Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Usulyýet görkezmeleri  

Hakyky sektor

  1. Hojalyk ýöredijileriň ähli toparlarynyň senagat önümçilik möçberlerini hasaplamagyň usulyýeti 

Usulyýet ýurduň jemi içerki önüminde (JIÖ) senagat önümçiliginiň möçberini has doly görkezmek maksady bilen 1999-njy ýylda işlenilip düzüldi, senagat önümçiliginiň emele getirýän hojalyk ýöredijileriň aýry-aýry toparlary boýunça maglumat çeşmelerine täzeden seretmek bilen kämilleşdirildi we 2010-njy ýylyň 23-nji iýulynda tassyklandy. Usulyýetiň wezipesi gözegçilik edip bolmaýan işi goşmak bilen, hojalyk ýöredijileriň ähli toparlaryny hasaba alyp senagat önümçiliginiň möçberiniň çäkler we senagatyň pudaklary boýunça mukdar we gymmatlyk görnüşlerinde aýlyk we ýyllyk hasaplamalarynyň ulgamynyň beýany bolup durýar.

Senagat önümçilginiň çäklerini kesgitlemek «Milli hasaplar ulgamy – 1993»-e[1] esaslanýar. Milli hasaplaryň usulyýetine laýyklykda senagat önümçiligi milli ykdysadyýetiň rezident-birlikleriniň (daşary ýurt we garyşyk kärhanalary goşup) harytlaryň we hyzmatlaryň önümçiligi boýunça ähli işler diýip kesgitlenilýär[2]. Senagat işi senagat häsiýetli bazar we bazara degişli bolmadyk (mugt ýa-da  ykdysady ähmiýeti bolmadyk nyrhlar boýunça ýerlenilýän we islege uly bir täsiri bolmadyk) harytlary we hyzmatlary öndürýän kärhanalaryň işlerini öz içine alýar[3]. Senagat önümçiligine şeýle hem öý hojalyklaryň senagat işleri goşulýar. MHU-93 usulyýetine laýyklykda ol hususy ulanmak ýa-da satlyk üçin öndürilendigine garamazdan, harydyň böleginiň önümçiligini öz içine alýar[4].

Senagat önüminiň möçberiniň hasaplamasy sebitler boýunça senagatyň pudaklaryna we pudak bölümlerine bölüp, senagat däl guramalarda senagat işlerini amala aşyrýan kärhanalaryň we olaryň aýratynlaşdyrylan bölümçeleriniň önümçilik möçberlerini, şeýle hem öý hojalyklarynda öndürilen önümleri goşup amala aşyrylýar.  

Usulyýetde senagat önümçiliginiň möçberiniň düzümi we onuň mukdar we gymmatlyk görnüşinde emele geliş usulyýeti, senagat önümleriniň önümçiligi barada statistiki maglumatlaryň çeşmeleri, öý hojalyk statistiki maglumatlaryň esasynda gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýetiň çäklerinde önüm öndürilişiniň ýyllyk we aýlyk hasaplamalarynyň we senagat önüminiň möçberiniň hojalyk ýöredijileriniň toparlary boýunça aýratyn hasaplamalarynyň mysallary getirilýär.

Usulyýet milli derejede ulanylýar.

Hojalyk ýöredijileriň ähli toparlarynyň senagat önümçilik möçberleriniň hasaplamagyň usulyýeti Senagatyň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

______________________________

[1] «Milli hasaplar ulgamy – 1993», Ýewropa bileleşigi topary, Halkara walýuta gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlygy we ösüşi guramasy, Birleşen milletleriň guramasy, Bütindünýä banky, 1998

[2] «Milli hasaplar ulgamy – 1993», bb.1.28, 2.22

[3] «Milli hasaplar ulgamy – 1993», bb.1.20, 6.45-52

[4] «Milli hasaplar ulgamy – 1993», bb.1.21-22, 1.73-74, 4.148, 6.24-25

 2. YIGDK-nyň Rev.2 nusgasyna geçilmegi bilen oba hojalygynda jemi önümiň, goşulan gymmatyň we aralyk sarp edişiň möçberlerini hasaplamagyň usulynyň kämilleşdirilmegi

Türkmenistanyň hasaba alyşyň we statistikanyň halkara tejribesinde kabul edilen ulgamyna geçmegi bilen baglylykda oba hojalygynyň statistikasyny kämilleşdirmek boýunça işler amala aşyrylýar.

Bu işiň maksady jemi içerki önümi hasaplamagyň yzygiderligini kämilleşdirmekden we bir nusga getirilen jemi içerki önümiň möçberiniň, aralyk sarp edişiň we jemi goşulan gymmatyň oba hojalygynda tokaý hojalygynda we balyk tutmakda hasaplamalarynyň usulyýet ýörelgelerini statistikanyň tejribesine ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Bu usuly iş jemi içerki önümiň möçberiniň, aralyk sarp edişiň we jemi goşulan gymmatyň, oba hojalyk önüminiň fiziki möçberiniň umumy indeksiniň, önümiň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda fiziki möçberiniň hususy indeksiniň hereket edýän we deňeşdirme nyrhlarynda aýlyk, çärýeklik we ýyllyk hasaplamalarynda sebitler we hojalyklaryň toparlary bölünişiginde ulanylýar.

 (Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 30-njy maýynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 07/14-2).

 3. Daşary ýurt firmalary tarapyndan ýerine ýetirilýän potrat işleri boýunça çykyş maglumatlarynyň görkezijiler ulgamyny kämilleşdirmek

Türkmenistanda ykdysady reformalaryň üstünlikli ösmegi we  döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, şeýle hem beýleki peýdalanyjylar tarapyndan maglumata bolan islegiň giňelmegi statistikanyň yzygiderli ulgamlaýyn reformasyny talap edýär.    

Türkmenistanyň sosial-ykdysady taýdan ösüşiniň ýagdaýyny  seljermek we meýilleriniň çaklamasy üçin ilkinji statistiki maglumatlary ýygnamak esasynda alynýan gowy hilli binýat zerurdyr.

«Daşary ýurt firmalary tarapyndan ýerine ýetirilýän potrat işleri boýunça çykyş maglumatlarynyň görkezijiler ulgamyny kämilleşdirmek» usuly iş Maýa goýumlarynyň statistikasy we seljerişi müdirliginiň işgärleri tarapyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2010-njy ýyl üçin Usulyýet we usuly işleriniň maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyldy we 2010-njy ýylyň       7-nji awgustynda tassyklandy.

Türkmenistanda halkra standartlarynyň ykdysadyýete ornaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler daşary ýurt maýasyny çekmek üçin iň amatly maýa goýum şertleriniň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň çäklerinde obýektleriň gurluşygyna daşary ýurt potratçylary işjeň gatnaşýarlar.   

Bu işiň maksady ministrlikler we pudak edaralary bilen baglaşylan şertnamalar boýunça gurulýan obýektlerde daşary ýurt potratçylar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň möçberi barada has doly we takyk maglumaty almakdan ybaratdyr.

Bu usuly işde  Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen şertnama baglaşan, gurluşyk işlerini amala aşyrýan daşary ýurt gurluşyk firmalarynyň potratçylyk işlerini häsiýetlendirýän görkezijiler sanalyp geçildi. Döwlet derejesinde statistiki gözegçiligiň hereket edýän ulgamynyň çäklerinde daşary ýurt firmalary tarapyndan ýerine ýetirilýän potratçylyk işleri boýunça  görkezijiler ulgamyny kämilleşdirmegiň ugurlary görkezilýär.

Daşary ýurt firmalarynyň gurýan obýektleri boýunça potrat işleriniň ýerine ýetirilişi, sargytçy tarapyndan berilen maglumatlar bilen deňeşdirmek, şeýle hem önümi öndürmekligiň jemini hasaplamak üçin ulanylýar.

Maýa goýumlaryň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

4. Senagat önüm öndürijileriň nyrhlarynyň indekslerini hasaplamak boýunça usulyýet gollanmasy

Bu gollanma Russiýanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika boýunça usulyýet düzgünleriniň[1] esasynda taýýarlandy, şol düzgünlerde, öz gezeginde, halkara statistiki we ykdysady guramalaryň görkezmeleri ulanylýar. Gollanmanyň taýýarlanylmagynyň maksady öndürijileriň nyrhlarynyň indekslerini hasaplamakda, şonuň ýaly-da gözegçilik etmek üçin saýlanan harytlaryň nyrhlaryny bellige almak bilen baglynaşykly meseleleri çözmekde ulanylýan usulyýet çemeleşmelerini suratlandyrmakdyr.

Gollanma senagat önümlerini öndürijileriň nyrhlarynyň hasaplamasy, nyrhlaryň bellige alnyşy boýunça usulyýt düzgünlerinden ybarat. Onda nyrhlary bellige almak düzgüni, wekilçilik edýän harytlary we binýatlaýyn kärhanalary saýlamagyň tertibi, nyrhlaryň hususy we jemlenen indekslerini hasaplamagyň düzgünleri we mysallary görkezilendir.

Gollanma özünde 6 bölümi jemleýär.

«Wekilçilik edýän harytlary saýlamak» diýen 1-nji bölümde senagat önümlerini öndürijileriň nyrhlarynyň indeksleriniň emele gelmeginde gatnaşýan wekilçilik ediji harytlary saýlamagyň kesgitlemesi, ýörelgeleri we tertibi bar.

«Nyrhlary gözegçilik etmek üçin binýatlaýyn kärhanalary saýlamak» diýen 2-nji bölümde nyrhlaryň bellige alnyşyny geçirmek üçin binýatlaýyn senagat kärhanalarynyň saýlanyşynyň düzgünleri we tertipleri beýan edilendir.

«Bellige alyşyň we nyrh maglumatlaryny ýygnamagyň tertibi» diýen 3-nji bölümde nyrhlary bellige almaklygyň esasy ýörelgeleri we nyrh maglumatlaryny ýygnamaklygyň düzgünleri bar. Düzgün boýunça, bellige alnyşa häzirki aýda öndürilen we içerki bazara iberilen önümleriň hakyky nyrhlary degişlidir.

«Ölçemek düzgünini saýlamak we esasy ölçegleriň düzüminiň emele gelmeginiň tertibi» diýen 4-nji bölümde aýry-aýry harytlara nyrhlaryň indiwidual indekslerini hasaplamak we agregasiýanyň dürli derejelerine nyrhlaryň jemleýji indeksleri üçin esasy ölçegleriň düzüminiň emele geliş düzgünleri beýan edilendir.

«Senagat önümlerini öndürijileriň nyrhlarynyň indekslerini hasaplamak» diýen 5-nji bölüm 3 sany bölümçeden ybarat, ol bölümçelerde nyrhlaryň jemleýji we indiwidual indekslerini hasaplamak, şonuň ýaly-da dürli binýatlaýyn döwürler üçin nyrhlaryň indekslerini hasaplamagyň usullary we mysallary getirilýär.

«Önüm öndürijileriň nyrhlaryny bellige alyş aýratynlyklary» diýen 6-njy bölüm 7 sany bölümçeden ybarat, ol bölümçelerde nyrhlary bellige alyşyň aýratynlyklary getirilýär:

Bölümde halkara statistika tejribesinde has köp ulanylýan, senagat önümleriniň öndürijileriniň nyrhlarynyň indekslerini (ÖNI) hasaplamakda ulanylyp boljak, ýok harytlara ýetmeýän (hasaplama) nyrhlaryň wagtlaýynça hasaplama usullary görkezilendir.

Gollanma sebit we milli derejelerde ulanylýar.

Senagat önümlerini öndürijileriň nyrhlarynyň indekslerini hasaplamak boýunça usulyýet gollanmasy Senagatyň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

_____________

[1] Statistika boýunça usulyýet düzgünleri (1, 2, 3, 4 goýberilişler), Russiýanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, 2003. Statistika boýunça usulyýet düzgünleri (1, 2, 3, 4 goýberilişler), Russiýanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, 2003.

5. Oba hojalygynda jemi önümiň, aralykda ulanylyşyň we goşmaça gymmatyň hasabynyň usulyýeti

Şu işiň maksady 2001-nji ýylda işlenip düzülen «Oba hojalygynda jemi önümiň, aralykda ulanylyşyň we goşmaça gymmatyň hasabynyň usulyýeti» kämileşdirmekdir. Bu usul işi pudakda geçirilýän özgerdişleri nazara almak bilen ikinji neşir bolup, iki bölümden ybaratdyr.

bölüm — «Türkmenistanda oba hojaygynyň jemi önüminiň hasabynyň usuly», ol aşakdaky bölekleri öz içine alýar:

  1. Usulyýet düşündirilişi
  2. Ekerançylyk önümleri
  3. Maldarçylyk önümleri
  4. Oba hojalygyna edilen hyzmatlaryň (işleriň) hasaplanyşy.

Birinji bölekde oba hojalygynyň esasy görkezijileriniň usulyýet düşündirilişi görkezilýär.

Ikinji we üçünji böleklerde hojalyklaryň toparlary boýunça ekerançylygyň we maldarçylygyň jemi önüminiň möçberiniň usulyýet hasaplamasy görkezilýär (oba hojalyk kärhanalary we hususy hojalyklar).

Dördünji bölekde hojalyklaryň toparlary boýunça oba hojalygyna edilýän bazar we bazara degişli bolmadyk hyzmatlaryň (işiň) gymmatynyň teoretiki hasaplamalary görkezilýär.

Ikinji bölüm — «Oba hojalygynda aralykda ulanylyşyň we goşmaça gymmatyň hasabynyň usulyýeti». Onda hojalyklaryň toparlary boýunça aralykdaky ulanylyşyň her aýdaky hasaplamalaryna gerek bolan görkezijileriň beýany we kesgitlemeleri görkezilýär.

Oba hojalygynda jemi önümiň möçberini hasaplamak üçin ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň doly görnüşleri usulyýetiň goşundysynda görkezilýär. Ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň jemi gymmatyny, aralykda ulanylyşyny we goşmaça gymmatyny, oba hojalygyna edilen hyzmatlaryň (işleriň) hasaplanylyşyny kesgitlemek üçin tablisalaryň anyk nusgalary görkezilýär. Bu hasaplanylýan usulyýetde ýokardaky görkezijileriň hasaplanyş mysaly görkezilýär.

Oba hojalygynda jemi önüminiň hasabynyň usulyýeti ýurt, welaýat we etrap derejelerinde ulanylýar.

Bu usulyýet Oba hojalygynyň statistikasy we seljeriş müdirligi tarapyndan ýerine ýetirildi.

6. Eýeçiligiň görnüşleri we maliýeleşdiriş çeşmeleri boýunça esasy serişdelere düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň hasaplanyş usuly

Şu usulyň maksady eýeçiligiň ähli görnüşlerini we maliýeleşdiriş çeşmelerini hasaba almak bilen esasy serişdelere düýpli maýa goýumlarynyň möçberlerini hasaplamagyň usullaryny kämilleşdirmek bolup durýar.

Şu usul MHU-nyň düzgünlerine laýyklykda esasy serişdelere düýpli maýa goýumlaryň möçberlerini hasaplamagyň tertibini özünde jemleýär we makroykdysady barlaglar (seljermeler) üçin niýetlenendir.

Şu usul 3 bölümden ybarat.

«Gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti hasaba almak bilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň hasaplanylyşynyň halkara tejribesi» diýen 1-nji bölümde maýa goýum serişdeleriniň gymmatyny hasaplamagyň şol hasaplama üçin zerur bolan görkezijiler beýan edilen maglumat esasy, esasy serişdelere düýpli maýa goýumlarynyň düzüminde hasaba alynýan enjamlaryň, gurallaryň we abzallaryň baha beriş gymmatyny kesgitlemek üçin görkezijileriň maglumat esasy berilýär. Umumy ýurt boýunça we sebitler boýunça düýpli maýa goýumlarynyň möçberini kesgitlemegiň halkara tejribesinde ulanylýan usullary görkezilýär.

«Eýeçiligiň görnüşleri boýunça esasy serişdelere düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň kesgitlenişi» diýen 2-nji bölümde gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti hasaba almak bilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberlerini hasaplamagyň halkara tejribesi beýan edilýar, eýeçiligiň görnüşleri boýunça esasy serişdelere düýpli maýa goýumlaryň möçberlerini kesgitlemegiň ýörelgeleri açylyp görkezilýär. Bu bölümde Türkmenistanyň döwlete degişli bolmadyk böleginiň kiçi kärhanalar we fiziki taraplar boýunça düýpli maýa goýumlarynyň möçberleriniň üstini ýetiriş hasaplamalarynyň usuly görkezilendir.

«Maliýeleşdiriş çeşmeleri boýunça esasy serişdelere düýpli maýa goýumlaryň möçberleriniň kesgitlenmegi» diýen 3-nji bölümde esasy serişdelere düýpli maýa goýumlaryň möçberlerini hasaplamakda peýdalanylýan maliýeleşdiriş çeşmeleriniň sanawy beýan edilendir.

Bu usul milli we sebitler derejelerinde ulanylýar.

Usuly iş Maýa goýumlaryň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

7. Türkmenistan boýunça potratçylyk işleriniň möçberiniň hasaplanylyş usulyýeti

Şu usul gurluşyk pudagynda gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýetiň önümçilik möçberlerini hasaba almak bilen we milli hasaplar ulgamynyň (MHU-1993 ý.) talaplaryna laýyklykda ýurduň JJÖ-sindäki ykdysadyýetiň döwlet böleginiň potratçylyk işleriniň möçberini hakyky beýan etmek maksady bilen işlenip düzüldi.

Potratçylyk işleriniň möçberiniň hasaplanylyş usuly eýeçiligiň döwlet görnüşli, döwlete degişli bolmadyk, daşary ýurtlar bilen bilelikdäki, beýleki döwletleriň eýeçiligindäki we fiziki taraplaryň kärhanalaryna degişli edilýär.

Şu usul 3 bölümden ybarat.

«Gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti hasaba almak bilen potratçylyk işleriniň möçberiniň hasaplanylyşynyň halkara tejribesi» diýen 1-nji bölümde gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýet düşünjesiniň häseýtlendirmesi, ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnaw we beýleki düýpli işleriň möçberini hasaplamagyň usullary, potratçylyk işleriniň möçberini kesgitlemegiň usuly görkezilýär.

«Ýerine ýetirilen potratçylyk işleriniň möçberiniň gymmatynyň hasaplanylyşy» diýen 2-nji bölümde statistiki hasabat formalarynyň esasynda edara görnüşli taraplaryň döredilmegi bilen döwlete degişli bolmadyk kiçi kärhanalar, fiziki taraplar, daşary ýurt kärhanalary, şonuň ýaly-da ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen baglaşylan şertnamalar boýunça gurluşygy alyp barýan daşary ýurt kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilen potratçylyk işleriniň möçberiniň görkezijileri boýunça potratçylyk işleriniň möçberiniň hasaplanylyşynyň düşündürişi we usuly görkezilýär.

«Gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti hasaba almak bilen potratçylyk işleriniň möçberiniň hasaplanylyşynyň mysaly» diýen 3-nji bölümde döwlete degişli bolmadyk kiçi kärhanalar we öý hojalyklarynyň býujetleriniň statistikasynyň seçimleýin barlagynyň, şonuň ýaly-da BMG-niň taslamalarynyň çäklerinde döwürleýin toplumlaýyn barlaglaryň binýady esasynda fiziki şahslar tarapyndan ýerine ýetirilen potratçylyk işleriniň möçberiniň hasaplanylyşyň we üstini ýetiriş hasaplamalarynyň mysaly görkezilendir.

Potratçylyk işleriniň möçberlerini hasaplamagyň usuly milli we sebitler derejelerinde ulanylýar.

Usuly iş Maýa goýumlaryň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

8. Gurluşykda nyrhlaryň indeksi hasaplanan mahalyndaky usulyýet çemeleşmeleri

Şu usulyýet çemeleşmeleri GDA ýurtlarynyň Statistika komitetleriniň, Russiýanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika boýunça usulyýet düzgünleriniň esasynda işlenip taýýarlanyldy, şol düzgünlerde, öz gezeginde, halkara statistiki we ykdysady guramalaryň maslahatlaryndan peýdalanyldy. Usuly resminama gurluşykda nyrhlary bellige almak we nyrhlaryň indekslerini hasaplamak boýunça usulyýet düzgünlerini özünde jemleýär. Gurluşyk-gurnaw işleri boýunça nyrhlaryň indeksini hasaplamaklyk KO INVEST programma toplumynyň nusgalarynyň binýadynda amala aşyrylýar.

Gurluşykda nyrhlaryň indeksini hasaplamagyň usulyýet çemeleşmeleri tamamlanan gurluşyga nyrhlaryň indeksini däl-de, hasabat döwründe özleşdirilen gurluşyk-gurnaw we düýpli gurluşykda ýerine ýetirilýän beýleki işleriň şonuň ýaly-da oturdylan enjamlaryň möçberini kesgitlemegi göz öňünde tutýar. Gurluşykda nyrhlaryň indeksiniň hasaplamasy 2 tapgyrda amala aşyrylýar: 1 — gurluşyk materiallarynyň, bölekleriniň we gurnawlarynyň nyrhlarynyň indeksini hasaplamak, 2 — gurluşyk-gurnaw işleriniň nyrhlarynyň indeksini hasaplamak. Usuly iş potratçylyk guramalaryny saýlap almagyň tertibi barada düşündirişleri; gurluşykda nyrhlaryň indeksiniň düzülmegine gatnaşýan materiallaryň, bölekleriň we gurnawlaryň adyny; esasy potratçylyk guramalaryndaky materiallaryň, gurnawlaryň we önümleriň hereket edýän nyrhlaryny bellige almagyň tertibini; zähmet hakynyň, beýleki harajatlaryň we peýdanyň görkezijilerini öz işine alýar. Gurluşyk materiallarynyň, bölekleriniň we gurnawlaryň nyrhlarynyň indeksini hasaplamagyň jikme-jik beýany we mysallary, gurluşyk-gurnaw işleriniň nyrhlarynyň indeksiniň hasaplamasy, şonuň ýaly-da gurluşyk-gurnaw işleriniň, gurluşyk materiallarynyň, bölekleriň we gurnawlaryň nyrhlarynyň indeksiniň jemleýji hasaplamasy berilýär.

Bu usuly resminama milli we sebitler derejelerinde ulanylýar.

Usuly iş Maýa goýumlaryň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

9. Gözegçilik edip bolmaýan ykdysady işi nazara almak bilen döwlete dahylsyz sektoryň mikro, kiçi, orta we iri kärhanalarynyň işiniň (bilelikdäki we daşary ýurt kärhanalaryny goşmazdan) esasy ykdysady görkezijilerine baha bermegiň usulynyň kämilleşdirilmegi

Bu usuly iş ýurduň JIÖ-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektoryň möçberleriniň hakyky görkezilişini güýçlendirmek maksatlary bilen işlenip taýýarlanyldy.

Bu usuly iş 2002-nji ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy tarapyndan Parižde neşir edilen materiallara (“Gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti ölçemek”. Gollanma), we Türkmenstat tarapyndan 2010-njy ýylda geçirilen  döwlete dahylsyz sektoryň kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we hususy telekeçileriň seçimleýin gözegçiligine laýyklykda, ykdysady işleriň görnüşleriniň  döwlet klassifikatoryny (YIGDK) hasaba  almak  bilen  gaýtadan  seredildi.

Kärhanalaryň doly hasaba alynmadyk işleriniň esasy ykdysady görkezijileriniň bahalandyrmasy kärhanalaryň ähli görnüşleri boýunça amala aşyrylýar. Bilelikdäki we daşary ýurt kärhanalary boýunça bahalandyrma amala aşyrylmaýar. Kärhanalar kiçi we orta kärhanalaryň toparyna degişli edilende 2009-njy ýylyň 15-nji awgustyndaky 57-IV belgili “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda (2013-nji ýylyň 28-nji awgustyndaky we 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky üýtgeşmeler we goşmaçalar bilen), şeýle hem Türkmenistanyň kärhanalarynyň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynda bellenen ölçeglerden peýdalanylýar.

YIGDK-dan peýdalanylanda halkara tejribesine laýyklykda eýeçilik görnüşi, guramaçylyk-hukuk görnüşi we hojalyk subýektleriniň haýsy pudagyň garamagynda durýandygy ýaly klassifikasion alamatlar göz öňünde tutulmaýar, içerki we daşarky söwdanyň, ykdysady işleriniň bazara degişli we bazara degişli däl, täjirçilik we täjirçilik däl görnüşleriniň arasynda tapawut goýulmaýar.   

Bu  usuly  iş  2 bölümden ybarat.

1-nji bölümde „№1-MHI “Kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleri barada hasabat”  döwlet statistiki hasabat formasy boýunça döwlete dahylsyz sektoryň  mikro, kiçi,  orta we iri kärhanalarynyň (bilelikdäki we daşary ýurt kärhanalaryny hasaba almazdan) işleriniň doly hasaba alynmadyk esasy ykdysady görkezijilerini bahalandyrmak”, esasy görkezijileri bahalandyrmagyň ulgamy  görkezilýär:

kiçi kärhanalaryň sany;

işgärleriň ortaça sany;

iş haky gaznasy;

önümi (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alnan girdeji (jemi girdeji);

2-nji bölümde „Kärhanalaryň ýaşyryn işleriniň bahalandyrmasyny hasaba almak bilen, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektorynyň mikro, kiçi, orta we iri  kärhanalarynyň önümleri (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alan doly hasaba  alynmadyk serişdesini (jemi girdejini) bahalandyrmak” 2010-njy ýylda geçirilen seçimleýin gözegçiligiň netijeleri boýunça alnan, ýaşyryn işleriň koefisiýentlerini hasaba almak bilen girdejiniň (jemi girdeji) bahalandyrmasy görkezilýär.

Goşundyda „Aşgabat şäheriniň (ýaşyryn işi hasaba almazdan) gaýtadan işleýän senagatyň (D seksiýa) kärhanalarynyň işiniň esasy ykdysady görkezijileriniň doly hasaba alynmadyk bahalandyrmagyň mysallary“ görkezilen.

Işleriň esasy görkezijileriniň bahalandyrmasy, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň ykdysady işleriniň görnüşleriniň bölünşigi boýunça amala aşyrylýar.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 11-nji iýunynda  tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 09/14-2).

10. Senagatyň gysga möhletli statistikasy boýunça görkezijileri hasaplamagyň usuly

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2005-2006 ýyllarda Sosial-ykdysady görkezijileriň ulgamy BMGÖM-nyň “Statistiki potensialyň ösüşi” atly taslamasynyň çäklerinde işlenilip taýýarlanyldy. Sosial-ykdysady görkezijiler ulgamy 2011-nji ýylda tertipleşdirildi, halkara tejribesinde peýdalanylýan görkezijileri nazara almak bilen onuň üsti ýetirildi (Türkmenstat tarapyndan 2011-nji ýylyň 29-njy iýulynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 15/11). 2012-nji ýylda ýene-de täze görkezijiler bilen onuň üsti ýetirildi, onuň düzümine düzedişler girizildi (Türkmenstat tarapyndan 2012-nji ýylyň 13-nji dekabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 10/12)1.

Ol döwlet statistika ulgamynyň ähli derejelerinde ulanylýan görkezijileri,   Türkmenistanyň ösüşiniň maksatlaýyn, orta we uzak möhletleýin milli maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine monitoring geçirmek üçin görkezijileri, halkara guramalarynyň soragnamalarynda soralýan görkezijileri öz içine alýar.

Usuly işiň maksady senagatyň statistikasy boýunça gysga möhletli görkezijileriň esasy usulyýet çemeleşmelerini we hasaplanyş tertibini kesgitlemekden ybarat.

Şu usuly işiň wezipesi resmi däl sektory goşmak bilen, hojalyk subýektleriniň ähli toparlaryny hasaba almak bilen, senagatyň statistikasy boýunça aýlyk görkezijileriň hasaplanyş ulgamyny beýan etmek bolup durýar.  

Usuly iş 5 bölümden we 11 goşundydan ybarat. Onda senagat önümçiliginiň möçberiniň topary we düzümi, senagat önümçiliginiň möçberiniň natural we gymmatlyk görnüşindäki aýlyk hasaplamalarynyň tertibi we mysallary getirilýär.  

Maglumatlar binýadynyň kämilleşdirilmegi, goşmaça çeşmelerden statistik maglumatlaryň alynmagy, hojalyk subýektleriniň hasabat we ilkinji hasaba alyş ulgamynyň üýtgemegi bilen baglylykda bu usulyýet işine degişli üýtgeşmeler giriziler.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2013-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda  tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 11/13).

 

_____________1 Hereket edýän sosial-ykdysady görkezijileriň ulgamy we metamaglumatlar Türkmenistanyň Statistuka baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 28-nji maýynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 05/14-2.

11. Hasaplama ýangyç-energetika balansyny düzmek boýunça usulyýet görkezmeleri

Şu Usulyýet görkezmeleri 2007-nji ýylda YHÖG-nyň Halkara energetiki agentligi bilen Ýewropa bileleşiginiň Statistika býurosy tarapyndan bilelikde  taýýarlanylan Energetika statistikasy boýunça gollanma laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Usulyýet görkezmeleriniň esasy maksady Türkmenistanyň ýangyç-energetika balansyny (ÝaEB) emele getirmegiň esasy usulyýet çemeleşmelerini we mehanizmini, şeýle hem jemi içerki önümiň energiýa talap edijiliginiň görkezijisini hasaplamagyň tertibini kesgitlemekden ybarat. Ýangyç-energetika balansynyň görkezijiler ulgamy we emele gelen maglumat binýady energetika pudagynda barlag we seljerme geçirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Ýangyç-energetika balansy onuň resurslar we paýlaýjy bölümlerini häsiýetlendirýän görkezijileri, hususan-da, gazyp çykarmak (öndürmek) we ätiýaçlyklar, import we eksport, ýangyjyň we energiýanyň hemme esasy tebigy görnüşleriniň önümçilik zerurlyklaryna ulanylyşyny we energiýanyň beýleki görnüşlerine üýtgedilişini, natural we şertli belgilerde olary gaýtadan işlemekden alnan önümleri öz içine alýar.Usulyýet 4 bölümden we 4 goşundydan ybarat. Onda görkezijiler ulgamy, hasaplama ýangyç-energetika balansynyň önümleýin balansynyň hasaplanyş mysallary, şeýle hem nebit ekwiwalenti boýunça şertli ýangyja gaýtadan hasaplamagyň ortaça koeffisiýentleri görkezilendir.   (Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2011-nji ýylyň 25-nji noýabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 26/11).

12. Hereket edýän öý hojalyk kitabynyň kämilleşdirilen nusgasyny elektron görnüşinde ýöretmek boýunça usuly gollanma

Şu iş Türkmenistanda öý hojalyk hasaba alyşynyň awtomatlaşdyrylan ulgamynda işlenende peýdalanyjy üçin gollanma bolup durýar. Iş funksional mümkinçilikler we ulgam bilen işlemegiň tertibi barada maglumatlary özünde jemleýär.  Gollanmada programma önüminiň wezipesi, kompýuter tehnikasyna bildirilýän talaplar barada umumy maglumatlar, şeýle hem ulgam bilen işlemegiň tertibi berilýär. Esasy menýunyň komandalary we onuň düzüm bölekleri beýan edilýär, programmanyň işe ukyplylygy barada habarlar görkezilýär. Öý hojalyk kitaby – öý hojalyklary boýunça ilkinji hasaba alyş resminamasy hökmünde geňeşliklerde, şäher kysymly şäherçelerde we şäherlerde bellige almagyň özboluşly görnüşi bolup, her öý hojalygy üçin açylýan aýry-aýry şahsy hasaplardan durýar.  Öý hojalyk kitaby öý hojalygyň agzalary, ýeriň, malyň, ýaşalýan we ýaşaýyş däl jaýlaryň we beýleki önümçilik görkezijileriň barlygy barada maglumaty öz içine alýar.Öý hojalyk kitabynyň täze görnüşi Türkmenistanyň ykdysady işleriniň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna (REV2) we Türkmenistanyň önümleriniň (harytlaryň we hyzmatlaryň) döwlet klassifikatoryna (CPA-2008) laýyklykda kämilleşdirilen oba hojalyk görkezijileriniň ulgamy bilen öý hojalyk kitabynyň öňki görnüşinden (Türkmenistanyň Statistuka baradaky döwlet komitetiniň 18 belgili buýrygy bilen  2008-nji ýylyň 18-nji aprelinda tassyklanyldy) tapawutlanýar.Bu programma önümi 2-ŞKH “Şahsy kömekçi hojalyklardaky öndürilýän oba hojalyk önümleriniň, mallaryň we guşlaryň baş sanynyň hereketi barada hasabat” döwlet statistik hasabat formasy boýunça maglumatlary etrap hem-de welaýat derejelerinde awtomatlaşdyrylan usulda jemlemek we çykyş maglumatlaryny almak wezipesini-de çözýär.(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2013-nji ýylyň 31-nji maýynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 03/13).

13. Ilatyň hojalyklaryndaky mallaryň we guşlaryň baş sanynyň hem-de öndürilen oba hojalyk önümleriniň aýlyk hasaplamasynyň usuly

Usuly iş ýerlerde hojalyk kitaplarynyň ýöredilmegine, ýerlerde statistiki hasabatlaryň düzülmegine jogapkär geňeşlikleriň arçynlary (ÝJJH ýolbaşçylary) tarapyndan raýatlaryň şahsy kömekçi hojalyklarynda mallaryň we guşlaryň sanyny, natural görnüşde ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň öndürilýän möçberini deslapky aýlyk hasaplanylmagy üçin işlenip taýýarlanyldy.Usuly iş  37 sahypada beýan edilen, 3 bapdan ybarat we 13 tablisany özünde jemleýär.  Вu usuly işde ilatyň hojalyklarynda mallaryň we guşlaryň baş sanyny, maldarçylyk önümleriniň esasy görnüşleriniň (et, süýt, ýumurtga, goýun ýüňi, gön) we ekerançylyk önümleriniň öndürilişini aýlyk hasaplamak boýunça maslahat berilýär.(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2013-nji ýylyň 29-njy noýbrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 13/13).

14. Oba hojalyk işi bilen meşgullanýan öý hojalyklarynyň  seçimleýin statistiki gözegçiligini geçirmek boýunça usuly maslahatlar

Bu işiňmaksady oba hojalygynda statistiki hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmekden we oba hojalyk işleri bilen meşgullanýan öý hojalyklaryň seçimleýin gözegçiligini geçirmek boýunça usuly maslahatlary işläp taýýarlamakdan ybarat. Usuly maslahatlar öý hojalyklaryň işlerine statistiki gözegçiligi guramak boýunça usulyýet düzgünlerini özünde jemleýär. Olara statistikanyň nazaryýeti boýunça umumy usulyýet häsiýetli materiallar goşulýar, ol statistiki gözegçiligiň ähli görnüşlerini guramagyň, şeýle hem oba hojalyk pudagynda bu gözegçiligi anyklaşdyrýan  ýörelgeleriň işlenip taýýarlanylmagynyň esasy hasaplanylýar. Bu usuly maslahatlarda seçimleýin gözegçiligi geçirmegiň esasy düşünjeleri, seçimleýin toplumy emele getirmegiň usullary, seçimleýin gözegçiligi guramagyň we geçirmegiň meýilnamasy berilýär.    (Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2011-nji ýylyň 17-nji iýunynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 14/11).

15. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň nyrhlarynyň indekslerini hasaplamagyň usulyýeti

Usuly gollanma BMG-niň AOHG, HPG-niň we beýleki halkara statistika guramalarynyň, Germaniýanyň Statistika we Ykdysady Barlaglaryň Milli Institutynyň (INSEE) materiallaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. (TACIS. Oba hojalyk statistikasynyň ösüşiniň täze ugurlary, 2001, TACIS. Nyrhlaryň statistikasy Ýewropanyň hünäri ýokarlandyrmak merkeziniň statistik oçerkleri, 6-njy tom,  Germaniýanyň Federal statistiki müdirligi, 1998). Oba hojalyk önüminiň nyrhynyň indeksi nyrhlaryň dinamikasynyň we baglanyşygynyň seljermesi üçin, oba hojalyk önümini ýerleşdirmegiň şertleriniň üýtgemegi we oba hojalyk önüm öndürijileriň ähli toparlar boýunça girdejileriniň üýtgemesinde nyrhlaryň tutýan ornuny ýüze çykarmak üçin zerurdyr. Oba hojalyk önümini öndürijileriň nyrhlarynyň indeksi oba hojalyk kärhanalary boýunça (daýhan birleşikleri we ministrlikler we pudak edaralaryň kömekçi hojalyklary), ilatyň hojalyklary we oba hojalyk önümini öndürijileriň ähli toparlary boýunça jemlenen görnüşinde hasaplanylýar. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň nyrhlarynyň indeksiniň hasaplamasy sebitler we Türkmenistan boýunça amala aşyrylýar. Usulyýet işi şeýle hem önümleriň görnüşleriniň her biri üçin nyrhlaryň aýratyn indekslerini hasaplamak üçin hem ulanylyp bilner.  (Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2010-njy  ýylyň 18-nji oktýabrynda  tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 12/10).

16. Ilatyň serişdeleriniň hasabyna hususy ýaşaýyş jaý gurluşygynyň seçimleýin statistik gözegçiligini geçirmegiň usuly  görkezmeleriniň işlenip düzülmegi

Şu usuly görkezmeler ilatyň serişdeleriniň hasabyna hususy ýaşaýyş jaý gurluşygynyň seçimleýin statistik gözegçiligini guramak we geçirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy, ol statistik maglumatlaryň hilini we dolulygyny gowulandyrmaga ýardam eder.Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, şäherlerde we şäherçelerde ýaşaýan raýatlaryň maşgalalaryna hususy ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin ýerler, ýer resurslarynyň barlygyny nazara alyp, miras bermek hukugy bilen, emma satmak, peşgeş bermek, çalyşmak we girewine goýmak hukugy bolmadyk şertlerde ýörite ýer gorlaryndan şahsy eýeçilige berilýär.Şu usuly görkezmeler gysgaça usulýet düşündirişlerinden, gözegçilik sowalnamasyndan, sowal-jogap geçirmek we seçimleýin gözegçiligi geçirmek üçin sowalnamalaryny doldurmak boýunça gollanmadan ybarat. Baplarda: gözegçilik barada umumy maglumat, seçimleýin gözegçiligi geçirmek üçin ilatyň serişdeleriniň hasabyna hususy ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin bölünip berlen ýer böleklerini seçip almagyň usuly, gözegçiligiň amalyýet resminamasy, gözegçiligi geçirmegiň guralyşynyň esasy düzgünleri, gözegçiligiň materiallarynyň işläp taýýarlanyşy berilýär.Ilatyň  serişdeleriniň hasabyna hususy ýaşaýyş jaý gurluşygynyň gözegçiligiýaşaýyş jaý gurluşygy üçin bölünip berlen ýer bölekleriniň sany; ýaşaýyş jaýlaryň, binalaryň görnüşi, amatlylygynyň derejesi, diwarlarynyň materiallary, gatlylygy, gurluşygynyň dowamlylygy boýunça paýlanylyşy; gözegçilik geçirilýän senäniň ýagdaýyna görä ýaşaýyş jaýlaryň (binalaryň) taýýarlygynyň derejesi barada maglumat almaga mümkinçilik berer. Bu gözegçilik hususy ýaşaýyş jaý gurluşyklarynyň görkezijilerini, Gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti ölçemegiň usuly görkezmelerine laýyklykda gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti nazara alyp halkara ülňülerine laýyklykda hasaplamak üçin usulyýeti kämilleşdirmeklige mümkinçilik berer. Seçimleýin gözegçiligiň netijeleri sebitler bölünişiginde hususy ýaşaýyş jaýlaryň gymmatynyň  we hasaba alynmadyk meýdanlarynyň goşmaça hasaplamalaryna düzediş girizmek üçin ulanylar.Şu usuly görkezmeler sebitleýin statistika müdirlikleri tarapyndan sebitler we etrap bölünişiginde ilatyň serişdeleriniň hasabyna hususy ýaşaýyş jaý gurluşygynyň seçimleýin gözegçiligik geçirmek işlerinde peýdalanmak üçin niýetlenendir.(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 17/14-2). 

17. “GURULÝAN DESGALARYŇ STATISTIK SANAWYNY DÜZMEK WE ONY ÝÖRETMEK ÜÇIN GOLLANMA RESMINAMALARYNY TAÝÝARLAMAK”

“Gurulýan desgalaryň statistik sanawyny düzmek we ony ýöretmek üçin gollanma resminamalaryny taýýarlamak” atly usulyýet işinde statistik sanawy ýöretmegiň tertibi, Türkmenistanyň çäginde gurulýan önümçilik we önümçilik däl maksatly obýektleriň statistik sanawy barada düzgünnama, şeýle hem Statistik sanawa girizmek üçin maglumatlary taýýarlamak boýunça gysgaça görkezmeler işlenip taýýarlanyldy. Gurulýan önümçilik we önümçilik däl maksatly obýektleriň statistik sanawy gurulýan desgalar baradaky maglumatlary ýygnamak, işläp taýýarlamak, saklamak, üstüni doldurmak we ýaýratmak maksady bilen döredilýär. Statistik sanawyň wezipesi gurulýan obýektler baradaky maglumatlary emele getirmekden ybaratdyr. Tertip statistik sanawy düzmegiň we ony ýöretmegiň esasy kadalaryny, gurulýan (durky täzelenýän) önümçilik we önümçilik däl maksatly obýektleriň her biri boýunça maglumatlary ýygnamak ulgamyny kesgitleýär. Statistik sanaw – bu Türkmenistanyň çäginde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň buýurmasy boýunça gurluşygy (durkuny täzelemegi) maliýeleşdirmegiň çeşmesine garamazdan, dürli eýeçilikdäki ýuridik şahslar tarapyndan gurulýan (durky täzelenýän) obýektler baradaky maglumatlary hasaba almagyň, bellige almagyň, saklamagyň we ýaýratmagyň eke-täk ulgamydyr. Statistik sanawyň hasaba alyş ulgamy gurulýan we ulanmaga berlen önümçilik-tehniki hem-de durmuş-medeni maksatly gurluşyk obýektler barada alnan statistik maglumatlary tertipleşdirmäge, hususan-da buýrujylaryň hersi boýunça aýratynlykda, gurluşygyň gidişi barada maglumatlary girizmek bilen, maglumat binýadyny toparlamaga mümkinçilik berer. (Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2015-nji ýylyň 18-nji dekabrynda tassyklanyldy,bellige alyş belgisi 21/15-2.)

18.“Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektoryndaky hojalyk subýektleriniň seçimleýin statistik gözegçiliginiň halkara tejribesini Türkmenistanda ulanmak boýunça maslahatlary işläp düzmek”

Häzirki zaman şertlerinde telekeçilik sektorynda, şol sanda hususy telekeçiligiň subýektleriniň uçdantutma gözegçiliginiň geçirilmegi birnäçe usulyýet, tehnologik we guramaçylyk kynçylyklaryny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, statistiki maglumatlaryň dolulygyny, takyklygyny we ygtybarlylygyny uçdantutma usul bilen üpjün etmek kyn bolýar. Bu işde Türkmenistanda seçimleýin statistiki gözegçilikleriň halkara tejribesini ulanmak boýunça maslahatlary işläp taýýarlamak nukdaýnazardan aşakdakylar esas edilip alyndy: - “Ýewropa ykdysady birleşiginiň geňeşiniň gözegçiligiň statistiki birlikleri we önümçilik ulgamynyň seljermesi boýunça Karary“. ÝeB Geňeşiniň Karary № 696 / 93 15 mart 1993. Ýewrostat, 1993. - “Geňeşiň Reglament (ÝeYB)”, № 696/93 15 mart 1993 ýyl (The Council Regulation (EEC), No. 696/93 of 15 March 1993). - Ýewropa statistikaçylarynyň Konferensiýasynyň materiallary. Işjeňligiň sanawy boýunça elspertleriň geňeşi Onunjy geňeş Ženewa, 18-19 iýun 2007 ýyl. - Ýewropa komissiýalarynyň maslahatlary 2003/361/EG, 01.01.2005. - GDA ýurtlarynda seçimleýin gözegçilige esas edilip kabul edilen “Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işine seçimleýin statistiki gözegçiligi geçirmegiň tertibi”. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň 16.02.2008ý. 79 belgili Karary. Bu işiň maksady ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektorynyň hojalyk subýektleriniň işlerine statistiki gözegçiligiň uçdantutma we seçimleýin usullaryny oňyn utgaşdyrmagyň ulgamyna geçilmegi boýunça halkara tejribesiniň öwrenilmeginden we maslahatlaryň işlenip taýýarlanylmagyndan ybarat.

19.“HALKARA TEJRIBESINI NAZARA ALMAK BILEN SENAGAT ÖNÜMLERINI ÖNDÜRIJILERIŇ NYRHLARY BOÝUNÇA MÖWSÜMLEÝIN DÜZEDIŞLERI GIRIZMEGIŇ USULY”

Senagat önümini öndürijileriň nyrhlarynyň statistikasynyň görkezijileriniň ulgamy senagat önümini öndürijileriň nyrhlarynyň indeksleri (ÖNI) we ortaça nyrhlar ýaly görkezijileriň jemi bilen häsiýetlendirilýär. Olar senagat önümini öndürýän binýatlaýyn kärhanalaryň wekil-harytlarynyň saýlanan toparlaryna bellige alnan nyrhlaryň esasynda hasaplanylýar. Önüm öndürijileriň ortaça nyrhlary gös-göni nyrh faktoryndan başga-da, dürli-dürli assortiment, şeýle hem çäk süýşmeleriň, dürli senagat guramalarynda harytlaryň nyrhlarynyň derejeleri dürli bolan önümçiligiň paýynyň üýtgemeginiň, nyrhlarynyň möwsümleýin üýtgäp durmagynyň we ş.m. täsiri bilen emele getirilýär. Bu usuly işiň maksady senagat önümlerini öndürijileriň nyrhlarynyň indekslerine düzediş girizmekligiň usulyny beýan etmek bolup durýar. Usuly iş 5 bölümden ybarat bolup, onda birnäçe ýyllar boýunça (binýatlaýyn ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende) aýlyk indeksleriň, olaryň ortaça ýyllyk indeksleriniň usuly beýan edilýär, ol açyk bildirýän möwsümleýin harytlaryň täsirini hasaba almagyň nazaryýet taýdan kanagatlanarly usuly bolup durýar. (Türkmenistanyň Statistuka baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2015-nji ýylyň 30-njy noýabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 19/15-2).

20.“Mellek ýerleri bar bolan we oba hojalyk işi bilen meşgullanýan öý hojalyklarynyň seçimleýin statistik gözegçiligini geçirmegiň usuly”

Bu usuly iş döwlet statistika edaralary tarapyndan hemişe oba ýerlerinde ýaşaýan we mellek ýerleri bar bolan raýatlaryň şahsy kömekçi hojalyklarynyň seçimleýin gözegçilgini guramagyň we geçirmegiň tertibini we usulyýet esaslaryny kesgitleýär. Usulyýet işiniň esasy maksady takyk we ylmy taýdan esaslandyrylan statistik maglumatlary almagyň we esasy topluma ýaýratmagyň esasy hökmünde seçimleýin gözegçiligi geçirmegiň tertibini işläp taýýarlamakdan ybarat. Usulyýet işi 3 bapdan ybarat we 7 sany tablisany özünde jemleýär. Onda seçimleýin toplumlary emele getirmegiň, seçimleýin maglumatlary esasy topluma ýaýratmagyň we gözegçiligiň seçimleýin maglumatlarynyň reprezentatiwligini bahalandyrmagyň usullary beýan edilýär. Bu usuly iş işlenip taýýarlanylanda BMG-nyň FAO, HPG-nyň we beýleki halkara statistiki guramalaryň, Germaniýanyň Milli Statistika we Ykdysady Barlaglar institutynyň materiallaryndan (INSEE), hususan Germaniýanyň Federal statistika müdirliginiň statistiki oçerklerinden (2001 ý.) peýdalanyldy. BMG-nyň FAO tarapyndan işlenip taýýarlanylan toplumlaýyn oba hojalyk ýazuwlarynyň we gözegçilikleriniň ulgamy (1 tom) esas edilip alyndy (2010 ý.). (Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2015-nji ýylda 31-nji maýynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 7/15-2).