Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet  

Milli Statistikanyň ösüşinde täze sepgit

 

 

Şu ýylyň 9-njy iýunynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasabat işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan “Statistik hasaba alnyşyň kämilleşmegi we täze usuly düzgünler” atly seminar geçirildi. Bu çäräniň maksady “Statistika hakynda” Türkmenistanyň täze kabul edilen kanunyndan gelip çykýan düzgünler, şonuň ýaly-da “Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmekligiň çäklerinde döwlet statistikasynyň kämilleşdirilmegi netijesinde taýýarlanan we ornaşdyrylan täze statistik-usuly işläp düzmeler barada döwlet statistik hasabatlaryny berýän respondentler bilen düşündiriş işlerini geçirmekden ybarat boldy. 

 Seminarda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň pudaklaýyn statistika müdirlikleriniň başlyklary we beýleki jogapkär işgärleri statistikanyň ösüşine dahylly derwaýys temalar boýunça çykyş etdiler. Hususan-da, “Statistika hakynda” Türkmenistanyň täze kanunynda statistikanyň guralyşy we statistik maglumatlaryň ýygnalyşy boýunça täze düzgünler, Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda statistik hasaba alnyşyň ösüşi, Türkmenistanyň statistiki tejribisine “Harajatlar–önüm goýberiş” tablisalarynyň ornaşdyrylmagy, innowasiýalaryň statistikasynyň usulyýeti we halkara standartlaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi, halkara standartlary ornaşdyranda klassifikatorlaryň döwlet derejesinde bilelikde ulanylyşy boýunça edilen çykyşlar seminara gatnaşyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Pikir alyşmalaryň barşynda degişli ministrlikler we pudak edaralary statistiki hasaba alnyşy ýöretmek, hasabat maglumatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek, maglumat berijilere düşýän iş agramyny ýeňletmek hem-de maglumatlaryň ýygnalmagynda we geçirilmeginde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak ugurlary boýunça täze ýüze çykýan mümkinçiliklerden peýdalanmagyň dürli jähtlerine seredildi. Seminara gatnaşyjylar statistiki hasabatlary kämilleşdirmekligiň we olary resmileşdirmekligiň usuly jähtleri babatyndaky kämilleşdiriş işleriniň netijeleri bilen tanyşdyryldy.

Maslahatlaşylan meseleleriň mazmunynyň düýp özeni “Statistika hakynda” Türkmenistanyň şu ýylyň 31-nji martynda kabul edilen kanuny bilen başlanyşykly boldy. Bu kanun Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 28-nji maýyndaky 11072 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda taýýarlandy. Ol statistikanyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, statistika babatynda bitewi döwlet syýasatynyň ýöredilmegine, döwletiň we jemgyýetiň doly, dogry, ylmy taýdan esaslandyrylan statistik habarlara bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilýär, statistika işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Bu kanunyň güýje girmegi ýurdumyzda milli statistikany ösdürmekde hil taýdan täze sepgidi alamatlandyrdy. Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň berkarar döwletimiziň berkararlyk döwründe alyp barýan parasatly sosial-ykdysady syýasaty mynasybetli gün-günden özgerýän mähriban Diýarymyzda bolup geçýän wakalara statistik taýdan baha berlişini has netijeli ýola goýmakda we mundan beýläk hem kämilleşdirmekde bu kanunçylyk namasynyň aýratyn uly ähmiýeti bar.

Täze kanun statistika baradaky kanunçylygyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara alýar. Onda esasy statistika kanunçylygyny işläp düzmek boýunça Ýewrostatyň maslahatlary, resmi statistikanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika komissiýasy tarapyndan tassyklanan esasy ýörelgeleri hem-de milli statistikanyň soňky ýyllardaky ösüşinde toplanan tejribäniň netijeleri beýanyny tapýar.

“Statistika hakynda” Türkmenistanyň täze kanunyna, hereket edip gelýän düzgünleriň kämilleşdirilen görnüşde has takyk görkezilmegi bilen bir hatarda, hil taýdan täze düzgünleriň ençemesi girizilendir. Olara, esasan, “Şu kanunda ulanylýan esasy düşünjeler” diýen 1-nji madda, “Statistikanyň esasy ýörelgeleri” diýen 6-njy madda, “Pudagara geňeş” diýen 12-nji madda we aýratyn bölünip çykarylan beýleki maddalar degişlidir.

Şu täze kanuna laýyklykda Türkmenistanda statistikanyň esasy ýörelgelerine şular girýär: ähmiýetlilik, obýektiwlik; elýeterlilik; garaşsyzlyk we hünärjeňlik; hasabat bermeklik we aýdyňlyk; resmi statistikanyň öz wagtlylygy we hili; ilkinji statistik maglumatlaryň ýaşyrynlygy; halkara hyzmatdaşlyk.

Kanunda statistika ulgamynyň döwlet statistikasyndan we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasyndan ybarat takyk düzümi kesgitlenýär. Döwlet statistika edaralarynyň ulgamyna Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hem-de sebitleýin statistika edaralary girýär. Şonda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň statistik hasaba alyş merkeziniň wezipesini amala aşyrýan döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.

 Statistika babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň tertibi aýratyn bapda beýan edilýär we onda, hususan, Türkmenistanyň Staistika baradaky döwlet komitetiniň ygtyýarlyklary we hukuklary öz aralarynda aýyl-saýyl tapawutlandyrylýar.

Şonuň ýaly-da bu kanunda statistika edaralarynyň hem-de respondentleriň  hukuklary we borçlary has anyk kesgitlenýär, olaryň mazmun taýdan deňagramly mynasybetiniň üpjün edilmegi üçin kanuny şert döredilýär.

Döwlet statistiki hasabat formalaryny ulanmak arkaly amala aşyrylýan uçdantutma gözegçilikler bilen seçimleýin statistiki gözegçilikleri utgaşdyrmagyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bilen bir hatarda, maglumatlary administratiw çeşmelerden almagyň mümkinçilikleri-de giňeldilýär. Bu işiň netijeli amala aşyrylmagynda statistika işini utgaşdyrmak, statistik usulyýetiň pudagara meselelerini düzgünleşdirmek we döwlet statistikasyny guramak, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasyny ýöretmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak üçin niýetlenýän, maslahatçy gurama hökmündäki Pudagara geňeşiň uly ähmiýeti bardyr.

Kanunda statistikanyň usulyýeti babatynda hem düýpli täze düzgünler berkidilendir. Mysal üçin, statistika işiniň mazmuny dürli çeşmelerden alnan maglumatlary umumylaşdyrmagyň hasabyna has-da baýlaşdyrylyp beýan edilýär.

Statistiki habarlary ýaýratmak babatynda neşir etmek we statistiki materiallary çap edip köpeltmek baradaky düzgünler has takyklanyp beýan edilýär. Şonuň ýaly-da statistiki habarlary elektron göterijileriň, Internet ulgamynyň üsti bilen ýaýratmagyň tertibi düzgünleşdirilýär. Ilkinji statistiki maglumatlary ýygnamakda hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmagyň häzirkizaman mümkinçilikleri nazara alynýar.

Kanunda statistika babatyndaky halkara hyzmatdaşlygy boýunça gatnaşyklaryň hukuk esaslary täze şertleri nazara almak bilen has anyk kesgitlenýär. Onuň 10-njy maddasynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet  komitetiniň halkara guramalary we beýleki döwletleriň milli statistika gulluklary bilen statistika babatyndaky hyzmatdaşlygy amala aşyrýandygy, şonuň ýaly-da onuň halkara guramalarynda statistika işiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýändigi hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda statistika babatynda halkara hukuk goragyny üpjün edýändigi beýan edilýär.

 Milli statistikanyň ösmeginde Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň şu ýylyň dekabr aýynyň 15-inden 26-sy aralygynda geçiriljek uçdantutma ýazuwy hem uly ähmiýete eýe bolar. Onuň netijeleri ýurduň sosial-ykdysady ösüşine baha berlende, ösüşiň täze maksatnamalaryny düzmek boýunça hasaplamalar geçirilende, döwlet derejesinde kabul edilýän dürli çözgütler esaslandyrylanda peýdalanylar. Häzirki wagtda bu möhüm çäräni geçirmäge taýýarlyk işleri meýilnama laýyklykda güýçli depginde alnyp barylýar. Bu ugurda meselä dahylly ministrlikler, pudak edaralary, häkimlikler bilen işleşilýär, şonuň ýaly-da düşündiriş işleri geçirilýär. Ýazuwyň geçirilmegine çekiljek işgärler bilen ýerlerde okuwlaryň guralmagyna-da içgin taýýarlyk görülýär.

Umuman, milli statistika ulgamynyň ösmeginde döwlet statistika edaralary bilen ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýeti bar. Muny statistik hasaba alnyşyň kämilleşmegi we täze usuly düzgünler barada geçirilen seminara gatnaşyjylaryň bu baradaky oňyn pikirleri-de tassyklaýar. Döwlet statistika edaralary bilen ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ykdysady gulluklarynyň arasynda statistik hasaba alnyşyň meseleleri boýunça geçirilýän şunuň ýaly çäreler diňe bir maglumat berijiler hökmünde däl, eýsem statistik habarlary peýdalanyjylar hökmünde hem şol ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýurduň sosial-ykdysady ösüşi hakyndaky statistik maglumatlara bolan isleglerindäki üýtgeşmeleri ýüze çykarmaga we statisika işi kämilleşdirilende nazara almaga mümkinçilik berýär.