Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Usulyýet görkezmeleri  

Bazar hyzmatlarytlarynyň gurşawy

1. Awtomobil ulagynda statistiki gözegçilikleriň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi

Türkmenistanda awtulag işini eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki we islendik guramaçylyk-hukuk görnüşindäki, gatnatmak işlerine ýöriteleşdirilen, şeýle hem ýük daşamak esasy işi hasaplanylmaýan (ýuridiki şahslar) guramalar, şonuň ýaly-da,  ýuridiki şahsy döretmezden  (fiziki şahslar) telekeçilik işi bilen meşgullanýan raýatlar amala aşyrýarlar.

Şu usulyýet işi Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetiniň    2010-njy ýyl üçin usuly we usulyýet işleriniň maksatnamasyna  laýyklykda           hem-de hususy eýeçilikdäki  awtomobilleriň eýeleriniň ýük daşamak işleriniň seçimleýin gözegçiliginiň binýadynda awtomobiller bilen ýük daşamak boýunça hyzmat etmek bilen meşgullanýan hususy bölegiň işi barada hakyky, anyk maglumatlary almak we ulag toplumynyň JIÖ-ni hasaplamakda alnan maglumatlaryndan peýdalanmak  maksady bilen ýerine ýetirildi we 2010-njy ýylyň 23-nji iýulynda  tassyklandy.

Usulyýetde awtomobil ulagynda ykdysadyýetiň gözegçilik edip bolmaýan  bölegi barada umumy düşünjeler berilýär. Olara laýyklykda has köpçülikleýin, giňişleýin, hasaba almak çylşyrymly bolan awtomobil ulagynda gözegçilik edip bolmaýan  iş ýaşyryn, bikanun, resmi däl we maglumatlary ýygnamagyň  maksatnamasynda  ýetmezçilikleriň bolmagy netijesinde  hasaba alynmadyk ýaly toparlar boýunça bahalandyrylýar.

Şu usulyýet gözegçilik edip bolmaýan işleri hasaba almak bilen, awtoulag işleriniň möçberini goşmaça hasaplamak barada maglumaty hem-de resmi bellige alnan, emma hasabat bermedik guramalaryň goşmaça hasaplamasynyň we gözegçilik edip bolmaýan işleri hasaba almak bilen, hususy ýük awtoulaglary bilen ýük daşalyşynyň umumy möçberini hasaplamagyň  tertibini özünde jemleýär.

Usulyýet  sebitler we milli derejesinde ulanylýar.

«Awtomobil ulagynda statistiki gözegçilikleriň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi » usulyýet işi Ulagyň, aragatnaşygyň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan taýarlandy.  

2. Zähmet resurslarynyň balansynyň hasaplanyşynyň usulyýeti (Türkmenistan, sebitler, çäkler we gender alamatlary boýunça)

Zähmet resurslarynyň balansy zähmet resurslarynyň düzümini we peýdalanylyşyny öwrenmegiň toplumlaýyn usuly bolup durýar hem-de şol mynasybetli zähmet bazary hakyndaky ähli bar bolan maglumatlary birleşdirmegiň peýdaly guraly bolup hyzmat edýär.

Zähmet resurslarynyň balansy aýratyn seljeriş guraly hökmünde Halkara Zähmet Guramasy (HZG) tarapyndan ykrar edildi. Halkara zähmet guramasynyň standartlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanda zähmet resurslarynyň balansyny hasaplamagyň usulyýeti ilkinji gezek 2000-nji ýylda işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy. Zähmet resurslarynyň balansynyň çyzgydy iş bilen meşgullygyň bazar ykdysadyýetli ýurtlarda ulanylýan statistikasynyň düşünjelerine uýgunlaşdyryldy hem-de ol Türkmenistanyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň kanunlaryna gaýtadan seredilmegi we täze kanunlaryň kabul edilmegi bilen baglylykda, olaryň esasynda zähmet resurslarynyň balansynyň esasy gökezijileriniň işläp taýýarlanmagy, şeýle hem käbir guramalaryň atlarynyň täzelenmegi, iş bilen meşgullanýan ilatyň paýlanmagynda peýdalanýan klassifikatorlaryň üýtgedilmegi we goşmaça girizilmegi we zähmet resurslarynyň balansyny hasaplamagyň talaplarynyň esasynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan “Zähmet resurslarynyň balansyny hasaplamagyň usuly” (Türkmenistan, sebitler,  çäkler we gender alamaty boýunça) işlenildi we 2010-njy ýylyň 1-nji fewralynda tassyklandy.

Zähmet resurslarynyň balansyny hasaplamagyň usulyna düzedişler girizmegiň zerurlygyna zähmet resurslarynyň balansy hasaplananda peýdalanylýan statistiki hasabat görnüşleriň özleriniň we ylaýta-da olardaky aýry-aýry görkezijileriň üýtgemegi, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan geçirilýän seçimleýin gözegçilikleriň netijeleri düýpli täsir etdi.

Zähmet resurslarynyň balansynyň hasaplamalarynyň çäkler boýunça (“şäher-oba” bölünişiginde) geçirilmegi, hususan, ýurduň öndüriji güýçleriniň bar bolan adam resurslaryny, şol sanda aýal-gyzlaryň sanyny hem, nazara almak bilen çäkler boýunça rejeli ýerleşdirilmegine gönükdirilendir. Zähmet resurslarynyň balansynyň jyns alamaty boýunça hasaplanmagy zähmet bazarynda aýal-gyzlaryň ýagdaýy bilen baglanyşykly düýpli meýilleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Zähmet resurslarynyň (sebitler, çäkler we jyns alamaty boýunça) balansyny hasaplamagyň usuly Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Zähmet we iş haky statistikasy müdirligi tarapyndan işlenip düzüldi.

 

3. Hojalyk subýektleriniň ähli toparlary tarapyndan gatnawlary hasaba almak bilen awtomobil ulaglary bilen ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň umumy möçberini kesgitlemek boýunça teklipler

Awtomobil ulagy bilen ýük daşaýanlara we ýolagçy gatnadýanlara statistiki gözegçiligi guramak üçin, şonuň ýaly hem daşalan ýükleriň we gatnadylan ýolagçylaryň möçberi barada has anyk maglumatlary almak maksady bilen, umumy peýdalanyşdaky ulaglar (Awtomobil ulaglary ministrligi), Türkmenistanyň pudak edaralarynyň hem-de hususy awtomobil ulaglary bilen daşalan ýükleriň we ýük dolanyşygynyň, gatnadylan ýolagçylaryň we ýolagçy dolanyşygynyň möçberiniň hasaba alnyşyny kämilleşdirmegiň usuly işlenip taýýarlanyldy.

Bu usulyýet çemeleşmesi GDA ýurtlarynyň Statistika komitetiniň we Russiýanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň halkara statistika we ykdysadyýet guramalarynyň görkezmelerinden peýdalanylan statistika boýunça usulyýet düzgünleriniň esasynda taýarlanyldy.

Ulagda gözegçilik edip bolmaýan ykdysady işleri bahalandyrmak we hususy telekeçileriň işlerini öwrenmek üçin maglumatlar binýadyny almak maksatlary bilen seçimleýin gözegçiligiň geçirilmegi zerur.

Gözegçilik 2004-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda 02/04 belgi bilen tassyklanan «Fiziki taraplaryň awtobus toplumyndan peýdalanmagynyň seçimleýin sowalnama gözegçiligini geçirmegiň usulyna» laýyklykda ýerine ýetirildi.

2004-nji ýylda geçirilen fiziki taraplaryň awtobus toplumyndan peýdalanmagynyň seçimleýin sowalnama gözegçiliginiň esasynda şu usulyýet çemeleşmesiniň 10 we 13 böleklerine goşmaça taýýarlanyldy, ýagny hususy eýeçilikdäki awtobuslar (kiçi awtobuslary goşmak bilen) bilen gatnadylan ýolagçylaryň we ýolagçy dolanyşygynyň möçberlerini kesgitlemeli bölegine, degişlilikde, 10.1 we 13.1 bölümçeler goşulýar.

Usulyýet etrap, sebitler we milli derejelerde ulanylýar.

Usulyýet Ulaglaryň, aragatnaşygyň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan taýarlanyldy.

4. Daşalan ýükler üçin bahalaryň indeksi hasaplananda usulyýet çemeleşmeleri

Şu usulyýet çemeleşmeleri (mundan beýläk — Usulyýet) Russiýanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika boýunça usulyýet düzgünleriniň1 esasynda taýýarlanyldy; şol düzgünlerde, öz gezeginde, halkara statistika we ykdysady guramalarynyň maslahatlaryndan peýdalanyldy. Daşalan ýükler üçin tarifleriň indeksini hasaplamak boýunça usulyýet çemeleşmeleri ýük daşamak üçin tarifleriň üýtgemegine statistiki gözegçiligi üpjün etmek maksatlary bilen işlenip taýýarlanyldy.

Usulyýet ulagda tarifleri bellige almak, tarifleriň indekslerini hasaplamak boýunça usulyýet düzgünlerini özünde jemleýär. Onda nyrhlary bellige almagyň düzgüni, wekil- hyzmatlary we binýatlaýyn (gözegçilik geçirilýän) kärhanalary saýlamagyň düzgünleri, nyrhlaryň hususy we jemleýji indekslerini hasaplamagyň tertibi we mysallary görkezilýär.

Usulyýet 6 bölümden ybarat, olarda ulaglaryň hem de gatnawlaryň aýry-aýry görnüşleri üçin tarifleriň indekslerini hasaplamagyň, soňra bolsa indiwidual indeksleriň elementleriniň girdejilerdäki paýy boýunça ölçeglere bölmek arkaly jemleýji indeksi kesgitlemegiň tertibi getirilýär.

Umumy peýdalanyşdaky ulaglar bilen ýük daşamak boýunça tarifleriň üýtgeýşiniň indekslerini hasaplamaklyk ulag guramalarynda döwlet statistika edaralary tarapyndan her aýda geçirilýän seçimleýin gözegçiligiň maglumatlary esasynda amala aşyrylýar.

Tarifleriň seçimleýin gözegçiliginiň formalaryndaky maglumatlar ulagyň aýry-aýry görnüşleri boýunça tarifleriň indiwidual aýlyk indeksleriniň hasaplamasy üçin maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär, olarda hasabat aýynda we geçen aýda, geçen ýylyň degişli aýynda hereket eden tarifler getirilýär. Umumy peýdalanyşdaky ulaglar bilen ýük daşamagyň tariflerini hasaplamagyň maksady ýük daşamagyň we tarifleriniň berlen döwürdäki üýtgeýşini daşalan ýükleriň düzüminiň şol döwürdäki dürli alamatlar boýunça üýtgeýşini hasaba almazdan kesgitlemek, eltmekligiň tizligini, gatnawyň uzaklygyny we ş.m. kesgitlemek bolup durýar.

Usulyýet sebit we milli derejelerde ulanylýar.

Ulagda bahalaryň indekslerini hasaplamaklyga usulyýet çemeleşmeleri Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Ulagyň, aragatnaşygyň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

________________

1Statistika boýunça usulyýet düzgünleri (1, 2, 3, 4 goýberilişler), Russiýanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, 2003

5. Harytlar we hyzmatlar söwdasynda seçimleýin barlaglaryň ornaşdyrylyşy we geçirilişi boýunça usulyýet görkezmeleri

Türkmenistanyň ilatyň sarp edýän harytlarynyň bazarynda haryt teklipleriniň, esasan, öz ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hasabyna amala aşyrylýar. Senagatyň, oba hojalygynyň, daşary söwdanyň statistiki maglumatlarynyň esasynda ilatyň ulanýan haryt baýlyklarynyň umumy we azyk we azyk däl harytlaryň toparlary boýunça hasaplamalar geçirilýär.

Ýurduň jemi önümçiliginde tölegli hyzmatlaryň paýynyň ösüş meýli saklanyp galýar. Ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň möçberiniň artmagy bilen bir hatarda hyzmatlaryň görnüşleri hem artýar, şunlukda hut bazar gatnaşyklarynyň hyzmatlarynyň paýy artýar. Eger-de, bazara degişli däl hyzmatlar uçdantutma hasaba alynýan bolsa, eýeçiligiň beýleki görnüşlerine degişli satyjylaryň ilata edýän bazara degişli hyzmatlary maglumatlaryndan takyk we dolulygyny ýörite seçimleýin gözegçilikler arkaly anyklamak zerur bolan dürli usullar (göni, gytaklaýyn, deňeşdirme) peýdalanmak arkaly bahalandyrylýar. Söwdanyň we öý hojalyklarynyň statistikasynyň maglumatlarynyň seljermesi harytlaryň hyzmatlaryň sarp edilişiniň sebitleriň arasynda ep-esli tapawutlanýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň sebitleriniň (welaýatlarynyň) arasyndaky esasy sosial görkezijileriniň ortaça tapawudy, paýtagty hasaba almazdan, 2—3 essedir. Mundan başga-da, sebitleriň içinde şäher we oba ilatynyň ýerleşişinde kesgitli çaprazlyk göze ilýär.

Statistikada hasaba alyşyň we hasabatyň sebitler boýunça alyp barylýanlygyna garamazdan, olaryň çäkleýin tapawutlanyşyna toplumlaýyn baha bermek amala aşyrylmaýar. Käbir halatlarda oba hojalygy boýunça ýöriteleşdirilen sebitlerde öz öndürýän azyk harytlaryny sarp edişleri ýurt boýunça ortaça sarp edilişinden az gelýän, adaty bolmadyk ýagdaýlar ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda haryt we hyzmat bazarlarynyň sebitler boýunça aşakdakylary öz içine alýan toplumlaýyn seljermesi zerur:

Şunuň bilen baglylykda, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň esasy ölçegleriniň biri hökmünde, haryt we hyzmatlaryň ähmiýetiniň tutýan ornundan ugur alyp, olaryň möçberine has doly baha bermek we düzümini kämilleşdirmek, şeýle-de JIÖ-niň ululygyny kesgitlemek (söwdanyň artdyrylan bahasy) we goşulan bahasynyň möçberine baha bermek we söwda pudagynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depginine deňeşdirilen nyrhlarda baha bermek bu işe aýratyn ähmiýet berýän halkara görkezmeleri. Haryt söwdasy we hyzmat edilişi boýunça geçirilýän seçimleýin gözegçiligiň maksady — Türkmenistanyň sebit aýratynlyklaryny we halkara tejribesini göz öňünde tutup, haryt we hyzmatlar boýunça hasabat maglumatlarynyň dolulygyna we anyklygyna baha bermekdir.

Seçimleýin gözegçiligiň netijeleri aşakdaky meseleleri çözmekde ulanylar:

6. Lomaý söwda haryt dolanyşygynyň hasaba alnyşy we düzülişi boýunça usulyýet gollanmasy 

Bu gollanma MHU-93 statistik maslahatlaryna laýyklykda taýýarlandy, şonuň ýaly-da ol hasaba alyşyň we hasabatlylygyň halkara statistik standartlaryna laýyklykda işlenip düzülen Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň -  Rev.1 nusgasyna gabat gelýär (“International Standart Industrial Classification of all Economic Activities” halkara klassifikatory, Ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň halkara standart pudaklaýyn klassifikasiýasy –  HSPK, BMG, 3-nji redaksiýa, 1989).

Ykdysadyýetiň özgerdilýän döwründe lomaý söwda işiniň we onuň tutýan orny düýpli üýtgedi, önümleri lomaý satýan satyjylaryň köpelmegi bu usuly gollanmanysyny taýýarlamagyň zerurlygyny şertlendirdi. Önümi gös-göni öndürijilerden we lomaý söwda guramalaryndan (kärhanalaryndan) daşary, köp sanly lomaý aralykçylar, şonuň ýaly-da önümi alyp satmak bilen meşgullanýan fiziki şahslar we söwda dahylsyz guramalar ýüze çykdy.

Usuly gollanmasynda döwlet sektorynyň söwda kärhanalary we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň kärhanlary üçin lomaý haryt dolanyşygynyň statistik hasaba alnyşynyň bitewi çemeleşmesi işlenip düzüldi.   

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2008-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 14/08).

7. Türkmenistanda bölek haryt dolanyşygynyň we tölegli hyzmatlaryň möçberini hasaplamagyň usulyýeti

Türkmenistanda harytlaryň we hyzmatlaryň bazary, ykdysady-statistiki görkezijileriň kompleksini göz öňünde tutulan ykdysady arabaglanyşyklaryň bitewi ulgamyny aňladýar. Olaryň sanyna tölege ukyply hyrydarlygyň, sarp etmegiň we sarp ediş nyrhlarynyň haryt teklipleri baradaky maglumatlar girýär.

Türkmenistanda harytlaryň we hyzmatlaryň ýerleşdirilişiniň möçberine baha bermeklik içerki söwdanyň statistikasynyň, senagatyň, oba hojalygynyň, daşary söwdanyň, öý hojalyklarynyň býujetiniň, telekeçiligiň statistikasynyň, maglumatlarynyň esasynda amala aşyrylýar.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda söwda-ykdysady işiniň dürli görnüşleriniň ösüşi gazanyldy. Döwlet eýeçiligine dahylly däl kärhanalaryň we hususy telekeçileriň söwdasy giň gerime eýe boldy. Şonuň bilen birlikde, kärhanalaryň döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň söwdasy we sarp ediş kooperasiýasy ulgamyndaky kärhanalaryň söwdasy hereket etmegini dowam etdirýär.

Eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki hojalyk subýektleriň görnüşlerine baglylykda statistiki hasaba alyşyň dürli usullary ulanylýar. Döwlet kärhanalary 1-söwda, 3-söwda, 1-hyzmat, 1-hyzmat (durmuş) statistiki hasabat formalary boýunça uşdantutma hasaba alyş usuly arkaly gözegçilik edilýär. Döwlet eýeçiligine dahylly däl kärhanalar we hususy telekeçiler hususy telekeçini statistiki hasaba almagyň kartoçkasy boýunça maglumatlary ýygnamaklyk, 1-telekeçilik, 1—DÝA statistiki hasabat formalary, boýunça amala aşyrylýar.

Ýokarda görkezilen hojalyk subýektleri boýunça maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna baha bermek BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (ÖM) «Türkmenistanda harytlaryň we hyzmatlaryň bazaryny ösdürmegiň ileri tututlýan ugurlary» atly Taslamasynyň (Taslamanyň kody — 00043192) çäklerinde 2005-nji ýylda ýerine ýetirilen söwdanyň seçimleýin gözegçiliginiň netijeleri boýunça geçirildi.

Bu gözegçiligiň esasynda işlenen iş wagtynyň we iş bilen meşgullanýan bir adama ortaça hasaplamagyň usulyndan peýdalanyldy. Söwdanyň gündelik statistiki maglumatlary boýunça emele gelen möçber bilen alnan netijäni deňeşdirmek deň gelmeýän möçberi we hasabat maglumatlarynyň düzediş koeffisiýentlerini kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistanda hususy söwda, hususan-da resmi bolmadyk iş bilen meşgullanýan şahslar tarapyndan harytlary we hyzmatlary ýerlemeklik giň gerim bilen ösendir. Söwda-ykdysady işiň bu görnüşi söwda pudagyndaky resmi däl bölek bolup, ol öý hojalyklary böleginde (sektorynda) jemlenendir. Söwdada resmi däl işler bilen meşgullanýan şahslaryň maglumatlaryna baha bermek ýörite seçimleýin gözegçiligiň netijeleri boýunça amala aşyrylýar.

Söwdanyň seçimleýin gözegçiligi we resmi bolmadyk işler boýunça seçimleýin gözegçilik «Milli Hasaplar Ulgamy (MHU-93)» we «Gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti hasaplamak: gollanma 2002ý.» usulyýetine laýyklykda geçirildi.

8. Türkmenistanyň içerki söwda potensialyny haryt resusrlarynyň usuly arkaly  bahalandyrmagyň usulyýet çemeleşmeleri 

Bu işde MHU-93 “Resurslar–Peýdalanyş” balans usulyny peýdalanmak boýunça halkara maslahatlaryna laýyklykda haryt resurslarynyň emele getirilmeginiň usuly işlenip düzüldi. 

Iş haryt resurslarynyň ykdysady barlagynda we statistik seljermesinde hem-de Türkmenistanda söwda işiniň ösüş mümkinçiliklerine baha bermekde peýdalanmak üçin maslahat berilýär.

Bu işde haryt gorlarynyň öwrenilmegi boýunça teklip edilen usulyýet çemeleşmeleri içerki bazaryň (söwdanyň) mümkinçiliklerine toplumlaýyn we jikme-jik baha bermek üçin niýetlenendir.  

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2010-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 14/10).

9. Türkmenistanda ýerleşdiriş ugurlary boýunça harytlaryň söwdasynyň seçimleýin gözegçiligini geçirmegiň usulyýeti

Şu usulyýet işi ýurduň çägindäki söwda işiniň möçberlerine harytlaryň ýerleşdiriş ugurlarynyň üsti bilen baha bermek maksady bilen, Türkmenistanda satuw ugurlary boýunça (bazarlar, dükanlar) harytlaryň ýerleşdirilişiniň birwagtlaýyn seçimleýin gözegçiligini guramak we geçirmek üçin işlenip taýýarlanyldy.

Gözegçilik harytlaryň ýerleşdirişiniň statistiki hasaba alnyşyny kämilleşdirmek, halkara statistik standartlary we Türkmenistanyň sebitleýin özboluşlylygyny nazara almak bilen dürli guramaçylyk-hukuk we eýeçilik görnüşlerindäki subýektler, ykdysady işleriň görnüşleri boýunça söwda statistikasynyň maglumatlarynyň dolulygyna we dogrulygyna baha bermek üçin niýetlenendir.

Ýewrostatyň YIGDK (NACE, RЕV.1) işe girizmek boýunça halkara statistiki maslahatlary göz öňünde tutulyp seçimleýin gözegçiligiň netijeleri ýurduň sebitler bölünişiginde bölek satuw söwdasynyň möçberlerini hasaplamak üçin peýdalanyldy.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2011-nji ýylyň 24-nji maýynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 09/11).

10. Türkmenistanda hyzmatlaryň söwdasynyň seçimleýin gözegçiligini geçirmegiň  usulyýeti  (döwlete dahylsyz sektorynyň subýektleriniň tölegli hyzmatlary)

Hyzmatlaryň söwdasynyň gözegçiligi boýunça usuly işinde “Ilata edilen tölegli hyzmatlar” diýen ýygnaýjy topary we YIGDK boýunça giňeldilen görnüş toparynyň sazlaşdyrylmagy esasynda hyzmatlaryň möçberlerine baha bermek boýunça usuly maslahatlar işlenip düzüldi. Olar halkara statistiki düzgünlerine hem-de BMG-niň we ÝeB-niň Statistika bölümleri (Ýewrostat) tarapyndan işlenip düzülen NACE we СРА klassifikasiýalarynyň standartlaryna, Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna we Önümleriň (harytlaryň we hyzmatlaryň) döwlet klassifikatoryna laýyklykda hyzmatlary ýerleşdirmegiň statistiki hasaba alnyşyny kämilleşdirmäge, Türkmenistanda sebitleriň ösüş özboluşlylygyny nazara almak bilen hyzmatlar statistikasynyň maglumatlarynyň dolulygyna we dogrulygyna baha bermäge, eýeçiligiň hususy we beýleki görnüşleri boýunça (döwlet eýeçiligini goşmazdan) sebitler bölünişiginde ýerleşdirilýän hyzmatlaryň möçberlerine we düzümine baha bermäge mümkinçilik berýär.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2012-nji ýylyň 6-njy martynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 01/12).

11. Türkmenistanda lomaý söwdanyň seçimleýin gözegçiligini geçirmegiň usuly

Bu usuly iş işlenip taýýarlananda birnäçe ýurtlaryň seçimleýin statistik gözegçilikleri geçirmegiň tejribesi nazara alyndy, şonuň ýaly-da Türkmenistanda statistikanyň beýleki pudaklary boýunça seçimleýin gözegçilikleri geçirmegiň aýry-aýry usuly çemeleşmeleri alyndy. Türkmenistanyň lomaý söwdasyna seçimleýin gözegçiligiň geçirilmegi lomaý haryt dolanyşygynyň möçberine halkara tejribesini we ýurduň özboluşly şertlerini nazara almak bilen baha bermek üçin statistik maglumatlaryň dogrulygyny yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Işde СНС-93 boýunça usulyýet maslahatlary, söwdanyň statistikasy boýunça BMG-niň, Ýewrostatyň maslahatlary peýdalanyldy.

 (Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2013-nji ýylyň 12-nji iýunynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 04/13).

12. Türkmenistanda tölegli hyzmatlaryň seçimleýin gözegçiliginiň usulynyň kämilleşdirilmegi

Bu işde ilata tölegli hyzmatlary öndürijileriň seçimleýin gözegçiligini guramak we geçirmek üçin usuly binýady döredildi.

Bu gözegçiligiň geçirilmegi halkara statistiki standartlaryna laýyklykda hyzmatlary ýerleşdirmegiň statistiki hasaba alnyşyny kämilleşdirmäge, Türkmenistanda sebitleriň ösüş özboluşlylygyny nazara almak bilen hyzmatlar statistikasynyň maglumatlarynyň dolulygyna we dogrulygyna baha bermäge, eýeçiligiň hususy görnüşi boýunça sebitler bölünişiginde ýerleşdirilýän hyzmatlaryň möçberlerine we düzümine baha bermäge mümkinçilik berer.

Bu usuly iş halkara statistik standartlaryna, hususan-da, BMG-niň “Milli hasaplar ulgamy” (MHU-2008) halkara usulyýetine hem-de  BMG-niň, HPG-niň, YGÖG-niň statistika bölümleri we Ýewrostat tarapyndan taýýarlanan “Gözegçilik edilmeýän ykdysadyýeti ölçemek boýunça gollanma, 2002ý.” gabat gelýär.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 30-njy iýunynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 11/14-2).

13. “Harytlaryň bölek satuw söwdasynyň seçimleýin statistik gözegçiligini geçirmegiňusuly” 

Söwdada seçimleýin gözegçilik usuly ýerleşdirilen harytlaryň doly möçberlerine olaryň hasaba alynmadyk bölegini hem hasaba almak bilen bahalandyrmaga mümkinçilik berýär. Şonda alnan netijelere baha berilmegi MHU–1993-iň söwda pudagynda gözegçilik edilmeýän ykdysadyýet boýunça  usulyýet maslahatlaryny (HPG, BMG, Ýewrostat we başg.), söwdanyň statistikasy boýunça halkara maslahatlary (BMG, 2008) peýdalanmak arkaly geçirilýär.

Bu işiňmaksady ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektorynda harytlaryň bölek satuw söwdasyna seçimleýin statistik gözegçiligi guramak we geçirmek üçin usuly binýadyň kämilleşdirilmegi bolup durýar.

 Usuly işde aşakdaky wezipeler ýerine ýetirildi:

− baş we seçimleýin köplükleri kesgitlemek we emele getirmek; 

− bölek satuw söwdasynyň seçimleýin gözegçiliginiň sowalnamasyny işläp taýýarlamak;

− ýurduň sebitlerinde bölek satuw söwdasynyň seçimleýin gözegçiligini guramak we geçirmek.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 10/15-2).

14. “Zähmet öndurijiliginihasaplamagyň usulyýeti”

Zähmet öndurijiligini hasaplamagyň usulyýeti zähmet öndürijiligini hasaplamagyň halkara tejribesi we Türkmenistanyň statistikasynyň maglumatlar binýadynyň mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp işlenip taýýarlanyldy

Bu usulyýet işiň maksady Türkmenistanyň statistikasynyň tejribesine makroderejede, ykdysady işleriň görnüşleri  (seksiýalar) we kärhanalar (guramalar) boýunça YIGDK-iň klassifikatorynyň çäklerinde hasaplanan zähmet öndürijiliginiň görkezijilerini ornaşdyrmakdan we ähli wagtlarda zähmet öndürijiliginiň üýtgemegini häsiýetlendirýän görkezijileri hasaplamakdan ybarat.

Şu usulyýet işinde aşakdaky wezipeler goýuldy: zähmet öndürijiligini hasaplamagyň halkara standartlaryna we dünýä tejribesine syn bermek; bar bolan statistik binýady göz öňünde tutmak bilen, zähmet öndürijiligini hasaplamagyň, şeýle hem ykdysadyýet, ykdysady işleriň görnüşleri (seksiýalar) we kärhanalar (guramalar) boýunça emele gelen ykdysady şertlere we halkara standartlaryna laýyklykda zähmet öndürijiligini hasaplamak boýunça görkezijiler ulgamyny kämilleşdirmegiň usulyny we tertibini kesgitlemek.

Zähmet öndürijiligi ykdysady işiň netijeliligini bahalandyrmagyň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Ösen ýurtlaryň ykdysadyýetinde milli girdejiniň we ykdysadyýetiň pudaklarynyň önüm goýberlişiniň ösüşi zähmet öndürijiliginiň artmagynyň hasabyna gazanylýar.[1]

Häzirki wagtda zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy möhüm meseleleriň biri bolup durýar, onuň çözülmegi ähli ösen ykdysadyýetlerde döwlet derejesinde goýulýar. Ähli döwletlerde, şol sanda Türkmenistanda hem zähmet öndürijiligine ykdysady ösüşiň esasy çeşmesi hökmünde, ýagny real önümiň we girdejiniň ösmegini üpjün edýän görkeziji hökmünde seredilýär. Adam sanyna jemgyýetçilik önüminiň artmagy ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny aňladýar. Şonda ilkinji nobatda zähmet öndürijiligini ölçemegiň usulyýetine we usulyna üns berilýär.  

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2015-nji ýylyň 27-nji noýabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 15/15-2).

 


[1]Статистический департамент европейской экономической комиссии ООН,

   www.unece. org/ stats