Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Usulyýet görkezmeleri  

Gollamanlar we düzgünnamalar

  1. Öý hojalyklarynyň statistikasynda Niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatoryny ulanmak boýunça gollanma

Öý hojalyklarynyň statistikasynda Niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatoryny ulanmak boýunça gollanma Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2010-njy ýylyň   6-njy awgustynda tassyklandy. Şu işiň taýýarlanmagy sarp ediş harytlaryň we hyzmatlaryň sanawynyň bölekleýin üýtgemegi we şunuň bilen baglylykda Niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatoryny ulanmak üçin geçiş açarlarynyň takyklanmagy bilen baglanyşykly.

Öý hojalyklarynyň statistikasynda 2008-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, resminamalarda we maglumatlary elektron işläp taýýarlaýyş ulgamynda Niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatory ulanylýar.

Geçiş açarlary öý hojalyklarynyň statistikasynda kabul edilen harytlar we hyzmatlar üçin çykdajylaryň klassifikasiýasyndan Niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatoryna geçilmegini üpjün edýär we öý hojalyklarynyň pul çykdajylary boýunça jemleýji statistiki maglumatlaryň geçen ýyllar bilen deňeşdirijiligini ulanmak üçin niýetlenýär.

Şu işiň goşundysynda 2011-nji ýylda öý hojalyklaryň statistikasynyň maglumatlarynyň işlenip taýýarlanyşyna, sarp ediş harytlaryň we hyzmatlaryň atlarynyň täzeden seredilen sanawynyň girizilmegini hasaba alyp, täzeden işlenip taýýarlanan “Statistiki maglumatlar işlenip taýýarlananda niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatorynyň kodlaryny ulanmak üçin geçiş açarlary” getirilýär.

Statistiki maglumatlar işlenip taýýarlananda niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatorynyň kodlaryny ulanmak üçin geçiş açarlary tablisa görnüşinde görkezilýär, we ol iki bölümden ybarat: “Iýmit önümleri we alkogolsyz içgiler, alkogolly içgiler, temmäki önümleri“we “Azyk däl harytlar we hyzmatlar”.        

Öý hojalyklaryň statistikasynda görkezijilere kod berilmegini ýeňilleşdirmek üçin idensifikasion kodlar ulanylýar.  Idensifikasion koduň berlişi iýmit önümlerine, alkogolsyz içgilere, alkogolly içgilere, temmäki önümlere we azyk däl harytlara, hyzmatlara aýratynlykda amala aşyrylýar.

“Statistiki maglumatlar işlenip taýýarlananda niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatorynyň kodlaryny ulanmak üçin geçiş açarlary“ Öý hojalygynyň statistikasy we seljerişi müdirligi taýýarlady.

 

2. Jemi sebitleýin önümi hasaplamagyň gollanmasy 

Jemi sebitleýin önümiň hasaplamalarynyň usulyýet esasy bolup, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG-nyň), BMG-nyň, Bütindünýä bankynyň, Halkara Pul Gaznasynyň, Ýewrostatyň (Nýu-Ýork — 1998ý.) 1993-nji ýylda taýýarlan Milli hasaplar ulgamynyň halkara ölçegi (MHU- 93) hyzmat edýär.

Jemi sebitleýin önümi hasaplamagyň gollanmasy Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin hasaplamalary deň getirmek maksady bilen welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň hasabat müdirlikleri bilen bilelikde jemi sebitleýin önümi önümçilik usuly bilen hasaplamagyň ýeke-täk usulyýet esasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama taýýarlanylanda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň «Önümçilik hasaplamalaryny düzmek boýunça usuly görkezmeler» (Aşgabat; 2008ý.) ulanyldy.

Gollanmada sebitleriň ykdysady pudaklary boýunça önümçilik hasaplamalarynyň görkezijileriniň hasabynyň usullary beýan edilen, goýberilişi, aralyk sarp edişi we goşmaça gymmaty hasaplamak üçin tablisalar getirilen. Goýberiliş we aralyk sarp edişiň hasaplamalary degişlilikde pudaklaryň hasabat görnüşleriniň hasabatynyň, Döwlet býujetiniň ýerine etirilişi barada hasabatynyň we beýleki maglumatlaryň esasynda geçirilýär.

Pudaklaryň klassifikasiýasy Halk hojalygynyň pudaklarynyň umumy döwlet klassifikatorynyň modifisirlenen görnüşine esaslanan (HHPUK). Häzirki wagytda Türkmenistanyň ykdysady işleriniň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna (YIGDK) geçmek boýunça işler alnyp barylýar.

Jemi sebitleýin önümiň hasaplamalary salgyt salmaklygy kämilleşdirmek, sebitleýin býujeti emele getirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde, döwletiň transfert, sosial syýasatyny kesgitlemekde uly ähmiýete eýedir, ýurduň jemi içerki önüminiň (JIÖ) emele gelmeginde her bir welaýatyň goşan goşandyny, Türkmenistanyň her bir sebitinde ilatyň adam başyna düşýän JIÖ-niň öndürilişini, sebitleriň sosial-ykdysady taýdan ösüşini deňleşdirmek syýasatyny kesgitlemäge mümkinçilik döredýär.

Gollanma Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Milli hasaplar müdirligi tarapyndan taýarlanyldy

3. Öý hojalyk kitaplarynyň, öý hojalyklarynyň sanawlaryny ýöretmegiň we jemleýji hasabatlary düzmegiň tertibi barada düşündiriş gollanmasy

«Öý hojalyk kitaplarynyň, öý hojalyklarynyň sanawlarynyň ýöretmegiň we jemleýji hasabatlary düzmegiň tertibi barada düşündiriş gollanmasy» 2008-nji ýylyň 18-nji aprelinde tassyklandy we 2009-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli hereket eder. Hojalyk kitaby öý hojalyklarynda oba hojalyk işleriniň tutuşlaýyn hasabaty ýöretmek maksady bilen girizildi. Onda maşgalalaryň düzümi, mellek ýerleriniň barlygy, mallaryň we guşlaryň baş sany, ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň öndürilişi görkezilýär.

Gollanma 6 bölümden ybaratdyr:

  1. Hojalyk hasaplaryny alyp barmagyň umumy düzgünleri
  2. Hojalygyň mellek ýeri
  3. Hojalykda öndürilen ekerançylyk önümler
  4. Hojalykdaky mallar
  5. Hojalykdaky ölen mallar
  6. Hojalykda öndürilen maldarçylyk önümler we soýlan mallar

Ýokarda görkezilen bölümleriň her haýsysynda olary dogry doldurmak boýunça jikme-jik görkezmeler berilen.

Gollanma etrap (şäher) derejesinde ulanylar we işläp düzülen gollanma esasynda hojalyk kitaby alyp barmagy we doldurmagy welaýat, etrap (şäher) häkimlerine tabşyryldy.

Bu gollanma Oba hojalygynyň statistikasy we seljeriş müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

4. Awtoulaglaryň ýerlenmeginden alynýan salgydy hasaplamak üçin awtoulaglaryň bazar nyrhyny ulanmak hakynda düzgünnama

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýerli salgytlar we ýygyndylar baradaky» 2000-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky № 4860 Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti gümrükhana paçlarynyň we aksizleriň hasaplanylmagy üçin awtoulag serişdeleriniň bazar nyrhlary barada maglumatlary taýýarlaýar.

Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 2001-nji ýylyň 17-nji awgustyndan 267 belgi bilen bellige alnan «Awtoulaglaryň satylmagyndan alynýan salgydy hasaplamak üçin awtoulaglaryň bazar nyrhyny ulanmak hakyndaky» Düzgünnama esasynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti «Awtoulag serişdeleriniň nagt pula satylýan bazar nyrhlary baradaky ýygyndyny» çärýekleýin goýberýär.

Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň statistika müdirlikleri tarapyndan awtoulaglaryň bazar nyrhlaryna olaryň görnüşleri, markasy, modeli we öndürilen ýyly boýunça (döwlet, telekeçilik we resmi bolmadyk bazarda) gözegçilik etmeklik ýerleşdirmegiň ähli ugurlary boýunça alnyp barylýar, şu nyrhlaryň esasynda hem nagt pula söwdadaky bazar nyrhlary çykarylýar.

Ýygyndy nyrhlaryň statistikasy we seljeriş müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

5. Işgärleriň sanynyň we iş hakynyň hasabaty boýunça gollanma

Işgärleriň sanynyň we iş hakynyň hasabaty boýunça gollanma. Şu gollanma Zähmet hakyna çykdajylaryň halkara klassifikasiýasy (HZG, Jenewa, 1985 ý.), Ýewrostatyň Girdejiler we zähmet harajatlary boýunça düzümleýin statistika babatynda 530/1999 belgili Maslahatlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Şu Gollanma Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän karhanalarda, guramalarda we edaralarda zähmet we oňa hak tölenişi meseleleri boýunça statistiki hasaba alyşynyň tertibini kesgitleýär we ol 12 sany bölümden ybarat.

I bölümde (Umumy düzgünler) hasaba almaga degişli bolan obýektler, senenamalaýyn hasabat berilýän döwür, zähmet boýunça hasabat düzülendäki esasy talaplar, zähmet hakynda hasabat düzülýän ilkinji hasaba alyş resminamalaryň formalary kesgitlenilýär.

II—VII bölümlerde işgärleriň sanyny hasaba almagyň tertibi ýerleşýär. Şonda işgärlerin sanaw boýunça düzümine hemişelik, möwsümleýin, şonuň ýaly-da hasabat döwründe bir gün we ondan köp wagtlap işleri ýerine ýetirýän hakyna tutma işgärler goşulýar.

Ortaça iş haky we beýleki ortaça görkezijiler hasaplananda «işgärleriň ortaça sanawy boýunça sany» diýen görkeziji peýdalanylýar. Işgärleriň ortaça sanawy boýunça sany kesgitlenende sanaw düzümindäki işgärleriň käbir toparlary goşulmaýar.

Köp pudakly hyzmatlary ýerine ýetirýän kärhanalaryň zähmet hakyndaky hasabatynda işleýänleriň umumy sanyndan esasy iş bilen meşgul bolýan we esasy däl iş bilen mesgul bolýan (hyzmatlary ýerine ýetirýän we gaýry hojalyklarda) işgärleriň aýratyn bölünip çykarylmagy göz öňünde tutulandyr.

Zähmet hakyndaky hasabatda işgärleri iki topara paýlanýar: işçiler we gullukçylar. Gullukçylaryň toparyndan ýolbaşçylar, hünärmenler we gullukçylara degişli beýleki işgärler bölünip çykarylýar.

Sanaw düzüminiň işgärleriniň hereketi işe kabul edilmegi we dürli
sebäplere görä işden çykarylmagy netijesinde işgärleriň sanaw boýunça sanynyň üýtgemegi bilen häsiýetlenýär. Iş orunlarynyň hereketi olaryň döredilmegi ýa-da ýapylmagy netijesinde kärhanada iş orunlarynyň sanynyň üýtgemegi bilen häsiýetlenyär.

«Iş haky» düşünjesi pul ýa-da zat görnüşinde hasaplanan gazançlaryň ähli görnüşlerini we sosial tölegleri maliýeleşdiriş çeşmelerine bagly bolmazdan garamazdan öz içine alýar.

IX—XI bölümlerde, işlenen we işlenmedik wagt üçin tölegleri, bir wagtlaýyn berilýän sylaglary we baýraklary, sosial häsiýetli tölegleri we guramanyň iş haky gorunda we sosial häsiýetli töleglerinde hasaba alynmaýan çykdajylary hem goşmak bilen, iş haky goruny hasaba almagyň tertibine seredilýär.

Döwlet statistiki hasabaty doldurylanda, töleg üçin hasaplanan pullaryň jemi görkezilýär. Şonda görkezilen jemi töleg kanunçylykda göz öňünde tutulan salgytlary we beýleki tutumlary aýyrmazdan görkezilýär.

6. Öý hojalyklaryň gözegçiligi boýunça gollanma

Öý hojalyklaryň gözegçiligi boýunça gollanma öý hojalyklarynyň büjetleriniň seçimleýin gözegçiligi geçirilende, Türkmenistanyň döwlet statistika dolandyryş edaralary üçin amaly işde peydalanmaga niýetlenildi.

Öý hojalygynyň gözegçiligi boýunça gollanma 5 bölümden ybarat

«Gözegçiligiň maksatnamsynyň mazmuny» diýen 1-nji bölümde öý hojalyklaryna gözegçilik etmegiň maksatnamsy görkezilýär, ol gözegçilik döwründe öý hojalyklaryna gelýän serişdeleri we sarp edilýän serişdeleri hasaba alýan görkezijilere esaslanýar. Ol bäş formadan we üç sany öý hojalyklarynyň pul we manada öwrülen pul görnüşinde bolmadyk girdejileriň we çykdajylarynyň (kömekçi) ýazgy blankalaryndan ybaratdyr:

«Öý hojalyklarynyň gözegçiligi boýunça ykdysatçylaryň borçlary» diýen 2-nji bölümde ykdysatçynyň her bir öý hojalygyna barmaly sany, maglumatlary takyklamagyň, öý hojalyklary boýunça wedomosty doldurmagyň tertibi görkezilýär.

«Maglumat ýygnamagyň» we «Öý hojalyklaryň pul girdejileri we çykdajylary» № 1 formany taýýarlamagyň tertibi" diýen 3-nji bölüme laýyklykda maglumatlary ýygnamak öý hojalygynda gündelik girdejileriň we çykdajylaryň (kömekçi) ýazgy blanklarynyň, şeýle hem öý hojalyklarynyň agzalary bilen göniden-göni sorag-jogap alyşmaklyga esaslanýar. Bu ýerde — «Öý hojalygynyň pul girdejileri we çykdajylary» (çärýeklik) № 1 formany we «Azyk önümleriniň dolanyşygy» (çärýegiň bir aýy) № 1a formany doldurmak boýunça gollanma berilýär.

№ 2 forma «Öý hojalygynda mallaryň, guşlaryň, bal ary maşgalalarynyň sany» we № 3 forma «Öý hojalygynyň emläginiň häsiýetlendirilişi» (ýyllyk) doldurmak boýunça gollanma 4 we 5 bölümlerde degişlilikde berilýär.

Goşundylarda öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiliginde zerur bolan habar beriji materiallar getirilýär.

«Öý hojalyklarynyň gözegçiligi boýunça gollanma» Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň milli we sebitleýin derejelerinde peýdalanylýar.

«Öý hojalyklarynyň gözegçiligi boýunça gollanma» Öý hojalygynyň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.

7. «Genstat Region» maglumatlar binýadyny girizmek we işlemek boýunça gollanma

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hereket edýän görkezijileri toparlara bölüp «Gender statistikasynyň görkezijiler ulgamyny» işläp taýýarlady..

Görkezijiler ulgamy hasaba alşyň we statistikanyň halkara tejribesinde we BMG-nyň, ÝUNESKO-nyň, BSGG-nyň, HZG-nyň we beýlekileriň usulyýet görkezmelerinde we klassifikasiýalarda kabul edilen ýörelgeleriň esasynda guruldy.

Gender statistikasy boýunça maglumatlar binýady Türkmenistanda 1998-nji ýyldan kemala gelip başlady. Gender hasaba alyşy üçin 6 bölümden ybarat bolan görkezijiler girizildi:

Döwlet statistiki hasabatynyň hereket edýän formalary, jyns alamatlary boýunça bölmek bilen, statistiki görkezijileri özünde saklaýan sowalnamalar gender statistikasynyň esasy bolup durýar.

1 bölümde Türkmenistanda statistika boýunça «Genstat region» maglumatlar binýadynyň — erkekler we aýallar babatda esasy statistika görkezijileri boýunça maglumatlar binýadynyň häsiýetnamasy berilýär. Onda milli, sebitleýin we etrap derejelerinde sosial we ykdysady işleriň dürli görnüşleriniň giň ulgamyny öz içine alýan temalar boýunça maglumatlar saklanýar we birnäçe bölümden durýar:

1.1. «Genstat region» gender statistikasy boýunça maglumatlar binýady barada maglumatlar

1.2. «Genstat region» maglumatlar binýadynyň düzümi:

1.2.1. ilat

1.2.2. saglygy goraýyş

1.2.3. bedenterbiýe we sport

1.2.4. bilim we ylym

1.2.5. durmuş üpjünçiligi

1.2.6. zähmet we iş bilen meşgullyk

2 bölümde «Genstat region» maglumatlar binýady bilen işlemek boýunça gollanma beýan edilýär, Access maglumatlar binýadyndaky ähli maglumatlar (hasaplama maglumatlaryny goşmazdan) Excel faýllary görnüşinde başlangyç tablisalarda ýerleşdirilýär. Ähli maglumatlar ýyllar boýunça şu tablisalara girizilýär, soňra olar Accesse eksport edilýär (geçirilýär).

Maglumatlary girizmek we işlemek boýunça gollanma Durmuş statistikasy müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy.