarapyndan ýurduň birnäçe pudak edarasy bilen şeýle ylalaşygyň baglaşylmagyny makullamak, statistika ugrundan hünär bilimlerini bermegiň ýaýrawynyň giňeldilmegi hem-de pudaklaýyn statistika boýunça uly möçberli işler alnyp barylýan aýry-aýry ministrliklerde we pudak edaralarynda maksadalaýyklyga görä statistik hasaba alyş bölümleriniň döredilmegi barada teklipleri bermek hakynda kararlara gelindi.

Bu meseleleriň ara alyp maslahatlaşylmagy we olar boýunça çözgütleriň kabul edilmegi Pudagara geňeşiň 2013-nji ýylyň maý aýynda geçirilen birinji mejlisinde kabul edilen möhüm kararlaryň ýerine ýetirilişiniň has ýaýbaňlandyryp dowam etdirilmegini aňladýar.

 

2014-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň  Statistika  baradaky  döwlet  komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň mejlisi geçirildi.

Mejlisde onuň gün tertibine laýyklykda pudagara derejede Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň Rev.2 wersiýasyna geçmegiň meseleleri hakynda,

statistikanyň pudagara meselelerini çözmegiň dünýä tejribesi hakynda, maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda statistik hasaba alyşdaky özgertmeleriň ýagdaýy, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektorynyň ygtyýarnamalar boýunça işleýän hojalyk subýektleriniň statistik hasaba alyş bilen gurşalyşy hakyndaky meselelere seredildi. Ara alyp maslahatlaşmalar esasynda degişli teklipler bermek bilen kararlar kabul edildi.

 

2014-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenstatyň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa bu geňeşiň agzalary we Türkmenstatyň degişli jogapkär işlgärleri gatnaşdy.

Mejlisde onuň gün tertibine laýyklykdaoba hojalygy boýunça döwlet statistik hasabat formalarynyň bir bölegini pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasyna geçirmek, pudagara derejede Ykdysady işleriň döwlet klassifikatorynyň täze nusgasyna geçmegiň ýagdaýy, Statistika boýunça pudagara geňeşiň ozal kabul edilen çözgütleriniň ýerine ýetirilişi, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasy boýunça ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2015-nji ýyl üçin statistik işleriniň meýilnamalarynyň taslamalary hakyndaky meselelere seredildi.

Ara alyp maslahatlaşmalar esasynda degişli kararlar kabul edildi. Hususan-da, ekerançylyk önümleriniň taýýarlanyşy we meýdan işleriniň ýerine ýetirilişi hakynda maglumatlaryň ýygnalyşyny tertipleşdirmek, bu babatda döwlet statistikasynyň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasynyň wezipeleriniň arasynyň açylmagy, şonuň ýaly-da statistika ulgamynda maglumatlaryň ugurdaş ýygnalmagynyň aradan aýrylmagy üçin, döwlet statistik hasabat formalarynyň bir böleginiň ýatrylmagyny, oba hojalygy babatda görkezilen pudaklaýyn hasabat formalaryny taýýarlamakda degişli pudak edaralaryna usulyýet taýdan ýardam edilmegi Türkmenstata maslahat berildi. Ondan başga-da, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasy boýunça ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2015-nji ýyl üçin statistik işleriniň meýilnamalarynyň taslamalaryny umuman makullamak, Ykdysady işleriň döwlet klassifikatorynyň ikinji nusgasyny beýleki statistik klassifikatorlar bilen utgaşykly ulanmak baradaky kararlara gelindi. Şonuň ýaly-da Pudagara geňeşiň ozal kabul edilen çözgütleriniň ýerine ýetirilmeginiň milli statistikany ösdürmekde belli bir ilerlemä ýardam edendigi bellenildi.

Umuman, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň karary bilen döredilen Türkmenstatyň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň halkara tejribesini nazara almak bilen kabul edýän çözütleri ösüşini statistika edaralarynyň statistiki maglumatlary berijiler hem-de statistiki habarlary peýdalanyjylar bilen ikitaraplaýyn arabaglanyşygyny has netijeli ýola goýmak arkaly  milli statistikanyň ösdürilmegini üpjün etmäge ýardan berer.

 

2015-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň  Statistika  baradaky  döwlet  komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň nobatdaky  mejlisi bolup geçdi. Oňa bu geňeşiň agzalary we Türkmenstatyň degişli jogapkär işlgärleri gatnaşdy.

Mejlisde onuň gün tertibine laýyklykda Milli statistika gulluklarynyň işine global baha berişiň çäklerinde Türkmenstatyň öz-özüne baha bermeginiň netijelerini nazara almak bilen, statistika babatda pudagara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hakyndaky, maliýe hasabatlylygynyň milli standartlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda statistik hasaba alyşdaky özgerişler hakyndaky, şonuň ýaly-da ýaşaýyş jaý gorynyň statistikasynyň we statistik maglumatlary elektron usulda ýygnamagyň guralyşy hakyndaky meselelere  seredildi. Ara alnyp maslahatlaşmalaryň netijesinde Türkmenstatyň öz-özüne baha berişiniň netijelerinden gelip çykýan hem-de durmuşa geçirilmegi ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde amala aşyrylmaly çäreleriň “Türkmenistanyň döwlet statistika ulgamyny ösdürmegiň  2017–2021-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” taslamasy taýýarlananda nazara alynmagyny Turkmenstatyň başlygyna maslahat bermek hakyndaky karara gelindi.

Mejlisde Türkmenistanda Maliýe hasabatlygynyň halkara standartlaryna geçilmegi boýunça buhgalterçilik hasaba alyşy we maliýe hasabatlylygy ulgamynyň yzygiderli özgerdilýändigi bellenildi. Maliýe statistikasyny ýöretmek üçin Türkmenstat degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde mazmuny boýunça halkara standartlaryna laýyk gelýän görkezijiler ulgamyny, kärhanalaryň we guramalaryň döwlet statistik hasabat formalaryny hem-de maglumatlary işlemegiň usullaryny işläp düzýär. Şonuň bilen baglylykda ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan öz garamagyndaky kärhanalaryň we guramalaryň tabşyrýan maliýe hasabatlarynyň hilini has gowulandyrmak boýunça işleriň utgaşdyrylyşyny güýçlendirmegiň zerurdygy barada olaryň dykgatyna ýetirilmegini Türkmenstata maslahat bermek hakyndaky karara gelindi.

Ýaşaýyş jaý gorunyň statistikasynyň aýry-aýry meselesine seredilende, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň milli ykdysadyýetiň ilatyň ýaşaýyş derejesi bilen aýrylmaz baglanyşykly pudagy bolup durýandygy bellenildi. Ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny ösdürmäge döwlet tarapyndan goldaw berlişiniň aýratynlygy her ýyl döwlet býujetinden uly möçberdäki maliýe serişdeleriniň goýberilmeginden we ilat üçin jemagat hyzmatlary üçin pes tarifleriň bellenilmeginden ybarat. Bularyň hemmesiniň statistika tarapyndan bolmalysy ýaly hasaba alynmagy zerur bolup durýar. Bu mesele boýunça ara alyp maslahatlaşmalaryň esasynda, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň administratiw hasaba alnyşyny gowulandyrmagyň, berilýän maglumatlaryň dolulygyny we dogrulygyny üpjün etmegiň, ylaýta-da oba ýerleri boýunça, zerurdygy barada degişli ministrlileriň, pudak edaralarynyň we häkimlikleriň dykgatyna ýetirilmegini Türkmenstata maslahat bermek hakyndaky karara gelindi.

Statistik maglumatlary elektron usulda ýygnalmagyny guramagyň wezipeleri hakynda aýdylanda, habarlar-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösmegi bilen bu ugurdaky öňdebaryjy tejribäni öwrenmek hem-de administratiw çeşmelerden alynýan ilkinji statistik maglumatlaryň elektron göterijilerde ýygnalmagyny giňden ýola goýmak hakyndaky meseleler has derwaýys häsiýete eýe bolýar. Ýurtda statistik maglumatlaryň pudak edaralarynyň arasynda alyşylmagy boýunça ylalaşyklary baglaşmagyň belli bir tejribesi bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy  iýulynda çykaran 12429 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012–2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasynyň” döwlet statistikasyna degişli bölüminde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maglumatlar binýatlaryndaky resminamalaryň elektron nusgalaryny işläp düzmek çäresi göz öňünde tutulýar. Munuň özi Türkmenstatyň maglumatlary ýygnamakda statistika gözegçiliginiň uçdantutma we seçimleýin usullaryny hem-de administratiw çeşmeleri utgaşdyrmak wezipesini amala aşyrmagy üçin zerur şert döredýär. Şonuň bilen baglylykda Pudagara geňeş tarapyndan ykdysady we sosial ösüş hakyndaky maglumatlary ýygnaýan esasy minisrlikler we pudak edaralary tarapyndan öz administratiw binýatlaryndaky maglumatlaryň döwlet statistikasyna berilmäge degişli böleginde elektron nusgasynyň taýýarlanmagynyň ýola goýulmagynyň maksada laýykdygy baradaky çözgüt makullandy.

 

2016-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenstatda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisde ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň Rev.2 nusgasyna üýtgetmeleri girizmek hakynda; elektron hasabatlylygy ýygnamak ulgamyny synag tertibinde ornaşdyrmagyň netijeleri hakynda; ýaşaýyş jaý hojalygynyň statistikasynyň aýry-aýry meseleleri hakynda; möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada gündelik maglumatlary ýygnamagyň pudagara meseleleri hakynda; bilim klassifikasiýasynyň halkara standartartlaryna laýyklykda bilim maksatnamalarynyň milli klassifikasiýasyny kämilleşdirmek hakynda we Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy tarapyndan  goşmaça administratiw maglumatlaryň ýygnalmagy hakynda meselelere seredildi. Seredilen meseleler boýunça degişli kararlar kabul edildi.