Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Sosial-ykdysady görkezijileriň ulgamy | Ilat öwrenişiň we ösüşiň esasy görkezijilerini hasaplamagyň konsepsiýasy we usulyýetiI  

BeýlekI durmuş görkezijileri

Milli mejlisde (parlamentde) aýallaryň eýeleýän wezipeleriniň paýy

Umumy maglumat:

Теmasy:

Beýleki durmuş görkezijileri

Indikatoryň ady:

Milli mejlisde (parlamentde) aýallaryň eýeleýän wezipeleriniň paýy

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), CCA, MÖM (3 Maksat, 4 Wezipe, 12 Indikator)

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Mejlisde (parlamentde) aýallaryň wekilçiligi — aýallaryň syýasy we jemgyýetçilik durmuşda mümkinçilikleriniň jähtleriniň biri we ol aýallaryň ygtyýarlylygy bilen baglanyşykly. Aýallaryň syýasy durmuşa gatnaşmagy jemgyýetde gender deňligini görkezýär we gender deňliginiň üpjün edilmeginde çözgütleri kabul etmäge ýardam edýär.

Kesgitlemе:

Milli mejlisde (parlamentde) aýallaryň eýeleýän wezipeleriniň paýy — bu aýallara degişli wezipeleriň sany, ähli eýelenen wezipelere göterimde aňladylýar.

Öňde baryjy gurama:

Mejlisara Bileleşigi, BMG.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Milli derejede maglumatlar milli mejlisleriň (parlamentleriň) maglumatlaryndan alynýar. Milli mejlisler aýallaryň we erkekleriň eýeleýän mejlis orunlarynyň we mejlis orunlaryň umumy sany barada habar berýär, Mejlisara Bileleşigi (IPU — MAB) halkara, global we sebitleýin jemleýji maglumatlary yzygiderli düzýär.

Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

Şeýle maglumatlar, adatça, Türkmenistanyň Mejlisinden gelip gowuşýar we saýlawlar geçirilenden çoňra täzelenilýär (5 ýylda 1 gezek).

Ilatyň 100 adamyna hasaplananda magistral telefon ýollary

Umumy maglumat:

Теmasy:

Beýleki durmuş görkezijileri

Indikatoryň ady:

Ilatyň 100 adamyna hasaplananda magistral telefon ýollary

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), MÖM (8 Maksat, 18 Wezipe, 47 Indikator), MICS

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Ösüş prosesine gatnaşýanlaryň arasynda netijeli kommunikasiýa zerur infrastruktura bolmazdan mümkin däl. Telefonlar (we personal kompýuterler) goýumlardan ýokary peýdany üpjün etmek bilen we dublirleme ýa-da maglumaty sypdyrmak meselesinden gaça durmak bilen, adamlara tejribe alyşmaga we bir-birekden öwrenmäge mümkinçilik berýär. Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanylmagy korrupsiýany azaltmak bilen we dolandyryşy gowulandyrmak bilen, Hökümetleri has aç-açan edip biler.

Kesgitlemе:

Magistral telefon ýollarynyň umumy sany ilatyň sanyna bölünýär we 100-e köpeldilýär. Abonentleriň terminal enjamlaryny döwlet kommutasion toruna birleşdirýän, kommutator telefon enjamynda munuň üçin niýetlenen porty bolan telefon ýollarynyň sany göz öňünde tutulýar.

Öňde baryjy gurama:

Halkara Telekommunikasiýa Bileleşigi

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Telefon ýollary boýunça maglumatlar Halkara Telekommunikasiýa Bileleşiginiň her ýyl hökümet telekommunikasiýa gulluklaryna iberýän sowalnamalary arkaly ýygnalýar. Sowalnamalar senagat guramalarynyň maglumatyň takyklygyny her taraplaýyn barlamak üçin we sowalnamalar jogap bermeýän ýurtlar barada maglumat almak üçin ýyllyk hasabatlary bilen doldurylýar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Hasaplanýan görkeziji. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabatlarynyň maglumatlary (aragatnaşyk birleşikleriniň we kärhanalarynyň aragatnaşyk serişdeleri we hili barada hasabat). Indikatory hasaplamak üçin goşmaça maglumat ýörite gözegçilikleriň maglumatlary esasynda alnyp bilner. Ilatyň sany baradaky maglumatlar milli ýazuwlardan we seçimleýin gözegçiliklerde, hem-de gündelik bahalandyrmalardan alnyp bilner.

Hasabatyň döwürleýinligi — çärýeklik, görkezijini hasaplamak — ýyllyk döwürliligi.

Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

Şu indikatoryň ösüşi 1993-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan alnyp barylýar.

Ilatyň 100 adamyna hasaplananda öýjükli aragatanaşygyň abonentleri

Umumy maglumat:

Теmasy:

Beýleki durmuş görkezijileri

Indikatoryň ady:

Ilatyň 100 adamyna hasaplananda öýjükli aragatanaşygyň abonentleri

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), MÖM (8 Maksat, 18 Wezipe, 47 Indikator), MICS

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Ösüş prosesine gatnaşýanlaryň arasynda netijeli kommunikasiýa zerur infrastruktura bolmazdan mümkin däl. Telefonlar (we personal kompýuterler) goýumlardan ýokary peýdany üpjün etmek bilen we dublirleme ýa-da maglumaty sypdyrmak meselesinden gaça durmak bilen, adamlara tejribe alyşmaga we bir-birekden öwrenmäge mümkinçilik berýär. Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanylmagy korrupsiýany azaltmak bilen we dolandyryşy gowulandyrmak bilen, Hökümetleri has aç-açan edip biler.

Kesgitlemе:

Öýjükli abonentleriň umumy sany ilatyň sanyna bölünýär we 100-e köpeldilýär. Öýjükli abonentler — bu döwlet awtomat ykjam telefon gullugyna birleşdirilen, döwlet ykjam telefon gullugyny elýeterli edýän, öýjükli tehnologiýadan peýdalanmak bilen, döwlet kommutasion telefon torunyň elýeterliligine mümkinçilik berýän öýjükli telefonlardan peýdalanyjylardyr.

Öňde baryjy gurama:

Halkara Telekommunikasiýa Bileleşigi

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Öýjükli abonentler boýunça maglumatlar Halkara Telekommunikasiýa Bileleşiginiň her ýyl hökümet telekommunikasiýa gulluklaryna iberýän sowalnamalary arkaly ýygnalýar. Sowalnamalar senagat guramalarynyň maglumatyň takyklygyny her taraplaýyn barlamak üçin we sowalnamalar jogap bermeýän ýurtlar barada maglumat almak üçin ýyllyk hasabatlary bilen doldurylýar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmesi:

Hasaplanýan görkeziji. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabatlarynyň maglumatlary (aragatnaşyk birleşikleriniň we kärhanalarynyň aragatnaşyk serişdeleri we hili barada hasabat). Indikatory hasaplamak üçin goşmaça maglumat ýörite gözegçilikleriň maglumatlary esasynda alnyp bilner. Ilatyň sany baradaky maglumatlar milli ýazuwlardan we seçimleýin gözegçiliklerden, hem-de gündelik bahalandyrmalardan alnyp bilner.

Hasabatyň döwürleýinligi — çärýeklik, görkezijini hasaplamak — ýyllyk döwürliligi.

Bellik:

Kommynikasiýa we aragatnaşyk ulgamy Türkmenistanyň ykdysadyýetinde gitdigiçe has möhüm rol oýnaýar, ýöne bu ulgama baha bermegiň statistiki ulgamy ýeterlik däl. Türkmenistanda resmi taýdan bellige alnan telekommunikasiýa kärhanalarynyň sany diňe 2—dir. Olaryň işine baha berýän käbir statistika ulgamlar (aragatnaşygyň ýerüsti we simsiz ýollary, Internet hyzmatlary), esasan, her ýylda geçirilýär, ýöne, görkezijileri gowulandyrmaklygy talap edýär we halkara standartlarynyň talaplaryna jogap bermeýär (hususanda, HTKJ — Halkara Telekommunikasiýa Jemgyýeti). Telekommunikasiýa bazarynyň makroykdysady toruna hem ölçegleriniň netijililigi ýeterlik däl baha berildi. Mesele aşakdakylardan ybarat: bu bölegi nähili edip has anyk kesgitlemeli; ýagdaýy doly beýan etmek üçin edil haýsy görkezijiler gerek? Kommunikasiýa we aragatnaşyk böleginiň ulanyjylary baradaky maglumatlar az.

Halkara (Halkara Telekommynikasiýa Bileleşiginiň standartlary) we Ýewropa standartlaryny peýdalanyp, ykdysady maglumaty hem goşmak bilen, aragatnaşyk hyzmatlarynyň berlişi we peýdalanylyşy barada ep-esli statistiki maglumatlary işläp taýýarlamak zerur.

Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

Şu indikatoryň ösüşi 2005-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan alnyp barylýar.

15—24 ýaşyndaky ýaşlaryň işsizligiň derejesi

Umumy maglumat:

Теmasy:

Beýleki durmuş görkezijileri

Indikatoryň ady:

15—24 ýaşyndaky ýaşlaryň işsizligiň derejesi

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde jynsy we ýaşy boýunça işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

MÖM (8 Maksat, 16 Wezipe, 45 Indikator), FoC (Ugur 2)

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Indikator ykdysadyýetde ýaş işçi güýjüniň peýdalanylyş derejesini görkezýär, şeýlelikde ýaşlar üçin iş orunlaryny döretmegiň baş ugrunyň üstünliginiň ölçegi bolup hyzmat edýär.

Kesgitlemе:

15—24 ýaşyndaky ýaşlaryň işsizligiň derejesi — bu 15—24 ýaşyndaky işsiz adamlaryň şol ýaş toparyndaky işçi güýjüniň görkezijisine bölünen sany. Işsiz adamlar — bu görkezilen salgylanylýan döwrüň dowamynda ähli işlemeýänler, ýöne işlemäge taýýar we tölegli işiň ýa-da hususy iş bilen meşgullygyň gözleginde anyk ädimler edenler.

Öňde baryjy gurama:

Halkara zähmet guramasy (HZG)

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Ýurt boýunça maglumatlar işçi güýjüniň gözegçiliklerinden, administratiw ýazgylardan, resmi milli hasaplamalardan we ilat ýazuwlaryndan alynýar. Işçi güýjüniň gözegçiligi adatça iň doly we deňeşdirip bolýan maglumat çeşmesini üpjün edýär. Işçi güýjüniň gözegçiliginde maglumatlary ýygnamak üçin kabul edilen ýörelgeler we kesgitlemeler hem adatça HZG-nyň rezolýusiýalaryna we maslahatlaryna laýyk gelýär.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmesi:

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabatlary. Indikatory hasaplamak üçin goşmaça maglumat işçi güýjiniň, ilatyň iş bilen meşgullygynyň gözegçiliginiň maglumatlary esasynda alnyp bilner.

Iş gözleýänligi bellige alnan raýatlaryň ýaş düzimi boýunça Häkimlikleriň (häkimiýetiň ýerli edaralarynyň) ýanyndaky zähmet biržalarynyň Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine berýän hasabatynyň döwürliligi — çärýeklik.

Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

Gorkezijiniň ösüşi Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 1997-nji ýyldan — ýurtda Zähmet biržasy döredilen döwürden başlar alnyp barylýar.

Ilatyň 100 adamyna hasaplananda peýdalanylýan personal kompýuterler

Umumy maglumat:

Теmasy:

Beýleki.durmuş görkezijileri

Indikatoryň ady:

Ilatyň 100 adamyna hasaplananda peýdalanylýan personal kompýuterler

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

MÖM (8 Maksat, 17 Wezipe, 48a Indikator), FoC (Ugur 2)

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Telekommunikasiýalar we maglumat ulgamlary maglumat zamanasynyň infrastrukturasyny düzýän kompýuter ulgamlarynyň esasydyr. Personal kompýuter özüniň elýetrliligi we ýerine ýetirýän funksiýalary boýunça, häzirki zamanda, ähli ýerde durmuşda köp sarp edilýän haryt hökmünde kabul edilýär.

Ösüş prosesine gatnaşýanlaryň arasynda netijeli kommunikasiýa zerur infrastruktura bolmazdan mümkin däl. Telefonlar (we personal kompýuterler) goýumlardan ýokary peýdany üpjün etmek bilen we dublirleme ýa-da maglumaty sypdyrmak meselesinden gaça durmak bilen, adamlara tejribe alyşmaga we bir-birekden öwrenmäge mümkinçilik berýär. Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanylmagy elektron çeşmeden kitaplary elýeterli etmek bilen we elektron okuwa gapylary açmak bilen, gowy bilim almagyň ýolunda adaty kynçylyklary ýeňmäge hem kömek eder.

Kesgitlemе:

Ýurtda personal kompýuterleriň (PK) umumy sany ilatyň sanyna bölünýär we 100-e köpeldilýär. PK — belli bir wagtda bir peýdalanyjynyň işlemegi üçin niýetlenen kompýuterler.

Öňde baryjy gurama:

Halkara Telekommunikasiýa Bileleşigi

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Maglumatlar ilkinji nobatda Halkara Telekommunikasiýa Bileleşiginiň her ýyl döwlet telekommunikasiýa gulluklaryna iberýän sowalnamalarynyň jogaplaryna esaslanýar. Ýurt boýunça maglumat ýok bolsa, PK sany senagat satuwynyň ýa-da import edilýän PK barada maglumatlardan peýdalanmak arkaly hasaplanylýar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglymat çeşmesi:

Personal kompýuterleriň peýdalanylyşy boýunça statistika entek Türkmenistanda alnyp barylmaýar. Indikatory hasaplamak üçin goşmaça maglumat ýörite gözegçilikleriň maglumatlary esasynda alnyp bilner.

Bellik:

Ýurtda personal kompýuterleriň barlygy we peýdalanylyşy boýunça statistiki hasabaty girizmek zerurdyr.

Ilatyň 100 adamyna hasaplananda Internetden peýdalanyjylar

Umumy maglumat:

Теmasy:

Beýleki durmuş görkezijileri

Indikatoryň ady:

Ilatyň 100 adamyna hasaplananda Internetden peýdalanyjylar

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

MÖM (8 Maksat, 17 Wezipe, 48b Indikator), FoC (Ugur 2)

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Dünýäniň ylymlar akademiýalarynyň ýolbaşçylarynyň 1993-nji ýylyň oktýabrynda Delide geçen duşyşygynda maglumat we telekommunukasiýa tehnologiýalarynyň ýaýramagy, ýurduň ilatynyň ösüşi we ekologiýa meseleleri bilen bir hatarda dünýäniň häzirki ýüzini kesgitleýän çözüji çäreleriň faktoryna girizildi.

Personal kompýuterleri we Internet köp ýurtlaryň ilatynyň giň gatlaklarynyň gündelik durmuşyna berk girdi. Internet hakykatda köpçülikleýin maglumat serişdeleriniň ýe-de birine, üstesine-de seýrek duş gelýän — ähli zady öz içine alýan we peýdalanyjylary okkunly ösýän serişdä öwrildi.

Kesgitleme:

Internetden peýdalanyjylaryň umumy sany ilatyň sanyna bölünýär we 100-e köpeldilýär. Internet kompýuterleriň global toruna birleşdirilendir.

Bu torda bir kompýuterden peýdalanyjylar, eger-de olaryň rugsaty bar bolsa, maglumaty şu toruň beýleki kompýuterlerinden alyp bilerler.

Öňde baryjy gurama:

Halkara Telekommunikasiýa Bileleşigi

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Internetden peýdalanyjylaryň statistikasy Halkara Telekommunikasiýa Bileleşiginiň her ýyl hökümet telekommunikasiýa gulluklaryna iberýän sowalnamalarynyň jogaplaryna esaslanýar. Iň ösen we iri ösýän ýurtlar üçin Internetden peýdalanyjylar barada magumatlar milli statistiki gulluklary ýa-da pudagyň assosiasiýalary tarapyndan peýdalanyjylar barada geçirilýän usulyýet taýdan ygtybarly gözegçiliklere esaslanýar. Maglumatlar her bir ýurt tarapyndan göni Halkara Telekommunikasiýa Bileleşigine iberilýär ýa-da Halkara Telekommunikasiýa Bileleşigi maglumat almak üçin zerur bolan gözegçiligi geçirýär. Peýdalanyjylaryň gözegçiligi ýok bolan ýurtlarda Halkara Telekommunikasiýa Bileleşigi abonemente peýdalanyjylaryň sanyny hasaplamak üçin ortaça köpeldijilerden peýdalanýarlar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmesi:

Hasaplanýan görkeziji. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabatlarynyň maglumatlary (aragatnaşyk birleşikleriniň we kärhanalarynyň aragatnaşyk serişdeleri we hili barada hasabat). Indikatory hasaplamak üçin goşmaça maglumat ýörite gözegçilikleriň maglumatlary esasynda alnyp bilner. Ilatyň sany baradaky maglumatlar milli ýazuwlardan we seçimleýin gözegçiliklerden, hem-de gündelik bahalandyrmalardan alnyp bilner.

Hasabatyň döwürleýinligi — çärýeklik, görkezijini hasaplamak — ýyllyk döwürliligi.

Bellik:

Esasyny Internet düzýän maglumat tehnologiýasy ulgamyndaky rewolýusiýa görülmedik çaltlyk bilen dünýä ýaýramagyny dowam etdirýär. Türkmenistanda hem şeýledir. Internetiň ýaýramagyndaky yza galaklyk türkmen ykdysadyýetiniň öndürijiligine we bäsdeşlige ukyplylygyna, şeýle hem bilimiň hiline we maglumatlary işläp taýýarlamaklyga agyr täsir edip biler. Şunyň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdymyzda maglumat — kommunikasiýa tehnologiýalaryna (MKT) Hökümet tarapyndan ileri tutulýan üns berilýär.

Internete birikdirmeleriň sany statistiki hasaba alynýar. Türkmenistanda internetden peýdalanyjylaryň sanynyň (adam) statistikasy ýok. Şunyň bilen baglylykda, bu görkezijiniň statistiki hasabatlylyga girizilmegi zerurdyr.

Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

Şu indikatoryň ösüşi Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2005-nji ýyldan başlap alnyp barylýar.

Ilatyň ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdany bilen ortaça üpjünçiligi

Umumy maglumat:

Теmasy:

Beýleki durmuş görkezijileri

Indikatoryň ady:

Ilatyň ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdany bilen ortaça üpjünçiligi

Ölçeg birligi:

Inedördül metr

Ölçegiň görnüşi:

Ortaça sany

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 2), CCA, MÖM (7 Maksat)

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Bir adama düşýän ortaça meýdany aşa köp ilatlylygyň deňeşdiriji indikatoryny berýär. Bu ýaşaýyş jaýynyň hiliniň esasy indikatory bolup, ýaşaýyş jaýynda ýaşaýyş meýdanynyň meňzeşligini ölçeýär. Indikatoryň ýokary alamaty ilatyň aşa köplügini aňladýar. Ýaşaýyş jaýy boýunça çäreleriň meýilnamasy degişli ýaşaýyş jaý meýdanynyň şertini açyk görkezýär.

Kesgitlemе:

Ilatyň ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdany bilen ortaça üpjünçiligi ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanynyň hemişe ýaşaýan ilatyň sanyna bolan gatnaşygy hökmünde kesgitlenilýär.

Öňde baryjy gurama:

BMG statistika departamenti.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Maglumatlaryň 2 çeşmesi ýaýrandyr: 1) administratiw maglumatlary, 2) ilatyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwy, hem-de öý hojalyklarynyň gözegçiligi, esasan-da, ilatyň ýaýyş derejesiniň gözegçiligi.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Ilatyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň uçdan tutma ýazuwy, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabat maglumatlary. Indikator üçin zerur bolan goşmaça maglumat ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiliginiň maglumatlarynyň esasynda alnyp bilner. Tabşyrmagyň döwürleýinligi- ýyllyk.

Halkara we milli hasabatlylyk:

ÝUNISEF, BMG IG, BSGG, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Bellik:

Bu indikatoryň netijeleri ýerli, milli, şäher/oba derejelerinde ýygnalýan bolsa, ýerler, ilatly ýeriň görnüşi we adamlaryň işleri dürli bolanda, düýpli tapawutlanyp biler. Resmi däl ilatly ýerleriň adama düşýän meýdanynyň has az bolmagy ähtimal. Ýaşaýyş jaýynyň anyk görnüşini doly suratlandyrmak üçin maglumatlaryň dürli derejelerde ýygnalmagy zerur. Ýaşaýyş jaýynyň ölçegi we hili adatça özara baglanyşykly, ýöne hökmany däl. Şunyň bilen baglylykda ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdany bilen adama düşýän üpjünçiligi ýaşaýyş jaýynyň şertlerini doly suratlandyrman biler.

Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

Şu indikatoryň ösüşi 1991-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan alnyp barylýar.

Oba hojalygyna degişli däl bölekde tölegli zähmet bilen meşgullanýan aýallaryň paýy

Umumy maglumat:

Теmasy: Beýleki durmuş görkezijileri

Indikatoryň ady:

Oba hojalygyna degişli däl bölekde tölegli zähmet bilen meşgullanýan aýallaryň paýy

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

MÖM (3 Maksat, 4 Wezipe, 11 Indikator)

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Indikator senagatda we hyzmatlar böleginde aýallar üçin zähmet bazarynyň açyklyk derejesini ölçeýär, bu diňe bir aýallaryň zähmet bilen meşgullanmakda deň mümkinçiliklerine däl-de, eýsem zähmet bazarynyň çeýeligi arkaly ykdysady netijelilige we şeýlelikde ykdysadyýetiň üýtgeşmelere uýgunlaşmak ukybyna hem täsirini ýetirýär.

Kesgitlemе:

Oba hojalygyna degişli däl bölekde tölegli zähmet bilen meşgullanýan aýallaryň paýy — bu oba hojalygyna degişli däl bölekde işleýän aýallaryň paýy bolup, bu bölekde ähli işleýänleriň umumy sanyna göterimde aňladylýar. Oba hojalygyna degişli däl bölek senagaty we hyzmatlar gurşawyny öz içine alýar.

Öňde baryjy gurama:

Halkara zähmet guramasy (HZG)

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Maglumatlar ilat ýazuwyndan, işçi güýjüniň gözegçiliklerinden, kärhanalaryň ýazuwyndan we gözegçiliginden, durmuş ätiýaçlandyryş ulgamynyň administratiw ýazgylaryndan we birnäçe çeşmeleriň netijelerine esaslanan resmi hasaplamalardan alynýar. Kärhanalaryň gözegçiligi we administratiw ýazgylar, hususan-da ösüp barýan ýurtlarda diňe şahsy we döwlet böleginde iri iş berijileri öz içine alýar. Beýleki çeşmeler ilatyň ähli toparlaryny öz içine alyp biler.

Bellik:

Ykdysady iş gursawyndaky düşünjelere degişli takyk halkara standartlarynyň (hususanda, HZG) bardygyna garamazdan iş bilen meşgullyk derejesiniň aýry-aýry ýurtlarda her hili kesgitlenilmegi mümkin. Bu esasan-da doly däl iş güni işleýänlere, talyplara, harby gullukçylara we öý hojalyklarynyň agzalaryna ýa-da maşgala kärhanalarynyň işgärlerine degişlidir.

Esasy derman serişdeleri arzan nyrhdan durnukly elýeterli bolan ilatyň paýy

Umumy maglumat:

Теmasy:

Beýleki durmuş görkezijileri

Indikatoryň ady:

Esasy derman serişdeleri arzan nyrhdan durnukly elýeterli bolan ilatyň paýy

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

MÖM (8 Maksat, 17 Wezipe, 46 Indikator)

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Millionlarça adamlar her ýyl garşysyna netijeli dermanlar ýa-da sanjymlar bar bolan kesellerden we ýagdaýlardan wagtyndan öň ölýär, ýa-da esassyz ejir çekýär. Möhüm derman serişdeleri ömürleri halas edýär we saglygy gowulaşdyrýar, ýöne olaryň täsirini eger olar elýeterli bolsa we ýerlikli peýdalanylýan bolsa, hili gowy bolsa bahalandyryp bolar.

Kesgitlemе:

Esasy derman serişdeleri arzan nyrhdan durnukly elýeterli bolan ilatyň paýy — bu iň azyndan 20 möhüm derman serişdesi elýeterli bolan ilatyň göterimi. Elýeterlilik dermanlaryň hemişe bar bolmagy we döwlet ýa-da hususy saglygy goraýyş edaralarynda, şeýle-de söwda nokatlarynda ilata golaý (1 sagatlyk ýol) ýerde elýeterli bahadan bar bolmagy bilen kesgitlenilýär. Möhüm dermanlar — bu ilatyň köp böleginiň saglygyny goramakda islegleri kanagatlandyrýan dermanlar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Möhüm derman serişdeleriniň nusgalyk sanawyny işläp taýýarlady, ol döwlet agzalary bilen we beýleki hyzmatdaşlar bilen maslahatlaryň kömegi arkaly yzygiderli täzelenýär.

Öňde baryjy gurama:

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

BSGG-nyň Möhüm derman serişdeleri boýunça Hereketleriň Maksatnamasy her bir ýurtda ekspertler bilen aşakdaky toparlar boýunça möhüm derman serişdeleriniň ilata elýeterlilik derejesini kesgitlemek barada haýyş bilen aram-aram sorag-jogap alyşýar: 50 göterimden az, 50—80 göterim, 80—95 göterim ýa-da 95 göterimden köp.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy: 

Maglumat çeşmesi:

Türkmenistanda bu görkezijiniň statistiki hasaby alnyp barylmaýar. Ýörite seçimleýin gözegçilikler maglumat çeşmesi bolup hyzmat edip biler.