Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Sosial-ykdysady görkezijileriň ulgamy | Ilat öwrenişiň we ösüşiň esasy görkezijilerini hasaplamagyň konsepsiýasy we usulyýetiI  

Zähmet we Iş bilen meşgullyk

15 ýaşdan kiçi işleýän çagalaryň paýy

Umumy maglumat:

Теmasy:

Zähmet we iş bilen meşgullyk

Indikatoryň ady:

15 ýaşdan kiçi işleýän çagalaryň paýy

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator seçimleýin gözegçilikleriň esasynda regional we milli derejelerde, ýaşy we jynsy boýunça işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), CCA, MICS

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma

Halkara Zähmet Gaznasy (HZG) tarapyndan neşir edilýän resminamalarda we ýörite edebiýatda «çaga zähmeti» diýen düşünje «... psihiki, fiziki durmuşy ýa-da ahlak taýdan çagalar üçin howply ýa-da çagalara zyýan ýetirmek bilen baglanyşykly tölegli, şonuň ýaly hem tölegsiz iş hökmünde kesgitlenilýär. Bu edil çagalary mekdepde okamak mümkinçiliklerinden kesýän, ýa-da olary mekdep okuwlaryndan we öý borçlaryndan başga-da, başga ýerlerde ýerine ýetirilýän işler — çaga hukuklaruny elinden alýan we maşgalasyndan aýyrýan goşmaça işler bilen öz ýüküniň üstüni ýetirmäge olary mejbur edýän zähmetdir. Çaga zähmeti diýip ýerine ýetirilmegi çagalar üçin zyýanly we howply we halkara we milli kanunçylyk tarapyndan gadagan edilen işe düşünilýär».

Kesgitleme:

15 ýaşdan kiçi işleýän çagalaryň paýy töleg, peýda ýa-da maşgala üçin ykdysady işe hakyna tutulýan çagalara degişli. Ykdysady iş töleg, peýda ýa-da öz maşgalasynda peýdalanmak üçin harytlaryň we hyzmatlaryň önümçiligini öz içine alýar. Iş bilen meşgullanýan bellenen binýatlaýyn döwrüň dowamynda ykdysady işe gatnaşmaklygy ýa-da wagtlaýyn şeýle iş bilen meşgullanmazlygy aňladýar.

Öňde baryjy gurama:

Halkara Zähmet Guramasy we ÝUNISEF

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Maglumatlar ilat ýazuwlaryndan, işçi güýjüniň gözegçiliklerinden, çaga zähmetiniň ýörite gözegçiliklerinden, Köp görkezijili Klasterleýin Syn (MICS-3), DHS-den, Ýaşaýyş derejesiniň gözegçiliklerinden we maddy hal-ýagdaýyň Esasy Indikatorlary boýunça sowal-jogaplardan alynýar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Bu indikator üçin zerur bolan maglumatlary ilat ýazuwyndan alýarlar. Ýöne, käbir öý hojalyklarynyň zähmet işi bilen meşgul çagalar barada habar bermekden saklanmak mümkinçiligine görä, we şunuň ýa-da zähmet işi bilen meşgul adamlary kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler sebäbli, bu indikator işçi güýjiniň we öý hojalyklar tarapyndan ulanylyşyň ýörite gözegçiliklerinden alnan maglumatlarynyň kömegi arkaly hasaplanylýar.

Halkara we milli hasabatlylyk:

BMG, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti.

Bellik:

Öňi bilen «çaga zähmeti» düşünjesine nämäniň girmeýändigini anyklamak zerur. Çagalaryň we ýetginjekleriň, olaryň saglygyna we ösüşine täsir etmeýän, hem-de bilim almagyna päsgel bermeýän işleri ýerine ýetirmekleri, adatça oňaýly ýagday diýilip hasaplanylýar. Şeýle işleriň görnüşine çagalaryň öý ýa-da maşgala işleri boýunça ene-atalaryna kömegi, mekdepden soňra ýa-da mekdep kanikullary döwründe gündelik pul serişdelerini gazanmagy degişlidir. Bularyň ählisi çaganyň ösüşine we maşgala durmuşynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär, çaganyň geljekde jemgyýetiň mynasyp agzasy bolup ýetişmegi üçin zerur endikleri we tejribäni almagyna kömek edýär.

Zähmete ukyply ilatyň iş bilen meşgullyk derejesi

Umumy maglumat:

Теmasy:

Zähmet we iş bilen meşgullyk

Indikatoryň ady:

Zähmete ukyply ilatyň iş bilen meşgullyk derejesi

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Gatnaşyk

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 2), CCA

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Ýurduň zähmete ukyply ilatynyň sanynda we işçi güýçleriniň umumy sanynda iş bilen meşgullanýanlaryň paýy ýurduň zähmet mümkinçilikleriniň peýdalanylyşynyň çägini häsiýetlendirýär.

Kesgitleme:

Zähmete ukyply ýaşdaky zähmet bilen meşgullanýan ilatyň sanynyň zähmete ukyply ýaşdaky ilatyň umumy sanyna bolan gatnaşygy. Ykdysadyýetde iş bilen meşgullanýan ilata kiçi telekeçilikdäki subýektleri goşmak bilen, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalarda, edaralarda we guramalarda; ähli görnüşlerdäki kooperatiwlerde; fermer hojalyklarynda; jemgyýetçilik guramalarynda we gaznalarynda; dini guramalarda, şahsy kömekçi hojalykda işleýän adamlar, şeýle-de aýratyn adamlarda iş bilen meşgullanýanlary goşmak bilen, edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik bilen meşgullanýanlar degişli.

Öňde baryjy gurama:

Halkara Zähmet Guramasy.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Administratiw hasabat maglumatlary. Eger administratiw hasabat maglumatlary doly bolmasa, ýa-da ýok bolsa, onda işçi güýjiniň ýörite gözegçilikleriniň netijeleri maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Zähmet çeşmeleri balansy boýunça hasaplama görkezijisi. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabat maglumatlary, öý hojalyklarynyň býujetiniň gündelik gözegçilikleri. Indikator üçin zerur bolan goşmaça maglumat işçi güýjiniň seçimleýin gözegçiliginiň maglumatlary esasynda alnyp bilner. Döwürleýinligi — ýyllyk.

Bellik:

HZG-nyň rezolýusiýasyna laýyklykda we zähmet we iş haky boýunça hereket edýän hasabat ulgamyny kämilleşdirmek üçin çärýeklik seçimleýin gözegçilik girizmek maslahat berilýär, ol işçi güýjüne bolan islegiň we teklibiň arasynda deňagramlylygy gowulandyrmak we zähmet bazarynda syýasaty işjeňleşdirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak üçin zerur bolan maglumatlary degişli dolandyryş edaralarynyň ygtyýaryna bermäge mümkinçilik berer.