Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet  

Usulyýet görkezmeleri

Türkmenistanyň «Döwlet statistikasy hakynda» Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hasaba alnyşyň we statistikanyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça uly işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Statistikanyň usulyýeti we guralyşy müdirligi, pudak müdirlikleri tarapyndan statistika görkezijilerini hasaplamagyň usullaryny kämilleşdirmek, seçimleýin barlaglary geçirmek, statistikany guramagyň meseleleri boýunça usulyýet görkezmeler, gollanmalar we düzgünnamalar işlenip taýýarlanylýar.

Pudak müdirlikleriniň işgärleriniň taýýarlan gollanmalarynda kanunçylyk binýadynyň we ykdysadyýetiň düzüminiň üýtgemegi bilen baglylykda statistika görkezijileriniň ulgamyny, olaryň kesgitlemeleriniň we hasaplamalarynyň usulyýetini kämilleşdirmeginiň materiallary görkezilen.

Usuly gollanmalar kämilleşdirilende halkara statistika we ykdysady guramalaryň hasaba alnyşy we statistikany guramagyň hereket edýän ulgamyna uýgunlaşan görkezmeleri ulanyldy. Gollanmalaryň köpüsi halkara ekspertizany geçdi. Häzirki wagtda ulanylýan sosial-ykdysady ösüşi häsiýetlendirýän görkezijiler umulykda halkara guramalaryň sowalnamalaryndaky, Milli maksatnamalardaky, Müňýyllygyň ösüş maksatlaryndaky (BMG-niň statistika bölümi, ÝUNISEF, BMGIG, BMGÖM, MÖM we ş.m.) görkezijileriň sanawyna gabat gelýär.

Milli hasaplar boýunça sekretariatara iş toparynyň (Ýewrostat, HPG, YHÖG, BMG, Bütindünýä Banky — 1998ý.) ýolbaşçylygynda taýýarlanan MHU-93 halkara standartyň esasynda ýeke-täk usulyýet binýadyny döretmek maksady bilen hasaplamalary geçirmek üçin gollanmalar we düzgünnamalar işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «2000-nji ýyldan başlap edara görnüşindäki taraplar üçin ilkinji hasaba alyş resmi kagyzlaryny ginzmek hakynda» 1999-njy ýylyň 13-nji dekabryndaky № 4470 kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan ilkinji hasaba alyş resmi kagyzlarynyň bir iilňä getirilen görnüşleri taýýarlanyldy we tassyklanyldy, formalaryň nusgalaryny hem-de olary ulanmak we doldurmak boýunça gysgaça görkezmeleri öz içine alýan albom görnüşinde we elektron göterijilerde ýaýradyldy.

Statistika maglumatlaryny ýygnamak, girizmek, işlemek, saklamak we ýaýratmak işini guramak derejesiniň ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda ilkinji statistika maglumatlary ilatdan (anketalaryň üsti bilen), kärhanalardan (guramalardan), ministrliklerden (pudak edaralardan), banklardan we beýleki maliýe institutlaryndan ýygnalýar. Ýygnalan maglumatlar döwlet statistika ulgamynyň ähli üç basgançagynda-da işlenilýär hem-de kagyz we elektron göterijilerde ýaýradylýar. Statistikany guramagyň meseleleri boýunça usuly gollanmalarda statistika hasabatlarynyň hereket edýänlerine täzeden seredilmeginiň we täze formalaryň girizilmeginiň tertibi, kärhanalarda we guramalarda hasabat maglumatlarynyň dogrulygynyň barlaglaryny guramagyň we geçirmegiň tertibi, dürli neşirleri taýýarlamagyň we ýaýratmagyň tertibi we beýleki meseleler görkezilýär.