Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Usulyýet görkezmeleri  

Makroykddysady görkezijilier

1.Sebitlerde gözegçilik edilmeýän ykdysadyýetiň möçberine baha bermek boýunça usuly görkezmeler (ilata tölegli hyzmatlaryň seçimleýin gözegçiliginiň netijeleri boýunça)

 

Usuly görkezmeler Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG-niň), Halkara Pul Gaznasynyň (HPG-niň), Bütindünýä bankynyň, YHÖG-niň we Ýewrostatyň – Milli hasaplar ulgamy (MHU – 1993) we Gözegçilik edilmeýän ykdysadyýeti ölçemegiň gollanmasy (YHÖG – 2002 ý.) halkara standartyna laýyklykda taýýarlanyldy.

Şu usuly görkezmelerde GEY-nyň esasy ugurlaryna, düşünjelerine, kesgitlemelerine we toparlaryna; jemi goýberilişiň, aralyk sarp edişiň we goşulan gymmatyň möçberlerini bahalandyrmagyň umumy çemeleşmelerine; gözegçilik edilmeýän ykdysadyýetiň düzüm bölekleri we ykdysady işleriň görnüşleri boýunça jemi goýberilişi, aralyk sarp edişi we goşulan gymmaty bahalandyrmagyň usullaryna garaldy.

Usulyýet sebit derejesinde peýdalanylýar hem-de ykdysatçylaryň we statistikleriň giň ýaýrawy üçin, hasaba alyş we statistika boýunça hünärlerini ýokarlandyrmak ulgamynda, ykdysady ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we aspirantlary, mugallymlary üçin okuw görkezmesi hökmünde ulanylyp biliner.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 27-nji dekabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 23/14-2).

2. Maliýe hasabatynyň esasynda maliýe koeffisiýentlerini hasaplamagyň usuly

Maliýe hasabatynyň esasynda maliýe koeffisiýentlerini hasaplamagyň usuly kärhanalaryň (guramalaryň) maliýe ýagdaýy barada umumylaşdyrylan maglumat almak maksatlary bilen, olaryň häzirki işlerini bahalandyrmak, bar bolan we anyklanylýan meseleleri ýüze çykarmak, şeýle hem degişli çözgütleri kabul etmek üçin işlenip taýýarlanyldy.

Usulyýet 2010-njy ýylyň 15-nji iýunynda tassyklandy.

Bu işiň maksady hereket edýän maliýe we statistiki hasabatyň binýadynda kärhanalaryň (guramalaryň) maýa goýumlarynyň netijeliligini bahalandyrmak üçin, kärhanalaryň işlerini gowulandyrmak we durnuklaşdyrmak  boýunça işjeň önümçilik-hojalyk we dolandyryş çözgütlerini  kabul etmek üçin zerur bolan maliýe-hojalyk işlerini seljermek üçin görkezijiler ulgamyny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. 

Maliýe hasabatynyň esasynda maliýe koeffisiýentlerini hasaplamagyň usuly kärhanalaryň maliýe-hojalyk işlerini seljermek üçin maglumat binýadyndan                          (maliýe görkezijileri hasaplamak üçin maglumat çeşmeleri ) we statistiki hasabatyň esasynda maliýe koeffisiýentlerini hasaplaşygyndan ybaratdyr. Kärhananyň maliýe durnuklylygyny we tölege ukyplylygyny häsiýetlendirýän görkezijileriň hasaplamasy Usyulyýetiň goşundylarynda berilýär. 

Maliýe hasabatynyň esasynda maliýe koeffisiýentlerini hasaplamagyň usuly Maliýe gymmatly karzlaryň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy we milli, sebitleýin derejede peýdalanylýar.

3. Türkmenistanyň daşary söwdasynyň statistikasy boýunça usulyýet gollanmasy

 Usulyýet gollanmasy 2010-njy ýylyň 19-njy maýynda tassyklanan we HPG-nyň, BMG-nyň we ÝeB-niň (Ýewrostatyň) halkara statistiki standartlaryna laýyklykda daşary söwda statistikasy boýunça maglumatlary ýygnamak we işlemek maksatlar üçin taýýarlanan.

Şu gollanmada daşary söwda boýunça statistiki maglumatlaryň usulyýetiniň meseleleri, eksport/import boýunça statistiki maglumatlaryň emele gelşiniň çeşmeleri, gümrük deklarasiýalaryň we statistiki hasabatlaryň maglumatlaryny «Eurotrace» tilsimatynda kompýuter arkaly işlenilşiniň tertibi seredilýär. 

Şu gollanmanyň esasynda düzülen statistiki maglumatlar  Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen daşary söwdasy boýunça statistiki neşirlerde we daşary ykdysady aragatnaşyklarynyň ösüşi boýunça ylmy-seljeriş barlaglarda ulanylýar.  

4. Harytlaryň we hyzmatlaryň bölek satuw bazar nyrhlarynyň gözegçiliginiň usulyýet düzgünnamasy

Düzgünnama harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlaryna (tariflerine) statistiki gözegçiligiň guralyşyny kämilleşdirmek we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen hem-de “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň  Bitewi kanunyň  (2005 ý.) 36-njy maddasyna we “Sarp ediş nyrhlarynyň indeksleri boýunça gollanma (nazaryýet we iş tejribesi)” (HZG, HPG, YHÖG, Ýewrostat, BMG, Bütindünýä banky – 2007 ý.) esaslarynda işlenildi we 2010-njy ýylyň 16-njy iýulynda  tassyklandy.

Düzgünnama bölek satuw bazar söwdasynda we hyzmatlar ýaýrawynda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmegiň tertibini kesgitleýär, gözegçiligi, maglumatlary ýygnamagy guramakda resmi  gural  bolup durýar we gözegçiligiň her bir sebitde (Aşgabat şäheri hem-de welaýatlar) guralmagyny göz öňünde tutýar.

Bu usulyýet milli, welaýat we etrap derejelerinde peýdalanylýar.

5. Türkmenistanda innowasiýalar statistikasyny döretmegiň we guramagyň usulyýet çemeleşmeleri

Türkmenistanda innowasion işiň statistikasyny döretmegiň we ösdürmegiň esasy usulyýet çemeleşmeleri Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2010-njy ýyl üçin usul we usulyýet işleriniň meýilnamasy esasynda işlenildi we 31.07.2010-njy ýylyň 31-nji iýulynda tassyklandy.

Türkmenistanda innowasion işiň statistikasyny döretmek we ösdürmek esasy usulyýet çemeleşmelerini döretmäge synanyşmak bu işiň esasy maksady bolup durýar.

Öňde goýlan maksadyň çäginde innowasion işiň düýp mazmuny, innowasiýalaryň dürli klassifikasiýalary, innowasion statistikasy boýunça halkara tejribesi öwrenildi hem-de mikro- we makroderejeler üçin görkezijiler kesgitlenildi. Mikrodereje üçin görkezijilere aýratyn üns berilýär, olary hökmany  işläp taýýarlamak we ýurduň innowasion ösüş derejesini häsiýetlendirmek üçin döwlet statistika hasabatlylygyna ornaşdyrmak, şeýle hem döwlet statistika hasabatlylygynyň taslamasy we olary doldurmak boýunça düzgünnamasy tayyarlanyldy, bu Türkmenistan üçin täze statistika pudagyny ornaşdyrmagyň ilkinji tapgyrynyň esasy meselesi bolup durýar.

Bu işde Oslo gollanmasy “Innowasiýalar boýunça maglumatlary ýygnamak we seljermek boýunça görkezmeler” (üçünji neşir) usulyýet esas hökmünde ulanyldy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) we Ýewrostat tarapyndan 2005-nji ýylda taýýarlanandy (rus dilindäki neşiri 2006-njy ýylda taýýarlanyldy).    Bu Gollanma YHÖG-niň agzalary üçin   hem-de bu guramanyň entek agzalary bolmadyk Gündogar Ýewropanyň, Latyn Amerikasynyň, Aziýanyň, Afrikanyň aýry-aýry ýurtlary üçin YHÖG-niň innowasiýalar babatynda esasy usulyýet resminamasy bolup durýar.

Türkmenistanda innowasiýalar statistikasyny döretmegiň we guramagyň usulyýet çemeleşmeleri Statistikanyň usulyýeti we guralyşy müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

6. Önümçiligiň hasabyny düzmek boýunça usuly görkezmeler 

Önümçiligiň hasabyny düzmek boýunça usuly görkezmeler ykdysadyýetiň ösüşiniň iň möhüm jemleýji görkezijisini — Türkmenistanyň jemi içerki öhümini (JIÖ) hasaplamak üçin işlenip taýarlanan.

Usuly görkezmeler 1999-njy ýylyň oktýabr aýynyň 18-inde tassyklanan we 2008-nji ýylda täzelenen.

Önümçiligiň hasabynyň usulyýet esasy bolup Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG-nyň), Birleşen milletler guramasynyň (BMG-nyň), Bütindünýä bankyň, Halkara Pul Gaznasynyň (HPG-nyň), Ýewrostat tarapyndan taýarlanan (Nýu-Ýork — 1998ý.) halkara ülňüşindäki Milli hasaplar ulgamy 1993ý. (MHU-93) hyzmat edýär.

Önümçiliiň hasabyny düzmek boýunça usuly görkezmeler iki bölümden ybarat. Birinji bölümde önümçilik hasabynyň görkezijileriniň usulýet ýörelgeleri we hasaplaýyş usuly beýan edilýär, ikinji bölümde ykdysadyýetiň pudaklary we bölekleri boýunça goýberilişi, aralyk sarp edişi we goşulan gymmaty hasaplamak üçin tablisalar, şeýle hem olary hasaplamak üçin maglumat çeşmeleri getirilen.

Önümçiligiň hasabyny hasaplamak boýunça usuly görkezmelerde gös — göni önümçilige degişli işler görkezilýar. Önümçilik hasaby tutuş ykdysady, institusional bölekler we pudaklar üçin bazar nyrhlarynda düzülýär.

Iinstitusional bölekler institusional birlikleriň jemini aňladýar, ýagny olaryň ykdysady meňzeşligini şertlendirýän, maksady, wezipesi we maliýeleşdiriş çeşmesi meňzeş bolan hojalyk birligi (hojalyk subýekti) özünde görkezýar.

Institusional birlikler şu aşakdaky böleklerde toplanýarlar: maliýä degişli bolmadyk kärhanalar, maliýe edaralary, döwlet dolandyryş edaralary, öý hojalyklary, öý hojalyklaryna hyzmat edýän täjirçilige degişli bolmadyk guramalar.

Pudaklaryň klassifikasiýasy Halk hojalygynyň pudaklarynyň umumy klassifikatorynyň modifisirlenen görnüşine esaslanan (HHPUK). Häzirki wagytda Türkmenistanyň ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna (YIGDK) geçmek boýunça işler alnyp barylýar.

Goýberiliş we aralyk sarp edişiň hasaby degişli pudaklaryň hasabat görnüşleriniň hasabatynyň, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabatynyň we beýleki maglumatlr esasynda geçirilýär.

Önümçiligiň hasabyny düzmek boýunça usuly görkezmeler Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Milli hasaplar müdirligi tarapyndan taýarlanyldy we milli we sebitleýin derejede peýdalanylýar.

7. Girdejileriň emele gelşiniň hasabyny düzmek boýunça usuly görkezmeler

Türkmenistanyň girdejileriniň emele gelşiniň hasabyny düzmek üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG-nyň), Birleşen milletler guramasynyň (BMG), Bütindünýä bankynyň, Halkara Pul Gaznasynyň (HPG), we Ýewrostat (Nýo-Ýork — 1998 ý.) taýýarlan MHU-93 usulyýeti esas bolup hyzmat edýär.

Girdejileriň emele gelşiniň hasaby boýunça usuly görkezmeleri 18.10.1999 ý. işlenilip taýýarlanyldy we tassyklanyldy, 2008-nji ýylda täzelenildi. Bu usuly görkezmesinde girdejileriň emele gelşiniň görkezijileriniň hasaplanyş usullary we usuly ýörelgeleri anyk kesgitlenen.

Hasaplamagyň bu usuly ilki bilen, girdejileriň we olaryň düzüminiň seljerilişinde, salgyt kynçylygynyň häsiýetnamasynda, JIÖ-de jemi peýdanyň paýyny seljermekde özbaşdak ähmiýete eýedir.

Girdejileriň emele gelşiniň hasaby boýunça usuly görkezmesinde girdejileriň emele gelşiniň düzümi we esasy düşünjeleri beýan edilýär. Sap peýdany ý-da sap garyşyk girdejini hasaplamak üçin olaryň hasaplanylyşy barada maglumatlar çeşmesi tablisalar görnüşinde görkezilendir.

Girdejileriň emele gelşiniň hasaby bütin ykdysadyýet boýunça, pudaklar we bölekler boýunça düzülýär. Pudaklaryň klassifikasiýasy Halk hojalygynyň pudaklarynyň umumy klassifikatorlarynyň (HHPUK) modifisirlenen görnüşine esaslanandyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady işleriniň görnüşleriniň döwlet klassifikatory (YIGDK) geçmeklik boýunça işler alnyp barylýar.

Institusional birlikler şu aşakdaky böleklere: maliýä degişli bolmadyk kärhanalara, maliýe edaralaryna, döwlet dolandyryş guramalaryna, öý hojalyklaryna, öý hojalyklaryna hyzmat edýän täjirçilige degişli bolmadyk guramalara bölünýär.

Girdejileriň emele gelşiniň hasaby jemi içerki önümi onuň komponentleri — hakyna tutulan işçileriň zähmet haky, önümçilige we importa salynýan salgytlar we döwlet ýeňillikleri (subsidiýalar), peýda, garyşyk girdejiler boýunça gymmatlyk düzüminiň seljerilişini geçirmek üçin esas bolup durýar.

Hasaplar pudaklaryň degişli statistiki hasabat görkezijileriniň, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabat maglumatlaryň we beýlekileriň esasynda düzülýär.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Milli hasaplar müdirligi tarapyndan taýýarlanylan girdejileriň emele gelşiniň hasaby boýunça usuly görkezmeleri milli derejede hasaplamak üçin ulanylýar.

8. Ilkinji girdejileri paýlamagyň hasabyny düzmek boýunça usuly görkezmeler

Girdejileriň ilkinji paýlanyşynyň hasabynyň usulyýet esasy bolup Birleşen milletler guramasynyň (BMG), Halkara Pul Gaznasynyň (HPG), Bütindünýä bankyň, ykdysady hyzmatdaşlygy we ösüş guramasynyň (YHÖG-nyň), we Ýewrostat (Nýo-Ýork — 1998 ý.) MHU-93 tarapyndan kabul edilen halkara ülňüsi hyzmat edýär. Şonda Türkmenistanda girdejileriň ilkinji paýlanyşynyň hasabyny düzmek üçin bar bolan maglumatlar binýady bolup geçýän bazar özgertmeleri göz öňünde tutulan.

Girdejileriň ilkinji paýlanyşynyň hasaby boýunça usuly görkezmeleri 2000-nji ýylda tassyklanyldy we 2008-nji ýylda täzelenildi. Olarda hasabyň esasy düşünjeleri we düzümi görkezilendir.

Girdejileriň ilkinji paýlanyşynyň hasaby rezidentleriň arasyndaky (institusional birlikleriň ýa-da bölekleriň) önümçilik işinden we eýeçilikden alnan girdejileriň ilkinji paýlanyşyny häsiýetlendirýär. Girdejileriň ilkinji paýlanyşynyň hasaby tutuş ykdysadyýet boýunça we institusional bölekler üçin düzülýär. Institusional birlikler şu aşakdakylardan ybarat: maliýä degişli bolmadyk kärhanalary, maliýe edaralaryndan, döwlet dolandyryş guramalary, öý hojalyklaryna hyzmat edýän täjirçilige degişli bolmadyk guramalaryndan we öý hojalyklarynyň böleklerinden ybarat.

Girdejileriň ilkinji paýlanyşynyň hasabynda önümçilige gatnaşýanlaryň (rezidentleriň) ilkinji girdejileri alyşy, şeýle-de eýeçilikden alnan we tölenen girdejiler görkezilýär. Bu hasapda bellige alnan ilkinji girdejiler rezidentleriň ýurduň JIÖ-ni öndürmäge gatnaşmagynyň netijesinde, şeýle hem beýleki ýurtlaryň JIÖ-ni öndürmekde göni we gytaklaýyn gatnaşmaklarynyň netijesinde alnan ilkinji girdejileri öz içine alýar.

Hasaplar pudaklaryň degişli statistiki hasabat görnüşleriniň görkezijileriniň esasynda düzülýär.

Girdejileriň ilkinji paýlanyşynyň hasaby boýunça usuly görkezmeleri Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Milli hasaplar müdirligi tarapyndan taýýarlanylan we milli derejede hasaplamak üçin ulanylýar.

9. Girdejileri ikinji paýlamagyň hasaplaryny düzmek boýunça usuly görkezmeler

Türkmenistanyň girdejileriniň ikinji paýlanyşynyň hasabyny gurnamak üçin esas bolup Birleşen milletler guramasynyň (BMG), Halkara Pul Gaznasynyň (HPG), Ykdysady hyzmatdaşlygy we ösüş guramasynyň (YHÖG-nyň), Bütindünýä bankyň, we Ýewrostatyň (Nýo-Ýork — 1998 ý.) tarapyndan kabul edilen MHU-93 usulyýeti hyzmat edýär.

Girdejileriň ikinji paýlanyşynyň hasaby boýunça usuly görkezmeleri 1999-njy ýylda tassyklanyldy we 2008-nji ýylda täzelenildi.

Şu resminamada ýurduň ykdysadyýetiniň arabaglanyşygyny, Türkmenistanyň sosial we täçirçilik ätiýaçlandyryşynyň işleýşiniň real ýagdaýyny hasaba alyp gündelik transfertleriň hasabynyň usulyýetine aýratyn üns berilýär.

Girdejileriň ikinji paýlanyşynyň hasabyna: girdejileriň ikinji paýlanyşynyň hasaby we natural görnüşinde girdejileriň gaýtadan paýlanylyşynyň hasaby degişlidir.

Girdejileriň ikinji paýlanyşynyň hasaby ilkinji geçirilen we alnan girdejileriň gündelik transfertleriň netijesinde öz ygtyýaryndaky girdejilere öwrülişini görkezýär. Bu hasap tutuş ykdysadyýet we institusional bölekler boýunça düzülýär we rezidentleriň arasynda bolşy ýaly, şeýle-de rezidentleriň we rezident dälleriň (beýleki döwletleriň) arasyndaky işleri aňladýar.

Institusional birlikler şu böleklerden: maliýä degişli bolmadyk kärhanalardan, maliýe edaralaryndan, döwlet dolandyryş guramalaryndan, öý hojalyklaryna hyzmat edýän täjirçilige degişli bolmadyk guramalaryndan we öý hojalygynyň böleklerinden ybarat.

Usulyýet görkezmeleriniň maglumatlarynyň ýaýradylmagy ilatyň ýaşaýyş derejesiniň wajyp görkezijilerini — öz ygtyýaryndaky girdeji we düzediş girizilen öz ygtyýaryndaky girdeji usuly esasynda seljermäge mümkinçilik berýär.

Hasaplar pudaklaryň statistiki hasabatlarynyň görnüşlerine laýyk gelýän maglumatlarynyň esasynda düzülýär.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Milli hasaplar müdirligi tarapyndan taýýarlanylan usuly görkezmeleri milli derejede hasaplamak üçin ulanylýar.

10. Girdejileri peýdalanmagyň hasaplaryny düzmek boýunça usuly görkezmeler

Görkezmeler Birleşen milletler guramasynyň (BMG), Halkara Pul Gaznasynyň (HPG), Bütindünýä bankyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG-nyň), we Ýewrostatyň MHU-93 tarapyndan kabul edilen halkara ülňüsine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Girdejinleri peýdalanmagyň hasaby boýunça görkezme 15.11.1999ý. tassyklanyldy we 2008-nji ýylda täzeden seredildi.

Şu resminamada kesgitlemegiň we doly hasaplamagyň eke-täk usulyny tapmaga aýratyn üns berilýär. Ol Türkmenisanyň ilatynyň sarp edýän harytlarynyň bazarynyň işleýşiniň real şertlerini hasaba almak bilen öý hojalyklarynyň harytlary we hyzmatlary ahyrky sarp edişiniň we söwda statistikasynyň görkezijileriniň hasaba alnylyşynyň dolulygyny üpjin edýär. Bu hasabyň düýp mazmuny öý hojalyklarynyň, döwlet edaralarynyň we öý hojalyklaryna hyzmat edýän täçirçilige degişli bolmadyk guramalarynyň öz ygtyýaryndaky girdejilerini nähili peýdalanýandygyklaryny görkezmekden ybaratdyr.

Girdejileri peýdalanmagyň hasaby şu aşakdaky bölümlerden we bölümçelerden ybaratdyr:

1. Öz ygtyýaryndaky girdejini peýdalanmagyň hasaby

a) Öý hojalyklaryň ahyrky sarp edilişe eden çykdajylary

b) Döwlet dolandyryş guramalarynyň ahyrky sarp edilişe eden çykdajylary

ç) Öý hojalyklaryna hyzmat edýän täçirçilige degişli bolmadyk guramalaryň ahyrky sarp edilişe eden çykdajylary (ÖHHETDBG)

2. Düzediş girizilen öz ygtyýaryndaky girdejini peýdalanmagyň hasaby.

3. Natural görnüşinde girdejileri gaýtadan paýlamagyň hasaby.

Girdejileri peýdalanmagyň hasabynyň her bir bölüminde hasabyň esasy düşünjeleri we düzümi görkezilendir.

Hasaplar pudaklaryň statistiki hasabatlarynyň görnüşlerine laýyk gelýän maglumatlarynyň esasynda, Döwlet býujetini ýerine ýetiriliş baradaky hasabatyň we beýlekiler esasynda düzülýär. Hasap tutuş Türkmenistanyň ykdysadyýeti we institusional bölekleri boýunça düzülýär.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Milli hasaplar müdirligi tarapyndan taýýarlanylan girdejileri peýdalanmagyň hasaby usuly görkezmeleri milli derejede hasaplamak üçin ulanylýar.

11. Maýa bilen işlemegiň hasabyny düzmek boýunça usuly görkezmeler

Türkmenistanyň maýa bilen işlemegiň hasabyny düzmek üçin esas bolup, Birleşen milletler guramasynyň (BMG), Halkara Pul Gaznasynyň (HPG), Bütindünýä bankynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG-nyň) we Ýewrostatyň, 1993-nji ýylda BMG-nyň statistik komissiýasy tarapyndan kabul edilen (MHU-93, Nýo-Ýork — 1998 ý.) halkara ülňüsindäki usulyýeti hyzmat edýär.

Bu hasaby düzmek boýunça usuly görkezmeleri iş tejribesinde ulanmaklyk maliýe däl aktiwler bilen işlemegiň netijesinde maýanyň üýtgeýşine seljerme geçirmäge mümkinçilik berýär: esasy maýa, maddy dolanşyk serişdeler, gymmatlyklar, şeýle-de, düzümleýin ykdysady syýasaty emele getirmek üçin öndürilmedik aktiwler bilen işlemek.

Maýa bilen işlemegiň hasaby boýunça usuly görkezmeleri 18.10.1999ý. işlenilip taýýarlanyldy we tassyklanyldy, 2008-nji ýylda gaýtadan seredildi.

Usuly görkezmeleri birnäçe bölümlerden ybarat bolup, olarda hasabyň esasy düşünjesi we düzümi barada anyk ýazylan, hususanda, ykdysady aktiwler, esasy maýanyň jemi toplanyşy, düýpli transfertler esasy maýanyň sarp edilişi we beýlekiler.

Maýa bilen işlemegiň hasaby tutuş Türkmenistanyň ykdysadyýeti we institusional bölekleri boýunça düzülýär. Institusional birlikler aşakdaky böleklere: maliýä degişli bolmadyk kärhanalara, maliýe edaralaryna, döwlet dolandyryş guramalaryna, öý hojalyklaryna hyzmat edýän täjirçilige degişli bolmadyk guramalara we öý hojalyklarynyň böleklerine bölünýär.

Hasaplar pudaklaryň degişli statistiki hasabat görkezijileriniň, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabat maglumatlaryň we beýlekileriň esasynda düzülýär.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Milli hasaplar müdirligi tarapyndan taýýarlanylan usuly görkezmeleri milli derejede hasaplamak üçin ulanylýar.

12. Milli hasaplar ulgamynyň ýörelgelerine laýyklykda sosial transfertleri hasaplamak boýunça görkezmeler

Sosial transfertleri hasaplamak boýunça görkezmeler MHU-93., Halkara Pul Gaznasynyň (HPG)usulyýet görkezmelerine, Bütindünýä bankyň, ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG-nyň), we Ýewrostatyň halkara ülňüsine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Häzirki görkezmeleriň maksady — milli hasaplar ulgamy boýunça halkara ülňüsi bilen usuly taýdan utgaşýan, oý hojalyklarynyň alan sosial transfertleriniň hasabynyň shemasyny bir nusga getirmek. Bu görkezme MHU-nyň esasy hasaplaryny düzmek boýunça usuly bilen usulyýet taýdan ylalaşylan. Sosial transfertleri hasaplamak boýunça görkezmeler 15.11.2000-nji ýylda işlenilip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.

Sosial transfertleriniň hasaplanyşy, sosial tölegleri pul görnüşinde görkezýär (pensiýalary, kömek pullary, talyp haklary we ş.m.) we ykdysadyýetiň bölekleri boýunça natural görnüşinde alnan sosial transfertleri görkezýär. Öý hojalyklaryna mugt ýa-da ýeňillikli nyrhlarda berilýän bazara degişli bolmadyk hususy hyzmatlar, we oý hojalyklaryna bermek üçin döwlet guramalary tarapyndan satyn alnan ilatyň sarp edýän harytlary we hyzmatlary hatural görnüşdäki sosial transfertlere degişli.

Döwlet býujetini ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabat, döwlet ätiýaçlandyryş gaznasynyň ýerine ýetirilişi baradaky maliýe hasabaty, ätiýaçlandyryş edaralarynyň ýyllyk buhgalterçilik hasabaty we pudaklaýyn statistikanyň maglumatlary sosial tölegleriň we ýeňillikleriň maglumatlar çeşmesi bolup durýar.

Milli hasaplar ulgamynyň ýörelgelerine laýyklykda sosial transfertleri hasaplamak boýunça görkezmeleri Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Milli hasaplar müdirligi tarapyndan taýýarlanylyp jemi içerki önümi (JIÖ-ni) milli derejede hasaplamak üçin ulanylýar.

13. Ilatyň pul girdejileriniň we çykdajylarynyň balansyny hasaplamagyň usulyýetini kämilleşdirmek

Ilatyň pul girdejileriniň we çykdajylarynyň balansyny hasaplamagyň usulyýeti Türkmenistanyň milli hasaplar ulgamynda öý hojalyklary sektorynyň hasaplaryny gurmak üçin çeşmeleri hakyky beýan eltmek maksady bilen işlenip düzüldi.

Sosial-ykdysady görkezijileriň hasaplamalary makroykdysady görkezijileriň emele getirilmegi boýunça umumy talaplaryna laýyklykda we statistiki ulgamyň görkezijileriniň aýratynlyklaryny göz öňüne geçirilýär.

Ilatyň pul girdejileriniň we çykdajylarynyň balansyny hasaplamagyň usulyýetiniň esasynda öý hojalyklarynyň gözegçiliginiň işlenip taýýarlanylan tablisalary, döwlet statistiki hasabatynyň görkezijileri, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kassa dolanyşygy we aýry-aýry ministrlikleriň, pudaklaýyň dolandyryş edaralarynyň görkezijileri durýar.

Ilatyň pul girdejileriniň we çykdajylarynyň balansy sosial-ykdysady seljerişiň ilatyň durmuş derejesini häsiýetlendirýän guralarynyň biri bolup durýar.

Ilatyň pul girdejileriniň we çykdajylarynyň balansyny hasaplamagyň usulyýeti 2 bölümden ybarat.

«Ilatyň pul girdejileri» diýen 1-nji bölümde ilatyň ähli toparlary boýunça zähmet haklary, pensiýalar, kömek pullary, talyp haklary we başga sosial transfertler; oba hojalyk önümleriniň satylmagyndan, goýumlardan, gymmatly kagyzlardan düşýän göterimler, diwidendlera görnüşinde emläkden gelen girdejiler, telekeçilik işi bilen meşgurlanýan şahsylaryň girdejileri, ätiýäçlyk öwezini doluş tölegleri, ssudalar, daşary ýurt puluny satmakdan gelen girdejiler, geçirimler arkaly alnan pullar; gaýry girdejiler görkezilýär.

«Ilatyň pul çykdajylary» diýen 2-nji bölümde ilatyň pul girdejilerini durmuşa geçirmegiň formasy hökmünde pul çykdajylaryny, olaryň harytlary satyn almak we hyzmatlaryň tölegleri üçin ulanylyşyny, hökmany we meýletin töleglere, salgytlaryň we ýygymlaryň töleglerine, gozgalmaýan emlägi satyn almaklyga, daşary ýurt puluny satyn almaga, paýnamalary satyn almak üçin, ilatyň karzlaryny üzmek üçin, geçirimler arkaly iberilen pullary, şonuň ýaly-da goýumlardaky we gymmatly kagyzlardaky süýşürintgileriň artmagyny häsiýetlendirýär.

Ilatyň pul girdejileriniň we çykdajylarynyň balansynyň hasaplamasy Türkmenistan boýunça-da, sebitler boýunça-da amala aşyrylýar.

Ilatyň pul girdejileriniň we çykdajylarynyň balansyny hasaplamagyň usulyýeti Maliýe, gymmatly karzlaryň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan işlenip düzüldi.

14. Sarp ediş harytlaryň we tölegli hyzmatlaryň bölek satuw nyrhlarynyň gözegçiligi we sarp ediş nyrhlaryň indeksleriniň hasaplamasy boýunça usulyýet düzgünnamalary [1]

Şu maslahatlar, Türkmenistanyň çäklerinde sarp ediş bazarynda harytlaryň nyrhlaryna we tölegli hyzmatlaryň tariflerine gözegçilik etmegiň tertibini we sarp ediş nyrhlaryň indeksini kesgitlemegiň usulyýetini belleýär.

Şu usuluýet düzgünleri, halkara standartlaryna laýyk gelýän sarp ediş nyrhlarynyň indeksini emele getiriş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça kömek beren halkara guramasynyň — Halkara Pul Gaznasynyň 1996-njy ýyldaky maslahatlaryny hasaba almak bilen, ilat tarapyndan satyn alynýan harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş nyrhlaryna we tariflerine statistiki gözegçiligiň guralyşyny kämilleşdirmek we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen işlenip düzüldi [2].

«Sarp ediş harytlaryň we tölegli hyzmatlaryň bölek satuw nyrhlaryna gözegçiligiň we sarp ediş nyrhlaryň indeksleriniň hasaplamagyň usulyýeti» şu bölümlerden durýar:

«Umumy düzgünler» diýen 1-nji bölümde sarp ediş böleginde hümmetsizlenmäniň derejesini häsiýetlendirýän iň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýan sarp ediş nyrhlaryň indeksi barada düşünje berilýär.

«Harytlaryň sarp ediş nyrhlarynyň we hyzmatlaryň tarifleriniň statistiki görkezijileriniň ulgamy we ony peýdalanmagyň maksatlary» diýen 2-nji bölümde sarp ediş harytlaryň nyrhlarynyň we hyzmatlaryň tarifleriniň statistikasynyň gysgaça düşündirişleri bilen görkezijiler beýan edilýär.

«Harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlaryna statistiki gözegçiligiň umumy ýörelgeleri» diýen 3-nji bölümde harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş nyrhlaryna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly usulyýet çemeleşmeleri beýan edilýär, nyrhlar hakynda ilkinji maglumatlar, nyrhlar baradaky maglumatlary bellige almaklygyň we ýygnamagyň tertibi berilýär, harytlaryň we hyzmatlaryň sarp edilýän toplumyny emele getirmegiň, binýatlaýyn söwda nokatlaryny seçip almagyň ýörelgeleri, wekilçilik edýän harytlaryň (hyzmatlaryň) saýlanyp alnyşy, wekilçilik edýän harytlaryň (hyzmatlaryň) çalşyrylyşy we binýatlaýyn kärhanalaryň çalşyrylyşy, şonuň ýaly-da ýok harytlaryň nyrhlarynyň derejesiniň üstüni ýetirip hasaplamagyň sarp ediş nyrhlarynyň indeksi hasaplanan mahalynda ulanylyp bilinjek, statistikanyň dünýä tejribesinde peýdalanylýan esasy ýörelgeleri görkezilýär.

«Maddy we maddy däl häsiýetdäki hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşleriniň nyrhlaryna (tariflerine) statistiki gözegçiligiň käbir aýratynlyklary» diýen 4-nji bölümde jemgyýetçilik içmiti tarapyndan ýerleşdirilýän önümleriň nyrhlaryny we tölegli hyzmatlaryň käbir görnüşleriniň tariflerini bellige almagyň özboluşlylygy görkezilendir.

«Ortaça nyrhlaryň we nyrhlaryň indiwidual indeksleriniň hasaplanyşy» diýen 5-nji bölümde sebit (welaýat, şäher, etrap) boýunça ortaça nyrhlary we bölek satuw nyrhlarynyň indiwidual indekslerini hasaplamagyň şekilleri görkezilýär.

«Çäk boýunça nyrhlaryň binýatlaýyn we zynjyrly indeksleriniň hasaplamalary» diýen 6-njy bölümde sarp ediş nyrhlarynyň indekslerini hasaplamagyň döwürleri görkezilendir.

Bölümde nyrhlaryň indeksleriniň binýatlaýyn we zynjyrly ulgam boýunça gurlan hataryny emele getirýän nyrhlaryň indekslerini wagtyň birnäçe yzygiderli kesimi üçin hasaplamagyň tertibi hakynda düşündirişler bar.

TACIS-iň Statistika-8 maksatnamasy boýunça «Sarp ediş nyrhalarynyň indeksine (SNI) gözegçilik etmegiň we hasaplamagyň statistiki usulyýetini kämilleşdirmek» boýunça işler göz öňünde tutuldy.

«Sarp ediş nyrhlarynyň indeksine (SNI) gözegçilik etmegiň we hasaplamagyň statistiki usulyýetini kämilleşdirmek» taslamasynyň maksady halkara standartlaryny we milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, sarp ediş nyrhlaryny hasaplamagyň usulyýetini we gözegçiligiň guralyşyny kämilleşdirmekden ybarat (aýratyn-da oba ýerlerinde).

Häzirki wagtda Türkmenistanyň statistikanyň halkara standartlaryna geçmegi bilen baglylykda sarp ediş harytlaryna we hyzmatlaryna çykdajylaryň halkara klassifikatoryna — СО1СОР-SENI — laýyklykda sarp ediş nyrhlarynyň indeksini hasaplamagyň usulyýet düzgünleri işlenip düzüldi. Bu usulyýetde Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Zähmet statistikleriniň 17-nji halkara konferensiýasy tarapyndan kabul edilen «Sarp ediş nyrhlarynyň indeksleri hakynda» rezolýusiýasy hem-de sarp ediş nyrhlarynyň indeksi boýunça Halkara zähmet guramasynyň, Halkara Pyl Gaznasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (HHÖG), Ýewropa bileleşikleriniň Statistiki býurosynyň (Ýewrostat), Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä Bankynyň taýýarlan «Nazaryýet we iş tejribesi» (2004—2007nji ýý.) gollanmasy hasaba alyndy. Bu usulyýete laýyklykda Türkmenistanda sarp ediş nyrhlaryna we tariflerine gözegçilik etmeklik şäher ýerlerinde-de, oba ýerlerinde-de alnyp barlar.

Bu usulyýet milli, welaýat we etrap derejelerinde peýdalanylýar.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Nyrhlaryň statistikasy we seljeriş müdirligi tarapyndan taýýarlandy.

____________

[1] Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary tarapyndan 1996-nji ýylda tassyklandy, 2000-nji, 2003-nji, 2005-nji ýyllarda bölekleýin gaýtadan seredildi.

[2] 1994-nji ýyldaTürkmenistanyň döwlet edaralarynyň we Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) şertleşigi boýunça statistika edaralarynda HPG-niň Statistika müdirliginiň missiýasy işledi, ol sarp ediş nyrhlarynyň indeksiniň halkara standartlaryna laýyk gelýän emele getiriş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça kömek etdi.

15. Eksport we import edilen harytlaryň ortaça nyrhlarynyň indeksleriniň hasaplanylyşynyň usulyýeti

Türkmenistanyň daşary ykdysady işleriniň seljerişi daşary söwdanyň netijeligine baha bermek esasynda geçirilýär. Munuň üçin indeks usuly ulanylýar, onuň maksady — eksport we import edilýän harytlaryň ortaça nyrhlarynyň derejesini we dinamikasyny bahalandyrmakdyr.

Indeksler belli bir döwürde harytlaryň gymmatynyň üýtgeýşiniň olaryň fiziki möçberiniň we bahasynyň üýtgemegine nähili derejede baglydygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Daşary söwdanyň indeksleri, MHU-da ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň gymmatlyk görkezijileri deňeşdirlen nyrhlar gaýtadan hasaplamakda deflýatorlar hökmünde peýdalanylyp bilner.

Daşary söwdanyň nyrhlarynyň indeksleriniň hasaplanylyşynyň usulýeti işlenip taýýarlanylanda Ýewrostatyň ýolbaşçylygynda taýýarlanylan «Indeksleriň söwda modulyndan (FSM)» peýdalanyldy. Halkara tejribesinde ortaça nyrhlaryň indeksini hasaplamak üçin Paaşeniň, Laspeýresiň we Fişeriň formulalary ulanylýar we şolaryň esasynda sowda şertleriniň indeksi hasaplanylýar.

16. Hyzmatdaş ýurtlarynyň daşary söwda statistikasynyň maglumatlaryny «aýnadaky» ýaly deňeşdirilişiniň usulyýeti

Türkmenistan daşary söwdanyň gümrük statistikasynyň düzgünlerini bir nusga getirmek we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy we beýleki ýurtlar bilen degişli maglumatlary alyşmagy ýönekeýleşdirmek maksady bilen 19.11.1994 ýylda GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşi tarapyndan tassyklanan bitewi usulyýetiniň düzgünlerine eýerýär.

Gümrük statistikasynyň iňňäm möhim wezipeleriniň biri gelip gowuşýan gümrük deklarasiýalarynyň dogrulygynyň we dolulygynyň üpjün edilmegidir, ol Türkmenistanyň daşary söwda statistikasynyň esasynda hem durýar.

Gümrük deklarasiýalarynda maglumatlaryň dogry görkezilmegi dürli ýurtlar bilen iki taraplaýyn söwda baradaky köplenç özara deň gelmeýän maglumatlaryň deňeşdirilmegine ýardam edýär.

Söwdada hyzmatdaş ýurtlaryň eksport-importyny dünýä tejribesinde ulanylýan «aýnadaky» ýaly garşylyklalaýyn deňeşdirilişine laýyklykda «aýnadaky» statistikanyň usuly gümrük statistikasy esasynda maglumatlary deňeşdirmeklige mümkinçilik berýär («Статистика международной торговли: концепции и определения» — ООН, 2000, «Методика проведения сопоставительного анализа данных таможенной статистики взаимной торговли стран СНГ» — Статкомитет СНГ, 1999).

Şu usuly işde Türkmenistan bilen söwda hyzmatdaşlygyny edýän ýurtlaryň gümrük statistiki maglumatlarynyň deňşedirme seljerişiniň geçirilişiniň düzgüni işlenip taýýarlanyldy.

17. Türkmenistanyň daşary söwdasynda resmi däl böleginiň möçberini hasaplamagyň usulyýeti

Türkmenistanda daşary söwda boýunça statistiki maglumatlary ýygnamagyň we gaýtadan işlemegiň resmi usuly Türkmenistanyň araçäginden geçiljek mahaly eksport edijiler we import edijiler tarapyndan döwlet gümrük jarnamasy görnüşinde doldurylýan, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine her aýda tabşyrylýan maglumatlaryň esasynda emele gelýär.

Harytlary getirmek we çykarmak işleri bilen hususy meşgullanýan («ýekebara» ýa-da guramaçylyksyz söwda) şahslaryň daşary söwda işleriniň hasaba alnyşy belgili gümrük deklarasiýalarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar, olar boýunça maglumatlar belli bir derejede peselendir. Halkara statistika tejribesinde guramaçylyksyz söwdanyň möçberi bahalandyrylan statistiki görkezijiler — importyň we eksportyň hasaba alynmadyk möçberi görnüşinde ykdysadyýetiň resmi

däl bölegine degişli bolýar.

Türkemnistanyň daşary söwdasynda resmi däl bölegiň möçberi Türkmenistanyň gümrük nokatlarynda şahslaryň seçimleýin gözegçiliginiň netijeleri boýunça bahalandyryldy. Bu gözegçilik Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Türkmenistanyň Serhet gullugynyň guramaçylyk taýdan ýardam bermeginde Ýewrostatyň («Statistika-5» ТACIS taslamasy) usulyýet we tehniki taýdan goldamagynda ýörite işlenilip taýýarlanan usulyýeti boýunça Türkmenistanda ilkinji gezek 2003-nji ýylda geçirildi.

Seçimleýin gözegçiligiň netijeleri daşary söwda statistikasynda «ýekebara» söwdanyň möçberine düzediji koýeffisiýent hökmünde 2003-nji ýyldan 2006-njy ýyllar aralygynda peýdalanyldy.

Bu işde resmi däl bölegiň eksportda, importda we daşary söwda dolanyşygynda hasaba alynmadyk möçberine baha bermegiň kämilleşen usuly teklip edilýär. Bu usulyýet syýahatçylyk kärhanalarynyň üsti bilen gidýän we gelýän şahslaryň alternatiw seçimleýin gözegçiliginiň netijeleri boýunça işlenip taýýarlanyldy. Seçimleýin gözegçilik Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň guramaçylyk taýdan ýardam bermeginde 2007-nji ýylyň maýynda geçirildi. Teklip edilýän çemeleşme kabul ederliklidir, sebäbi syýahatçylaryň esasy bölegi haryt satyn almak maksady bilen Türkmenistanyň çäginden daşary gidýärler. Türkemenistanda bu gözegçilik birinji gezek haýsydyr bir halkara guramasy tarapyndan tehniki taýdan kömek bolmazdan, geçirildi. Şuňa meňzeş iş Russiýada kärhanalaryň seljerişi we döwlet uniwersitetiniň bazary Instituty — Ykdysadyýetiň ýokary mekdebi tarapyndan geçirildi, bu gözegçilik ulaglaryň ähli görnüşlerinde gatnadylan ýolagçylaryň möçberini kesgitlemäge we getirilýän-çykarylýan harytlaryň hasaba alynmadyk möçberine degişlilikde baha bermäge esaslandy. Bu gözegçiligiň maksady daşary söwda dolanyşygynyň, eksportyň, importyň doly statistik maglumatlaryny almaklygy amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň daşary söwdasynda resmi däl bölegiň möçberlerini bahalandyrmak bolup durýar.

Daşary söwdanyň statistikasyny kämilleşdirmegiň netijeleri JIÖ hasaplananda we ýurduň Töleg balansy işlenip düzülen mahalynda olary görkezmek üçin hem zerurdyr. Bu usuly işde aşakdaky wezipeler çözüldi:

18. Sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri: ylmy-usulyýet jähtleri

Işläp düzmäniň maksady — Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşiniň we düzüm taýdan kemala gelşiniň hakyky ýagdaýyny hasaba almak bilen sebitleriň sosial-ykdysady ösüşine baha bermegiň usulyýet ýörelgelerini, şol ösüşiň esasy ölçegi bolup durýan görkezijileri we hususy görkezijilerini hasaplamagyň usuly çemeleşmelerini hem-de tärlerini esaslandyrmak.

Gollanmada, hususan, Russiýa Federasiýasynyň, şonuň ýaly-da Ýewropa Bileleşiginiň döwlet hasabat edaralarynyň tejribesi, ylaýta-da tutuş ykdysadyýet derejesindäki baha beriş böleginde, ekologik toplumyň görkezijileri saýlanyp alnanda we beýleki ýadaýlarda, peýdalanyldy. Hususanam, öwrenilýän meselä şu işlerde beýan edilen täze çemeleşmeler hasaba alyndy:

Ondanam başga, sebitleýin ösüşiň käbir özboluşly görkezijileri girizildi hem-de öwrenilýän meselä saýlanyp alnan usulyýet çemeleşmeleri esasynda görkezijileriň ulgamlaşdyrylmagy amala aşyryldy.

«Sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşine baha bermegiň wezipeleri» diýen birinji bölümde häzirkizaman şertlerinde sebitleriň sosial-ykdysady ösüşiniň toplumlaýyn statistiki seljermesi baradaky meseläniň nazary taýdan goýluşy berilýär.

«Sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ölçegi we görkezijiler ulgamy» diýen ikinji bölümde sebitleýin ösüşe baha bermegiň özboluşly esasy ölçegi we görkezijiler ulgamlary esaslandyrylýar. Hususan-da, sosial-ykdysady we ekologik abadançylygyň jemleýji görkezijisi, ýagny esasy serişdeler üçin düýpli maýa goýumlarynyň we esasy serişdeleriň deňeşdirme ýagdaýyna getirilen gymmatynyň jemini ilatyň sanyna gatnaşygy hökmündäki ösüşiň binýatlaýyn potensialynyň indikatory teklip edilýär.

Üçünji bölümde sebitleriň sosial-ykdysady ösüşine baha bermek boýunça hasaplamalaryň usuly tärleri açylyp görkezilýär.

Gollanma iş tejribesinde ulanmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, ykdysady ministrliklere, şonuň ýaly-da sebitleýin derejedäki guramalara berildi.

Usulyýet gollanmasy Sebitleýin hasabaty guramak, ilkinji hasaba alnyş we seljeriş dolandyryşynda «Тürkmenmillihasabat» institutynyň pudaklaýyn dolandyryşlary bilen bilelikde işlenip düzüldi. Ol sebitleýin ösüşiň seljermesi geçirilende ykdysatçylary ylmy-usulyýet we amaly-usuly taýdan üpjün etmek üçin niýetlenýär.

19. Maliýe dellalçylygy  boýunça gytaklaýyn usullar arkaly ölçenýän hyzmatlary JIÖ –de beýan etmek üçin kesgitlemek boýunça hasaplamalaryň usulynyň işlenip düzülmegi

Şu işiň maksady MHU-2008ý. düzgünlerine laýyklykda JIÖ-niň we onuň düzüm bölekleriniň has oňaýly halkara deňeşdirmesini gazanmak üçin maliýe dellalçylygynyň gytaklaýyn ölçelýän hyzmatlarynyň (MDGÖH) goýberilişiniň hasaplanyş we peýdalanyş  usulyny tapgyrlaýyn özleşdirmekden ybarat.

Maliýe dellalçylyk hyzmatlary banklar we beýleki maliýe edaralary bilen, wagtlaýyn peýdalanylman duran maliýe resurslaryny jemlemekden we bir institusional birliklerden, bu resurslary maýa goýumlary maliýeleşdirmegi göz öňüne tutýan beýleki institusional birliklere gaýtaryp bermek we öwezini doldurmak esasynda, wagtlaýyn ulanmaga bermekden  ybaratdyr.

MHU-2008ý. maliýe dellalçylyk hyzmatlarynyň goýberilişini hasaplamak usuly MHU-1993ý. görkezmeleri işe ornaşdyrylanda gazanylan tejribäni göz öňünde tutmak bilen anyklanyldy. Anyklamalar maliýe dellalçylary, maliýe gurallary, serişdeleriň çeşmelerini, “sap göterimi” kesgitlemegi  öz içine aldy.

Maliýe dellalçylygyň gytaklaýyn ölçelýän hyzmatlarynyň goýberiliş we peýdalanylyş görkezijileriň hasaplaýyş usulyýetiniň esasy düzgünleriniň kesgitlemesi institusional sektorlaryň önümçilik we girdejileriň emele gelmeginiň hasaplaryny, şeýle-de “resurslar-peýdalanylyşy” we “harajatlar-önüm goýberiş” tablisalary  düzmekde peýdalanylar. Bu usuldan peýdalanmak ykdysadyýetiň aýry-aýry sektorlarynda we pudaklarynda, jemi içerki önümiň (JIÖ) we onuň düzüm böleklerinde emele gelýän, goşulan gymmatyň bahalandyrylyşynyň ygtybarlylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berer.

MDGÖH hasaplamalary üçin maglumat çeşmesi bank statistikasy bolup durýar.

Şu usuly işde görkezilen MHU-2008ý. düzgünlerine laýyklykda MDGÖH goýberilişiniň we onuň peýdalanyşyň toparlary boýunça paýlanylyşynyň hasaplanylyşynyň beýany JIÖ-niň we onuň düzüm bölekleriniň halkara deňeşdirilişini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 18-nji noýabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 20/14-2).

20. “Harajatlar– önüm goýberiş” binýatlaýyn tablisalarynyň işlenip düzülmegini maglumat taýdan üpjün etmek maksady bilen seçimleýin  statistik gözegçiligi geçirmegiň usuly

“Harajatlar önüm goýberiş” tablisalary hasaplar ulgamynyň düzüji bölegi bolup, ykdysadyýetiň düzümini ykdysady işleriň we önümleriň görnüşlerini hemme taraplaýyn jikme-jik häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň integrirlenen ulgamyndan ybarat. Hasaplaryň doly yzygiderliligini üpjün etmek bilen, bu tablisalar harytlaryň we hyzmatlaryň önümçiligini we peýdalanylyşyny, şeýle hem önümçiligiň dowamynda döreýän girdejileriň emele gelşiniň we peýdalanylyşynyň has jikme-jik seljermesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

“Harajatlar önüm goýberiş” tablisalar jemi içerki önümiň balanslaşdyrylan we has takyk bahalandyrmasyny almagyň esasynda durýar. Halkara guramalary üçin  “harajatlar önüm goýberiş”  tablisalar ulgamyny düzmegiň yzygiderliligi we jikme-jikleşdirilişiniň derejesi möhüm makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň hiliniň görkezijisi bolup durýar.

Önümçilige we önümleri ýerleşdirmeklige harajatlaryň düzümi barada, şeýle hem önümleriň (harytlaryň we hyzmatlaryň) jikme-jik sanawy boýunça esasy we dolanyşyk serişdeleriniň jemi toplanyşynyň düzümi barada maglumat almak üçin önümçilige we (ýa-da) harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerleşdirmeklige harajatlara, şeýle hem işe girizilen maşynlaryň, enjamlaryň, ulag serişdeleriniň we abzallaryň düzümine seçimleýin statistik gözegçiligiň geçirilmegi zerur.

Usuly iş  “harajatlar önüm goýberiş” tablisalar ulgamy işläp taýýarlamakda maglumat üpjünçiligi maksatlary bilen geçirilýän kärhanalaryň we guramalaryň birwagtlaýyn seçimleýin gözegçiligini geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Bu gözegçilik Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär. Sebitleýin bölümleriň işgärleri üçin Türkmenstatyň merkezi edarasynyň işgärleri tarapyndan okuw geçirildi. Öz nobatynda sebitleýin bölümleriň işgärleri gözegçilik geçirilýän guramalaryň buhgalterleriniň arasynda düşündiriş işlerini we okuw seminaryny geçirerler.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 29-njy noýabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 21/14-2).

21. Ilatyň pul girdejileriniň we çykdajylarynyň balansyny hasaplamagyň usulyýetini kämilleşdirmek

Ilatyň pul girdejileriniň we çykdajylarynyň balansyny hasaplamagyň usulyýeti Türkmenistanyň milli hasaplar ulgamynda öý hojalyklary sektorynyň hasaplaryny gurmak üçin çeşmeleri hakyky beýan etmek maksady bilen işlenip düzüldi.

Sosial-ykdysady görkezijileriň hasaplamalary makroykdysady görkezijileriň emele getirilmegi boýunça MHU talaplaryna laýyklykda we statistik görkezijiler ulgamyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup amala aşyrylýar.

Ilatyň pul girdejileriniň we çykdajylarynyň balansyny hasaplamagyň usulynyň esasynda öý hojalyklarynyň gözegçiliginiň işlenip taýýarlanylan tablisalary, döwlet statistik hasabat formalarynyň, bank statistik hasabatlarynyň, aýry-aýry ministrlikleriň, pudaklaýyň dolandyryş edaralarynyň, täjirçilik däl kärhanalarynyň we ş.m. görkezijileri alynýar.

Ilatyň pul girdejileriniň we çykdajylarynyň balansy ilatyň ýaşaýyş derejesini häsiýetlendirýän sosial-ykdysady seljerişiň gurallarynyň biri bolup durýar.

Balans girdeji we çykdajy böleginden ybaratdyr. Balansyň girdeji böleginde ilatyň aşakdaky pul girdejileri barada maglumatlar görkezilýär: zähmet haky, ilatyň telekeçilik işlerinden girdejileri, pensiýalar, kömek pullary, talyp haklary we pul görnüşindäki beýleki sosial transfertler, oba hojalyk önümlerini satmakdan gelýän serişdeler, diwidendler görnüşinde eýeçilikden alnan girdejiler, goýumlar boýunça, döwlet we beýleki gymmatly kagyzlar boýunça girdeji tölegleri boýunça göterimler, ýaşaýyş jaýynyň ikinji bazarynda ilatyň girdejileri, daşary ýurt puluny satmakdan girdeji, şeýle hem ätiýaçlandyryş öwezini doluş serişdeleri we beýleki girdejiler görkezilýär.  

Balansyň çykdajy böleginde ilatyň aşakdaky çykdajylary we süýşürintgileri barada maglumatlar görkezilýär: harytlary satyn almak we hyzmatlara töleg; hökmäny tölegler we meýletin tölegler; goýumlarda we gymmatly kagyzlarda süýşürintgiler; gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin çykdajylar; daşary yurt puluny satyn almak üçin çykdajylar we beýleki çykdajylar görkezilýär.

Ilatyň pul girdejileriniň we çykdajylarynyň balansynyň hasaplamasy sebitler we Türkmenistan boýunça amala aşyrylýar.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2013-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 10/13).

22. Maliýe hasabatlygynyň milli standartlaryny nazara almak bilen statistik we maliýe hasabatlarynyň esasynda maliýe koeffisiýentlerini hasaplamagyň usulynyň kämilleşdirilmegi

 Bu işde Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň 2012-nji ýylyň 8-nji fewralyndaky 12-Ö belgili buýrygy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2012-nji ýylyň 6-njy martynda 633 san bilen bellige alynan  maliýe hasabatlarynyň milli standartlarynyň ornaşdyrylmagyny nazara alyp, statistik we maliýe hasabatlarynyň esasynda maliýe koeffisiýentlerini hasaplamagyň usuly kämilleşdirildi.

Bu işiň maksady hereket edýän maliýe we statistik hasabatyň binýadynda maýa goýumlarynyň netijeliligini bahalandyrmak, kärhanananyň (guramanyň) işlerini gowulandyrmak ýa-da durnuklaşdyrmak boýunça işjeň önümçilik-hojalyk we dolandyryş çözgütlerini  kabul etmek üçin zerur bolan, kärhanalaryň (guramalaryň) maliýe-hojalykişlerini seljermek üçin görkezijiler ulgamyny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Maliýe koeffisiýentleriniň hasaplamasy maliýe görkezijileri bolan hasabaty seljermegiň has belli we köp ulanylýan usullarynyň biri bolup durýar. Bu usul görkezijileriň arasyndaky baglanyşygy görmäge we olaryň üýtgemek meýlini bahalandyrmaga mümkinçilik berýär.

Aýratyn toparlara bölünen maliýe koeffisiýentlerinden peýdalanylmagy hasabat maglumatlaryny düşünmek üçin has oňaýly görnüşde bermäge mümkinçilik berýär. Maliýe koeffisiýentleriniň otnositel görkezijiler bolup durýandygy, ösüşi bahalandyrmaga, şeýle hem pudaklaýyn deňeşdirmeler bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýär.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 16/14-2).

23. Jemi içerki önümi deňeşdirme nyrhlarda bahalandyrmagyň usulyýeti

Şu işiň maksadyhäzirki zaman halkara standartlarynyň esasynda milli hasaplar ulgamynyň (MHU) görkezijileriniň hereket edýän nyrhlardan deňeşdirme (hemişelik) nyrhlarda gaýtadan hasaplamak boýunça Türkmenistanyň statistikasynyň tejribesine jemi içerki önümiň (JIÖ) deňeşdirme (hemişelik) nyrhlarda hasaplamasynyň unifisirlenen usulyýet esaslaryny girizmäge ýardam bermekden we JIÖ-niň dinamikasynyň seljermesini amala aşyrmakdan ybarat. Halkara standarty hökmünde BMG, HPG, BB, ÝHÖG, Ýewrostat tarapyndan 1993-nji ýylda (MHU-93) kabul edilen, BMG-nyň Statistika Komissiýasy tarapyndan  makullanan usulyýeti bolup durýar.

Esasy wezipeleri – JIÖ deňeşdirme nyrhlarda maglumatlaryň dürli çeşmelerini peýdalanmak bilen esasy görkezijileriň has doly görkezilmegi we emele gelmegi üçin ykdysadyýetiň hasaba alynmadyk bölegini goşmak bilen hasaplamaga mümkinçilik berýän gurallary işläp taýýarlamakdyr.

JIÖ we onuň komponentlerini hemişelik nyrhlarda bahalandyrmak ykdysadyýetiň ösüş derejesiniň, ykdysady şertleriň üýtgäp durmagynyň, düzüm üýtgemelerini ýüze çykarmagyň, çaklamagyň we ş.m. iňňän wajyp görkezijileri bolan olaryň fiziki möçberiniň indeksleriniň hasaplamasy üçin zerur.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2011-nji ýylyň 21-nji noýabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 22/11).

24. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň jemi goýberilişiniň möçberini bahalandyrmak boýunça usulyýet görkezmesi

 Bu usulyýet işiniň maksady häzirki zaman halkara standartlarynyň esasynda Merkezi bankyň goýberilişini düzmegiň bir nusga getirilen usulyýet ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyny üpjün etmekden ybarat. Bu usulyýet işi Merkezi bankyň hyzmatlarynyň hasaplamasyny täze ykdysady ýagdaýa, usulyýet barlaglarynyň soňky gazananlaryna  we peýdalanyjylaryň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berer. Usulyýet işiniň iş ýüzüne geçirilmegi ykdysadyýetiň aýratyn sektorlarynda we pudaklarynda döredilýän goşulan bahanyň, JIÖ-niň we onuň komponentleriniň bahalandyrmasynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Bu maksady amala aşyrmak üçin aşakdaky wezipeler çözüldi:

- MHU-nyň umumy düzgünleri we düşünjeleri, önümçilik usuly bilen JIÖ-ni esasy düzüjileri beýan edildi;

- MHU 2008 boýunça Merkezi bankyň hyzmatlaryny hasaba almak boýunça usulyýet çemeleşmeleri beýan edildi;

– Merkezi bankyň ony düzüji toparlar: bazara dahylsyz hyzmatlar, bazar hyzmatlary, maliýe guramalarynyň işlerine gözegçilik etmek boýunça hyzmatlar boýunça goýberilişiniň we aralyk sarp edişiniň hasaplamasyna seredildi.

Usulyýet esaslary hökmünde aşakdaky materiallardan peýdalanyldy:

Ýewrostat, HPG, YHÖG, BMG, Bütindünýä banky tarapyndan taýýarlanylan 1993 ýylyň milli hasaplar ulgamy (Brýussel-Lýuksemburg, Waşington, Nýu-ýork, Pariž, 1993 ýyl);

Ýewrostat, HPG, YHÖG, BMG, Bütindünýä banky tarapyndan taýýarlanylan 2008 ýylyň milli hasaplar ulgamy (Nýu-ýork, 2009 ýyl);

GDA döwletleriniň Statistika komiteti tarapyndan taýýarlanylan maliýe edaralary sektory üçin MHU-nyň hasaplaryny düzmek üçin görkezijileri hasaplamagyň usullary we maglumat çeşmeleri (Moskwa, 2002 ýyl).

 (Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2013-nji ýylyň 29-nji noýabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 12/13).

25. Daşary ykdysady aragatnaşyklaryň hasabyny düzmek boýunça usulyýet görkezmeleri

 Bu usulyýet görkezmeleriniň maksady Birleşen Milletler Guramasy, Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä banky, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy we Ýewrostat tarapyndan kabul edilen, BMG-nyň statistik komissiýasy tarapyndan 1993-nji ýylda (MHU-93) makullanan halkara standarty esasynda Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklarynyň hasaplaryny düzmegiň bir nusga getirilen usulyýet ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Bu maksady amala aşyrmak üçin aşakdaky meseleler çözüldi:

- beýleki döwletleriň hasaplarynyň düzümi we umumy häsiýetnamasy berildi;

- MHU-nyň beýleki döwletler babatda töleg balansynyň we hasaplarynyň arasyndaky arabaglanyşyklar we tapawutlar beýan edildi;

- harytlaryň we hyzmatlaryň, ilkinji girdejileriň we gündelik transfertleriň, şeýle hem maýa bilen amallaryň daşary ykdysady hasaplaryny düzmegiň meselelerine seredildi.

Usulyýet görkezmeleriň iş tejribesine ornaşdyrylmagy daşary ykdysady aragatnaşyklaryň hasabynda, şeýle-de içerki ykdysadyýetiň hasaplarynda Türkmenistanyň içerki ykdysadyýetiniň we beýleki döwletleriň arasyndaky, şeýle hem, milli hasaplar ulgamynyň usulyýeti boýunça Türkmenistanyň jemi we sap milli girdejisiniň görkezijilerini hasaplamak üçin amala aşyrylýan amallary has doly görkezmek üçin esaslary üpjün eder.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2014-nji ýylyň 7-nji aprelinde tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 04/11).

26. “Harajatlar–önüm goýberiş” tablisalaryň düzülşiniň usuly 

Usuly iş 2008-nji ýylyň Milli hasaplar ulgamynyň (BMG, HPG, Bütindünýä banky, YHÖG we Ýewropa bileleşigi), şeýle hem Ýewrostatyň 2008-nji ýyldaky (ÝB) resurslar we peýdalanyş tablisalary we “Harajatlar–önüm goýberiş” tablisalary düzmek boýunça gollanmasy esasynda işlenip taýýarlanyldy. Usuly iş taýýarlananda beýleki geçiş ykdysadyýetli ýurtlaryň resurslar we peýdalanyş tablisalary düzmek boýunça tejribeleri, şeýle hem ykdysadyýetiň, maglumatlaýyn binýadyň aýratynlyklary we Türkmenistanyň milli statistik ulgamynyň bar bolan resurslary göz öňünde tutuldy.

“Harajatlar–önüm goýberiş” tablisalary düzmek boýunça usuly işi ýazmagyň maksady aşakdakylardan ybarat:

– “Harajatlar–önüm goýberiş” tablisalary düzmek boýunça hasaplaýyş yzygiderligini işläp taýýarlamak;

– Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ykdysady işleriniň we önümleriniň görnüşleriniň jikme-jik bölünişiginde pudagara baglanyşyklaryň we düzümleýin deňölçeglilikleriň toplumlaýyn häsiýetnamasyny öz içine alýan resmi statistik maglumaty emele getirmek;

– esasy makroykdysady görkezijileriň statistik bahalandyrmagyň hilini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak;

– “Harajatlar–önüm goýberiş” tablisalaryň ýyllyk gysga görnüşini taýýarlamak üçin ygtybarly binýady döretmek;

– gözegçilik edilmeýän ykdysadyýetiň ähli taraplaryny harytlaryň we hyzmatlaryň toparlary boýunça haryt akymlarynyň usuly esasynda anyklamak;

– haryt resurslarynyň ýyllyk balansyny düzmek üçin maglumat binýadyny döretmek;

– döwletiň ykdysady syýasatyny emele getirmek maksady bilen ykdysady çaklaýyşy amala aşyrmak üçin gural edinmek.

  “Harajatlar–önüm goýberiş” (HÖGT) tablisalar milli hasaplar ulgamynyň (MHU) aýrylmaz bölegi bolup durýar. MHU-nyň wajyp elementleriniň biri hökmünde makroykdysady görkezijiler hasaplananda, harytlaryň we hyzmatlaryň resurslaryny we peýdalanyşyny aýry-aýry görnüşlerinde bolşy ýaly, agregirlenen görnüşinde hem sazlamak üçin has netijeli gural bolup durýar. Statistik gural hökmünde, bu balans modeliniň ulgamy JIÖ-ini hereket edýän we hemişelik nyrhlarda hasaplamak üçin toplumlaýyn çemeleşmegiň esasynda has oňaýly binýat bolup durýar. Ykdysadyýetiň dürli komponentlerini isleg şeýle hem teklip tarapyndan yzygiderli, jikme-jik beýan etmek we seljermek nukdaýnazardan HÖGT MHU-nyň esasy bölegini düzýär. HÖGT ýurduň halkara zähmet bölünişigine çekilişini we onuň daşary söwdasynyň aýratynlyklaryny seljermek üçin gural hökmünde örän peýdaly bolup bilerler.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti 2015-nji ýylyň 27-nji martynda tassyklandy, bellige alyş belgisi 02/15-2)

27.“Innowasiýalaryň statistik hasaba alnyşynyň ýöredilişine usuly çemeleşmeleri kämilleşdirmek” 

“Innowasiýalaryň statistik hasaba alnyşynyň ýöredilişine usuly çemeleşmeleri kämilleşdirmek” usulyýet işi Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (YHÖG) we Ýewrostat tarapyndan 2005-nji ýylda işlenip düzülen “Innowasiýalar boýunça maglumatlary ýygnamak we seljermek boýunça maslahatlar” diýen Oslo gollanmasyny hasaba almak bilen işlenip düzüldi.

2014-nji ýylyň awgust aýynda “Innowasiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şu Kanun Türkmenistanda innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Şu usulyýet işiniň maksady innowasiýalary statistik hasaba alnyşynyň usulyýet çemeleşmelerini kämilleşdirmekden ybarat we Türkmenistanda öňki kabul edilen we tassyklanan innowasiýa işi baradaky meta-maglumatlary “Innowasiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklyga getirmekden ybarat.

Barlagyň wezipeleri – Türkmenistanyň kanunçylygyndakywe halkara standartlaryndaky kesgitlemeleri deňeşdirmek we onuň esasynda Türkmenistanyň döwlet statistika ulgamynda ulanylýan innowasion işi boýunça metamaglumatlary kämilleşdirmek.

(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2015-nji ýylyň 28-nji maýynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 04/15-2).

Harytlaryň bölek satuw söwdasynyň seçimleýin statistik gözegçiligini geçirmegiň usuly Söwdanyň, ulagyň we aragatnaşygyň statistikasy müdirligi tarapyndan 2015-nji ýylda Türkmenstatyň 2015-nji ýyl üçin maksatnamasyna laýyklykda ýerine ýetirildi. Bu işiň maksady ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektorynda harytlaryň bölek satuw söwdasyna seçimleýin statistik gözegçiligi guramak we geçirmek üçin usuly binýadyň kämilleşdirilmegi bolup durýar. Usuly iş şu wezipeler üçin peýdalanylar: − baş we seçimleýin köplükleri kesgitlemek we emele getirmek; − bölek satuw söwdasynyň seçimleýin gözegçiliginiň sowalnamasyny işläp taýýarlamak; − ýurduň sebitlerinde bölek satuw söwdasynyň seçimleýin gözegçiligini guramak we geçirmek. Bu usul Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2015-nji ýylyň 30-nji iýunda № 10/15-2 belgi bilen tassyklanyldy.

28.“Halkara tejribisini nazara almak bilen sarp ediş nyrhlary boýunça möwsümleýin düzedişleri girizmegiň usuly”

Halkara tejribisini nazara almak bilen sarp ediş nyrhlary boýunça möwsümleýin düzedişleri girizmegiň usuly ilat tarapyndan önümçilik däl sarp ediş üçin satyn alynýan harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş nyrhlaryna we tariflerine statistik gözegçiligi guramak we hilini ýokarlandyrmak sarp ediş nyrhlarynyň indeksiniň hasaplamasyny kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Usulyýet işi taýýarlanylanda şu materiallar esas hökmünde alyndy: GDA döwletleriniň ykdysadyýetiň aýratynlyklaryny nazara almak bilen uýgunlaşdyrylan “Sarp ediş nyrhlarynyň indeksi boýunça gollanma: nazaryýet we tejribe” (Halkara zähmet guramasy, Halkara Pul Gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Ýewropa bileleşiginiň statistika gullugy, Birleşen Milletler Guramasy, Bütindünýa Gaznasy tarapyndan neşir edildi 2007ý., Waşington, HPG). Möwsümleýin düzedişleriň esasy maksady adaty möwsümleýin üýtgemeleri we seredilýän döwürde hereketiň çäklerinde adaty senenama täsirlerini gözden geçirmekden ybarat. Statistik gözegçiligiň möhüm wezipeleriniň biri görkezijileriň möwsümleýin sazlanan dinamiki hatarlaryny taýýarlamak we neşir etmek bolup durýar. Möwsümleýin sazlanan görkezijiler statistik gözegçiligiň standart guraly bolup durýar we başlangyç görkezijiler bilen bir hatarda işlenip taýýarlanylýar. (Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2015-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda tassyklanyldy, bellige alyş belgisi 14/15-2).

29.“MHU-nyň zerurlyklaryny nazara almak bilen maliýe sektorynyň statistik görkezijilerini emele getirmek boýunça usulyýet maslahatlaryny işläp düzmek”

1993-nji ýyldaky MHU-dan 2008-nji ýyldaky MHU geçmek boýunça çäreleri amala aşyrmagyň çäklerinde işi başlangyç tapgyr hökmünde ýerine ýetirildi we gysga möhletli esasda maslahat häsiýetine eýedir. Вu işde MB-nyň hyzmatlarynyň goýberlişiniň görkezijilerini hasaplamak üçin maglumat çeşmelerini, şeýle hem maglumat çeşmelerini görkezmek bilen görkezijileriň sanawyny kesgitlemek boýunça maslahatlar berildi, başlangyç maglumatlary almakda meseleler ýüze çykaryldy we döwlet statistik hasabat formalaryny kämilleşdirmek boýunça maslahatlar taýýarlanyldy. Bu maslahatlarda çärýekleýin maliýe hasabatynyň maglumatlary boýunça MB-nyň hyzmatlarynyň goýberlişiniň möçberiniň synag hasaplamasy geçirildi. Usulyýet esaslary hökmünde aşakdaky materiallardan peýdalanyldy: 1) Ýewrostat, HPG, YHÖG, BMG, Bütindünýä banky tarapyndan taýýarlanylan 2008-nji ýylyň milli hasaplar ulgamy (Nýu-ýork, 2009 ý,); 2) Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2012-nji ýylyň 9-njy martyndaky 46-ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Karz edaralaryň ýyllyk maliýe hasabaty baradaky düzgünnama; 3) Türkmenistanyň banklarynda buhgalter hasabynyň hasaplarynyň meýilnamasy we ony peýdalanmak boýunça görkezmeler, 2010 ý. 2008-nji ýyldaky MHU-da üýtgeşmeler maliýe işleriniň görkezijileriniň pul we maliýe statistikasynyň beýleki halkara ulgamlary bilen usulyýet taýdan ylalaşylmagyny üpjün etmeli. (2015-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ttarapyndan tassyklandy, 18/15-2 bellige alyş belgisi)