Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Usulyýet görkezmeleri  

Statistikany guramagyň meseleleri

Kärhanalarda we guramalarda hasabat maglumatlarynyň dogrulygynyň barlaglaryny guramak we geçirmek boýunça usuly gollanma

Gollanmada statistika maglumatlarynyň dogrulygy boýunça ministrliklerde, pudak edaralarynda, kärhanalarda we guramalarda barlaglary guramagyñ we geçirmegiñ düzgün-tertibi we usullary görkezilýär.

Gollanmanyň «Barlaglar barada umumy düzgünler» bölüminde hasaba alnyş we hasabatlylyk meseleleri boýunça barlaglaryñ ähli görnüşlerini guramagyñ we geçirmegiñ umumy düzgün-tertibi we usullary jemlenendir.

Gollanmanyň «Barlagyñ maksady» bölüminde kärhanalarda we guramalarda geçirilýän barlagyň esasy maksady görkezilen, ýagny bu hasaba alnyşyň we hasabatlylygyñ ýöredilişiniñ dogrulygyny kesgitlemekden, hasabat görnüşlerini doldurmakda goýberilen ýalñyşlyklary ýüze çykarmakdan, olaryñ sebäplerini anyklamakdan we aradan aýyrmak boýunça degişli çäreleri görmekden ybaratdyr.

Gollanmanyň «Barlagyň görnüşleri» bölüminde mowzuklaýyn (ýöriteleşdirilen) barlaglar we toplumlaýyn barlaglar barada düşünje berilýär.

Gollanmanyň «Statistika maglumatlarynyñ dogrulygyny barlamagyñ hukuk esaslary» bölüminde esas bolup durian Türkmenistanyň «Döwlet statistikasy hakynda» kanunyň aýry maddalary, şeýle hem barlagy geçirýän we barlag geçirilýän edaralaryň hukuklary we borçlary barada bellenilýär.

Gollanmanyň «Barlaglary guramagyň we geçirmegiň tapgyrlary» bölüminde barlagyň tapgyrlary, olaryň guralyşy, ýerine ýetirilişi we möhleti barada beýän edilýär:

Gollanmanyň «Hasaba alnyşy we hasabatlylygy guramak boýunça ministrlikleriň (pudak edaralarynyň, birleşikleriň) işini barlamak» bölüminde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň merkezi edarasy tarapyndan alnyp barylýan işleri barlamak, adatça, ýörite düzülen maksatnamalar boýunça geçirilýändigi barada beýan edilýär.

Gollanmanyň «Barlagyñ netijeleri boýunça çäre görlüşi» bölüminde barlaglaryň netijeliligi diňe bir hasabatlarda ýüze çykarylan kemçilikleriň we ýalňyşlyklaryň düzedilmeginde däl-de, eýsem olary emele getirýän sebäpleri ýok etmäge gönükdürilen çäreleriň amala aşyrylmagyndadygy beýan ediýär.

Gollanmanyň «Barlagyň netijeleriniň resmileşdirilişi» bölüminde kärhanalarda we guramalarda geçirilýän her bir barlagyň netijesi boýunça delilnamany düzmegiň degişli guramalaryň dykgatyna ýetirmegiň tertibi görkezilen.

Gollanmanyň goşundylarynda kärhanalarda we guramalarda barlaglary geçirmek boýunça gerek bolan resmi kagyzlaryň nusgalary görkezilen.

Gollanma Türkmenistanyň döwlet statistika edaralarynyň öz amaly-barlag işlerinde ulanmaklary üçin niýetlenýär.

Şu Usuly gollanma Ilkinji hasaba alyş bölümi tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Usulyýet we usul işleribezemek boyunça usuly gollanma

Şu gollanma usulyýet we usul işlerini işläp taýýarlamaga we bezemäge niýetlenen, düzüminiň we bezegiň kadalaryny çäklendirýän standartlar göz öñünde tutulyp işlenip taýýarlanyldy.

Gollanmanyň «Umumy düzgünler» bölüminde umumy düşünjeler we işleri taýýarlamakda edilýän talaplar görkezilen.

Gollanmanyň «Usulyýet we usul işleriniň görnüşleri» bölüminde şu aşakdakylara degili işleriň gysgaça beýany berilýär:

Gollanmanyň «Işleri bezemegiň düzgünleri» bölüminde tekst, tablisa, grafiki matriallary we goşundylary bezemegiň, sahypalary, bölümleri we düzüm bölekleri, çykgytlar, bellikleri, salgylanmalary, ulanylan edebiýatlary we beýlekileri belgilemegiň talaplary we düzgünleri getirilýär.

Gollanmanyň «Işleriň ýaýradylyşy we bellige alnyşy» bölüminde usulyýet we usul işleri bellige almagyň we ýaýratmagyň tertibi görkezilen.

Usulyýet gollanmanyň goşundylarynda işleriniň aýry görnüşlerini bezemek boýunça mysallar getirilýär.

Usuly gollanma Statistikanyň usulyýeti we onuň gurnalyşy müdirligi tarapyndan işlenip düzüldi.

Statistika hasabatyny kämilleşdirmek boýunça usuly gollanma

Statistiki hasabatlary kämilleşdirmek boýunça usuly gollanma döwlet we pudaklaýyn statistiki hasabatlarynyň hereket edýänlere gaýtadan seredilmek we täze formalary girizmek boýunça umumy düşünjeleri we ýerine ýetirilmeli işleriň tertibini öz içine alýar.

Gollanmanyň «Umumy düzgünler» bölümi statistika gözegçilikleriniň we statistika hasabatlarynyň görnüşleri barada umumy düşünjeleri hem-de olaryň düzümini we mazmunyny kämillesdirmegiň tertibini, şeýle hem hereket edýän klassifikatorlara laýyklykda kodlaryň peýdalanyşyny, statistiki resminamalaryň ulgamynda girizilen standartlarynyň ýerine ýetirilişini öz içine alýar.

Gollanmanyň «Döwlet statistiki hasabatlarynyň hereket edýänlerine gaýtadan seretmegiň we täzelerini girizmegiň tertibi» bölüminde hereket edýän döwlet statistiki hasabat formalaryna gaýtadan seretmek we olaryň täze formalaryny girizmek boýunça tertibi, şeýle hem bu işde Statistika baradaky döwlet komitetiniň pudaklaýyn müdirlikleriniň we gyzyklanýan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagy beýan edilýär.

Gollanmanyň «Pudaklaýyn statistiki hasabatlarynyň hereket edýänlerine gaýtadan seretmegiň we täzelerini girizmegiň tertibi» bölüminde pudaklaýyn statistiki hasabat formalarynyň ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanmagynyň we gaýtadan seredilmeginiň hem-de Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ylalaşyp tassyklanmagynyň tertibi beýan edilýär.

Gollanmanyň «Döwlet statistiki hasabat formalarynyň sanawyny ýöretmegiň tertibi» bölüminde döwlet statistiki hasabat formalarynyň sanawyny taýýarlamak we ýaýratmak boýunça işleri geçirmegiň tertibi beýan edilýär.

Gollanmanyň «Döwlet statistiki gözegçiliginiň nusgasy — formulýary» bölüminde döwlet statistiki hasabat formasyny düzmegiň talaplary — ulanyş ugry, formatlary, gyraçäkleriň ölçegleri, rekwizitler, kostruksion setkasyny gurmagyň, düşündiriş materialyny düzmegiň talaplary we beýlekiler — görkezilýär.

Gollanmanyň goşundysynda formulýaryň wertikal (kitap) we gorizontal (albom) görnüşleriniň nusgalary getirilýär.

Usuly gollanma Statistikanyň usulyýeti we guralyşy müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

Çap edilyän işleri bezemek boyunça usulyýet gollanmasy

Şu gollanma tayýarlananda çap edilmäge degişli hasabat, ylmy we seljeriş işleriniň düzümini we olary taýýarlamagyň düzgünlerini kadalaşdyrýan ülňüler göz öňünde tutuldy.

Gollanmanyň «Umumy ýagdaýlar» bölüminde umumy düşünjeler we çap edilýän işlere edilýän talaplar görkezilen. Çap edilmäge taýýarlanylýan her bir hasabat maglumaty ýerine ýetiriji guramada — Türkmenmillihasabatyň merkezi edarasynda ýa-da onuň sebitleýin bölümlerinde hökmany kadalaýyn gözegçilikden geçirimelidir. Kadalaýyn gözegçilik çap edilmäge degişli işiň taýýarlanylyşynyň — onuň tekstleýin, tablisa, çyzgylaýyn we beýleki bölekleriniň düzülişiniň dogrudygyny barlamagy göz öňünde tutýar. Kadalaýyn gözegçilik şu usulyýet maslahatlarynyň ähli esasy düzgünlerine laýyklykda geçirilýär.

Gollanmanyň «Çap edilýän işleriň görnüşleri» bölüminde Statistika baradaky döwlet komitetiniň ulgamynda çap edilýän işler görkezilýär:

  • hasabat ýygyndylary;
  • tematiki neşirler — kitapçalar, makalalar;
  • usulyýet işler;
  • usuly görkezmeler;
  • birleşikler, kärhanalar, guramalar we edaralar üçin döwlet hasabatynyň görnüşleriniň sanawy;
  • döwlet statistika formalarynyň nusgalarynyň kitapçasy.

Gollanmanyň «Çap edilýän işleriň esasy görnüşleriniň gysgaça häsiýetnamasy» bölüminde çap edilýän işleriň mazmunynyň gysgaça beýany berilýär.

Gollanmanyň «Neşir edilýän işleriň düzümi» bölüminde neşirleriniň görnüşleriniň köpdürlüdigi sebapli, olaryň biri-birinden düýpli tapawutlanýan düzümi beýan edilýär.

Gollanmanyň «Neşir edilýän işleriň düzümleýin böleklerine edilýän talaplar» bölüminde her çap edilýän işiň düzüm böleginiň mazmunyna berilýän talaplar beýan ediýär.

Gollanmanyň «Neşir edilýän işleri bezemegiň düzgünleri» bölüminde anyk neşiri bezemek boýunça anyk talaplar gürkezilen — grifler, kolontitullar, çykgytlar, tablisalar, suratlar we beýlekiler.

Gollanmanyň «Neşir edilýän işleri ýaýradylyşy we bellige alnyşy» bölüminde neşir işleri bellige almagyň we ýaýratmagyň tertibi görkezilen.

Usulyýet gollanmanyň goşundylarynda neşir işleriniň aýry görnüşlerini bezemek boýunça mysallar getirilýär.

Usulyýet gollanma Hasabatyň usulyýeti we onuň gurnalyşy müdirligi bilen Jemleyji — ykdysady seljeriş we maglumatlar müdirligi tarapyndan işlenip düzüldi