Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Usulyýet görkezmeleri  

Sosial statistika we durmuş derejesi

  1. Halkara standartlaryny göz öňünde tutmak bilen daşky gurşawyň görkezijiler ulgamyny bahalandyrmak üçin usuly maslahatlar

Bu usuly maslahatlar Durmuş statistikasy müdirliginiň işgärleri tarapyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2010-njy ýyl üçin  Usulyýet we usuly işleriniň maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyldy we 2010-njy yylyň 8-nji  iýulynda tassyklandy.

Usuly maslahatlarda döwlet derejesinde statistiki gözegçiligiň hereket edýän ulgamynyň çäklerinde daşky tebigy gurşawy goramak üçin harajatlary häsiýetlendirýän görkezijiler sanalýar, daşary ýurtlaryň tejribesini, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň  (YHÖG) we Toplumlaýyn ekologiýa we ykdysady hasaba alyş ulgamynyň (EYHU) usulyýetini  göz öňünde tutmak bilen, ony kämilleşdirmegiň ugurlary görkezilýär. 

Daşky gurşawyň statistikasynyň statistiki bahalandyrmada we olaryň seljermesinde ulanylýan görkezijileriniň uly toparynyň bardygyny bellemeli. Ýöne bu usuly maslahatlarda esasy üns daşky tebigy gurşawy goramaga harajatlaryň bahalandyrmasyny häsiýetlendirýän görkezijilere berilýär.

Usuly maslahatlaryň ulanylmagy sebitleýin derejede amala aşyrylýar.

Usuly maslahatlar Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Durmuş statistikasy müdirligi tarapyndan taýýarlandy.

2. Esasy demografik görkezijilerini hasaplamagyň usuly

Bu usuly gollanmada raýatlyk ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryndaky ilkinji maglumatlar esasynda ilat ösüşiniñ esasy görkezijileriniñ hasaplanyş usullary berilýär.

Ilatyň tebigy we mehaniki ösüşiniň hasaplanylyp çykarylýan görkezijileriniň ähmiýeti olaryň demografik hadysalary seljermekdäki we tutuş ýurtdaky hem-de onuň sebitlerindäki demografiki ýagdaýa baha bermeklikdäki orny bilen baglanyşyklydyr. Ilatyň tebigy we mehaniki ösüşiniň hasaplanylyp çykarylýan görkezijileri diňe bir demografik barlaglarda giňişleýin ulanylman, eýsem ýurduň sosial-ykdysady ösüşiniň seljerilişinde hem giňden ulanylýar. Demografik görkezijileriň ýokary derejedäki wajyplygy olaryň sosial sferanyň ösdürlişiniň netijeliligine baha bermeklikde aýratyn orna eýeligi bilen düşündirilýär. Mysal üçin, adam ölüminiň görkezijileri saglygy goraýyş sistemasynyň işleýşiniň netijeliligine baha bermeklikde örän uly ähmiýete eýedir.

Ilatyň tebigy we mehaniki ösüşiniň görkezijileriniň hasaplanylyp çykarylmagy üçin raýat ýagdaýynyň namalarynyň (çaga dogluşy, adam ölümi, nikalaşmalar, nika bozulmalary hakyndaky ýazgylaýyn namalaryň) we ilatyň göçüp-gonuş hereketine degişli ýazgylaryň (göçüp gidiş hem-de göçüp geliş talonlarynyň) ilkinji materiallarynyň kodlaşdyrylmagy we olaryň belli bir sistema salynmaklygy bilen baglanyşykly deslapky işler zerurdyr.

Ilat ösüşiniñ esasy görkezijilerini hasaplamaklygyñ bu ýerde berlen usullary dolandyryş çäklerinde (etraplarda, şäherlerde) ilat ösüşiniñ ýagdaýyna baha berlende peýdalanmaklygyň mümkinçilikleri nazarda tutulyp taýýarlanyldy, munuň özi dolandyryşyň çäklerinde geçirilýän sosial (aýratyn-da, saglygy goraýyş pudagynda alnyp barylýan) we ykdysady çäreleriñ derejesini we netijeliligini kesgitlemek hem-de olary uzak döwürleýin meýilnamalaşdyrmak üçin zerurdyr.

Ilatyñ tebigy hereketiniñ görkezijilerini hasaplamaklyk üçin, düzgün bolşy ýaly, bellenilen tertipde resmi taýdan bellige alnan degişli resminamalaryñ esasynda çaga dogluşynyñ, ölümleriñ, nika baglaşylmalarynyñ we nika bozulmalarynyñ mukdary baradaky maglumatlardan peýdalanylýar. Şol bir wagtda, iş tejribesiniň görkezişi ýaly, ilatyñ tebigy hereketiniñ umumy (tutuşlaýyn) görkezijileri, ilat ösüşiniñ resmi taýdan bellige alnan hadysalary esasynda hasaplanylan görkezijierden adatça ýokary bolýar.

Şoña görä-de, ilatyñ tebigy hereketiniñ görkezijileriniñ ýeterlik derejedäki takyklygyny gazanmak maksady bilen käbir halatlarda üstüni ýetiriş usullarynyñ (ýa-da düzediş koeffisiýentleriniñ) ulanylmagyna ýol berlip bilner. Munuň üçin, adatça, ilat ýazuwynyň (uçdantutma, seçimleýin) jemlerinden peýdalanylýar, şeýle-hem ilatyň we цý hojalyklarynyň seçimleýin barlaglarynyň netijeleri hem ulanylyp bilner, olar çaga dogluşynyñ, ölümleriñ, nikalaşmalaryñ we aýrylyşmalaryñ bellige alynmadyk hadysalarynyň paýy (udel agramy, göterimleri we ş.m.) baradaky maglumatlaryň ýurt boýunça tutuşlaýyn hem, dolandyryş çäkleri boýunça hem alynmaklygyna ýardam berip biler. Hut şeýle maglumatlaryñ bolmaklygy degişli düzediş koeffisiýentleriniň işlenip düzülmekligine esas bolup hyzmat edýär. Üstüni ýetiriş usullarynyñ (ýa-da düzediş koeffisiýentleriniñ) nazary we amaly taýdan peýdalanylmagyna çemeleşmeler babatda ýörite edebiýatlarda has içgin ýazylmaklygy, olar barada bu usul gollanmasynda aýratyn durlup geçilmekliginiň zerurlygynyň aradan aýrylmagyna mümkinçilik döredýär.

Bu usuly gollanma taýýarlanylanda statistiki hasaba alnyşynyñ häzirki zaman halkara ykrar edilen çemeleşmelerinden peýdalanyldy, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyñ (BSGG-nyñ) «keselleriñ we saglyk bilen baglanyşykly meseleleriñ x-gaýtadan seredilen halkara klassifikasiýasynyñ (kht-10), 1995-nji ýyl», Birleşen Milletler Guramasynyñ (BMG-niñ) «ilatyñ tebigy hereketiniñ hasabatlyk hasaba alyş ulgamy üçin ýörelgeleriñ we maslahatlaryñ, 2003-nji ýyl» gözükdiriji materiallary, şeýle hem «Türkmenmillihasabat» institutynyñ BMG-niñ Ilat gaznasy bilen bilelikde taýýarlan «Türkmenistan: ilatyñ we onuñ nesil saglygynyñ hasabaty boýunça sanbelgilerini ýygnamaklygyñ, seljermekligiñ we ýaýratmaklygyñ milli ulgamy, 2000-nji ýyl» neşiriniñ materiallary ulanyldy.

Usuly gollanma, ilkinji nobatda, etraplaryň we şäherleriň statistiki guramalarynyñ we edaralarynyñ hünärmenleri üçin niyetlenendir, şeýle-hem RÝNÝ-nyñ işgärleri we saglygy goraýşyñ guramaçylary üçin we başga edaralara hem peýdaly bolup biler.

Bu usuly gollanma Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Ilaty hasaba alyş müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

3. Zähmet resurslarynyň balansyny hasaplamagyň usulyýeti

Zähmet resurslarynyň balansyny hasaplamagyň usulyýeti işçi güýjiniň emele geliş çeşmeleri we onuň deň ölçeglilik paýlanyşy boýunça has doly maglumatlary döretmeklige gönükdirlendir.

Zähmet resurslarynyň balansyny hasaplamagyň usulyýeti işläp taýarlananda halkara standartlary we kadalary ulanyldy. Olara Zähmet statistikleriniň 13-nji halkara konferensiýasynyň rezolýusiýasy (1982 ýyl), Zähmet statistikleriniň 15-nji halkara konferensiýasynyň rezolýusiýasy (1993 ýyl), «Zähmet statistikasy hakynda» 160-njy Konwensiýa we 170-nji Maslahatlar (1985 ýyl) degişli. Şu resminamalaryň esasynda zähmet resurslarynyň balansynyň shemasy iş bilen meşgullyk statistikasynyň bazar ykdysadyýeti ýurtlarynda peýdalanylýan düşünjelerine uýgunlaşdyryldy.

Bu usulyýetiň esasy bolup 2000-nji ýylda düzülen we şol ýylyň dekabr aýynda tassyklanan, zähmet resurslarynyň balansyny hasaplamagyň usulyýeti durýär. Zähmet resurslarynyň balansynyň shemasy bazar ykdysadyýetli ýyrtlarda peýdalanýan iş bilen meşgullyk statistikasynyň düşünjeleri üýgunlaşdyrylandyr.

Zähmet resurslarynyň ortaça ýyllyk balansyny hasaplamagyň goşulýan tablisalar boýunça dürli çeşmelerinden alnan maglumatlary birikdirmek esasynda zerur görkezijileriň hasaplamasyny öz içine alýar, olaryň esasynda bolsa iki sany esasy tablisa işlenip taýýarlanylýar:

Zähmet resurslarynyň balansynyň hasaplamalary milli we sebitleýin derejelerinde amala aşyrylýar.

Zähmet resurslarynyň balansyny hasaplamagyň usulyýeti Türkmenistanyň Statistaka baradaky döwlet komitetiň Zähmet we iş haky müdirligi tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

4. Ykdysadyýetde iş bilen meşgullykdan gelen zähmet girdejilerini hasaplamagyň usuly

Ykdysadyýetde iş bilen meşgullykdan, alnan girdejileri hasaplamagyň usulyýeti girdejileriň we işçi güýjine harajatlaryň statistikasy boýunça Ýewrostatyň 530/1999 belgili Reglamentine,"Işçi güýjine harajatlaryň indeksler hakynda" Ewrostatyň 27.07.1999 ýyldaky 1726/1999 belgili Maksatlaryna laýyklykda işläp taýýarlanyldy.

Usulyýet girişden, 3 bölümden, netijeden, goşundylardan we gysgaça usulyýet düşündirişlerinden durýär.

Girişde Usulyýetiň maksady hem-de wezipeleri beýan edilýär.

Iş bilen meşgullykdan alynýan zähmet girdejileriň hasaplamalaryň beýleki ykdysady we sosial görkezijiler hem-de milli hasaplar bilen deňeşdirerlik bolmagyny üpjün etmek üçin 1-nji bölümde iş bilen meşgullykdan alynýan girdejiler statistikasynyň esasy düşünjeleri we kesgitlemeleri görkezilendir.

Şu Usulyýetde hasaplama birligi şahs fiziki, ýagny iş bilen meşgullanýan ilat bolup durýär. Zähmet girdejini ölçemek üçin fiziki şahslaryň umumy köplügi hökmünde kärhanalarda işleýänleriň ortaça sany kabul edilendir. Hasaplamak üçin fiziki şahsyň bir işiniň bolmagynyň, hakyna tutma ýa-da özbaşdak häsiýetli birnäçe işiniň bolmagynyň,birden artyk kärhana eýelik etmeginiň ýa-da dolandyrmagynyň mümkindigi hasaba alyndy. Şonuň üçin fiziki şahsyň nukdaýnazaryndan, iş bilen meşgullykdan alynýan zähmet girdejisi berine ýetirilen işlerden alnan ähli zähmet girdejileriniň jemine deň bolar.

Hasaplamalaryň statistiki binýady hökmünde döwlet statistiki hasabat formalary, edara statistikasynyň maglumatlary, işçi güýjiniň sesimleýin barlagynyň kiçi kärhanalaryň we ýuridiki tarapy döretmedik telekeçileriň işiniň maglumatlary, ekspert bahalandyrmalary peýdalanyldy.

Usulyýet ykdysadyýetiň döwlet eýeçiliginde we döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk böleklerinde hakyna tutma meşgullykdan alynýan girdejileri, öz-özüňi iş bilen üpjün etmekden (ýuridiki tarapy döretmedik telekeçiler) alnan girdejileri hasaplamagyň tertibini göz öňünde tutýar.

5. Öý hojalyklarynyň seçimleýin barlagynyň guramaçylyk usulyýet esaslary

Öý hojalyklarynyň seçimleýin barlagynyň guramaçylyk usulyýet esaslary mowzugy boýunça usulyýet işi öý hojalyklaryň býujetleriniň seçimleýin gözegçiligini geçirilişiniň usulyýetini mundan aňryk kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlandy.

Şu usulyýet işiniň esasy hökmünde «Türkmenmillihasabatyň» direktory tarapyndan 09.01.2004 ýylda tassyklanan «Öý hojalyklaryny seçip almagyň usuly» hyzmat etdi. «Öý hojalyklaryny seçip almagyň usuly» statistikanyň we hasaba almagyň halkara ülňülerini göz öňünde tutmak bilen, öý hojalyklaryň statistikasynyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça TASIS taslamasynyň; Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistanyň milli döwlet hasabat we maglumatlar institutynyň usulyýetini kämilleşdirmäge tehniki kömeginiň (ТА No. 3937-ТК) çäklerinde ýerine ýetirildi[1].

«Öý hojalyklarynyň seçimleýin barlagynyň guramaçylyk usulyýet esaslary» mowzugy boýunça usulyýet işi 7 bölümden durýar.

«Seçip almagyň esasy» diýen 1-nji bölüme laýyklykda seçip almagyň esasy bolup Türkmenistanyň ilatynyň we öý hojalyklarynyň 5%-li seçimleýin ýazuwyny geçirmek üçin 2004-nji ýylda döredilen öý hojalyklaryň täze binýady hyzmat etdi. Bu bolsa öý hojalyklaryň gündelik gözegçiliginiň seçip almagyň esasyny gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

«Seçimleýin toplumyň emele getirilişiniň usuly» diýen 2-nji bölümde seçip almak stratifisirlenen, üç basgançakly, özi ölçerilýändir diýip görkezilýär. Seçip almagyň birinji we ikinji basgançagynda seçip almaklygyň birlikleri klasterler bolup durýar, üçünji basgançakda — öý hojalyklary boldy.

«Seçip almagyň möçberi we onuň paýlanyşy» diýen 3-nji bölümde Türkmenistan boýunça seçip almagyň möçberi 1850 ÖH-nyň derejesinde galýandygy barada bellenilýär, klasterler stratalar boýunça öý hojalyklarynyň sanyna proporsionallykda paýlanylandygy görkezilýär.

«Seçip almagyň usuly» diýen 4-nji bölümde seçimleýin toplumyň saýlanyp alnyşy görkezilýär — öý hojalyklarynyň gündelik gözegçilikleri üçin klasterleriň seçip alnyşy olardaky öý hojalyklaryň sanyna proporsional ähtimallykly yzygiderli esasda saýlanyldy. Öý hojalyklary ýönekeý tötänleýin seçip almak usuly arkaly seçip alyndy.

«Öý hojalyklarynyň seçip alnyşynyň tertibi» diýen 5-nji bölümde öý hojalyklarynyň täze ulgamy işe girizilende her bir klaster derejesinde seçip almagyň tertibiniň yzygiderliligi beýan edilýär.

«Rotasiýa» diýen 6-njy bölümde klasterler boýunça rotasiýa üçin öý hojalyklaryň sanawlaryny taýýarlamagyň we öý hojalyklary çalşyrmagyň düzgünleri görkezilýär.

«Gözegçiligiň mazmuny we düzgüni» diýen 7-nji bölümde gözegçiligiň meýilnamasy, maglumatlary ýygnamagyň we olary işläp taýýarlamagyň düzgüni görkezilendir.

Goşundyda şäher ýerlerinde we oba ýerlerinde saýlanyp alnan klasterleriň sanawy, esasy çykyş tablisalar, Access programmasynda maglumatlary girizmegiň programmasynyň işe girizilişiniň gysgaça beýany getirilýär.

Şu iş Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň milli we sebitleýin derejesinde ulanylýar.

«Öý hojalyklarynyň seçimleýin barlagynyň guramaçylyk-usulyýet esaslary» mowzugy boýunça usulyýet işi Öý hojalygynyň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan Statistikanyň usulyýeti we guralyşy müdirligi bilen bilelikde ýerine ýetirdi.

_______________

[1]Usulyýet işi işlenip taýýarlananda onuň esasyna Aziýa ösüş bankynyň eksperti Şýam Upadhýanyň taýýarlan Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň 2003-nji ýyldaky gözegçiligi boýunça «Seçip almagyň dizaýny (şekili)» (Fewral 2003-nji ýyl), "Türkmenistandaky öý hojalyklaryň büjetleriniň gözegçiligini gowulandyrmak boýunça usulyýet bellikleri«(Noýabr 2003-nji ýyl), şeýle hem TACIS meýilnamasy boýunça 2003-nji ýylyň öý hojalyklarynyň synaglaýyn gözegçilikleriniň maglumatlary alyndy (Statistika — 5). 

6. Türkmenistan we sebitler boýunça ilatyň dürli sosial-demografik toparlary boýunça ýaşaýyş üçin harytlaryň we hyzmatlaryň oňşuk möçberiniň hasaplanyşynyň usuly görkezmeleri

Türkmenistan we sebitler boýunça ilatyň dürli sosial – demografik toparlary boýunça ýaşaýyş üçin harytlaryň we hyzmatlaryň oňşuk möçberini hasaplamagyň Usuly görkezmeleri 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan tassyklanan Usulyýet görkezmelrinden soň gaýtadan işlenen (üsti doldurylan) ikinji Usuly görkezmelerdir.

Öň işlenip taýýarlanan Usuly görkezmelerde ýaşaýyş üçin harytlaryň we hyzmatlaryň oňşuk möçberiniň we ýaşamak üçin harytlaryň we hyzmatlaryň zerur möçberiniň hasaplanyş usullary kesgitlendi. Usuly görkezmeleri BMG, Halkara zähmet guramasynyň, Bütindünýä Bankynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) we beýlekileriň halkara standartlaryny göz öňünde tutup taýýarlanyldy. Hususan-da, BSGG-nyň bir gije-gündizlik zerur beloklaryň, ýaglaryň, uglewodlaryň sarp edilişiniň howpsuz derejesi baradaky görkezmeleri nazara alyndy.

1995-nji ýyldan soňky döwürde görkezilen Usuly maslahatlaryň usulyýet esasyna degişli düýpli üýtgeşmeler girizilmedi. Öň işlenip taýýarlanan Usuly görkezmelerine laýyklykda ilatyň sarp edijilik isleginiň üýtgemegini, haryt gorlarynyň möçberlerini göz öňünde tutup, ýaşaýyş üçin harytlaryň we hyzmatlaryň oňşuk möçberiniň (ÝÜHHOM) we ýaşamak üçin harytlaryň we hyzmatlaryň zerur möçberiniň (ÝÜHHZM) sarp ediş sebetleriniň düzümine wagtal-wagtal gaýtadan seredildi, ýagny statistiki işler geçirildi.

ÝÜHHOM we ÝÜHHZM-iň sarp ediliş sebetlerine (azyk önümleri, azyk däl harytlar we hyzmatlar) gaýtadan seretmek  işleri 1999-njy ýylda we soňra 2006-njy ýylda amala aşyryldy. 2007-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ÝÜHHOM we ÝÜHHZM hasaplamalary 2006-njy ýylda gaýtadan seredilen sarp ediş sebetleri esasynda amala aşyrylýar. Balans usulyndan peýdalanmak bilen azyk sebediniň agramlaryna  1999, 2007 we 2011-nji ýyllarda gaýtadan seredildi.

Ýaşaýyş üçin harytlaryň we hyzmatlaryň oňşuk möçberiniň we ýaşamak üçin harytlaryň we hyzmatlaryň zerur möçberiniň hasaplamalary her ýylda Türkmenstatyň başlygy tarapyndan tassyklanýan “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistiki işleriniň sanawynyň (meýilnamasynyň)” çäklerinde her aýda amala aşyrylýar. ÝÜHHOM we ÝÜHHZM Türkmenistan boýunça hasaplamagyň dinamikasy 1995-nji ýyldan bäri, 1999-njy ýyldan bäri bolsa – welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça bar.

Ýaşaýyş üçin harytlaryň we hyzmatlaryň oňşuk möçberi sosial kepillendirmeleri: zähmet hakynyň iň az möçberiniň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, kömek pullarynyň, olaryň üsti bilen bolsa beýleki zähmet üçin tölenýän tölegleriň, sosial tölegleriň derejelerini kesgitlemek üçin esas bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, ol ýaşaýşyň gymmatynyň üýtgeýşini seljermek üçin ulanylýar.

Usuly görkezmeler kämilleşdirilende täze halkara standartlar göz öňünde tutuldy (Dr. David Gordon «Indicators of Poverty & Hunger», Expert Group Meeting on Youth Development Indicators United Nations Headquarters, New York 12th – 14th December 2005; Ravallion, Martin; Chen Shaohua & Sangraula, Prem. Dollar a day. The World Bank Economic Review, 23, 2, 2009; Poverty and Inequality in Eastern andCentral Asia: PovcalNet update of  February 2012).

Usuly görkezmelerinde 2013-nji ýylyň jemleri boýunça aşakdaky üýtgeşmeler girizildi:

¨ azyk önümleriniň öndürilişiniň we sarp edilişiniň balansynyň maglumatlary boýunça, şeýle hem ilatyň dürli ýaş-jyns toparlary üçin iýmitlenmegiň fiziologik kadalaryny göz öňünde tutmak bilen, azyk sebediniň agramlary gaýtadan seredildi;

¨ azyk däl harytlaryň sanawyna (sebedine) stasionar telefonlaryň ýerine  öýjükli telefonlar, şeýle hem kompýuterler goşuldy;

¨ aragatnaşyk hyzmatlaryna çykdajylaryň maddasyna Internetden peýdalanandygy üçin töleg goşulýar;

¨ çykdajylaryň täze maddasy – “saglygy goraýyş hyzmatlary” goşuldy;

¨ ilatyň, çägiň (şäher ýerleri we oba ýerleri) has doly we degişlilikde gyradeň gurşalyp alynmagy bilen baglylykda stasionar telefon aragatnaşygy öýjükli aragatnaşyk bilen çalşyryldy;

¨ tölegli bilim hyzmatlarynyň üsti dolduryldy;

¨ tölegleriň we hökmany tölegleriň çykdajylaryna täze madda – “girdeji salgydynyň tölegi” goşuldy.

Ýaşaýyş üçin harytlaryň we hyzmatlaryň oňşuk möçberiniň we ýaşamak üçin harytlaryň we hyzmatlaryň zerur möçberiniň hasaplamalary (milli we sebitleýin derejede) Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde merkezleşdirilen tertipde amala aşyrylýar.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 23-nji aprelinde tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 04/14-2).

7. Öý hojalyklarynyň maglumatlar binýady üçin görkezijiler ulgamyny işläp taýýarlamak

Sosial we ykdysady ösüşiň hem-de maglumatlaryň halkara derejesinde deňeşdirmeleriniň göžegçiligini alyp barmak, hasabaty wagtynda we oňat hilli üpjün etmek, hasaba alnyş we milli statistika ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin, öy hojalygynyň statistikasynyň görkežijilerini yžygiderli tertipleşdirmek şu taýýarlanylan işde esasy mesele bolup duryar.

«Öý hojalyklarynyň statistikasynyň görkezijiler ulgamyny emele getirmek üçin aşakdakylar esas boldy: «Öý hojalyklarynyň gözegçiligi boýunça gollanma», BMG, 1986 ý., «Sosial görkezijileriň sanaw kitapçasy», BMG, 1989 ý., BMG — nyň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň dürli döwürlerdäki çap işleri, 22.04.1997 ý. tassyklanan № 17 belgili TDS 1. 11 — 97 «Sarp edilýän harytlaryň we bellenen hyzmatlaryň çykdajylaryň ulanyş maksatlaryna laýyklykda» uýgunlaşdyrylan sarp edilişiň Klassifikatory, «Sosial-ykdysady görkezijileriň ulgamy», Türkmenmillihasabat instituty, 2005 ýyl.

Bu iş 2 bölümden ybarat

«Öý hojalygynyň statistikasynyň görkezijiler ulgamyny işläp taýýarlamagyň esaslary» diýen 1-nji bölümde görkezijiler ulgamyny döretmegiň maksady we meseleleri, görkezijileriň ulgamyny işläp taýýarlamagyň usulyýet esaslary, görkezijileriň ilkinji maglumat çeşmeleri, görkezijileriň ulgamlaşdyrylyşy görkezilýär.

«Öý hojalyklarynyň maglumatlarynyň görkezijileriniň ulgamy» diýen 1-nji bölümde görkezijiler ulgamyna goşulan öý hojalyklarynyň statistikasynyň esasy görkezijileri aşakdaky bölümlere bölmek bilen görkezilýär:

Bu iş Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň milli we sebitleýin derejelerinde peýdalanylýar.

«Öý hojalyklarynyň maglumatlar binýady üçin görkežijiler ulgamyny işläp taýýarlamak» diýen iş Öý hojalygynyň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

8. Gözegçiligiň guralyşyny barlamak we öý hojalyklarynyň gözegçiligini alyp barýan ykdysatçylara iş ýüzünde kömek bermek boýunça gollanma

Gollanma öý hojalyklarynyň statistikasynyň guralyşy we statistika maglumatlarynyň dogrulygy barlananda, Türkmenistanyň döwlet statistika dolandyryş edaralary üçin amaly işde peýdalanmaga niýetlenilýär.

Su gollanma hereket Türkmenstatçaklaýyş instituty tarapyndan 1999-njy ýylyň 25 iýunynda tassyklanan hereket edýän «Ykdysadyýetiň pudaklarynda statistikanyň we hasaba alnyşyň ýagdaýy we statistika maglumatlarynyň dogrulygynyň barlaglaryny geçirmek we guramak barada usuly teklipler» we Türkmenmillihasabat instituty tarapyndan 2005-nji ýylyň 23 iýunyndaky 01/05 belgi bilen tassyklan «Kärhanalarda we guramalarda statistika maglumatlarynyň dogrulygynyň barlaglaryny guramak we geçirmek boyunça usuly gollanma» hem-de Türkmenmillihasabat institutynyň direktory tarapyndan 2006-njy ýylyň 17 maýynda № 02/06 belgi bilen tassyklanan «Öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiliginiň guramaçylyk usulyýeti esaslary» esasynda döredildi.

Gollanma 4 bölümden ybarat.

«Öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiliginiň guralyşy» diýen 1-nji bölümde öý hojalygynyň seçimleýin gözegçiligine ýolbaşçylyk etmekligi Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň statistika müdirlikleriniň üsti bilen amala aşyrýar.

«Aşgabat şäheri we welaýatlaryň Statistika müdirliklerinde barlagyň guralyşy we olara öý hojalyklarynyň statistikasy boýunça işde amaly kömek bermek» diýen 2-nji bölümde barlagy amala aşyrýan işgäre bildirilýän talaplar amala aşyrylýan soraglaryň sanawy görkezilýär.

«Barlaglaryň guralyşy we öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiligini geçirýän ykdysatçylaryň işine amaly kömek bermek» diýen 3-nji bölüme laýyklykda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň statistika müdirlikleri tarapyndan şeýle hem Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan amala aşyrylýar. Öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiliginiň maglumatlarynyň dogrulygy we dolulygy öý hojalyklary boýunça ykdysatçylaryň hersiniň işini gözegçilik edilýän öý hojalyklarynyň, çärýekde azyndan iki gezek hemme hasabat görnüşleri boýunça barlanylmaly.

«Barlagyň netijelerini resmileşdirmek» diýen 4-nji bölüme laýyklykda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň statistika müdirliklerinde öý hojalyklarynyň statistikasynyň guralyşynyň barlagynyň netijeleri goşundyda görkezilen ykrarnamanyň nusgasy şekilinde resmileşdirilýär:

Bu iş Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň milli we sebitleýin derejelerinde peýdalanylýar.

Sebitlerde seçimleýin gözegçiligiň guralyşyny barlamak we öy hojalyklarynyň gözegçiligini alyp barýan ykdysatçylara iş yüzünde kömek bermek boýunça gollanma Öý hojalygynyň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

9. Statistiki maglumatlar işlenip taýýarlananda niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatorynyň kodlaryny ulanmak üçin geçiş açarlary

Şu işiň taýýarlanmagy Türkmenistanyň Statistiki baradaky döwlet komitetiniň işläp taýýarlan, Maksatlary boýunça aýratyn sarp edişiň halkara klassifikasiýasy (Classification of Individual Consumption By Purpose (COICOP), 1999г.) bilen sazlaşdyrylan Niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatory esasynda harytlara we hyzmatlara degişli kod berilmegine geçmek bilen baglanyşykly.

Geçiş açarlary öý hojalyklaryň gündelik gözegçiliginde harytlara we hyzmatlara bolan çykdajylaryň kabul edilen klassifikasýasyndan Niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatoryna geçmekligi üpjün etmek maksady bilen we geçen ýyllar bilen deňeşdirip bolýan öý hojalyklaryň jemlenen çykdajylaryny taýýarlamak üçin işlenilip taýýarlanyldy.

Statistiki maglumatlar işlenip taýýarlananda niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatorynyň kodlaryny ulanmak üçin geçiş açarlary tablisa görnüşinde görkezilýär we onda aşakdakylar getirilýär:

«Statistiki maglumatlar işlenip taýýarlananda niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatorynyň kodlaryny ulanmak üçin geçiş açarlary» Öý hojalyпynyň statistikasy we seljerişi müdirligi taýýarlady.

10. Saglygy goraýyş edaralarynyň işlerini häsiýetlendirýän esasy görkezijilerini hasaplamagyň usuly

Bu usuly işiň maksady hasaplamalaryň usullaryny ýeke-täk resminamada bermekden, şeýle hem ýerli saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerine halkara tejribesinde peýdalanylýan we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tarapyndan maslahat berilýän görkezijileri hasaplamagyň täze çemeleşmelerini ele almaga kömek etmekden ybarat.

Bu usuly iş 11 bölümden ybarat.

1-nji bölümde «Demografik görkezijiler» ilatyň saglyk ýagdaýyny doly häiýetlendirýän maglumatlar görkezilýär. Statistikanyň umumy demografik görkezijilerinden, ýagny ilatyň sany, maýyplygyň we beden taýdan ösüşiň görkezijilerinden peýdalanylýar.

2-nji bölümde «Ilatyň saglygy goraýyş işgärleri bilen üpjünçiligini häsiýetlendirýän görkezijiler» ilatyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamynda işleýän, ýurduň beýleki ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň saglygy goraýyş ulgamlarynda işleýän we keseliň öňüni almak, keseli anyklamak, bejermek we saglygy dikeltmek boýunça çäreleri ýerine ýetirýän lukmanlar bilen üpjünçiliginiň kesgitlenen işi görkezilýär.

3-nji bölümde «Saglyk öýleriniň işlerini görkezýän görkezijiler» aşakdakylar görkezilýär:

4-nji bölümde «Hassahananyň işiniň görkezijileri» aşakdakylar görkezilýär:

5-nji bölümde «Çagalara saglygy goraýyş kömeginiň guralyşy» aşakdakylar görkezilýär:

6-njy bölümde «Akuşer-ginekologik kömeginiň guralyşynyň görkezijileri» aşakdakylar görkezilýär:

7-nji bölümde «Ilata ýöriteleşdirilen kömegiň guralyşynyň görkezijileri» aşakdakylar görkezilýär:

8-nji bölümde «Kömekçi iş otaglarynyň we bölümleriniň işleriniň hilini häsiýetlendirýän görkezijiler» aşakdakylar görkezilýär:

9-njy bölümde «Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işini häsiýetlendirýän görkezijiler» aşakdakylar görkezilýär:

10-njy bölümde «Ilatyň we bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň derman bilen üpjünçiliginiň görkezijileri» aşakdakylar görkezilýär:

11-nji bölümde «Ilatyň maýyplygynyň statistikasynyň görkezijileri» aşakdakylar görkezilýär.

Ilatyň keselleýjiligiň we şikes ýetmeginiň ilatyň işe ukyplylygyna ýetirýän täsiri barada düşünje berýän maýyplygyň görkezijileri berilýär.

Bu usuly iş milli, sebit we etrap derejesinde statistika edaralary we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we oňa degişli guramalary tarapyndan peýdalanylýar.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky edaralaryň işlerini häsiýetlendirýän esasy görkezijileri hasaplamagyň usuly Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Durmuş statistikasy we Ilat öwreniş müdirlikleri we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saglygy goraýyş statistikasy bölümi tarapyndan taýýarlanyldy.

11.Ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň statistikasy boýunça usulyýet görkezmeleri

Bu usulyýet görkezmesi ýaşaýyş jaý — jemagat hojalygy boýunça Ýewropa Ykdysady Toparlarynyň (ÝYT) we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) standartlaryna we usulyýetine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Hasaba doly alynmadyk ýaşaýyş jaýyny üstüni ýetiriş hasaplamagyň usulyýeti işlenip taýýarlananda BMG-nyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentiniň hasabat resminamalaryndan (Ilatyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwy babatda ýörelgeler we maslahatlar, 2002 ý.) we Ýewropa Ykdysady Toparlarynyň materiallaryndan peýdalanyldy (ýaşaýyş jay we gurluşyk statistikasynyň ýyllyk ýygyndysyndaky kesgitlemeler, 1999 ý. sentýabry).

Ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň statistikasy boýunça usulyýet görkezmeleri 2 bölümden ybarat:

1 bölüm. Ýaşaýyş jaý gaznasynyň statistikasy we esasy görkezijileri hasaplamak boýunça görkezmeler;

2 bölüm. Jemagat hojalygynyň statistikasy we esasy görkezijileri hasaplamak boýunça görkezmeler.

1-nji bölümde aşakdakylar görkezilýär:

1.1. Häzirki hasabat maglumatlary boýunça ýaşaýyş jaýyny hasaba almak.

Bar bolan ýaşaýyş jaý gaznasy we onuň ýagdaýy barada maglumatlar № 1-ýaşaýyş jaý gaznasy «Ýaşaýyş jaý gaznasy barada hasabat» we № 2-ýaşaýyş jaý gaznasy «Raýatlaryň hususy eýeçiligine degişli bolan oba ýerlerindäki ýaşaýyş jaýlar barada hasabat» statistiki formalarda görkezilýär.

Bu usulyýet görkezmesinde ýaşaýyş jaý gaznasynyň esasy görkezijilerini hasaplanmagyň ýagdaýy, ýagny ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanynda eýeçiligiň görnüşleri, umumy meýdanynda ýaşalýan meýdanynyň tutýan paýy, abadanlaşdyrylyşyň her bir görnüşi boýunça ýaşalýan meýdanyň tutýan paýy, ortaça bir ýaşaýja düşýän umumy ýaşaýyş meýdany görkezilýär.

1.2. Ýaşaýyş jaýy bilen ortaça üpjünçiligiň görkezijisiniň üstüni ýetiriş hasaplamasynyň usulyýeti.

Ýaşaýyş jaý gaznasynyň hereketinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň we fiziki taraplaryň ýaşaýyş jaýlaryna goşmaça otaglaryň salynmagynyň hasaba doly alynmaýanlygy sebäpli, ilatyň ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiliginiň hakyky görkezijisi peselýär. Seçimleýin gözegçiligiň maglumatlary boýunça üstüni ýetiriş hasaplamanyň koeffisiýentlerini hasaba almak bilen, ilatyň ýaşaýyş jaýy bilen ortaça üpjünçiligi boýunça üstüni ýetiriş hasaplamalary geçirmek zerurlygy hem şunuň bilen baglanyşykly. Şu usulyýet görkezmesiniň ýazylmagyna 2003-nji ýylda milli statistika edaralarynyň Aziýa ösüş banky bilen bilelikde geçirilen ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiliginiň (IÝDG) netijeleri esasnama bolup durýar.

2-nji bölümde aşakda görkezilen jemagat hojalygynyň esasy görkezijileri boýunça hasaplanmalar görkezilýär: bir ýylda, aýda, bir gije-gündizde bir ýaşaýja düşýän gazyň ortaça möçberi; bir aýda, bir gije-gündizde ilatyň we jemagat-durmuş zerurlyklaryna ulgamlaýyn gazyň sarp edilişiniň görkezijisi; kabul edip bilijiligiň peýdalanylyş koeffisiýenti, myhmanhanalarda 1000 ýaşaýja orunlaryň sany; bir gije-gündizde 1 ýaşaýja ortaça berlen suw; akdyrylan hapa suwlaryň 1m³ üçin ortaça girdeji we akdyrylan hapa suwlaryň 1m³ üçin ortaça çykdajy; arassalaýjy desgalardan akdyrylan hapa suwlaryň paýy; bag-bakjalyga öwürmegiň koeffisiýenti; bir ýaşaýja agaç ekilen meýdanyň ortaça ölçegi; bir ýaşaýja umumy peýdalanyşdaky agaç ekilen meýdanyň ortaça ölçegi; yöriteleşdirilen ulaglaryň peýdalanylyş koeffisiýenti, köçeleriň örtülen böleginiň tutýan paýy.

Bu usulyýet görkezmeler sebit derejesinde peýdalanylýar.

Usulyýet görkezmesi Türkmenistanyñ Statistika baradaky döwlet komitetiniň Durmuş statistikasy müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy

12. 1995-nji ýylda geçirilen uçdantutma ilat ýazuwynyň netijeleriniň esasy görkezijilerini 2012-nji ýylyň çäkleýin araçäklerinde gaýtadan hasaplamagyň usuly

Ilat ýazuwynyň jemleriniň esasynda gündelik statistikanyň maglumatlaryny derwaýyslaşdyrmagyň we ilat ýazuwlarynyň aralygyndaky döwürde ilaty gaýtadan hasaplamagyň zerurlygy birnäçe faktorlar bilen delillendirilip, olaryň arasynda esasysy ilatyň tebigy hereketiniň doly bellige alynmazlygy (dogluş we ölüm) we migrasiýa bolup durýar.

Bu işde teklip berilýän maglumatlary derwaýyslaşdyrmak işleriniň ilat ýazuwlarynyň aralygyndaky döwrüň ähli ýyllarynda demografiki görkezijilere has ygtybarly bahalary almak üçin esasy ugurlary beýan etmekde öz maksady bar.

Ilat ýazuwlarynyň aralygyndaky döwürde ilatyň sany baradaky maglumatlary almak we geçen ilat ýazuwynyň hasap maglumatlary bilen täze ilat ýazuwynyň maglumatlaryny utgaşdyrmak meselesini çözmäge  halkara guramalary we ýurtlar dürli-dürli çemeleşýärler. Käbir ýurtlar ilat ýazuwy geçirilýän ýylynyň bir ýyl we ondan öňki ýylynyň maglumatlaryndaky bar bolan tapawudy göz öňünde tutmak bilen, ozal alnan ilatyň sanynyň görkezijilerine gaýtadan seretmeýärler. Beýleki ýurtlar (şol sanda GDA-nyň ýurtlary) ilat ýazuwlarynyň aralygyndaky ähli ýyllarda ilatyň sanynyň üýtgemeginiň endigan gaýtadan paýlamak depgini esasynda maglumatlary ortalaşdyrmak usulyny ulanmak bilen ilat ýazuwlarynyň aralygyndaky ilatyň sany baradaky maglumatlara gaýtadan seredýärler.

Ilat ýazuwynyň nobatdaky tapgyryny geçirmek we degişli Halkara prinsiplerini  hem-de teklipnamalaryny düzmek meselesine garanda ilat ýazuwlarynyň aralygyndaky döwürde demografiki bahalandyrmalary takyklamak meselesine halkara derejesinde has az ähmiýet berilýär. Şeýle bolsa-da, ýurtlaryň köpüsi ýakyn wagtda işlenip taýýarlanyljak şuňa meňzeş usulyýet prinsipleri we teklipnamalary bilen gyzyklanýarlar.

Häzirki usulyň esasy Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň Halkara statistika komiteti tarapyndan 1998-nji ýylda taýýarlanan «GDA-nyň ýurtlarynyň öňünde duran ilat ýazuwynyň netijeleriniň esasynda ilatyň gündelik statistikasynyň maglumatlaryny derwaýyslaşdyrmak boýunça maslahatlary» bolup durýar (GDA Statkomitet).

Usulyýet 4 bölümden ybarat. Onda 1995-nji ýylda uçdantutma ilat ýazuwynyň netijeleriniň esasy görkezijilerini 2012-nji ýylyň çäkleýin araçäklerinde gaýtadan hasaplamagyň şertli mysallary getirilýär.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 29-njy maýynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 06/14-2).

13. Içerki migrasiýanyň seçimleýin gözegçiligini geçirmegiň usulyny we sowalnamasyny işläp düzmek (Aşgabat şäheriniň mysalynda)

Bu usuly iş Aşgabat şäherinde içerki migrasiýa ýagdaýlary we düzümi hem-de bu ýagdaýlar bilen baglanyşykly meseleler boýunça birwagtlaýyn gözegçilik geçirmek üçin işlenip taýýarlandy.

Usuly iş gözegçiligi geçirmegiň we ilkinji maglumatlary almagyň usuly hökmünde gönüden-göni migrantlar bilen soraşma sowalnamasyny ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Içerki migrasiýanyň seçimleýin gözegçiligini geçirmegiň usuly we sowalnamasy Türkmenstat tarapyndan 2014-nji ýylda ulanyldy.

Migrantlar bilen sowalnama soraşmasynyň geçirilmegi migrasiýanyň dürli meseleleri hakynda jikme-jik we takyk maglumatlary almaga mümkinçilik berdi (şäherde saýlanyp almak mümkinçiligi bolan migrantlaryň bolmagy we häsiýetnamasy, göçmeklerine itergi berýän sebäpler, migrasiýa hereketini kesgitleýän faktorlar we ş.m.).).

 (Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2013-nji ýylyň 30-njy dekabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 14/13).

14. Kärhanalaryň işçi güýjüne harajatlarynyň seçimleýin statistik gözegçiligini geçirmek boýunça usulyýet düzgünnamasy

Seçimleýin gözegçiligi geçirmek boýunça usulyýet düzgünnamasy HZG-nyň[1] maslahatlarynyň we ýurdumyzyň tejribesiniň utgaşmagy ýörelgelerinde işlenip taýýarlanyldy, bu harajatlaryň derejesi we düzümi boýunça olaryň deňeşdirijiligini üpjün eder.

Usulyýet düzgünnamasy taýýarlanylanda Zähmet Statistikleriniň Halkara Konferensiýalarynda kabul edilen konwensiýalaryndan we maslahatlaryndan, Halkara Zähmet Guramasynyň we GDA ýurtlarynyň Statistika komitetleriniň maslahatlaryndan peýdalanyldy, şeýle hem daşary ýurtlarda işçi güýjüne harajatlaryň gözegçiligini geçirmegiň tejribesi öwrenildi we jemlenildi. Halkara görkezmelerine laýyklykda, işçi güýjüne harajatlaryň guramalaryň ulanylýan işçi güýjüniň harajatlaryny görkezýändiginden ugur alnyp, ähli harajatlar ugurlary boýunça 10 klassifikasion toparlarda jemlenýär. Halkara Zähmet Guramasynyň 160 belgili Konwensiýasy zähmet statistikasyna 1985-nji ýyldan işçi güýjüne çykdajylar boýunça ýörite bölüm girizdi. Konwensiýa işçi güýjüne  iş berijileriň çykdajylarynyň milli klassifikasiýasynyň we bu çykdajylaryň derejesine we düzümine baha bermek maksady bilen seçimleýin statistiki gözegçilikleriň geçirilmeginiň umumy esasalaryny kesgitleýär.

Iş berijileriň hakyna tutulan işçiler bilen baglanyşykly harajatlarynyň statistika taýdan öwrenilmegi ykdysady işiň görnüşine, guramanyň ululygyna, ýerleşýän çägine, eýeçiligiň görnüşine, şeýle hem bäsdeşlige ukyplylygyna, sebitleriň we ykdysady işleriň görnüşleriniň maýa goýum özüne çekijiligine baglylykda guramanyň sosial syýasatynyň aýratynlygyny ýüze çykarmaga, ýurt görkezijileriniň sazlaşdyrylmagyny üpjün etmek we halkara statistikasynyň görkezijileri bilen deňeşdirme geçirmäge mümkinçilik berýär.

Kärhanalaryň işçi güýjüne harajatlarynyň düzümine seçimleýin statistik gözegçiligi geçirmegiň maksady kärhanalar, guramalar tarapyndan işgärleriň peýdasyna amala aşyrylan harajatlaryň derejesi, düzümi we dinamikasy barada,  Türkmenistanyň sebitleri boýunça, ykdysady işleriň görnüşleri, eýeçiligiň görnüşleri, kärhanalaryň görnüşleri boýunça maglumat almakdan ybarat.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 27-nji awgustynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 15/14-2).

 

_____________

1 Zähmet statistikleriniň 11-nji halkara konferensiýasynyň rezolýusiýasy (1966ý. oktýabr);

Işçi güýjüne harajatlaryň halkara standart klassifikasiýasy;

Iş bilen meşgullykdan girdejini ölçermek boýunça Zähmet statistikleriniň 16-njy halkara  konferensiýasynda kabul edilen rezolýusiýa (ZSHK, 1998 ý.).

15. Reproduktiw saglyk, ilat öwreniş we ösüş boýunça esasy görkezijileri hasaplamagyň usuly

Bu usuly iş  “Halkara standartlaryna laýyklykda reproduktiw saglygyň, ilat öwrenişiň we ösüşiň esasy gürkezijilerini hasaplamagyň baş ugry we usulyýetiniň”  esasynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2007-nji ýylda Türkmenistanda  BMG IG-niň goldamagy bilen  işlenip taýýarlanyldy we halkara konsultanty jenap Turgaý Unalan tarapyndan halkara ekspertizasyndan geçdi.  

Bu baş ugur taýýarlanylanda soňky iki on ýyllygyň konferent we konferentara görkezijiler boýunça ähli esasy halkara başlangyçlaryna seredildi we jikme-jik öwrenilenden soň ýurdy mundan beýläk hem ösdürmekde Türkmenistan üçin möhüm we global ähmiýeti bolan görkezijileriň toplumy kesgitlenildi we ylalaşyldy.

Bu usuly işde demografiýany, saglyk we iýmiti, daşky gurşawy we energiýany, ykdysadyýeti we garyplygy, zähmet we iş bilen meşgullygy, bilimi we beýleki sosial görkezijileri häsiýetlendirýän görkezijiler berilýär. 

Bu usuly işiň maksady – Türkmenistanyň ösüşine monitoring üçin sosial-demografiki görkezijileri teklip etmekden we dünýä jemgyýetçiliginde onuň ornuny kesgitlemekden ybarat.  Görkezijileriň bu ýerde berlen sanawy olaryň barlygyna we Türkmenistanyň şertlerine laýyklygyna bagly bolmaýar.   Bu IÖHK, MÖM ýa-da şeýle görkeziji başlangyçlarynyň çäklerinden daşary çykýan ilat öwreniş we ösüş görkezijileriniň has laýyk sanawydyr. 

 (Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2011-nji ýylyň 25-nji noýabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 24/11).

16. Daşky gurşawyň statistikasy  boýunça usulyýet düzgünleri

Şu usulyýet düzgünleri daşky gurşawyň we tebigy baýlyklaryň statistikasy boýunça statistiki maglumatlary emele getirmegiň tertibini kesgitleýär we döwlet statistika edaralary tarapyndan daşky gurşawyň statistikasy boýunça esasy görkezijiler babatda  statistiki maglumatlar emele getirilende peýdalanmak üçin niýetlenilýär. 

Teklip edilýän usulyýet düzgünlerinde –“Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ekologiýa görkezijilerinden peýdalanmak boýunça gollanma”, 2007 ý. (Ženewa) daşary ýurt tejribesini göz öňünde tutmak bilen, döwlet derejesinde hereket edýän döwlet statistika ulgamynyň çäklerinde daşky tebigy gurşawy goramak  ulgamynda statistikany häsiýetlendirýän görkezijiler berilýär.

 (Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 1-nji iýulynda  tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 12/14-2.)  

17. Sosial statistikada milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen bilimiň halkara standart klassifikasiýasynyň uýgunlaşdyrylmagy

BHSK bilim boýunça halkara derejesinde deňeşdirijilikli statistiki maglumatlary ýygnamak we tabşyrmak üçin toplumlaýyn we yzygiderli statistiki çarçuwalary üpjün edýär we halkara klassifikatory bolup durýar. Ol iki komponenti öz içine alýar:

  • bilim ulgamynyň halkara deňeşdirijilik gurşawynda syýasat ulgamynda çözgütleri kabul edýän taraplar üçin gyzyklanma döredýän yzygiderli üýtgeýän görkezijileri ýygnamak bilen bir hatarda milli bilim ulgamyny we okuwy statistiki taýdan hemme taraplaýyn görkezmek üçin statistiki çarçuwalar;
  • bilim basgançaklary we bilim ulgamlary babatda kategoriýalary ýygnamak bilen milli bilim maksatnamalaryny deňeşdirmäge kömek edýän usulyýet.

Bu işde milli bilim maksatnamalarynyň klassifikasiýasy we olaryň ÝUNESKO-nyň Bilimiň halkara standart klassifikasiýasyndan (BHSK) tapawudyny görkezýär. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň bilim ulgamy köp derejede ÝUNESKO-nyň Bilimiň halkara standart klassifikasiýasyna (BHSK-97) laýyk getirmek üçin kämilleşdirilmegini dowam etdirýär.

 (Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2012-nji ýylyň 30-njy iýunynda  tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 04/12).

18. Ilatyň ýaşaýyş derejesiniň seçimleýin gözegçiligini geçirmek üçin öý hojalyklaryny seçip almagyň usuly

“Ilatyň ýaşaýyş derejesiniň seçimleýin gözegçiligini geçirmek üçin öý hojalyklaryny secip almagyň usuly” Bütindünýä bankynyň “Statistikada potensialy ýokarlandyrmak” taslamasynyň çäklerinde “Ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiligini geçirmek boýunça mümkinciligi ýokarlandyrmak” komponenti boýunça taýýarlanyldy we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti üçin halkara konsultanty Dawid Jozef Megill tarapyndan işlenip taýýarlanan 2011-nji ýylda ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiliginiň seçip almagyň meýilnamasy we bahalandyrmagyň düzgünleri boýunça maslahatlaryna esaslanýar (“Recommendations for Sample Design and Estimation Procedures for Turkmenistan Living Standards Survey2011”, David J. Megill, Sampling Consultant, May 2011, Ashgabat, Turkmenistan).

Seçip almagyň esasy hökmünde  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň lukmançylyk uçastoklary boýunça maglumatlar binýadyndan peýdalanyldy, ol has döwrebaplaşdyrylan maglumatlar binýady boldy. Seçip almak  köpçülikleýin öý hojalyklaryny goşmazdan şäher we oba öý hojalyklaryny içine alýar. Öý hojalyklary gözegçilik birligi bolup durýar. 2011-nji ýylyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiliginiň seçip almagynyň möçberi Türkmenistan boýunça 2400 ÖH möçberinde kesgitlenildi.   

Seçip almak stratifisirlenendir, ýagny hemme sebitler üçin şäher we oba çäkleýin birlikleri göz öňünde tutuldy we olarda 11 sany strata döredildi (bäş welaýat boýunça 10-sy we goşmak bir strata Aşgabat ş.).

         Seçip almagyň stratalar boýunça öý hojalyklarynyň sanyna prorporsional paýlanyşy amala aşyryldy. Öý hojalyklaryny seçip almaklyk ýönekeý tötänleýin seçip almak usuly bilen amala aşyryldy. Şeýle hem usuly işinde öý hojalyklaryny seçip almagyň ähtimallygyny bahalandyrmak usullary görkezildi.

Bu iş Türkmenstatyň milli we sebitleýin derejelerinde ulanylýar.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2011-nji ýylyň 13-nji iýynynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 11/11).

19. Halkara standartlaryna laýyklykda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna baha bermek boýunça statistiki görkezijileriň sanawynyň we usulyýet maglumatlarynyň işlenip düzülmegi

“Halkara standartlaryna laýyklykda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna baha bermek boýunça statistiki görkezijileriň sanawynyň we usulyýet maglumatlarynyň işlenip düzülmegi” usulyýet işiniň maksady “MAT-yň esasy görkezijileri” (Ösüş maksatlary bilen MAT-y ölçermek boýunça hyzmatdaşlyk, Halkara elektroaragatnaşyk birleşmesi, 2010 ý.) neşire laýyklykda MAT-yň görkezijiler ulgamynyň doly sanawyny işläp taýýarlamakdan ybarat. Sanaw şu görkezijilerden ybarat: MAT-yň infrastrukturasynyň görkezijileri, öý hojalyklary we şahsy adamlar tarapyndan MAT-yň elýeterliliginiň we peýdalanylmagynyň görkezijileri, kärhanalar tarapyndan MAT-dan peýdalanylmagynyň görkezijileri, MAT-yň önümçilik sektory boýunça degişli bolan esasy görkezijileri, MAT-yň harytlarynyň halkara söwdasynyň, şeýle hem MAT-yň bilimde peýdalanylmagynyň görkezijileri.

Görkezijileriň ulgamy Türkmenistanyň maglumat jemgyýetiniň ösüşini möçber taýdan häsiýetlendirmek üçin halkara geriminde peýdalanylyp bilner. Bu ulgam tutuş ýurtda we sebitlerde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň deňeşdirme seljermesiniň geçirilmegini üpjün edýär.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 20-nji martynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 02/14-2).

20. Innowasion işe baha bermek boýunça görkezijileriň kämilleşdirilen ulgamynyň işlenip düzülmegi

Şu iş ýazylanda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy we Ýewrostat tarapyndan 2005-nji ýylda işlenip düzülen “Innowasiýalar boýunça maglumatlary ýygnamak we seljermek boýunça maslahatlar” diýen Oslo gollanmasynyň üçünji neşiri peýdalanyldy.

Şu usulyýet işiniň maksady innowasiýalar boýunça maglumatlary ýygnamaga we statistik görkezijiler ulgamyny emele getirmäge bolan bitewi çemeleşmeleri işläp düzmekden, şonuň ýaly-da maglumatlaryň halkara standartlara laýyklykda deňeşdirerlik bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Innowasion işe baha bermek boýunça görkezijileriň kämilleşdirilen ulgamy Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşiniň seljermesini has ýokary hilli derejede geçirmäge, şonluk bilen hem strategik ugurlar boýunça has esaslandyrylan çözgütleriň kabul edilmegine ýardam etmäge mümkinçilik berýär.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2013-nji ýylyň 31-nji iýulynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 05/13),

21. “Tipologik alamatlary nazara almak bilen öý hojalyklarynyň seçimleýin statistik gözegçiligini geçirmegiň usulyny synag etmek we onuň netijeleri boýunça üstüni ýetirip işlemek”

 “Tipologik alamatlary nazara almak bilen öý hojalyklarynyň seçimleýin statistik gözegçiligini geçirmegiň usulyny synag etmek we onuň netijeleri boýunça üstüni ýetirip işlemek” usuly iş aşakdakylary peýdalanmak bilen taýýarlandy:

  • “Öý hojalyklarynyň gözegçiligi üçin seçip almagyň meýilnamasyny düzmek: amaly maslahatlar” (BMG, Nýu-Ýork, 2010 ý., tapgyry F № 98);
  • “Köp görkezijiler boýunça klasterleýin gözegçilik, gollanma 2005” (1.0 görnüş, ÝUNISEF, BMG);
  • Belarus Respublikasynda çagalaryň we aýallaryň ýagdaýyny bahalandyrmak boýunça köp görkezijili klasterleýin syn, 2012-nji ýyl. Jemleýji hasabat. Minsk, Belarus Respublikasy: Belarus Respublikasynyň Milli statistika komiteti, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF).

Şu usuly iş 2014-nji ýylda işlenip taýýarlanylan “Öý hojalyklarynyň seçimleýin statistik gözegçiligini geçirmegiň usulynyň tipologik alamatlary nazara almak bilen kämilleşdirilmegi” atly usuly işi synag etmek we üstüni ýetirip işlemek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy (Türkmenistanyň Statistika barada döwlet komiteti  tarapyndan tassyklanyldy, hasaba alyş № 24/14-2,   28.12.2014ý.)

Öňki işde tipologik alamatlary nazara almak bilen öý hojalyklarynyň býujetlerine gözegçilik etmek üçin seçip almagyň meýilnamasyny işläp taýýarlamaklyga çemeleşmeleriň esaslandyrmasyna seredildi. Tipologik alamatlar hökmünde Türkmenistan üçin häsiýetli bolan üç alamata seredildi:

- geografiki alamat (çägiň dagynyklygy ýa-da etrap merkezlerinden çetde ýerleşmekligi);

- ilatyň marginal toparlarynyň tapawutlandyrylmagy;

- çäkleriň ekerançylyk ýa-da maldarçylyk pudaklary boýunça ýöriteleşdirilmegi.

 Gözegçiligiň maksadyna laýyklykda, ýagny ilatyň ýaşaýyş derejesiniň hakyky ýagdaýy barada maglumat almak we girdeji derejesi dürli bolan öý hojalyklary goşmak maksady bilen has möhüm alamat – sebitleriň ýöriteleşdirilmegi saýlanyp alyndy.

Вu usuly işde eýýäm saýlanyp alnan tipologik alamaty göz öňünde tutmak bilen  öý hojalyklarynyň býujetlerine gözegçilik etmek üçin seçip almagyň meýilnamasyna synag amala aşyryldy we tötänleýin we tipologik seçip almagy utgaşdyrmak bilen, saýlap almagyň utgaşdyrylan usulyna  seredildi.

Usuly işiň maksadyna ýetmek üçin aşakdaky meseleler çözüldi:

- seçip almagyň esasy kesgitlenildi we şertli mysallarda ony paýlamagyň tertibine seredildi;

- Türkmenistanyň çäkleriniň paýynyň seçip almagyň tipologik alamatlary we tötänleýin seçim bilen mynasybeti kesgitlenildi;

-  öý hojalyklarynyň seçip almagyny emele getirmekde utgaşdyrylan çemeleşmäniň tutýan orny kesgitlenildi.

(Türkmenistanyň Statistika barada döwlet komiteti tarapyndan 2015-nji ýylyň 28-nji maýynda  tassyklanyldy, hasaba alyş  belgisi 05/15-2).